Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50

Chapter 1

1 Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy.
2 Dünýä şekilsiz boşlukdy; suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň ruhy perwaz urýardy.
3 Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy.
4 Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy.
5 Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi.
6 Hudaý: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun we ol suwy suwdan bölüp aýyrsyn!» diýdi.
7 Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy.
8 Hudaý gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ikinji gündi.
9 Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
10 Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi.
11 Soňra Hudaý: «Ýer dünýäde görnüşlerine görä tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan miweli agaçlary öndürsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
12 Şeýdip, ýer görnüşlerine görä tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan agaçlary öndürdi. Hudaý munuň gowudygyny gördi.
13 Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu üçünji gündi.
14 Hudaý: «Gündizi gijeden aýyrmak üçin asmanda şamçyraglar bolsun. Goý, olar baýramçylyklary, günleri we ýyllary görkezsin.
15 Şamçyraglar asmanyň gümmezinde bolup, ýer ýüzüne ýagty saçsynlar!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
16 Şeýdip, Hudaý iki sany beýik yşygy – gündizi dolandyrmak üçin uly yşygy, gijäni dolandyrmak üçin kiçi yşygy hem-de ýyldyzlary döretdi.
17 Ýeriň ýüzüne ýagtylyk bermek, gündiz bilen gijäni dolandyrmak we ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmak üçin, Hudaý olary asmanda ýerleşdirdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
19 Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu dördünji gündi.
20 Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi.
21 Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli-dümen suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi.
22 Hudaý: «Deňiz jandarlary örňäň, köpeliň, deňizleri dolduryň, ýer ýüzündäki guşlar köpeliň» diýip, olara pata berdi.
23 Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu bäşinji gündi.
24 Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
25 Hudaý ýer ýüzünde öz görnüşlerine görä haýwanlary, mallary hem-de süýrenijileri döretdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
26 Onsoň Hudaý: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.
27 Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, Olary erkek we aýal edip ýaratdy.
28 Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi.
29 Hudaý olara: «Indi Men ýer ýüzünde tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan bar agaçlary size berýärin, olar size iýmit bolar.
30 Ýerdäki haýwanlaryň, gökdäki guşlaryň hemmesine we burnunda dirilik nepesi bolan ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlara ýerdäki bar gök ösümlikleri iýmit üçin berýärin» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
31 Hudaý öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi. ‎




Chapter 2

1 Şeýdip, tutuş älem-jahanyň we ondaky ähli zatlaryň ýaradylyşy tamamlandy.
2 Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, Ol şol gün dynç aldy.
3 Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, çünki Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy.
4 Reb Hudaý gögi we ýeri ýaradanda bolup geçen wakalar şulardyr: Reb Hudaý ýeri we gögi ýaradanda,
5 (ýer ýüzünde heniz gyrymsy agaç ösmändi we gök ot bitmändi, çünki Reb Hudaý ýere ýagyş ýagdyrmandy; ýeri bejermek üçin entek hiç kim ýokdy; ýöne ýeriň astyndan suw çykyp, ol tutuş ýeri suwarardy).
7 Reb Hudaý ýeriň topragyndan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.
8 Reb Hudaý gündogarda ýerleşen Eremde bag oturdyp, adamy şol ýerde ýerleşdirdi.
9 Reb Hudaý ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş berýän daragty hem-de ýagşy-ýamany saýgaryş daragty bardy.
10 Erem bagyny suwarýan derýa, Eremiň içinden akyp geçip, bagyň gutaran ýerinde dört derýa bölünýär.
11 Birinji derýanyň ady Pişondyr; ol derýa altyna baý bolan bütin Hawyla ýurdunyň içinden akyp geçýär. Ol ýerde sap altyn, bdolah hem-de hakyk diýen gymmatbaha daşlar bar.
13 Ikinji derýanyň ady – Gihondyr. Ol tutuş Kuş ýurdunyň içinden akyp geçýär.
14 Üçünji derýanyň ady – Tigrdir. Ol Aşuryň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji bolsa Perat derýasydyr.
15 Erem bagyny işläp bejereri we oňa gözegçilik ederi ýaly, Reb Hudaý adamy ol bagda ýerleşdirdi.
16 Reb Hudaý adama şeýle emr etdi: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň.
17 Ýöne sen ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».
18 Reb Hudaý: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi.
19 Reb Hudaý ähli haýwanlary, guşlary toprakdan döretdi we adamyň olary atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi. Adam ähli janly-jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy.
20 Şunlukda, adam ähli mallara, guşlara, ähli haýwanlara at berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk kömekçi tapylmady.
21 Reb Hudaý adamy agyr uka giderdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi.
22 Reb Hudaý adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi.
23 Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol ärinden alnandyr» diýdi.
24 Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar.
25 Adam-da, onuň aýaly-da ýalaňaçdylar, olar heniz utanmany bilmeýärdiler. ‎




Chapter 3

1 Ýylan Reb Hudaýyň ýaradan haýwanlarynyň hemmesinden mekirdi. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady.
2 Aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwelerinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar.
3 Ýöne Hudaý: „Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz“ diýdi».
4 Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz.
5 Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşy-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär».
6 Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.
7 Olaryň gözleri açyldy we özleriniň ýalaňaçdyklaryny bildiler. Olar injir agajynyň ýapraklaryny biri-birine birleşdirip, özlerine örtgi edindiler.
8 Salkyn aralaşanda, adam aýaly bilen bagda gezmeläp ýören Reb Hudaýyň sesini eşidip, bagdaky agaçlaryň arasynda Onuň huzuryndan gizlendiler.
9 Reb Hudaý adamy çagyryp: «Sen nirede?» diýdi.
10 Adam: «Men bagda, Seniň sesiňi eşidip, gorkup gizlendim, çünki men ýalaňaçdym» diýdi.
11 Reb Hudaý ondan: «Ýalaňaçdygyňy saňa kim aýtdy? Iýme diýip gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiňmi?» diýip sorady.
12 Adam: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi.
13 Reb Hudaý aýaldan: «Bu näme etdigiň boldy?!» diýip sorady. Aýal: «Ýylan maňa aldap iýdirdi» diýdi.
14 Reb Hudaý ýylana: «Şeýle edeniň üçin, Ähli mallaryň we haýwanlaryň Iň nälet siňeni sen bolarsyň. Garnyňyň üstünde süýrenip gezersiň sen, Ömürboýy toprakdan iýmitlenersiň sen.
15 Seniň bilen aýalyň, Seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, Duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.
16 Reb Hudaý aýala şeýle diýdi: «Göwrelilik döwrüňdäki hasratyňy has artdyraryn, Agyr burgy bilen dograrsyň çagalaryňy sen, Sen äriňe meýilli bolarsyň, Emma ol höküm sürer seniň üstüňden».
17 Adama bolsa Reb Hudaý şeýle diýdi: «Sen aýalyňyň gepine gitdiň, „Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň. Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin. Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň.
18 Toprak saňa akbaş-ýandak öndürip berer. Sen meýdan otlaryny iýersiň.
19 Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, Nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».
20 Adam aýalyna How diýip at dakdy. Çünki How ähli ýaşaýanlaryň enesi boldy.
21 Reb Hudaý adam bilen onuň aýalyna deriden eşikler edip, olary geýindirdi.
22 Reb Hudaý: «Ine, adam ýagşy-ýamany saýgaryp, Biziň Birimiz kimin boldy. Olar indi ýaşaýyş agajyna el uzadyp, onuň miwesindenem iýip, ebedi ýaşaýmasynlar» diýdi.
23 Şoňa görä öz alnan topragyny işläp bejereri ýaly, Reb Hudaý adamy Erem bagyndan çykardy.
24 Ol adamy bagdan kowdy; soňra Ol ýaşaýyş agajyna barýan ýoly goramak üçin, bagyň gündogarynda kerup hem-de aýlanyp durýan ýalynly gylyjy goýdy. ‎




Chapter 4

1 Adam aýaly Howa ýanaşdy. How hamyla bolup, Kabyly dogurdy. How: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim» diýdi.
2 Soňra ol Kabylyň dogany Habyly dogurdy. Habyl goýun çopany, Kabyl bolsa daýhan bolup ýetişdi.
3 Birnäçe wagtdan soň Kabyl topragyň miwesinden Rebbe sadaka getirdi.
4 Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň ýagly ýerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi.
5 Emma Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty gahary gelip, ol ýüzüni sallady.
6 Reb Kabyla şeýle diýdi: «Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň?
7 Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň ahyryn? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!»
8 Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi.
9 Reb Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diýip sorady. Ol: «Habarym ýok, men näme doganymyň sakçysymy?» diýdi.
10 Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär.
11 Indi sen näletlendiň we doganyňyň seniň eliň bilen dökülen ganyny özüne siňdiren toprakdan mahrum bolduň.
12 Sen näçe jan çekseň-de, ýer saňa hasyl bermez; sen ýer ýüzünde gaçgak hem sergezdan bolarsyň».
13 Kabyl Rebbe: «Jezam çekerden agyr.
14 Ine, bu gün Sen meni mes toprakly ýerden kowduň. Men Seniň huzuryňdan gizlenip, ýer ýüzünde gaçgak we sergezdan bolaryn. Maňa duşan, meni öldürer» diýdi.
15 Emma Reb oňa: «Ýok! Kabyly öldüren adamdan ýedi gezek öç alnar» diýdi. Reb Kabyla duşanyň ony öldürmezi ýaly, oňa bellik goýdy.
16 Soňra Kabyl Rebbiň huzuryndan gidip, ol Eremiň gündogaryndaky Not ýurdunda mesgen tutdy.
17 Kabyl aýalyna ýanaşdy. Onuň aýaly hamyla bolup, Hanogy dogurdy. Kabyl gala bina edip, oňa ogly Hanogyň adyny dakdy.
18 Hanokdan Irat, Iratdan Mehuýaýyl, Mehuýaýyldan Metuşaýel, Metuşaýelden Lemek doguldy.
19 Lemek iki aýal aldy: olaryň biriniň ady Ada, beýlekisiniňki bolsa Sillady.
20 Ada Ýabaly dogurdy. Ýabal çadyrda ýaşaýan maldarlaryň atasydy.
21 Onuň doganynyň ady Ýubaldy. Ýubal barbat we tüýdük çalýanlaryň atasydy.
22 Silla Tubal-Kabyly dogurdy. Tubal-Kabyl bürünçden we demirden dürli gurallary ýasaýardy. Onuň Nagama atly aýal dogany bardy.
23 Lemek aýallaryna şeýle diýdi: «Eý, Ada we Silla, Maňa gulak asyň! Aýallarym, sözümi diňläň! Meni ýaralan adamy öldürerin, Meni uran juwan ýigidi öldürerin.
24 Kabyl üçin ýedi gezek öç alynsa, Lemek üçin ýetmiş ýedi gezek öç alnar».
25 Adam ýene aýalyna ýanaşdy. How bir ogul dogurdy. Ol: «Kabylyň elinden ölen Habylyň deregine Reb maňa başga bir ogul berdi» diýip, onuň adyna Şis dakdy.
26 Şisden hem bir ogul doguldy; ol onuň adyna Enoş dakdy. Şol wagtdan başlap adamlar Rebbiň adyna ybadat edip başladylar. ‎




Chapter 5

1 Adamyň nesilleriniň ýazylan kyssasy şeýledir. Hudaý ynsany ýaradanda, ony Öz keşbinde ýaratdy.
2 Hudaý olary erkek we aýal edip ýaratdy; onsoň olara pata berip, olary «ynsan» diýip atlandyrdy.
3 Adam ýüz otuz ýaşyndaka, ondan öz keşbinde, özüne meňzeş bir ogul dünýä indi. Ol oglunyň adyna Şis dakdy.
4 Şis doglandan soň, Adam sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
5 Şeýdip, Adam jemi dokuz ýüz otuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
6 Şis ýüz bäş ýaşyndaka, ondan Enoş doguldy.
7 Enoş doglandan soň, Şis sekiz ýüz ýedi ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
8 Şeýdip, Şis jemi dokuz ýüz on iki ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
9 Enoş togsan ýaşyndaka, ondan Keýnan doguldy.
10 Keýnan doglandan soň, Enoş sekiz ýüz on bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
11 Şeýdip, Enoş jemi dokuz ýüz bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
12 Keýnan ýetmiş ýaşyndaka, ondan Mahalaleýel doguldy.
13 Mahalaleýel doglandan soň, Keýnan sekiz ýüz kyrk ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
14 Şeýdip, Keýnan jemi dokuz ýüz on ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
15 Mahalaleýel altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Ýeret doguldy.
16 Ýeret doglandan soň, Mahalaleýel sekiz ýüz otuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
17 Şeýdip, Mahalaleýel jemi sekiz ýüz togsan bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
18 Ýeret ýüz altmyş iki ýaşyndaka, ondan Hanok doguldy.
19 Hanok doglandan soň, Ýeret sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
20 Şeýdip, Ýeret jemi dokuz ýüz altmyş bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
21 Hanok altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Metuşela doguldy.
22 Metuşela doglandan soň, Hanok ýene üç ýüz ýyl ýaşady we Hudaýyň huzurynda gezdi. Ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
23 Şeýdip, Hanogyň ýaşan günleri üç ýüz altmyş bäş ýyl boldy.
24 Hanok Hudaýyň huzurynda gezdi; soňra ol birdenkä gaýyp boldy, sebäbi Hudaý ony öz ýanyna alypdy.
25 Metuşela ýüz segsen ýedi ýaşyndaka, ondan Lemek doguldy.
26 Lemek doglandan soň, Metuşela ýedi ýüz segsen iki ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
27 Şeýdip, Metuşela jemi dokuz ýüz altmyş dokuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
28 Lemek ýüz segsen iki ýaşyndaka, ondan bir ogul dünýä indi.
29 Lemek: «Rebbiň topragy näletländigi sebäpli, biz agyr zähmet çekmeli bolýarys. Bu çaga biziň elimize agyr zähmet çekmekden teselli berer» diýip, onuň adyna Nuh dakdy.
30 Nuh doglandan soň, Lemek bäş ýüz togsan bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
31 Şeýdip, Lemek jemi ýedi ýüz ýetmiş ýedi ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
32 Nuh bäş ýüz ýaşyndaka, ondan Sam, Ham we Ýafes dünýä indi. ‎




Chapter 6

1 Bütin dünýäde adamlar köpelip başlap, olardan ençeme gyzlar dünýä indi.
2 Ylahy barlyklar bu ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar.
3 Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi.
4 Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýämden bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.
5 Bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny Reb gördi.
6 Ol adamzady ýaradandygyna ökündi we ýürekden gynandy.
7 Reb «Öz ýaradan ynsanlarymy haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bilen birlikde ýer ýüzünden süpürip taşlaryn. Çünki Men olary ýaradandygyma ökünýärin» diýdi.
8 Ýöne Nuh Rebbiň nazarynda merhemet tapdy.
9 Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.
10 Nuhuň Sam, Ham, Ýafes atly üç ogly bardy.
11 Hudaýyň nazarynda ýer ýüzi azgynçylykdan we zulumdan doludy.
12 Hudaý ýer ýüzündäki azgynçylygy gördi, çünki ähli janly-jandarlar azgynçylyga ýüz urupdy.
13 Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek.
14 Özüňe serwi agajyndan bir gämi ýasa; onda otaglar ýasap, gämä içinden hem daşyndan şepbik çal.
15 Gämini şeýle ýasamaly: onuň uzynlygy üç ýüz, giňligi elli we beýikligi otuz gez bolsun.
16 Oňa üçekde ýasa, üçegiň boýy bir gez bolsun; gäminiň gapysyny gapdaldan aç. Gämini aşaky, ortaky we üstki gatlardan ybarat edip ýasa.
17 Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler.
18 Emma Men seniň bilen äht baglaşaryn. Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň.
19 Diri galmaklary üçin, bir erkek, bir urkaçy edip, jandarlaryň-da her görnüşinden bir jübütini gämä alyp mün.
20 Diri galmak üçin guşlaryň, mallaryň we süýrenijileriň hersi öz taýy bilen jübüt-jübüt bolup, seniň bilen gämä münerler.
21 Şeýle hem sen özüňe hem ähli haýwanlara iýmit bolar ýaly öz ýanyň bilen dürli-dümen azyk-owkat alyp mün».
22 Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi. ‎




Chapter 7

1 Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün, çünki Men seniň döwürdeşleriňiň içinden diňe seniň dogruçyl adamdygyňy gördüm.
2 Olaryň tohumlaryny ýer ýüzünde diri saklamak üçin, halal haýwanlaryň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt, haram haýwanlaryň erkeginden we urkaçysyndan iki jübüt, şeýle hem guşlaryň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt al.
4 Çünki ýedi günden soň, Men kyrk gije-gündizläp ýere ýagyş ýagdyryp, Öz ýaradan janly-jandarlarymyň ählisini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn».
5 Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini berjaý etdi.
6 Ýere sil gelende, Nuh alty ýüz ýaşyndady.
7 Nuh, onuň ogullary, aýaly we gelinleri silden gutulmak üçin gämä mündüler.
8 Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly, halal we haram haýwanlar, guşlardyr süýrenijiler erkek we urkaçy jynsynda jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler.
10 Ýedi günden soň ýer ýüzüni sil aldy.
11 Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni – hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy.
12 Kyrk gije-gündizläp, ýer ýüzüne dynman ýagyş ýagdy.
13 Şol gün Nuh, onuň ogullary Sam, Ham, Ýafes, Nuhuň aýaly hem-de gelinleri gämä mündüler.
14 Ähli haýwanlar, mallar, süýrenijiler we guşlar – ähli ganat-perliler hersi öz taýyna görä, burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler.
16 Ähli erkek hem urkaçy janly-jandarlar Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly gämä mündüler. Onsoň Reb gäminiň gapysyny ýapdy.
17 Ýer ýüzünde sil kyrk gün dowam etdi. Suw gitdigisaýy joşdy we gämi ýerden ýokary göterildi.
18 Ýerde suw joşup, juda köpeldi; gämi suwda ýüzüp ýördi.
19 Suw ýerde şeýle bir joşdy welin, hatda ýer ýüzündäki bar belent daglar-da suwuň aşagynda galdy.
20 Suw daglaryň depesinden on bäş gez ýokary galdy; daglaryň üsti suw bilen örtüldi.
21 Ýer ýüzünde hereket edýän janly-jandarlaryň ählisi, guşlar-da, mallardyr haýwanlar-da, süýrenijilerdir ynsanlar-da ýok boldular.
22 Gury ýerdäki burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi öldi.
23 Reb ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlary süpürip taşlady; ynsanlar, mallar, haýwanlar, süýrenijiler we guşlar ýer ýüzünden süpürilip taşlandy. Diňe Nuh we onuň ýanyndakylar diri galdylar.
24 Tutuş ýer ýüzüni ýüz elli günläp sil aldy. ‎




Chapter 8

1 Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.
2 Düýpsüz çuňlugyň çeşmeleri beklendi, Gökleriň penjireleri ýapyldy, Gökdäki ýagyş diňdi.
3 Suw ýer ýüzünden kem-kemden çekildi; ýüz elli günden soň suw peseldi.
4 Gämi ýedinji aýyň on ýedisi güni Ararat daglarynda saklandy.
5 Onunjy aýa çenli suw peselmegini dowam etdi; onunjy aýyň biri güni daglaryň başy göründi.
6 Kyrk günden soň Nuh öz ýasan gämisiniň penjiresini açdy-da, bir gargany çykaryp, uçuryp goýberdi; garga tä ýer guraýança uçup geziberdi.
8 Soňra suwuň ýerden doly çekilendigini ýa-da çekilmändigini bilmek üçin Nuh bir kepderini uçuryp goýberdi.
9 Kepderi gonara ýer tapman, onuň ýanyna gämä dolanyp geldi, çünki ýeriň ýüzi entek hem suw bilen örtülendi. Nuh elini uzadyp kepderini tutdy-da, ony öz ýanyna gämä aldy.
10 Nuh ýedi gün garaşandan soň, ýene-de kepderini uçuryp goýberdi.
11 Kepderi agşam onuň ýanyna dolanyp geldi. Bu gezek onuň agzynda zeýtun agajynyň täze ýolnan ýapragy bardy. Nuh suwuň ýerden çekilendigine göz ýetirdi.
12 Ol ýene ýedi gün garaşandan soň, kepderini üçünji gezek iberdi. Kepderi bu sapar yzyna dolanmady.
13 Nuhuň ömrüniň alty ýüz birinji ýylynyň ilkinji aýynyň birine suw ýerden çekilipdi. Nuh gäminiň örtügini aýryp seretdi; ýeriň ýüzi sarygypdy.
14 Ikinji aýyň ýigrimi ýedisine ýer bütinleý gurady.
15 Reb Nuha: «Aýalyň, ogullaryň we gelinleriň bilen gämiden çyk. Ýanyňda bar bolan janly-jandarlaryň ählisini – ähli haýwanlary: guşlary, mallardyr süýrenijileri ýeriň ýüzüne ýaýrap, örňäp, köpeleri ýaly özüň bilen gämiden alyp çyk» diýdi.
18 Nuh aýaly, ogullary we gelinleri bilen gämiden çykdy.
19 Ähli haýwanlar, ähli süýrenijiler, ähli guşlar – ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlar öz görnüşleri bilen gämiden çykdylar.
20 Nuh Reb üçin gurbanlyk sypasyny ýasady; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi.
21 Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan janly-jandarlary şu edişim ýaly heläkçilige duçar etmerin.
22 Indiden beýläk ýerde, Ekişdir orumyň, aňzakdyr jöwzanyň, Tomusdyr gyşyň hem-de gije-gündiziň, Ömürboýy yzy üzülmez». ‎




Chapter 9

1 Hudaý Nuha hem-de onuň ogullaryna şeýle pata berdi: «Örňäň, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň.
2 Ähli haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar sizden juda gorkuda ýaşarlar; olaryň hemmesi siziň ygtyýaryňyza berilýär.
3 Janly-jandarlaryň ählisi size iýmit bolar; edil gök ösümlikleri berşim ýaly, olaryň hemmesini Men size berýärin.
4 Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr.
5 Siziň ganyňyzy dökene ölüm jezasyny bererin. Adam öldüren islendik haýwana ýa-da ynsana Men jeza bererin.
6 Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, Onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin, Çünki Hudaý ynsany – Öz keşbinde ýaratdy.
7 Siz örňäp, köpeliň we ýer ýüzüne ýaýraň».
8 Hudaý Nuha we onuň ogullaryna ýüzlenip, şeýle diýdi:
9 «Men indi siz we sizden soňky geljek nesliňiz bilen, şeýle hem siziň bilen gämiden çykan ähli jandarlar: guşlar, mallar we ýer ýüzündäki haýwanlaryň bary bilen ähtimi dikeldýärin.
11 Men siziň bilen ähtimi dikeldýärin. Indi hiç haçan bütin janly-jandarlar sil bilen heläklenmez we tutuş ýer ýüzüni weýran etjek sil gelmez.
12 Meniň siz hem-de siziň bilen bolan ähli jandarlar bilen nesilden-nesle edýän ebedilik ähtimiň nyşany şudur:
13 bulutlaryň arasynda ýerleşdiren älemgoşarym Meniň dünýä bilen eden ähtimiň nyşany bolar.
14 Ýeriň ýüzüni bulut örtüp, bulutlaryň arasynda älemgoşar görnende, Men siziň we ähli janly-jandarlar bilen eden ähtimi ýatlaryn. Mundan beýläk Men hiç haçan bütin janly-jandarlary sil bilen heläklemerin.
16 Bulutlarda älemgoşar peýda bolan mahaly ony görüp, Men ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlary bilen eden baky ähtimi ýatlaryn».
17 Hudaý Nuha: «Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar bilen Meniň dikelden ähtimiň nyşany – ine, şudur» diýdi.
18 Sam, Ham, Ýafes Nuhuň gämiden çykan ogullarydy. (Ham Kenganyň atasydy.)
19 Nuhuň üç ogly şulardy. Tutuş ýer ýüzüniň ynsanlary şulardan ýaýrady.
20 Nuhuň özi daýhandy. Ol ilkinji bolup, üzüm agaçlaryny oturtdy.
21 Ol şerap içip, ondan serhoş bolup, öz çadyrynyň ortarasynda ýalaňaç ýatyrdy.
22 Kenganyň kakasy Ham öz kakasynyň ýalaňaçdygyny görüp, muny beýleki iki doganyna habar berdi.
23 Sam bilen Ýafes geýim alyp, ony omuzlaryna atdylar we ýeňseleýin ýöräp baryp, kakalaryny geýindirdiler. Ýüzlerini başga tarapa öwrüp, olar kakalarynyň ýalaňaçlygyny görmediler.
24 Nuh serhoşlugyndan açylansoň, körpe oglunyň özüne näme edendigine göz ýetirip şeýle diýdi:
25 «Kengana nälet siňsin, Ol doganlarynyň elinde, Gullaryň guly bolsun.
26 Samyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Kengan Sama gul bolsun.
27 Hudaý Ýafesi örňetsin, Ýafesiň nesilleri Samlaryň çadyrlarynda ýaşasyn, Kengan Ýafese gul bolsun».
28 Nuh silden soň ýene üç ýüz elli ýyl ýaşady.
29 Ol jemi dokuz ýüz elli ýaşap dünýäden ötdi. ‎




Chapter 10

1 Nuhuň ogullary Samyň, Hamyň hem-de Ýafesiň nesilleri şulardyr. Silden soň olardan şu çagalar doguldy.
2 Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras.
3 Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma.
4 Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodan.
5 Bulardan deňiz ýakasynda ýaşaýan milletler ýaýrady. Ine, Ýafesiň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz ýurtlarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
6 Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan.
7 Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka. Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan.
8 Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy.
9 Nimrot Rebbiň huzurynda batyr – awçy bolup ýetişdi. Şol sebäpden hem il arasynda: «Rebbiň huzuryndaky Nimrot ýaly batyr – awçy» diýilýär.
10 Başda Nimrodyň şalygy Şingar ýurdundaky Babyl, Erek, Akat galalarynyň üçüsini öz içine alýardy.
11 Nimrot ol ýurtdan Aşura çykyp, Ninewäni, Rehobotiri, Kalany hem-de Ninewe bilen beýik gala bolan Kalanyň aralygyndaky Reseni bina etdi.
13 Müsür ludlaryň, anamlaryň, lehablaryň, naptuhlaryň, patruslaryň, kasluhlaryň we kaptorlaryň atasydy; kasluhlardan hem piliştliler gelip çykdy.
15 Kengandan onuň ilkinji ogly Sidon hem-de Het doguldy.
16 Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň,
17 hiwileriň, arklaryň, sinleriň,
18 arwadlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar.
19 Olaryň araçägi Sidondan Gerara hem-de Gaza çenli, Gazadan Sodoma, Gomora, Adma, Seboýyma we Laşa çenli baryp ýetdi.
20 Ine, Hamyň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz topraklarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
21 Ýafesiň agasy Samdan-da ençeme ogul dünýä indi. Ol ýewreýleriň atasydy.
22 Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut we Aram Samyň nesilleridir.
23 Us, Hul, Geter we Maş Aramyň nesilleridir.
24 Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy.
25 Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halk bölünipdi; onuň doganynyň ady Ýoktandy.
26 Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera,
27 Hadoram, Uzal, Dikla,
28 Obal, Abymaýyl, Şeba,
29 Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir.
30 Olar Meşa bilen Separ aralygyndaky gündogar daglarda mesgen tutdular.
31 Ine, Samyň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä öz topraklarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
32 Nuhuň ogullaryndan milletleri boýunça emele gelen tireler şulardyr. Silden soň olardan ençeme milletler döräp, olar tutuş ýer ýüzüne ýaýradylar. ‎




Chapter 11

1 Tutuş ýer ýüzünde bir dil, birmeňzeş sözler bardy.
2 Adamlar gündogardan göçüp barýarkalar, Şinar ýurdunda bir düzlügiň üstünden gelip, şol ýerde mesgen tutdular.
3 Olar biri-birlerine: «Geliň, kerpiç ýasap, ony gowy bişireliň» diýişdiler. Olar gurluşyk üçin daşyň ýerine kerpiç, palçygyň ýerine bolsa şepbik ulandylar.
4 Soňra olar: «Ýer ýüzüne dagaman, özümizden bir at galdyrarymyz ýaly geliň, bir gala we depesi göge ýetip duran diň guralyň» diýişdiler.
5 Reb ynsanlaryň gurýan galasyny hem-de diňini görmek üçin aşak indi.
6 Reb: «Görsene, olar bir halk, olaryň dilleri-de bir. Bu olaryň niýetiniň başlangyjydyr; olar indi öz göwünlerine gelen zatlaryny etmekden saklanmazlar.
7 Geliň, aşak ineliň-de, biri-biriniň gepine düşünmez ýaly, olaryň dilini garyşdyralyň» diýdi.
8 Şeýdip, Reb ynsanlary bütin ýer ýüzüne dargatdy; olar gala gurmalaryny bes etdiler.
9 Şoňa görä-de şol gala Babyl diýip at dakyldy, çünki Reb şol ýerde ähli ynsanlaryň dilini garjaşdyryp, olary bütin ýer ýüzüne dargadypdy.
10 Samyň nesilleri şulardyr. Silden iki ýyl soňra, Sam ýüz ýaşyndaka, ondan Arpakşat doguldy.
11 Arpakşat doglandan soň, Sam ýene bäş ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
12 Arpakşat otuz bäş ýaşyndaka, ondan Şela doguldy.
13 Arpakşat Şela doglandan soň ýene dört ýüz üç ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
14 Şela otuz ýaşyndaka, ondan Eber doguldy.
15 Şela Eber doglandan soň ýene dört ýüz üç ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
16 Eber otuz dört ýaşyndaka, ondan Pelek doguldy.
17 Pelek doglandan soň Eber ýene dört ýüz otuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
18 Pelek otuz ýaşyndaka, ondan Reguw doguldy.
19 Reguw doglandan soň Pelek ýene iki ýüz dokuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
20 Reguw otuz iki ýaşyndaka, ondan Seruk doguldy.
21 Seruk doglandan soň Reguw ýene iki ýüz ýedi ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
22 Seruk otuz ýaşyndaka, ondan Nahor doguldy.
23 Nahor doglandan soň Seruk ýene iki ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
24 Nahor ýigrimi dokuz ýaşyndaka, ondan Tera doguldy.
25 Tera doglandan soň Nahor ýene ýüz on dokuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
26 Tera ýetmiş ýaşyndaka, ondan Ybram, Nahor hem-de Haran doguldy.
27 Teranyň nesilleri şulardyr. Teradan Ybram, Nahor we Haran doguldy. Harandan Lut doguldy.
28 Haran öz dogduk mekanynda, babyllaryň Ur galasynda kakasy Tera dirikä aradan çykdy.
29 Ybram bilen Nahor öýlendiler; Ybramyň aýalynyň ady Sare, Nahoryňky bolsa Milkady. Milka Haranyň gyzydy. Haran Iskanyň hem kakasydy.
30 Sare önelgesizdi; onuň çagasy ýokdy.
31 Tera ogly Ybramy, agtygy Haranyň ogly Luty, gelni bolan Ybramyň aýaly Sareni öz ýanyna alyp, Kengan topragyna gitmek üçin babyllaryň Ur galasyndan çykyp gaýtdy. Olar Harana gelip, şol ýerde mesgen tutdular.
32 Tera iki ýüz bäş ýaşynda Haranda aradan çykdy. ‎




Chapter 12

1 Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.
2 Senden beýik bir millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, Seni belende götererin, Adamlar seniň adyňdan Pata bererler biri-birlerine.
3 Seni ýalkany ýalkaryn, Seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler Sen arkaly pata alarlar».
4 Ybram Rebbiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen bile gitdi. Harandan çykyp gaýdanda, Ybram ýetmiş bäş ýaşyndady.
5 Ol aýaly Sareni, doganoglany Luty hem-de Harandaky ähli mal-mülküni we gullaryny alyp, Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. Olar Kengana geldiler.
6 Ybram Kenganyň içi bilen Şekemiň golaýyndaky Moredäki dub agajyna çenli gitdi. Ol döwürlerde kenganlar şol ýerde ýaşaýardylar.
7 Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.
8 Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Günbatar tarapynda galan Beýtel we gündogar tarapynda galan Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Reb üçin gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbiň adyna ybadat etdi.
9 Soňra ol bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, günorta tarap ýoluny dowam etdirdi.
10 Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä Müsürde gelmişek bolup ýaşamak üçin, Ybram Müsüre gitdi.
11 Olar Müsüre golaýlaşanlarynda, Ybram aýaly Sareýe: «Men seniň juda owadan aýaldygyňy bilýärin.
12 Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýaly“ diýerler; onsoň olar meni öldürerler, seni bolsa diri galdyrarlar.
13 Olaryň sen üçin maňa ýagşylyk ederleri we seniň üstüň bilen meniň janymyň halas bolary ýaly sen olara: „Men onuň aýal dogany“ diý» diýdi.
14 Ybram Müsüre gelende, müsürliler Sareniň juda owadandygyny gördüler.
15 Sareni gören fyrownyň köşk emeldarlary fyrowna Sareniň gözelligini tarypladylar. Hatyn köşge äkidildi.
16 Sareniň hatyrasyna fyrown Ybrama ýagşylyk etdi. Ol Ybrama dowarlar, öküzler, eşekler, gul-gyrnaklar we düýeler berdi.
17 Reb Ybramyň aýaly Sare sebäpli fyrown we onuň köşgündäki adamlara elhenç keseller bilen ejir çekdirdi.
18 Şonda fyrown Ybramy ýanyna çagyryp: «Meni nä günlere saldyň?! Sareniň öz aýalyňdygyny näme üçin maňa aýtmadyň?
19 Näme üçin sen „Ol meniň aýal doganym“ diýdiň? Men Sareni özüme aýallyga aldym-a! Ynha, seniň aýalyň, ony al-da, gümüňi çek!» diýdi.
20 Fyrown Ybram barada öz adamlaryna buýruk berdi. Olar Ybramy aýalydyr bar emlägi bilen Müsürden öz ýoluna ugratdylar. ‎




Chapter 13

1 Ybram aýalyny hem ähli emlägini alyp, Müsürden çykyp, Negep çölüne gitdi. Lut hem onuň ýanyndady. Ybram bilen Lut biri-birinden aýrylyşýarlar
2 Ybram juda baýdy. Onuň süri-süri ownukly-irili mallary, altyn-kümüşleri bardy.
3 Ybram Negep çölünden gaýdyp, göçüp-gonup, syýahatyny Beýtele çenli dowam etdirdi. Ol Beýtel bilen Aýyň aralygyndaky öňki çadyr diken ýerine bardy we öňki guran gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň adyna ybadat etdi.
5 Ybram bilen bile gelen Lutuň hem ownukly-irili mallary we çadyrlary bardy.
6 Mallary juda köp bolansoň, olara öri darlyk etdi. Şol sebäpli hem olar bile ýaşap biljek däldiler.
7 Şeýdip, Ybramyň çopanlary bilen Lutuň çopanlarynyň arasynda dawa-jenjel turdy. Şol döwürlerde kenganlar bilen perizler hem Kengan topragynda ýaşaýardylar.
8 Şonda Ybram Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da dawa-jenjel bolmasyn. Biz garyndaşdyrys.
9 Ine, tutuş ýurt seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Biz aýrylyşaly. Sen saga gitseň, men sola giderin, sen sola gitseň, men saga giderin» diýdi.
10 Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi.
11 Lut özüne Iordan deresini saýlap alyp, gündogara tarap ýola rowana boldy. Şeýdip, olar aýrylyşdylar.
12 Ybram Kenganda, Lut bolsa Iordan deresindäki galalarda düşlediler. Lut çadyryny Sodomyň çetinde dikdi.
13 Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.
14 Lut aýrylyp gidenden soň, Reb Ybrama şeýle diýdi: «Häzirki oturan ýeriňden demirgazyga we günorta, gündogara we günbatara gözüňi aýla.
15 Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin.
16 Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.
17 Bar, özüňe beriljek topraga boýdan-başa aýlanyp çyk. Men ony saňa berjek».
18 Şeýdip, Ybram göçüp, Hebronyň golaýyndaky Mamräniň dub tokaýjygyna geldi we şol ýerde düşläp, Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy. ‎




Chapter 14

1 Amrapel Şingaryň, Arýok Elasaryň, Kedorlagomer Eýlamyň, Tidal bolsa Goýimiň patyşasydy.
2 Bular Sodom şasy Beranyň, Gomora şasy Birşanyň, Adma şasy Şinabyň, Seboýym şasy Şemeberiň we Sogar diýip atlandyrylýan Bala şasynyň garşysyna urşa başladylar.
3 Sidim deresinde, ýagny Duz deňzinde bular öz güýçlerini birleşdirdiler.
4 Bu şalar on iki ýyllap, Kedorlagomere gulluk etdiler, on üçünji ýyl bolsa oňa garşy baş göterdiler.
5 On dördünji ýylda Kedorlagomer we onuň bilen birleşen şalar, Aşterotkarnaýymda rapalary, Hamda zuzylary, Şawekyrýataýymda eýmimleri we çöl etegindäki Eýlparana çenli uzalyp gidýän Segir daglarynda horylary derbi-dagyn etdiler.
7 Olar Segir daglaryndan yzlaryna öwrülip, Eýnmişpata (ýagny Kadeş) galalaryna geldiler we amalekleriň tutuş topragyny basyp alyp, Hasesontamarda ýaşaýan amorlary-da ýeňlişe sezewar etdiler.
8 Onsoň Sodom, Gomora, Adma, Seboýym we Bala, ýagny Sogar şalary söweş meýdanyna çykdylar we bäş şa bolup, Sidim deresinde dört şanyň – Eýlam şasy Kedorlagomeriň, Goýim şasy Tidalyň, Şingar şasy Amrapeläniň, Elasar şasy Arýogyň garşysyna söweşe girdiler.
10 Sidim deresi içi şepbikli çukurlardan doludy. Sodom bilen Gomora şalary gaçyp barýarkalar, olaryň adamlaryndan käbirleri şol çukurlara ýykyldylar, beýlekileri bolsa daglara gaçdylar.
11 Dört şa bolsa Sodomyň hem-de Gomoranyň olja alnan ähli mal-mülküdir azyklaryny alyp gitdiler.
12 Olar Ybramyň doganoglany Luty-da ähli mal-mülki bilen bile äkitdiler. Ol hem Sodomda ýaşaýardy.
13 Gaçyp gutulanlardan biri gelip, bolan wakany Ybram ýewreýe habar berdi. Şol wagtlar Ybram Eşkol bilen Aneriň dogany amor Mamräniň dub tokaýjygynyň gapdalynda ýaşaýardy. Olar Ybramyň arkadaşlarydy.
14 Öz doganoglany Lutuň ýesir düşendigini eşidip, hojalygynda doglup, söweşe türgenleşdirilen üç ýüz on sekiz sany esgeriň öňüne düşüp, Ybram Dana çenli şol dört şanyň yzyndan kowdy.
15 Ybram esgerlerini toparlara bölüp, gije şalaryň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi. Soňra Ybram olary ýene Damaskdan demirgazykda ýerleşen Hobaha çenli kowdy.
16 Ybram olja alan ähli mal-mülküni, doganoglany Luty, onuň ähli emlägini, aýallary hem halky yzyna gaýtaryp getirdi.
17 Ybram Kedorlagomeri we onuň ýanyndaky şalary derbi-dagyn edip gelenden soň, Sodom şasy ony garşylamak üçin Şawe deresine, ýagny şa jülgesine gitdi.
18 Beýik Allanyň ruhanysy bolan Salym şasy Mäliksadyk Ybrama çörek bilen şerap getirdi.
19 Ol Ybrama pata berip: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Alla Ybramy ýalkasyn!
20 Duşmanlaryny onuň eline beren Beýik Alla alkyş bolsun!» diýdi. Ybram ähli zadyň ondan bir bölegini Mäliksadyga berdi.
21 Onsoň Sodom şasy Ybrama: «Meniň adamlarymy yzyna ber, ähli mal-mülki bolsa özüň al» diýdi.
22 Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma ýeri-gögi ýaradan Beýik Alla Rebbiň adyndan ant içýärin.
24 Ýöne ýigitleriň iýen iýmitleri muňa degişli däldir. Şeýle hem meniň bilen giden Aner, Eşkol we Mamre hem öz paýlaryny alsynlar». ‎




Chapter 15

1 Şu wakalardan soň Reb Ybrama görnüp, oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».
2 Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Men perzentsiz öterin! Hojalygym damaskly Eligezere miras galar.
3 Sen maňa perzent bermänsoň, hojalygymdaky gulum maňa mirasdar bolar» diýdi.
4 Ybrama Rebbiň şu sözi geldi: «Ol seniň mirasdaryň bolmaz, öz biliňden önjek seniň mirasdaryň bolar» diýdi.
5 Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesilleriň bolar» diýdi.
6 Ybram Rebbe iman etdi we Reb ony dogruçyl hasaplady.
7 Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin seni babyllaryň Ur galasyndan çykaran Reb – Mendirin» diýdi.
8 Ybram: «Eý Hökmürowan Reb! Özümiň şu topragyň eýesi boljakdygymy men nädip bilerin?» diýdi.
9 Reb oňa: «Maňa üçýaşar göle, üçýaşar geçi, üçýaşar goç, gumry hem-de ýaş kepderi getir» diýdi.
10 Ybram getirip, olaryň hersini iki bölege böldi we her bölegi öz jübütiniň garşysynda goýdy. Ýöne ol guşlary bölmedi.
11 Ybram läşleriň üstünde aýlanyşýan çaýkelleri kowdy.
12 Gün ýaşyp barýarka, Ybramy agyr uky basmarlady; onuň üstüne elhenç gorky howpy abandy.
13 Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun, seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer.
14 Emma Men seniň nesliňi gul eden halkyň jezasyny bererin. Şondan soň olar ummasyz mal-mülki bilen ol ýerden çykarlar.
15 Sen bolsaň uzak ýaşap, asudalykda ölüp, ata-babalaryňa gowuşarsyň.
16 Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok».
17 Gün ýaşyp, garaňky düşende, tüsseli ojak hem-de ýalynly çyra görnüp, bular haýwan bölekleriniň arasyndan geçipmiş.
18 «Müsür derýasyndan tä beýik Perat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy – kabyllaryň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesilleriňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi. ‎




Chapter 16

1 Ybramyň aýaly Sare oňa çaga dogrup bermedi. Sareniň Hajar atly müsürli bir gyrnagy bardy.
2 Bir gün Sare Ybrama: «Sered-ä, Reb meni çaga dogurmakdan saklady. Sen meniň gyrnagym bilen ýat. Belki, ol maňa çaga dogrup berer» diýdi. Ybram Sareniň sözüne gulak asdy.
3 Şeýdip, Sare müsürli çorusy Hajary öz adamsy Ybrama aýallyga berdi. (Bu waka bolup geçende, Ybram Kenganda on ýyl ýaşapdy.)
4 Ybram Hajar bilen ýatdy we Hajar göwreli boldy. Hajar özüniň göwrelidigini bilenden soň, öz bikesine ýigrenç bilen seretdi.
5 Sare Ybrama: «Meniň mertebämiň peselmegine sen sebäp bolduň! Öz gyrnagymy seniň goýnuňa beren mendirin. Ol özüniň göwrelidigini bileni bäri, maňa ýigrenç bilen seredýär. Ikimizden haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, Reb çözsün» diýdi.
6 Ybram Sareýe: «Gyrnagyň öz eliňde. Sen oňa islän zadyňy et» diýdi. Şunlukda, Sare Hajara juda ýowuz daraşyp ugrady. Hajar ondan gaçyp gitdi.
7 Rebbiň perişdesi Hajary çöl içindäki, Şur ýolundaky gözbaşyndan tapdy. Ol ondan: «Eý, Sareniň çorusy Hajar, nireden gelip, nirä barýarsyň?» diýip sorady. Hajar: «Bikäm Sareden gaçyp barýaryn» diýip jogap berdi.
9 Rebbiň perişdesi Hajara: «Bikäň ýanyna dolan-da, oňa tabyn bol» diýdi.
10 Rebbiň perişdesi sözüni dowam edip, Hajara: «Seniň nesliňi şeýle bir köpelderin welin, hatda olary sanap-da bolmaz.
11 Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar. Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň, çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi.
12 Ol ýabany eşek ýaly bir adam bolar. Ol her kese, her kes hem oňa garşy bolar. Ol öz doganlarynyň hiç biri bilen oňuşmaz».
13 «Men, hakykatdan-da, özüme Üns Berýän Hudaýy gördüm» diýip, Hajar özi bilen gepleşen Rebbi «Görýän Hudaý» diýip atlandyrdy.
14 Şoňa görä-de Kadeş bilen Berediň arasyndaky ol guýy «Beýer-lahaýroý» diýip atlandyrylandyr.
15 Hajar Ybrama bir ogul dogrup berdi. Ybram oglunyň adyna Ysmaýyl dakdy.
16 Hajar Ysmaýyly dogranda, Ybram segsen alty ýaşyndady. ‎




Chapter 17

1 Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Alladyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.
2 Men seniň bilen äht ederin we saňa juda köp nesil bererin».
3 Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur. Sen köp milletleriň atasy bolarsyň.
5 Indiden beýläk seniň adyň Ybram däl-de Ybraýym bolar, çünki Men seni köp milletleriň atasy edýärin.
6 Men seni juda örňederin. Senden milletler hem şalar dörär.
7 Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik ähtimi dikelderin. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.
8 Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».
9 Hudaý sözüni dowam edip, Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen hem seniň özüňden soňky nesliň nesilden-nesle Meniň ähtimi berjaý etmelisiňiz.
10 Siz Meniň sen we seniň geljekki nesliň bilen edýän ähtimiň şertlerini berjaý etmelisiňiz. Araňyzdaky erkekleriňiziň ählisini sünnetlemelisiňiz.
11 Ujydyňyzyň pürçügini kesdirip, sünnetleniň. Sünnet siz bilen Meniň aramdaky ähtiň nyşany bolar.
12 Mundan beýläk öz nesliňizden, şeýle hem özüňizden bolman, kesekilerden satyn alan gullaryňyzdan doglan erkek çagalaryň hemmesi sekiz günlükkä sünnetlenmelidir.
13 Seniň öz hojalygyňda doglan gullaryň-da, satyn alan gullaryň-da sünnetlenmelidir. Şeýle etmek bilen siziň teniňiz, Meniň siz bilen eden ähtimiň bakydygyny görkezer.
14 Ujydynyň pürçügini kesdirip, sünnetlenmedik erkek ähti bozan adam hökmünde öz halkynyň arasyndan çykarylsyn».
15 Hudaý Ybraýyma: «Indi aýalyňyň adyny Sare diýip tutma. Mundan beýläk onuň ady Sara bolar.
16 Men Sarany ýalkaryn; ondan saňa bir ogul hem bererin. Men ony ýalkaryn; ol ençeme milletleriň enesi bolar. Onuň neslinden şalar dörär».
17 Ybraýym Onuň öňünde ýüzin düşdi; soňra ol gülüp, içinden: «Ýüz ýaşyndaky adamdanam bir, heý, çaga doglarmy?! Togsan ýaşyndaky Sara-da bir çaga dogrup bilermi?!» diýdi.
18 Soňra Ybraýym ýene Hudaýa: «Ysmaýyly mirasdarym hökmünde kabul etsediň!» diýdi.
19 Hudaý şeýle diýdi: «Ýok! Hut öz aýalyň Sara saňa bir ogul dogrup berer. Sen onuň adyna Yshak dakarsyň. Men onuň özi we tutuş nesli bilen ebedilik äht dikelderin.
20 Men seniň Ysmaýyl hakda aýdanyňy-da eşitdim. Men Ysmaýyly ýalkap, örňedip, ony juda köpelderin. Ondan on iki sany tirebaşy dörär. Men Ysmaýyldan uly millet dörederin.
21 Emma Men Öz ähtimi geljek ýylyň hut şu pursatynda Saradan doguljak Yshak bilen dikelderin».
22 Hudaý Ybraýym bilen eden gürrüňini tamamlap ýokary göterildi.
23 Ybraýym Hudaýyň özüne buýruşy ýaly, hojalygyndaky erkekleriň hemmesini, ogly Ysmaýyly, öz hojalygynda doglan gullary we satyn alan gullaryny hut şol günüň özünde sünnetledi.
24 Ybraýym togsan dokuz ýaşynda sünnetlendi.
25 Onuň ogly Ysmaýyl on üç ýaşynda sünnetlendi. Ybraýym bilen onuň ogly Ysmaýyl bir günde sünnetlendi.
27 Ybraýymyň hojalygyndaky erkekleriň ählisi, onuň hojalygynda doglan gullary-da, kesekilerden satyn alan gullary-da onuň bilen bile sünnetlendiler. ‎




Chapter 18

1 Bir gün günüň jokrama yssy wagtynda, Ybraýym Mamräniň dub tokaýjygynyň ýanyndaky çadyrynyň agzynda otyrka, oňa Reb göründi.
2 Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi.
3 Ybraýym şeýle diýdi: «Eý, jenabym, eger men siziň göwnüňizden turan bolsam, onda öz guluňyzyň duşundan sowlup geçmäň.
4 Men size aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin. Şu agajyň aşagynda dem-dynjyňyzy alaýyň.
5 Size güýç-kuwwat berer ýaly bir bölek nan getireýin, çünki ýoluňyz bendäňiziň üstünden düşdi ahyryn! Soňra ýoluňyzy dowam etdirersiňiz». Olar: «Aýdyşyň ýaly edäý» diýdiler.
6 Ybraýym howlukmaç çadyryna, Saranyň ýanyna geldi-de, oňa: «Derrew üç kersen oňat undan hamyr ýugur-da, nan ýap».
7 Soňra Ybraýym mallaryna tarap ylgady-da, sürüden ýaş hem semiz bir göläni saýlap, ony hyzmatkär ýigide berdi. Onsoň hyzmatkär dessine nahar taýýarlamaga girişdi.
8 Ybraýym gatyk, süýt hem bişirilen göläniň etini getirip, adamlaryň öňünde goýdy. Myhmanlar naharlandylar. Ybraýymyň özi bolsa olaryň ýanynda agajyň aşagynda durdy.
9 Adamlar Ybraýymdan: «Aýalyň Sara nirede?» diýip soradylar. Ybraýym: «Sara ol taýda, çadyrda» diýip jogap berdi.
10 Olaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar men seniň ýanyňa ýene dolanyp gelerin we oňa çenli aýalyň Saradan bir ogul bolar» diýdi. Sara onuň arkasyndaky çadyryň agzynda bularyň gürrüňini diňläp durdy.
11 Ybraýym bilen Saranyň ikisiniň-de ýaşlary bir çene barypdy; olar örän garrapdylar. Sarada aýbaşy gelmesi kesilipdi.
12 Şoňa görä Sara içinden gülüp: «Men-de, adamym-da garry; şu ýaşdan soň men beýle şatlyga eýe bolup bilerinmi?!» diýdi.
13 Şonda Reb Ybraýymdan: «Näme üçin Sara „Şu ýaşdan soň men, heý, çaga dogrup bilerinmi?!“ diýip güldi?» diýip sorady.
14 «Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.
15 «Men gülmedim» diýip, Sara gorkusyna boýun almady. Reb: «Ýok, sen güldüň» diýdi.
16 Adamlar turup, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym hem olary ugratmak üçin olar bilen bile gitdi.
17 Reb şeýle diýdi: «Etjek bolýan işimi Ybraýymdan gizläýinmi?!
18 Ybraýymdan beýik hem güýçli bir millet dörär. Ýer ýüzüniň ähli milletleri Ybraýymdan pata alarlar.
19 Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».
20 Soňra Reb Ybraýyma: «Halkyň Sodom bilen Gomoranyň garşysyna edýän ahy-nalasyny eşitdim; olaryň günäleri juda agyrdyr.
21 Men aşak düşüp göreýin. Olaryň etmişi, hakykatdan-da, Maňa ýetişi ýaly erbetmikä? Men anyklaýyn» diýdi.
22 Şeýdip, adamlar ol ýerden gaýdyp, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym bolsa Rebbiň huzurynda durdy.
23 Ol Rebbe golaýlaşyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen beýtseň, günäliniň oduna bigünä-de ýanmazmy?!
24 Aýdaly, galada elli sany bigünä bar. Elli sany bigünä adamy halas etmegiň üçin, Seniň olara haýpyň gelmezmi? Sen şonda-da galany weýran edermiň?
25 Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli dälmisiň ahyryn!»
26 Reb: «Eger-de Sodom galasyndan elli sany bigünä adam tapsam, onda Men olaryň hatyrasyna tutuş galany diri galdyraryn» diýdi.
27 Ybraýym oňa şeýle ýüzlendi: «Seniň öňüňde tozdur kül kimin bolsam-da, men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän.
28 Eger galadaky bigünäleriň sany kyrk bäş bolaýsa, şonda nädersiň? Bäş adamyň kemterlik edýändigi üçin Sen tutuş galany weýran edermiň?» Ol Ybraýyma: «Eger-de Men ol ýerden kyrk bäş sany bigünäni tapsam, onda ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.
29 Ybraýym Ondan ýene-de: «Aýdaly, galadan diňe kyrk sanysy tapylýar, onda näme?» Ol: «Eger Men ol ýerden kyrk sany bigünä tapsam, onda ony weýran etmerin» diýdi.
30 Onsoň Ybraýym Taňra ýüzlenip: «Eý, Taňrym, geplesem maňa gaharyň gelmesin. Aýdaly, galadan otuz sanysy tapylýar, onda näme?» diýdi. Reb: «Eger ol ýerden otuz sany bigünä tapsam, onda Men ony weýran etmerin» diýdi.
31 Ybraýym ýene-de ýüzlenip: «Men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. Aýdaly, galada ýigrimi sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «Ýigrimi sany bigünäniň hatyrasy üçin Men galany weýran etmerin» diýdi.
32 Ybraýym: «Eý, Taňrym, maňa gaharyň gelmesin! Men iň soňky gezek Saňa ýüz tutýaryn. Aýdaly, galada bary-ýogy on sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «On bigünäniň hatyrasy üçin Men ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.
33 Reb Ybraýym bilen gürrüňini tamamlandan soň, onuň ýanyndan gitdi. Ybraýym bolsa öýüne dolanyp geldi. ‎




Chapter 19

1 Agşamara hälki iki perişde Sodom galasyna geldi. Lut galanyň derwezesinde otyrdy. Ol perişdeleriň gelýänini görüp, ýerinden turup, olaryň öňlerinden çykyp, olara iki bükülip tagzym etdi.
2 Lut: «Eý, jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da, bu gije öýüme myhman boluň. Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar: «Ýok, biz gijäni meýdançada geçireris» diýdiler.
3 Lut ýüreginden syzdyryp ýalbaransoň, olar onuň öýüne sowuldylar. Ol perişdeleri hezzetläp, olara petir bişirip berdi. Olar naharlandylar.
4 Olar ýatmazdan öň, Sodomyň ýaşu-garry ähli erkek adamlary Lutuň öýüniň daşyny gabadylar.
5 Olar Luta: «Şu gije öýüňe gelen adamlar nirede? Olary biziň ýanymyza çykar, biz olar bilen ýatjak» diýip gygyryşdylar.
6 Lut daşary çykyp, gapyny daşyndan ýapdy we ýygnanan adamlara: «Eý doganlar, gabahatlykdan el çekiň.
8 Meniň iki sany boý gyzym bar. Men şolary siziň eliňize bereýin. Siz olara islän zadyňyzy edäýiň, ýöne bu adamlara degmäň. Olar meniň öýümi penalap geldiler» diýdi.
9 Emma olar Luta: «Aýryl gapydan» diýdiler. Olar soňra: «Gelmişek halyňa bize akyl öwretjek bolýaňmy? Indi biz seni olardan hem beter ederis» diýşip, gapyny döwmek üçin Luta topuldylar.
10 Emma içerdäki adamlar gapyny açyp, Luty içeri saldylar-da, gapyny ýapdylar.
11 Olar gapynyň agzynda duranlaryň uludan-kiçä ählisiniň gapyny tapyp bilmezleri ýaly gözlerini kör etdiler.
12 Adamlar Luta şeýle diýdiler: «Seniň bu ýerde ýene kimiň bar? Ogul-gyzyňmydyr, giýewiňmidir, garaz, galadaky özüňe degişli adamlaryň ählisini al-da, bu ýerden çyk.
13 Biz Sodomy weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň halkyna garşy edilýän uly ahy-nalalary eşidip, bizi Sodomy weýran etmäge iberdi».
14 Lut özüne giýewi boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.
15 Daň atandan soň perişdeler: «Şäher weýran edilende heläk bolmazyňyz ýaly, aýalyň bilen ýanyňdaky iki gyzyňy hem al-da, bu ýerden çyk!» diýip, Luty gyssap başladylar.
16 Emma Lut ikirjiňlendi. Şol wagt adamlar Lutuň, onuň aýalynyň hem iki gyzynyň elinden tutup, Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar.
17 Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi.
18 Ýöne Lut oňa şeýle diýdi: «Ýok, ýok jenabym!
19 Guluňyz seniň nazaryňda eýýäm merhemet tapdy. Sen meni ölümden halas edip, maňa ýagşylyk etdiň. Emma men daglara gaçyp bilmerin; men betbagtçylyga ýolugyp, ölerin diýip gorkýaryn.
20 Şu golaýda kiçijik bir gala bar. Ol kiçi ahyryn?! Özümi şol ýere atmaga maňa ygtyýar etseň, men ölümden halas bolaryn».
21 Ol Luta: «Bolýar, seniň haýyşyňy ýerine ýetirerin. Men ol diýýän galaňy weýran etmerin.
22 Sen basym gaç, çünki sen ol ýere baryp ýetýänçäň, men hiç zat edip bilmerin» diýdi. Şoňa görä-de ol gala Sogar diýlip atlandyryldy.
23 Gün doganda, Lut Sogara gelip ýetdi.
24 Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi.
26 Lutuň aýaly yzyna garady we ol şol bada duz sütünine öwrüldi.
27 Ybraýym daň bilen turup, özüniň Rebbiň huzurynda duran ýerine gitdi.
28 Ybraýym Sodoma, Gomora we tutuş düzlüge tarap aşak seredip, ol ýurtdaky asmana göterilýän tüssäniň edil ojakdan çykýan ýalydygyny gördi.
29 Şeýdip, Hudaý düzlükdäki iki galany weýran edende, Ybraýymy ýatdan çykarmady; Lutuň mesgen tutan galalaryny weýran edende, Hudaý Luty ol betbagtçylykdan halas etdi.
30 Lut Sogarda galmakdan gorkup, iki gyzyny-da alyp, bu ýerden çykdy. Ol dagda mesgen tutup, gyzlary bilen bile bir gowakda ýaşaberdi.
31 Bir gün gyzlaryň ulusy uýasyna: «Kakamyz garrap barýar; dünýä adatyna görä biziň ýanymyza girer ýaly ýer ýüzünde hiç bir erkek kişi ýok.
32 Gel, kakamyza şerap içirip, onuň bilen ýataly. Şeýdip, biz öz kakamyzyň üsti bilen perzentli bolarys» diýdi.
33 Gyzlar şol gije kakalaryny serhoş etdiler. Şeýdip, gyzlaryň ulusy öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut gyzynyň haçan ýatyp, haçan turanyny-da bilmedi.
34 Ertesi gün ýene gyzlaryň ulusy öz doganyna: «Men öten agşam kakam bilen ýatdym. Gel, bu gije-de ony serhoş edeli; sen hem onuň bilen ýat. Şeýdip, biz öz kakamyzyň üsti bilen perzentli bolarys» diýdi.
35 Gyzlar bu gije hem kakalaryny serhoş etdiler. Bu gezek gyzlaryň kiçisi öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut onuň-da haçan ýatyp, haçan turanyny bilmedi.
36 Şeýdip, Lutuň iki gyzy-da öz kakasyndan göwreli boldy.
37 Gyzlaryň ulusy bir ogul dogurdy we onuň adyna Mowap dakdy. Ol häzirki mowaplaryň nesilbaşysydyr.
38 Gyzlaryň kiçisi-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Benamy dakdy. Ol häzirki ammonlaryň nesilbaşysydyr. ‎




Chapter 20

1 Ybraýym ol ýerden Negep çölüne göçüp, Kadeş bilen Şuruň aralygynda düşledi. Soňra ol Gerarda gelmişek bolup ýaşady.
2 Ybraýym öz aýaly Sara «Ol meniň aýal doganym» diýdi. Geraryň şasy Abymelek adam iberip, Sarany getirtdi.
3 Hudaý Abymelegiň düýşüne girip, oňa: «Ärli aýaly ýanyňa aldyrdandygyň sebäpli sen ölersiň» diýdi.
4 Emma Abymelek Sara heniz ýakynlaşmandy. Abymelek: «Eý, Taňry! Sen bigünä halky-da ýok etjekmi?!
5 Ybraýymyň özi: „Bu meniň aýal doganym“ diýip aýtmadymy näme?! Aýalyň özi-de: „Ol meniň erkek doganym“ diýdi ahyryn. Men bu işi päk ýürek we ynsap bilen etdim» diýdi.
6 Hudaý Abymelege düýşünde şeýle diýdi: «Seniň muny päk ýürekden edendigiňi Men bilýärin. Seni Özüme garşy günä etmeklikden saklan Mendirin. Şonuň üçin seniň oňa el urmagyňa ygtyýar bermedim.
7 Indi bolsa sen aýaly öz adamsyna gaýtaryp ber, çünki onuň adamsy pygamberdir. Ol seniň üçin dileg eder. Şeýdip, sen diri galarsyň. Aýaly yzyna gaýtarmasaň, sen we seniň ähli adamlaryň hökman ölersiňiz».
8 Abymelek daň bilen turdy we ähli emeldarlaryny çagyryp, olara düýşüni gürrüň berdi. Olar gaty gorkdular.
9 Abymelek Ybraýymy çagyryp, oňa: «Bu näme etdigiň boldy?! Seniň meni we meniň patyşalygymy beýle uly günä bilen ýazykly ederiň ýaly, meniň saňa garşy eden günäm näme?! Sen maňa asla edilmeli däl işi etdiň» diýdi.
10 Abymelek ýene-de Ybraýymdan: «Sen näme maksat bilen beýle etdiň?» diýip sorady.
11 Ybraýym oňa şeýle jogap berdi: «Bu ýerde Hudaýdan gorkýan ýokdur öýtdüm we aýalym sebäpli özümi öldürerler diýip pikir etdim.
12 Onsoňam ol meniň, hakykatdan-da, aýal doganym. Ikimiz atabir enebaşga dogandyrys, ol soň meniň aýalym boldy.
13 Hudaý meni atamyň öýünden entedip iberende, men Sara: „Sen maňa wepaly bol. Men barada soran her kişä bu meniň erkek doganym diý“ diýdim».
14 Abymelek Ybraýyma ownukly-irili mallar, gullardyr gyrnaklar berdi; aýaly Sarany hem oňa gaýtaryp berdi.
15 Abymelek Ybraýyma: «Ine, tutuş ýurdum seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Sen islän ýeriňde ýaşa» diýdi.
16 Abymelek Sara-da: «Doganyňa müň teňňe kümüş berdim. Bu ýanyňdakylara seniň bigünädigiňi görkezer. Sen doly aklanansyň» diýdi.
17 Ybraýymyň aýaly Sara sebäpli, Hudaý Abymelegiň köşgündäki aýallaryň ählisiniň ýatgysyny baglapdy. Ybraýym Hudaýa dileg etdi. Hudaý Abymelegiň özüni-de, aýalydyr gyrnaklaryny-da çaga dograrlary ýaly sagaltdy. ‎




Chapter 21

1 Reb edil aýdyşy ýaly, Sara beren wadasyny berjaý etdi.
2 Hudaýyň aýdan wagtynda Ybraýym garransoň, Sara göwreli bolup, oňa bir ogul dogrup berdi.
3 Ybraýym özüniň Saradan bolan oglunyň adyna Yshak dakdy.
4 Hudaýyň buýruşy ýaly edip, Yshak sekiz günlükkä Ybraýym ony sünnetledi.
5 Ogly Yshak doglanda, Ybraýym ýüz ýaşyndady.
6 Sara: «Hudaý maňa begenç hem gülki getirdi. Oglumyň bolandygyny eşiden her kişi meniň bilen bile gülşer».
7 Sara: «Ybraýyma Sara çaga emdirer diýen bolsa, muňa ynanan tapylarmydy?! Emma, ine, ol gojalansoň, men oňa ogul dogrup berdim» diýdi.
8 Çaga ulaldy, ony süýtden aýyrdylar. Şol gün, ýagny Yshagyň süýtden aýrylan güni Ybraýym uly toý tutdy.
9 Asly müsürli Hajaryň Ybraýymdan bolan oglunyň öz ogly Yshagyň üstünden gülýänini Sara gördi.
10 Ol Ybraýyma: «Bu gyrnagy ogly bilen bile çykaryp kow. Gyrnagyň ogly oglum Yshak bilen mirasymyzy paýlaşmaz» diýdi.
11 Emma ogly baradaky bu mesele Ybraýyma juda agyr degdi.
12 Hudaý Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen ogluň we gyrnagyň üçin gamlanma. Sara näme et diýse, şony-da et, çünki seniň adyň Yshagyň nesliniň üsti bilen dowam eder.
13 Gyrnagyňdan bolan ogluňdan hem bir millet ýaradaryn, çünki ol-da seniň perzendiňdir».
14 Ybraýym daň bilen turdy-da, biraz nan hem bir meşik suw alyp, olary Hajaryň egnine atdy. Ol oglany Hajaryň gözegçiligine berip, ony goýberdi. Hajar gidip, Beýerşebanyň çölünde esli wagt entedi.
15 Meşikdäki suw tükendi. Hajar oglany bir gyrymsy agajyň aşagynda taşlap gitdi.
16 «Oglumyň ölenini bir görmäýin» diýip, gidip, oglundan okýetim uzaklykda oturyp, içigip-içigip aglady.
17 Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Hudaýyň perişdesi gökden Hajary çagyryp: «Hajar, näme boldy? Gorkma, Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Bar, oglany ýerinden galdyr-da, elinden tut. Men ondan bir beýik millet ýaradaryn» diýdi.
19 Hudaý Hajaryň gözüni açdy we ol bir suwly guýyny gördi. Ol baryp, guýudan meşigini doldurdy-da, ondan ogluna içirdi.
20 Hudaý ol oglan bilen biledi. Ol ulalyp, çölde ýaşap, ökde kemançy bolup ýetişdi.
21 Oglan Paran çölünde ýaşaýardy. Ejesi ony müsürli bir gyza öýerdi.




Chapter 22

1 Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.
2 Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.
3 Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady. Öz hyzmatkärlerinden ikisini hem-de Yshagy ýanyna aldy; ýakma gurbanlygy üçin odun döwüşdirdi we Hudaýyň özüne aýdan ýerine gitdi.
4 Üçülenji gün Ybraýym ol ýeri uzakdan gördi.
5 Ybraýym hyzmatkärlerine: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» diýdi.
6 Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip barýarkalar, birden: «Kaka!» diýip, Yshak Ybraýyma ýüzlendi. Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin guzy nirede?» diýdi.
8 Ybraýym: «Ýakma gurbanlyk guzusy bilen Hudaýyň özi üpjün eder, oglum» diýip jogap berdi. Olar ýollaryny dowam etdirdiler.
9 Olar Hudaýyň Ybraýyma görkezen ýerine gelip ýetdiler. Ybraýym ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasady. Odunlary onuň üstüne üýşürdi we ogly Yshagy daňyp, ony odunlaryň üstünde ýatyrdy.
10 Soňra ogluny gurban etmek üçin pyçagyny eline aldy.
11 Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.
12 Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.
13 Şol wagt Ybraýym başyny galdyryp, aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň gür çybyklaryna şahy çolaşan bir goçuň durandygyny gördi. Ybraýym baryp goçy tutdy we ony oglunyň deregine Rebbe ýakma gurbanlyk edip berdi.
14 Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)
15 Rebbiň perişdesi gökden Ybraýymy ikinji gezek çagyryp, oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin, Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.
18 Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar“» diýdi.
19 Ybraýym hyzmatkärleriniň ýanyna gaýdyp geldi. Olar ol ýerden Beýerşeba gaýtdylar. Ybraýym Beýerşebada ýaşady.
20 Şol wakalardan soň Ybraýyma şeýle habar geldi: «Milka doganyň Nahora ençeme ogul dogrup berdi.
21 Ilkinji ogly Us, onuň dogany Buz hem-de Kemuwal (bu Aramyň kakasydyr),
22 Keset, Hazo, Pildaş, Ýidlap hem Betuwel.
23 Betuwelden Rebeka doguldy». Milka şu sekiz ogly Ybraýymyň dogany Nahora dogrup berdi.
24 Onuň Rewuma atly gyrnak aýaly-da Tebany, Gahamy, Tahaşy hem-de Magakany dogurdy. ‎




Chapter 23

1 Sara ýüz ýigrimi ýedi ýaşady; şu onuň ömür süren ýyllarydy.
2 Sara Kengan ýurdundaky Kirýatarbada, ýagny Hebronda dünýäden ötdi. Ybraýym Sara üçin matam tutup, ýas baglamaga geldi.
3 Ol Saranyň jesediniň ýanyndan turdy we hetleriň ýanyna baryp, olara:
4 «Men siziň araňyzda ýaşaýan bir gelmişekdirin. Maňa öz araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer beriň» diýdi.
5 -
6 Hetler Ybraýyma: «Bizi diňle agam, biz saňa Hudaýyň hormatlaýan adamy hökmünde garaýarys. Sen aýalyňy biziň iň gowy gonamçylygymyzda jaýla. Biziň hiç birimiz öz gonamçylygymyzy senden gaýgyrmarys we merhumyňy jaýlamakdan saklamarys» diýdiler.
7 Ybraýym ýerinden turup, ol ýurduň halky bolan hetlere tagzym etdi.
8 -
9 Ol olara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger-de meniň merhumymy öz araňyzda jaýlamagyma razy bolsaňyz, onda Soharyň ogly Epronyň mülküniň çetindäki Makpela gowagyny maňa mülk hökmünde doly bahasyndan satmagyny haýyş edip beriň» diýdi.
10 Şol wagt hetleriň arasynda Epron hem otyrdy. Epron hetlere, gala derwezesindäkileriň hemmesine eşitdirip, gaty ses bilen:
11 «Ýok, jenabym, maňa gulak as. Men şol mülk ýeri öz kowumdaşlarymyň öňünde gowagy bilen bile saňa mugt berýärin. Arkaýyn merhumyňy jaýlaber» diýdi.
12 -
13 Ybraýym hetleriň öňünde tagzym etdi we ol halaýyk eşider ýaly edip, Eprona: «Onda diňle, men şol mülk ýeriň hakyny saňa tölärin, sen ony al-da, maňa ol ýerde merhumymy jaýlamaga ygtyýar et» diýdi.
14 -
15 Epron Ybraýyma: «Jenabym, maňa gulak as. Mülk ýeriň bahasy dört ýüz kümüş teňňedir. Ikimiziň aramyzda bu bir uly zat däl-le. Git-de, merhumyňy jaýlaber» diýdi.
16 Ybraýym Epron bilen ylalaşdy we Epronyň hetlere eşitdirip aýdan mukdarynda, söwdagärleriň arasyndaky ölçege görä ölçäp, oňa kümüş berdi.
17 -
18 Şunlukda, Epronyň Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Makpeladaky mülki gowagydyr ähli baglary bilen bile Ybraýymyň eýeçiligine geçdi. Hetler-de, gala derwezesinde oturan ýaşulular-da muny ykrar etdiler.
19 Şondan soň Ybraýym öz aýaly Sarany Mamräniň, ýagny Hebronyň gündogarynda ýerleşen Makpeladaky mülkündäki gowakda, Kengan ýurdunda jaýlady.
20 Şeýlelikde, hetleriň şol mülki ondaky gowak bilen bile Ybraýyma gonamçylyk üçin berildi.




Chapter 24

1 Ybraýym juda garrapdy. Reb ony ähli babatda ýalkapdy.
2 Ybraýym öýüniň iň ulusyna, özüniň ähli işlerini dolandyryjy hyzmatkärine şeýle diýdi: «Eliňi uýlugymyň astynda goý-da, ogluma häzirki ýaşaýan ýerimdäki halkdan, Kengan gyzlaryndan gelinlik tapmajakdygyňa gögüň we ýeriň Hudaýy Rebden ant iç.
4 Meniň dogduk mekanyma, garyndaşlarymyň arasyna git-de, oglum Yshaga gelinligi şol ýerden tapyp getir».
5 Hyzmatkär Ybraýymdan: «Eger-de gyz meniň bilen bile bu ýere gelmek islemese, onda seniň ogluňy çykyp gaýdan dogduk mekanyňa alyp gideýinmi?» diýip sorady.
6 Ybraýym oňa şeýle diýdi: «Oglumy ol ýere äkidäýme.
7 Meni atamyň öýünden alyp gaýdyp: „Bu ýeri seniň nesliňe berjek“ diýip, wada eden Gökdäki Hudaý Reb Öz perişdesini seniň öňüňden iberer. Şeýdip, sen ol ýerden oglum üçin bir gyz taparsyň.
8 Eger ol gyz seniň bilen gaýtmak islemese, onda sen içen antyňdan azat bolarsyň. Ýöne hergiz oglumy ol ýere äkitmegin».
9 Hyzmatkär elini Ybraýymyň uýlugynyň astynda goýup ant içdi.
10 Hyzmatkär Ybraýymyň düýelerinden onusyny hem-de onuň gymmatbaha sowgatlaryndan alyp, Mesopotamiýadaky Nahoryň ýaşaýan galasyna tarap ýola düşdi.
11 Ol gala baryp ýetdi we onuň daşyndaky guýynyň başynda düýelerini çökerdi; agşam çaglarydy – galanyň gyz-gelinleriniň suw almaga çykýan wagtlarydy.
12 Soňra ol şeýle dileg etdi: «Eý, meniň jenabym Ybraýymyň Hudaýy Reb! Jenabym Ybraýyma merhemet et-de, meniň işimi oň et.
13 Ine, men guýynyň başynda durun. Şäheriň gyzlary guýudan suw çekmäge gelýärler.
14 Men bir gyza: „Küýzäňi egniňden düşür-de, maňa birazajyk suw bersene, içeýin-le“ diýerin. Eger ol gyz maňa: „Al, iç, men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaýyn“ diýse, ol Seniň guluň Yshak üçin saýlan gyzyň bolar. Şonda men Seniň jenabyma merhemet edendigiňi bilerin».
15 Ybraýymyň hyzmatkäri heniz dileg edip otyrka, Rebeka egni küýzeli galadan çykyp gelýärdi. Ol Ybraýymyň inisi Nahor we onuň aýaly Milkanyň ogly Betuweliň gyzydy.
16 Ol heniz erkek eli degmedik görmegeý, boý gyzdy. Rebeka aşak guýa inip, küýzesini suwdan doldurdy-da, yzyna dolandy.
17 Hyzmatkär ylgap, onuň öňünden çykyp: «Küýzäňdäki suwdan birazajyk içeýin-le» diýdi.
18 Ol: «Içiň, meniň jenabym» diýdi-de, dessine küýzesini egninden düşürip, oňa suw berdi.
19 Rebeka Ybraýymyň hyzmatkärine suw bereninden soň: «Men siziň düýeleriňizi-de ganýança suwa ýakaryn» diýdi.
20 Ol dessine küýzesindäki suwy nowa guýdy-da, suw çekmek üçin guýa tarap ylgady. Ol onuň düýeleriniň ählisi üçin guýudan suw çekdi.
21 Ybraýymyň hyzmatkäri öz ýoluny Rebbiň açandygyny ýa-da açmandygyny biljek bolup, sesini çykarman gyzy synlap durdy.
22 Düýeler suwdan gananlaryndan soň, Ybraýymyň hyzmatkäri agyrlygy bir mysgaldan gowrak bolan tylla burun halkasyny we her taýy on mysgal bolan goşa tylla bilezigi gyza berdi.
23 Soňra ol gyzdan: «Sen kimiň gyzy? Ataň öýünde maňa we meniň ýoldaşlaryma gijäni geçirer ýaly ýer tapylmazmyka?» diýip sorady.
24 Gyz oňa: «Men Nahoryň we Milkanyň ogly Betuweliň gyzydyryn.
25 Bizde saman-da, ot-da köp, ýatar ýaly ýer hem bar» diýip jogap berdi.
26 Ybraýymyň hyzmatkäri baş egip, Rebbe sežde etdi.
27 Ol: «Jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun, çünki Ol Öz wepaly söýgüsini meniň jenabymdan gaýgyrmady. Ol meni jenabymyň garyndaşynyň öýüne göni alyp geldi» diýdi.
28 Gyz öýlerine bakan ylgady we baryp, öýündäkilere bolan wakany gürrüň berdi.
29 Rebekanyň Laban diýen erkek dogany bardy. Laban öz aýal dogany Rebekanyň burun halkasyny, bilegindäki bileziklerini görüp, Rebekadan ol adamyň nämeler diýenini eşidip, guýa tarap ylgady. Ol guýynyň başyna gelende, ýaňky adam heniz hem düýeleriniň ýanynda durdy.
31 Laban: «Näme üçin bu ýerde dursuň? Ýör, öýe gideli, eý, Rebbiň ýalkany, ýör öýe gideli. Men seniň üçin jaý, düýeleriň üçin hem ýer taýynladym» diýdi.
32 Şeýdip, Ybraýymyň hyzmatkäri içeri girdi. Laban düýeleriň ýüküni düşürip, olaryň öňüne samandyr ot dökdi. Ol Ybraýymyň hyzmatkärine we onuň ýoldaşlaryna aýaklaryny ýuwarlary ýaly suw getirip berdi.
33 Onuň öňüne nahar goýuldy, ýöne ol adam: «Habarymy alýançaňyz, naharlanjak däl» diýdi. Laban oňa: «Beýle bolsa, habaryňy beräý» diýdi.
34 Ybraýymyň hyzmatkäri şeýle diýdi: «Men Ybraýymyň hyzmatkäridirin.
35 Reb meniň jenabyma köp bereket berdi. Ol meniň jenabymy baýadyp, oňa ownukly-irili mallar, altyn-kümüş, gul-gyrnaklar hem-de düýelerdir eşekler berdi.
36 Jenabymyň aýaly Sara garrandan soň, ol Ybraýyma ogul dogrup berdi. Ybraýym ähli emlägini ogluna berdi.
37 Jenabym: „Ogluma ýaşaýan ýerim bolan Kengandan gyz alma. Meniň öz dogduk mekanyma, garyndaşlarymyň ýanyna git-de, oňa şol ýerden gelinlik tapyp getir“ diýip, maňa ant içirdi.
39 Men jenabyma: „Tapan gyzym meniň bilen gaýtmasa nädeýin?“ diýdim.
40 Jenabym: „Nazarynda gezýän Rebbim Öz perişdesini seniň öňüňden iberip, işiňi oň eder. Şeýdip, sen meniň dogduk mekanymdan, garyndaşlarymyň arasyndan ogluma gelinlik taparsyň.
41 Meniň garyndaşlarymyň arasyna baranyňda, şonda sen maňa içen antyňdan azat bolarsyň; hatda olar saňa gyz bermeseler-de, sen maňa içen antyňdan azat bolarsyň“ diýdi.
42 Ine, şeýdip, men guýynyň başyna gelip, şeýle dileg etdim: „Eý, jenabym Ybraýymyň Hudaýy Reb! Sen meniň işimi oň et.
43 Ine, men guýynyň başynda durun. Guýudan suw çekmäge gelen gyzlardan birine: ‘Küýzäňdäki suwdan birazajyk içäýeýin’ diýenimde, ol maňa: ‘Al, iç, men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaýyn’ diýse, goý, ol meniň jenabymyň ogly üçin saýlan gyzyň bolsun“ diýdim.
45 Men heniz içimden edýän dilegimi soňlamankam, Rebeka egni küýzeli galadan suw almaga çykyp gelýärdi. Ol guýa baryp, ondan suw çekdi. Men oňa: „Maňa suw bersene“ diýdim.
46 Ol dessine küýzesini egninden düşürdi-de: „Al, iç. Men siziň düýeleriňizi-de suwa ýakaýyn“ diýdi. Şeýdip, men suw içdim, ol düýeleri-de suwa ýakdy.
47 Men ondan: „Sen kimiň gyzy?“ diýip soradym. Ol: „Men Nahoryň we Milkanyň ogly Betuweliň gyzydyryn“ diýip jogap berdi. Men oňa burun halkasy bilen bilezik berdim.
48 Soňra men baş egip, Rebbe sežde etdim. Yshak üçin jenabymyň garyndaşynyň gyzyny almaga göni ýol görkezen jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbi alkyşladym.
49 Indi siz öz jogapkärçiligiňizi berjaý ediň we meniň jenabyma wepaly boluň-da, maňa boljagyny ýa-da bolmajagyny aýdyň. Onsoň men näme etmelidigi barada belli karara gelerin».
50 Laban bilen Betuwel oňa şeýle jogap berdiler: «Bu Rebbiň işidir. Muny biz çözýän däldiris.
51 Rebeka şu ýerde, ony al-da gidiber. Goý, ol Rebbiň aýdyşy ýaly, seniň jenabyňyň ogluna aýal bolsun».
52 Ybraýymyň hyzmatkäri bu sözleri eşidip, Rebbe dyza çöküp sežde etdi.
53 Ol Rebeka altyndyr kümüş, şaý-sepler we geýimler çykaryp berdi, onuň ejesi bilen erkek doganyna-da gymmatbaha sowgatlar etdi.
54 Soňra Ybraýymyň hyzmatkäri öz ýanyndaky adamlar bilen iýip-içdi we olar gijäni şol ýerde geçirdiler. Irden turanlaryndan soň ol: «Indi meni ýola salyň, men öz jenabymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi.
55 Emma gyzyň ejesi bilen dogany: «Goý, Rebeka hiç bolmasa on gün ýanymyzda bolsun, onsoň gidibersin» diýdiler.
56 Ybraýymyň hyzmatkäri bulara: «Reb meniň işimi oň etdi. Siz meni eglemäň; maňa rugsat beriň, men öz jenabymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi.
57 Olar: «Gyzy çagyryp, onuň özünden sorap göreliň» diýdiler.
58 Olar Rebekany çagyryp, ondan: «Sen şu adam bilen gitjekmi?» diýip soradylar. Rebeka: «Hawa, gitjek» diýip jogap berdi.
59 Şunlukda, olar uýasy Rebekany, onuň enekesini, Ybraýymyň hyzmatkäri bilen onuň adamlaryny ugratdylar.
60 Olar Rebeka pata berip, şeýle diýdiler: «Eý, aýal doganymyz! Goý, senden müňläp-müňläp perzentler dünýä insin; Nesliň öz duşmanlarynyň galalaryny basyp alsyn!»
61 Rebeka bilen onuň gyrnaklary düýelere münüp, Ybraýymyň hyzmatkäriniň yzyna düşdüler. Ybraýymyň hyzmatkäri Rebekany alyp, ýola rowana boldy.
62 Bu wagt Yshak Beýer-lahaýroýdan gaýdyp gelip, Negep çöllüginde düşläpdi.
63 Ol bir gün agşam daşarda gezmelemäge çykdy. Yshak başyny galdyryp, birnäçe düýäniň gelýändigini gördi.
64 Rebeka Yshagy görüp, düýeden düşdi we Ybraýymyň hyzmatkärinden: «Biziň öňümizden gelýän adam kim?» diýip sorady. Hyzmatkär: «Ol meniň jenabym» diýip jogap berdi. Rebeka bürenjegini alyp, ýüzüni büredi.
66 Hyzmatkär başdan geçirenleriniň baryny Yshaga gürrüň berdi.
67 Yshak Rebekany ejesi Saranyň ýaşan çadyryna alyp bardy. Yshak Rebeka öýlendi we ony söýdi. Şeýdip, Yshak ejesiniň ölümi üçin çekýän hasratyndan köşeşdi. ‎




Chapter 25

1 Ybraýym ýene-de Keturah atly bir aýala öýlendi.
2 Keturah Ybraýyma Zimrany, Ýokşany, Medany, Midýany, Ýişbaky we Şuwany dogrup berdi.
3 Ýokşandan Şeba we Dedan doguldy. Dedandan aşurlar, latuşlar we lagumlar döredi.
4 Midýandan Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga doguldy.
5 Ybraýym özüniň ähli emlägini Yshaga berdi.
6 Emma gyrnak aýallaryndan bolan ogullaryna bolsa Ybraýym özi dirikä sowgatlar berip, olary Yshakdan aýryp, gündogar topragyna iberdi.
7 Ybraýym ýüz ýetmiş bäş ýyl ömür sürüp, garrap, öz durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy.
9 Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl, Ybraýymy Makpela gowagynda, het Soharyň ogly Epronyň mülkünde, Mamreniň gündogarynda ýerleşýän Ybraýymyň hetlerden satyn alan ýerinde jaýladylar. Şunlukda, Ybraýym bilen onuň aýaly Sara ikisi-de şol ýerde jaýlandy.
11 Ybraýym ölenden soň Hudaý onuň ogly Yshagy ýalkady. Yshak Beýer-lahaýroýyň golaýynda düşledi.
12 Ybraýymyň Saranyň müsürli gyrnagy Hajardan bolan ogly Ysmaýylyň nesilleri şulardyr.
13 Uludan kiçä Ysmaýylyň ogullarynyň atlary şunuň ýalydyr: Nebaýot (nowbahar ogly), Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş we Kedema.
16 Şular Ysmaýylyň nesilleriniň obalaryna we düşelgelerine görä atlarydyr. Olar on iki tirebaşydyrlar.
17 Ysmaýyl ýüz otuz ýedi ýyl ömür sürüp, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy.
18 Ysmaýylyň nesilleri Aşur tarapda, Müsüriň golaýynda, Hawyladan Şura çenli bolan aralykda ýaşadylar. Olar Ybraýymyň beýleki nesillerinden aýra ýaşadylar.
19 Ybraýymyň ogly Yshagyň nesilleri şulardyr.
20 Yshak Rebeka öýlenende, ol kyrk ýaşyndady. Rebeka Padanaramdaky aramly Betuweliň gyzy, aramly Labanyň aýal doganydy.
21 Rebekadan perzent önmeýärdi. Yshak aýaly üçin Rebbe dileg etdi. Reb Yshagyň dilegini eşitdi we Rebeka hamyla boldy.
22 Göwredäki ekiz çaga biri-biri bilen itekleşýärdi. Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» diýip, Rebden sorady.
23 Reb oňa şeýle jogap berdi: «Göwräňde iki millet bar, Senden iki bäsdeş halk dörär. Biri beýlekisinden rüstem çykar, Ulusy kiçisine gul bolar».
24 Wagty dolup, Rebeka ekiz ogul dogurdy.
25 Olaryň ilkinji doglanynyň ýüzi gyzyl we teni edil possun geýnen ýaly tüýlekdi. Oňa Ysaw diýip at goýdular.
26 Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy dünýä indi. Şonuň üçinem onuň adyna Ýakup dakdylar. Çagalar doglanda, Yshak altmyş ýaşyndady.
27 Oglanlar ulalyp, Ysaw ökde awçy we meýdan adamy, Ýakup bolsa ýuwaş hem öýdeçi adam bolup ýetişdi.
28 Yshak Ysawy söýýärdi, çünki Yshak onuň getirýän aw etlerini halaýardy. Rebeka bolsa Ýakuby söýýärdi.
29 Günleriň bir güni Ýakup çorba bişirip ýörkä, Ysaw gaty ýadaw hem aç halda meýdandan geldi.
30 Ol Ýakuba: «Gyzyl, şol gyzyl çorbaňdan maňa-da bersene. Men aç öldüm» diýdi. (Şol sebäpden hem oňa Edom diýip at dakdylar.)
31 Ýakup oňa: «Ilki öz nowbahar ogullyk hakyňy maňa sat» diýdi.
32 Ysaw: «Men açlygymdan ölüp barýaryn, nowbahar ogullyk haky meniň nämäme derkar» diýdi.
33 Ýakup oňa: «Onda ant iç» diýdi. Ysaw ant içip, öz nowbahar ogullyk hakyny Ýakuba satdy.
34 Ýakup Ysawa nan hem gyzyl nohut çorbasyny berdi. Ysaw iýip-içip bolandan soň, turup gitdi. Ine, şeýdip, Ysaw özüniň nowbahar ogullyk hakyna biperwaý garady. ‎




Chapter 26

1 Ýurda Ybraýymyň döwründäki ýaly başga bir açlyk düşdi. Yshak Gerara, piliştlileriň şasy Abymelegiň ýanyna gitdi.
2 Reb Yshaga görnüp, oňa şeýle diýdi: «Sen Müsüre gitmän, Meniň saňa görkezjek ýurdumda gelmişek bolup ýaşaber. Men seniň bilen bolaryn we seni ýalkaryn. Şu ýurdy tutuşlygyna Men saňa hem seniň nesilleriňe berjekdirin we ataň Ybraýyma eden wadamy ýerine ýetirjekdirin.
4 Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar. Ybraýymyň Maňa gulak asandygy, Meniň özüne beren buýruklarymy, tabşyryklarymy, düzgünlerimi we kanunlarymy ýerine ýetirendigi üçin, Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deýin köpelderin. Bu ýurdy tutuşlygyna Men seniň nesilleriňe bererin».
6 Şeýdip, Yshak Gerarda düşledi.
7 Ol ýeriň adamlary Yshakdan onuň aýaly hakynda soranda, ol «bu meniň aýalym» diýmäge gorkup, olara «bu meniň aýal doganym» diýdi. Yshak Rebeka sebäpli bu ýeriniň halky özüni öldürer öýdýärdi, çünki Rebeka juda owadandy.
8 Onuň bu ýerde ýaşap ýörenine esli wagt bolupdy. Bir gün piliştlileriň patyşasy Abymelek, Yshagyň aýaly Rebeka bilen oýnaşyp durandygyny penjireden gördi.
9 Abymelek Yshagy öz ýanyna çagyryp, oňa: «Bu seniň aýalyň ahyryn! Sen näme üçin oňa „aýal doganym“ diýdiň?» diýip sorady. Yshak Abymelege: «Ol meniň aýalym diýsem, men öldürilerin öýtdüm» diýip jogap berdi.
10 Abymelek oňa: «Näme üçin sen beýtdiň? Biziň adamlarymyzdan biri seniň aýalyňa ýanaşaýan bolsa, onda sen bizi günä goýardyň» diýdi.
11 Soňra Abymelek: «Şu adama ýa-da onuň aýalyna degeniň başy ölümlidir» diýip, tutuş halka duýduryş berdi.
12 Yshak ol ýurtda ekin ekip, şol ýylda hem ýüz esse artyk bugdaý hasylyny aldy, çünki Reb ony ýalkapdy.
13 Yshak gitdigisaýy baýap, döwletli adam boldy.
14 Onuň süri-süri ownukly-irili mallary we köp sanly hyzmatkärleri bardy. Şol sebäpli hem piliştliler Yshaga görübilmezçilik etdiler.
15 Kakasy Ybraýymyň öz döwründe gullaryna gazdyran ähli guýularyny piliştliler toprakdan dolduryp, gömüp taşladylar.
16 Onsoň Abymelek Yshaga: «Bu ýerden git, çünki sen bizden zor çykdyň» diýdi.
17 Yshak ol ýerden gidip, Gerar jülgesine baryp, şol ýerde çadyryny dikip, ornaşdy.
18 Yshak kakasy Ybraýymyň döwründe gazylyp, ol ölenden soň piliştliler tarapyndan gömlen guýulary täzeden gazyp, olary kakasynyň dakan atlary bilen atlandyrdy.
19 Emma Yshagyň gullary jülgede guýy gazyp, ol ýerde bir gözbaşyny tapanlarynda, Geraryň çopanlary «suw biziňki» diýip, Yshagyň çopanlary bilen dawalaşdylar. Şeýdip, Yshak guýyny Esek diýip atlandyrdy, çünki olar Yshak bilen bäsdeşlik etdiler.
21 Soňra olar başga bir guýy gazdylar. Ol-da dawaly boldy. Ol guýyny Yshak «Sitna» diýip atlandyrdy.
22 Yshak ol ýerden göçdi we ýene-de bir guýy gazdy, ýöne oňa dawa eden bolmady, şol sebäpden hem ol: «Ahyrsoňy, Reb bize giň meýdan berdi, indi biz bu ýurtda örňäris» diýip, soňky guýynyň adyna Rehobot dakdy.
23 Yshak ol ýerden Beýerşeba gitdi.
24 Şol gije Reb Yshaga görnüp: «Men seniň ataň Ybraýymyň Hudaýydyryn. Gorkma, Men seniň bilen biledirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi.
25 Yshak ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbiň adyna ybadat etdi. Şol ýerde çadyryny dikdi. Onuň gullary bolsa guýy gazdylar.
26 Onsoň Yshagyň ýanyna Gerardan Abymelek, Abymelegiň maslahatçysy Ahuzat hem onuň harby serkerdesi Pikol geldi.
27 Yshak olara: «Siz meni ýigrenip, öz ýurduňyzdan kowup goýberip, ýene meniň ýanyma gelýärmisiňiz?» diýdi.
28 Olar Yshaga şeýle jogap berdiler: «Rebbiň seniň bilen biledigine biziň gözümiz ýetdi. Şoňa görä biziň saňa ýagşylykdan başga hiç zat etmän, el gatman, seni parahatlyk bilen goýberişimiz ýaly, seniň-de bize ýamanlyk etmezligiň üçin özara ant içişip, şertnama baglaşaly diýdik. Indi Reb seni ýalkasyn».
30 Yshak myhmanlary hezzetledi. Olar iýip-içdiler.
31 Olar ir bilen turup, özara ant içişdiler. Yshak olary ugratdy. Myhmanlar Yshagyň ýanyndan razy bolup gaýtdylar.
32 Şol gün Yshagyň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip, öz gazan guýulary hakynda oňa gürrüň berdiler. Olar Yshaga: «Biz suw tapdyk» diýdiler.
33 Yshak guýa «Şeba» diýip at dakdy. Şoňa görä-de bu galanyň adyna şu günki güne çenli Beýerşeba diýlip gelinýär.
34 Ysaw kyrk ýaşyna ýetende, het Beýeriniň gyzy Ýehudyt we het Eýlonyň gyzy Bosmata öýlendi.
35 Bu gelinler Yshak bilen Rebekany janyndan doýurdylar. ‎




Chapter 27

1 Yshak garrap, gözden galypdy. Ol öz uly ogly Ysawy ýanyna çagyryp, oňa: «Oglum!» diýdi. Ysaw: «Näme, kaka?» diýdi.
2 Yshak: «Men indi garradym, haçan öljegim belli däl.
3 Indi sen aw enjamlaryňy – sagdakdyr ýaýyňy al-da, meýdana gidip, maňa aw awlap getir.
4 Ondan meniň halaýan tagamly naharymy bişirip ber; iýeýin-de, ölmezimden öň saňa pata bereýin» diýdi.
5 Yshagyň ogly Ysawa aýdan sözlerini Rebeka diňläp durdy. Ysaw meýdana awa gidende, Rebeka ogly Ýakuba şeýle diýdi: «Kakaň doganyň Ysawa:
7 „Aw awlap gel-de, ondan meniň halaýan tagamly naharymy bişirip ber; men ondan iýeýin-de, ölmezimden öň Rebbiň huzurynda saňa pata bereýin“ diýenini eşitdim.
8 Indi maňa gulak as-da, meniň tabşyrygymy ýerine ýetirgin, oglum. Git-de, sürüden iki sany semiz owlak getir, men olardan kakaňyň halaýan tagamly naharyny bişireýin.
10 Sen ony kakaňa iýmäge eltip berersiň, ol bolsa ölmezinden öň saňa pata berer».
11 Ýakup ejesine şeýle jogap berdi: «Doganym Ysaw tüýlek adam, meniň derim bolsa tekiz.
12 Eger kakam meni elläp göräýse, onda ol meniň özüni aldaýandygymy biler. Men pata almagyň deregine nälet galaryn».
13 Ejesi Ýakuba: «Şol nälet, goý, maňa gelsin, oglum. Sen maňa gulak as-da, gidip owlaklary getir» diýdi.
14 Şeýdip, Ýakup gidip, ejesine iki sany owlak getirip berdi. Ejesi Yshagyň halaýan tagamly naharyny bişirdi.
15 Soňra Rebeka uly ogly Ysawyň öýdäki gymmatbaha eşiklerini alyp, olary kiçi ogly Ýakuba geýdirdi.
16 Onuň ellerini we boýnunyň tüýsüz ýerlerini owlak derisi bilen örtdi.
17 Soňra Rebeka bişiren tagamly naharyny öz bişiren nany bilen bile ogly Ýakubyň eline tutdurdy.
18 Ýakup kakasynyň ýanyna gelip: «Kaka!» diýdi. Yshak: «Hawa! Sen kim, oglummy?» diýdi.
19 Ýakup kakasyna: «Men nowbahar ogluň Ysawdyryn. Men seniň aýdyşyň ýaly edendirin. Indi dik otur-da, getiren aw etimden iýip, maňa pata beräý» diýdi.
20 Yshak oglundan: «Awy nädip beýle çalt tapyp bildiň?» diýip sorady. Ýakup: «Seniň Hudaýyň Reb maňa tapmaga kömek etdi» diýip jogap berdi.
21 Yshak Ýakuba: «Golaýragyma süýş, oglum. Seni elläp göreýin, seniň, hakykatdan-da, oglum Ysawdygyňy ýa-da däldigiňi bir bileýin» diýdi.
22 Ýakup kakasy Yshagyň alkymyna bardy. Ol ogluny elläp gördi-de: «Ses Ýakubyň sesi, ýöne eller Ysawyň elleri» diýdi.
23 Ýakubyň elleri edil Ysawyňky ýaly tüýlek bolansoň, Yshak ony tanaman, oňa pata berdi.
24 Soňra Yshak ondan: «Sen, hakykatdan-da, meniň oglum Ysawmy?» diýip sorady. Ýakup: «Hawa, men şol» diýip jogap berdi.
25 Yshak oňa: «Oglum, aw etiňi getir, iýeýin-de, saňa pata bereýin» diýdi. Ýakup nahary onuň öňünde goýdy; Yshak iýdi, Ýakup şerap getirdi, Yshak içdi.
26 Yshak Ýakuba: «Gel, oglum, meni ogşa» diýdi.
27 Ýakup kakasynyň alkymyna baryp, ony ogşady. Yshak onuň geýimleriniň ysyny aldy we oňa pata berdi: «Ine, oglumyň bu ysy Rebbiň bereket beren Meýdanyň ysy ýalydyr.
28 Hudaý saňa Gögüň çygyndan, Mes toprakly ýerden, Bol galla hem şerap bersin.
29 Halklar saňa hyzmat etsinler, Il-uluslar saňa boýun egsinler. Baştutan bol sen öz doganlaryňa, Doganlaryň saňa boýun egsinler. Seni näletlän, näletlensin, Seni ýalkan, ýalkansyn!»
30 Yshak Ýakuba pata berip, Ýakup kakasynyň ýanyndan çykan dessine, dogany Ysaw awdan gaýdyp geldi.
31 Ol hem kakasyna tagamly nahar bişirip getirdi-de: «Kaka, dik otur-da, getiren aw etimden iýip, maňa pata ber» diýdi.
32 Yshak oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men seniň nowbahar ogluň Ysaw» diýip jogap berdi.
33 Yshak tutuş göwresi bilen saňňyldap: «Onda seniň öň ýanyňdan maňa aw etinden nahar bişirip getiren kimdi? Men naharyň baryny iýip, oňa pata berdim-ä. Ol indi pataly bolar!» diýdi.
34 Ysaw kakasynyň sözlerini eşidip, dady-perýat etdi. Ol kakasyna: «Eý, kaka, maňa-da pata ber, maňa-da!» diýip zarynlady.
35 Yshak oňa: «Saňa berilmeli patany doganyň aldy, ol meni aldan eken» diýdi.
36 Ysaw kakasyna: «Oňa Ýakup ady ýöne ýere dakylmandyr. Ol meni ikinji gezek aldady. Ol başda nowbahar ogullyk hakymy aldy, ine, bu gün bolsa ol maňa berilmeli patany aldy» diýdi. Onsoň Ysaw: «Sen maňa hiç pata saklamadyňmy?» diýip, kakasyna özelendi.
37 Yshak oňa: «Men ony saňa baştutan etdim, ähli doganlaryňy oňa hyzmatkär edip berdim. Oňa nandyr şerap berdim. Indi men saňa näme bereýin, oglum!» diýdi.
38 Emma Ysaw kakasyna: «Kaka, sende bary-ýogy ýeke pata barmydy näme, maňa-da pata ber-dä!» diýip, içigip-içigip aglady.
39 Kakasy Yshak oňa şeýle jogap berdi: «Seret, seniň mesgen tutjak ýeriňde gökden çyg düşmez, Ol mes toprakly ýerden daş bolar.
40 Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň, Doganyňa hyzmat edersiň. Wagt geler, garşylyk görkezersiň. Onuň zulmundan dynarsyň».
41 Kakasyndan alan patasy üçin Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi. Ol öz ýanyndan: «Kakamyň ölüm pursaty golaýlap gelýär. Kakamyň ýas güni geçenden soň, men Ýakuby öldürerin» diýip oýlanýardy.
42 Uly ogly Ysawyň sözleri Rebeka baryp ýetdi. Onsoň Rebeka kiçi ogly Ýakuby çagyrtdy-da, oňa şeýle diýdi: «Doganyň Ysaw senden ar almak üçin seni öldürmegiň küýüne düşüp ýör.
43 Indi maňa gulak as, oglum! Eglenme-de, Harana, meniň erkek doganym Labanyň ýanyna gaç!
44 Doganyň gahary ýatyşýança, eden işiň onuň ýadyndan çykyşýança, bir sellem şol ýerde ýaşa. Soň men adam iberip, seni ol ýerden özüm aldyraryn. Bir günüň içinde ikiňizden hem mahrum bolasym gelenok».
46 Soňra Rebeka Yshagyň ýanyna gelip, oňa: «Men Ysawyň het aýallaryndan halys irdim. Eger Ýakup şu het gyzlaryndan birine öýlenäýse, onda men nädip ýaşaryn?!» diýdi. ‎




Chapter 28

1 Yshak Ýakuby öz ýanyna çagyryp, oňa pata hem tabşyryk berip, şeýle diýdi: «Sen het gyzlaryna öýlenme!
2 Sen Padanarama, babaň Betuweliň öýüne git-de, şol ýerde daýyň Labanyň gyzlaryndan birine öýlen.
3 Goý, Gudratygüýçli Alla seni ýalkap, örňedip, köpeltsin. Goý, Ol senden ençeme halklar döretsin.
4 Hudaýyň Ybraýyma beren ýurduny özümiziň häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýurdumyzy eýelemegiň üçin, goý, Ol saňa we seniň nesilleriňe Ybraýyma beren patasyny bersin!»
5 Şondan soň Yshak Ýakuby iberdi. Ýakup Betuwel aramlynyň ogly, Ýakubyň we Ysawyň ejesi Rebekanyň dogany, Labanyň ýanyna Padanarama gitdi.
6 Yshagyň Ýakuba pata berip, Padanaramdan birine öýleneri ýaly, ony ol ýere iberendigini we «kengan gyzlaryna öýlenme!» diýip, Ýakuba tabşyryk berendigini we onuň kakasydyr ejesiniň sözüne gulak asyp, Padanarama gidendigini Ysaw eşitdi.
8 Ysaw Kengan gyzlaryny kakasynyň halamaýandygyny bilip, Ysmaýylyň ýanyna gitdi we beýleki aýallarynyň üstüne Ybraýymyň ogly Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Mahalata öýlendi.
10 Ýakup Beýerşebadan çykyp, Harana tarap gitdi.
11 Gün ýaşanda, ol bir ýerde düşledi. Ol bir daşy ýassyk edinip, şol ýerde ýatdy.
12 Ýakup düýşünde ýeriň üstünde ujy asmana ýetip duran bir merdiwan gördi. Hudaýyň perişdeleri şol merdiwan bilen ýokary çykyp, aşak düşüp ýörmüşler.
13 Merdiwanyň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb – Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin.
14 Seniň nesliň ýer ýüzüniň çägeleri kimin san-sajaksyz bolar. Olar gündogara, günbatara, demirgazyga hem-de günorta ýaýrarlar. Ýer ýüzüniň ähli halklary senden hem-de seniň nesilleriňden pata alarlar.
15 Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Saňa beren wadamy ýerine ýetirýänçäm, Men seni terk etmerin».
16 Ýakup oýanyp: «Hakykatdan-da, Reb şu ýerde. Men muny bilmändirin!» diýdi.
17 Ol gorkup: «Bu nähili gorkunç ýer! Bu Hudaýyň öýi, gögüň derwezesi» diýdi.
18 Ýakup daň bilen turdy we kellesiniň aşagyna goýup ýatan uly daşyny alyp, ony ýadygärlik hökmünde dikdi we onuň üstüne zeýtun ýagyny guýdy.
19 Ýakup bu ýere «Beýtel» diýip at dakdy. Bu galanyň öňki ady Luz.
20 Ol soňra ant içip, şeýle diýdi: «Eger Hudaý meniň ýene-de sag-aman atamyň öýüne dolanyp gelerim ýaly, meniň bilen bile bolup, meni ýolda gorap, maňa iýmäge nan, geýmäge eşik berse, onda Reb meniň Hudaýym bolar.
22 Ýadygärlik diken bu uly daşymy Hudaýyň öýi diýip hasaplaryn. Eý, Hudaý, Seniň maňa beren her bir zadyň ondan birini men Saňa bererin». ‎




Chapter 29

1 Soňra Ýakup ýoluny dowam etdirip, gündogar halkyň ýurduna geldi.
2 Ol başyny galdyranda, onuň gözi açyk meýdandaky bir guýa düşdi. Guýynyň başynda üç süri goýun ýatyrdy. Bu goýun sürüleri şol guýudan suwa ýakylýardy. Guýynyň agzynda ullakan bir daş bardy.
3 Çopanlar sürüleriň baryny guýynyň başyna ýygnanlaryndan soň, daşy aýryp, dowarlaryny suwa ýakardylar-da, ýene-de daşy guýynyň agzyna goýardylar.
4 Ýakup ol ýerdäki adamlardan: «Doganlar, siz nireden?» diýip sorady. Olar: «Biz haranly» diýdiler.
5 Ýakup olardan: «Siz Nahoryň agtygy Labany tanaýarmysyňyz?» diýip sorady. Olar: «Tanaýarys» diýdiler.
6 Ýakup ýene-de olardan: «Ol sag-salamatmydyr?» diýip sorady. Olar: «Hawa, ol sag-gurgundyr. Hanha, onuň gyzy Rahel dowaryny sürüp gelýär» diýdiler.
7 Soňra Ýakup: «Entek günortan çagy ahyryn; entek dowarlary ýygnardan ir; olary suwa ýakyň-da, äkidip bakyň» diýdi.
8 Olar: «Çopanlar sürüleri ýygnaýança, biz dowarlary suwa ýakyp bilmeris; guýynyň agzyndaky daş aýrylandan soň, dowarlary suwa ýakyp bileris» diýdiler.
9 Ýakup olar bilen gepleşip durka, Rahel kakasynyň dowarlaryny guýa getirdi. Rahel çopandy.
10 Ýakup Raheli öz daýysy Labanyň sürüsi bilen görende, ol guýynyň ýanyna bardy-da, onuň agzyndaky daşy aýryp, daýysy Labanyň dowarlaryny guýudan suwa ýakdy.
11 Soňra ol Raheli ogşap, içigip-içigip aglady.
12 Ýakup özüniň Raheliň kakasy bilen garyndaşdygyny, özüniň Rebekanyň ogludygyny Rahele aýtdy. Rahel ylgap gidip, kakasyna habar berdi.
13 Laban öz ýegeni Ýakubyň gelendigini eşidip, ylgap onuň öňünden çykdy. Ol Ýakuby gujaklap ogşady; ony öýüne alyp gaýtdy. Ýakup Labana bolup geçen wakalaryň hemmesini gürrüň berdi.
14 Laban oňa: «Sen meniň öz süýegim, öz tenimsiň» diýdi. Ýakup Labanyň öýünde bir aý ýaşandan soň,
15 Laban oňa: «Garyndaşym diýip, sen maňa şeýdip, mugt hyzmat etjek ýörjekmi? Saňa näçe zähmet hak tölemeli? Aýt!» diýdi.
16 Labanyň iki gyzy bardy. Ulusynyň ady Leýa, kiçisiniň ady bolsa Raheldi.
17 Leýanyň gözleri mylaýymdy, Rahel bolsa syratlydy we owadandy.
18 Ýakup Raheli söýdi. Ol Labana: «Kiçi gyzyň Rahel üçin men ýedi ýyl hyzmatyňy edeýin» diýdi.
19 Laban: «Ony başga birine berenden, saňa berenim gowudyr. Meniň ýanymda boluber» diýdi.
20 Ýakup Rahel üçin ýedi ýyllap Labanyň hyzmatyny etdi. Raheli juda söýýändigine görä, ýedi ýyl onuň üçin ýedi gün ýaly bolup geçip gitdi.
21 Bir gün Ýakup Labana: «Möhletim doldy, gelinligimi maňa ber, men onuň ýanyna gireýin» diýdi.
22 Şeýdip, Laban töwerek-daşyny çagyryp, toý tutdy.
23 Emma şol gije Laban Raheliň deregine, uly gyzy Leýany Ýakubyň ýanyna alyp bardy; Ýakup Leýa ýanaşdy.
24 (Laban hyzmatkäri Zilpany gyzy Leýa gyrnak edip beripdi.)
25 Daň atdy, ine, görse bu Leýa eken. Ýakup Labana: «Bu näme etdigiň boldy? Men saňa Rahel üçin hyzmat etmänmidim näme? Sen näme üçin meni aldadyň?» diýdi.
26 Laban oňa: «Ulusy otyrka, kiçisi durmuşa çykarylmaz. Bu biziň ilimiziň däbidir.
27 Bir hepdelik toý dabarasy geçsin, saňa Raheli-de bererin, ýöne onuň üçin ýene ýedi ýyl hyzmatymy etmeli bolarsyň» diýdi.
28 Ýakup Laban bilen ylalaşdy. Bir hepdelik toý dabarasy geçenden soň, Laban kiçi gyzy Raheli-de Ýakuba berdi.
29 (Laban hyzmatkäri Bilhany Rahele gyrnak edip beripdi.)
30 Ýakup Rahele hem ýanaşdy. Ol Raheli Leýadan artyk söýýärdi. Ol Labana ýene-de ýedi ýyl hyzmat etdi.
31 Reb Leýanyň söýülmeýändigini görüp, onuň ýatgysyny açdy. Rahelden bolsa çaga dogmaýardy.
32 Leýa hamyla bolup, bir ogul dogurdy. Ol oglana Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi.
33 Ol ýene-de hamyla boldy we bir ogul dogurdy. Ol: «Reb meniň söýülmeýändigimi eşidip, maňa bu ogly hem berdi» diýdi. Leýa oglunyň adyna Şimgon dakdy.
34 Leýa üçünji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol: «Adamym indi-ä meni söýse gerek, çünki men oňa üç ogul dogrup berdim» diýdi. Şol sebäpden hem ol üçünji oglunyň adyna Lewi dakdy.
35 Leýa ýene-de hamyla bolup, bir ogul dogurdy we: «Bu gezek men Rebbe alkyş aýdaryn» diýdi. Şoňa görä-de oglunyň adyna Ýahuda dakdy. ‎




Chapter 30

1 Rahel Ýakuba çaga dogrup bermändigini görende, ol öz aýal doganyna göriplik etdi. Ol Ýakuba: «Maňa-da çaga ber, ýogsam, men ölerin» diýdi.
2 Ýakubyň muňa gahary gelip: «Hudaý seni çagadan mahrum edýär. Men Hudaýmy näme?!» diýdi.
3 Rahel oňa: «Gyrnagym Bilha bilen ýat. Goý, ol maňa senden ogul dogrup bersin. Şeýdip, Bilhanyň üsti bilen men hem çagaly bolaýyn» diýdi.
4 Ol öz gyrnagy Bilhany Ýakuba aýallyga berdi; Ýakup onuň bilen ýatdy.
5 Bilha hamyla bolup, Ýakuba bir ogul dogrup berdi.
6 Onsoň Rahel: «Hudaý meni aklady, Ol, hakykatdanam, meniň dilegimi eşidip, maňa bir ogul berdi» diýip, oglanyň adyna Dan dakdy.
7 Raheliň gyrnagy Bilha ýene-de hamyla bolup, Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi.
8 Rahel: «Doganym bilen juda çynlakaý göreşdim we ýeňdim» diýip, oglunyň adyna Naftaly dakdy.
9 Leýa özüniň dogurmakdan galandygyna göz ýetirip, öz çorusy Zilpany Ýakuba aýallyga berdi.
10 Leýanyň çorusy Zilpa Ýakuba bir ogul dogrup berdi.
11 Leýa: «Meniňki şowuna boldy» diýip, oglunyň adyna Gat dakdy.
12 Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi.
13 Leýa: «Men bagtlydyryn! Gyzlar maňa bagtly diýerler» diýip, ikinji oglunyň adyna Aşer dakdy.
14 Bugdaý oragy döwründe bir gün Ruben ekin meýdanyna gitdi we ol ýerden mandragor köklerini tapdy. Ruben ony ejesi Leýa getirip berdi. Rahel Leýanyň ýanyna gelip, oňa: «Ogluňyň getiren mandragor köklerinden maňa-da ber» diýdi.
15 Leýa oňa: «Ärimi elimden alanyňy az görüp, indi oglumyň getiren mandragor köklerini-de alsam diýýärmiň?» diýdi. Rahel oňa: «Bolýar, mandragor kökleriniň deregine Ýakup şu gije seniň bilen ýataýsyn» diýdi.
16 Agşamara Ýakup meýdandan gaýdyp gelýärkä, Leýa onuň öňünden çykyp: «Sen bu gije meniň ýanyma gir. Oglumyň getiren mandragor kökleri bilen seniň şu gijelik kireýiňi töledim» diýdi. Ýakup şol gije Leýa ýanaşdy.
17 Hudaý Leýanyň dilegini eşitdi. Leýa göwreli bolup, Ýakuba bäşinji ogul dogrup berdi.
18 Leýa: «Bu – öz gyrnagymy adamyma berenim üçin, Hudaýyň maňa beren muzdudyr» diýip, oglanyň adyna Ysakar dakdy.
19 Leýa ýene göwreli bolup, Ýakuba altynjy ogul dogrup berdi.
20 Leýa: «Hudaý maňa ajaýyp sowgat etdi. Indi adamym maňa hormat goýar, çünki men oňa alty ogul dogrup berdim» diýip, altynjy oglunyň adyna Zebulun dakdy.
21 Ol soňra bir gyz dogurdy we onuň adyna Dina dakdy.
22 Hudaý Raheli ýatdan çykarmandy. Ol Raheliň dilegini eşidip, onuň ýatgysyny açdy.
23 Rahel göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Hudaý meniň aýybymy aýyrdy.
24 Goý, Reb maňa ýene-de ogul bersin!» diýip, onuň adyna Ýusup dakdy.
25 Ýusup doglandan soň, Ýakup Labana şeýle diýdi: «Meni goýber, men öz mekanyma, öz ýurduma gideýin.
26 Meniň saňa nähili hyzmat edendigimi seniň özüň bilýänsiň. Men aýallarymdyr çagalarym üçin zähmet çekdim. Şonuň üçin sen olary maňa ber. Indi men gideýin».
27 Laban oňa: «Men saňa bir zat aýdaýyn. Men Rebbiň özümi sen sebäpli bereketli edendigini pal üsti bilen bildim.
28 Saňa näçe tölemelidigini aýt, men tölärin» diýdi.
29 Şonda Ýakup oňa şeýle diýdi: «Meniň saňa nähili hyzmat edendigimi, dowarlaryňyň meniň döwrümde nähili köpelendigini sen özüň bilýänsiň.
30 Meniň gelmezimden öň, seniň dowarlaryň sany azdy, olar men gelenimden soň köpeldi. Meniň aýak basan ýerimde, Reb saňa bereket berdi. Indi men öz hojalygym üçin haçan işläýin?»
31 Laban oňa: «Men saňa näme bereýin?» diýdi. Ýakup: «Maňa hiç zat gerek däl. Eger sen meniň şu maslahatymy alsaň, onda men seniň dowarlaryňy ýene-de bakyp, olara göz-gulak bolaryn.
32 Şu gün sen ähli sürülere aýlanyp, tegmiltli ýa-da menekli goýunlary hem-de geçileri, gara guzulary sürüden aýyr. Olar meniň hyzmat hakym bolar.
33 Soň sen şol berenleriňi görmäge geleniňde, meniň dogruçyldygymy görersiň. Eger meniň sürimde tegmiltsiz ýa-da meneksiz geçiler we gara däl goýunlar tapylaýsa, şonda sen olary ogurlyk hasaplap bilersiň».
34 Laban: «Bolýar, goý, seniň diýşiň ýaly bolsun» diýdi.
35 Emma şol günüň özünde Laban ala-mula we menekli erkeçleriň, tegmiltli we menekli, şeýle hem ak gatyşygy bolan geçileriň ählisini we gara goýunlaryň baryny sürüden çykaryp, öz ogullarynyň gözegçiligine berdi.
36 Soňra Laban üç günlük ýola barabarlykda Ýakupdan arany açdy. Ýakup Labanyň beýleki galan sürüsini bakmagyny dowam etdirdi.
37 Ýakup derek, badam hem-de çynar agaçlarynyň öl çybyklaryny alyp, olaryň gabygyny ýol-ýol aýranda ak zolaklar peýda boldy.
38 Ol zolakly çybyklary dowarlaryň öňünde suw içýän nowalaryna salyp goýdy. Dowarlar nowalardan suw içmäge gelenlerinde, çybyklaryň öňünde goça gelip, bogaz boldular we ala-mula, tegmiltli hem-de menekli owlak-guzulary guzladylar.
40 Ýakup guzularyny aýry saklap, olary Labanyň ala-mula we gara dowarlarynyň garşysynda bakýardy. Şeýdip, Ýakup özüne süri edindi we ony Labanyň sürüsine goşmady.
41 Sagdyn dowarlar goça gelenlerinde, çybyklaryň öňünde goça gelerleri ýaly, Ýakup çybyklary hemişe olaryň öňünde nowalarda goýardy.
42 Hor dowarlar goça gelende bolsa Ýakup olaryň öňünde çybyk goýmaýardy. Şunlukda, sagdyn dowarlar Ýakubyňky, hor dowarlar Labanyňky bolýardy.
43 Şeýdip, Ýakup juda baýady. Indi onuň süri-süri dowarlary, gul-gyrnaklary, düýeleri hem eşekleri bardy. ‎




Chapter 31

1 Ýakup Labanyň ogullarynyň: «Ýakup biziň kakamyzyň ähli emlägine eýe boldy. Ol özüniň bütin baýlygyny kakamyzyň hasabyna gazandy» diýen gürrüňini eşitdi. Ýakup Labanyň hem özüne bolan garaýşynyň öňküsi ýaly däldigini gördi.
3 Onsoň Reb Ýakuba: «Ata-babaňyň mekanyna, öz garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men seniň bilen bile bolaryn» diýdi.
4 Şoňa görä Ýakup Rahel bilen Leýany meýdana, dowarlaryň ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Görýärin welin, kakaňyzyň maňa garaýşy öňküsi ýaly däl. Ýöne kakamyň Hudaýy meniň bilendir.
6 Kakaňyza meniň janymy aýaman hyzmat edendigimi siz bilýänsiňiz.
7 Kakaňyz bolsa meni aldap, zähmet hakymy on gezek üýtgetdi, ýöne Hudaý oňa maňa zelel ýetirmäge ýol bermedi.
8 Laban maňa: „Tegmiltli dowarlar seniň hakyň bolsun“ diýende, dowarlar uçdantutma tegmiltli guzulary guzladylar. Ol: „Ala-mula dowarlar seniň hakyň bolsun“ diýende bolsa, dowarlar uçdan-tutma ala-mula owlak-guzulary guzladylar.
9 Şeýdip, Hudaý kakaňyzyň dowarlaryny ondan alyp, maňa berdi.
10 Dowarlaryň höwre gelýän möwsüminde men bir düýş gördüm. Düýşümde çakyşýan tekelerdir geçiler diňe ala-mula, tegmiltli we hallymyş.
11 Şonda düýşümde Hudaýyň perişdesi maňa: „Ýakup!“ diýip ýüzlendi. Men Oňa: „Lepbeý!“ diýip jogap berdim.
12 Perişde: „Seret, çakyşýan tekelerdir geçiler diňe ala-mula, tegmiltli we hallydyr. Labanyň saňa edýän zatlarynyň ählisini Men gördüm“ diýdi.
13 Men Beýtel Hudaýydyryn. Sen ol ýerde bir uly daşyň üstüne zeýtun ýagyny guýupdyň we ant içipdiň. Indi sen bu ýurtdan git-de, öz dogduk mekanyňa dolan» diýdi.
14 Rahel bilen Leýa Ýakuba şeýle jogap berdiler: «Atamyzyň öýünde bize ne paý, ne-de miras bar.
15 Biz keseki hasaplanmaýasmy näme?! Çünki ol bizi satdy, biz üçin tölenen kümüşleri-de satyp iýdi.
16 Hudaýyň kakamyzyň elinden alan ähli baýlygy bize hem biziň çagalarymyza degişlidir. Indi sen Hudaýyň diýenini ýerine ýetir».
17 Şeýdip, Ýakup çagalarydyr aýallaryny düýelere mündürip, ähli mallaryny – Padanaramda toplan ähli mal-mülküni alyp, öz kakasy Yshagyň ýanyna – Kengan ýurduna tarap ýola düşdi.
19 Laban öz dowarlaryny gyrkmaga giden wagty, Rahel kakasynyň öý butlaryny ogurlady.
20 Ýakup bolsa özüniň bu ýerden gaçýandygyny Laban aramlydan gizlemek bilen ony aldawa saldy.
21 Şeýdip, Ýakup ähli emlägini alyp, ol ýerden gaçdy. Ol Perat derýasyndan geçip, Gilgat daglygyna tarap ýöneldi.
22 Üçünji gün Ýakubyň gaçandygy hakdaky habar Labana gelip ýetdi.
23 Laban garyndaşlaryny ýanyna alyp, ýedi günläp Ýakubyň yzyndan kowup, Gilgat daglygynda onuň yzyndan ýetdi.
24 Şol gije Hudaý Laban aramlynyň düýşünde oňa: «Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme» diýdi.
25 Laban Ýakubyň yzyndan ýetende, Ýakup daglykda öz çadyryny gurupdy. Laban hem öz garyndaşlary bilen Gilgat daglygynda öz çadyrlaryny gurdy.
26 Laban Ýakuba şeýle diýdi: «Bu näme etdigiň boldy? Näme üçin meni aldadyň we gyzlarymy söweşde ele salnan ýesirler ýaly edip alyp gaýtdyň?
27 Näme sebäpden sen gaýtjakdygyňy menden ýaşyrdyň? Men seni şady-horramlyk hem aýdym bilen, deprek we barbat bilen ugradardym.
28 Sen hatda maňa agtyklarymydyr gyzlarymy ogşamaga-da mümkinçilik bermediň. Sen akmaklyk etdiň.
29 Saňa ýamanlyk etmäge meniň güýjüm ýetýär. Emma seniň ataňyň Hudaýy öten agşam maňa: „Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme“ diýip tabşyrdy.
30 Bar, seniň gaýdanyň hiç diýeli. Men seniň ataň öýündäkileriň didaryna gaty zar bolandygyňy bilýärin. Ýöne meniň butlarymy ogurlap gaýtmaň näme?»
31 Ýakup Labana şeýle jogap berdi: «Gyzlaryňy elimden alarsyň öýdüp gorkdum.
32 Ýöne seniň butlaryňy ogurlap gaýdan diri galmaz. Garyndaşlarymyzyň gözüniň alnynda ähli goşlary barlap çyk-da, özüňe degişli näme tapsaň, al-da gidiber». Butlary Raheliň ogurlandygyndan Ýakup bihabardy.
33 Laban Ýakubyň, Leýanyň we iki gyrnagyň çadyryny barlady, ýöne butlary tapmady. Ol Leýanyň çadyryndan çykyp, Raheliňkä girdi.
34 Rahel butlary alypdy we olary düýäniň howdunyň aşagynda gizläp, özi-de onuň üstünde oturypdy. Laban çadyryň ähli ýerini barlap çykdy, ýöne olary tapmady.
35 Rahel kakasyna: «Kaka, seniň ýanyňda ýerimden turmaýanlygym üçin meni bagyşla, çünki häzir men görüm görýärin» diýdi. Laban hernäçe agtarsa-da, butlardan derek tapyp bilmedi.
36 Ýakup gaharlanyp, Labana şeýle diýdi: «Beýle yzarlaryň ýaly, meniň näme etmişim, näme günäm bar?
37 Sen meniň ähli zatlarymy dörüp çykdyň, emma öý goşlaryňdan, heý, tapan zadyň boldumy? Eger bir zat tapan bolsaň, hany, onda ony özüňiň we meniň garyndaşlarymyň öňünde goý, haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, olaryň özi çözsün.
38 Ine, ýigrimi ýyllap men seniňkide bolanymda, seniň goýunlaryňdyr geçileriň guzy ýa owlak düşüren däldir. Men seniň sürüleriňden ýekeje goç-da iýen däldirin.
39 Ýyrtyjy haýwanlaryň parçalan mallaryny men seniň ýanyňa getirip hem durmadym; men hemişe ýitenleri öz boýnuma aldym. Gündiz ogurlanandygy-da, gije ogurlanandygy-da belli bolmadyklary sen menden talap etdiň.
40 Gündiz jöwzadan, gije aňzakdan ejir çekerdim. Gijeleri çirim etmän geçirerdim.
41 Öýüňde ýaşan ýigrimi ýylym, ine, şeýle geçdi. Iki gyzyň üçin on dört ýyl, dowarlaryň üçin alty ýyl hyzmatyňy etdim. Emma sen meniň zähmet hakymy on gezek üýtgetdiň.
42 Eger atam Ybraýymyň Hudaýy we kakam Yshagyň Heder Edýäni meniň bilen bile bolmadyk bolsa, onda sen häzir hem meni boş kowup goýbererdiň. Hudaý meniň çeken ezýetlerimi hem zähmetimi görüp, öten agşam saňa duýduryş berdi».
43 Onsoň Laban Ýakuba: «Aýallaryň meniň gyzlarym, çagalaryň meniň çagalarym, dowarlaryň meniň dowarlarym. Ine, şu görýän zatlaryň ählisi meniňkidir. Ýöne men öz gyzlarymy hem olaryň çagalaryny yzyna alyp bilmen ahyryn.
44 Gel, ikimiz özara äht edişeli. Bu äht ikimize şaýat bolsun» diýdi.
45 Ýakup bir uly daşy aldy-da, ony dikdi.
46 Soňra ol öz garyndaşlaryna: «Daş toplaň» diýdi. Olar ýygnan daşlaryndan bir üýşmek ýasap, onuň gapdalynda naharlandylar.
47 Ol üýşmegi Laban Ýagar-sahaduta, Ýakup bolsa Galet diýip atlandyrdy.
48 Labanyň: «Şu daş depesi bize şaýat bolsun» diýendigine görä, ol ýere Galet diýen at galdy.
49 Bu uly daşa Mispa diýip at dakyldy, çünki Laban: «Biri-birimizden uzak düşen mahalymyz, Reb bizi gözden salmasyn» diýdi.
50 Laban Ýakuba ýene-de şeýle diýdi: «Eger gyzlaryma azar beräýseň ýa-da olaryň üstüne aýal alaýsaň, onda bilip goýgun, aralykda adam bolmasa-da, bize Hudaýyň Özi şaýatdyr. Ine, şu daş üýşmegi bilen şu dikme daş biziň ähtimize şaýatlyk etsin.
52 Biri-birimiziň tarapymyza ýaman niýet bilen geçmeli däldigimize, goý, ine, şu üýşmek bilen şu dikme daş şaýatlyk etsin.
53 Ybraýymyň Hudaýy we Nahoryň hudaýy (olaryň atalarynyň hudaýlary) biziň aramyzda höküm etsinler!» diýdi. Soňra Ýakup öz kakasy Yshagyň Heder Edýäninden ant içdi.
54 Ýakup dagyň üstünde gurbanlyk berip, garyndaşlaryny nahara çagyrdy. Olar naharlandylar we gije dagda ýatdylar.
55 Laban daň bilen turup, agtyklarydyr gyzlaryny ogşap, olara pata berip, öz mekanyna gaýtdy. ‎




Chapter 32

1 Ýakup öz ýoly bilen gidip barýarka, Hudaýyň perişdeleri ony garşylady.
2 Ýakup olary görüp: «Bu Hudaýyň düşelgesi» diýdi. Şeýdip, Ýakup ol ýeri Mahanaýym diýip atlandyrdy.
3 Ýakup Edom ýurdunyň Segir diýilýän ýerine, dogany Ysawyň ýanyna habarçy ýollap: «Meniň jenabym Ysawa şeýle diýiň» diýip, öz habarçylaryna şu sözleri aýtmaklygy buýurdy: «Seniň guluň Ýakup şeýle diýýär: „Men Labanyňkyda şu wagta çenli gelmişek bolup ýaşadym.
5 Men ençeme öküzli, eşekli, dowarly hem gul-gyrnakly boldum. Seniň göwnüňi taparym ýaly, men saňa habar ýollaýaryn“».
6 Habarçylar Ýakubyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar: «Biz seniň doganyň Ysawyň ýanyna bardyk. Ol seni garşylamaga gelýär. Onuň ýanynda dört ýüz adam bar» diýdiler.
7 Muny eşidip, Ýakup juda gorkdy. Ol öz ýanyndan: «Eger Ysaw bir toparyň üstüne çozup, ony basyp alaýanda-da, beýleki topar gutular» diýip, öz adamlaryny, ownukly-irili mallaryny hem düýelerini iki topara böldi.
9 Soňra Ýakup şeýle dileg etdi: «Eý, maňa: „Öz ýurduňa, öz dogan-garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men saňa ýagşylyk ederin“ diýen Rebbim, atam Ybraýym bilen kakam Yshagyň Hudaýy!
10 Men Seniň söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum.
11 Ýalbarýaryn, meni öz doganym Ysawyň elinden halas et! Men onuň gelip, biziň hemmämizi, çagalary hem olaryň ejelerini öldürerinden gorkýaryn.
12 Sen maňa: „Men saňa ýagşylyk ederin, seniň nesliňi deňiz ýakasyndaky san-sajaksyz çägeler deý köpelderin“ diýipdiň».
13 Ýakup ol gijäni şol ýerde geçirdi. Özünde bar bolan mallardan iki ýüz geçi bilen ýigrimi erkeji, iki ýüz goýun bilen ýigrimi goçy, otuz sany köşekli saglyk düýäni, kyrk sygyr bilen on öküzi we ýigrimi sany urkaçy eşek bilen on sany erkek eşegi öz dogany Ysawa sowgat etmek üçin saýlap aldy.
16 Ýakup olary aýry-aýry sürüler edip, öz gullarynyň öňüne saldy we olara: «Menden öňde ýöräň we her süriniň arasynda çäk saklaň» diýip tabşyrdy.
17 Ýakup olaryň ilkinjisine şeýle tabşyryk berdi: «Doganym Ysaw öňüňden çykyp: „Sen kimiň adamy? Ugruň nirä? Öňüňdäki süri kimiňki?“ diýip sorasa: „Bular guluň Ýakubyňky. Ýakup bulary öz jenaby Ysawa sowgat iberdi. Yzymyzdan onuň özi-de gelýär“ diýiň».
19 Ýakup ikinji, üçünji guluna, sürüleriň yzyna düşüp giden ähli gullaryna-da şol bir tabşyrygy berip: «Ysawa duşanyňyzda, hut şol bir sözleri aýdarsyňyz.
20 Şeýle hem siz: „Guluň Ýakup-da yzdan gelýär“ diýersiňiz» diýdi. Çünki Ýakup öz ýanyndan: «Şu öňden ugradýan sowgatlarym bilen men Ysawyň ýüregini ýumşadaryn. Soňra men onuň bilen ýüzbe-ýüz görşerin. Ol, belki, meni kabul eder» diýip oýlandy.
21 Şeýdip, Ýakup sowgatlary özünden öň iberip, şol gijäni düşelgede geçirdi.
22 Şol gije Ýakup turup, iki aýalyny, iki gyrnagyny hem-de on bir çagasyny alyp, Ýabok derýasynyň güzerinden geçdi.
23 Olary derýanyň aňyrsyna geçirenden soň, Ýakup ýanyndaky mal-mülkleriniň ählisini hem derýanyň aňyrsyna iberdi.
24 Ýakubyň ýeke özi galdy. Tä daň şapagy dogýança, bir kişi bilen göreş tutdy.
25 Ýakubyň baş bermeýändigini görensoň, ol kişi Ýakubyň uýlugynyň oýjugyna urup, onuň uýlugyny ýazdyrdy.
26 Ol Ýakuba: «Daň şapagy dogup gelýär, meni goýber!» diýdi. Ýakup oňa: «Tä maňa pata berýänçäň, men seni goýbermerin» diýdi.
27 Ol adam Ýakupdan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Ýakup» diýip jogap berdi.
28 Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.
29 Ýakup ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Meniň adymy näme üçin soraýarsyň?» diýip, şol ýerde Ýakuba pata berdi.
30 Ýakup ol ýeri «Peniýel» diýip atlandyrdy. Ýakup: «Çünki men Hudaýy ýüzbe-ýüz görübem, diri galdym» diýdi.
31 Ýakup Peniýelden çykyp barýarka, Gün dogdy. Ol uýlugyna deglendigi sebäpli agsaýardy.
32 (Ysraýyllar henize çenli uýlukdaky siňri iýmeýärler, çünki Hudaý Ýakubyň uýlugyndaky siňre degipdi.) ‎




Chapter 33

1 Ýakup töweregine seredip, Ysawyň dört ýüz adam bilen bile gelýändigini gördi. Şeýdip, ol çagalaryny Leýanyň, Raheliň we iki gyrnagynyň arasynda böldi.
2 Gyrnaklaryny öz çagalary bilen bile öňde, Leýany öz çagalary bilen bile olaryň yzyndan, Rahel bilen Ýusuby bolsa hemmesiniň yzyndan goýdy.
3 Ýakubyň özi bolsa tutuş maşgalasynyň öňüne düşüp, doganyna golaýlaşýança, oňa ýedi gezek iki bükülip tagzym etdi.
4 Emma Ysaw Ýakuba tarap ylgady; ol Ýakubyň boýnundan gujaklap, ony ogşady. Olar aglaşdylar.
5 Soňra Ysaw töweregine seredip, aýallary hem çagalary gördi. Ol: «Ýanyňdakylar kim?» diýip sorady. Ýakup Ysawa: «Bular Hudaýyň öz guluňa merhemet bilen beren çagalarydyr» diýip jogap berdi.
6 Onsoň gyrnaklar öz çagalary bilen, soňra Leýa öz çagalary bilen gelip, oňa tagzym etdiler. Iň soňundan bolsa Rahel bilen Ýusup gelip, oňa tagzym etdiler.
8 Ysaw Ýakupdan: «Men mal sürüsi bilen gelýän adamlara duşdum. Olary näme üçin iberdiň?» diýip sorady. Ýakup oňa: «Olary men sen jenabymyň göwnüni tapmak üçin iberdim» diýip jogap berdi.
9 Ysaw oňa: «Dogan, meniň özümiňki özüme ýeterlik, seniň öz zadyň özüňki bolsun» diýdi.
10 Şonda Ýakup oňa: «Ýok, beýtme. Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda sen meniň sowgatlarymy kabul et. Men seniň ýüzüňi görüp, hut Hudaýyň ýüzüni gören ýaly boldum. Sen meni açyk ýüz bilen garşy aldyň.
11 Iberen sowgatlarymy kabul et. Hudaý meni ýalkady. Mende hemme zat bar» diýdi. Şeýdip, Ýakup Ysawy sowgatlaryny kabul etmäge yrdy; Ysaw olary kabul etdi.
12 Soňra Ysaw Ýakuba: «Indi bu ýerden ugralyň, men siziň gapdalyňyzdan ýörärin» diýdi.
13 Ýakup oňa şeýle jogap berdi: «Çagalaryň näzikdigini, sagylýan ownukly-irili mallaryň maňa aladadygyny, meniň jenabym bilýändir. Eger dowarlary gaty gyssasak, olaryň bary haram öler.
14 Şoňa görä-de jenabym, sen öz guluňyň öňünden gidiber. Men mallaryň hem çagalaryň aýagyna ýöräp, howlukmanrak barybererin. Jenabym, seniň bilen Segirde duşuşarys».
15 Ysaw oňa: «Men hem öz adamlarymdan birnäçesini seniň ýanyňda galdyraýyn» diýdi. Emma Ýakup oňa: «Beýtmek näme gerek? Jenabym maňa eýýäm ýeterlik merhemet etdi» diýip jogap berdi.
16 Ysaw öňden gaýdyp, şol gün Segire tarap ýola düşdi.
17 Emma Ýakup Sukoda tarap gitdi. Ol ýerde özüne öý gurdy, mallaryna bolsa agyllar ýasady. Şol sebäpden-de ol bu ýeri «Sukot» diýip atlandyrdy.
18 Ýakup Padanaramdan Kengandaky Şekem galasyna sag-aman geldi. Ol galanyň eteginde düşledi.
19 Ýakup çadyryny diken ýerindäki bir bölek ýeri, Şekemiň atasy Hamoryň ogullaryndan ýüz teňňä satyn aldy.
20 Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl diýip atlandyrdy. ‎




Chapter 34

1 Leýanyň Ýakuba dogrup beren gyzy Dina ýerli halkyň gyzlaryny görmäge gitdi.
2 Bu ýurduň begi, hiwilerden bolan Hamoryň ogly Şekem Dinany görüp, ony tutdy, zorlap, namysyna degdi.
3 Şekem gyza ýürekden aşyk boldy. Ol gyzy söýdi we onuň göwnüni tapjak bolýardy.
4 Şekem kakasy Hamora: «Şu gyzy maňa alyp ber» diýdi.
5 Hamoryň oglunyň Dinany biabraý edendigini Ýakup eşitdi. Onuň ogullary bolsa meýdanda mallaryň üstündedi. Ýakup ogullary gelýänçe sesini çykarmady.
6 Ýakubyň ogullarynyň meýdandan gaýdyp gelýän wagty, Şekemiň kakasy Hamor Ýakup bilen gepleşmek üçin onuň ýanyna gitdi. Oglanlar bu habary eşidip, gazap donuny geýdiler. Çünki Şekem Ýakubyň gyzy bilen ýatyp, ysraýyl halkyny ile ryswa edipdi.
8 Hamor Ýakuba şeýle diýdi: «Meniň oglum Şekem siziň gyzyňyza ölemen aşyk. Gyzyňyzy meniň ogluma aýallyga beräýiň.
9 Garyndaşlyk açalyň, gyz alşyp-berşeliň.
10 Siz şu ýurtda biz bilen bile mesgen tutup, islän ýeriňizde ýaşap, söwda-satyk ediň we özüňize mülk ediniň».
11 Soňra Şekem söze goşulyp, Dinanyň kakasyna we doganlaryna şeýle diýdi: «Maňa merhemet ediň, onsoň men size islän zadyňyzy bererin.
12 Galyňmy, gymmatbaha serpaýlarmy, garaz, diliňiziň geplän zadyny men size bererin, maňa diňe şol gyzy aýallyga berseňiz bolýar».
13 Emma Ýakubyň ogullary öz uýalary Dinany biabraý eden Şekeme we onuň kakasyna mekirlik bilen jogap berdiler.
14 Olar şeýle diýdiler: «Uýamyzy sünnetsize bermeris. Bu biziň üçin namys bolar.
15 Diňe şu şert bilen ylalaşarys: siziň ähli erkekleriňiz biziň ýaly sünnetlensin.
16 Şeýtseňiz, onda biz siziň bilen gyz alşyp-berişmäge-de, siz bilen bile bir ýerde mekan tutmaga-da, bir halk bolmaga-da taýýardyrys.
17 Eger-de siz biziň sözümize gulak asyp, sünnetlenmeseňiz, onda gyzymyzy alyp gideris».
18 Bu şert Hamor bilen onuň ogly Şekeme ýarady.
19 Şekem bu işi eglemedi, çünki ol Ýakubyň gyzyny söýýärdi. Şekem maşgalada iň hormatlanýanydy.
20 Şekem bilen kakasy ikisi gala derwezesindäki duşuşyk geçirilýän ýere gelip, halka şeýle ýüzlendiler:
21 «Ol adamlar biziň dostlarymyzdyr. Goý, olar şu ýurtda mesgen tutup, söwda-satyk etsinler. Ýurdumyz giň ahyryn, ol bize-de, olara-da ýeter. Olar bilen gyz alşyp-berşeliň.
22 Bu adamlar diňe şu şert bilen – biziň ähli erkeklerimiziň özleri ýaly sünnetlenmek şerti bilen biziň aramyzda ýaşap, biziň bilen bir halk bolmaga razylaşarlar.
23 Olar bilen razylaşalyň, goý, olar biziň bilen bile otursynlar. Onsoň olaryň ähli mallary we mal-mülkleri biziňki bolar!»
24 Hamor bilen onuň ogly Şekemiň sözüni kabul edip, galanyň ähli erkekleri sünnetlendiler.
25 Üç gün geçipdi. Erkekler heniz sünnetiň yzasyny çekýärdiler. Ýakubyň iki ogly, Dinanyň agalary Şimgon bilen Lewi gala duýdansyz hüjüm edip, ol ýerdäki erkekleriň ählisini uçdantutma gylyçdan geçirdiler.
26 Hamor bilen onuň ogly Şekemi-de öldürip, Dinany Şekemiň öýünden alyp gaýtdylar.
27 Ýakubyň beýleki ogullary öldürilenleriň ýanyna geldiler we öz uýalarynyň biabraý edilendigi üçin galany taladylar.
28 Olar ownukly-irili mallary, eşekleri, galanyň içindäki hem meýdandaky ähli zatlary we olaryň ähli baýlyklaryny olja aldylar; aýallaryny we oglan-uşaklaryny ýesir aldylar we öýlerindäki bar zatlary taladylar.
30 Ýakup Şimgon bilen Lewä: «Siz bu ýurduň ilaty bolan kenganlardyr perizleri maňa duşman edip, başymy bela sokduňyz. Biz azlyk edýändiris. Olar bize garşy baş göterip, meni bütin hojalygym bilen bilelikde gyrgyna bererler» diýdi.
31 Ogullary Ýakuba: «Uýamyza jelep hökmünde garalmaklyga ýol berip bolmaz ahyryn» diýdiler. ‎




Chapter 35

1 Hudaý Ýakuba: «Beýtele git-de, şol ýerde mesgen tut. Doganyň Ysawdan gaçyp barýarkaň, özüňe görnen Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasa» diýdi.
2 Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň.
3 Geliň, Beýtele gideliň. Ol ýerde hasratly günümde maňa kömek eden we giden ýerimde meniň bilen bolan Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasaýyn» diýdi.
4 Şondan soň olar öz keseki hudaýlaryny we gulakhalkalaryny Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň aşagynda gizledi.
5 Soňra olar ýola düşdüler. Ýakubyň ogullaryny hiç kim yzarlamaz ýaly, töwerekdäki galalaryň ählisiniň ilatyny Hudaýyň gorkusy gaplady.
6 Ýakup öz adamlary bilen Kengandaky Luza, ýagny häzirki Beýtele geldi.
7 Ýakup ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ol ýeri «Beýteliň Hudaýy» diýip atlandyrdy, çünki Ýakup doganyndan gaçyp barýarka, şol ýerde oňa Hudaý görnüpdi.
8 Rebekanyň enekesi Debora aradan çykdy we ol Beýteliň golaýyndaky dub agajynyň düýbünde jaýlandy. Şeýdip, bu agaç Alon-bakut diýlip atlandyryldy.
9 Ýakup Padanaramdan gaýdyp gelenden soň, Hudaý Ýakuba ýene-de görnüp, oňa pata berdi.
10 Hudaý Ýakuba: «Seniň adyň häzir Ýakup, ýöne mundan beýläk seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şeýdip, Ol onuň adyna Ysraýyl dakdy.
11 Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Alladyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar millet dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar.
12 Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi.
13 Hudaý Ýakup bilen sözleşen Ybraýymyň ýanyndan ýokary göterildi.
14 Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerinde uly daş dikdi we onuň üstüne içgi sadakasyny hem-de zeýtun ýagyny dökdi.
15 Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerini Beýtel diýip atlandyrdy.
16 Olar Beýtelden ugradylar. Eprat welaýatyna ýetmäge sähel menzil galanda, ýolda Raheliň çagasynyň bolmaly pursaty gelip, ony agyr burgy tutup ugrady.
17 Agyr burgy tutýarka, göbek ene oňa: «Gorkma, ine, seniň munyň-da ogul!» diýdi.
18 Jany çykyp barýan Rahel ogluna Benony diýip at dakdy. Ýöne kakasy onuň adyna Benýamin goýdy.
19 Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Eprata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy.
20 Ýakup Raheliň guburynyň üstünde bir uly daş dikdi. (Şol daş Raheliň guburynyň üstünde şu güne çenli hem dur.)
21 Ysraýyl ýene ýoluny dowam etdirdi. Ol Eder diňiniň aňyrsynda öz çadyryny dikdi.
22 Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun;
24 Onuň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin;
25 Onuň Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan, Naftaly;
26 Onuň Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gat, Aşer. Bu Ýakubyň Padanaramda doglan ogullarydy.
27 Ýakup Ybraýym bilen Yshagyň gelmişek bolup ýaşan ýeri bolan Mamra, ýagny Kyrýatarba (Hebrona) kakasy Yshagyň ýanyna geldi.
28 Yshak ýüz segsen ýyl ömür sürdi.
29 Ol garrap dünýäden ötüp, ata-babalaryna gowuşdy. Ogullary Ysaw bilen Ýakup ony jaýlady. ‎




Chapter 36

1 Ysawyň, ýagny Edomyň nesilleri şulardyr.
2 Ysaw Kengan gyzlaryna öýlendi. Ol het Eýlonyň gyzy Ada, hiwi Sibgonyň ogly, Ananyň gyzy Oholybama hem-de Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Bosmata öýlendi.
4 Ada Ysawa Elipazy, Bosmat Reguwaly,
5 Oholybama bolsa Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi. Ine, şular Ysawyň Kengan ýurdundaka doglan ogullarydyr.
6 Ysaw aýallaryny, ogul-gyzlaryny, hojalygyndakylaryň ählisini, mallaryny hem-de Kenganda gazanan ähli emlägini alyp, dogany Ýakubyň ýanyndan aýrylyp, başga ýere gitdi.
7 Olaryň maly juda köpdi. Şeýle bolansoň, olar bir ýerde ýaşap biljek däldiler, olaryň dowarlaryna öri darlyk edýärdi.
8 Ysaw, ýagny Edom Segir daglygynda ýaşady.
9 Segir daglygyndaky edomlaryň atasy bolan Ysawyň nesilleri şulardyr.
10 Olaryň atlary şeýledir: Ysawyň aýaly Adadan bolan ogly Elipaz, Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogly Reguwal.
11 Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Gatam we Kenaz.
12 (Timna Ysawyň ogly Elipazyň gyrnak aýalydy. Ol Elipaza Amalegi dogrup berdi.) Şular Ysawyň aýaly Adadan bolan ogullarydyr.
13 Reguwalyň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza. Bular Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogullarydyr.
14 Ysawyň aýaly, Sibgonyň ogly, Ananyň gyzy Oholybama Ysawa şu ogullary: Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi.
15 Ysawyň nesillerinden dörän urugbaşylar şulardyr: Ysawyň nowbahar ogly Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Kenaz, Kora, Gatam we Amalek. Şular Elipazyň Edom ýurdundaky ogullarydyr; olar Ysawyň Adadan bolan ogullarydyr.
17 Ysawyň ogly Reguwalyň ogullary şulardyr: urugbaşylar Nahat, Zera, Şamma, Miza. Bular Reguwalyň Edom ýurdundaky ogullarydyr. Olar Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogullarydyr.
18 Ysawyň aýaly Oholybamadan bolan ogullary: Ýeguş, Ýalam, Kora. Bular Ysawyň Ananyň gyzy Oholybamadan bolan ogullarydyr.
19 Bularyň hemmesi Ysawyň ýagny Edomyň ogullarydyr.
20 Hory Segiriň ogullary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Ezer, Dişan. Olar ýurduň ýaşaýjylarydyr we horlaryň urugbaşylarydyr. Bular Segiriň Edom ýurdundaky ogullarydyr.
22 Lotanyň ogullary şulardyr: Hory, Heýman. Timna Lutuň aýal doganydy.
23 Şobalyň ogullary: Alwan, Manahat, Eýbal, Şepo, Onam.
24 Sibgonyň ogullary: Aýa, Ana (bu şol kakasynyň eşeklerini bakyp ýörkä, çölde gyzgyn suwly çeşmeleri tapan Anadyr).
25 Ananyň çagalary: Dişon we gyzy Oholybama.
26 Dişonyň ogullary: Hemdan, Eşban, Ýitran, Keran.
27 Ezeriň ogullary: Bilhan, Zagawan, Akan.
28 Dişanyň ogullary: Us, Aran.
29 Segir ýurdundaky uruglaryna görä hory urugbaşylary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Ezer, Dişan.
31 Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öňki Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr.
32 Begoryň ogly Bala Edomda patyşalyk etdi. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabadyr.
33 Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.
34 Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.
35 Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap topragynda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy.
36 Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy.
37 Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Perat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul tagta çykdy.
38 Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy.
39 Akboryň ogly Bagalhanan dünýäden ötüp, onuň ýerine Hadar patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Pagudyr. Meýzahabyň agtygy, Matrediň gyzy Meheýtabel onuň aýalydyr.
40 Uruglary, ýurtda mesgen tutýan ýerleri hem atlary boýunça Ysawdan dörän Edom urugbaşylary şulardyr: Timna, Alwa, Ýetet, Oholybama, Ela, Pinon, Kenaz, Teýman, Mibsar, Magdyýel, Iram. Bu uruglaryň hemmesi Ysawdan dörediler. ‎




Chapter 37

1 Ýakup öz kakasynyň gelmişek bolup mesgen tutan ýurdy bolan Kenganda ýaşaýardy.
2 Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. On ýedi ýaşly bolan Ýusup, öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile süri bakýardy. Ýusup doganlarynyň eden işlerini kakasyna şugullaýardy.
3 Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan has gowy görerdi, çünki ol Ýakubyň garran wagty doglupdy. Ýakup oňa aýratyn don tikipdi.
4 Ýusubyň doganlary öz kakalarynyň Ýusuby özlerinden has ileri tutýandygyny gördüler. Şoňa görä-de olar Ýusuby ýigrenerdiler we olaryň Ýusup bilen sözleri alyşmazdy.
5 Bir gün Ýusup düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berende, olar Ýusuby öňkülerindenem beter ýigrendiler.
6 Ýusup olara şeýle diýdi: «Diňläň, men şeýle düýş gördüm.
7 Biz ekin meýdanynda desse bogýarmyşyk. Birdenkä meniň dessäm ýerinden galyp, dikelip durýarmyşyn; siziň desseleriňiz bolsa onuň daşyna aýlanyp, oňa baş egýärmişler».
8 Doganlary Ýusuba: «Bäh, sen biziň üstümizden hökümdarlyk edäýermikäň, bizi dolandyraýarmykaň?» diýdiler. Şeýdip, olar Ýusuby düýşi hem-de özleri barada aýdan sözleri üçin has-da beter ýigrendiler.
9 Ýusup ýene bir düýş gördi we ol ony-da doganlaryna gürrüň berdi. Ol: «Men ýene bir düýş gördüm. Onda Gün, Aý hem-de on bir sany ýyldyz maňa baş egýärmişler» diýdi.
10 Ýusup muny kakasyna-da, doganlaryna-da gürrüň berdi. Kakasy oňa käýäp: «Bu nähili düýş boldugy? Bäh, men, ejeň, doganlaryň hemmämiz saňa iki bükülip tagzym etmeli bolaýarmykak?» diýdi.
11 Şeýdip, doganlary Ýusuba gabanjaňlyk edýärdiler, ýöne bu sözler onuň kakasyny oýa batyrdy.
12 Bir gün Ýusubyň doganlary kakalarynyň dowarlaryny bakmaga Şekeme giden wagtlarynda, Ysraýyl Ýusuba: «Doganlaryň Şekemde dowarlary bakyp ýörler. Sen olaryň ýanyna gidip gel» diýdi. Ýusup: «Bolýar, gidäýerin» diýdi.
14 Ýakup Ýusuba: «Git-de, doganlaryňdan habar al. Janlary sagmyka, dowarlar tükelmikä, bilip gel» diýip, ony Hebron deresiniň içi bilen ugratdy. Ýusup Şekeme geldi.
15 Meýdanda ondan-oňa aýlanyp ýörkä, oňa bir adam duşup: «Näme ideýärsiň?» diýip sorady.
16 Ýusup: «Doganlarymy ideýärin. Aýtsana, olar mallaryny nirede bakýarkalar?» diýdi.
17 Ol adam: «Olar bu ýerden gitdiler, men olaryň: „Dotana gideliň“ diýenlerini eşitdim» diýdi. Ýusup doganlarynyň yzyndan gidip, olary Dotandan tapdy.
18 Doganlary Ýusuby uzakdan görüp, heniz ýakynlaşmanka, ony öldürmegiň kastyna çykdylar.
19 Olar biri-birlerine: «Hanha, düýşüň ussady gelýär.
20 Geliň, ony öldürip, şu gurruk guýylaryň birine taşlalyň-da, ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Onsoň göreli-bakaly, onuň düýşleri çyn bolup çykaýarmyka!» diýişdiler.
21 Muny Ruben eşidip: «Ýok, ony öldürmäliň» diýip, Ýusuby halas etmäge çalyşdy.
22 Ýusuby bularyň elinden halas etmek we ony sag-aman yzyna, kakasynyň ýanyna ibermek üçin, Ruben olara: «Ony şu çöldäki guýa taşlaň, ýöne oňa el gatyp, ganyna galaýmaň!» diýdi.
23 Ýusup doganlarynyň ýanyna gelende, olar onuň egnindäki aýratyn donuny sypyrdylar-da, Ýusuby gurruk guýa taşladylar.
25 Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar, melhem hem-de ladan ýüklenendi. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar.
26 Ýahuda doganlaryna: «Doganymyzy öldürip, ganhorlugymyzy gizlänimiz bilen gazanýan zadymyz näme?!
27 Geliň, ony ysmaýyllara satalyň, goý, ol biziň elimizden jebir çekmesin, ol biziň jan ýaly doganymyzdyr, öz süýegimizdir» diýdi. Doganlary Ýahuda gulak asdylar.
28 Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler.
29 Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.
30 Ol doganlarynyň ýanyna baryp: «Oglan ýok, indi men nädeýin!» diýdi.
31 Onsoň olar bir erkeji soýup, Ýusubyň donuny onuň ganyna buladylar.
32 Olar Ýusubyň aýratyn donuny kakalarynyň ýanyna eltip: «Biz bu dony tapdyk, seret, bu seniň ogluňyň don-a däldir-dä?» diýdiler.
33 Ýakup dony tanap: «Bu oglumyň dony! Ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir; Ýusup şek-şübhesiz parçalanypdyr» diýip aglady.
34 Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy.
35 Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen olüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi.
36 Şol arada midýanlar Ýusuby Müsürde fyrownyň janpenalarynyň baştutany Potypara satypdylar. ‎




Chapter 38

1 Şol wagtlar Ýahuda öz doganlaryndan aýrylyp, adullamly Hira diýen biriniň ýanyna gidip, şol ýerde ornaşdy.
2 Ýahuda ol ýerde Şuga diýen bir kenganlynyň gyzy bilen tanşyp, öýlenip, oňa ýanaşdy.
3 Aýal göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ýahuda onuň adyna Er dakdy.
4 Onuň aýaly ikinji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol oglanyň adyna Onan dakdy.
5 Ol soňra ýene-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Şela dakdy. Aýaly soňky ogluny dogranda, Ýahuda Kezipdedi.
6 Ýahuda nowbahar ogly Eri Tamar diýen gyza öýerdi.
7 Emma Ýahudanyň nowbahar ogly Eriň Öz nazarynda pisdigi üçin Reb ony öldürdi.
8 Ýahuda Onana: «Doganyňyň nesliniň ýitip gitmezligi üçin sen öz gelnejeňe ýanaşmaga borçlusyň» diýdi.
9 Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi.
10 Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin Reb ony öldürdi.
11 Ýahuda gelni Tamara: «Sen ataň öýüne git-de, oglum Şela ýigit çykýança, ol ýerde dullugyňa ýaşaber» diýdi. Çünki Ýahuda Şela-da beýleki iki dogany ýaly öler öýdüp gorkýardy. Şeýdip, Tamar atasy öýüne gitdi.
12 Esli wagtdan soň Şuganyň gyzy, Ýahudanyň aýaly hem aradan çykdy. Aýalynyň matamy sowlansoň, Ýahuda dosty adullamly Hira bilen öz gyrkymçylarynyň ýanyna Timna gitdi.
13 Tamara: «Gaýynataň dowarlaryny gyrkdyrmaga Timna gidýär» diýip habar berdiler.
14 Ol dulluk geýimini çalşyryp, ýüzüni büräp, daşyna örtgi oranyp, Timna gidilýän ýoluň ugrundaky Eýnaýymyň derwezesiniň agzynda oturdy. Çünki Tamar Şelanyň ýigit çykandygyny bilýärdi, emma ol heniz Şela berilmändi.
15 Ýahuda ony gördi we ýüzi örtülgi bolansoň, ol jelepdir öýtdi.
16 Ýahuda bu aýalyň öz gelnidiginden bihabar bolansoň, oňa tarap öwrülip: «Meniň bilen ýatjakmy?!» diýdi. Ol Ýahudadan: «Eger seniň bilen ýataýsam, sen maňa näme berersiň?» diýip sorady.
17 Ýahuda ol aýala: «Öz sürimden bir owlak ibererin» diýip jogap berdi. Ol Ýahuda: «Owlagy iberýänçäň, girew goýup bilermiň» diýdi.
18 Ýahuda ondan: «Saňa girew hökmünde näme bereýin?» diýip sorady. Ol aýal: «Boýnuňdan asylýan möhüriňi gaýyşy bilen hem-de eliňdäki hasaňy ber» diýdi. Şeýdip, Ýahuda bulary oňa berip, onuň bilen ýatdy. Şunlukda, ol aýal ondan göwreli boldy.
19 Aýal öýüne gidip, bürenjegini aýryp, ýene-de dulluk geýimini geýdi.
20 Ýahuda girewine goýan zatlaryny ol aýaldan almak üçin, adullamly dostundan oňa bir owlak iberdi, ýöne ony tapmady.
21 «Eýnaýymda, ýoluň ugrunda azgyn aýal otyrdy, şol niredekä?» diýip, ol ýerli adamlardan sorady. Emma oňa: «Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy» diýip jogap berdiler.
22 Ol Ýahudanyň ýanyna dolanyp geldi we oňa: «Men ony tapmadym, ýerli adamlar hem: „Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy“ diýýärler» diýdi.
23 Ýahuda: «Biziň üstümizden gülmezleri ýaly, goý, ol zatlar şonuňky bolsun. Men owlagy iberdim, ýöne sen ol aýaly tapyp bilmediň» diýdi.
24 Üç aýa golaý wagt geçenden soň, oňa: «Gelniň Tamar jelepçilige ýüz urup, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Ýahuda: «Ony daşary çykaryň-da, ýakyň» diýdi.
25 Tamary daşary çykaranlarynda, ol gaýynatasyna şu habary ýollap: «Men, ine, şu möhüriň, gaýyşyň hem-de hasanyň eýesinden göwreli boldum. Seret-de, bulary tanap, olaryň kimiňkidigini bil!» diýip, girewine alan zatlaryny gaýynatasyna iberdi.
26 Ýahuda öz zatlaryny tanap, şeýle diýdi: «Ol maňa görä mamla. Men ony oglum Şela daksam boljak ekeni». Şondan soň, Ýahuda hiç haçan Tamar bilen ýatmady.
27 Wagty-sagady dolup, dogurmaly pursaty gelende, Tamaryň göwresinde ekiz çaganyň bardygy mälim boldy.
28 Ol dogranda, ilki bir çaganyň eli çykdy. Göb ekene «Şu öň doguldy» diýip, çaganyň goşaryna gyrmyzy sapak daňdy.
29 Ýöne çaga elini ýene yzyna çekip aldy we onuň inisi ilki doguldy. Göb ekene: «Sen nädip zor bilen çykdyň?» diýdi. Şol sebäpden hem onuň adyna Peres dakyldy.
30 Soňra eli gyrmyzy sapakly çaga doguldy. Onuň adyna Zera goýuldy. ‎




Chapter 39

1 Ysmaýyllar Ýusuby Müsüre getirip, fyrownyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar.
2 Reb Ýusup bilen biledi. Ýusubyň işleri oňuna boldy; ol müsürli jenabynyň öýünde ýaşaýardy.
3 Müsürli jenap Ýusubyň ähli işlerine Rebbiň kömek edýändigine we Onuň Ýusuba ähli işinde üstünlik berýändigine göz ýetirdi.
4 Şeýdip, Ýusup jenabynyň göwnüni tapyp, oňa hyzmat etdi. Ol Ýusuby bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip belläp, öz eýeçiligindäki ähli zatlary onuň ygtyýaryna berdi.
5 Şondan soň Reb Ýusubyň hatyrasy üçin bu müsürliniň bütin hojalygyna we onuň öýündäki hem meýdandaky ähli mal-mülküne bereket berdi.
6 Potypar ähli mal-mülküni Ýusubyň ygtyýarlygyna berdi. Ol indi öz damagyndan başga zada baş galdyrmaýardy. Ýusup boý-syratly, juda görmegeý ýigitdi.
7 Aradan birnäçe wagt geçenden soň, oňa Potyparyň aýalynyň göwni gidip: «Meniň bilen ýat» diýdi.
8 Emma Ýusup mundan boýun gaçyryp, şeýle diýdi: «Jenabym öýüň hiç bir zady üçin baş galdyrmaýar. Ol öz eýeçiligindäki bar zatlary meniň baştutanlygyma berdi.
9 Şu hojalykda meniň ygtyýarym onuňkydan ýokarydyr. Ol hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!»
10 Potyparyň aýaly Ýusuby özi bilen ýatmaga her gün yrjak bolsa-da, ol oňa gulak asmady.
11 Bir gün Ýusup öz işi bilen öýe girdi. Öýde hyzmatkärleriň hiç biri ýokdy.
12 Potyparyň aýaly onuň eşiginden tutdy-da: «Meniň bilen ýat» diýdi. Emma Ýusup eşigini onuň elinde galdyryp, gaçyp daşary çykdy.
13 Ýusubyň eşigini elinde galdyryp gaçandygyny gören aýal hyzmatkärlerini çagyryp, olara: «Görseňizläň, meniň ärim bu ýewreýi bizi biabraý etmek üçin getiripdir. Ol meniň bilen ýatjak bolup, otagyma geldi, men sesimiň ýetdiginden gygyrdym.
15 Şonda ol eşigini ýanymda taşlap, daşary gaçyp gitdi» diýdi.
16 Soňra ol Ýusubyň jenaby gelýänçä, onuň eşigini öz ýanynda saklady.
17 Ol Ýusubyň jenabyna-da öz hyzmatkärlerine aýdan sözlerini gaýtalady: «Seniň getiren ýewreý guluň meni biabraý etmek üçin otagyma geldi. Gykylyk turzanymy görüp, ol eşigini ýanymda taşlap gaçyp gitdi».
19 Aýalynyň: «Guluň meni, ine, şeýtdi» diýen sözlerini eşidensoň, jenabyň gany depesine urdy.
20 Ol Ýusuby tutup, patyşanyň tussaglarynyň saklanýan zyndanyna saldy. Şeýdip, Ýusup zyndanda oturdy.
21 Ýöne Reb Ýusup bilen bolup, oňa merhemet etdi. Ýusup zyndanyň başlygynyň göwnünden turdy.
22 Zyndanyň başlygy ol ýerdäki tussaglaryň ählisini Ýusubyň eline berdi. Ýusup zyndanyň ähli işi üçin jogapkärçilik çekdi.
23 Zyndanyň başlygy Ýusubyň garamagyndaky zatlaryň hiç biri bilen gyzyklanmaýardy, çünki Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi. ‎




Chapter 40

1 Birnäçe wagtdan soň, Müsür patyşasynyň baş sakysy bilen baş nan bişirijisi patyşanyň göwnüne degdiler.
2 Bu ikisine fyrownyň gahary geldi.
3 Ol bulary janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndanda, Ýusubyň saklanýan zyndanyna saldy.
4 Janpenalaryň baştutany Ýusuby olaryň baştutany edip goýdy; Ýusup olara hyzmat etdi. Olar birnäçe wagt zyndanda boldular.
5 Bir gije Müsür patyşasynyň tussaglykda saklanýan sakysy bilen nan bişirijisi düýş gördüler. Düýşleriň hersiniň özüne mahsus ýorgudy bardy.
6 Daň bilen Ýusup bu ikisiniň ýanyna geldi; olar birhili ünjülidiler.
7 Ol bu tussaglardan: «Bu gün näme sebäpden ünjüli görünýärsiňiz?» diýip sorady.
8 Olar Ýusuba: «Biz düýş gördük, ýöne ony ýorup biljek adam ýok» diýip jogap berdiler. Ýusup olara: «Ýorgut Hudaýdan dälmidir ahyryn?! Hany, düýşüňizi maňa gürrüň beriň» diýdi.
9 Baş saky düýşüni Ýusuba gürrüň berdi: «Düýşümde üzüm agajyny gördüm.
10 Üzüm agajynyň üç şahasy barmyş. Ol ösüp, gülleýärmişin-de, onda üzüm salkymlary peýda bolýarmyş.
11 Fyrownyň käsesi hem meniň elimdemiş. Men üzümi fyrownyň käsesine sykyp, käsäni oňa uzadýarmyşym».
12 Ýusup oňa şeýle diýdi: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç şaha üç gündür.
13 Üç günden fyrown seni zyndandan çykaryp, saňa ýene öňki wezipäňi berer. Sen fyrowna ýene-de edil öňki sakylyk eden wagtyňdaky ýaly onuň käsesini eline berersiň.
14 Ýöne günüň gowulaşanda, meni hem ýatla; maňa ýagşylyk edäý. Fyrownyň meni-de zyndandan çykarary ýaly, men hakda oňa gürrüň ber.
15 Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim».
16 Baş nan bişiriji Ýusubyň düýş ýormaga ökdedigini görüp: «Men hem düýş gördüm. Depämde üç sebet çörek barmyş.
17 Sebetleriň iň üstküsinde fyrown üçin undan bişirilen dürli nygmatlar barmyş, olary guşlar iýýärmiş» diýip, Ýusuba düýşüni gürrüň berdi.
18 Ýusup oňa: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç sebet üç gündür.
19 Ýene üç günden fyrown seni zyndandan çykaryp, dardan asar; guşlar seniň etiňi iýerler».
20 Üç günden soň fyrown öz doglan güni mynasybetli emeldarlary üçin meýlis gurady we baş saky bilen baş nan bişirijini-de zyndandan çykardyp, öz emeldarlarynyň öňünde duruzdy.
21 Edil Ýusubyň ýorşy ýaly, fyrown baş sakyny ýene öňki wezipesine belledi; ol fyrowna sakylyk etdi.
22 Baş nan bişirijini-de Ýusubyň aýdyşy ýaly, patyşa dardan asdyrdy.
23 Baş saky bolsa Ýusup hakda pikir hem etmedi, ol ony ýadyndan çykardy. ‎




Chapter 41

1 Iki ýyldan soň fyrown bir düýş gördi. Ol Nil derýasynyň kenarynda durmuşyn.
2 Birdenkä ýedi sany bakylan, semiz sygyr derýadan çykyp, gamyşlygyň içinde otlamaga başlaýarmyş.
3 Olardan soň bolsa derýadan ýedi sany süňkleri çykyşyp duran hor sygyr çykyp, kenarda öňküleriň ýanynda durýarmyş.
4 Süňkleri çykyşyp duran şol hor sygyrlar beýleki ýedi semiz sygry iýýärmiş. Şol wagt hem fyrown ukudan oýandy.
5 Ol ýene uka gitdi we bu gezek başga bir düýş gördi. Bir baldakdan ýedi sany dok we oňat däne sümmüli ösüp çykýarmyş.
6 Olardan soň bolsa gündogar ýeline guran ýedi sany puç däne sümmüli ösüp çykýarmyş.
7 Soňra şol ýedi sany guran puç sümmül beýleki dok hem dykyz ýedi sümmüli iýýärmiş. Şol wagt hem fyrown ýene-de ukudan oýandy we munuň düýşüdigine düşündi.
8 Ir bilen fyrownyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler.
9 Baş saky fyrowna ýüzlenip, oňa şeýle diýdi: «Şu gün men hata iş edendigimi boýun alýaryn.
10 Bir gün fyrownyň baş nan bişiriji bilen maňa gahary gelip, bizi janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndana saldy.
11 Bir gije biziň ikimiz-de düýş gördük. Düýşleriň hersiniň özüne laýyk ýorgudy bolmalydy.
12 Biziň ýanymyzda janpenalaryň baştutanynyň hyzmatkäri bolan bir ýewreý ýigit hem bardy. Biz öz düýşümizi şoňa gürrüň berdik we ol biziň gören düýşlerimizi, olaryň mazmunyna görä ýorup berdi.
13 Ýusubyň ýorgudy dogry bolup çykdy. Men öňki wezipäme dolanyp geldim, baş nan bişiriji bolsa dardan asyldy».
14 Fyrown Ýusuby çagyrtdy. Ony dessine zyndandan çykardylar. Ýusup özüne serenjam berdi, geýimlerini çalşyrdy we fyrownyň huzuryna geldi.
15 Fyrown Ýusuba: «Men bir düýş gördüm, ýöne ony ýorup bilýän ýok. Men sen düýş ýorup bilýärmişiň diýip eşitdim» diýdi.
16 Ýusup fyrowna: «Ony ýorýan men däldirin; diňe Hudaý fyrowna bähbitli düşündiriş berer» diýdi.
17 Fyrown Ýusuba düýşüni gürrüň berdi: «Men düýşümde Nil derýasynyň kenarynda durmuşym.
18 Birdenkä derýadan ýedi sany bakylan, semiz sygyr çykyp, gamyşlygyň içinde otlap başlaýarmyş.
19 Olaryň yzyndan bolsa derýadan ýene-de ýedi sany süňkleri çykyşyp duran hor sygyr çykýarmyş. Men şeýle hor sygyrlary bütin Müsürde hiç haçan görmändim.
20 Soňra şol hor süňkleri çykyşyp duran sygyrlar öňki ýedi semiz sygry iýýärmişler.
21 Emma olaryň semiz sygyrlary iýendigini hiç kim bilip biljek däldi, çünki olaryň entegem öňküleri ýaly süňkleri çykyşyp durmuşyn. Şol wagt hem men oýandym.
22 Soňra ýene başga bir düýş gördüm. Bir baldakda ýedi sany dok we dykyz sümmül gögerýärmiş.
23 Olardan soň bolsa ýedi sany gündogar ýeline guran puç sümmül ösüp çykýarmyş.
24 Şol puç sümmüller hem öňki ýedi dok sümmüli iýýärmişler. Men muny jadygöýlere gürrüň berdim, emma muny maňa düşündirip bilen tapylmady».
25 Ýusup fyrowna şeýle diýdi: «Jenabyň iki düýşüniň hem manysy birdir. Hudaý fyrowna Öz etjek zadyny aýan edipdir.
26 Ýedi semiz sygyr bilen ýedi dok sümmül bu ýedi ýyldyr. Bu ikisi bir düýşdür.
27 Soňky çykan ýedi hor sygyr bilen gündogar ýeline guran ýedi puç sümmül, ýedi ýyllap dowam etjek açlygy aňladýar.
28 Meniň aýdyşym ýaly, Hudaý fyrowna Öz etjek zadyny görkezipdir.
29 Bütin Müsür topragynda ýedi ýyl bol-elinlik bolar.
30 Soňra ýedi ýyl açlyk geler. Müsüriň öňki bolçulygy unudylar, çünki açlyk Müsüri ejizleder.
31 Soňky gelen açlyk bolçulygy unutdyrar, çünki ol juda agyr geler.
32 Fyrownyň şol bir düýşi iki gezek görmegi işiň Hudaý tarapyndan kesgitlenendigini we Hudaýyň ony tizara amala aşyrjakdygyny aňladýar.
33 Şoňa görä-de fyrownyň düşbi, pähim-paýhasly adamy tapyp, ony Müsüre baştutan edip bellemegi zerurdyr.
34 Fyrown bütin Müsürde häkimler bellemelidir we olar ýedi ýyllyk bolçulykda Müsür ýurdunyň hasylynyň bäşden birini almalydyrlar.
35 Goý, olar öňlerindäki geljek bolçulyk ýyllarynda galla toplap, ony galalarda fyrownyň ygtyýarlygynda saklasynlar.
36 Bu galla Müsür açlykdan heläk bolmaz ýaly, oňa ýedi ýyl azyk bolar».
37 Fyrown hem onuň ähli emeldarlaryna bu teklip ýarady.
38 Fyrown öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi.
39 Soňra ol Ýusuba: «Hudaý şu zatlaryň ählisini saňa aýan etdi, seniň ýaly düşbi, pähim-paýhasly adam ýokdur.
40 Sen meniň ýurdumda hökümdarlyk edersiň; halk saňa boýun eger. Men diňe şa tagtynda senden beýik bolaryn».
41 Soňra fyrown Ýusuba: «Ine, men seni tutuş Müsür topragyna hökümdar edip belleýärin» diýdi.
42 Fyrown barmagyndaky patyşalyk möhürini çykaryp, ony Ýusubyň barmagyna dakdy; oňa keteniden tikilen don geýdirdi we boýnuna altyn zynjyr dakdy.
43 Soňra fyrown Ýusuby özüniň weziriniň at arabasyna mündürtdi; Ýusubyň öňünden: «Tagzym ediň!» diýip jar çekdirdiler. Şeýdip, patyşa Ýusuby tutuş Müsür ýurduna hökümdar edip belledi.
44 Fyrown Ýusuba: «Fyrown men bolsam-da, Müsüriň hiç bir ýerinde senden rugsatsyz çöp başy gymyldamaz» diýdi.
45 Fyrown Ýusuba Sopnat-Pagnyýa diýip, müsürçe at dakdy; ony Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenata öýerdi. Şeýdip, Ýusup bütin ýurtda at-abraý gazandy.
46 (Müsür patyşasy fyrowna hyzmat edip başlanda, Ýusup otuz ýaşyndady.) Ýusup fyrownyň ýanyndan gaýdyp, bütin Müsüre aýlandy.
47 Ýedi ýyllyk bolçulykda toprak bol galla berdi.
48 Ýusup Müsür topragyndan ýedi ýylyň dowamynda önen ähli gallany ýygnap, galalarda ýerleşdirdi. Ol her galanyň töwereginden ýygnalan gallany şol galanyň özünde saklady.
49 Şeýdip, Ýusup deňiz çägeleri deý köp galla hasylyny toplady, hatda ol soňabaka olary ölçemesini-de goýdy.
50 Açlyk ýyllary başlamazyndan öň, Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenata Ýusuba iki ogul dogrup berdi.
51 Ýusup: «Hudaý maňa ähli muşakgatlyklarymy hem-de atamyň öýüni unutmaga ýardam etdi» diýip, ilkinji oglunyň adyna Manaşe dakdy.
52 Ol ikinji ogly bolanda: «Jebir çeken topragymda Hudaý meni örňetdi» diýip, onuň adyna Efraýym dakdy.
53 Müsüriň ýedi ýyllyk bolçulyk döwri tamamlandy.
54 Ýusubyň aýdyşy ýaly, ýedi ýyllyk açlyk başlandy. Ähli ýurtlarda açlyk boldy. Emma bütin Müsürde iýmit bardy.
55 Ahyry açlyk Müsür topragyna hem aralaşyp ugrady. Halk nalyş bilen fyrowndan azyk sorap başlady. Fyrown ähli müsürlilere: «Ýusubyň ýanyna baryň-da, şonuň diýeni bilen boluň» diýdi.
56 Açlyk Müsüriň ähli ýerine ýaýrap, gitdigisaýy güýjeýärdi. Ýusup ammarlary açyp, Müsür halkyna galla satyp başlady.
57 Ýusupdan galla satyn almak üçin, Müsüre dünýäniň ähli künjeklerinden adamlar geldiler, çünki bütin dünýäde açlyk barha güýjeýärdi. ‎




Chapter 42

1 Ýakup Müsürde galla bardygyny bilip, öz ogullaryna: «Näme biri-biriňiziň ýüzüňize seredip otyrsyňyz?
2 Men Müsürde galla bar diýip eşitdim. Aç ölesiňiz gelmeýän bolsa gidiň-de, galla satyn alyp geliň» diýdi.
3 Şunlukda, Ýusubyň doganlaryndan onusy Müsüre galla satyn almaga gitdi.
4 Ýusubyň süýtdeş inisi Benýamini bolsa Ýakup «bir betbagtçylyga uçraýmasyn» diýip, doganlary bilen ibermedi.
5 Müsüre galla satyn almaga gelenleriň arasynda Ysraýylyň ogullary-da bardy, çünki Kenganda-da açlykdy.
6 Ýusup Müsürde häkim bolansoň, ol bütin ýurduň halklaryna galla satýardy. Ýusubyň doganlary gelip, oňa iki bükülip tagzym etdiler.
7 Ýusup doganlaryny görenden tanady, ýöne tanamadyksyran boldy. Ol: «Nireden geldiňiz?» diýip, olar bilen haýbatly gepleşdi. Olar: «Biz Kengandan azyk satyn almaga geldik» diýdiler.
8 Ýusup doganlaryny tanasa-da, olar ony tanamadylar.
9 Ýusup olar bilen baglanyşykly gören düýşlerini ýatlady we olara: «Siz ýurduň goragsyz ýerini aňtamaga gelen içalylarsyňyz» diýdi.
10 Olar Ýusuba: «Ýok, jenabym, biz gullaryňyz azyk satyn almaga geldik.
11 Biziň ählimiz bir adamyň çagalarydyrys. Biz gullaryňyz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris» diýdiler.
12 Ýusup olara ýene: «Ýok, siz ýurduň goragsyz ýerini aňtamaga gelipsiňiz» diýdi.
13 Olar Ýusuba: «Biz gullaryňyz jemi on iki dogandyrys we Kenganda ýaşaýan bir adamyň ogullarydyrys. Körpämiz kakamyzyň ýanynda galdy, bir doganymyz ýitdi» diýip jogap berdiler.
14 Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, aýdyşym ýaly, siz içalysyňyz.
15 Siz, ine, şeýle synalarsyňyz. Men fyrownyň adyndan ant içýärin. Siziň körpe iniňiz şu ýere gelmese, siz bu ýerden gitmersiňiz.
16 Siziň biriňiz gidiň-de, doganyňyzy getiriň, beýlekileriňiz bolsa zyndanda gözegçilik astynda saklanarsyňyz. Şonda siziň dogry ýa-da ýalan sözleýändigiňiz belli bolar. Eger ýalan sözleýän bolsaňyz, fyrownyň adyndan ant içýärin, onda siziň içaly boldugyňyzdyr».
17 Şeýdip, Ýusup olary üç günläp zyndanda tussaglykda saklady.
18 Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn.
19 Eger siz, hakykatdan-da, ak ýürekli adamlar bolsaňyz, onda siziň biriňiz şu ýerde, zyndanda galyň, beýlekileriňiz bolsa aç oturan hojalyklaryňyza galla äkidiň.
20 Onsoň körpe doganyňyzy meniň ýanyma getiriň. Eger şeýle etseňiz, bu siziň ýalan sözlemeýändigiňizi subut eder we siz ölümden gutularsyňyz». Doganlar onuň bilen razylaşdylar.
21 Olar biri-birilerine şeýle diýişdiler: «Biz öz doganymyzyň garşysyna eden günämiz üçin jeza çekýäris. Ol bize nähililer ýalbarypdy, emma biz onuň çekýän hasratyna pisint etmändik. Şol sebäpli-de indi biz hasrat çekýäris».
22 Ruben olara şeýle diýdi: «Men size „oglana sütem etmäň“ diýdim, emma siz maňa gulak asmadyňyz. Ine, indi bizden onuň ölümi üçin ar alynýar».
23 Olar aýdylýan zatlara Ýusubyň düşünýändigini bilmeýärdiler, çünki ol olar bilen dilmajyň üsti bilen gepleşýärdi.
24 Ýusup doganlarynyň ýanyndan aýrylyp aglady. Ol soň dolanyp gelip, olar bilen gepleşdi. Ol soňra Şimgony tutdurdy we Şimgon doganlarynyň gözüniň alnynda daňyldy.
25 Ýusup olaryň horjunlarynyň galladan doldurylmagyny, olaryň getiren kümüş pullarynyň ýene-de yzyna, olaryň horjunlaryna salynmagyny we olara ýol üçin azyk berilmegini buýurdy. Bu şeýle hem edildi.
26 Doganlar gallany eşeklerine ýükläp, ýola rowana boldular.
27 Gijäni geçirmek üçin düşlän ýerlerinde olaryň biri eşegine iým bermek üçin horjunyň agzyny açanda, onuň agzynda öz kümüş pulunyň ýatandygyny gördi.
28 Ol doganlaryna: «Pulum yzyna gaýtarylypdyr, ol, ine, horjunyň içinde ýatyr» diýip seslendi. Olaryň muňa ýürekleri ýaryldy. Olar gorkudan ýaňa titreşip, biri-birlerine: «Hudaýyň bize bu näme etdigi bolduka?!» diýişdiler.
29 Olar Kengana, öz kakalary Ýakubyň ýanyna gelip, bolan işleriň ählisini oňa gürrüň berdiler.
30 «Ol ýeriniň häkimi biz bilen hyrsyz gepleşdi, ol bizi içaly hasap etdi.
31 Biz oňa: „Biz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris.
32 Biz bir atadan bolan on iki dogandyrys; bir doganymyz ýitdi, körpämiz bolsa Kenganda kakamyzyň ýanynda galdy“ diýdik.
33 Şonda ol bize şeýle diýdi: „Siziň ak ýürekli adamlardygyňyza göz ýetirmek üçin men, ine, şeýle etjek. Siziň biriňiz meniň ýanymda galarsyňyz, beýlekileriňiz bolsa aç oturan hojalyklaryňyza galla alyp gidersiňiz.
34 Körpe iniňizi meniň ýanyma getiriň. Şonda men siziň içaly däl-de, ak ýürekli adamlardygyňyza ynanaryn. Şondan soň siziň doganyňyzy yzyna bererin we siz bu ýurtda söwda-satyk edip bilersiňiz“ diýip, kakalaryna hemme bolan zatlary bolşy ýaly gürrüň berdiler».
35 Horjunlaryny boşadanlarynda, olar we olaryň kakasy Ýakup, pully düwünçekleriniň horjundadygyny görüp gorkdular.
36 Ýakup olara şeýle diýdi: «Bu zatlar meniň başyma geldi: siz meni çagalarymdan mahrum etdiňiz. Ýusuby-da, Şimgony-da ýokladyňyz, indem Benýamini äkitjek bolýarsyňyz».
37 Ruben kakasyna: «Eger ony gaýtaryp getirmesem, onda meniň iki oglumy-da öldüräý. Benýamini meniň ygtyýaryma ber, men ony seniň ýanyňa gaýtaryp getirerin» diýdi.
38 Ýakup: «Oglumy siziň bilen iberjek däl, çünki onuň agasy ölüp, ýeke özi galdy. Eger ýolda Benýamin bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz» diýdi. ‎




Chapter 43

1 Kenganda açlyk erbetdi.
2 Müsürden getirilen galla gutaranda, Ýakup ogullaryna: «Ýene gidiň-de, biraz azyk satyn alyp geliň» diýdi.
3 Ýahuda oňa şeýle diýdi: «Ol adam bize berk duýduryş berip: „Doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni görmersiňiz“ diýdi.
4 Benýamini biziň bilen iberseň, biz gideris hem saňa azyk satyn alyp geleris, ony ibermeseň, gitmeris. Çünki ol adam: „Doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni görmersiňiz“ diýdi».
6 Ysraýyl: «Oňa ýene bir doganyňyzyň bardygyny aýdyp, maňa beýle ýamanlyk etmeli däl ekeniňiz-dä!» diýdi.
7 Olar: «Ol bizden „Kakaňyz dirimi? Başga-da doganyňyz barmy?“ diýip, biz we biziň maşgalamyz hakynda sorag baryny ýagdyrdy. Biz hem onuň soraglaryna jogap bermeli bolduk. Onuň: „Doganyňyzy getiriň“ diýjegini biz nireden bileli ahyryn?» diýdiler.
8 Ýahuda kakasy Ysraýyla şeýle diýdi: «Sen-de, biz-de, çagalarymyz-da açlykdan ölmän ýaşarymyz ýaly, oglany meniň bilen iber, biz gideli.
9 Men Benýamine öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçýärin. Ony menden talap et. Eger men oglany saňa yzyna getirip, öňüňde goýmasam, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn.
10 Eger biz haýal-ýagallyga salmadyk bolsak, biz ol ýere eýýäm iki gezek gidip-gelerdik».
11 Kakalary Ysraýyl olara şeýle diýdi: «Bolýar, gidiň, ýöne ýanyňyz bilen häkim üçin sowgat hökmünde, şu ýurduň iň oňat näz-nygmatlaryndan: biraz melhem, biraz bal, ladan, atyr, pisse hem badam äkidiň.
12 Iki esse köp pul alyň, horjunyňyzyň agzynda yzyna gaýtarylan öňki pullaryňyzy bolsa yzyna äkidiň. Belki, bir ýalňyşlyk bolandyr.
13 Doganyňyzy hem alyň-da, ýene ol adamyň ýanyna dolanyň.
14 Gudratygüýçli Allanyň Özi size ol adamyň öňünde rehim etsin; belki, ol beýleki doganyňyzy-da, Benýamini-de goýberäýedi-dä. Çagasyz galmaly bolsam, goý, galaýyn».
15 Şeýdip, olar sowgatlary, iki esse pul hem Benýamini alyp, Müsüre gidip, ýene Ýusubyň huzuryna bardylar.
16 Ýusup olaryň arasynda Benýamini görüp, hojalygynyň baş hyzmatkärine: «Bu adamlary öýe äkit; bir mal soý-da, nahar taýýarla. Olar meniň bilen bile günortanlyk edinerler» diýdi.
17 Ol hyzmatkär tabşyrylyşy ýaly, doganlary Ýusubyň öýüne alyp bardy.
18 Doganlar gorkdular, çünki olar Ýusubyň öýüne getirildiler. Olar: «Muny geçen gezekki horjunlarymyzda yzyna gaýtarylan pul sebäpli, darap, bizi tutup gul edip, elimizden eşeklerimizi almak üçin edýändir» diýdiler.
19 Şeýdip, olar Ýusubyň hyzmatkäriniň ýanyna baryp, öýüň işiginde duran ýerlerinden onuň bilen gepleşdiler.
20 Olar şeýle diýdiler: «Jenabym, bize gulak as. Biz bu ýere azyk satyn almak üçin öň hem gelipdik.
21 Emma şeýle bir ýagdaý boldy. Gidişin, düşlän ýerimizde horjunlarymyzyň agzyny açdyk, görsek, getiren pullarymyz şol durşuna horjunlaryň agzynda goýlupdyr. Olary biz ýene-de gaýtaryp getirdik.
22 Bu gezekki satyn aljak azygymyz üçin bolsa biz goşmaça pul getirdik. Pullary kimiň horjunymyza salandygyndan biziň habarymyz ýok».
23 Hyzmatkär olara: «Arkaýyn boluň, gorkmaň. Pullary horjunlaryňyza siziň we siziň ataňyzyň Hudaýy siziň üçin salandyr. Pullaryňyzy men aldym» diýdi. Soňra hyzmatkär Şimgony olaryň ýanyna getirdi.
24 Hyzmatkär olary Ýusubyň öýüne salyp, olara aýaklaryny ýuwar ýaly suw getirdi we olaryň eşeklerine iým berişdirdi.
25 Doganlar bolsa günortana, Ýusubyň geler wagtyna çenli öz getiren sowgatlaryny taýýarladylar, çünki olara Ýusup bilen bile naharlanmalydyklary aýdylypdy.
26 Ýusup öýe gelende, doganlary Ýusuba öz sowgatlaryny berip, oňa tagzym etdiler.
27 Ýusup olaryň hal-ahwallaryny soraşdyrdy. Soňra ol: «Garry ataňyz sag-gurgunmy? Ol aýatda dirimi?» diýdi.
28 Olar: «Guluň kakamyz sag-gurgun gezip ýör» diýip, oňa dyza çöküp tagzym etdiler.
29 Soňra Ýusup olara göz aýlady we öz süýtdeş dogany Benýamini görüp: «Körpämiz diýeniňiz şumy? Hudaý saňa merhemet etsin, oglum!» diýdi.
30 Soňra Ýusup howlukmaçlyk bilen ol ýerden çykdy, çünki doganynyň didaryny görüp, onuň damagy doldy. Ol öz içki otagyna geçip aglady.
31 Ýüz-gözüni ýuwup, özüni dürsänden soň bolsa: «Nahar getiriň» diýip buýurdy.
32 Nahary Ýusuba özbaşyna, doganlara özbaşyna we onuň bilen naharlanýan müsürlilere özbaşyna berdiler, çünki müsürliler ýewreýler bilen bile naharlanmaklygy ýigrenç hasaplaýardylar.
33 Doganlar ýaş tertibi boýunça uludan-kiçä, Ýusubyň garşysynda oturdyldy. Olar muňa geň galyp, biri-birlerine seredişdiler.
34 Olara nahar Ýusubyň saçagyndan berildi. Benýaminiň paýy beýlekileriňkiden bäş esse artykdy. Şeýdip, olar Ýusup bilen bile iýip-içip keýp çekdiler. ‎




Chapter 44

1 Ýusup baş hyzmatkärine şeýle buýruk berdi: «Bu doganlaryň horjunlaryny olaryň göterip biljek azyklaryndan doldurarsyň; getiren pullaryny-da olaryň horjunlarynyň agzynda goýarsyň.
2 Körpeleriniň horjunyna bolsa onuň galla tölemek üçin getiren puly bilen meniň kümüş käsämi salarsyň». Baş hyzmatkär Ýusubyň buýrugyny ýerine ýetirdi.
3 Bular daňdan eşekleri bilen ol ýerden ugradyldy.
4 Olar heniz galadan uzaklaşmankalar, Ýusup baş hyzmatkärine: «Bar, yzlaryndan ýet-de, olara: „Ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap bermäňiz näme?
5 Bu meniň jenabymyň içýän, seredip, geljegi bilýän käsesi ahyryn. Siz pis iş etdiňiz“ diý» diýip buýurdy.
6 Baş hyzmatkär doganlaryň yzyndan ýetip, olara Ýusubyň sözlerini gaýtalady.
7 Olar şeýle diýdiler: «Näme sebäpden biziň jenabymyz beýle diýýärkä? Beýle iş etmändigimize biz ant içýäris.
8 Biz öz horjunlarymyzdan çykan pullary-da Kengandan yzyna getirdik. Onsoň biz seniň jenabyňyň öýünden altyn-kümşi näme üçin ogurlaly ahyryn?!
9 Eger käse gullaryňyň birinden çykaýsa, goý, şol adam öldürilsin. Galanlarymyz bolsa jenaba gul bolarys».
10 Baş hyzmatkär: «Goý, siziň diýşiňiz ýaly bolsun, ýöne käse kimden çyksa, diňe şol maňa gul bolar, beýlekileriňiz bolsa boşadylarsyňyz» diýdi.
11 Olar dessine horjunlaryny ýere düşürip, olaryň agzyny açdylar.
12 Baş hyzmatkär ýaş tertibi boýunça uludan-kiçä hemmesiniň horjunyny barlady. Käse Benýaminiň horjunyndan çykdy.
13 Muňa olar dady-perýat etdiler. Soňra olaryň hersi goşlaryny eşeklerine ýükläp, yzlaryna gala dolandylar.
14 Ýusup heniz öýdedi. Ýahuda hem onuň doganlary Ýusubyň ýanyna gelip, onuň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdiler.
15 Ýusup olara: «Bu näme etdigiňiz boldy?! Meniň ýaly adamyň geljegi bilip, kimiň günäkärdigini biljekdigi hakynda pikir etmediňizmi?» diýdi.
16 Ýahuda oňa şeýle jogap berdi: «Näme diýip, näme aýtjagymyzy, özümizi nädip aklajagymyzy bilýän däldiris, jenabym! Gullaryňyň günäkärdigini Hudaý aýan etdi. Indi biziň barymyz özünden käse çykan-da, beýlekilerimiz-de siziň guluňyzdyrys».
17 Emma Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, beýle iş etmekden Hudaýyň Özi saklasyn. Käse kimden çykan bolsa diňe şol maňa gul bolar, galanlaryňyz bolsa sag-salamat kakaňyzyň ýanyna dolanarsyňyz».
18 Şu sözlerden soň Ýahuda Ýusubyň golaýyna baryp: «Jenabym, öz guluňa iki agyz söz aýtmaga rugsat et. Maňa gaharlanmaň; siz fyrown kiminsiňiz.
19 Jenabym gullaryňyzdan: „Kakaňyz ýa-da doganyňyz barmy?“ diýip soradyňyz.
20 Biz saňa garry kakamyzyň bardygyny, onuň garrandan soň bolan bir körpe oglunyň bardygyny, ol oglanyň bolsa süýtdeş doganynyň ölüp, enesiniň çagalaryndan diňe ýeke özüniň galandygyny, ony kakasynyň juda söýýändigini aýdypdyk.
21 Siz bolsa öz gullaryňyza: „Ony getiriň, men bir göreýin“ diýdiňiz.
22 Biz: „Oglan kakasyndan aýrylyp bilmez, eger ol aýrylaýsa, onuň kakasy jan berer“ diýdik.
23 Ýöne siz: „Körpe doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni asla görmersiňiz“ diýdiňiz.
24 Guluň kakamyza seniň diýenleriňi gürrüň berdik.
25 Onsoň kakam bize: „Ýene-de gidiň-de, biraz azyk satyn alyp geliň“ diýdi.
26 Biz oňa: „Körpämizi biziň bilen iberseň, biz gideris, ýogsa gitmeris, çünki biz körpämiz bilen bile barmasak, häkimi görüp bilmeris“ diýdik.
27 Şonda guluň kakamyz bize: „Aýalymyň maňa iki ogul dogrup berendiginden siziň habaryňyz bardyr.
28 Birinden aýra düşdüm. ‘Ol parçalanypdyr’ diýdim. Şondan soň men ony asla görmedim.
29 Indi muny-da alyp gitseňiz, olam ýolda bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz“ diýdi.
30 Şu sözlerden soň oglany goýup, guluň kakamyzyň ýanyna biz nädip baraly?! Onuň jany oglunda ahyryn.
31 Oglunyň ýanymyzda ýokdugyny görse, ol jan berer. Şeýdip, biz garry atamyzy ölüler dünýäsine hasrat bilen ibereris.
32 Üstesine-de, men guluň: „Eger men oglany saňa gaýtaryp getirmesem, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn“ diýip, oglana öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçdim.
33 Şoňa görä, oglana derek jenaba men gul bolaýyn, ol bolsa, goý, doganlary bilen bile yzyna dolansyn.
34 Çünki men oglany bu ýerde taşlap baryp, kakamyň ýüzüne nähili seredeýin. Men kakamyň çekjek hasratyny görmekden gorkýaryn». ‎




Chapter 45

1 Ýusup hyzmatkärleriniň öňünde mundan artyk saklanyp bilmän: «Hemmeleri şu ýerden çykar» diýip gygyrdy. Ýusup öz doganlaryna syryny açanda, onuň ýanynda doganlaryndan başga adam ýokdy.
2 Ýusup ses edip aglady. Onuň sesi müsürlilere we fyrownyň köşgündäkilere eşidildi.
3 Ýusup doganlaryna: «Men Ýusup, kakam dirimi?» diýdi. Emma onuň doganlary muny eşidende, olaryň Ýusupdan gorkularyndan ýaňa dilleri tutuldy.
4 Ýusup olara: «Golaýragyma süýşseňizläň» diýdi. Olar Ýusubyň golaýyna geldiler. Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Men siziň Müsüre satan doganyňyz Ýusupdyryn.
5 Siz meni bu ýere satandygyňyz üçin gam çekip, puşman etmäň, çünki Hudaý adamlaryň janyny gorap saklamak üçin meni siziň öňüňizden Müsüre iberdi.
6 Çünki ýer ýüzünde iki ýyldan bäri açlyk dowam edýär. Ýene-de bäş ýyllap ekin-tikinde, hasyl-da bolmaz.
7 Ýer ýüzünde siziň nesilleriňizi aman galdyrmak we sizi beýik gutulyş bilen halas etmek üçin Hudaý meni siziň öňüňizden iberdi.
8 Şoňa görä-de meni bu ýere siz däl-de, Hudaý iberdi. Hudaý meni fyrowna ata hökmünde goýup, onuň bütin köşgüniň eýesi etdi. Men tutuş Müsüriň hökümdarydyryn.
9 Haýal etmän gidiň-de kakamyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýiň: „Ogluň Ýusup şeýle diýýär: ‘Hudaý meni tutuş Müsüriň hökümdary etdi, sen eglenmän meniň ýanyma gel.
10 Sen Goşen welaýatynda mesgen tutarsyň; sen we seniň çagalaryňdyr agtyklaryň, ownukly-irili mallaryň, mahlasy, özüňde bar bolan ähli zatlaryň bilen meniň golaýymda bolarsyň.
11 Bu açlyk ýene bäş ýyla çekjek. Siziň hiç biriňiz mätäçlik çekmez ýaly, men ol ýerde seni we seniň hojalygyňy hem ähli mallaryňy zerur zatlar bilen üpjün ederin’“.
12 Meniň hakykatdan-da Ýusupdygymy siziň hemmäňiz we inim Benýamin-de öz gözüňiz bilen görüp dursuňyz.
13 Siz kakama meniň Müsürdäki şan-şöhratym, bu ýerde gören zatlaryňyzyň ählisi hakynda gürrüň beriň we ony tizräk şu ýere alyp geliň».
14 Soňra ol öz inisi Benýamini gujaklap aglady. Benýamin hem ony gujaklap aglady.
15 Ýusup aglap, ähli doganlaryny gujaklap ogşady. Diňe şondan soň doganlary onuň bilen gepleşmäge başladylar.
16 Ýusubyň doganlarynyň gelendigi hakyndaky habar fyrownyň köşgüne baryp ýetdi. Muňa patyşa-da, onuň emeldarlary-da begendiler.
17 Fyrown Ýusuba şeýle diýdi: «Doganlaryňa şeýle diý: „Eşekleriňizi ýükläň-de, Kengana dolanyň.
18 Kakaňyzy hem, maşgalalaryňyzy hem alyp, meniň ýanyma geliň. Men Müsüriň iň saýlantgy ýerini size bererin. Siz mes toprakly ýurduň hasylyndan iýip doýarsyňyz“.
19 Olara ýene-de şeýle diý: „Çagalaryňyz hem aýallaryňyz üçin Müsürden arabalar alyp, olary kakaňyz bilen bile şu ýere getiriň.
20 Yzyňyzda galjak goş-golamlaryňyzyň aladasyny etmäň, çünki bütin Müsüriň saýlantgy näz-nygmatlary siziňki bolar“».
21 Ysraýylyň ogullary aýdylyşy ýaly-da etdiler. Fyrownyň tabşyrygy boýunça Ýusup olara arabalar hem ýol azygyny berdi.
22 Ýusup bularyň Benýaminden başgasynyň hersine bir laý, Benýamine bolsa üç ýüz kümüş teňňe bilen bäş laý geýim-gejim berdi.
23 Kakasyna on erkek eşegi Müsüriň iň saýlama näz-nygmatlaryndan, on urkaçy eşegi bolsa kakasyna Müsüre gaýdyşyn ýol azygy bolar ýaly galladan, çörekden we azykdan ýükläp iberdi.
24 Onsoň Ýusup doganlaryny ugradyp, olara: «Ýolda dawalaşaýmaň» diýdi.
25 Şeýdip, olar Müsürden gaýdyp, Kengana kakalary Ýakubyň ýanyna dolanyp geldiler.
26 Olar kakalaryna: «Ýusup diri, ol tutuş Müsüriň hökümdary» diýip habar berdiler. Ýakup doňup galdy, çünki ol eşidýän zatlaryna ynanyp bilmedi.
27 Emma olar Ýusubyň aýdanlarynyň ählisini Ýakuba gürrüň berenlerinden soň we özüni äkitmek üçin Ýusubyň iberen arabalaryny görenden soň, Ýakubyň ýüregi ýerine geldi.
28 Ysraýyl: «Ýusubym diri, bes! Ölmänkäm gidip, onuň didaryny bir göreýin!» diýdi. ‎




Chapter 46

1 Ysraýyl ähli zatlaryny alyp, ýola rowana boldy. Ol Beýerşeba gelip, kakasy Yshagyň Hudaýyna gurbanlyklar berdi.
2 Şol gije Hudaý Ysraýyla görnüp, oňa: «Ýakup! Ýakup!» diýdi. Ysraýyl Oňa: «Lepbeý!» diýip jogap berdi.
3 Hudaý oňa şeýle diýdi: «Men Hudaýdyryn, seniň ataňyň Hudaýydyryn. Sen Müsüre gitmekden gorkma. Men ol ýerde senden bir beýik millet ýaradaryn.
4 Men seniň bilen bile Müsüre giderin we seni soň ýene-de öz topragyňa getirerin. Sen dünýäden öteniňde, Ýusup seniň ýanyňda bolar».
5 Onsoň Ýakup Beýerşebadan gaýtdy. Ysraýylyň ogullary kakalary Ýakuby, öz çagalarydyr aýallaryny, fyrownyň iberen arabalaryna mündürdiler.
6 Ýakup ähli nesillerini: ogul-gyzlaryny, agtyklarydyr mallaryny we Kenganda toplan ähli mal-mülklerini alyp, Müsüre geldi.
8 Ysraýyllaryň Ýakup we onuň bilen Müsüre gelen nesilleri şulardyr. Ýakubyň nowbahar ogly Ruben.
9 Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron, Karmy.
10 Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakyn, Sohar hem-de kenganly bir aýalyndan bolan ogly Şawul.
11 Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat, Merary.
12 Ýahudanyň ogullary: Er, Onan, Şela, Peres, Zera. Bulardan Er bilen Onan Kenganda ölüpdiler. Peresiň ogullary: Hesron, Hamul.
13 Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýop, Şimron.
14 Zebulunyň ogullary: Seret, Eýlon, Ýahleýel.
15 Bu ogullary hem-de gyzy Dinany Leýa Ýakuba Padanaramda dogrup beripdi. Ýakubyň ähli ogul-gyzlarynyň jemi otuz üç sanydy.
16 Gatyň ogullary: Sipýon, Hagy, Şuny, Esbon, Eri, Arody, Areli.
17 Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi, Beriga hem-de gyzy Sera. Beragyň ogullary: Heber, Malkigel.
18 (Bular Zilpanyň ogullarydyr. Laban Zilpany öz gyzy Leýa gyrnak edip beripdi. Zilpa Ýakuba jemi on alty ogul dogrup berdi.)
19 Ýakubyň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin.
20 Müsürde Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenat Ýusuba Manaşeni we Efraýymy dogrup berdi.
21 Benýaminiň ogullary: Bala, Beker, Aşbel, Gera, Nagaman, Ehi, Roş, Mupym, Hupym we Art.
22 (Bular Ýakubyň Rahelden bolan ogullarydyr. Olar jemi on dörtdür.)
23 Danyň ogly: Haşum.
24 Naftalynyň ogullary: Ýahsegel, Guny, Ýezer, Şillem.
25 (Bular Bilhanyň ogullarydyr. Laban Bilhany öz gyzy Rahele gyrnak edip beripdi. Bilha Ýakuba jemi ýedi ogul dogrup berdi.)
26 Gelinlerinden daşary Ýakuba degişli bolan we onuň bilen bile Müsüre gelen nesilleri jemi altmyş alty başdy.
27 Ýusubyň Müsürde doglan iki ogly bilen birlikde Ýakubyň Müsürdäki tutuş hojalygy ýetmiş adamdan ybaratdy.
28 Ysraýyl Goşene barýan ýoly Ýusuba görkezer ýaly, ol Ýahudany öňden Ýusubyň ýanyna iberdi. Ysraýylyň maşgalasy Goşen welaýatyna gelende,
29 Ýusup arabasyna münüp, kakasy Ysraýyly garşylamak üçin Goşene gitdi; Ýusup kakasyny görüp, ony gujaklap, onuň gujagynda uzak wagtlap aglady.
30 Ysraýyl Ýusuba: «Didaryňy gördüm, indi ölsem-de armanym ýok. Sen diri ekeniň» diýdi.
31 Ýusup doganlaryna hem kakasynyň tutuş hojalygyna ýüzlenip, şeýle diýdi: «Men gidip, fyrowna habar bereýin. Oňa: „Kengandaky doganlarym hem-de kakam tutuş hojalygy bilen meniň ýanyma geldiler.
32 Olar çopandyrlar, çünki olar maldarçylyk bilen meşgullanýarlar. Olar özleri bilen ownukly-irili mallaryny we ähli goş-golamlaryny-da getiripdirler“ diýeýin.
33 Fyrown sizi çagyryp, sizden: „Siziň käriňiz näme?“ diýip sorar.
34 Şonda siz oňa: „Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly ýaşlygymyzdan bäri maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýändiris“ diýip jogap berersiňiz. Şeýle diýseňiz, ol size Goşen welaýatynda mesgen tutmaga rugsat berer, çünki müsürliler çopanlary juda ýigrenýändirler». ‎




Chapter 47

1 Şeýdip, Ýusup doganlaryndan bäşisini alyp, Goşen welaýatyndan gaýtdy we fyrownyň ýanyna gelip, oňa: «Kakam hem doganlarym özleriniň maşgalasy, ownukly-irili mallary we ähli goş-golamlary bilen Kengandan geldiler. Olar häzir Goşende» diýdi. Onsoň Ýusup doganlaryny fyrown bilen tanyş etdi.
3 Fyrown olardan: «Käriňiz näme?» diýip sorady. Olar fyrowna: «Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly çopandyrys» diýip jogap berdiler.
4 Olar fyrowna: «Ýowuz açlyk zerarly Kenganda dowarlarymyz üçin öri galmansoň, biz Müsürde gelmişek bolup ýaşamaga geldik. Şoňa görä-de siz öz gullaryňyza Goşen welaýatynda mesgen tutmaga ygtyýar ediň» diýdiler.
5 Fyrown Ýusuba şeýle diýdi: «Kakaňdyr doganlaryň seniň ýanyňa gelipdirler.
6 Müsüriň çar tarapy seniň üçin açykdyr. Olary ýurduň iň oňat ýerinde ýerleşdir. Goý, olar Goşen welaýatynda mesgen tutsunlar. Eger olaryň arasynda ukyplylary bar bolsa, olara meniň mallaryma seretdir».
7 Soňra Ýusup kakasyny fyrownyň huzuryna getirip, onuň bilen tanyş etdi. Ýakup fyrowna pata berdi.
8 Fyrown Ýakupdan: «Näçe ýaşyňda?» diýip sorady.
9 Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi.
10 Ýakup fyrowna ýene-de pata berip, onuň ýanyndan gaýtdy.
11 Ýusup kakasydyr doganlaryny Müsürde ýerleşdirdi. Ýusup fyrownyň özüne buýruşy ýaly edip, olara Müsüriň iň gowy ýeri bolan Ragmeses etrabyndan mülk berdi.
12 Ol kakasyny, doganlaryny we kakasynyň ähli hojalygyny – iň körpesine çenli azyk bilen üpjün etdi.
13 Açlyk juda ýowuzlaşyp, hiç ýerde iýmit ýokdy. Açlyk Müsürdir Kenganyň halklaryny halys ysgyndan gaçyrdy.
14 Ýusup galla satyp, Müsüriň hem Kenganyň ähli pullaryny syryp-süpürip aldy. Ol pullary fyrownyň köşgüne getirdi.
15 Şunlukda, Müsüriň-de, Kenganyň-da pulunyň soňuna çykylansoň, ähli müsürliler Ýusubyň ýanyna gelip, oňa: «Bize azyk ber. Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmeli bolarysmy?! Pulumyzdan galan zat ýok» diýdiler.
16 Ýusup olara: «Eger puluňyz bolmasa, onda azygy mala çalşaýalyň» diýdi.
17 Şeýdip, olar öz mallaryny Ýusuba getirip berdiler. Ýusup hem olaryň atlaryny, ownukly-irili mallaryny we eşeklerini azyga çalyşdy. Şol ýyl Ýusup halkyň mallaryny alyp, olary azyk bilen üpjün etdi.
18 Bir ýyl geçdi. Indiki ýyl müsürliler ýene-de Ýusubyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz jenabymyzdan hiç zady ýaşyrmarys; bar pullarymyzy gutardyk, mallarymyzy bolsa biz size berdik. Size berer ýaly tenimizden we mülklerimizden başga galan zat ýokdur.
19 Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmelimi, mülklerimiz çöle dönäýmelimi? Bizi mülklerimiz bilen bile al-da, bize azyk ber. Mülklerimiz bilen bile fyrowna gul bolaly. Biziň ölmezimiz ýaly, mülklerimiziň-de çöle dönmezi ýaly, siz bize tohum beriň».
20 Şeýdip, Ýusup Müsüriň ähli mülklerini fyrown üçin satyn aldy. Ähli müsürliler ýowuz açlyga döz gelip bilmän, öz mülklerini satdylar. Şeýlelikde, tutuş Müsür topragy fyrownyň eline geçdi.
21 Ýusup Müsüriň başdan-aýak ähli halkyny gula öwürdi.
22 Ol diňe ruhanylaryň mülk ýerine degmedi, çünki ruhanylara fyrown tarapyndan bellenen möçberde hak tölenilýärdi we olar şol tölenen hak bilen güzeran görýärdiler. Şol sebäpden hem olar öz mülklerini satmadylar.
23 Ýusup Müsür halkyna şeýle diýdi: «Fyrown üçin sizi ýerleriňiz bilen bile satyn aldym. Ine, tohum, alyň-da, ekiň.
24 Siz alan hasylyňyzyň bäşden bir bölegini fyrowna berersiňiz, dörtden bir bölegini bolsa özüňize tohum üçin, hojalyklaryňyza we çagalaryňyza azyk üçin alarsyňyz».
25 Olar: «Siz bizi halas etdiňiz; jenabymyz razy bolsa, biz fyrowna gul bolarys» diýdiler.
26 Şeýdip, Ýusup ruhanylardan başga hemmeleriň hasylynyň bäşden bir böleginiň fyrowna berilmelidigi hakynda höküm çykardy. Bu höküm şu günki güne çenli hem öz güýjündedir.
27 Ysraýyllar Müsüriň Goşen welaýatynda mesgen tutup, şol welaýatda özlerine mülk edindiler. Olar örňäp, juda köpeldiler.
28 Ýakup Müsürde on ýedi ýyl ýaşady. Ol ýüz kyrk ýedi ýyl ýaşady.
29 Ölüm pursaty golaýlanda, Ysraýyl Ýusuby ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Eger meni söýýäniň çyn bolsa, onda eliňi satanymyň arasyna goý-da, maňa wepaly boljakdygyňa hem sözümi tutjakdygyňa ant iç. Meni Müsürde jaýlamagyn.
30 Ata-babalarymyň ýanynda ýatarym ýaly, meni Müsürden äkidip, şolaryň ýanynda jaýla». Ýusup oňa: «Aýdyşyň ýaly ederin» diýdi.
31 Ysraýyl Ýusuba: «Ant iç!» diýdi. Ýusup ant içdi. Onsoň Ysraýyl düşeginiň başynda tagzym etdi. ‎




Chapter 48

1 Şu wakalardan soň Ýusuba «Kakaň hassadyr» diýen habar geldi. Ýusup iki ogluny Manaşe bilen Efraýymy ýanyna alyp ýola düşdi.
2 Ýakuba: «Ogluň Ýusup seni görmäge geldi» diýip habar berdiler. Ysraýyl ähli güýjüni jemläp, düşeginde dikelip oturdy.
3 Ýakup Ýusuba şeýle diýdi: «Gudratygüýçli Alla Kengan topragynda, Luzda maňa görnüp: „Men seni örňedip, köpeldip, senden ençeme halklar dörederin. Kengan topragyny saňa we seniň nesilleriňe ebedi mülk edip bererin“ diýip pata beripdi.
5 Men Müsüre gelmezimden öň, bu ýerde doglan iki ogluň Efraýym bilen Manaşe edil Ruben bilen Şimgon ýaly meniň ogullarymdyr.
6 Olardan soňky doguljak ogullaryň seniňki bolsun. Olar Efraýym bilen Manaşeden miras alarlar.
7 Padanaramdan gaýdyp gelýärkäm, Kenganda Eprata ýetmäge sähel aralyk galanda, ýolda Rahel dünýäden ötdi. Bu meni erbet gama batyrdy. Men ony Eprata (häzirki Beýtullahama) gidilýän ýoluň gyrasynda jaýladym».
8 Ysraýyl Ýusubyň ogullaryny görüp, ondan: «Bular kim?» diýip sorady.
9 Ýusup kakasyna: «Bular meniň ogullarym» diýip jogap berdi. Ýakup Ýusuba: «Olary meniň ýanyma getir, men olara pata bereýin» diýdi.
10 Garrylykdan ýaňa Ysraýylyň gözleri kütelişipdi we ol gowy görüp bilmeýärdi. Onsoň Ýusup ogullaryny kakasynyň alkymyna getirdi. Ýakup olary gujaklap ogşady.
11 Ysraýyl Ýusuba: «Men seniň didaryňy görmekden umydymy üzüpdim, ýöne Reb maňa seniň çagalaryňy-da görkezdi» diýdi.
12 Ýusup ogullaryny kakasynyň öňünden alyp, oňa iki bükülip tagzym etdi.
13 Soňra Ýusup Efraýymy sagyna alyp, Ysraýylyň çep tarapyna, Manaşäni bolsa çepine alyp, Ysraýylyň sag tarapyna golaý getirdi.
14 Ýöne Ysraýyl ellerini çalşyryp, kiçi agtygy Efraýymyň başyna sag elini, uly agtygy Manaşäniň başyna bolsa çep elini goýdy.
15 Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi: «Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy, Ömür boýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý,
16 Ähli şer işlerden meni goran perişde Bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady Şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!»
17 Kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýmagy, Ýusuba ýaramady. Ýusup: «Kaka, beýle däl. Ulusy, ine, budur – Manaşedir. Sag eliňi onuň başyna goý» diýip, kakasynyň elini Efraýymyň başyndan aýryp, ony Manaşäniň başyna goýjak boldy.
19 Ýöne kakasy beýle etmedi. Ol Ýusuba: «Bilýän, oglum, bilýän. Manaşe hem beýik bolar we onuň nesillerinden hem beýik halk dörär. Emma onuň inisi Efraýym, agasyndan has beýik bolar we onuň nesillerinden juda köp milletler dörär» diýdi.
20 Şol gün Ysraýyl olara pata berip, şeýle diýdi: «Ysraýyl halky kimdir-birine pata berende: „Hudaý sizi edil Efraýymy hem Manaşäni ýalkaýşy ýaly ýalkasyn“ Diýip, siziň adyňyz bilen pata berer». Şeýdip, Ysraýyl Efraýymyň adyny Manaşeniň adyndan öňe geçirdi.
21 Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Meniň sanaglym dolup barýar. Emma Hudaý siziň bilen bile bolar we sizi ýene-de öz ata-babalaryňyzyň mekanyna elter.
22 Indi men Şekemi doganlaryňa däl-de, saňa berýärin; men ol mülk ýeri gylyjymdyr ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi. ‎




Chapter 49

1 Ýakup öz ogullaryny çagyryp, olara: «Ýanyma ýygnanyşyň, men geljekde size nämeleriň garaşýandygyny aýdyp bereýin» diýdi.
2 «Eý, Ýakubyň ogullary, toplanyň-da, diňläň, Gulak asyň kakaňyz Ysraýyla!
3 Eý, Ruben, meniň nowbahar oglum, Güýjüm-kuwwatym, jahyllyk çagymyň ilkinji miwesi, Hemme ogullarymdan iň mertebelisi we iň güýçlüsi sensiň.
4 Suw kimin durnuksyzsyň sen, Indiden beýläk mertebäň belende galmaz seniň, Çünki sen öz ataň düşegine geçip, Ony harama çykardyň.
5 Şimgon we Lewi dogandyr bular, Gylyçlaryny zalymlyk etmek üçin ulanýandyr olar,
6 Gatnaşmaýyn men olaryň geňeşine asla, Goşulmaýyn men olaryň toparyna, Çünki gaharlaryna adamlary gyrdylar olar, Keýpihonlykda öküzleri maýyp-müjrüp etdiler olar.
7 Nälet bolsun olaryň gahar-gazaplaryna, çünki bu zalymlykdyr, Nälet bolsun, olaryň sütemkärligine, çünki bu zabunlykdyr, Men Şimgonyň we Lewiniň nesillerini Ýakubyň arasyna dagadaryn, Men olary Ysraýylyň arasyna pytradaryn.
8 Eý, Ýahuda, Eliň duşmanlaryňyň ýakasynda bolar, Doganlaryň seni öwerler, Ataňyň ogullary saňa boýun egerler.
9 Eý, oglum Ýahuda, Sen aw awlap, awuny iýip, dolanyp gelen şir balasy kiminsiň, Sen şir dek, ene şir dek çökýäň-de ýatýaň. Şiri ýerinden gozgamaga milt edýän ýokdur.
10 Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, Onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, Milletler oňa boýun bolarlar.
11 Eşegini üzüm agajyna, Kürresini üzüm agajynyň iň gowusyna daňýandyr ol, Şeraba ýuwýandyr eginbaşyny, Üzüm şire suwuna ýuwýandyr donuny ol.
12 Gözleri şerapdan goýudyr onuň, Dişleri süýtden akdyr.
13 Deňiz kenarynda mesgen tutar Zebulun, Gämiler üçin duralga bolar onuň kenary, Sidona ýeter ýeriniň çäkleri.
14 Horjunlarynyň arasynda ýazylyp ýatan, Kuwwatly eşek kysmydyr Ysakar.
15 Ysakar dynç alynýan ýeriň amatlydygyny, Ýeriň göwne ýaramlydygyny gördi, Şeýdip, ol ýük çekmek üçin gerşini egip, Mejbury zähmet çekmeli boldy.
16 Ysraýyl tireleriniň biri hökmünde, Dan öz halkyna hökümdarlyk eder.
17 Dan atyň üstündäki atlynyň yza serpileri ýaly, Atyň topugyndan çakýan Ýol ugrundaky ýylan deý, Ýodanyň boýundaky mar deý bolar.
18 Halas etmegiňe garaşýandyryn men, Ýa Reb!
19 Galtamanlar Gatyň üstüne hüjüm ederler, Emma Gat olaryň yzlaryndan ýetip, Olaryň üstlerine hüjüm eder.
20 Topragyndan bol hasyl alar Aşer, Mynasyp näzi-nygmatlar bilen üpjün eder şalary.
21 Naftaly görmegeý çagaly Erkin suguna çalym edýär.
22 Ýusup bir miweli agaçdyr, Bulak başyndaky miweli daragtdyr, Şahalary diwardan aşýar
23 Ýaýçylar gazap bilen hüjüm etdiler Ýusuba, Ony atyp, yzyndan kowdular onuň.
24 Emma Ýakubyň gudratly Hudaýy Çopany, Ysraýylyň Gaýasy-Goragçysy tarapyndan Onuň ýaýy berk, Gollary gujurly edildi.
25 Ataňyň Hudaýydyr saňa medet berjek, Ýokardaky asmanyň bereketleri bilen, Ýer astyndaky çuňluklaryň bereketleri bilen, Ene göwsi hem ene ýatgysynyň berekedi bilen Gudratygüýçli Alla ýalkajakdyr seni.
26 Ataňyň beren patalary Baky daglaryň bereketlerinden, Ebedi baýyrlaryň baýlygyndan artykdyr, Şu patalar Ýusubyň Başyna insin, Doganlarynyň arasyndan saýlananyň üstünde bolsun.
27 Benýamin hyrsyz möjekdir, Ol irden awuny tutup iýip, Agşam galan awuny paýlaşdyrýandyr».
28 Ine, şular Ysraýylyň on iki tiresidir. Atasy olara pata berip, şulary aýtdy. Ýakup ogullarynyň hersine olaryň özlerine laýyk pata berdi.
29 Soňra Ýakup ogullaryna şeýle tabşyryk berdi: «Indi meniň ölüp, ata-babalaryma gowuşmaly pursatym golaýlap gelýär. Meni Kengan ýurdunda ýerleşýän, Mamreniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýlaň. Ybraýym bu gowagy we mülki gonamçylyk etmek üçin Epron hetden satyn alypdy.
31 Ybraýym we onuň aýaly Sara, Yshak we onuň aýaly Rebeka hem şol gowakda jaýlandylar. Men Leýany hem şol ýerde jaýladym.
32 Ol mülk ýeri we ondaky gowak hetlerden satyn alnandyr».
33 Ýakup ogullaryna tabşyryk berip bolandan soň, aýagyny düşegine ýygnap, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy. ‎




Chapter 50

1 Ýusup özüni kakasynyň üstüne oklap, aglap, ony ogşady.
2 Ol öz hyzmatyndaky lukmanlara kakasynyň jesedini mumyýalamagy buýurdy. Lukmanlar Ysraýylyň jesedini mumyýaladylar.
3 Bu iş kyrk güne çekdi, çünki mumyýalamak şonça wagty talap edýär. Müsürliler ýetmiş günläp Ysraýylyň ýasyny tutdular.
4 Ýas günleri geçenden soň, Ýusup fyrownyň köşkgündäkilere şeýle diýdi: «Eger men siziň göwnüňizden turan bolsam, onda fyrowna şeýle diýiň. Kakam ölmezinden öň: „Meniň sanaglym dolup barýar. Meni Kenganda özüm üçin gazan gabrymda jaýlaň“ diýip ant içdirdi. Indi, goý, ol maňa gidip, kakamy jaýlamaga rugsat bersin; onsoň men yzyma dolanaryn».
6 Fyrown: «Kakaňy ant içirdişi ýaly et-de jaýla» diýdi.
7 Şeýdip, Ýusup kakasynyň jesedini alyp ýola düşdi. Fyrownyň ähli emeldarlary, köşgüň we tutuş Müsüriň belent mertebeli adamlary,
8 Ýusubyň tutuş hojalygy, onuň doganlarydyr kakasynyň hojalygyndakylaryň hemmesi-de onuň ýanyndadylar. Goşen welaýatynda diňe çagalar, ownukly-irili mallar galdy.
9 Arabalylardyr atlylar-da Ýusup bilen gitdi. Bu ägirt uly mähelledi.
10 Iordan derýasynyň gündogaryndaky Atat harmany diýen ýere ýetenlerinde, olar ses edip aglaşdylar. Ýusup kakasy üçin ýedi günläp ýas tutdy.
11 Atat harmany diýen ýerdäki ýasy görüp, Kenganyň ýerli ilaty: «Müsürlileriň ýas tutuşy, gör, nähili agyr!» diýişdiler. Şoňa görä-de Iordan derýasynyň gündogar tarapyndaky bu ýere Abelmisraýym diýen at berildi.
12 Şeýdip, Ysraýylyň ogullary kakalarynyň beren tabşyrygyny aýdyşy ýaly berjaý etdiler.
13 Olar Ysraýyly Kengan topragyna getirip, Mamreniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýladylar. Ybraýym bu gowagy gonamçylyk etmek üçin ýeri bilen bile Epron hetden satyn alypdy.
14 Kakasyny jaýlandan soň, Ýusup doganlary hem-de olar bilen kakasyny jaýlamaga gelenleriň hemmesi bilen bilelikde Müsüre gaýdyp geldi.
15 Kakalary ölenden soň, Ýusubyň doganlary «Eden ýamanlygymyz üçin Ýusup kine saklap, bizden ar alsa näme?» diýip güman etdiler.
16 Şunlukda, olar Ýusuba: «Kakamyz bize ölmeziniň öň ýanynda Ýusuba şeýle diýiň: „Doganlaryňyň jenaýat işini we eden günälerini bagyşla, çünki olar saňa ýamanlyk etdiler“ diýip tabşyrdy. Indi öz ataňyň Hudaýynyň gullary bolan biziň günämizi öt!» diýen habar ýolladylar. Bu habary eşidip, Ýusup aglady.
18 Doganlarynyň özleri-de gelip, Ýusubyň öňünde ýüzin düşüp: «Biz seniň gullaryňdyrys» diýdiler.
19 Ýusup olara: «Gorkmaň, men Hudaýmy näme?!
20 Siz maňa ýamanlyk etmek islediňiz, emma görşüňiz ýaly, birtopar adamlary diri galdyrmak üçin Hudaý ol ýamanlygy ýagşylyga öwürdi.
21 Siz gorkmaň. Men siziň-de, siziň çagalaryňyzyň-da aladasyny ederin» diýip, Ýusup olara mähirli sözler bilen göwünlik berdi.
22 Şeýdip, Ýusup kakasynyň hojalygy bilen bile Müsürde ornaşdy. Ol ýüz on ýyl ýaşady.
23 Ýusup Efraýymyň üsti bilen çowluklar gördi. Manaşäniň ogly Makyryň çagalary Ýusubyň çagalary hasaplandy.
24 Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.
25 Soňra Ýusup Ysraýylyň ogullaryna ant içirip, şeýle diýdi: «Hudaý size nazar salanda, siz meniň süňklerimi-de öz ýanyňyz bilen alyp gidiň».
26 Şeýdip, Ýusup ýüz on ýaşynda dünýäden ötdi. Onuň jesedi Müsürde mumyýalanyp, tabyda salnyp goýuldy. ‎