Ýeşuwa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24

Chapter 1

1 Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi:
2 «Meniň gulum Musa öldi. Indi Meniň ysraýyllara berýän ýerime barmak üçin, seniň özüň hem tutuş halk Iordan derýasyndan geçmäge taýýarlanyň.
3 Edil Musa söz berşim ýaly, her bir aýak basjak ýeriňizi Men size berjekdirin.
4 Günortadaky çölden başlap, demirgazykdaky Liwan daglaryna çenli, hetleriň tutuş ülkesi, gündogardaky beýik Perat derýasyndan günbatardaky Ortaýer deňzine çenli ýerler siziňki bolar.
5 Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.
6 Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň.
7 Diňe dözümli hem mert bol! Gulum Musanyň özüňe tabşyran tutuş kanunyny dykgat bilen ýerine ýetir. Nirä gitseň-de üstünlik gazanar ýaly, olardan hiç ýana sowulma.
8 Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar.
9 Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!».
10 Soňra Ýeşuwa halkyň ýolbaşçylaryna şeýle buýruk berdi:
11 «Düşelgäniň içinden geçiň we ilata: „Ýol üçin azyk harajatyňyzy taýýarlaň, sebäbi siz ýene üç günden Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýerini eýelemäge gidersiňiz“ diýip tabşyryk beriň».
12 Ýeşuwa ruben, gat tirelerine we manaşe ýarym tiresine ýüzlenip şeýle diýdi:
13 «Rebbiň guly Musanyň aýdanlaryny ýadyňyza salyň. Ol size: „Hudaýyňyz Reb siziň rahatlygyňyz üçin bu topragy size berýär“ diýipdi.
14 Siziň aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz, goý, Iordan derýasynyň gündogar tarapynda – Musanyň size beren ýerinde galsyn. Emma araňyzdaky ähli urşujylar ýaraglanyp, doganlaryňyzyň öňünden derýadan geçsinler.
15 Tä Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berýänçä we tä olar hem Hudaýyňyz Rebbiň özlerine berýän ýerini eýeleýänçäler, siz olara kömek ediň. Şondan soň siz Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň gündogaryndaky özüňize beren ýerine dolanyp gelip, oňa eýelik edersiňiz».
16 Olar Ýeşuwa şeýle jogap berdiler: «Bize buýran tabşyryklaryňyň ählisini ýerine ýetireris we nirä iberseň-de gideris.
17 Biz edil Musa boýun egşimiz ýaly, saňa hem boýun egeris. Ýöne Hudaýyň Reb elmydama Musa bilen bolşy ýaly, seniň bilen hem bile bolsun.
18 Kimde-kim seniň sözüňe garşy çykyp, seniň tabşyran her bir buýrugyňa boýun bolmasa, onuň jezasy ölümdir. Diňe dözümli hem mert bol!».




Chapter 2

1 Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, jelepçilik bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.
2 Ýeriho hanyna: «Ýurdumyzy gizlinlikde gözden geçirmek üçin, gije bu ýere birnäçe näbelli ysraýyllar gelipdir» diýip habar berildi.
3 Şonda Ýeriho hany Rahaba şeýle buýruk iberdi: «Öýüňe gelen adamlary biziň elimize ber! Sebäbi olar biziň tutuş ýurdumyzy gözden geçirmek üçin gelipdirler».
4 Emma bu aýal ol iki adamy öz öýünde gizledi hem-de hanyň iberen adamlaryna: «Dogrudan-da, meniňkä adamlar geldiler, ýöne olaryň niredendiklerinden meniň habarym ýok.
5 Olar garaňky düşüp, gala derwezesiniň ýapylýan wagty çykyp gitdiler, olaryň nirä gidendiklerini men bilemok. Haýal etmän yzlaryndan kowsaňyz, siziň olary ele salmagyňyz mümkin» diýdi.
6 Emma Rahap ol adamlary üçegiň ýokarsyna çykaryp, ol ýerdäki zygyr üýşmeginiň arasynda gizläpdi.
7 Kowguçylar olary gözläp, tä Iordan derýasynyň güzerine çenli gitdiler. Olar çykan badyna, derwezäni ýapdylar.
8 Bu adamlar ýatmankalar, Rahap tamyň üçegine çykyp, olaryň ýanyna geldi
9 we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi.
10 Müsürden çykanyňyzda, Rebbiň siziň öňüňizde Gyzyl deňziniň1 suwuny guradandygyny biz eşitdik. Iordan derýasynyň gündogaryndaky amorlaryň Sihon hem-de Og diýen iki hanyny siziň bütinleý ýok edendigiňizden hem habarymyz bar.
11 Bulary eşidenimizde, ýüregimiz bükgüldedi, sizden gorkymyz sebäpli bizde ysgyn-mydar galmady. Siziň Hudaýyňyz Reb gökde hem, ýerde hem Hudaýdyr.
12 Şoňa görä-de, meniň size rehimdarlyk edişim ýaly, siziň hem maňa we atamyň maşgalasyna rehim etjekdigiňize öz Hudaýyňyz Rebden ant içiň. Size doly ynanar ýaly maňa bir nyşan beriň.
13 Meniň ata-enemi, erkek we aýal doganlarymy, olara degişli bolanlaryň hemmesini diri galdyrjakdygyňyza, bizi ölümden halas etjekdigiňize söz beriň».
14 Olar Rahaba: «Eger biziň işimiziň syryny açmasaň, onda, goý, janymyz size pida bolsun! Reb bu ýurdy bize beren wagtynda, biz hem size, hakykatdan-da, rehimdarlyk ederis» diýdiler.
15 Ol aýalyň öýi galanyň diwarynda ýerleşýärdi. Rahap ol adamlary penjireden tanap sallap, aşak düşürdi.
16 Onsoň Rahap olara: «Kowguçylara duşmazyňyz ýaly daglyga tarap gidiň we olar yzyna dolanyp gelýänçäler, üç günläp ol ýerde gizleniň, soňra öz ýoluňyz bilen gidiberiň» diýdi. 17–18 Ol adamlar Rahaba şeýle diýdiler: «Eger biz bu ýurdy basyp alanymyzda, bizi aşak düşüren penjiräňe şu gyzyl ýüpi daňmasaň we kakaňy, ejeňi, doganlaryňy, ataňyň ähli maşgalasyny öz öýüňe ýygnamasaň, biz hem seniň içiren antyňdan azatdyrys.
19 Eger-de kimde-kim seniň öýüňden daşary çyksa, ol ölümini özünden görsün, bu biziň günämiz bolmaz, emma seniň bilen öýüňde bolan adama el göterilse, onda biz onuň ölümini öz üstümize alýarys.
20 Ýatdan çykarma, eger sen biziň işimiziň syryny açaýsaň, biz hem seniň içiren antyňdan azatdyrys».
21 Rahap: «Siziň aýdyşyňyz ýaly bolar» diýip, olary ugradyp goýberdi we olar gidensoň, gyzyl ýüpi penjirä daňdy.
22 Olar gidişine daglyga bardylar. Kowguçylar olary gözläp, ýoluň ähli ýerlerini agtardylar, emma tapmadylar. Kowguçylar yzyna dolanýançalar, olar üç günläp daglykda boldular.
23 Şeýlelikde, ol iki adam daglykdan geçip, yzyna gaýtdy. Olar Iordan derýasyndan geçip, Nunuň ogly Ýeşuwanyň ýanyna geldiler we bolan işleriň hemmesini oňa gürrüň berdiler.
24 Olar Ýeşuwa: «Dogrudan-da, Reb tutuş ýurdy biziň elimize beripdir. Ol ýerde ýaşaýan ähli halk biz sebäpli dowla düşýär» diýdiler.




Chapter 3

1 Ýeşuwa we ähli ysraýyllar ir bilen turup, Şitimden çykyp ugradylar. Iordan derýasyndan geçmezden öňürti, olar gijäni geçirmek üçin onuň kenarynda düşlediler.
2 Üç günden soň ýolbaşçylar düşelgäniň içinden geçip,
3 halka şeýle buýruk berdiler: «Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryny gören badyňyza, öz düşelgäňiziň daşyna çykyp, olaryň yzyna düşüň.
4 Çünki siz öň bu ýoldan ýöräp görmändiňiz, olar size nirä gitmelidigini görkezerler. Olaryň yzy bilen ýöräň, emma gaty golaý barmaň, olar bilen araňyz iki müň tirsek bolsun».
5 Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Iniňizizi tämizläň, sebäbi ertir Reb siziň araňyzda gudrat görkezip başlar» diýdi.
6 Soňra Ýeşuwa ruhanylara Äht sandygyny eginlerine göterip, halkyň öňünden ýöremegi buýurdy. Olar aýdylyşy ýaly etdiler.
7 Reb Ýeşuwa: «Şu gün Men seni ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda beýik adam etjek, goý, olar Meniň Musa bilen bile bolşum ýaly, seniň bilen hem bile boljakdygymy bilsinler.
8 Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasyna çala girip, aýaklary suwa degen badyna, sen olara durmaklygy buýur» diýdi.
9 Ýeşuwa ysraýyllara ýüzlenip: «Bäri geliň-de, öz Hudaýyňyz Rebbiň sözlerine gulak salyň» diýip, olary çagyrdy.
10 Ýeşuwa ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýyňyz siziň öňüňizden şu halklary: kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary we ýabuslary kowup çykarjakdyr. Onuň şu etjek işlerinden siz diri Hudaýyň öz araňyzdadygyny bilersiňiz.
11 Ine, bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň Äht sandygy siziň öňüňizden Iordan derýasyndan geçer.
12 Şunlukda, siz Ysraýylyň on iki tiresiniň hersinden bir adamy saýlaň.
13 Bütin ýer ýüzüniň Taňrysy Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň aýaklary Iordan derýasynyň suwuna degen badyna, ýokardan akýan suwlar kesilip, edil diwar ýaly bolup durar».
14 Şeýlelikde, adamlar çadyrlaryny ýygnap, Iordan derýasyndan geçmek üçin ugradylar, Äht sandygyny göterýän ruhanylar olaryň öňlerine düşdüler.
15 Şol wagty bugdaý oragy döwri bolansoň Iordan derýasynyň suwy joşup, ähli kenarlary bilen dolup daşýardy. Muňa garamazdan, Äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň gyrasyna gelip, aýaklaryny suwa degren badyna,
16 derýanyň akymy togtady. Onsoň suwlar olardan uzakdaky Saretanyň golaýynda ýerleşýän Adama galasynyň deňinde ýygnanyp, bir üýşmek bolup durdy. Şeýle hem, Araba deňzine, ýagny Duz deňzine gelip guýýan suwlaryň akmasy bütinleý kesildi. Adamlar derýadan Ýeriho tarap geçdiler.
17 Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa, tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, ähli ysraýyl halky derýadan gury ýerden geçdi.




Chapter 4

1 Ähli halk Iordan derýasyndan geçip bolandan soň, Reb Ýeşuwa:
2 «Halkyň arasyndan on iki sany adam, ýagny her tireden bir adam saýla.
3 Olara Iordan derýasynyň ortasyndan, edil ruhanylaryň aýagynyň duran ýerinden on iki sany daşy getirmegi buýur. Olar şol daşlary siziň gije düşlejek düşelgäňize getirip goýsunlar» diýdi.
4 Soňra Ýeşuwa her tireden saýlanan on iki adamy çagyrdy.
5 Ýeşuwa olara şeýle diýdi: «Öz Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöräp, Iordan derýasynyň ortasyna tarap gidiň. Ysraýyl halkynyň tire sanyna görä, her biriňiz egniňize bir daşy göterip getiriň.
6 Bu daşlar siziň üçin ýadygärlik bolsun. Geljekde çagalaryňyz sizden bu daşlaryň nämäni aňladýandygyny soranlarynda, bular size subutnama bolar.
7 Ysraýyllar üçin Rebbiň Äht sandygynyň öňünde Iordan derýasynyň suwunyň kesilendigini, Äht sandygy göterilip getirilende, suwlaryň yza çekilendigini olara gürrüň beriň. Şeýlelikde, bu daşlar ysraýyllar üçin asyrlar boýy subutnama bolar».
8 Ysraýyllar Ýeşuwanyň tabşyryşy ýaly etdiler. Olar Rebbiň Ýeşuwa buýruşy ýaly, Ysraýylyň her tiresi üçin bir daşy – on iki sany daşy Iordan derýasynyň ortasyndan düşelgä getirip, olary şol ýerde goýdular.
9 Ýeşuwa hem başga on iki sany daşy Iordan derýasynyň ortasynda, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň duran ýerinde goýdy. (Ol daşlar biziň günlerimizde hem şol ýerde dur).
10 Ysraýyllara berjaý etmeli diýip, Rebbiň Ýeşuwa beren hemme buýrugy ýerine ýetýänçä, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasynyň ortasynda durdular. Bu Musanyň Ýeşuwa diýşi ýaly boldy. Ysraýyllar derýadan çaltlyk bilen geçdiler.
11 Olaryň hemmesi geçip bolandan soňra, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar geçdiler we olar halka baş bolup, adamlaryň öňünden ýörediler.
12 Rubenler, gatlar we manaşe ýarym tiresi Musanyň aýdyşy ýaly, ýaraglanyp ysraýyllaryň öňünden geçdiler.
13 Güýçli urşujylaryň kyrk müňe golaýy Rebbiň huzurynda söweşe taýýar bolup, Ýeriho düzlügine geldiler.
14 Şol gün Reb ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda Ýeşuwany sylanýan beýik adam etdi. Olar Musadan gorkuşlary ýaly, ömrüniň bütin dowamynda Ýeşuwadan hem gorkdular. 15–16 Reb Ýeşuwa: «Äht sandygyny göterýän ruhanylara: „Iordandan çykyň“ diýip buýruk ber» diýdi.
17 Ýeşuwa hem buýrugy ýerine ýetirdi.
18 Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar suwdan çykyp, aýaklary gury ýere degen badyna, Iordanyň suwy ýene-de öz hanasyna öwrülip, öňküsi ýaly dolup-daşyp akyp başlady.
19 Ysraýyllar Iordandan birinji aýyň onunjy güni çykdylar we Ýeriho galasynyň gündogar tarapyndaky Gilgalda düşlediler.
20 Ýeşuwa olaryň Iordandan alan on iki sany daşyny Gilgalda goýdurdy.
21 Ol ysraýyllara şeýle diýdi: «Geljekde siziň nesilleriňiz öz atalaryndan bu daşlaryň nämäni aňladýandygyny soranlarynda,
22 siz olara ysraýyl halkynyň Iordan derýasynyň içinden gury ýer bilen geçendigini düşündiriň.
23 Çünki Gyzyl deňzinden geçenimizde, Hudaýyňyz Rebbiň biziň üçin onuň suwuny guradyşy ýaly, siz geçýänçäňiz Iordanyň suwuny-da guradandygyny olara aýdyň.
24 Ol muny ýer ýüzündäki ähli halklar Rebbiň beýik gudratyny bilsin diýip we Hudaýyňyz Rebden siz hemişelik gorkarsyňyz diýip etdi».




Chapter 5

1 Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň onuň suwuny gury ýere öwrendigini eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.
2 Şol wagt Reb Ýeşuwa: «Çakmak daşyndan pyçaklar ýasa we öň ysraýyllaryň ata-babalarynyň sünnetlenişi ýaly, bulary hem sünnetle» diýdi.
3 Şeýlelikde, Ýeşuwa özüne aýdylyşy ýaly etdi we sünnet edilýän ýer Gibegat Haralot diýlip atlandyryldy.
4 Ýeşuwanyň ysraýyllary näme üçin sünnetländiginiň sebäbi şudur: Müsürden çykyp gaýdan, söweş ýaşyna ýeten ähli erkekler ýöriş edenlerinde ýolda, çölde öldüler.
5 Müsürden çykan şol erkekleriň hemmesi sünnetlenendi, emma ýoldaky çölde soňky doglan oglanlar sünnetlenmedikdiler.
6 Ysraýyl halky kyrk ýyllap çölde sergezdançylyk çekdi. Müsürden çykan urşujylaryň hemmesi öldi, çünki olar Rebbiň sözüne gulak asmandylar. Ata-babalaryna ant içip, söz beren süýt we bal akýan ýurdy Reb olara görkezmejekdigine kasam etdi.
7 Şol adamlaryň ogullary ösüp kemala geldi, emma olar sünnetlenmändiler, ine, şol sebäpli Ýeşuwa olary sünnetledi.
8 Halkyň ähli erkekleri sünnetlenip gutarlandan soň, olar gutulýançalar düşelgede galdylar.
9 Soňra Reb Ýeşuwa: «Bu gün Men sizden Müsür gulçulyk ryswasyny aýryp taşladym» diýdi. (Şol ýer häzirki güne çenli hem Gilgal diýlip atlandyrylýar).
10 Aýyň on dördi güni agşam ysraýyllar Ýeriho düzlügindäki Gilgalda düşlänlerinde Pesah baýramyny bellediler.
11 Ertesi gün birinji gezek olar Kenganyň hasylyndan petir we gowurga iýdiler.
12 Olar bu ýurduň önümlerinden birinji gezek iýenlerinde, şol günüň ertesi mannanyň ýagmasy galdy. Ysraýyllar şondan soň manna ýaganyny görmediler, şol ýyl olar Kenganyň ýerinde bitýän iýmitlerden iýdiler.
13 Ýeşuwa Ýeriho galasyna golaý baryp, başyny galdyryp seredende, onuň eli syrma gylyçly duran bir adama gözi düşdi. Ýeşuwa onuň ýanyna baryp: «Sen hem biziňkileriň birimiň ýa-da duşmanmysyň?» diýip sorady.
14 Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňyza näme hyzmat?» diýip sorady.
15 Rebbiň goşunynyň serkerdesi oňa: «Çarygyňy çykar, çünki seniň duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr!» diýdi. Ýeşuwa aýdylyşy ýaly etdi.
16 Şol wagty Ýerihonyň derwezeleri ysraýyllardan gorkýandyklary üçin gulply goralyp saklanýardy. Hiç kim ol ýere girip-de, çykyp-da bilmeýärdi.




Chapter 6

1 Onsoň Reb Ýeşuwa şeýle tabşyrdy: «Ine, Men Ýeriho galasyny we onuň edermen urşujylary bilen birlikde onuň hanyny seniň eliňe berýärin.
2 Ähli urşujylaryň bilen alty günüň dowamynda, günde bir gezek galanyň daşyndan aýlan.
3 Goý, ýedi ruhanynyň hersi goçuň şahyndan edilen bir surnaýy alyp, Äht sandygynyň öňünden ýöresin. Ýedinji gün siz galanyň daşyndan ýedi gezek aýlanyň, şol wagt ruhanylar hem surnaýlaryny çalsynlar.
4 Batly çalnan surnaýlaryň seslerini eşiden badyňyza, ähliňiz gaty sesiňiz bilen gygyryň, şonda galanyň diwarlary ýykylar. Şol wagt ähli adamlar galanyň içine kürsäp girsinler».
5 Ýeşuwa ruhanylary çagyryp, olara: «Rebbiň Äht sandygyny göteriň, ýedi sany ruhany bolsa goçuň şahyndan edilen ýedi surnaýy göterip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöresin» diýdi.
6 Soňra ol öz adamlaryna galanyň daşyndan aýlanyp başlamagy we öňdäki ýaragly goşuna Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöremekligi buýurdy.
7 Edil Ýeşuwanyň buýruşy ýaly, ýedi ruhany Rebbiň huzurynda surnaýlaryny çalyp, öňe ýörediler. Rebbiň Äht sandygyny göterýänler hem olaryň yzyna düşdüler.
8 Ýaragly goşun surnaýlaryny çalyp barýan ruhanylaryň öňünden gitdi we yzky gorag goşuny Rebbiň Äht sandygynyň yzyna düşdi. Tutuş şol wagt surnaý sesleriniň yzy üzülenokdy.
9 Emma Ýeşuwa öz adamlaryna: «Özüm buýruk berýänçäm, sesiňizi çykarmaň, agzyňyzdan bir söz hem çykmasyn, diňe aýdan wagtym gygyryň, diňe şol wagt gygyryň» diýdi.
10 Şeýlelikde, Ýeşuwa Rebbiň Äht sandygyny göterdip, ähli adamlar bilen bile galanyň daşyndan bir gezek aýlandy. Soňra adamlar yzylarna düşelgä dolanyp geldiler we olar gijäni şol ýerde geçirdiler.
11 Ertesi gün Ýeşuwa ir bilen turdy we ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny göterip ugradylar.
12 Goçuň şahyndan edilen ýedi surnaýy göterip barýan ýedi ruhany surnaýlaryny dynman çalyp, Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýörediler. Ýaragly goşun olaryň öňünden barýardy. Yzky gorag goşuny Rebbiň Äht sandygynyň yzyndan gelýärdi.
13 Olar galanyň daşyndan ikinji gün hem bir gezek aýlandylar we yzlaryna düşelgä dolanyp geldiler. Olar şeýdip, alty gün aýlandylar.
14 Ýedinji gün olar irden turup, öňki ýörän ýollary bilen galanyň daşyndan ýedi gezek aýlandylar. Diňe şol gün olar galanyň daşyndan ýedi gezek aýlandylar.
15 Ýedinji aýlawda ruhanylar surnaýlaryny çalanlarynda, Ýeşuwa öz adamlaryna gygyrmagy buýrup, şeýle diýdi: «Gygyryň! Çünki Reb bu galany size berdi!
16 Bu gala we ondaky ähli zatlar Rebbe aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok edilmeli. Jelepçilik bilen gününi görýän Rahapdan we onuň öýündäkilerden başga ýekeje adam hem diri galmaly däldir, sebäbi Rahap biziň iberen içalylarymyzy gizläp saklady.
17 Bütinleý ýok edilmeli zatlardan daşda duruň. Göz gyzdyryp, ol zatlardan ýekejesini alsaňyz-da, siz Ysraýyl düşelgesine weýrançylyk we betbagtçylyk getirersiňiz.
18 Altyn-kümüşden, misden we demirden ýasalan ähli gap-gaçlar Rebbe mukaddesdir. Olar Rebbiň gaznasyna goýulmalydyr».
19 Şeýdip, adamlar gygyrdylar, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar. Goşun surnaýlaryň sesini eşiden badyna şeýle bir uly şowhun turuzdy welin, galanyň diwarlary ýykyldy. Şol wagt goşun gala tarap okduryldy we ony basyp aldy.
20 Şunlukda, olar hemme erkekdir aýallary, ýaşu-garrylary, şeýle hem mal-garalary, goýunlary, eşekleri gylyçdan geçirip bütinleý ýok etdiler.
21 Soňra Ýeşuwa Ýeriho galasyna we onuň daş-töweregine içalylyk etmäge giden iki ýaş ýigide: «Rahabyň öýüne baryň we oňa, onuň öýündäkilerine söz berşiňiz ýaly, olary daşaryk alyp çykyň» diýdi.
22 Ol iki ýaş ýigit Rahabyň öýüne gidip, ony, onuň ata-enesini, doganlaryny hem-de oňa degişli bolan adamlaryň hemmesini daşaryk alyp çykdy. Olar bu maşgalany tutuşlygyna getirip, Ysraýyl düşelgesiniň ýanynda ýerleşdirdiler.
23 Galany we onuň içindäki ähli zatlary otladylar, diňe altyn-kümüşden, misden we demirden ýasalan gap-gaçlar Rebbiň öýüniň gaznasyna goýuldy.
24 Ýeriho galasyna içaly bolup baranlary gizläp saklandygy üçin, Rahaby we onuň dogan-garyndaşlaryny Ýeşuwa diri galdyrdy. (Onuň nesilleri şu günki gün hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar).
25 Şol wagt Ýeşuwa kasam edip, şeýle diýdi: «Kim bu Ýeriho galasyny täzeden gursa, goý, oňa Rebbiň huzurynda nälet siňsin! Onuň düýbüni tutan uly ogluny ýitirer, derwezesini diken körpe oglundan dynar!»
26 Şeýlelikde, Reb Ýeşuwa bilen elmydama bile boldy. Ýeşuwanyň şöhraty tutuş ýurda ýaýrady.




Chapter 7

1 Ýöne ýok edilmeli zatlardan almaly däl diýen buýruga ysraýyllaryň hemmesi boýun egmediler. Ýahuda tiresinden bolan Zeranyň çowlugy, Zabdynyň agtygy, Karmynyň ogly Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan alandygy üçin, Rebbiň gahary ysraýyllaryň başyndan indi.
2 Ýeşuwa Ýerihodan birnäçe adamy Aý galasyna içalylyk etmek üçin iberdi. Aý galasy Beýteliň gündogar tarapynda, Beýtaweniň ýanynda ýerleşýärdi. Iberilen adamlar Aý galasyna gitdiler we ol ýerleri gowy gözden geçirdiler.
3 Dolanyp gelenlerinden soň, olar Ýeşuwa: «Ähli adamlaryň ol ýere gitmegi hökman däl, goý, iki-üç 2Gibegat Haralot – ýewreýçe bu at Pürçük kesilýän baýyrlyk diýmegi aňladýar. 3Gilgal – Bu ýewreýçe aýryp taşlamak sözüniň aýdylyşyna meňzeş. 4Manna – Bu ýewreýçe Bu näme? sözüniň aýdylyşyna meňzeş müň adam gitsin-de, Aý galasyny basyp alsyn. Onuň ilaty az, ol ýere tutuş goşuny sürmegiň geregi ýok» diýdiler.
4 Ysraýyllardan üç müňe golaý adam Aý galasyna tarap gitdi, emma Aý galasynyň ýaşaýjylary olary gaçmaga mejbur etdiler.
5 Aýyň halky olaryň otuz altysyny öldürdi we beýlekilerini bolsa derwezäniň agzyndan tä daş goparylýan ýere çenli kowalap, dagyň eteginde gyrdylar. Şonuň üçin ähli halkyň sussy basyldy we dowla düşüp, ýüregi ýarylara geldi.
6 Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.
7 Ýeşuwa şeýle diýdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen näme üçin bu halky Iordandan bärik getirdiň ýa-da bizi amorlaryň elinde gyrdyrmak üçin getirdiňmi? Biz Iordandan geçmän, öňki ýerimizde galyp ýaşaberen bolsak bolmaýarmydy diýsene?!
8 Eý, Taňrym, ysraýyllar duşmanlaryndan ýeňse berip gaçanlaryndan soň, indi men näme aýdaýyn?
9 Eger kenganlar we beýleki halklar bu hakda eşitseler, olar biziň daşymyzy gabap alarlar hem-de biziň adymyzy ýer ýüzünden süpürip taşlarlar. Şonda Sen Öz beýik adyň üçin näme edip bilersiň?».
10 Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Tur ýeriňden, näme üçin ýüzüňi ýere sallaýarsyň?
11 Ysraýyl günä iş etdi. Olar ýok edilmeli zatlardan alyp, Meniň olara buýran ähtimi bozdular. Olar şol zatlardan ogurladylar we ýalan sözläp, olary öz öý goşlarynyň arasynda gizläp goýdular.
12 Şonuň üçin hem ysraýyllar duşmanyň öňünde durup bilmediler. Olar uruşda ýeňse berip gaçdylar. Çünki olaryň özleri hem ýok edilip, ölüme sezewar edilmelidirler. Eger siz öz araňyzdaky şol ogurlanan zatlary aýryp ýok etmeseňiz, Men mundan beýläk siziň bilen bile boljak däl.
13 Ýeriňden tur-da, adamlary tämizle we olara ertire çenli inlerini tämizläp mukaddes etmeklerini buýur. Sebäbi Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Eý, Ysraýyl, ýok edilmeli zatlar seniň öz içiňde. Şoňa görä-de sen tä öz içiňden olary aýryp taşlaýançaň, öz duşmanlaryňyň öňünde durup bilmersiň.
14 Şonuň üçin hem ertir irden öz ähli tireleriňiz aýry-aýrylykda tire-tire bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen tiräm urug-urug bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen urugym bolsa, maşgala-maşgala bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen maşgalam bolsa, goý, her biri ýeke ýekeden öňe çyksyn.
15 Ýok edilmeli zatlardan ogurlan adam görkezilip, tutuş maşgalasy, ähli emlägi özi bilen birlikde oda ýakylsyn, sebäbi ol Rebbiň ähtini bozdy we Ysraýylyň arasynda masgaraçylykly iş etdi“».
16 Ýeşuwa ertesi säher bilen turdy we ähli ysraýyllara tire-tire bolup öňe çykmaklaryny buýurdy we ýahuda tiresi görkezildi.
17 Soňra ýahuda tiresiniň uruglaryna öňe çykmaklaryny buýurdy we Zeranyň urugy görkezildi. Soňra Zeranyň urugy maşgalamaşgala bolup öňe çykdy we Zabdynyň maşgalasy görkezildi.
18 Onsoň Ýeşuwa Zabdynyň maşgalasyna ýeke-ýekeden öňe çykmagy buýurdy we Karmynyň ogly, Zabdynyň agtygy, Zeranyň çowlugy Akan görkezildi; ol ýahuda tiresindendi.
19 Soňra Ýeşuwa Akana: «Oglum, Ysraýyl Hudaýy Rebbi şöhratlandyr we Oňa şükür et. Indi bolsa, näme eden bolsaň maňa aýt, menden hiç zat gizleme» diýdi.
20 Akan Ýeşuwa: «Hakykatdanam, men Ysraýyl Hudaýy Rebbiň öňünde günä iş etdim.
21 Men olja alnan zatlaryň arasyndan owadan Şingar donuny, bäş gadak kümüş hem-de agramy bir ýarym gadak bolan altyn tokgasyny görenimde, gözüm gidip, olary ogurladym. Aşagyna kümüş goýup, men olary çadyrymyň içinde ýere gömdüm» diýip jogap berdi.
22 Ýeşuwa birnäçe adamy çadyry barlamaga iberdi. Olar göni çadyra kürsäp girdiler. Ýaňky aýdylan ähli zatlar aşagyna kümüş goýlup, ýere gömlen eken.
23 Olar bu zatlaryň hemmesini çadyrdan çykaryp, Ýeşuwanyň we ähli ysraýyllaryň duran ýerine getirip, Rebbiň huzurynda goýdular.
24 Ýeşuwa we ähli ysraýyllar Zeranyň çowlugy Akany we onuň ogurlan kümşüni, donuny, altyn bölegini, onuň ogul-gyzlaryny we ähli emlägini: öküzlerini, eşeklerini, goýunlaryny, çadyryny onuň özi bilen bile Akor jülgesine alyp geldiler.
25 Ýeşuwa Akana: «Biziň başymyza nähili bela getiren bolsaň, indi Reb şol bela-beteri seniň öz başyňdan inderer» diýdi. Soňra ähli ysraýyllar ony maşgalasy bilen bile daşlap öldürdiler we olary oda ýakdylar.
26 Akanyň üstünde uly daş üýşmegi emele geldi. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Diňe şondan soňra Rebbiň gahar-gazaby köşeşdi. Şonuň üçin ol ýer şu günler hem Akor jülgesi diýlip atlandyrylýar.




Chapter 8

1 Soňra Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Hiç zatdan gorkma we dowla düşme. Öz urşujylaryňyň ählisini al-da, göni Aý galasyna ýöriş et. Görýäňmi, Men Aý galasyny, onuň hanyny, adamlaryny we ýerini seniň eliňe berjekdirin.
2 Sen Ýeriho galasy bilen onuň hanyny näme eden bolsaň, Aý galasy bilen onuň hanyny hem şonuň ýaly et. Ýöne ondan olja alan zatlaryňyzy we mal-garalaryňyzy öz araňyzda paýlaşyň. Duýdansyz uruşmaga taýýar bolup, bir bölegiňiz galanyň ýeňsesinde bukuda oturyň».
3 Ýeşuwa we ähli goşun Aý galasyna gitmek üçin ýerlerinden turdular, Ýeşuwa olaryň arasyndan otuz müň sany edermen urşujyny saýlap alyp, olary gije ugratdy.
4 Ýeşuwa olara şeýle buýruk berdi: «Siz galanyň arka tarapynda, onuň ýeňsesinde bukuda oturarsyňyz. Galadan gaty uzaga gitmäň we hemmäňiz taýýar bolup duruň.
5 Men ýanymdaky ýoldaşlarym bilen gala golaý bararys. Şol wagt Aýyň ýaşaýjylary edil öňki gezekki ýaly biziň garşymyza çykyp ugrarlar welin, biz olardan gaçyp başlarys.
6 Olar biziň yzymyzdan kowalap gaýdarlar. Biz olaryň ünsüni galadan sowarys, sebäbi olar bizi edil öňki gezekki ýaly, özlerinden gaçýandyrlar öýderler. Biz olardan gaçýan mahalymyz,
7 siz bukudan çykyp, galany eýeläň. Çünki Hudaýyňyz Reb bu galany siziň eliňize berjekdir.
8 Galany eýeläniňizde, Rebbiň buýruşy ýaly, ony otlaň. Serediň, men size şeýle tabşyrýandyryn!».
9 Şeýlelikde, Ýeşuwa olary ugratdy. Olar bukuda oturmak üçin gitdiler. Olar Aý galasynyň günbatar tarapynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda ýerleşdiler, emma Ýeşuwa galan adamlar bilen gijäni düşelgede geçirdi.
10 Ýeşuwa ertesi irden turup, adamlaryň hemmesini ýygnady. Ol Ysraýyl ýaşululary bilen goşunyň öňüne düşüp, Aý galasyna tarap ugrady.
11 Onuň bilen bile urşujylaryň ählisi gitdi, olar galanyň esasy girelgesine golaýlaşdylar. Olar Aýyň demirgazyk tarapyndan gelip düşlediler. Indi olar bilen Aý galasynyň arasynda diňe jülge bardy.
12 Soňra Ýeşuwa bäş müňe golaý adamy galanyň günbatarynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda bukuda oturtdy.
13 Goşunyň agramly bölegi galanyň demirgazygynda, galan bölegi günbatarynda ýerleşdi. Ýeşuwa bolsa şol gijäni jülgede geçirdi.
14 Bu zatlary görende Aý galasynyň hany we onuň ähli adamlary çalt hereket etdiler. Han galanyň erkek adamlary bilen bile irden turup, şol wagtyň özünde Araba düzlüginiň öňüne, ysraýyllar bilen söweşmäge öňki ýere çykdy. Emma özi üçin galanyň ýeňsesinde duzak gurlandygyndan Aýyň hanynyň habary ýokdy.
15 Ýeşuwa we ähli ysraýyllar, hamala, olardan ýeňilýän ýaly bolup, çöle tarap gaçdylar.
16 Olaryň yzyndan kowmak üçin galadaky bar bolan ähli erkek adamlar çagyryldy. Olaryň hemmesi birigip, Ýeşuwanyň we onuň goşunynyň yzyndan kowalap, galadan daşlaşdylar.
17 Aýda we Beýtelde ysraýyllaryň yzyndan kowalamadyk ýekeje-de erkek adam galmady. Şeýdip, olar öz galasyny goragsyz, alaň-açyk galdyrdylar.
18 Şonda Reb Ýeşuwa: «Eliňdäki naýzany Aý galasyna tarap uzat, sebäbi Men ony seniň eliňe berjek» diýdi. Şeýlelikde, Ýeşuwa elindäki naýzasyny gala tarap uzatdy.
19 Ol elini uzadan badyna, bukuda oturanlar çalasynlyk bilen oturan ýerlerinden çykyp, gala tarap okduryldylar. Olar galany eýeläp, derrew ony oda berdiler.
20 Aý galasynyň adamlary yzlaryna seredende, galanyň tüssesiniň al-asmana galandygyny gördüler. Olaryň aňry hem, bäri hem gaçara ýeri ýokdy. Sebäbi çöle gaçyp barýan ysraýyllar hem kowguçylara garşy öwrülipdiler.
21 Ýeşuwa we ähli ysraýyllar bukuda oturanlaryň galany eýeländiklerini we galanyň tüssesiniň asmana galandygyny görüp, yzlaryna dolandylar we Aýyň adamlaryny gyrmaga başladylar.
22 Galany eýelän goşun duşmanyň öňünden çykyp, olary ysraýyllaryň ortalygynda galar ýaly edip, ähli tarapdan gabadylar-da, bir adamy hem diri galdyrman ýa-da gaçyrman, baryny gyrdylar.
23 Diňe Aý galasynyň hanyny diri tutup, ony Ýeşuwanyň ýanyna getirdiler.
24 Ysraýyllar Aý galasynyň ähli ilatyny olaryň özlerini kowalap elten ýerinde gyrdylar. Olaryň iň soňkusy öldürlenden soň, ähli ysraýyllar Aý galasyna tarap öwrüldiler we ol ýerdäkileri gylyç bilen weýran etdiler.
25 Tutuş Aý galasynda şol gün öldürilen ilatyň, aýal-erkek ählisiniň jemi on iki müň sany boldy.
26 Ýeşuwa bolsa tä Aýyň ähli ilatyny bütinleý ýok edip gutarýançalar, uzadan naýzaly elini aşak goýbermedi.
27 Rebbiň Ýeşuwa buýruşy ýaly, ysraýyllar ol galanyň diňe mal-garasyny we talap alan zatlaryny özlerine olja edip aldylar.
28 Şeýlelikde, Ýeşuwa Aý galasyny oda ýakdy we ony tä şu günlere çenli ömürlik harabaçylyga öwürdi.
29 Aýyň hanyny bolsa tä agşam düşýänçe agaçdan asyp goýdy. Gün ýaşan badyna, Ýeşuwa onuň jesedini agaçdan düşürip, galanyň derwezesiniň girelgesiniň öňüne taşlamagy buýurdy. Onuň üstüne tümmek edip, daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.
30 Şol wagt Ýeşuwa Eýbal dagynda Ysraýyl Hudaýy Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy.
31 Rebbiň guly Musanyň ysraýyllara buýruşy we onuň Kanun kitabynda ýazylyşy ýaly, gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan guruldy. Onuň üstünde Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny berdiler.
32 Ýeşuwa ysraýyllaryň gatnaşmagynda şol daşlaryň ýüzüne Musanyň kanunynyň nusgasyny ýazdy.
33 Ähli ysraýyllar, onuň ýaşululary, ýolbaşçylary, kazylary we olaryň arasyndaky gelmişekler Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylarynyň garşysynda, olaryň hem aňry gapdalyndan, hem bäri gapdalyndan iki topar bolup durdular. Rebbiň guly Musanyň: «Hudaýyň ak patasyny almaly pursatyňyz gelende, şeýle duruň» diýip buýruşy ýaly edip, olaryň ýarysy Gerizim dagynyň öňünde, beýleki ýarysy bolsa Eýbal dagynyň öňünde durdular.
34 Soňra Kanun kitabynda ýazylyşy ýaly, Ýeşuwa ähli alkyş we nälet sözlerini ýekeme-ýeke gaty ses bilen okady.
35 Tutuş Ysraýyl jemagatynyň, aýallaryň, çagalaryň we olaryň arasyndaky gelmişekleriň öňünde Ýeşuwa Musanyň ähli buýruklaryny ýeke söz hem galdyrman okady.




Chapter 9

1 Ysraýyllaryň ýeňşi hakyndaky habar Iordanyň günbataryndaky ähli hanlara: het, amor, kengan, periz, hiwi, ýabus hanlaryna baryp ýetdi. Olar daglyklarda, günbatardaky baýyrlyklarda, şeýle hem Ortaýer deňziniň tutuş kenar ýakasyndan tä Liwana çenli aralykda ýaşaýan hanlardylar.
2 Olaryň hemmesi bilelikde bir güýje birleşip, Ýeşuwanyň we Ysraýylyň garşysyna söweşe çykdylar.
3 Emma golaýda ýaşaýan Gibgonyň ilaty Ýeşuwanyň Ýeriho we Aý galalaryny näme edendigini eşidenlerinde,
4 olar onuň ýanyna aldaw ýoly bilen barmagy ýüreklerine düwdüler. Olaryň bir topary ýol şaýyny tutup, köne horjunlaryny we ýyrtyk-ýyrtyk, ýama-ýama şerap meşiklerini eşeklerine ýükläp ýola düşdüler.
5 Olaryň aýaklaryndaky çaryklary köne-sana ýamalydy, egin-eşikleri sal-saldy we ähli ýol çörekleri gaty-guty hem heňlidi.
6 Olar Gilgaldaky Ýeşuwanyň düşelgesine gelip, oňa we ysraýyllara: «Biz siziň bilen ylalaşyk baglaşmak üçin uzak ýurtdan geldik» diýdiler.
7 Ysraýyllar hiwilere: «Belki, siz bize golaý ýaşaýansyňyz. Eger şeýle bolsa, biz siziň bilen nähili ylalaşyk baglaşaly?» diýdiler.
8 Olar Ýeşuwa: «Biz siziň sadyk gullaryňyz» diýdiler. Ýeşuwa olardan: «Siz kim we nireden geldiňiz?» diýip sorady.
9 Olar şeýle gürrüň berdiler: «Biziň ýurdumyz örän uzakda ýerleşýär, biz siziň Hudaýyňyz Rebbiň şöhratyny eşidip geldik. Biz Onuň Müsürde bitiren ähli işlerinden habarly.
10 Iordanyň gündogaryndaky iki amor hanyny – Heşbonyň Sihon hany bilen Aştarotda ýaşan Başanyň Og hanyny Onuň näme edendigini biz bilýäris.
11 Şonuň üçin ýaşulularymyz we ýurdumyzyň ähli adamlary bizi siziň ýanyňyza iberip: „Ýol harajaty üçin gerek zatlaryňyzy alyň-da, ysraýyl halkyny garşylamaga gidiň. Olara duşanyňyzda, halkymyzyň olaryň gullarydygyny aýdyp, olardan biziň bilen ylalaşyk baglaşmagyny haýyş ediň“ diýdiler.
12 Biziň çöreklerimize serediň, siziň ýanyňyza gaýdan günümiz öýde bulary düwenimizde, ýaňyja tamdyrdan çykandy. Häzir bolsa, siziň görşüňiz ýaly, bular gaty we heňli.
13 Ynha, bular biziň şerap meşiklerimiz. Biz olary dolduranymyzda, olar täzejediler, häzir bolsa olaryň hemmesi jaýryk-jaýryk boldular. Biziň egin-eşigimize we çarygymyza serediň. Uzak ýol olary sandan çykardy».
14 Şeýdip, ysraýyllar olaryň çöreklerinden dadyp gördüler, ýöne bu hakda Rebden maslahat soramadylar.
15 Ýeşuwa olar bilen ylalaşyk baglaşdy we olary diri galdyrjakdygyna söz berdi, jemagat baştutanlary hem ony tassyklap kasam etdiler.
16 Olar bilen ylalaşyk baglaşyp, üç gün geçenden soňra ysraýyllar olaryň, hakykatdan hem, goňşy bolup ýaşaýandyklaryny eşitdiler.
17 Ysraýyllar ýöriş edip, üç gün diýende olaryň Gibgon, Kepira, Beýerot, Kirýategarym galalaryna gelip ýetdiler.
18 Ysraýyllar olara hüjüm etmediler, sebäbi jemagat baştutanlary olara Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan kasam içipdiler. Soňra jemagat öz baştutanlaryna garşy nägilelik bilen hüňürdeşdi.
19 Emma baştutanlar tutuş halka ýüzlenip: «Biz olara Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan kasam etdik. Şonuň üçin hem biz olara degmeris.
20 Biz olar bilen şeýle ederis: öz eden kasamymyza Rebbiň gazaby başymyzdan inmez ýaly, olary diri galdyrarys.
21 Goý, olar ýaşabersinler» diýdiler. Şeýlelikde, jemagat baştutanlarynyň eden teklibi boýunça olar ähli halk üçin odun çapýançy we suw daşaýançy boldular.
22 Ýeşuwa gibgonlylary ýanyna çagyryp, olara: «Näme üçin siz bizi aldadyňyz? Siz: „Biz uzakda ýaşaýarys“ diýdiňiz, hakykatda bolsa biziň golaý goňşymyz ekeniňiz.
23 Şu pursatdan başlap, siz näletlendiňiz, siz indi bize hemişelik gul bolarsyňyz. Siz Hudaýymyň öýi üçin odun çapýançy we suw daşaýançy bolarsyňyz» diýdi.
24 Olar Ýeşuwa: «Hudaýyňyz Rebbiň ähli ýurtlary siziň eliňize bermegi we olaryň ýaşaýjylaryny gyrmagy Öz guly Musa buýrandygyny bize aýtdylar. Siz sebäpli biz öz janymyzyň howp astyndadygyny bildik we şonuň üçin hem şeýle etdik.
25 Ynha, indi biz seniň eliňde. Bize näme etmegi dogry we adalatly hasap etseň, şony-da edäý» diýdiler.
26 Şonda Ýeşuwa olary ysraýyllaryň elinden halas etmegi ýüregine düwdi, olary öldürmediler.
27 Şeýlelikde, Ýeşuwa hut şol günüň özünde jemagat üçin we Rebbiň Özüniň saýlan ýerindäki gurbanlyk sypasy üçin olary odun çapýançy we suw daşaýançy edip belledi. Olar bu günki gün hem şeýle işleri edýärler.




Chapter 10

1 Iýerusalimiň hany Adonysedek Ýeşuwanyň Aý galasyny basyp alyp, ony bütinleý ýok edendigini, onuň hanyny hem edil Ýerihony we onuň hanyny ýok edişi ýaly, gylyçdan geçirendigini eşitdi. Gibgonyň ýaşaýjylarynyň bolsa Ysraýyl bilen ýaraşyk baglaşyp, olaryň arasynda ýaşaýandyklaryny eşidende,
2 ol gaty gorkdy. Sebäbi Gibgon hem edil beýleki hanlaryň galalary ýaly bir uly galady. Ol Aý galasyndan hem uludy we onuň ähli adamlary edermen urşujylardy.
3 Iýerusalimiň hany Adonysedek şonuň üçin Hebronyň hany Hohama, Ýarmudyň hany Pirama, Lakyşyň hany Ýapyýa, Eglonyň hany Debire şeýle habar gönderdi:
4 «Meniň ýanyma gelip, Gibgona hüjüm etmäge ýardam ediň, sebäbi gibgonlylar Ýeşuwa hem-de ysraýyllar bilen ýaraşyk baglaşypdyrlar».
5 Soňra amorlaryň bäş sany hany: Iýerusalimiň hany, Hebronyň hany, Ýarmudyň hany, Lakyşyň hany we Eglonyň hany özleriniň ähli goşun toparlary bilen bilelikde bir ýere ýygnanyşdylar. Olar Gibgonyň daşyny gabap, olaryň üstüne çozdular.
6 Gibgonlylar Gilgaldaky düşelgesinde bolan Ýeşuwa: «Öz gullaryňdan el çekme, tizräk gel-de, bizi halas et. Bize kömek et, sebäbi daglykda ýaşaýan ähli amor hanlary biziň garşymyza güýç birikdiripdirler» diýip habar iberdiler.
7 Şeýlelikde, Ýeşuwa özüniň ähli goşuny, edermen urşujylary bilen bile Gilgaldan çykyp ugrady.
8 Reb oňa: «Gorkma, ol hanlaryň ählisini Men seniň eliňe berdim. Olaryň hiç biri seniň öňüňde durup bilmez» diýdi.
9 Gilgaldan çykanlaryndan soň, Ýeşuwa bütin gije ýol ýöräp, olaryň üstüne duýdansyz geldi.
10 Reb hem ysraýyllary gören badyna olaryň ýüreklerine howsala düşer ýaly etdi. Ysraýyllar olary Gibgonda derbi-dagyn etdiler. Beýthoron geçelgesine gidýän ýol bilen Azeka we Makeda çenli gaçanlarynyň yzyndan kowalap, olary gyrdylar.
11 Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy.
12 Rebbiň amorlary ysraýyllaryň eline beren güni, Ýeşuwa Reb bilen gepleşdi we ysraýyllaryň gözleriniň alnynda şeýle diýdi: «Eý Gün, dur, Gibgonyň üstünde, Eý Aý, dur, Aýalon deräniň üstünde!».
13 Halk duşmanyndan ar alyp bolýança, Gün saklandy we Aý durdy. Bu Ýaşur kitabynda ýazylgy dälmi eýsem? Hawa, Gün asmanyň ortasynda saklandy we uzynly gün diýen ýaly ýaşmaga howlukmady.
14 Rebbiň adamzadyň sesini eşiden şol güni ýaly gün öňde-soňda hiç haçan bolmandy, çünki Reb ysraýyllar üçin söweşdi.
15 Soňra Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen bile Gilgaldaky düşelgä gaýdyp geldi. Ýeşuwa bäş amor hanyny gylyçdan geçirýär
16 Bäş han gaçyp, Makeda gowagynda gizlenipdiler.
17 Olaryň gizlenen ýeri tapylyp, Ýeşuwa habar berildi.
18 Ýeşuwa şeýle diýdi: «Uly daşlary gowagyň girelgesine söýäp goýuň we hanlara gözegçilik eder ýaly garawullar goýuň.
19 Emma siziň özüňiz ol ýerde galmaly dälsiňiz. Duşmanlaryňyzyň yzyndan kowup, arkadan gelip, olary ýok ediň. Galalaryna girmäge olara ýol bermäň, çünki Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berdi».
20 Ýeşuwa we ysraýyllar olaryň iň soňkusyna çenli diýen ýaly ýok etdiler. Olaryň diri galanlarynyň birnäçesi gaçyp, berk galalara girip ýetişdiler.
21 Soňra tutuş goşun sag-aman Makedadaky düşelgä, Ýeşuwanyň ýanyna gaýdyp geldi. Bir adamyň hem ysraýyllara garşy geplemäge gurby çatmady.
22 Ýeşuwa adamlaryna: «Gowagyň agzyny açyň we şol bäş hany meniň ýanyma getiriň» diýip buýruk berdi.
23 Olar şeýle hem etdiler. Şol bäş hany: Iýerusalim, Hebron, Ýarmut, Lakyş we Eglon hanlaryny gowakdan çykaryp,
24 Ýeşuwanyň ýanyna getirdiler. Ýeşuwa ähli ysraýyllary çagyryp, özi bilen bile söweşen goşun ýolbaşçylaryna: «Öňe çykyň we aýaklaryňyzy bu hanlaryň boýnuna goýuň!» diýdi. Olar aýdylyşy ýaly etdiler.
25 Ýeşuwa ýene-de ol ýolbaşçylara: «Gorkmaň we dowla düşmäň! Dözümli we mert boluň! Çünki Reb siziň bilen söweşýän her bir duşmany şeýle etjekdir» diýdi.
26 Ol bu hanlary öldürip, olaryň jesetleriniň hersini bir agaçdan asyp goýdy. Olar agaçdan agşama çenli asylgy durdular.
27 Gün batanda, Ýeşuwanyň buýrugy boýunça olary alyp, öňki gizlenen gowagyna taşladylar we ullakan daşlar bilen gowagyň agzyny ýapdylar. Olar häzire çenli hem şol ýerde saklanyp galypdyrlar.
28 Şol günüň özünde Ýeşuwa Makedany basyp aldy. Onuň ilatyny we hanyny gylyçdan geçirdi. Ol ýerde ýekeje-de diri adam goýman, hemmesini bütinleý ýok etdi. Ýeşuwa Makedanyň hanyny hem edil Ýerihonyň hanyny näme eden bolsa şonuň ýaly etdi.
29 Soňra Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen Makedadan Libna gelip, onuň üstüne çozuş etdi.
30 Reb bu galany hem onuň hany bilen bile ysraýyllaryň eline berdi, olar onuň ähli ilatyny gyrgyna berdiler, ol ýerde ýekeje-de janly zat galdyrmadylar. Ýerihonyň hanyny näme eden bolsalar, onuň hanyny hem şeýle etdiler.
31 Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen Libnadan Lakyşa geldi, onuň daş-töweregini gabap, onuň üstüne çozuş etdi.
32 Söweşiň ikinji gününde Reb Lakyşy ysraýyllaryň eline berdi. Edil Libnadaky edişleri ýaly, ysraýyllar onuň içindäki adamlaryň ählisini gylyçdan geçirdiler.
33 Şol wagt Lakyşa kömek etmek üçin, Gezeriň hany Horam geldi. Ýeşuwa ony hem ähli adamlary bilen birlikde ýekejesini-de diri galdyrman gyrdy.
34 Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen Lakyşdan Eglona bardy. Onuň daş-töweregini gabap, onuň üstüne çozdy.
35 Ýeşuwa şol günüň özünde ony basyp aldy, onuň ähli ilatyny edil Lakyşdaky edişi ýaly, şol gün gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.
36 Ýeşuwa we bütin Ysraýyl Eglondan Hebrona baryp, onuň üstüne çozuş etdiler.
37 Olar galany basyp alyp, ony we onuň hanyny, obalaryny hem ondaky ähli adamlary gylyçdan geçirdiler. Edil Eglondaky ýaly edip, olar galanyň içinde ýekeje-de diri adam galdyrman, bütinleý ýok etdiler.
38 Soňra Ýeşuwa ähli Ysraýyl bilen Debire tarap yzyna öwrülip, oňa çozuş etdi.
39 Galasy bilen bile onuň hanyny we ähli obalaryny basyp aldy, ýekeje-de diri adam goýman, olaryň hemmesini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi. Olar Hebrona, Libna hem olaryň hanlaryna näme eden bolsalar, Debire we onuň hanyna hem şeýle etdiler.
40 Şeýdip, Ýeşuwa ähli ýeri: daglyk ýerleri, Negep çölüni, günbatar baýyrlyklary, dag eteklerini we olaryň ähli hanlaryny basyp aldy. Ysraýyl Hudaýy Rebbiň buýruşy ýaly, ol ýekeje-de diri adam galdyrman, ähli janly-jandary gyryp, bütinleý ýok etdi.
41 Ýeşuwa Kadeşbarneýanyň günortasyndan Gaza çenli, Goşeniň tutuş ýerini, Gibgonyň demirgazygyna çenli bolan ýerleri basyp aldy.
42 Şol bir wagtyň özünde Ýeşuwa ol ýerleriň ähli hanlaryny we olara degişli ýerleri basyp aldy, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň hut Özi Ysraýyl üçin söweşdi.
43 Şundan soň Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen bile Gilgaldaky düşelgä dolanyp geldi.




Chapter 11

1 Hasor hany Ýabyn ysraýyllaryň bu ýeňişleri hakynda eşidende, Madonyň hany Ýobaba, Şimron hanyna we Akşap hanyna,
2 şeýle hem, demirgazyk daglyklarda ýaşaýan hanlara, Kinnerediň günortasyndaky Araba düzlüginde, günbatar baýyrlykda we günbatar Napotdorda ýaşaýan hanlara,
3 gündogar we günbatar kengan hanlaryna, daglyklarda ýaşaýan amorlara, hetlere, perizlere, ýabuslara we Hermon dagynyň etegindäki Mispa ülkesinde ýaşaýan hiwilere kömek etmeklerini sorap habar iberdi.
4 Bu hanlar ähli goşunlary bilen geldiler, olaryň atlarynyň we arabalarynyň sany juda köpdi. Olaryň sany edil deňiz kenaryndaky çäge owuntygy ýaly köpdi, ägirt uly goşundy.
5 Ol hanlaryň hemmesi ysraýyllara garşy söweşmek üçin bir güýje birleşdiler we Merom çeşmesiniň ýanynda düşelge gurdular.
6 Reb Ýeşuwa: «Sen olardan gorkma, sebäbi ertir şu wagtlar Men olaryň ählisini öldürip, ysraýyllaryň eline berjekdirin. Siz olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwüň we arabalaryny otlaň» diýdi.
7 Şeýlelikde, Ýeşuwa ähli urşujylar bilen bile Merom çeşmesine duýdansyz gelip, olaryň üstüne çozdy.
8 Reb olary ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gylyçdan geçirdiler we Beýik Sidona, Misrepot Maýyma, gündogarda Mispe jülgesine çenli olaryň yzyndan kowup, olaryň iň soňkusyna çenli gyryp öldürdiler.
9 Ýeşuwa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwdi, at-arabalaryny bolsa otlady.
10 Şol wagtyň özünde Ýeşuwa yzyna dolanyp gelip, Hasory basyp aldy we onuň hanyny gylyçdan geçirdi. (Hasor şol wagtky hanlyklaryň iň beýigidi).
11 Şeýle hem, ysraýyllar onuň içindäki ähli ýaşaýjylary gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler, ol ýerde ýekeje-de diri janly-jandar galdyrmadylar. Hasor galasyny bolsa oda berdiler.
12 Rebbiň guly Musanyň buýruşy ýaly, Ýeşuwa bu galalaryň hemmesini basyp alyp, onuň hanlarynyň ählisini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.
13 Ysraýyllar Ýeşuwanyň otlan Hasor galasyndan başga, depelerde gurlan galalaryň hijisini otlamadylar.
14 Galadaky olja alnan ähli zatlary we mal-garalary özlerine aldylar. Ilatyny bolsa iň soňkusyna çenli gylyçdan geçirip gyrdylar, ýekejesini hem diri galdyrmadylar.
15 Edil Rebbiň Öz guly Musa buýruşy ýaly, Musa-da Ýeşuwa edil şonuň ýaly buýruypdy. Ýeşuwa buýrugy ýerine ýetirdi. Ol Rebbiň Musa beren buýruklarynyň ýekejesini-de galdyrman, ählisini berjaý etdi.
16 Şeýdip, Ýeşuwa şu ähli ýerleri: daglyklary, tutuş Negep çölüni, Goşeniň ähli ýerini, günbatar baýyrlyklary, Araba düzlügini we Ysraýyl daglyklaryny baýyrlary bilen,
17 Segir bilen ýanaşyk Halak dagyndan tä Hermon dagynyň günortasynda Liwan jülgesindäki Bagalgat galasyna çenli ýerleri basyp aldy we ol ýerleriň ähli hanlaryny boýun egdirip, olary gylyçdan geçirip öldürdi.
18 Ýeşuwa ol hanlaryň hemmesi bilen uzak wagtlap urşupdy.
19 Gibgonda ýaşaýan hiwilerden başga, ýekeje gala-da ysraýyllar bilen ýaraşyk baglaşmady. Beýlekileriň hemmesini söweşip aldylar.
20 Çünki ysraýyllara garşy söweşmekleri üçin olaryň ýüreklerini gatadan hut Rebbiň Özüdi. Edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar olara hiç hili rehim-şepagat etmän, bütinleý ýok etdiler.
21 Şol wagt Ýeşuwa gidip, daglyklarda ýaşaýan anaklary gyrdy. Ýeşuwa Hebronda, Debirde, Anapda, tutuş Ýahuda we Ysraýyl daglyklarynda ýaşaýan anaklary galalary bilen birlikde bütinleý ýok etdi.
22 Ysraýyllaryň ýerinde anaklardan ýekejesi hem galmady. Diňe Gazada, Gatda we Aşdotda olaryň ýeke-tüki galdy.
23 Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.




Chapter 12

1 Ynha, ysraýyllaryň ýeňip alan ýerleriniň hanlary şulardyr. Ysraýyllar Iordan derýasynyň aňyrsyndaky gündogar tarapa uzalyp gidýän Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli bolan ýerleri we tutuş Araba düzlüginiň gündogar tarapyny basyp aldylar.
2 Hanlaryň biri Heşbonda ýaşan amor hany Sihondy. Onuň hanlygy Gilgadyň ýarysy we Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky galadan tä ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasyna çenli aralygy öz içine alýardy.
3 Şeýle hem, ol Kinneret kölünden Araba deňzine, ýagny Duz deňzine çenli bolan ýerlere, Araba düzlüginiň gündogarynda Beýtýeşimoda çenli barýan ýerlere we günbatarda Pisga dagynyň etegindäki ýerlere eýelik edýärdi.
4 Beýleki han Başan hany Ogdy. Ol Aştarotda we Edreýde ýaşap, rapalaryň iň soňkularynyň biridi.
5 Onuň hanlygyna Hermon dagy, Salka, bütin Başandan Geşuryň we Magakadyň araçäklerine çenli, Gilgadyň ýarysy, heşbon hany Sihonyň meýdanynyň araçägine çenli ýerler girýär.
6 Rebbiň guly Musa we ysraýyllar olaryň hemmesini basyp aldylar. Musa olaryň ähli ýerlerini rubenleriň, gatlaryň we manaşe ýarym tiresiniň eýeçiligine berdi.
7 Ýeşuwa we ysraýyllar Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli hanlary, Liwan jülgesindäki Bagalgatdan Segir bilen ýanaşyk Halak dagyna çenli ýerleri basyp aldylar. Ýeşuwa ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça mülk edip paýlap berdi.
8 Daglykda, baýyrlykda, Araba düzlüginde, dag eteklerinde, çöllükde we Negep çölünde ýaşaýan hetleriň, amorlaryň, kenganlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýerlerini ysraýyllara mülk edip berdi.
9 Ynha, Ýeşuwa we ysraýyllar şu galalaryň hanlaryny basyp aldylar: Ýerihonyň, Beýteliň golaýyndaky Aýyň,
10 Iýerusalimiň, Hebronyň,
11 Ýarmudyň, Lakyşyň,
12 Eglonyň, Gezeriň,
13 Debiriň, Gederiň,
14 Hormanyň, Aradyň,
15 Libnanyň, Adullamyň,
16 Makedanyň, Beýteliň,
17 Tapuwanyň, Heperiň,
18 Apegiň, Laşaronyň,
19 Madonyň, Hasoryň,
20 Şimronmeronyň, Akşapyň,
21 Tagnagyň, Megidonyň,
22 Kedeşiň, Karmeldäki Ýoknegamyň,
23 Napotdoryň ýanyndaky Doruň, Jeliledäki Goýymyň we
24 Tirsanyň – jemi otuz bir hany basyp aldylar.




Chapter 13

1 Ýeşuwa garrap, gojalyk ýaşyna ýetende, Reb oňa şeýle diýdi: «Indi sen örän garradyň, emma basylyp alynmaly ýerler entek gaty kän.
2 Şol basylyp alynmaly ýerler şulardyr: piliştlileriň, geşurlaryň ähli ýerleri,
3 günortada ýaşaýan awymlylar, Müsüriň gündogaryndaky Şihor derýasyndan demirgazyk Ekronyň araçägine çenli ýerler. Bu ýerler kenganlaryň ýerleri hasaplanýar. Şeýle hem, oňa piliştlileriň bäş galasy: Gaza, Aşdot, Aşkelon, Gat we Ekron degişlidir.
4 Şeýle-de kenganlaryň tutuş ýeri, sidonlylara degişli Megary bilen amorlaryň araçägi Apeka çenli bolan ýerler.
5 Geballylaryň ýerleri, bütin gündogar Liwan, Hermon dagyna golaý ýerleşen Bagalgatdan tä Lebohamat girelgesine çenli bolan ýerler. 6–7 Liwandan Misrepot Maýyma çenli ähli daglyklar we olaryň ähli ilaty, hatda tutuş sidonlylar hem degişlidir. Olary ysraýyllaryň öňünden Meniň Özüm kowup çykararyn. Ýöne sen bu ýerleriň hemmesini Meniň buýruşym ýaly, bije atyp, ysraýyllaryň dokuz tiresine we manaşe ýarym tiresine mülk edip paýlap ber».
8 Rebbiň guly Musanyň rubenlere, gatlara we manaşe ýarym tiresine Iordan derýasynyň gündogaryndan beren mülk ýerleri şulardyr:
9 Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky gala hem-de tutuş Meýdeba tekizliginden Dibona çenli bolan ýerler.
10 Şeýle hem, Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň ähli galalaryndan tä ammonlaryň araçägine çenli bolan ýerler.
11 Gilgat, Geşur, Magakat topragy, tutuş Hermon dagy we bütin Başandan tä Salka çenli bolan ýerler;
12 Aştarotda we Edreýde hökümdarlyk eden Başan hany Oguň ähli hanlygy degişlidir (Og han rapalaryň iň soňkularynyň biridi). Musa bulary derbi-dagyn edip, ýerlerinden kowup çykarypdy.
13 Emma ysraýyllar Geşuryň we Magakadyň ilatyny ýurtlaryndan kowup çykarmadylar. Olar şu güne çenli hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar.
14 Musa diňe lewi tiresine mülk bermedi. Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, lewileriň mirasy Ysraýyl Hudaýy Reb üçin ot üsti bilen berilýän gurbanlyklardyr.
15 Musa ruben tiresine onuň uruglaryna görä mülk ýer beripdi.
16 Olaryň ýeriniň tutýan meýdany Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden, jülgäniň ortasyndaky galadan we bütin Meýdeba tekizliginden ybaratdyr.
17 Şeýle hem, Heşbon galasy we tekizlikdäki ähli galalar: Dibon, Bamotbagal we Beýtbagal-megon,
18 Ýahsa, Kedemot we Meýpagat,
19 Kirýataým, Sibma we jülgäniň depesindäki Seretşahar,
20 Beýtpegor, Pisga dagynyň etegi we Beýtýeşimot.
21 Ine, tekizligiň üstündäki şu ähli galalar we Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň ähli hanlygy. Musa Sihony we ýurdunda ýaşap, onuň tarapdary bolan Midýan hanlaryny: Ewini, Rekemi, Sury, Hury we Rebany basyp aldy.
22 Ysraýyllar öz öldüren adamlarynyň arasynda Begor ogly Bilgamy hem gylyç bilen öldürdiler, ol palçylyk bilen meşgullanýardy.
23 Rubenleriň araçägi Iordan derýasynyň kenary bolupdyr. Bu rubenleriň uruglaryna görä galalary we obalary bilen birlikde alan mülk ýerleri bolupdyr.
24 Ynha, Musanyň gat tiresine onuň uruglaryna görä beren mülk ýerleri:
25 Ýazer galasy, Gilgadyň ähli galalary we ammonlaryň ýurdunyň ýarysy, Rabanyň gündogaryndaky Arogere çenli;
26 Heşbondan Ramatmispä we Betonyma çenli, Mahanaýymdan Debiriň araçägine çenli;
27 Beýtharam deresi, Beýtnimra we Sukot, Sapon, heşbon hany Sihonyň hanlygynyň galan bölegi. Onuň günbatar araçägi Iordandan Kinneret deňzine çenli bolupdyr.
28 Ine, gatlaryň uruglaryna görä galalary we obalary bilen birlikde alan mülk ýerleri şulardyr.
29 Musa manaşe ýarym tiresine onuň aýry-aýry uruglaryna görä ýer paýlap beripdi.
30 Olaryň tutýan ýerleri Mahanaýym, tutuş Başan, Başan hany Oguň ähli hanlygy, Ýaýyryň ähli galalary – jemi altmyş gala;
31 Gilgadyň ýarysy, Aştarot we Edreý. (Başan hany Oguň hanlyk eden galalary). Bular Manaşeniň ogly Makyryň nesilleri üçin, Makyryň ogullarynyň ýarysyna olaryň uruglary boýunça berlen paý boldy.
32 Ynha, şular Musanyň Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Mowap düzlüginde, Ýerihonyň gündogarynda paýlan mülk ýerleridir.
33 Emma Musa lewi tiresine mülk paý bermedi. Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz aýdyşy ýaly, Özi olaryň mirasydyr.




Chapter 14

1 Ysraýyllaryň Kenganda alan mülk ýerleri şulardyr. Ol ýerleri Elgazar ruhany, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylary olara mülk hökmünde paýlap berdiler.
2 Rebbiň Musanyň üsti bilen olara buýruşy ýaly, olar mülk ýerleri dokuz tiräniň we bir sany ýarym tiräniň arasynda bije atyşmak bilen paýlaşdylar.
3 Sebäbi Musa iki tirä we manaşe ýarym tiresine mülk ýeri Iordanyň gündogaryndan beripdi, emma lewi tiresine olaryň arasyndan mülk bermändi.
4 Ýusubyň nesilleriniň iki tiresi bolupdyr: manaşe we efraýym. Musa lewilere ýerden paý bermändi, olara ýaşamak üçin diňe galalary, maldarçylyk we başga emläkleri üçin öri meýdanlaryny beripdi.
5 Şeýlelikde, ysraýyllar ýerleri Rebbiň Musa buýruşy ýaly edip paýlaşdylar.
6 Ýahuda tiresinden birnäçe adam Ýeşuwanyň ýanyna Gilgala geldi. Olaryň arasyndan Keniziň agtygy Ýepunneniň ogly Kalep oňa şeýle diýdi: «Rebbiň Kadeşbarneýada ikimiz hakda Hudaýyň adamy Musa aýdan sözlerini bilýänsiň.
7 Rebbiň guly Musa ýeri gizlinlikde gözden geçirmek üçin Kadeşbarneýadan meni iberende, men kyrk ýaşymdadym. Şonda men oňa ýüregimdäki jogaby getiripdim.
8 Emma meniň bilen bile giden doganlarym halkyň ýüregine howsala saldylar, men bolsam diňe Hudaýym Rebbiň yzyna eýerdim.
9 Şol gün Musa kasam edip: „Aýagyňyň basjak ýerleri seniň we çagalaryňyň hemişelik mülki bolar, sebäbi sen tutuş kalbyň bilen Hudaýym Rebbiň yzyna eýerdiň“ diýipdi.
10 Şeýlelikde, Öz söz berşi ýaly, Reb meni diri galdyrdy, Rebbiň Musa söz beren döwründen bäri eýýäm kyrk bäş ýyl geçipdir. Şol döwür içinde ysraýyllar çölde azaşyp gezipdiler. Ine, indi men segsen bäş ýaşadym.
11 Bu günki gün hem men Musanyň özümi iberen günündäki ýaly gujurly. Söweşmäge heniz hem gujur-gaýratym ýetjek.
12 Şoňa görä-de, Rebbiň şol günki aýdan bu daglyklaryny maňa ber. Ol ýerde anaklaryň ýaşaýandygyny, galalarynyň uludygyny we olaryň berk saklanýandygyny şol gün özüň hem eşidipdiň. Rebbiň aýdyşy ýaly, men olary kowup çykararyn, Reb meniň bilen bile bolar».
13 Ýeşuwa Ýepunneniň ogly Kalebe ak pata berdi, oňa mülk ýer hökmünde Hebrony bagyş etdi.
14 Keniziň agtygy Ýepunneniň ogly Kalebiň Ysraýyl Hudaýy Rebbe ýürekden sygynandygy üçin, Hebron onuň hemişelik mülki bolup galdy.
15 Hebronyň öňki ady Kirýatarba eken. Arba anaklaryň arasynda iň beýik adam eken. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.




Chapter 15

1 Bije atyşykda ýahuda tiresiniň uruglarynyň paýyna şu aşakdaky ýerler düşdi: günortada olaryň meýdany Edomyň araçägi bilen ne, günorta Sin çöllügine çenli baryp ýetýär.
2 Olaryň günorta araçägi uzalyp gidýän günortadaky aýlaglardan, Duz deňziniň gutarýan ýerinden başlanýar.
3 Soňra ol günorta Içýan geçidine tarap dowam edip, Sin çölünden geçýär. Kadeşbarneýanyň günortasyndan Hesrona we Addara çykyp, ol ýerden Karka tarap öwrülýär.
4 Soňra Azmondan geçip, Müsür derýasyna çenli uzalyp gidýär we Ortaýer deňzinde serhet gutarýar. Bu olaryň günorta araçägi bolar.
5 Ýahuda tiresiniň gündogar araçägi Duz deňzi bolupdyr. Bu gündogar araçäk demirgazyga tarap Iordan derýasynyň Duz deňzine guýýan ýerine çenli uzalyp gidýär. Demirgazykdaky araçäk Iordanyň deňze guýýan ýerinden, deňiz aýlagyndan başlanýar.
6 Bu ýerden araçäk Beýthogla çenli baryp, demirgazykda Beýtarabadan geçýär we Ruben ogly Bohanyň ady dakylan daşa çenli gidýär.
7 Soňra araçäk Akor jülgesinden Debire çenli ýokary galyp, demirgazykda akymyň günortasynda ýerleşýän Adummym baýyrlyklarynyň garşysyndaky Gilgala tarap öwrülýär. Araçäk bu ýerden Eýnşemeş çeşmesine çenli dowam edip, Eýnrogele ýetýär.
8 Bu ýerden araçäk ýabuslaryň galasy Iýerusalimde ýerleşýän düzlügiň günortasyndaky Benhinnom deresinden ýokary galýar. Soňra ol Benhinnom deresiniň günbatarynyň garşysyndaky daglaryň depesine çenli galyp, demirgazykdaky Rapa jülgesiniň ahyryna çenli barýar.
9 Daglaryň gerşinden araçäk Neptowa çeşmesiniň gözbaşyna tarap aýlanýar. Ol ýerden hem Epron daglygyndaky galalara tarap gelýär. Soňra ol Bagala (bu Kirýategarym) tarap aşak düşýär.
10 Soňra serhet günbatar Bagaladan Segir dagyna tarap aýlanýar, demirgazykda Kesalon galanyň Ýegarym daglaryna çenli gidip, Beýtşemeşe tarap öwrülýär we Timnanyň üsti bilen aýlanyp geçýär.
11 Ol ýerden Ekronyň demirgazyk tarapyna gidýär we Şikarona tarap aýlanyp, Bagala dagynyň üsti bilen Ýabneýele gelýär. Iň soňunda araçäk Ortaýer deňzinde gutarýar.
12 Ortaýer deňzi we onuň kenarlary günbatar araçägi emele getirýär. Ýahuda tiresiniň uruglarynyň ähli taraplaýyn araçägi, ine, şudur.
13 Rebbiň buýruşy ýaly, Ýeşuwa ýahudalaryň ýeriniň bir bölegini şol tireden bolan Ýepunneniň ogly Kalebe berdi. Kalep Kirýatarbany, ýagny Hebrony aldy (Arba Anagyň atasydy).
14 Kalep ol ýerden Anagyň üç ogluny: Şeşaýy, Ahymany we Talmaýy çykaryp kowdy. Bular Anagyň nesilleridir.
15 Bu ýerden ol Debiriň ilaty bilen uruşmaga gitdi. Debire öň Kirýatseper diýilýärdi.
16 Kalep: «Ýeňiş gazanyp, Kirýatseperi basyp alana, gyzym Aksany gelin edip berjek» diýdi.
17 Bu galany Kalebiň inisi, Kenazyň ogly Otniýel basyp aldy. Şeýlelikde, Kalep öz gyzy Aksany oňa berdi.
18 Toý güni Aksa öz kakasynyň ýanyna gidip, ondan ýer dilemek üçin Otniýelden razylyk aldy. Aksa baryp, eşeginden düşende, Kalep ondan: «Gyzym, näme dilegiň bar?» diýip sorady.
19 Aksa kakasyna: «Maňa peşgeş bersene. Sen maňa Negep çölüniň gurak ýerlerini berdiň, maňa suw bulaklaryny-da beräý!» diýdi. Şunlukda, Kalep ýokarky we aşaky çeşmeleri hem oňa bagyş etdi.
20 Ine, ýahuda tiresi öz uruglaryna görä şu ýerleri mülk edip aldylar:
21 Edomyň araçäginiň golaýyndaky günorta Negep çölünde olara şu galalar degişlidir: Kabseýel, Eder, Ýagur,
22 Kina, Dimona, Adada,
23 Kedeş, Hasor, Ýytnan,
24 Zip, Telem, Begalot,
25 Hasorhadat, Kirýothesron (bu Hasor),
26 Amam, Şema, Molada,
27 Hasargada, Heşmon, Beýtpelet,
28 Hasarşugal, Beýerşeba, Bizýotiýa,
29 Bagala, Iýim, Esem,
30 Eltolat, Kesil, Horma,
31 Ziklag, Madmanna we Sansanna,
32 Lewawot, Şilhim, Aýyn we Rimmon: olaryň obalary bilen bile jemi ýigrimi dokuz gala.
33 Günbatar baýyrlyklarda: Eştawol, Sorga, Aşna,
34 Zanowa, Eýngannym, Tapuwa, Eýnam,
35 Ýarmut, Adullam, Soko, Azeka,
36 Şagaraýym, Adytaýym, Gedera, Gederotaýym: obalary bilen bile jemi on dört gala.
37 Senan, Hadaşa, Migdalgat,
38 Dilegan, Mispe, Ýokteýel,
39 Lakyş, Boskat, Eglon,
40 Kabbon, Lahmas, Kitliş,
41 Gederot, Beýtdagon, Nagama, Makeda. Bular obalary bilen bile on alty galadyr.
42 Libna, Eter, Aşan,
43 Ýeftah, Aşna, Nesiw,
44 Kegila, Akzyp, Mareşa: obalary bilen bile dokuz galadyr.
45 Ekron galasy we onuň ownukly-irili obalary.
46 Aşdodyň golaýyndaky ähli galalar we obalar, Ekrondan Ortaýer deňzine çenli,
47 Aşdot galasy we onuň ownukly-irili obalary, Gaza galasy we onuň ownukly-irili obalary bilen Müsür derýasyna we Ortaýer deňziniň kenarlaryna çenli.
48 Daglyklarda: Şamyr, Ýatyr, Soko,
49 Danna, Kirýatsanna (bu Debir),
50 Anap, Eştemo, Anym,
51 Goşen, Holon, Gilo – obalary bilen bile jemi on bir gala;
52 Araw, Duma, Eşgan,
53 Ýanum, Beýtapuwa, Apeka,
54 Humta, Kirýatarba (bu Hebron) we Sigor: obalary bilen bile dokuz gala;
55 Magon, Karmel, Zip, Ýuta,
56 Ýizregel, Ýokdegam, Zanowa,
57 Kaýyn, Gibga, Timna: obalary bilen bile on gala;
58 Halhul, Beýtsur, Gedor,
59 Magarat, Beýtanot, Eltekon – obalary bilen bile jemi alty gala;
60 Kirýatbagal (bu Kirýategarym) we Raba: obalary bilen bile iki gala;
61 Çöllükde: Beýtaraba, Midin, Sekaka,
62 Nibşan, Duz galasy, Eýngedi – obalary bilen bile jemi alty gala.
63 Ýahudalar Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykaryp bilmediler. Ýabuslar bu günki gün hem ol ýerde ýahudalar bilen bile ýaşaýarlar.




Chapter 16

1 Ýusubyň nesilleriniň paýyna bije boýunça Ýerihonyň golaýyndaky Iordandan Ýeriho çeşmesiniň gündogaryna çenli bolan ýerler we Ýerihodan başlanyp, Beýtel daglygyna uzalyp gidýän çöllük düşdi.
2 Araçäk Beýtelden Luza çykyp, Atarotda ýaşaýan arkylaryň ýerine çenli barýar.
3 Soňra ol günbatara tarap aşak düşüp, ýapletleriň araçägine, aşaky Beýthoronyň we Gezeriň araçägine çenli gelip, deňizde tamamlanýar.
4 Şeýlelikde, manaşe we efraýym ýarym tireleri mülk ýerlerini aldylar. Efraýym ýarym tiresine degişli ýerler
5 Efraýymlaryň uruglaryna görä alan ýerleriniň araçägi şular bolupdyr: olaryň mülk ýerleriniň gündogar araçägi Atarotaddar bolup, ol ýokarky Beýthorona çenli barýar.
6 Ol ýerden araçäk Ortaýer deňzi bilen dowam edip, Mikmetadyň demirgazygyna gelýär we Tanatşylonyň gündogar tarapyna öwrülip, Ýanowanyň gündogaryndan geçýär.
7 Ýanowadan Atarotaddara we Nagara çenli aşak düşüp, Ýeriho birigip, Iordana baryp ýetýär.
8 Araçäk Tapuwadan çykyp, günbatara Kana jülgesine tarap uzalyp gidýär-de, Ortaýer deňzine ýetip gutarýar. Ine, efraýym ýarym tiresine olaryň uruglaryna görä berlen ýerler şulardan ybarat.
9 Efraýym nesillerine bular bilen birlikde manaşelere degişli bolan galalardyr obalar hem bölünip berildi.
10 Efraýymlar Gezerde ýaşaýan kenganlary kowup çykarmadylar. Kenganlar şu günler hem efraýymlaryň işini etmäge mejbur edilip, olaryň arasynda ýaşap ýörler.




Chapter 17

1 Şeýle hem, manaşe tiresi üçin hem bije atyldy, çünki Manaşe Ýusubyň ilkinji doglan ogludy. Manaşeniň ilkinji ogly, Gilgadyň kakasy Makyr ökde urşujy bolandygy üçin, bije boýunça oňa Gilgat we Başan berildi.
2 Galan manaşe tiresiniň uruglarynyň, ýagny Abigezer, Helek, Asryýel, Şekem, Heper we Şemida uruglarynyň hem bije boýunça paýlary bardy. Bular Ýusubyň ogly Manaşeniň erkek nesilleridi.
3 Manaşeniň ýuwlugy, Makyryň çowlugy, Gilgadyň agtygy, Heperiň ogly Selopehadyň ogul perzendi bolmandyr. Onuň diňe bäş gyzy bolupdyr, olaryň atlary şular: Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa.
4 Olar Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ýolbaşçylaryň ýanyna gelip, olara: «Reb Musa erkek garyndaşlarymyz bilen birlikde bize hem mülk ýer bermegi buýrupdy» diýdiler. Şeýlelikde, Ýeşuwa Rebbiň buýrugyna görä, olara hem erkek garyndaşlarynyň arasynda mülk berdi.
5 Manaşe tiresine Iordanyň gündogaryndaky Gilgatdan we Başandan başga-da, on paý ýer berildi.
6 Sebäbi Manaşeniň gyzlary hem edil ogullary ýaly mülk aldylar. Gilgadyň ýeri beýleki galan Manaşe nesillerine degişlidi.
7 Manaşeniň tutýan meýdany Aşerden başlap, Mikmetada çenli, ýagny Şekemiň gündogar tarapyna çenli uzalyp, ol ýerden araçäk günorta tarap Eýntapuwanyň ýaşaýjylaryna çenli ýetýär.
8 Tapuwa galasynyň daş-töweregi Manaşä degişlidi, emma Tapuwa galasy efraýymlylara degişli bolan Manaşeniň araçäginde ýerleşýärdi.
9 Soňra araçäk Kana akymynyň günorta tarapy bilen aşak düşýär. Akymyň günortasyndaky galalar Manaşede ýerleşseler-de, Efraýyma degişli bolupdyr. Manaşeniň araçägi akymyň demirgazyk tarapynda bolup, ol Ortaýer deňzinde gutarýar.
10 Günorta tarap Efraýyma, demirgazyk bolsa Manaşä degişli bolup, olaryň günbatar araçägi Ortaýer deňzi bolupdyr. Olaryň demirgazyk-günbatar tarapy – Aşer, demirgazyk-gündogar tarapy bolsa Ysakar bolupdyr.
11 Ysakardan we Aşerden manaşelere obalary bilen Beýtşeýany, Iblegamy, şeýle-de Doruň (bu deňiz kenarynda), Endoruň, Tagnagyň, Megidonyň ilatyny we obalaryny berdiler.
12 Manaşeler ol galalaryň ýaşaýjylaryny kowup çykaryp bilmediler we kenganlar öz ýerlerinde galyp, ýaşamaklaryny dowam etdirdiler.
13 Ysraýyllar güýçlenenden soňra, kenganlary özleri üçin mejbury iş edýänlere öwürdiler. Emma olary bütinleý kowup çykarmadylar.
14 Ýusubyň nesilleri Ýeşuwa: «Näme üçin sen bize bir bije paý we bir mülk ýer berýärsiň? Biziň bolsa adam sanymyz köp, bizi Reb ýalkady» diýdiler.
15 Ýeşuwa olara: «Eger siziň adam sanyňyz köp bolsa we Efraýym daglyklary size darlyk edýän bolsa, onda tokaýlara gidiň-de, şol ýerde perizleriň we rapalaryň ýerinden özüňize ýer açyň» diýdi.
16 Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demirden söweş arabalary bar» diýdiler.
17 Soňra Ýeşuwa Ýusubyň nesilleri bolan manaşelere we efraýymlara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz köp sanly we sizde uly güýç bar, şonuň üçin hem size diňe bir bije paý berip goýmaly däldir.
18 Daglyk meýdanlar siziňki bolar. Ol ýer tokaýlyk bolsa-da, siz ony arassalasaňyz, onuň daşky serhetlerine çenli siziňki bolar. Kenganlaryň demir arabalary bar bolsa-da, güýçli bolsalar-da, siz olary kowup çykarmagy başararsyňyz».




Chapter 18

1 Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy.
2 Entek ysraýyllardan öz mülk ýerini almadyk ýene-de ýedi tire galypdy.
3 Şonuň üçin hem Ýeşuwa olara şeýle diýdi: «Siz haçana çenli ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize beren ýerlerini almaga biperwaý garap gezjeksiňiz?
4 Her tireden üç adamy saýlaň, men olary ýerlere aýlanmaga iberjek, olar her tirä ýetýän mülk ýeri ýazga geçirsinler-de, meniň ýanyma alyp gelsinler.
5 Ýerleri mülk paýyny almadyk ýedi tiräniň arasynda bölsünler. Ýahudalar öz öňki ýerinde günortada galar, Ýusubyň nesilleri bolsa demirgazykdaky ýerinde galar.
6 Mülk ýeriň ýedi bölegini hem ýazga geçiriň-de, maňa getirip beriň. Men şu ýerde Hudaýymyz Rebbiň huzurynda siziň üçin bije ataryn.
7 Siziň araňyzda lewileriň paýy ýokdur, sebäbi olaryň paýy Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmekdir. Gatlar, rubenler we manaşe ýarym tiresi eýýäm öz mülk ýerlerini Iordan derýasynyň gündogaryndan aldylar. Bu ýerleri olara Rebbiň guly Musa beripdi».
8 Şeýdip, adamlar ýola düşdüler. Ýeşuwa ýerleri öwrenmäge gidýän ol adamlara şeýle buýruk berdi: «Ähli ýerleri aýlanyp çykyň we ony ýazga geçiriň-de, yzyňyza meniň ýanyma geliň. Men bu ýerde Şiloda Rebbiň huzurynda siziň üçin bije atjakdyryn».
9 Şeýlelikde, adamlar ýerleriň içinden geçip, olary galama-gala ýedi bölege bölüp, gözden geçiriş kitabyna ýazdylar. Soňra olar Şilodaky düşelgä – Ýeşuwanyň ýanyna gaýdyp geldiler.
10 Ol ýerde Ýeşuwa Rebbiň huzurynda bije atyp, ýerleri ysraýyllaryň tirelerine özleriniň bölüşleri ýaly paýlady.
11 Ilkinji bolup, benýamin tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň bijesine düşen paý ýahudalar bilen Ýusup nesilleriniň aralygyndaky ýerler boldy.
12 Olaryň araçäginiň demirgazyk tarapy Iordan derýasyndan başlanýar, soň araçäk demirgazykda Ýeriho gerşine çykyp, daglyklaryň üsti bilen günbatar tarapa öwrülip, ol Beýtawen çöllüginde gutarýar.
13 Bu ýerden araçäk ilerligine Luza (bu öňki Beýtel), ýagny Lusyň günorta gerşine çenli gelýär. Soňra aşaky Beýthoronyň günortasyndaky daglykdan Atarotaddara düşýär.
14 Soňra ol ýerden aýlanyp, daglaryň günbatar tarapyna öwrülýär, ýahudalara degişli bolan Kirýatbagala (öňki Kirýategarym) gelýär. Bu olaryň günbatar tarapynyň araçägidir.
15 Günorta araçäk Kirýategarymyň çetinden başlap, Neptowa çeşmesine çenli gelip ýetýär.
16 Soňra araçäk Benhinnom deresiniň ýanyndaky daglaryň etegine çenli aşak düşüp, Rapa deresine gelýär. Ol demirgazyga Hinnom deresine tarap aşak dowam edip, ýabuslaryň galasynyň günorta eňňidi bilen Eýnrogele baryp ýetýär.
17 Indi bolsa araçäk demirgazykdan aýlanyp, Eýnşemeşe gelýär. Soňra Adummym geçidiniň garşysyndaky Geliloda çenli uzalyp, Ruben ogly Bohanyň daşyna tarap aşak düşýär.
18 Soňra Beýtarabanyň demirgazyk eňňidi bilen geçip, Araba düzlügine tarap aşak düşýär.
19 Araçäk Beýthoglanyň demirgazygy bilen gidip, Duz deňziniň demirgazyk aýlagynda we günortada Iordanyň çetinde gutarýar. Bu olaryň günorta araçägi bolupdyr.
20 Olaryň gündogar araçägi Iordan bolupdyr. Bu benýamin tiresiniň uruglary boýunça ähli taraplaýyn araçäklenen mülk ýerleri bolupdyr.
21 Ynha, bular bolsa benýamin tiresiniň uruglary boýunça alan galalary: Ýeriho, Beýthogla, Emekkesis,
22 Beýtaraba, Samaraýym, Beýtel,
23 Awym, Para, Opra,
24 Kepar-ammony, Opny, Geba – obalary bilen bile jemi on iki gala.
25 Gibgon, Rama, Beýerot,
26 Mispe, Kepira, Mosa,
27 Rekem, Ýirpeýel, Tarala,
28 Sela, Haýelep, Ýabus galasy (bu – Iýerusalim), Gibga we Kirýategarym – obalary bilen bile on dört gala. Bu benýamin tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýeridir.




Chapter 19

1 Ikinji gezek şimgon tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülki ýahuda tiresiniň mülk ýeriniň içinden düşdi.
2 Şimgon tiresiniň mülk ýerleri şular bolupdyr: Beýerşeba, Şeba, Molada,
3 Hasarşugal, Bala, Esem,
4 Eltolat, Betul, Horma,
5 Ziklag, Beýtmarkabot, Hasarsusa,
6 Beýtlebaot, Şaruhen – obalary bilen bile on üç gala.
7 Aýyn, Rimmon, Eter, Aşan – obalary bilen bile dört gala.
8 Bagalatbegeriň we Negep çölündäki Ramanyň daş-töweregindäki obalar hem şoňa girýärdi. Şimgon tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýerleri, ine şulardyr.
9 Şimgon tiresine mülk ýer ýahudalaryň paýyndan bölünip berildi. Ýahudalaryň ýer paýlarynyň özlerinden artykdygy sebäpli, şimgon tiresi mülk ýerini olaryň paýyndan aldy.
10 Üçünji gezek zebulun tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülk ýeriniň araçägi Saryda çenli uzalýar.
11 Araçäk günorta Margala çenli gidip, Dabbeşede baryp ýetýär we Ýoknegamyň gündogar akymyna gelýär.
12 Soň Saryddan yzyna gaýdyp, günüň dogýan tarapyna Kislot-tabora gelýär. Ol ýerden Daberada gelip, Ýapyýa tarap ýokary çykýar.
13 Ol ýerden gündogara Gathepere we Etkazyna tarap geçýär, soňra Rimmona tarap dowam edip, Nega tarap öwrülýär.
14 Demirgazyk araçäk Hannatona tarap aýlanyp, Ýyptahel jülgesinde gutarýar.
15 Katat, Nahalal, Şimron, Ýydala, Beýtullaham – obalary bilen bile on iki gala.
16 Zebulun tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýeri, olaryň galalary we obalary, ine şulardyr.
17 Dördünji gezek ysakar tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
18 Olaryň ýerine şular degişlidir: Ýizregel, Kesullot, Şunem,
19 Haparaýym, Şiýon, Anaharat,
20 Rabyt, Kişýon, Ebes,
21 Remet, Eýngannym, Eýnhadda, Beýtpazzes.
22 Araçäk Tabora, Şahasuma, Beýtşemeşe ýanaşyp, Iordanda gutarýar – obalary bilen bile alty gala.
23 Ysakar tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, galalary we obalary, ine şulardyr.
24 Bäşinji gezek aşer tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
25 Olaryň araçägi Helkat, Haly, Beten, Akşap,
26 Alammelek, Amat, Mişal; günbatar Karmel dagyna çenli we Şihorlybnat galasyna çenli baryp ýetýär.
27 Soňra araçäk yzyna gündogara Beýtdagona tarap aýlanyp, Zebuluna, Ýyptahel jülgesine, demirgazykda Beýtemege we Negiýele barýar. Soňra ol demirgazykda Kabula,
28 Ebrona, Rehoba, Hammona, Kana we Beýik Sidona çenli dowam edýär. 29–30 Şundan soň serhet Rama öwrülip, berk Sur galasyna gelýär we ýene-de yzyna Hosa tarap aýlanyp, Ortaýer deňzinde gutarýar. Olaryň ýerlerine Mahalap, Akzyp, Umma, Apek, Rehop ülkeleri hem degişlidir. Olar obalary bilen bile jemi ýigrimi iki galadyr.
31 Aşer tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, galalary we obalary, ine, şulardan ybaratdyr.
32 Altynjy gezek naftaly tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
33 Olaryň araçägi Helepden, Saganannymdaky dub tokaýlaryndan, Adamynekepden we Ýabneýelden Lakkuma çenli gelip, ol Iordanda gutarýar.
34 Serhet günbatara Aznottabora öwrülip, soň Hukoga barýar, günorta tarapdan Zebuluna, günbatar tarapdan bolsa Aşere we gündogar tarapdan Iordanyň ýakasynda bolan Ýahuda ýanaşýar.
35 Olara degişli bolan berk galalar şulardyr: Sidim, Ser, Hammat, Rakat, Kinneret,
36 Adama, Rama, Hasor,
37 Kedeş, Edreý, Eýnhasor,
38 Ýyron, Migdalel, Horem, Beýtanat we Beýtşemeş – obalary bilen bile on dokuz gala.
39 Bu bolsa naftaly tiresiniň uruglaryna görä düşen mülk ýerleri, olaryň galalary we obalarydyr.
40 Ýedinji gezek dan tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
41 Olaryň paýyna düşen mülk ýerler şulardan ybarat: Sorga, Eştawol, Irşemeş,
42 Şagalbyn, Aýalon, Ýytla,
43 Eýlon, Timna, Ekron,
44 Elteke, Gibeton, Bagalat,
45 Ýehut, Beneýberak, Gatrimmon,
46 Meýýarkon we Ýafonuň garşysyndaky ýerler bilen Rakon.
47 Emma dan tiresine öz ýerlerini eýelemek agyr düşdi, olar Leşeme garşy söweşe çykyp, ony basyp aldylar. Olary gylyçlap öldürip, ýerlerini özlerine mülk edip aldylar we ol ýerde ýerleşdiler. Olar Leşeme Dan diýip, atalary Danyň adyny goýdular.
48 Ine, bu bolsa dan tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, olaryň galalary we obalarydyr.
49 Mülk ýerleri araçäkläp bölüp gutaranlaryndan soň, ysraýyllar öz aralaryndan Nunuň ogly Ýeşuwa mülk paý berdiler.
50 Olar oňa Rebbiň buýrugy boýunça Efraýym daglygyndaky Timnatserah galasyny berdiler. Bu galany onuň özi sorapdy. Ýeşuwa bu galany täzeden gurup, ol ýerde ornaşdy.
51 Ine, şular Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Şiloda Rebbiň huzurynda Ysraýyl tirelerine bije boýunça paýlap beren mülk ýerleridir. Şeýlelik bilen, olar ýerleri paýlamak işini gutardylar.




Chapter 20

1 Reb Ýeşuwa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara aýt: Men size Musanyň üsti bilen gaçybatalga galalary barada aýdypdym. Şolaryň haýsy galalar bolmalydygyny siz öz araňyzda kesgitläň.
3 Tötänlikden ýa-da ýalňyşlyk bilen adam öldüren ganhor ol ýere gaçyp, özüni gorap biler. Goý, ol galalar ganhorlar üçin öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolsun.
4 Kimde-kim şol galalaryň birine gaçyp barsa, ol adam galanyň girelgesinde, derwezäniň agzynda durup, şol galanyň ýaşulularyna eşitdirip, öz ýagdaýyny habar bersin. Olar ol adamy öz ýaşaýjylarynyň biri hökmünde kabul edip, oňa öz aralarynda galada ýaşamaga orun bererler.
5 Eger-de onuň yzyndan öldürileniň hossary ar almak üçin gelse, onda galadaky ýaşulular ganhory onuň eline bermeli däldirler, sebäbi ganhor onuň ýakynyny bilkastlaýyn öldürmändir. Öldüren adamy bilen onuň öň hiç hili duşmançylygy bolmandyr.
6 Jemagat üýşüp, ganhor barada höküm çykarýança we tä şol wagtky baş ruhany ölýänçä, goý, ol şol galada ýaşabersin. Soňra ol gaçyp gaýdan galasyna, öz öýüne dolanyp biler».
7 Şeýlelik bilen, olar Naftaly daglygynda Jelilede Kedeş galasyny, Efraýym daglygynda Şekemi we Ýahuda daglygynda Kirýatarbany (ýagny Hebron) bellediler.
8 Şeýle hem Iordan derýasynyň aňyrsyndan Ýerihonyň gündogarynda olar ruben tiresinden düzlükdäki çölde ýerleşýän Beseri, gat tiresinden Gilgatdaky Ramody, manaşe tiresinden Başandaky Golany bellediler.
9 Bu galalar ähli ysraýyllar üçin we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin bellenildi, ýagny kimde-kim ýalňyşlyk bilen adam öldüren bolsa, şol galalara gaçyp baryp, başyny gutaryp biler. Jemagat adalatly höküm çykarýança, ol ganhor öldürileniň hossarynyň elinden ölmez.




Chapter 21

1 Lewi tiresiniň ýolbaşçylary Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ähli Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň ýanyna geldiler.
2 Lewiler Kengan ýurdunyň Şilo galasyna gelip, olara: «Reb bize Musanyň üsti bilen ýaşamak üçin galalar we iri şahly mallarymyz üçin bolsa öri meýdanlar bermegi buýrupdy» diýdiler.
3 Şeýlelikde, Rebbiň buýrugy boýunça ysraýyllar lewilere öz mülk ýerlerinden şu aşakdaky galalary we öri meýdanlaryny berdiler.
4 Ilkinji kohat urugynyň bijesi çykdy. Lewilerden bolan Harun ruhanynyň nesillerine bije boýunça ýahuda, şimgon we benýamin tirelerinden saýlanyp, on üç gala berildi.
5 Beýleki galan kohat urugyna bije boýunça efraýym, dan tirelerinden we manaşe ýarym tiresinden on gala berildi.
6 Gerşon urugy hem bije atyşykda ysakar, aşer, naftaly tirelerinden we Başandaky manaşe ýarym tiresinden özlerine on üç gala aldylar.
7 Merary urugy özlerine ruben, gat we zebulun tirelerinden on iki gala aldylar.
8 Şeýlelikde, ysraýyllar Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, bu galalary öri meýdanlary bilen birlikde lewilere bije boýunça paýlap berdiler. 9–10 Ysraýyllar lewilerden bolan kohat urugyndan Harunyň nesillerine ýahuda we şimgon tireleriniň haýsy galalaryny bermelidigini kesgitlediler, sebäbi olaryň bijesi birinji çykypdy.
11 Ysraýyllar olara Kirýatarbany (Arba Anagyň kakasydy) beripdirler. Bu Ýahuda daglygyndaky Hebron galasy bolupdyr, onuň daş-töweregini öri meýdan tutýar.
12 Emma galanyň ýakynyndaky açyk meýdanlaryny we onuň obalaryny bolsa Ýepunne ogly Kalep mülk ýer hökmünde alypdy.
13 Harun ruhanynyň nesillerine ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Hebron galasyny we Libnany,
14 Ýatyry, Eştemowany,
15 Holony, Debiri,
16 Aýyny, Ýutany, Beýtşemeşi, olaryň her biriniň öri meýdanlary bilen bile bu iki tireden jemi dokuz gala berdiler.
17 Olar benýamin tiresinden hem şu galalary aldylar: Gibgony, Gebany,
18 Anatody we Almony, olaryň hersiniň öri meýdanlary bilen bile jemi dört gala.
19 Şu sanalan on üç gala öri meýdanlary bilen bile Harun ruhanynyň nesillerine berildi.
20 Lewileriň kohat nesliniň galan bölegi bije boýunça efraýym tiresinden galalar aldylar.
21 Olar ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Efraýym daglygyndaky Şekem galasyny, şeýle hem Gezeri,
22 Kibsaýymy, Beýthorony öri meýdanlary bilen bile olara berdiler. Bular jemi dört galadyr.
23 Olar dan tiresinden Elteke, Gibeton,
24 Aýalon we Gatrimmon galalaryny öri meýdanlary bilen bile aldylar. Bular jemi dört galadyr.
25 Olara manaşe ýarym tiresinden şu galalary: Tagnagy, Gatrimmony öri meýdanlary bilen bile berdiler – jemi iki gala.
26 Şu ýokarda sanalan on gala, öri meýdanlary bilen birlikde kohat nesilleriniň galan bölegine berildi.
27 Lewileriň gerşon urugyna manaşe ýarym tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Başandaky Golan galasy we Beýeşterag, olaryň öri meýdanlary bilen bile berildi – jemi iki gala.
28 Ysakar tiresinden bolsa olara Kişýon, Daberat,
29 Ýarmut, Eýngannym galalaryny we olaryň öri meýdanlaryny aldylar – jemi dört gala.
30 Aşer tiresinden olara Mişal, Abdon,
31 Helkat we Rehop galalary, olaryň hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi – jemi dört gala.
32 Olara naftaly tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Jeliledäki Kedeş galasy, şeýle hem Hammotdor, Kartan galalary, öri meýdanlary bilen bile berildi – jemi üç gala.
33 Şu sanalan on üç gala, olaryň öri meýdanlary bilen birlikde gerşon urugyna berildi.
34 Lewileriň galan merary urugyna bolsa zebulun tirsinden galalar berildi. Olara Ýoknegam, Korta,
35 Rimmon, Nahalal galalary we olaryň hersiniň öri meýdanlary berildi – jemi dört gala.
36 Ruben tiresinden olara Beser, Ýahsa,
37 Kedemot, Meýpagat galalary we olaryň hersiniň öri meýdanlary berildi – jemi dört gala.
38 Gat tiresinden olara ganhorlara gaçybatalga edilip bellenen Gilgatdaky Ramot galasy we Makanaýym,
39 Heşbon, Ýazer galalary öri meýdanlary bilen bile berildi. Bular jemi dört galadyr.
40 Şeýlelikde, lewileriň galan merary urugynyň paýyna bije boýunça jemi on iki gala düşdi.
41 Ysraýyllardan lewilere mülk hökmünde berlen galalaryň jemi, öri meýdanlary bilen birlikde kyrk sekiz boldy.
42 Şol galalaryň her biriniň daş-töweregini öri meýdan gurşap alýardy. Öri meýdansyz ýekeje-de gala ýokdy.
43 Ynha, Reb ysraýyllaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýeriniň ählisini olara berdi. Olar bu ýerleri eýeläp, ol ýerde ýaşadylar.
44 Reb olaryň ata-babalaryna söz berşi ýaly, olara ähli tarapdan parahatçylyk berdi. Olaryň duşmanlarynyň ýekejesi hem olaryň öňünde durup bilmedi. Reb olaryň duşmanlaryny öz ellerine berdi.
45 Rebbiň Ysraýyl nesillerine beren wadalaryndan ýekeje sözi hem ýerine ýetmän galmady. Olaryň ählisi hakykat ýüzünde berjaý boldy.




Chapter 22

1 Soňra Ýeşuwa ruben, gat tirelerini we manaşe ýarym tiresini ýanyna çagyryp,
2 olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň guly Musanyň buýruklaryny ýerine ýetirdiňiz we meniň ähli tabşyryklaryma boýun bolduňyz.
3 Bütin şol wagtyň dowamynda siz doganlaryňyzy şu güne çenli ýeke taşlamadyňyz we öz Hudaýyňyz Rebbiň buýruklaryny dykgat bilen ýerine ýetirdiňiz.
4 Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny, Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň.
5 Emma Rebbiň guly Musanyň size beren buýruklaryny we kanunyny doly berjaý ediň. Hudaýyňyz Rebbi söýüň, ähli ýerde Onuň ýolundan ýöräň, tabşyryklaryny ýerine ýetiriň, Oňa bil baglaň we bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk ediň».
6 Soňra ak pata berip, Ýeşuwa olary ugratdy we olar öz öýlerine gaýtdylar.
7 Ynha, manaşe tiresiniň ýarysyna Musanyň Başanda beren ýeri, emma Ýeşuwa beýleki ýarysyna Iordan derýasynyň demirgazyk tarapynda, öz doganlarynyň arasyndan berdi. Şeýlelikde, olara ak pata berip, öýlerine ugratdy.
8 Ýeşuwa olara: «Uly baýlyk bilen, süri-süri mal bilen, altyn-kümüş bilen, mis-demir bilen, köp egin-eşik bilen yzyňyza dolanyň. Duşmanlaryňyzy ýeňip, olardan alan oljalaryňyzy öz doganlaryňyz bilen paýlaşyň» diýdi.
9 Şeýlelikde, ruben, gat tireleri we manaşe ýarym tiresi Kenganyň Şilo galasyndaky beýleki ysraýyllary taşlap, Gilgada tarap, Rebbiň Musanyň üsti bilen olara beren mülk ýerlerine eýelik etmäge yzlaryna gaýtdylar.
10 Ruben, gat tireleri we manaşe ýarym tiresi Kenganda Iordanyň golaýyna gelip, derýanyň ýakasynda äpet bir gurbanlyk sypasyny bina etdiler.
11 Ine, rubenleriň, gatlaryň we manaşe ýarym tiresiniň Kenganyň araçäginde, Iordanyň boýunda, ysraýyllaryň tarapynda gurbanlyk sypasyny gurandyklary baradaky habar ysraýyl halkyna gelip ýetdi.
12 Bu täzeligi eşidenlerinde, tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda bir ýere ýygnanyp, olara garşy söweşmäge aýaga galdy.
13 Soňra ysraýyllar Gilgada tarap – rubenleriň, gatlaryň we manaşe ýarym tiresiniň üstüne Elgazar ruhanynyň ogly Pinehasy iberdiler.
14 Onuň bilen bile on sany ýolbaşçy hem gitdi. Olar ysraýylyň her tiresinden saýlanyp, hersi ysraýyl uruglarynyň baştutanydylar.
15 Olar Gilgada – rubenleriň, gatlaryň we manaşe ýarym tiresiniň ýanyna gelip, olara şeýle diýdiler:
16 «Rebbiň tutuş jemagaty şeýle diýýär: Bu nähili dönüklik? Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň garşysyna çykdyňyzmy? Siz Rebbe gulluk etmekden ýüz öwürdiňizmi? Siz öz gurbanlyk sypaňyzy gurup, Rebbe garşy baş göterýäňizmi?
17 Biziň üçin Pegoryň kanuny bozany azmy näme? Çünki ol Rebbiň jemagatyna gyrgyn keselini getirdi. Biz entekler hem ondan tämizlenip bilemzok.
18 Siz bolsa bu gün Rebden boýun towladyňyz! Eger siz bu gün Rebbe baş göterseňiz, ertir Ol tutuş ysraýyl jemagatyna göz görkezer.
19 Eger siziň mülk ýerleriňiz päk bolmasa, onda Rebbiň topragyna – mukaddes çadyryň duran ýerine geçiň-de, mülk ýeriňizi biziň aramyzdan alyň. Emma biziň Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasyndan başga öz gurbanlyk sypaňyzy gurup, Rebbe we bize garşy baş götermäň.
20 Ýadyňyzdamy, Zeranyň çowlugy Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan ogurlap, dönüklik edipdi? Munuň üçin bolsa jeza tutuş ysraýyl jemagatynyň üstünden indi. Bu günä üçin onuň diňe ýeke özi ölmändi».
21 Ruben, gat tireleri we manaşe ýarym tiresi Ysraýyl tireleriniň urugbaşylaryna şeýle jogap berdiler:
22 «Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Ol bilýändir, goý, ysraýyl halky hem bilsin: eger biz Rebbe boýun egmezlik ýa-da dönüklik eden bolsak, siziň bu gün bize rehimiňiz inmesin!
23 Eger biz gurbanlyk sypamyzy Rebbi ret etmek üçin guran bolsak, onuň üstünde ýakma gurbanlygyny ýa galla sadakasyny, ýa-da salamatlyk gurbanlygyny bermek üçin guran bolsak, onda Rebbiň Özi bize berk jeza bersin.
24 Hakykatda bolsa, biz muny ätiýaçlyk üçin etdik, sebäbi wagt geler, şonda siziň nesilleriňiziň biziň nesillerimizden: „Ysraýyl Hudaýy Reb bilen siziň näme işiňiz bar?“ diýip sorarlar.
25 Reb Iordan derýasyny biziň bilen siziň araňyzda araçäk edip goýdy. Siziň Rebde hiç hili paýyňyz ýok diýmezlikleri üçin, şeýle hem, siziň nesilleriňiz biziňkilere Rebbe sežde etmäge ýol goýar ýaly,
26 biz öz gurbanlyk sypamyzy gurmagy ýüregimize düwdük. Bu ýakma gurbanlygy üçin hem däl, mal sadakasy üçin hem däl.
27 Emma bu siz bilen biziň we soňky nesillerimiziň arasynda subutnama bolmagy üçindir. Munda biz öz ýakma gurbanlyklarymyz, mal sadakalarymyzy we salamatlyk gurbanlyklarymyzy bermek bilen Rebbiň öňündäki borçlarymyzy Onuň huzurynda ýerine ýetireris. Wagt gelende, siziň nesilleriňiz biziň nesillerimize: „Siziň Rebde paýyňyz ýok“ diýip, hiç haçan aýdyp bilmezler.
28 Şeýle hem, biz belli bir netijä geldik, haçan hem bolsa bir wagt olar bize we biziň nesillerimize şeýle diýäýseler, biz olara: „Ata-babalarymyzyň Rebbe guran bu gurbanlyk sypasynyň nusgasyna serediň, bu ýakma gurbanlygy ýa-da mal sadakasy üçin däl-de, siz bilen biziň aramyzda subutnama bolmagy üçindir“ diýeris.
29 Mukaddes çadyryň öňünde duran Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasyndan başga üýtgeşik gurbanlyk sypasyny gurmak we onda ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýa-da mal sadakasyny berip, Rebbi äsgermezlik edip, Ony ret etmeklik bizden daş bolsun!».
30 Pinehas ruhany we onuň bilen gelen jemagat baştutanlary, Ysraýyl tireleriniň urugbaşylary rubenleriň, gatlaryň we manaşe ýarym tiresiniň aýdanlaryny eşidenlerinde, bu sözlerden hoşal boldular.
31 Elgazar ruhanynyň ogly Pinehas rubenlere, gatlara we manaşe ýarym tiresine: «Häzir biz Rebbiň öz aramyzdadygyny bilýäris, sebäbi siz Rebbe garşy dönüklik etmänsiňiz, gaýtam, siz bütin ysraýyl halkyny Rebbiň jezalandyrmagyndan halas etdiňiz» diýdi.
32 Şundan soň Pinehas we ýolbaşçylar rubenleri we gatlary Gilgatda galdyryp, öz ýurduna dolanyp geldiler we ysraýyllara olaryň aýdanlaryny gürrüň berdiler.
33 Şeýlelikde, ysraýyllar olaryň eden işinden hoşal boldular we Hudaýa alkyş aýtdylar. Şundan soň olar rubenleriň we gatlaryň ýaşaýan ýerlerine çozup, olar bilen uruş etmek we olary tozdurmak hakynda kelam agyz söz aýtmadylar.
34 Rubenler we gatlar gurbanlyk sypasyna «Subutnama» diýip at berdiler. Olar: «Çünki bu biziň aramyzda Rebbiň Hudaýdygynyň subutnamasydyr» diýdiler.




Chapter 23

1 Rebbiň ysraýyllara daş-töweregindäki ähli duşmanlaryndan parahatçylyk bereninden bäri köp wagt geçipdi we Ýeşuwanyň hem ýaşy bir çene baryp, gojalyk ýaşyna ýetipdi.
2 Ýeşuwa ähli ysraýyllary, olaryň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Indi meniň köpüm geçip, azym galdy.
3 Hudaýyňyz Rebbiň siziň bähbidiňiz üçin bu milletleri nähili güne salandygyna özüňiz gözli şaýatsyňyz. Siziň üçin söweşen Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir.
4 Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim.
5 Hudaýyňyz Rebbiň Özi olary yza serpikdirip, siziň öňüňizden kowup çykarar. Hudaýyňyz Rebbiň size söz berşi ýaly, siz olaryň ýerlerini eýelärsiňiz.
6 Şonuň üçin hem Musanyň Kanun kitabyndaky ýazylanlaryň baryna boýun egip, ony doly ýerine ýetirmekde örän mert duruň. Ondan hiç ýana sowulmaň.
7 Araňyzda galyp, ýaşap ýören bu gelmişek milletler bilen garyşmaň, olaryň hudaýlarynyň atlaryny agzamaň, olaryň adyndan ant içmäň, olara gulluk edip, sežde etmäň.
8 Diňe şu günki bolşuňyz ýaly, Hudaýyňyz Rebbe bil baglaň.
9 Reb siziň öňüňizden beýik we güýçli milletleri kowup çykardy, şu wagta çenli olaryň ýekejesi hem siziň öňüňizde durup bilmedi.
10 Siziň biriňiz olaryň müňüsini gaçyrdyňyz, sebäbi Hudaýyňyz Reb edil söz berşi ýaly, siziň tarapyňyzda söweşdi.
11 Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbi söýmäge örän dykgatly boluň.
12 Emma siz Rebden ýüz öwrüp, araňyzda diri galan beýleki milletlere goşulsaňyz, olar bilen gyz alşyp-berşip, garyndaşlyk açsaňyz,
13 onda şuny bilip goýuň, çünki siziň Hudaýyňyz Reb şondan soň ol milletleri siziň öňüňizden kowup çykarmaz. Tersine, olar size duzak we tor bolarlar, tä Hudaýyňyz Rebbiň beren bu gowy ýerinden aýrylyp ýok bolýançaňyz, arkaňyzy gamçylap, gözüňize tiken bolup dürtülerler.
14 Ine, görşüňiz ýaly, meniň sanalgym doldy. Siziň hemmäňiz bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden bilýärsiňiz, çünki Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmady. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady.
15 Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň her bir ajaýyp wadasynyň hakykata öwrülişi dek, Özüniň beren oňat ýerinden sizi ýok edýänçä, başyňyzdan bela-beterleri-de inderer.
16 Eger-de siz özüňize berjaý etmek üçin berlen Hudaýyňyz Rebbiň ähtini bozsaňyz we başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde etseňiz, onda Rebbiň gahar-gazaby siziň garşyňyza tutaşar. Siz Rebbiň beren bu oňat ýerinde şobada heläk bolarsyňyz».




Chapter 24

1 Şeýlelikde, Ýeşuwa ähli ysraýyl tirelerini Şekeme ýygnady. Olaryň arasyndan Ysraýylyň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olaryň özleri gelip, Hudaýyň huzurynda durdular.
2 Soňra Ýeşuwa ähli halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň ata-babalaryňyz mundan köp ýyl öň Perat derýasynyň boýunda ýaşap, başga hudaýlara gulluk etdiler. Olaryň biri hem Ybraýym bilen Nahoryň kakasy Terady.
3 Emma Men ataňyz Ybraýymy Perat derýasynyň boýundan äkidip, tutuş Kenganyň ýerini berdim we onuň neberelerini köpeltdim. Men oňa Yshak diýen bir ogul berdim.
4 Yshaga hem Ýakup bilen Ysawy berdim. Men Ysawa Segir daglygyny mülk berdim, ýöne Ýakup nesilleri bilen Müsüre gitdi.
5 Soňra Men Musa bilen Haruny Müsüre iberdim we olaryň arasynda eden ähli bela-beterlerim bilen müsürlilere göz görkezdim. Şondan soň sizi ol ýerden alyp çykdym.
6 Men siziň ata-babalaryňyzy Müsürden alyp çykanymda, siz deňze geldiňiz. Müsürliler at-arabalary we atlylary bilen siziň ata-babalaryňyzyň yzyndan Gyzyl deňzine çenli kowaladylar.
7 Şonda ysraýyllar perýat edip, Men-Rebden kömek sorap ýalbaranlarynda, Men olar bilen müsürlileriň aralygyny tüm-garaňkylyga gapladym. Men müsürlileriň üstüni deňziň suwy bilen örtdüm. Siz Meniň müsürlilere näme edenimi öz gözleriňiz bilen gördüňiz. Soňra siz uzak wagtlap çölde ýaşadyňyz.
8 Şeýdip, Men sizi Iordanyň gündogarynda ýaşaýan amorlaryň ýerine getirdim. Olar siziň garşyňyza uruşdylar, emma Men olary siziň eliňize berdim. Men olary siziň öňüňizde gyryp taşladym we siz olaryň ýerlerini özüňize mülk aldyňyz.
9 Mowabyň hany Sipor ogly Ballak Ysraýyla garşy uruşmaga taýýarlananda, ol Begor ogly Bilgama sizi näletlemek üçin habar iberdi.
10 Emma Men Bilgama gulak asmadym, şeýlelikde, ol ýene-de size ak pata berdi we Men sizi Ballagyň elinden halas etdim.
11 Soňra siz Iordan derýasyndan geçip, Ýeriho geldiňiz. Ýerihonyň ýaşaýjylary hem edil hetler, amorlar, perizler, kenganlar, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar ýaly siziň garşyňyza çykdylar, emma Men olary hem siziň eliňize berdim.
12 Men iki amor hanyny howsala salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykardym. Siz olary öz gylyçlaryňyz bilen ýa-da ok-ýaýlaryňyz bilen ýeňmediňiz.
13 Men size öz zähmetiňizi siňdirmedik ýerleriňizi we öz gurmadyk galalaryňyzy berdim, häzir siz ol ýerlerde ýaşap ýörsüňiz. Siz öz oturtmadyk üzüm we zeýtun baglaryňyzyň miwelerinden iýip ýörsüňiz“.
14 Şonuň üçin hem indi siz Rebden gorkuň, Oňa ak ýürekden we yhlas bilen gulluk ediň. Siz ata-babalaryňyzyň Perat derýasynyň aňyrsynda we Müsürde sežde eden hudaýlaryny taşlaň. Diňe Rebbe gulluk ediň.
15 Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Perat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».
16 Soňra adamlar Ýeşuwa şeýle jogap berdiler: «Biz hiç wagt Rebbe dönüklik etmeris! Başga hudaýlara gulluk etmek bizden daş bolsun!
17 Hudaýymyz Rebbiň Özi bizi we ata-babalarymyzy Müsür gulçulygyndan alyp çykdy we gözümiziň alnynda köp gudratly işleri etdi. Biziň ýöräp geçen bütin ýollarymyzda, ähli milletleriň arasynda Reb biziň janymyzy aman saklady.
18 Biz bu ýere çozuş edenimizde, Reb bu ýerde ýaşaýan ähli amorlary biziň öňümizden kowup çykardy. Şonuň üçin biz hem Rebbe gulluk etjekdiris, sebäbi Ol biziň ýeke-täk Hudaýymyzdyr».
19 Ýeşuwa halka: «Siz Rebbe gulluk edip bilmersiňiz, çünki Ol mukaddes Hudaýdyr, Ol gabanjaň Hudaýdyr. Siziň ýazyklaryňyzy ýa-da günäleriňizi bagyşlamaz.
20 Eger siz Rebbi terk edip, keseki hudaýlara gulluk etseňiz, onda Ol size öň köp ýagşylyklar eden hem bolsa, sizden ýüz öwrer, näletläp, sizi ýok edip taşlar» diýdi.
21 Adamlar Ýeşuwa: «Ýok! Biz Rebbe gulluk ederis!» diýdiler.
22 Soňra Ýeşuwa ýene-de olara: «Rebbe gulluk etmegi saýlap alandygyňyza siziň özüňiz hakyky şaýatsyňyz» diýdi. Olar hem: «Hawa, biz şaýatdyrys!» diýip jogap berdiler.
23 Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Indi öz araňyzdaky keseki hudaýlary aýryp taşlaň we Ysraýyl Hudaýy Rebbe ak ýürekden baş egiň» diýdi.
24 Halk oňa: «Hawa, biz Hudaýymyz Rebbe gulluk ederis we Onuň sözüne boýun egeris!» diýdi.
25 Şeýlelikde, Ýeşuwa şol gün adamlar bilen äht baglaşdy we Şekemde olar üçin parzlar we düzgünler çykardy.
26 Ýeşuwa şeýle hem bu sözleri Hudaýyň Kanun kitabyna ýazdy. Soňra ol äpet bir daşy alyp, Rebbiň mukaddes ýerindäki dub agajynyň düýbünde goýdy.
27 Ol ähli halka ýüzlenip: «Görýäňizmi, şu daş biziň üçin subutnama bolar. Bu daş Rebbiň bize aýdan ähli sözlerini eşitdi. Eger siz Rebbe dönüklik edäýseňiz, bu daş size garşy subutnama bolar!» diýdi.
28 Soňra Ýeşuwa halkyň hersini öz mülk ýerine iberdi.
29 Bu wakalardan soň Rebbiň guly Nun ogly Ýeşuwa ýüz on ýaşap öldi.
30 Ony Gagaş dagynyň demirgazyk tarapyndaky Efraýym daglygynda, özüniň mülk ýeri bolan Timnatserahda jaýladylar.
31 Ýeşuwanyň ýaşan ähli döwründe we ol ölenden soň hem ömür sürüp, Rebbiň Ysraýyla eden ähli ägirt işlerini gözi bilen gören garrylaryň günlerinde-de ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi.
32 Ysraýyllar Ýusubyň jesedini Müsürden çykaryp, Şekeme getiripdiler. Olar ony Şekemiň kakasy Hamoryň ogullaryndan Ýakubyň ýüz teňňä satyn alan ýerinde jaýladylar. Ol ýer Ýusubyň nesilleriniň mülk ýeri bolup galdy.
33 Harunyň ogly Elgazar hem öldi, ony Efraýym daglygynda, öz ogly Pinehasyň Gibga galasynda jaýladylar.