Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21

Chapter 1

1 Ýeşuwa ölenden soň, ysraýyllar: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip, Rebden soradylar.
2 Reb: «Ýahuda tiresi çykar: ine, Men bu ýurdy olaryň eline berjekdirin» diýdi.
3 Ýahudalar şimgon tiresine: «Biziň paýymyza düşen ýer üçin kenganlaryň garşysyna bile söweşmäge geliň. Biz hem siziň paýyňyza düşen ýer üçin söweşmäge bararys» diýdiler. Şimgonlar olar bilen bile gitdiler.
4 Ýahudalar söweşe girdiler, Reb kenganlary we perizleri olaryň eline berdi. Olar Bezek diýen ýerde duşmanyň on müňüsini öldürdiler.
5 Bezekde olar Adonybezege sataşdylar, onuň bilen söweşip, ony ýeňdiler, kenganlary we perizleri derbi-dagyn etdiler.
6 Adonybezek gaçdy, ýöne onuň yzyndan kowup tutup, onuň elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklaryny çapdylar.
7 Şonda Adonybezek: «Elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklary çapylan ýetmiş sany baştutan meniň saçagymdan gaçan çörek owuntyklaryny çöpläp iýipdi. Şolara edenlerimi indi Hudaý meniň özüme görkezýär» diýdi. Olar Adonybezegi Iýerusalime getirdiler; şol ýerde ol öldi.
8 Soňra ýahudalar Iýerusalimi basyp alyp, onuň ilatyny gylyçdan geçirdiler we galany otladylar.
9 Ondan soň olar daglykda, Negepde we günbatar baýyrlykda ýaşaýan kenganlaryň garşysyna söweşe girdiler.
10 Köne ady Kirýatarba bolan Hebronda ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, Şeşaý, Ahyman we Talmaý baştutanlaryny boýun egdirdiler.
11 Ol ýerden bolsa köne ady Kirýatseper bolan Debiriň üstüne hüjüm etdiler.
12 Kalep: «Kim Kirýatseperleri ýeňip, olaryň ýerini eýelese, şoňa öz gyzym Aksany berjek» diýdi.
13 Debiri Kalebiň inisi Kenazyň ogly Otniýel eýeledi, Kalep oňa öz gyzy Aksany berdi.
14 Toý güni Aksa öz kakasynyň ýanyna gidip, ondan ýer dilemek üçin Otniýelden razylyk aldy. Aksa eşekden düşeninde, Kalep ondan: «Näme dilegiň bar, gyzym?» diýip ýüzlendi.
15 Aksa oňa: «Maňa ýene-de bir sowgat et, kaka. Sen maňa Negebiň gurak ýerlerini berdiň. Indi suw bulaklaryny-da beräý» diýdi. Şunlukda, Kalep oňa ýokarky hem aşaky bulaklary-da berdi.
16 Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amelekleriň arasynda ornaşdylar.
17 Soňra ýahudalar şimgonlar bilen bilelikde, Zefat galasynda ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, olary ýeňdiler. Olar galany Rebbe bagyş edip, bütinleý ýok etdiler we onuň adyna Horma1 dakdylar.
18 Ýahudalar Gaza, Aşkelon we Ekron galalaryny-da, olaryň daş-töweregindäki meýdanlary bilen bile basyp aldylar.
19 Reb ýahudalar bilen biledi. Olar daglykda ýaşaýanlary ýeňip, olary kowup çykardylar, emma düzlükde ýaşaýanlary ýeňip bilmediler, sebäbi olaryň demirden söweş arabalary bardy.
20 Musanyň wada edişi ýaly, Hebron Kalebe berildi. Ol bolsa Anagyň üç ogluny ol ýerden kowup çykardy.
21 Benýaminler Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykarmadylar, olar häli-häzire çenli hem benýaminler bilen bile bu ýerde ýaşap ýörler.
22 Ýusubyň nesilleri Beýteliň garşysyna söweşe çykdylar. Reb olar bilen biledi.
23 Olar Beýtele (galanyň öňki ady Luzdy) gözden geçirmek üçin öz jansyzlaryny iberdiler.
24 Jansyzlar galadan gelýän bir adamy gördüler, ony tutup, oňa: «Eger bize galanyň girelgesini görkezseň, biz saňa rehimdarlyk ederis» diýdiler.
25 Ol adam bulara galanyň girelgesini görkezdi. Ýusubyň nesilleri galany gylyçdan geçirdiler, ýöne bu adama hem onuň kowum-garyndaşlaryna degmediler.
26 Ol adam hetleriň ýurduna baryp, ol ýerde gala gurdy we onuň adyna Luz dakdy. Ol gala häzire çenli şol at bilen atlandyrylýar.
27 Manaşeler Beýtşeýan, Tagnak, Dor, Iblegam, Megido galalarynyň we olara degişli obalaryň ilatyny kowup çykarmadylar, şeýdip, kenganlar şol ýerde ýaşadylar.
28 Ysraýyllar güýçlenenden soňra, olar kenganlary bütinleý kowup çykarmadylar-da, mejbury iş edýänlere öwürdiler.
29 Efraýymlar hem Gezerde ýaşaýan kenganlary kowmadylar, kenganlar olar bilen bir ýerde ýaşadylar.
30 Şeýlelikde, zebulunlar Kitron we Nahalol galalarynyň ilatyny kowmadylar, kenganlar olar bilen ýaşaberdiler, ýöne kenganlar olary mejbury iş edýänlere öwürdiler.
31 Aşerler Akko, Sidon, Ahlap, Akzyp, Helba, Afyk we Rehop galalarynyň ilatyny kowmadylar.
32 Şeýdip, aşerler şol ýeriň ilaty bolan kenganlaryň arasynda ýaşaberdiler, çünki olary kowmadylar.
33 Naftalylar Beýtşemeşiň, Beýtanadyň ilatyny kowman, olaryň arasynda ýaşadylar. Emma olar Beýtşemeş bilen Beýtanadyň ilatyny mejbury iş edýänlere öwürdiler.
34 Amorlar danlary daglyga tarap gysdylar, olary düzlüge goýbermediler.
35 Amorlar Heres dagynda, Aýalonda, Şagablimde ýaşamagy ýüreklerine düwdüler; Ýusubyň nesilleri güýçlenende, olar amorlary mejbury iş edýänlere öwürdiler.
36 Amorlaryň serhedi Içýan geçidinden Sela gaýasyna çenli, hatda ondan hem aňryk uzalyp gidýärdi.




Chapter 2

1 Rebbiň perişdesi Gilgaldan Bokyma gelip, şeýle diýdi: «Men sizi Müsürden çykaryp, ata-babalaryňyza söz beren ýurduma getirdim. Men şol mahal Özümiň siz bilen eden ähtimi asla bozmajakdygymy we
2 bu ýurduň ilaty bilen siziň äht edişmeli däldigiňizi, olaryň gurbanlyk sypalaryny ýykyp-ýumurmalydygyňyzy aýdypdym. Ýöne siz sözüme gulak asmadyňyz. Bu näme etdigiňiz boldy?
3 Şonuň üçin hem indi Men size şuny aýdýaryn: Men olary siziň öňüňizden kowmaryn. Olar size duşman bolarlar, olaryň hudaýlary size duzak bolarlar».
4 Rebbiň perişdesi bu sözleri aýdanda, ähli ysraýyllar möňňürip aglaşdylar.
5 Şonuň üçin olar bu ýeriň adyna Bokym goýdular we şol ýerde Rebbe gurbanlyk berdiler.
6 Ýeşuwa adamlary öýli-öýüne ugradandan soň, ysraýyllar özlerine ýurtdan mülk berlen ýerlerine eýelik etmek üçin gitdiler.
7 Ýeşuwa dirikä-de, ol ölenden soň hem, şol ýerde ömür sürüp, Rebbiň Ysraýyla eden ähli ägirt işlerini gözi bilen gören ýaşulularyň döwründe-de halk Rebbe gulluk etdi.
8 Rebbiň guly Nun ogly Ýeşuwa ýüz on ýaşap öldi.
9 Ony Gagaş dagynyň demirgazyk tarapyndaky Efraýym daglygynda, Timnaheresdäki öz mülkünde jaýladylar.
10 Şeýlelik bilen, tutuş bir nesil çalyşdy we öňki nesliň deregine Rebbi bilmeýän we Onuň Ysraýyl üçin eden işlerinden habarsyz başga bir nesil kemala geldi.
11 Soňra ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, Bagal butlaryna gulluk etdiler.
12 Olar ata-babalaryny Müsürden çykaran öz Hudaýy Rebbi terk edip, daş-töweregindäki ähli goňşy milletleriň hudaýlaryna sygyndylar, olara baş egip sežde etdiler. Şeýdip, olar Rebbiň gaharyny getirdiler.
13 Olar Rebbi terk edip, Bagal hem-de Aştoret butlaryna gulluk etdiler.
14 Rebbiň ysraýyllara gahary geldi. Reb olary talaňçylaryň eline berdi, olary taladylar. Reb olary çar tarapdan duşmanlaryň eline berdi. Olar duşman öňünde uzak durup bilmediler.
15 Rebbiň ant içip söz berşi ýaly, olar nirä söweşmäge çyksalar, Reb ysraýyllara garşy boldy. Ysraýyllar gaty köp ejir çekdiler.
16 Ysraýyllary talaňçylaryň elinden halas etmek üçin Reb serdarlar saýlap çykardy.
17 Emma olar serdarlara-da gulak asman, Rebbe biwepalyk edip, başga hudaýlara sežde etdiler; Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetiren ata-babalarynyň yzyna eýermän, gaýtam olaryň ýolundan juda tiz çykdylar.
18 Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulmuň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi.
19 Emma serdar ölen badyna, olar ýene öňki ýollaryna dolanýardylar, ata-babalaryndan beter bozulýardylar; başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde ederdiler. Şeýdip, olar tekepbirlik bilen özleriniň bet işlerinden el üzmediler.
20 Şoňa görä Rebbiň ysraýyllara gahary gelip, şeýle diýdi: «Bu halk olaryň ata-babalary bilen Meniň eden ähtimi bozdy, sözüme gulak asmady,
21 şu sebäpden Ýeşuwa ölmezden öň, kowulman galan halklaryň hiç birini-de, indi Men olaryň öňünden kowmaryn.
22 Şeýdip, olary şu halklar bilen synap görjek, ata-babalary ýaly olar hem Rebbiň ýolundan ýörärlermikä ýa-da ýok?»
23 Reb bu halklary birbada kowup çykarmady. Olara Ýeşuwanyň ygtyýaryna berilmedik ülkelerde galmagyna rugsat berdi.




Chapter 3

1 Kengandaky uruşlaryň hiç haýsysyna gatnaşyp görmedik ysraýyllary synamak üçin, Reb birnäçe milletleri kowup çykarman öz ýurdunda galdyrdy.
2 Reb muny Ysraýylyň her bir nesline söweşmegi öwretmek üçin, esasan hem öň hiç haçan urşup görmedik, urşa hiç hili tejribesi ýok soňky nesil üçin etdi.
3 Ynha, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler.
4 Rebbiň Musanyň üsti bilen ata-babalaryna berlen buýruklaryna ysraýyllaryň gulak asýandyklaryny ýa-da gulak asmaýandyklaryny synamak üçin Reb şu halklary galdyrypdy.
5 Ysraýyllar kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň arasynda mesgen tutdylar.
6 Olar bilen gyz alşyp-berişdiler, olaryň hudaýlaryna gulluk etdiler.
7 Ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler, özleriniň Hudaýy Rebbi unudyp, Bagal hem-de Aşera butlaryna gulluk etdiler.
8 Şol sebäpden Rebbiň Ysraýyla gahary gelip, olary Mesopotamiýa patyşasy Kuşan-rişataýymyň eline tabşyrdy. Ysraýyllar sekiz ýyllap Kuşan-rişataýymyň gol astynda boldular.
9 Olar Rebbe perýat edenlerinde, Reb olara Otniýel diýen bir halasgär berdi. Ol Kalebiň inisi Kenazyň ogludy.
10 Rebbiň ruhy Otniýele siňdi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Mesopotamiýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi.
11 Ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady. Soňra Kenazyň ogly Otniýel öldi.
12 Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Reb hem Mowap patyşasy Eglony ysraýyllaryň garşysyna güýçlendirdi, sebäbi ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler.
13 Eglon ammonlar we amalekler bilen birleşip, ysraýyllara zarba urdy we Palma galasyny eýeledi.
14 Şeýlelikde, ysraýyllar on sekiz ýyllap Mowap patyşasy Eglonyň gol astynda galdylar.
15 Ysraýyllar ýene-de Rebbe perýat edenlerinde, Reb olar üçin bir halasgär berdi. Ol benýamin tiresinden Geranyň ogly Ehutdy, ol çepbekeýdi. Ysraýyllar Mowap patyşasy Eglon üçin peşgeş äkitmegi Ehuda tabşyrdylar.
16 Ehut özüne uzynlygy bir tirsek bolan iki ýüzli hanjar ýasandy. Ony donunyň aşagynda sag buduna dakyp,
17 peşgeşi Mowap patyşasy Eglona äkitdi. Eglon gaty semiz adamdy.
18 Ehut peşgeşi berdi we peşgeşi göterip gelen adamlary ugratdy.
19 Ýöne onuň özi Gilgalyň gapdalyndaky ýonulan uly daşyň duran ýerinden yzyna öwrülip geldi-de: «Eý patyşa, saňa aýtjak bir gizlin sözüm bar» diýdi. Eglon: «Dymyň!» diýip, ýanyndakylaryň hemmesini daşaryk çykardy.
20 Ehut şonda öz sergin otagynda ýeke galan patyşanyň ýanyna golaýlaşyp: «Saňa Hudaýdan bir habar getirdim» diýende, patyşa tagtyndan turdy.
21 Ehut çep eli bilen sag budundaky hanjaryny aldy-da, patyşanyň garnyna sokdy.
22 Hanjar sapy bilen bile girip gitdi. Gama patyşanyň ýagly garnynda galdy. Ehut hanjaryny yzyna çykarmady, hanjarynyň ujy onuň arkasyndan çykdy, onuň içgoşy daşyna çykdy.
23 Onsoň Ehut işigiň daş ýüzüne çykyp, sergin otagyň gapylaryny daşyndan gulplady.
24 Ol daşaryk çykan badyna, patyşanyň nökerleri geldiler. Olar sergin otagyň gapylarynyň gulplydygyny görüp, patyşa aýak ýoluna gidendir öýtdüler.
25 Juda köp garaşdylar, gapylar wagty bilen açylmansoň, ahyry açar alyp, gapylary açdylar. Görseler, olaryň hojaýyny ölüp ýatyrdy.
26 Olar nämäniň-nämedigine düşünýänçäler, Ehut gaçdy we ýonulan uly daşyň gapdalyndan geçip, Seýire tarap zym-zyýat boldy.
27 Ol bu ýere gelip, Efraýym daglygynda surnaý çaldy. Ysraýyllar onuň bilen birlikde daglykdan indiler. Ehut olaryň öňündedi.
28 Ehut olara: «Meniň yzyma düşüň, Reb duşmanyňyz mowaplylary siziň eliňize tabşyrdy» diýdi. Olar hem onuň yzy bilen aşak indiler we mowaplylardan Iordan derýasynyň güzerlerini eýeläp, ol ýerden hiç kimi geçirmediler.
29 Şonda olar on müň sany daýaw hem batyr mowaplyny öldürdiler, olaryň ýekejesi-de aman galmady.
30 Şeýlelikde, mowaplylar şol gün Ysraýylyň golastyna düşdüler. Soňra ýurt segsen ýyl parahat ýaşady.
31 Ehutdan soň Anat ogly Şamgar peýda boldy. Ol hem padyman taýagy bilen piliştlilerden alty ýüz adamy öldürip, Ysraýyly olaryň elinden halas etdi.




Chapter 4

1 Ehut ölenden soň, ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler.
2 Reb ysraýyllary Hasor galasynda höküm süren Kenganly Ýabyn atly hanyň eline berdi. Haroşet-hagoýym galasynda ýaşaýan Sisera onuň harby serkerdesidi.
3 Ysraýyllar Rebbe perýat edip, Ondan kömek soradylar, Oňa ýalbardylar, sebäbi Ýabynyň dokuz ýüz sany demirden söweş arabasy bardy we ol ýigrimi ýyl bäri ysraýyllary rehimsizlik bilen ezip gelýärdi.
4 Şol wagtlar ysraýyllara Lapydodyň aýaly Debora pygamberlik edip, olaryň baştutanydy.
5 Ol Efraýym daglygynda, Rama bilen Beýteliň aralygyndaky palma agajynyň aşagynda oturýardy. Deboranyň buýrugyny eşitmek üçin ysraýyllar onuň ýanyna gelerdiler.
6 Debora Abynogamyň ogly Baragyň yzyndan adam iberip, Kedeş galasynyň Naftaly diýen ýerine çagyrtdy we oňa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle buýruk berdi: „Bar, naftalylardan we zebulunlardan on müň adamy ýanyňa al-da, olar bilen Tabor dagyna çyk.
7 Men bolsa harby serkerde Siserany, onuň arabalaryny, agyr goşunyny Kişon derýasyna tarap getirip, seniň eliňe berjek“».
8 Barak oňa: «Eger sen meniň bilen gitseň, men baraýyn, ýogsam, men barjak däl» diýdi.
9 Debora oňa: «Bolýar, men seniň bilen gideýin; bu urşuň abraýy saňa nesip etmez, çünki Reb Siserany bir aýalyň eline berer» diýdi. Şeýle diýip, Debora Barak bilen bile Kedeş galasyna tarap ýola düşdi.
10 Barak zebulunlar bilen naftalylary Kedeş galasyna üýşürdi, on müň adam onuň yzyna eýerdi. Debora olara ýoldaş boldy.
11 Keýn tiresinden bolan Heber Kedeşiň golaýynda ýerleşen Sagananymda, dub agajynyň ýanynda çadyr gurupdyr. Heber şol wagtlar beýleki keýnlerden aýry ýaşaýan eken. Keýn tiresi Musanyň gaýynatasy Hobabyň nesillerinden bolupdyr.
12 Abynogamyň ogly Baragyň Tabor dagyna çykandygyny Sisera habar berenlerinde,
13 ol öz ýanyndaky esgerlerini, ähli söweş arabalaryny we dokuz ýüz demir arabasyny Haroşet-hagoýymdan çagyryp, olary Kişon derýasynyň ýakasyna üýşürdi.
14 Debora Baraga: «Tur, Rebbiň Siserany seniň eliňe berjek güni şu gündür. Rebbiň Özi seniň öňüňe düşer» diýdi. Şeýlelikde, Barak Tabor dagyndan aşak indi, onuň yzy bilen on müň adam gaýtdy.
15 Baragyň goşuny bilen Siseranyň goşuny söweşip başlanda, Reb Siseranyň esgerlerini we arabalaryny derbi-dagyn etdi. Sisera arabasyndan düşüp, pyýadalap gaçdy.
16 Barak Siseranyň arabasyny we bütin goşunyny Haroşet-hagoýyma çenli kowdy, olaryň baryny gylyçdan geçirdi, ýeke adamy-da diri goýmady.
17 Sisera pyýada gaçyp, keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýageliň ýaşaýan çadyryna bardy. Heber we onuň öýündäkiler Hasor hany Ýabyn bilen ylalaşykly ýaşaýardy.
18 Ýagel golaýlap gelýän Siserany görüp, onuň öňünden çykdy we oňa: «Gel, agam, gel meniň ýanyma, gorkma» diýdi. Ol gelip, bu aýalyň çadyryna girdi. Aýal onuň üstüne kilim ýapyp, ony gizledi.
19 Sisera aýala: «Men gaty suwsadym, maňa bir azajyk suw bersene» diýdi. Ýagel süýtli meşikden süýt alyp, Sisera içirdi-de, ýene onuň üstüni örtdi.
20 Soňra Sisera Ýagele: «Sen gapynyň agzynda bol, eger biri gelip: „Bu ýerde adam barmy?“ diýip soraýsa, sen: „Ýok diýip jogap berersiň“» diýdi.
21 Sisera örän ýadawdy; ol uka gitdi. Ýagel çadyryň gazyklaryndan birini hem-de tokmagy alyp, gazygy assyrynlyk bilen Siseranyň gulak tozunda goýdy-da, üstünden tokmak bilen urdy. Gazyk onuň kellesini ýere ýelmeşdirdi. Ol dessine jan berdi.
22 Barak Siserany yzarlap, çadyryň ýanyna geldi. Ýagel ony görüp, öňünden çykdy-da: «Gel bärik, men saňa ýitigiňi tapyp bereýin» diýdi. Barak Ýageliň ýanyna girende, çekgesinden gazyk geçirilen, jansyz ýatan Siserany gördi.
23 Şeýdip, şol gün Hudaý Kenganly Ýabyn hany ysraýyllara tabyn etdi.
24 Ysraýyllar gün-günden güýçlenip, Kengan hanlygyny doly syndyrdylar.




Chapter 5

1 Şol gün ýeňiş mynasybetli Debora bilen Abynogamyň ogly Barak şeýle aýdym aýtdylar:
2 «Ysraýyl ýolbaşçylary aýaga galanda, halk olara meýletin boýun bolanda, Rebbe alkyş aýdyň!
3 Eý, patyşalar, eşidiň! Eý, serkerdeler, diňläň! Men Rebbe nagma aýtjak, Ysraýyl Hudaýy Rebbe bir owadan saz çaljak.
4 Ýa Reb, Sen Seýirden çykaňda, Edomdan nyzamly aýak goşaňda, ýer sarsyp titredi, asmandan çagba ýagdy, bulutlardan sil akdy.
5 Sinaý dagynda Rebbiň öňünde, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň öňünde daglar sarsyp lerzana geldi.
6 Ýageliň zamanynda Anat ogly Şamgar höküm sürende, kerwenleriň yzy kesilipdi, ýolagçylar sowa ýoldan ýöräpdiler.
7 Debora heniz gelmezinden öň, ene hökmünde orta çykarmazdan öň, Ysraýyl obalarynda hiç kim galmandy.
8 Olar täze hudaýlary saýlan wagty uruş gala derwezesine gelip ýetipdi. Ysraýylyň kyrk müň esgeriniň ählisi ne galkanyn tapdy, ne-de naýzasyn.
9 Eý, Ysraýyl serkerdeleri, ýüregim siz bilen, gahrymanlarça söweşjekler bilen. Rebbe şöhrat bolsun!
10 Muny aýdyň, adamlar, ak eşek münüp gelýänler, haly-palaslarda oturanlar, ýoldan geçip barýanlar!
11 Güzere eşidilýär sazyň owazy, eşidýäs biz surnaýlaň sesin. Ysraýyl serdarlarynyň beýik işlerini, Rebbiň ýeňşini wasp edýärler. Rebbiň halky gala derwezesine inýär.
12 Oýan, eý, Debora, oýan! Aýt, sen öz aýdymyňy aýt! Eý, Abynogam ogly Barak, galkyn! Öz duşmanlaryňy ýesir al!
13 Diri galanlar öz serkerdesiniň ýanyna geldi, Rebbiň halky uly güýç bilen maňa geldi.
14 Amalek ýurdundaky efraýym hem benýamin tirelerinden uruş tälimin bilýänler geldiler. Makyrdan ýolbaşçylar geldiler. Zebulundan şa hasasyny göterýänler geldiler.
15 Ysakar serkerdeleri Debora bilen biledi. Hawa, ysakar halky Baraga wepalydy, onuň yzyndan pyýadalap düzlüge düşdüler. Emma ruben urugynda içini hümledýänler köpdi.
16 Näme üçin siz agyllaryň ýanynda çopan tüýdüginiň owazyna maýyl bolup oturdyňyz? Rubeniň urugynda içini hümledýänler köpdi.
17 Gilgat Iordanyň aňyrsynda galdy. Danyň adamlary öz gämileri bilen galdy. Aşeriň halky deňiz ýakasynda öz gämi duralgalarynda galdy.
18 Naftaly hem zebulun halklary janlaryny howp astynda goýup, söweş meýdanynda çaknyşdylar.
19 Tagnakda we Megido suwlarynyň ýakasynda Kengan hanlary gelip söweşdiler; emma olar ne kümüş, ne olja gazandylar.
20 Asmandan ýyldyzlar lowurdap, öz ýolunda Sisera bilen söweşdi.
21 Kişonyň akymy – bu gadymy derýa olary gark etdi. Eý, janym! Güýjüňi jemläp, öňe git!
22 At toýnagynyň ýer sarsdyrýan sesi eşidildi.
23 Rebbiň perişdesi diýýär: „Batyr esgerlere goşulmandygy üçin Meroz galasyna gargaň, onuň halkyna lagnat ýagdyryň!“.
24 Keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýagel çadyrda ýaşaýan aýallar arasynda ýalkansyn!
25 Sisera suw diledi, Ýagel oňa süýt berdi. Hanlara mynasyp käsede oňa gaýmak getirdi.
26 Ol çadyrdan çykdy, sol eline gazyk, sag eline tokmak aldy. Tokmak bilen Siserany urup, onuň kellesini mynjyratdy. Ol gazygy eline aldy-da, Siseranyň gulak tozunda goýup, üstünden tokmak bilen kakdy.
27 Sisera Ýageliň aýagynyň astynda, ýatan ýerinde jan berdi.
28 Siseranyň ejesi penjireden seredip, gözüni ýola dikip durşuna perýat edýär: „Oglumyň arabalary näme üçin eglendikä? Näme üçin atlarynyň aýak sesi eşidilenok?“.
29 Akylly boýdaşlary oňa göwünlik berdiler. Megerem, onuň özi-de özüne şeýle diýerdi:
30 „Belki, olja paýlaşýandyrlar, hersi özüne bir-iki gyzy tutýandyr. Sisera öz olja alan zatlaryndan dürli reňkli geýimler saýlaýandyr, nepis nagyşly geýimlerden meniň üçin saýlaýandyr“.
31 Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim! Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan Gün ýaly güýçli bolsun!». Şondan soň ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady.




Chapter 6

1 Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etmäge başladylar. Reb olary ýedi ýyllap midýanlaryň eline berdi.
2 Ysraýyllar midýanlaryň golastynda galdylar. Midýanlaryň berýän köp jebir-sütemi sebäpli ysraýyllar daglaryň gowaklarynda we başga-da sümelgelerde özlerine gizlenmäge bukular gurdular.
3 Ysraýyllar ýere tohum sepip, ekişe başlanlarynda, midýanlar, amalekler we gündogar halklar olaryň üstüne çozardylar.
4 Olar Ysraýylyň ýerinde çadyrlar gurardylar we tä Gaza galasyna çenli ähli ekinleri ýok ederdiler. Ysraýyllara ne goýun, ne öküz, ne eşek hiç zat goýmazdylar.
5 Olar mallary hem çadyrlary bilen bile edil çekirtge çozan ýaly bolup gelerdiler; olaryň özleriniň hem, düýeleriniň hem san-sajagy ýokdy. Olar ähli ýeri wes-weýran ederdiler.
6 Midýanlaryň sütemi sebäpli ysraýyllar gaty garyp düşdüler we Rebden kömek sorap ýalbarmaga başladylar.
7 Ysraýyllaryň midýanlardan dady-perýat edip, Özüne ýalbarandyklaryna görä, Reb olara bir pygamber iberdi.
8 Şol pygamber olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb size: „Müsür gulçulygyndan sizi Men çykardym.
9 Kuwwatly müsürlileriň we size sütem edenleriň hemmesiniň elinden Men halas etdim. Men olary siziň öňüňizden kowup, şu ýerleri size berdim.
10 Men Özümiň siziň Hudaýyňyz Rebdigimi we siziň amorlaryň ýerinde ýaşajakdygyňyzy, ýöne olaryň hudaýlaryna sežde etmeli däldigiňizi aýdypdym. Ýöne siz Meni diňlemediňiz“ diýip aýtdy» diýdi.
11 Ine, Rebbiň iberen perişdesi Opra galasyna gelip, dub agajynyň aşagynda oturdy. Bu agaç abygezer urugyndan Ýowaş diýen adamyňkydy. Onuň ogly Gedegon midýanlar bilmez ýaly, gizlinlikde ol ýerde üzüm sykylýan sokuda bugdaý döwüp durdy.
12 Rebbiň perişdesi oňa görnüp: «Eý, edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» diýdi.
13 Gedegon oňa: «Eý jenabym, eger Reb biziň bilen bolsa, onda nädip biziň başymyza şunça betbagtlyk gelýär? Ata-babalarymyz: „Reb bizi Müsürden alyp çykdy“ diýip, bize gürrüň berýärdiler. Hany, Rebbiň şol gudratlary? Indi Reb bizi terk edip, midýanlaryň eline berdi» diýdi.
14 Reb Gedegona bakyp: «Bar, şu güýjüň bilen git-de, ysraýyllary midýanlaryň elinden halas et. Seni Men iberýärin!» diýdi.
15 Gedegon: «Ýa Reb! Men nädip Ysraýyly halas edip bilerin? Meniň urugym manaşe tiresiniň iň ejizidir. Men özüm hem maşgalamyzyň iň kiçisi ahyryn» diýdi.
16 Reb oňa: «Men seniň bilen bolaryn. Sen ähli midýanlary emgenmän gylyçdan geçirersiň» diýdi.
17 Şonda Gedegon Rebbe: «Eger menden razy bolsaň, onda Sen Özüňiň Rebdigiňi, meniň bilen Rebbiň gepleşýändigini subut edýän bir alamat görkez.
18 Saňa sadaka getirip, öňüňde goýýançam, bu ýerden gitme» diýdi. Ol: «Sen gelýänçäň, garaşaryn» diýdi.
19 Gedegon gidip, bir owlak soýdy we bir batman undan petir bişirdi. Eti sebede saldy, çorbasyny küýzä guýdy we bulary getirip, dub agajynyň aşagynda Onuň öňünde goýdy.
20 Hudaýyň perişdesi Gedegona: «Eti we petiri şu daşyň üstünde goý-da, üstünden çorbany guý» diýdi. Gedegon şeýle hem etdi.
21 Perişdäniň elinde hasasy bardy. Ol hasanyň ujuny et bilen petire degrende, daşdan ot çykdy. Ot daşyň üstündäki et bilen petiri ýakyp kül etdi. Hut şol wagt Rebbiň perişdesi gözden gaýyp boldy.
22 Gedegon Rebbiň perişdesiniň özi bilen gepleşendigine düşünende: «Eý, Hökmürowan Reb! Maňa kömek et! Men perişdäň bilen ýüzbe-ýüz boldum» diýip gygyrdy.
23 Reb oňa: «Howsala düşme, rahatlan! Gorkma, sen ölmersiň!» diýdi.
24 Gedegon ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy we ony «Reb rahatdyr» diýip atlandyrdy. (Bu gurbanlyk sypasy abygezer urugynyň Opra galasynda, dubuň astynda henize çenli dur).
25 Şol gijäniň özünde Reb Gedegona: «Sen kakaňyň sürüsinden iki sany öküz getir, olaryň biri ýediýaşar öküz bolsun. Kakaňyň Bagala guran gurbanlyk sypasyny ýyk, onuň ýanyndaky keramatly Aşera butuny çap.
26 Soňra belentde Rebbe gurbanlyk sypasyny gur. Ikinji öküzi soý-da, ony şol ýerde keramatly Aşera butundan alnan odun bilen ýakyp, ýakma gurbanlyk edip ber» diýdi
27 Gedegon özüniň adamlaryndan onusyny ýanyna alyp geldi-de, Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi. Atasynyň öýündäkileriniň hem-de galanyň ilatynyň görerinden gorkup, Gedegon bu işi gije etdi.
28 Galanyň adamlary irden turanlarynda Bagalyň gurbanlyk sypasynyň ýykylandygyny, onuň ýanyndaky Aşera butunyň çapylandygyny, täze gurlan gurbanlyk sypasynda ikinji öküziň ýakylandygyny gördüler.
29 «Bu kimiň eden işikä?» diýşip, biri-birilerinden soradylar, ahyry sorap-idäp, muny Ýowaşyň ogly Gedegonyň edendigini bildiler.
30 Adamlar Ýowaşa: «Ogluňy daşary çykar, ol ölmeli, sebäbi Bagalyň gurbanlyk sypasyny ýykypdyr, onuň ýanyndaky Aşera butuny çapypdyr» diýdiler
31 Ýowaş özüniň töweregine üýşen mähellä: «Bagaly goramak size galypmy? Siz ony goldaýaňyzmy? Onuň tarapyny tutan daňdana çenli öler. Eger Bagal hudaý bolýan bolsa, özüni ýykandan aryny özi alsyn, Bagalyň özi hasaplaşsyn» diýdi.
32 Şol günden başlap, Gedegony Ýerubagal diýip atlandyrdylar, sebäbi ol Bagalyň gurbanlyk sypasyny ýykdy.
33 Şu wakadan soň midýanlar, amalekler, gündogaryň beýleki halklary birleşdiler we Iordan derýasyndan geçip, Ýizregel jülgesinde düşelge gurdular.
34 Gedegona Rebbiň ruhy siňdi. Şondan soň Gedegon surnaý çalyp, abygezer urugyny öz yzyna düşmäge çagyrdy.
35 Ol manaşeniň ähli tirelerine adam iberip, ol ýeriň halkyny öz ýanyna toplady. Ol aşerlere, zebulunlara, naftalylara hem çaparlar ýollady. Olar hem söweşe çykdylar. 3Ýerubagal – ýewreýçe bu at Bagalyň özi göreşsin diýmegi aňladýar.
36 Gedegon Hudaýa şeýle diýdi: «Ysraýyllary meniň üstüm bilen halas etjekdigiňe beren sözüň çyn bolsa, onda
37 men harmanda goýun ýüňüni düşäýin. Eger daňdanyň çygy diňe ýüňüň üstüne düşüp, onuň töweregindäki ýerler gurulygyna galsa, onda meniň üstüm bilen Ysraýyly Seniň halas etjekdigiňe göz ýetirerin».
38 Şeýle hem boldy. Ertesi irden Gedegon ýüňi sykyp, ondan bir jam suw aldy.
39 Gedegon Hudaýa: «Meni ýazgarma. Senden ýene bir zat dilemäge maňa rugsat et: goýun ýüňi bilen ýene bir gezek synag edip göreýin. Goý, indi ýüň gurulygyna galsyn-da, onuň töweregindäki ýerler çyg bolsun» diýdi.
40 Hudaý şol gije şeýle hem etdi: ýüň gury galyp, onuň töweregindäki ýerlere çyg düşdi.




Chapter 7

1 Ýerubagal (ýagny Gedegon) hem-de onuň ýanyndaky adamlar daňdan Harot çeşmesiniň başynda düşlediler. Midýanlaryň düşelgesi olardan demirgazykda, More depesiniň ýanyndaky jülgededi.
2 Reb Gedegona: «Seniň ýanyňdaky goşun Meniň midýanlary siziň eliňize bererimden juda köp. Ýogsam, ysraýyllar: „Öz güýjümiz bilen halas bolduk“ diýşip, Meniň öňümde öwnerler.
3 Sen halka eşitdirip: „Kim gorkak we ýygra bolsa, Gilgat daglaryndan yzyna dolansyn“ diýip jar et» diýdi. Gedegon olary synagdan geçirdi. Ýigrimi iki müň adam yzyna gaýtdy. On müň adam şol ýerde galdy.
4 Reb Gedegona: «Entegem adam köp, olary suwuň ýakasyna getir. Men Özüm saňa olary saýlap bereýin. Meniň saňa: „Goý, seniň bilen gitsin“ diýen adamlarym seniň bilen gitsinler, „Seniň bilen gitmesin“ diýenlerim gitmeli däldirler, şolar gitmesinler» diýdi.
5 Ol adamlary suwuň boýuna getirdi. Reb Gedegona: «Suwy it içişi ýaly edip, dili bilen içenleri bir aýry duruz, dyzyna çöküp, eglip içenleri bir aýry duruz» diýdi.
6 Suwy goşawujyna alyp, dili bilen içenler üç ýüz adam boldy; beýleki adamlaryň hemmesi dyzyna çöküp içdi.
7 Reb Gedegona: «Suwy dili bilen içen üç ýüz adam bilen sizi halas ederin; midýanlary siziň eliňize bererin; galan ähli adamlar öz öýlerine gaýtsynlar» diýdi.
8 Şeýdip, Gedegon beýleki ysraýyllaryň iýer-içer ýaly zatlaryny hem-de surnaýlaryny alyp, olaryň hemmesini öz çadyrlaryna goýberdi. Üç ýüz adamy bolsa alyp galdy. Midýanlaryň düşelgesi jülgede, olaryň aşak tarapyndady.
9 Şol gije Reb oňa: «Tur, duşmanyň düşelgesine garşy söweşmäge düş, çünki Men olary seniň eliňe berýärin.
10 Eger sen duşmanyň düşelgesine söweşe gitmäge gorksaň, öz hyzmatkäriň Fura bilen bile gidäý.
11 Sen olaryň näme gürrüň edýänlerini diňlärsiň, şondan soň düşelgä garşy söweşmäge seniň elleriň kuwwatlanar» diýdi. Gedegon bilen onuň hyzmatkäri Fura ikisi düşelgedäki ýaragly goşunyň göni üstüne gitdiler.
12 Midýanlardyr amalekler we gündogar halklaryň hemmesi jülgäniň boýuna edil çekirtge üýşen ýalydy. Düýeleri şeýle bir köpdi, olar edil deňiz ýakasyndaky çäge deý sansyz-sajaksyzdy.
13 Gedegon ol ýere gelende, bir adam dostuna gören düýşüni aýdyp berip otyrdy. Ol: «Düýşümde bir tegelek arpa çöregi midýanlaryň düşelgesiniň üstünden togalanyp, çadyra gelip urýar-da, ony ýykýar, çadyr yranyp dargaýar» diýýär.
14 Beýleki dosty oňa: «Bu ysraýylly Ýowaşyň ogly Gedegonyň gylyjydyr. Midýanlary we onuň düşelgelerindäki tutuş goşunyny Hudaý onuň eline berdi» diýip jogap berýär.
15 Gedegon bu düýşi diňläp, onuň ýorgudyny eşidenden soň, Rebbe sežde etdi. Ol ysraýyllaryň düşelgesine dolanyp geldi-de: «Turuň, çünki Reb midýanlaryň goşunyny siziň eliňize berdi» diýdi.
16 Soňra Gedegon üç ýüz adamy üç bölüme böldi-de, hemmesiniň eline surnaý, boş küýze we küýzäniň içine-de çyra salyp berdi.
17 Soň olara ýüzlenip: «Maňa serediň, meniň edenimi gaýtalaň. Olaryň düşelgesine golaýlanymyzda, meniň eden hereketimi siz hem edersiňiz.
18 Men bilen ýanymdakylar surnaý çalarys, siz hem düşelgäniň daşyna aýlanyp surnaý çalyň hem-de „Reb üçin we Gedegon üçin!“ diýip gygyryň» diýip tabşyrdy.
19 Gedegon bilen ýüz adam ýarygijäniň öň ýany, sakçylaryň ýaňy çalşylan wagty, düşelgäniň bir ujundan geldiler-de, surnaýlaryny çaldylar we ellerindäki boş küýzelerini döwdüler.
20 Üç bölümdäkileriň hemmesi-de surnaýlaryny çalyp, küýzelerini döwdüler. Çep elinde çyrany saklap, sag elinde surnaý çaldylar hem-de: «Gylyç Reb üçin, Gedegon üçin!» diýip gygyryşdylar.
21 Her biri düşelgäniň töwereginde öz orunlarynda durdular: tutuş düşelgedäkileriň hemmesi ylgaşdylar, gygyryşdylar we gaçyp başladylar.
22 Üç ýüz adamyň surnaý çalan wagtyndan başlap, Reb düşelgedäki midýanlaryň öz gylyçlaryny biri-birilerine urdurdy. Midýanlaryň goşuny Zerera tarap Beýtşitta çenli, Tabadyň golaýyndaky Abelmeholanyň serhedine gaçdy.
23 Naftalylaryň, aşerleriň tiresinden hem-de manaşeleriň ähli kowumlaryndan bolan ysraýyllar çagyryldylar. Olar midýanlaryň yzyndan kowaladylar. Gedegon we efraýymlar
24 Soňra Gedegon tutuş Efraýym daglygynda ýaşaýanlara öz habarçylaryny ýollap: «Geliň, midýanlaryň garşysyna söweşiň. Midýanlara üstünden geçmäge ýol bermez ýaly, Iordan derýasyny we Beýtbara çenli bolan suw çeşmelerini eýeläň» diýdi. Hemme efraýymlar çagyryldy, olar Beýtbara çenli çeşmeleri we Iordan derýasyny eýelediler.
25 Midýanlaryň iki baştutanyny: Orebi we Zeýebi ele saldylar. Orebi Orep gaýasynda, Zeýebi bolsa üzüm sykylýan ýerde öldürdiler (soňra ol ýer Zeýep diýlip atlandyrylypdyr). Efraýymlar midýanlaryň yzyndan kowdular. Orep bilen Zeýebiň kellesini kesip, Iordanyň gündogarynda bolýan Gedegona eltip berdiler.




Chapter 8

1 Soňra efraýymlar Gedegona: «Sen näme üçin beýle etdiň, näme üçin midýanlar bilen söweşmäge gideniňde bizi çagyrmadyň?» diýdiler. Olar Gedegony gaty ýazgardylar.
2 Gedegon olara: «Siziň bitiren işiňiziň ýanynda meniňki dagy näme? Efraýym Abygezeriň ýygnan üzüminden köp ýygyp, özüni bagtly hasaplamanmydy näme?
3 Hudaý Midýan baştutanlary Orep bilen Zeýebi siziň eliňize berdi. Men siziňkiçe iş bitirip bildimmi?» diýdi. Bu sözleri eşidip, efraýymlaryň gahary köşeşdi.
4 Gedegon näçe ýadasa-da, duşmanyň yzyndan kowalamagy dowam edip, öz üç ýüz adamy bilen Iordan derýasyndan geçdi.
5 Ol Sukodyň ilatyna: «Meniň yzymdan gelýän adamlaryma çörek beriň, olar gaty ýadaw. Men midýan baştutanlary Zebah bilen Selmunany yzarlap barýaryn» diýdi.
6 Emma Sukotyň ýolbaşçylary: «Seniň goşunyňa näme üçin çörek bereli? Zebahy we Selmunany siz ele saldyňyzmy näme?!» diýdiler.
7 Gedegon: «Bolýar, Reb Zebahy we Selmunany meniň elime berenden soň, şu bolşuňyz üçin sizi çöl agajynyň tikenleri bilen hem-de böwürslen çybyklary bilen teniňizi parçalaryn» diýdi.
8 Gedegon bu ýerden çykyp, Penuwele gitdi we onuň ilatyna-da öňki aýdanlaryny gaýtalady, olar hem Sukodyň ilatynyň beren jogaby ýaly jogap berdiler.
9 Ol Penuweliň ilatyna-da: «Ýeňiş bilen yzyma dolanyp gelenimde, şu diňiňizi ýykaryn» diýdi.
10 Zebah bilen Selmuna Karkordady. Gündogaryň ilatyndan ýygnanan, tutuş goşundan diri galan on bäş müňe golaý esger hem onuň ýanyndady. Çünki olaryň ýüz ýigrimi müň söweşijileri bolsa öldürilipdi.
11 Gedegon Nobah bilen Ýogbohanyň gündogaryndaky kerwen ýoly bilen baryp, olaryň garaşmadyk wagtynda duýdansyz olara zarba urdy.
12 Midýanlaryň Zebah bilen Selmuna atly iki baştutany gaçdy, emma Gedegon olary kowalap tutdy. Bütin goşun aljyraňňylyga düşdi.
13 Ýowaşyň ogly Gedegon Heres geçidiniň üsti bilen uruşdan gaýdyp geldi.
14 Ol Sukotyň ilatyndan bir ýaş ýetginjegi tutdy-da, ony sorag etdi. Ol Sukot baştutanlarynyň we ýaşulularynyň ýetmiş ýedi sanysynyň adyny ýazyp berdi.
15 Gedegon Sukodyň ilatynyň ýanyna gelip: «Siz: „Seniň ýadaw adamlaryňa çörek berer ýaly, Zebahy we Selmunany ele saldyňyzmy näme?“ diýip, meniň üstümden gülüpdiňiz. Ine, Zebah bilen Selmuna» diýdi.
16 Olar Sukodyň ýaşulularyny we galanyň ilatyny çöl agajynyň tikenleri hem-de böwürslen çybyklary bilen jezalandyrdylar.
17 Penuwel diňini ýykyp, galanyň ilatyny gyrgyna berdiler.
18 Gedegon Zebah bilen Selmunadan: «Siziň Taburda öldürenleriňiz nähili adamlardy?» diýip sorady. Olar: «Seniň ýalydylar, şazada sypatlydylar» diýip jogap berdiler.
19 Gedegon: «Olar meniň süýtdeş doganlarymdy. Rebden ant içýärin, eger siz olary öldürmedik bolsaňyz, men hem sizi öldürmezdim» diýdi.
20 Ol özüniň ilkinji ogly Ýetere: «Tur, olary öldür!» diýdi. Ýetginjek gylyjyny çykarmady, sebäbi entek ýaş bolany üçin ol gorkýardy.
21 Zebah bilen Selmuna Gedegona: «Tur-da, özüň bizi öldür, sebäbi erkek adamyň işini diňe erkek bitirip biler» diýdiler. Gedegon turup, Zebah bilen Selmunany öldürdi-de, olaryň düýesiniň boýnundaky ýarym aý şekilli şaý-seplerini aldy.
22 Ysraýyllar Gedegona: «Seniň özüň, ogluň, agtygyň bize patyşa bolsun, çünki sen bizi midýanlaryň elinden halas etdiň» diýdiler.
23 Gedegon olara: «Menem, meniň oglumam size patyşa bolmaz. Reb size patyşa bolar» diýdi.
24 Gedegon olara: «Olja edip alan altyn gulak halkalaryňyzdan maňa heriňiz birini beriň» diýdi. (Duşmanda gulak halka köpdi, çünki olar Ysmaýyllardy).
25 Olar: «Höwes bilen bereris!» diýip, ýere geýim düşäp, onuň üstüne adam başyna bir ysyrga taşladylar.
26 Altyn-kümüş düwmelerden, midýan patyşalarynyň goýy gyrmyzy reňkli geýimlerinden hem-de olaryň düýeleriniň boýnuna dakylýan altyn halkalaryndan başga, onuň ýygnan diňe gulak halkalarynyň agramy takmynan bir batman boldy.
27 Gedegon olardan efot ýasady we ony öz galasy bolan Oprada goýdy. Soňra ähli ysraýyllar ol ýere gatnap, oňa sežde etdiler. Bu Gedegona hem-de onuň öýündäkileriň ählisine gurlan duzakdy.
28 Şeýlelikde, midýanlar ysraýyllara boýun egdiler hem-de şondan soň olara baş galdyrmadylar. Şeýdip, Gedegonyň döwründe ysraýyllar kyrk ýyllap parahat ýaşadylar.
29 Ýowaşyň ogly Ýerubagal öz öýüne gidip, şol ýerde ýaşap başlady.
30 Gedegon köp aýally bolansoň, onuň ýetmiş ogly bardy.
31 Şekemde ýaşaýan gyrnagy hem oňa bir ogul dogrup berdi. Onuň ady Abymelekdi.
32 Gedegon gojalyk ýaşyna ýetip öldi, ony abygezer urugynyň Opra galasynda, öz atasy Ýowaşyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.
33 Gedegon ölensoň, ysraýyllar Bagal butlaryna gatnadylar we azgynlyk edip, haram işlere baş goşdular; Bagalberiti özleriniň hudaýy saýyp başladylar.
34 Ysraýyllar daş-töweregindäki ähli duşmanlaryň elinden halas eden özleriniň Hudaýy Rebbi ýatlamadylar.
35 Şeýle hem, Ysraýyla we özlerine eden ähli haýyrly işleri üçin Ýerubagalyň (ýagny Gedegonyň) öýüne wepaly bolmadylar.




Chapter 9

1 Ýerubagalyň ogly Abymelek Şekeme baryp, daýylaryna we öz ejesiniň ähli kowumlaryna ýüzlenip:
2 «Şekemiň ähli ilatyna şuny ýetiriň. Size Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň ýolbaşçylyk edeni gowumy ýa bir adamyň? Meniň öz süýegiňizden we teniňizdendigimi unutmaň» diýdi.
3 Onuň daýylary muny Şekemiň ilatyna ýetirip, olary ynandyrdylar, olaryň göwünleri Abymelege tarap öwrüldi. «Ol biziň doganymyz ahyryn» diýdiler.
4 Olar Abymelege Bagalberit buthanasyndan ýetmiş kümüş teňňe alyp berdiler. Belli bir işiň başyny tutman, işsiz, göwne gelenini edip, göwün hoşlap gezip ýören adamlara Abymelek şol kümüşleri berip, olary hakyna tutdy-da, öz yzyna düşürdi.
5 Abymelek Opra galasyna öz atasynyň öýüne geldi we Ýerubagalyň ýetmiş ogluny, ýagny öz doganlaryny bir daşyň üstünde öldürdi. Diňe Ýerubagalyň iň kiçi ogly Ýotam gaçyp gizlenendigi sebäpli diri galdy.
6 Şekemiň ähli ilaty we Beýtmillonyň ilatynyň hemmesi baryp, Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň ýanynda Abymelegi patyşa diýip yglan etdiler.
7 Bu hakda Ýotama gürrüň berenlerinde, ol Gerizim dagyna gidip, onuň depesine çykdy-da, belent ses bilen gygyryp, şeýle diýdi: «Eý, Şekemiň ilaty! Meni diňläň, eger şeýtseňiz, Hudaý hem siziň dilegiňizi diňlär.
8 Günlerde bir gün agaçlar özlerine patyşa saýlamakçy boldular. Olar zeýtun agajyna ýüzlenip: „Bize patyşa bol“ diýipdirler.
9 Zeýtun olara: „Men hudaýlara we adamlara berýän hezzetli ýagymy taşlap, başga agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.
10 Soňra agaçlar injir agajyna: „Gel-de, sen bize patyşa bol“ diýip ýüz tutupdyrlar.
11 Injir olara: „Men özümiň şirin-şeker iýmişimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.
12 Soň olar üzüm agajyna: „Gel-de, biziň üstümizden patyşalyk et“ diýipdirler.
13 Üzüm agajy olara: „Men näme hudaýlaryň we adamlaryň göwnüni göterýän şirin-şerbetimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.
14 Iň soňunda ähli agaçlar tikenli agaja: „Bize sen patyşa bolaý“ diýipdirler.
15 Tikenli agaç beýleki agaçlara bakyp: „Eger siz meniň, hakykatdan hem, özüňize patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda bukulyň. Eger şeýtmeseňiz, onda tikenli agaçdan ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp-ýandyrar“ diýipdir.
16 Ine, indi bir seredip görüň, çynyňyz bilen ak ýürekden Abymelegi patyşa saýladyňyzmy? Ýerubagaly hem onuň öýüni nätdiňiz, onuň haýyrly işlerine laýyk gelýän iş etdiňizmi?
17 Meniň kakam siz üçin söweşdi, öz janyny gaýgyrmady. Ol sizi midýanlaryň elinden halas etdi.
18 Indi siz meniň kakamyň öýündäkileriniň garşysyna gidip, onuň ýetmiş ogluny bir daşyň üstünde öldürdiňiz, onuň gyrnagyndan bolan ogly Abymelegi bolsa Şekemiň ilatynyň üstünden patyşa edip goýduňyz, sebäbi ol siziň doganyňyz.
19 Eger çynyňyz bilen ak ýürekden Ýerubagal bilen onuň maşgalasyna dogry iş eden bolsaňyz, onda Abymelege şatlanyň, ol hem size şatlansyn.
20 Emma beýle etmedik bolsaňyz, onda, goý, Abymelekden ot çykyp, Şekemiň we Beýtmillonyň ilatyny ýaksyn. Şekemiň we Beýtmillonyň ilatyndan ot ýaýrap, Abymelegi köýdürsin».
21 Soňra Ýotam Beýere gaçyp gitdi we ol ýerde dogany Abymelekden gizlenip ýaşady.
22 Abymelek Ysraýyla üç ýyl ýolbaşçylyk etdi.
23 Hudaýyň emri bilen Şekemiň ilaty Abymelegiň garşysyna gidip başlady.
24 Bu Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň nähak ganyny döken Abymelekden we oňa muny etmäge goltgy beren Şekem ilatyndan ar almak üçin şeýle boldy.
25 Şekemliler dagyň ýokarsynda talaňçylary goýdular. Olar özleriniň deňinden geçýänleriň ählisini taladylar. Bu barada Abymelege habar ýetirildi.
26 Abymelege garşy çykan Ýebediň ogly Gagal öz doganlary bilen Şekeme geldi. Şekemiň ilaty olara bil baglady.
27 Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän soky bilen ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler.
28 Gagal şonda: «Biz Abymelege gulluk eder ýaly, Abymelek kim? Biz nähili adam ekenik? Onuň atasy Ýerubagal dälmi? Onuň ýolbaşçysy Zebul dälmi? Gowusy, şekemlileriň atasy Hamoryň kowumlaryna gulluk ediň, Abymelege gulluk etmek nämä gerek?
29 Eger-de halk Abymelegi meniň elime berse, men ony kowardym we Abymelege: „Öz esgerleriňiň sanyny köpelt-de, söweşe çyk“ diýerdim» diýdi.
30 Gagalyň aýdan sözlerini eşidende, galanyň ýolbaşçysy Zebulyň gahary kekirdegine geldi.
31 Ol hilegärlik bilen Arumadaky Abymelege gizlin şeýle habar iberdi: «Ine, Gagal we onuň doganlary Şekeme gelip, halky seniň garşyňa aýaga galdyrýarlar.
32 Siz şeýle ediň: özüň we ýanyňdakylar gije turuň-da, meýdanda bukuda esgerleri oturdyň.
33 Irden, Gün doguberende, turuň-da, gala hüjüm ediň, Gagal we onuň ýanyndaky adamlar öňüňizden çykanda, sen olary aýaman, eliňde baryny et».
34 Gije Abymelek we onuň ýanyndaky adamlar Şekemiň golaýynda dört bölek edip, esgerlerini goýdular.
35 Gagal gelip, galanyň derwezesiniň ýanynda durdy. Abymelek hem-de bukuda oturan adamlar bukudan çykyp ýörediler.
36 Gagal gelýän adamlary görüp, Zebula: «Ana, dagyň ýokarsyndan adamlar aşak inip gelýärler» diýdi. Zebul oňa: «Dagyň kölegesi saňa adam bolup görünýändir» diýdi.
37 Gagal ýene-de: «Ine, adamlar beýikden aşak inip gelýärler. Bir bölümiň esgerleri palçynyň dub agajyndan bärik gelýärler» diýdi.
38 Zebul oňa: «Hany indi seniň „Biz Abymelege gulluk eder ýaly, ol kimmişin?“ diýen diliň nirede? Bular seniň şol äsgermedik adamlaryň dälmi näme? Bar indi, çyk-da, olar bilen söweş-dä!» diýdi.
39 Gagal Şekem ilatynyň öňüne düşüp gitdi-de, Abymelek bilen söweşdi.
40 Abymelek onuň yzyndan kowalady; Gagal ondan gaçdy. Gala derwezesine çenli aralykda bolan söweşde köp adam gyryldy.
41 Abymelek Arumada galdy. Zebul Gagaly we onuň doganlaryny Şekemden çykaryp kowdy.
42 Ertesi halk ekin meýdanyna çykdy. Bu barada Abymelege habar berdiler.
43 Ol öz adamlaryny alyp, olary üç bölüme böldi-de, meýdanda bukuda oturtdy. Halkyň galadan çykanyny görüp, duýdansyz olaryň üstüni basyp, olary gyrdyrdy.
44 Abymelek we onuň ýanyndaky goşun bölümi galanyň derwezesiniň agzyna tarap süýşende, onuň beýleki iki bölümi meýdandakylaryň üstüne çozup, olary gyrdylar.
45 Abymelek uzynly gün söweşdi we galanyň ilatyny gyryp, galany weýran etdi we ol ýere duz sepdirdi.
46 Şekem diňinde galan adamlar muny eşidip, ählisi Eýlberit buthanasynyň iň berk gorag ýerine girdiler.
47 Şekem diňindäkileriň hemmesiniň Eýlberite ýygnanandyklaryny Abymelege aýtdylar.
48 Şonda Abymelek we onuň ýanyndaky adamlar Salmon dagyna gitdiler. Abymelek öz ýany bilen palta äkidip, agaç şahalaryny çapdy-da, öz egniniň üstüne aldy we ýanyndakylara: «Men näme eden bolsam, derrew siz hem şony ediň» diýdi.
49 Esgerleriň her biri agaç çybyklaryny çapyp, Abymelegiň yzy bilen gitdiler we çybyklary diňiň töweregine üýşürip, ony otladylar. Şekem diňindäki müňe golaý erkekler we aýallar öldüler.
50 Soňra Abymelek gidip, Tebez diýen galany gabady we ony eýeledi.
51 Galanyň ortarasynda berk diň bardy. Aýal-erkek, umuman, galanyň ilatynyň hemmesi şol ýere gaçdylar. Olar diňiň içine girip, gapylaryny beklediler we onuň depesine çykdylar.
52 Abymelek diňiň ýanyna gelip, onuň daşyny gabady, ony otlamak üçin gapylarynyň ýanyna bardy.
53 Şonda bir aýal degirmen daşyny Abymelegiň kellesinden zyňyp, onuň kelleçanagyny döwdi.
54 Abymelek şol mahal öz ýanyndaky ýarag göterýän ýetginjegini çagyrdy-da, oňa: «Gylyjyňy ýalaňaçla-da, meni öldür, men barada „Ony aýal öldürdi“ diýlen gürrüň ýaýramasyn» diýdi. Ýetginjek dessine oňa gylyjyny saldy, ol jan berdi.
55 Abymelegiň ölenini gören ysraýyllaryň hersi öz öýli-öýüne dolandy.
56 Şeýdip, Abymelegiň öz ýetmiş sany doganyny öldürip, atasynyň öýüne eden hyýanatçylygyny Hudaý onuň özüne görkezdi.
57 Şekemiň ilatynyň eden ähli jenaýatçylygyny Hudaý olaryň öz başlaryna saldy. Olary Ýerubagalyň ogly Ýotamyň gargyşy tutdy.




Chapter 10

1 Abymelekden soň Ysraýyly halas etmek üçin ysakar tiresinden Dodonyň agtygy Puwanyň ogly Tola aýaga galdy. Ol Efraýym daglygynda ýerleşýän Şamyr diýen ýerde efraýymlaryň arasynda ýaşady.
2 Ol ýigrimi üç ýyl Ysraýyla serdar boldy. Soňra ol dünýäden ötdi, ony Şamyrda jaýladylar. Ýaýyr serdar
3 Ondan soň, Ysraýyla ýigrimi iki ýyllap Gilgatly Ýaýyr serdar boldy.
4 Onuň otuz ogly bardy; olar otuz eşekli bolup, hersi bir eşek münýärdi. Olar Gilgadyň otuz galasyna öz hökümlerini ýöredýärdiler. Henize çenli şol galalar Hawwosýaýyr diýlip atlandyrylýar.
5 Ýaýyr aradan çykanda, ony Kamon galasynda jaýladylar.
6 Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini edip başladylar. Ysraýyllar Bagal bilen Aştoret butlaryna hem-de Aramyň, Sidonyň, Mowabyň, ammonlaryň, piliştlileriň hudaýlaryna gulluk edip başladylar. Rebbi bolsa terk etdiler, Oňa gulluk etmediler.
7 Şonuň üçin Rebbiň Ysraýyla gahary geldi. Ol ysraýyllary piliştlileriň we ammonlaryň eline berdi.
8 Şol ýyl olar ysraýyllary dargadyp, olara gaty azar berdiler. Iordanyň gündogaryndaky Gilgatda, ýagny amorlaryň ýerinde ýaşaýan ähli ysraýyllara olar on sekiz ýyllap sütem etdiler.
9 Iň soňunda ýahuda, benýamin we efraýym tireleri bilen uruşmak üçin ammonlar Iordandan geçdiler. Ysraýyllar uly gaýgy-alada galdylar.
10 Olar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günä etdik, öz Hudaýymyz Seni terk edip, bagallara gulluk etdik» diýip eňreşdiler.
11 Reb ysraýyllara şeýle diýdi: «Sizi müsürlileriň hem, amorlaryň hem, ammonlaryň hem, piliştlileriň hem elinden azat eden Men dälmi?
12 Sidonlar, amalekler we mowaplylar size sütem eden wagty Meni çagyranyňyzda, Men sizi olaryň elinden halas etdim.
13 Siz Meni unutdyňyz we başga hudaýlara gulluk etdiňiz, şonuň üçin Men size indi rehim etjek däl.
14 Baryň, öz saýlan hudaýlaryňyza ýüz tutuň, gysaja düşeniňizde, sizi, goý, şolar halas edibersinler».
15 Ysraýyllar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günäli, bize islän jezaňy berip bilersiň, ýöne bu gün bizi halas et!» diýdiler.
16 Şeýdip, olar keseki hudaýlardan ýüz öwrüp, ýene Rebbe gulluk edip başladylar. Reb olara ýene-de dözmedi.
17 Ammonlar üýşüp, Gilgatda düşelge gurdular. Ysraýyllar ýygnanyp, Mispada düşelge gurdular.
18 Gilgat halkynyň tirebaşylary biri-birilerine: «Ammonlaryň garşysyna kim ilkinji bolup urşa başlasa, şol adam Gylgadyň tutuş ilatyna baştutan bolar» diýdiler.




Chapter 11

1 Gilgatda Ýeftah diýen bir edermen urşujy bardy. Ýeftahyň ejesi azgyn aýaldy; kakasynyň ady Gilgatdy.
2 Gilgadyň öz nikaly aýaly hem birnäçe ogul dogrupdy. Gylgadyň öz aýalyndan bolan ogullary ulalyp, ýigit çykanlarynda, olar Ýeftaha: «Sen başga aýaldan bolan ogulsyň, şoňa görä sen biziň atamyzyň öýünden hiç zat miras almarsyň» diýip, ony kowdular.
3 Ýeftah öz doganlaryndan gaçyp, Top diýlen ýerde ornaşdy we daşyna üýşen bozgaklara baş bolup ugrady.
4 Birnäçe wagtdan soň ammonlar ysraýyllaryň üstüne çozdular.
5 Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftahy alyp gaýtmak üçin Top ülkesine gitdiler.
6 Olar Ýeftaha: «Sen gel-de, bize serkerde bol, ammonlar bilen urşaly» diýdiler.
7 Emma Ýeftah olara: «Meni ýigrenip, atamyň öýünden kowanlar siz dälmi, eýsem? Bu günki gün başyňyza iş düşende, men size gerek boldummy?» diýdi.
8 Şonda Gylgadyň ýaşululary Ýeftaha: «Şeýle bolan bolsa-da, biz indi saňa tarap öwrüldik. Ýör, bile ammonlaryň garşysyna söweşeli! Sen biziň üstümizden, tutuş Gilgat halkyna baştutanlyk et!» diýdiler.
9 Ýeftah olara: «Eger-de siz ammonlar bilen söweşmek üçin meni yzyma alyp gitseňiz, Reb hem olary meniň elime berse, şonda men baştutanyňyz bolaryn» diýdi.
10 Gilgat ýaşululary Ýeftaha: «Bize Reb şaýat bolsun, biz seniň sözüňden çykmarys» diýdiler.
11 Şeýlelikde, Ýeftah Gilgat ýaşululary bilen gitdi. Halk ony özüne baştutan we serkerde edip saýlady. Ýeftah şonda Mispada Rebbiň huzurynda söz sözledi.
12 Ýeftah ammon patyşasyna: «Sen meniň ýurdumyň üstüne çozar ýaly, aramyzda näme bolan zat bar?» diýen sözleri aýtmak üçin, onuň ýanyna öz ilçilerini iberdi.
13 Ammon patyşasy Ýeftahyň ilçilerine şeýle jogap berdi: «Ysraýyllar Müsürden gaýdyp gelýärkäler, Arnondan Ýabok we Iordan derýalaryna çenli aralykdaky ýerlerimi meniň elimden aldylar; şol ýerleri maňa uruşsyz gaýdyp ber».
14 Ýeftah ammonlaryň patyşasynyň ýanyna täzeden ilçiler iberdi.
15 Oňa şu aşakdakylary aýtmaklaryny buýurdy: «Ýeftah muny aýdýar: ysraýyllar mowaplylaryň we ammonlaryň ýurduny almady,
16 sebäbi ysraýyllar Müsürden çykanlarynda, Gyzyl deňzine çenli çölüň üsti bilen gidip, Kadeşe geldiler.
17 Soňra olar: „Ýurduňyň içinden geçmäge bize rugsat et“ diýen haýyş bilen Edom patyşasyna öz ilçilerini iberdiler, emma Edom patyşasy diňlemedi. Ysraýyllar Mowap patyşasynyň ýanyna hem ilçiler ýolladylar, emma ol hem razy bolmady. Şoňa görä ysraýyllar Kadeşde galdylar.
18 Olar çölüň içi bilen Edom hem-de Mowap ýurdundan sowlup geçdiler-de, Mowabyň gündogar araçäginde, Arnonyň aňyrsynda ýerleşdiler, emma Mowabyň meýdanynyň içine girmediler, çünki Arnon Mowabyň çägi bolup durýardy.
19 Soňra ysraýyllar Heşbon galasyna, amorlaryň hany Sihonyň ýanyna öz ilçilerini iberip: „Ýurduňyň içinden geçip, öz ýerimize aralaşmaga rugsat et“ diýdiler.
20 Emma Sihon ysraýyllaryň geçip gitmegine razylyk bermedi. Ol öz halkyny ýygnap, Ýahsada düşelge gurdy we ysraýyllar bilen söweşe girdi.
21 Ysraýyl Hudaýy Reb Sihony hem-de onuň halkyny ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary ýeňdiler.
22 Olar amorlaryň Arnondan Ýabok derýasyna çenli we çölden tä Iordana çenli bolan ähli ýerini basyp aldylar.
23 Şeýdip, Ysraýyl Hudaýy Reb Öz halky Ysraýylyň bähbidi üçin amorlary basyp aldy. Indi hem sen olary yzyna aljak bolýarsyňmy?
24 Sen öz hudaýyň Kemoşyň özüňe beren ýeriniň üstünden eýelik edeňokmy näme? Biz hem Hudaýymyz Rebbiň biziň bähbidimiz üçin basyp alan ýerine eýelik edýäris.
25 Sen Mowap patyşasy Siporyň ogly Ballakdan gowumy näme? Ol Ysraýyl bilen tersleşdimi ýa uruşdymy?
26 Ysraýyllar eýýäm üç ýüz ýyl bäri Heşbonda we oňa degişli obalarda, Arogerde we oňa degişli obalarda hem-de Arnona ýakyn ähli galalarda ýaşap gelýärler. Siz näme üçin şonça wagtlap ol galalary eýelemediňiz?
27 Men seniň öňüňde günäkär däl, sen bolsa meniň garşyma uruş başlap, maňa ýamanlyk edýärsiň. Indi, goý, höküm ýöredýän Reb ysraýyllar bilen ammonlaryň arasynda hökümdar bolsun-da, höküm çykarsyn».
28 Emma Ýeftahyň bu sözlerine Ammon patyşasy gulak asmady.
29 Ýeftaha Rebbiň ruhy siňipdi. Ol Gylgadyň we Manaşeniň üstünden geçdi. Ol Gilgatdaky Mispeniň üstünden geçip, ammonlaryň üstüne gitdi.
30 Ýeftah Rebbiň öňünde ant içip, şeýle diýdi: «Eger Sen ammonlary meniň elime berseň,
31 onda men ammonlary ýeňip, yzyma dolanyp gelenimde derwezämden ilkinji çykan Seniňkidir. Men şony Rebbe ýakma gurbanlyk edip berjekdirin».
32 Ýeftah derýadan geçip, ammonlar bilen uruşmaga gitdi. Reb olary Ýeftahyň eline berdi.
33 Ysraýyllar Arogerden Minite çenli olaryň ýigrimi galasyny hem-de Abelkeramyma çenli aralygy gyrgyna berip, uly ýeňiş gazandylar. Şeýdip, ammonlar ysraýyllara boýun egdiler.
34 Ýeftah Mispadaky öýüne gelende, onuň öz gyzy eli deprekli tans edip, öňünden çykdy; onuň ýeke gyzy bardy, başga ogly-da, gyzy-da ýokdy.
35 Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň! Indi sen hem meni ynjalykdan gaçyrdyň! Çünki men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi.
36 Gyz kakasyna: «Kaka, sen Rebbiň öňünde öz agzyň bilen näme kasam eden bolsaň, ýerine ýetiriber, çünki Reb seni ammon duşmanlaryňdan üstün çykardy» diýdi.
37 Ol ýene kakasyna: «Maňa iki aý möhlet ber. Men daga gidip, joralarym bilen gezim edeýin we durmuşa çykmakdan mahrum bolandygymyň agysyny aglaýyn» diýdi.
38 Kakasy: «Bolýar, gidäý» diýip, ony iki aýlap goýberdi. Ol öz joralary bilen gitdi-de, dagda boý gyzlygyna öljegine iki aýlap ýas tutdy.
39 Iki aý geçensoň, ol kakasynyň ýanyna dolanyp geldi. Kakasy gyzy barada eden kasamyny ýerine ýetirdi, ol boý gyzlygyna öldi. Şondan soň ysraýyl gyzlarynyň arasynda
40 Gilgatly Ýeftahyň gyzynyň ýasyny tutmak üçin, Ysraýyl gyzlary üçin her ýylda dört gün daga gitmek däbi peýda boldy.




Chapter 12

1 Efraýymlar uruşmak üçin bir ýere ýygnandylar we Iordan derýasyndan geçip, Safona geldiler. Olar Ýeftaha: «Sen näme üçin ammonlar bilen uruşmaga gideniňde bizi çagyryp, özüň bilen alyp gitmediň? Biz seniň özüň bilen bilelikde öýüňi otlarys» diýdiler.
2 Ýeftah olara şeýle diýdi: «Meniň we meniň adamlarymyň ammonlar bilen bir uly dawamyz bardy. Men sizi kömege çagyrdym, emma siz gelip, meni olaryň elinden gutarmadyňyz.
3 Siziň meni halas etmejegiňize gözüm ýetende, men janymy howp astynda goýup, ammonlaryň üstüne gitdim. Reb olary meniň elime berdi. Indi näme bu gün siz meniň bilen uruşmaga geldiňizmi?»
4 Ýeftah Gylgadyň ähli erkeklerini çagyrdy-da, efraýymlar bilen uruşdy. Gilgatlylar efraýymlary gyrdylar, sebäbi efraýymlar olara: «Eý, efraýym we manaşe halklarynyň arasynda ýaşaýan gilgatlylar! Siz Efraýymdan gaçan dönüklersiňiz!» diýipdiler.
5 Gilgatlylar efraýymlaryň elinden Iordan derýasynyň güzerini aldylar. Diri galan efraýymlardan biri: «Iordan derýasyndan geçmäge rugsat edäýiň» diýse, Gylgadyň adamlary: «Sen efraýymly dälmi?» diýip sorardylar. Eger ol «Ýok» diýip jogap berse,
6 olar oňa: «Hany, „şibbolet“ diýip aýt» diýerdiler. Şonda ol «sibbolet» diýäýse, onda ony Iordan derýasynyň güzerinde öldürerdiler. Çünki efraýymlar «ş» sesini aýdyp bilmeýändikleri üçin, oňa derek «s» sesini aýdýardylar. Şeýdip, gilgatlylaryň elinden kyrk iki müň efraýymly öldi.
7 Ýeftah Ysraýylda alty ýyllap serdar boldy. Ol ölende, ony öz Gilgat galasynda jaýladylar.
8 Ýeftah ölenden soň, beýtullahamly Ybsan Ysraýylda serdar boldy.
9 Onuň otuz ogly we otuz gyzy bolup, gyzlaryny başga tirelere durmuşa çykaryp, ogullaryny-da başga tirelerden öýerdi. Ol ýedi ýyl Ysraýylyň serdary boldy.
10 Ybsan aradan çykanda, ony Beýtullahamda jaýladylar.
11 Ondan soň zebulunly Elon Ysraýyla serdar bolup, ony on ýyllap dolandyrdy.
12 Elon ölende, ony Zebulundaky Aýalonda jaýladylar.
13 Ondan soň piratonly Hilleliň ogly Abdon Ysraýyla serdar boldy.
14 Onuň kyrk ogly we otuz agtygy bolup, olaryň hersi bir eşek mündi. Ol Ysraýyla sekiz ýyllap serdar boldy.
15 Hilleliň ogly Abdon ölende, ony Efraýymdaky amalekleriň ýaşaýan daglygynda, Piraton diýen ýerde jaýladylar.




Chapter 13

1 Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Şol sebäpli Reb kyrk ýyllap ysraýyllary piliştlileriň eline berdi
2 Şol döwürde Sorada dan tiresinden Manowa diýen bir adam bolupdyr; onuň aýaly önelgesiz eken.
3 Rebbiň perişdesi onuň aýalynyň ýanyna gelip: «Sen önelgesiz bolsaň-da, göwreli bolarsyň we bir ogul dograrsyň.
4 Sen özüňi aýap sakla, arak-şerap ýaly güýçli içgilerden içme, haram zatlardan iýme.
5 Çünki sen göwreli bolarsyň we ogul dograrsyň; onuň kellesine päki degmeli däldir, sebäbi enesiniň içinde düwlen gününden başlap, ol çaga Hudaýa nazyr bolar, ol piliştlileriň elinden Ysraýyly halas eder» diýdi.
6 Aýaly adamsynyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Meniň ýanyma Hudaýyň adamy geldi, daş keşbi Hudaýyň perişdesiniňki ýaly, haýbatly, gorkunç. Men onuň nireden gelenini soramadym, ol maňa öz adyny hem aýtmady.
7 Ol maňa: „Sen göwreli bolarsyň, ogul dograrsyň, arak-şerap ýaly güýçli içgilerden içme, haram zatlardan iýme, çünki göwrede galan gününden başlap, ol Hudaýa nazyr bolar“ diýip aýtdy».
8 Manowa Rebbe ýüzlenip: «Ýa Reb! Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy ýanymyza ýene-de gelsin hem-de bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin» diýip ýalbardy.
9 Hudaý Manowanyň sesini eşitdi we Manowanyň aýaly meýdandaka, Hudaýyň perişdesi onuň ýanyna geldi. Emma aýalyň adamsy ýanynda ýokdy.
10 Aýaly şol wagt ylgap gidip: «Meniň ýanyma öňki gelip giden adam geldi» diýip, adamsyna habar berdi.
11 Manowa aýaly bilen ol adamyň ýanyna bardy we ondan: «Meniň aýalym bilen gepleşen senmi?» diýip sorady. Perişde: «Men!» diýip jogap berdi.
12 Manowa oňa: «Seniň aýdanlaryň amala aşanda, biz ol çaga nähili garamaly we oňa näme etmeli?» diýip sorady.
13 Rebbiň perişdesi Manowa: «Goý, seniň aýalyň meniň aýdanlarymy etsin.
14 Ol üzümden öndürilen zatlary iýmesin; arak-şerap datmasyn, haram zatlardan asla iýmesin. Aýalyň meniň buýranlarymyň ählisini berjaý etmelidir» diýdi.
15 Manowa Rebbiň perişdesine: «Seniň üçin bir owlagy taýýarlaýançak, seni ýoluňdan saklamaga rugsat et» diýdi.
16 Rebbiň perişdesi Manowa: «Sen meni saklasaň-de, men seniň naharyňy iýmerin, emma sen ýakma gurbanlyk taýýarlamak isleseň, onda ony Rebbe hödür et» diýdi. (Manowa bu adamyň Rebbiň perişdesidigini bilmeýärdi).
17 Manowa Rebbiň perişdesine: «Aýdanlaryň hakykat bolanda, biz seni alkyşlar ýaly, öz adyňy aýt» diýdi.
18 Rebbiň perişdesi oňa: «Meniň adymy näme soraýarsyň? Ol örän täsindir!» diýdi.
19 Manowa owlak bilen galla sadakasyny daşyň üstüne getirip, täsin gudratlar edýän Rebbe berdi.
20 Gurbanlyk sypasynyň üstünden ýalyn asmana galyp ugranda, Rebbiň perişdesi ýalyn bilen bile ýokary göterildi. Muny gören Manowa bilen onuň aýaly ýere ýüzin ýykyldylar.
21 Rebbiň perişdesi Manowa bilen aýalyna şondan soň gaýdyp hiç görünmedi. Manowa onuň Rebbiň perişdesidigini şonda bilip galdy.
22 Manowa öz aýalyna: «Dogrudan hem, biz hökman öleris, çünki biz Hudaýy gördük» diýdi.
23 Aýaly oňa: «Eger Reb bizi öldürmek islän bolsa, biziň elimizden ýakma gurbanlygymyzy we galla sadakamyzy kabul etmezdi, bize şol täsinlikleri görkezmezdi, bu zatlary bize mälim etmezdi» diýdi.
24 Aýaly ogul dogurdy we oňa Şimşon diýen at goýdy. Çaga ösüp kemala geldi, Reb oňa ak pata berdi.
25 Sora bilen Eştawolyň aralygyndaky Mahanadanda bolanda Şimşony Rebbiň ruhy galkyndyryp başlady.




Chapter 14

1 Günlerde bir gün Şimşon Timna gidende, piliştli bir gyzy gördi.
2 Ol baryp, öz ejesine we kakasyna: «Men Timnada piliştli gyzlardan birini gördüm. Şony maňa alyp beriň» diýdi.
3 Emma ejesi bilen kakasy oňa: «Näme üçin sen sünnetsiz piliştli halkdan gyz aljak bolýarsyň? Näme özli-özüňde, tutuş ilimizde sen öýlener ýaly gyz ýokmy?» diýdiler. Şimşon kakasyna: «Maňa şony alyp ber, sebäbi ol meniň göwnüme ýarady» diýdi.
4 Bu işiň Reb tarapyndan bolýandygyny, piliştlileriň garşysyna çykmak üçin, Onuň amatly pursaty gözleýändigini Şimşonyň ejesi bilen kakasy bilmeýärdi. Şol wagtlar ysraýyllaryň üstünden piliştliler höküm sürýärdi.
5 Şimşon, onuň ejesi we kakasy Timna tarap ugradylar. Olar Timnadaky üzümçilikden geçip barýarkalar, Şimşon bir ýaş ýolbarsyň arlaýan sesini eşitdi.
6 Şimşona uly güýç bilen Rebbiň ruhy siňdi, ol ýolbarsy edil bir owlajygy bölekleýän ýaly edip, düýt-müýt etdi; onuň elinde hiç zat ýokdy. Ol bu eden işini ejesine-kakasyna aýtmady.
7 Baryp, ol gyz bilen gepleşdi; ol Şimşonyň göwnüne ýarady.
8 Birnäçe günden soň Şimşon ol gyza öýlenmek üçin gideninde, ol şol ýolbarsyň maslygyny görmek üçin sowuldy. Seretse, ýolbarsyň maslygynda bal arylaryň öýjügi hem-de bal bar eken.
9 Ol baldan goşawujyny dolduryp, ýolboýy ýalap iýip gitdi, ejesiniň we kakasynyň ýanyna gelende olara-da berdi. Olar hem iýdiler, emma baly ýolbarsyň maslygyndan alandygyny Şimşon olara aýtmady.
10 Şimşonyň kakasy gyzyňka geldi, Şimşon şol ýerde, adatça, öýlenýän ýigitleriň edişi ýaly ýedi günläp toý tutdy.
11 Toý başlananda, onuň ýanynda bile bolar ýaly, oňa otuz sany dost saýladylar.
12 Şimşon olara: «Men size bir matal aýtjak; eger siz ony maňa toýuň ýedi gününiň dowamynda dogry çözüp berseňiz, onda men size otuz sany nepis don hem-de otuz laý köýnek bererin.
13 Eger-de çözüp bilmeseňiz, onda siz maňa otuz sany nepis don we otuz laý köýnek berersiňiz» diýdi. Olar Şimşona: «Matalyňy aýt, eşideli» diýdiler.
14 Şimşon olara matalyny aýtdy: «Iýegenden iýmit çykdy, Güýçlüden şüýjülik çykdy». Mataly üç günläp çözüp bilmediler.
15 Dördünji gün diýlende, olar Şimşonyň aýalyna: «Adamyňy yr, ol bize mataly çözüp bersin; ýogsam, özüňi-de, kakaňyň öýüni-de otlarys, siz bizi iň soňky zadymyza çenli talap, gedaý goýmak üçin çagyrypmydyňyz?» diýdiler.
16 Şimşonyň aýaly adamsynyň ýanynda aglap: «Sen meni ýigrenýärsiň, meni söýmeýärsiň, meniň ilimiň ýigitlerine matal aýtdyň, maňa ony çözüp bereňok» diýdi. Şimşon oňa: «Öz ejeme, kakama çözüp beripdirinmi, saňa çözüp berer ýaly» diýdi.
17 Onuň aýaly toýuň bütin dowamynda, ýedi günläp aglady. Aýaly özelenip duransoň, ahyrsoňunda, ýedinji gün diýende Şimşon oňa matalyň çözgüdini aýtdy. Şimşonyň aýaly öz iliniň ýigitlerine matalyň çözgüdini aýdyp berdi.
18 Ýedinji gün diýlende, Gün batmazdan öň, ýigitler Şimşonyň ýanyna gelip: «Baldan süýji, ýolbarsdan güýçli näme bar» diýdiler. Şimşon olara: «Siz meniň göläm arkaly ýer sürmedik bolsaňyz, mataly çözüp bilmezdiňiz» diýdi.
19 Oňa Rebbiň ruhy siňdi, ol Aşkelona gidip, ol ýerde otuz adamy öldürdi. Olaryň eşigini sypyryp aldy-da, mataly çözenlere bir laý köýnek getirip berdi. Onsoň ol gazaba münüp, öz kakasynyň öýüne gaýtdy.
20 Şimşonyň aýalyny bolsa, ol öýlenende, oňa iň ýakyn dost bolup oturana durmuşa çykardylar.




Chapter 15

1 Birnäçe günden soň, bugdaý döwegi wagtynda Şimşon bir owlak alyp, aýalyny görmäge geldi. Şimşon ýatylýan otaga öz aýalynyň ýanyna girjekdigini aýdanda, aýalynyň kakasy oňa ýol bermedi.
2 Aýalynyň kakasy oňa: «Sen öz aýalyňdan ýüz öwrensiň öýdüp, men ony toý wagtynda saňa iň ýakyn dost bolana äre berdim. Ine, onuň kiçi gyz jigisi ondan hem owadan dälmi? Aýalyňyň deregine belki şuny alarsyň?» diýdi.
3 Şimşon olara: «Indi piliştlilere ýamanlyk etsem, meniňki hak bolar» diýdi.
4 Şimşon üç ýüz sany tilkini tutup, guýruklaryny jübüt-jübütden biri-birine daňdy. Soňra çyralary aldy-da, olary her iki tilkiniň guýrugynyň arasyna berkitdi.
5 Ol tilkileri otlap, piliştlileriň bişen bugdaýlarynyň üstüne goýberdi-de, olaryň orulmadyk bugdaýlaryny we küdelenen bugdaýlaryny, üzümlerini hem zeýtun agaçlaryny otlady.
6 Piliştliler: «Muny kim beýle etdikä? Bu timnalynyň giýewsi Şimşonyň işidir, sebäbi onuň gaýynatasy Şimşonyň aýalyny toý wagtynda Şimşona dost bolana alyp berdi» diýdiler. Şonuň üçin piliştliler ol aýaly we onuň kakasyny otladylar.
7 Şimşon olara: «Siz şeýle etseňiz-de, men sizden arymy alýançam ynjalmaryn» diýdi.
8 Şimşon olaryň üstüne gazap bilen topuldy-da, olaryň injiklerini we uýluklaryny döwüşdirdi. Şondan soň, ol Eýtam gaýasyndaky gowaga gitdi.
9 Piliştliler Ýahudada düşelge gurdular we tä Lehä çenli ýaýradylar.
10 Ýahudanyň ilaty olardan: «Siz näme üçin biziň garşymyza çykdyňyz?» diýip soranlarynda, olar: «Şimşon bize näme eden bolsa, biz hem oňa şeýle etmek niýeti bilen ony tutup äkitmäge geldik» diýdiler.
11 Üç müň sany Ýahudaly çykyp, Eýtam gaýasyndaky gowaga tarap gitdiler we baryp Şimşona: «Biziň üstümizden piliştlileriň höküm sürýändiklerini sen bileňokmy näme? Sen bizi näme üçin beýtdiň?» diýdiler. Şimşon: «Olar maňa näme eden bolsalar, men hem olara şony etdim» diýdi.
12 Olar: «Biz seni daňyp, piliştlileriň eline bermek üçin geldik» diýenlerinde, Şimşon olara: «Meni öldürmejegiňize ant içiň» diýdi.
13 Olar: «Ýok, öldürmeris, biz seni diňe daňarys-da, piliştlileriň eline bereris» diýdiler. Ony iki sany täze tanap bilen daňdylar-da, gowakdan çykaryp alyp gitdiler.
14 Olar Lehä ýetenlerinde, piliştliler ony uly gykylyk bilen garşyladylar. Şonda Rebbiň ruhy güýç bilen Şimşona siňip, oňa ägirt uly güýç berdi welin, onuň ellerini daňmak üçin ulanylan tanaplar edil otda ýanan zygyr ýaly boldy. Onuň ellerindäki tanaplar çözlüp gitdi.
15 Ol ýaňy ölen eşegiň guramadyk äňini tapyp, eline aldy-da, onuň bilen urup, müň adamy öldürdi.
16 Şimşon şonda şeýle diýdi: «Bir eşek äňi bilen iki topar ýygyny ýatyrdym. Bir eşek äňi bilen müň adamy öldürdim».
17 Şu sözleri aýdyp, elindäki äňi taşlady we ol ýere Ramatlehi diýip at dakdy.
18 Ol özüniň örän suwsaýandygyny duýdy we Rebbe ýüzlenip: «Sen Öz guluňa beýik ýeňiş berdiň; indi bolsa men suwsuzlykdan ölüp, sünnetsiz piliştlileriň eline düşmelimi?» diýdi.
19 Hudaý Lehide bir çukurjygy emele getirdi, ondan suw çykdy. Ol suwdan içip gandy, güýji yzyna gaýdyp geldi we ol kuwwatlandy. Şu günlere çenli Lehidäki şol ýere Eýnhakor diýilýär.
20 Ysraýylda piliştlileriň agalyk süren döwründe, Şimşon ýigrimi ýyllap ysraýyllara serdar boldy.




Chapter 16

1 Günlerde bir gün Şimşon Gaza gelende bir azgyn aýala sataşyp, şonuň bilen gitdi.
2 Gazanyň ilaty: «Şimşon gelipdir bärik» diýşip, töwerekde gaýmalaşdy. Olar: «Jahan ýagtylýança garaşarys, ony öldüreris» diýip, uzynly gije galanyň derwezesini garawulladylar.
3 Şimşon ýarygijä çenli ýatdy, gijäniň ýarynda turdy-da, baryp, gala derwezesiniň gapylarynyň iki söýesini kiltleri bilen bilelikde goparyp, ony omzuna alyp, Hebronyň garşysyndaky dagyň depesine eltip goýdy.
4 Şondan soň Şimşon Sorek jülgesinde ýaşaýan bir aýala aşyk boldy. Onuň ady Delilady.
5 Piliştli hanlar ol aýalyň ýanyna gelip: «Biz ony daňyp, özümize boýun egdirip biler ýaly, sen ugruny tap-da, onuň beýik güýjüniň nämededigini özüne aýtdyr. Şeýtseň, biziň herimiz saňa bir müň bir ýüz kümüş teňňe bereris» diýdiler.
6 Delila Şimşondan: «Sen maňa aýtsana, beýle beýik güýji nireden alýarsyň? Seni näme bilen daňsaň, boýun egdirip bolar?» diýip sorady.
7 Şimşon oňa: «Eger-de meni entek guramadyk ýedi sany ýaý kirşi bilen daňsalar, men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.
8 Piliştli hanlar ol aýala entek guramadyk täzeje ýedi sany ýaý kirşini getirip berdiler. Ol şonuň bilen Şimşony daňdy.
9 Şol wagt piliştlilerden birnäçe adamlar şol otagda bukulyp otyrdylar. Aýal Şimşona: «Şimşon! Seniň üstüňe piliştliler gelýärler» diýdi. Şimşon ýaý kirşini edil ot degen ýüplügiň ýolnuşy ýaly edip, üzüp taşlady. Onuň güýjüniň nämededigi bilinmän galdy.
10 Delila Şimşona: «Sen meni samsyk hasap edýärsiň, ýalan sözleýärsiň. Indi beri aýdaý, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi.
11 Şimşon oňa: «Eger-de meni öň ulanylmadyk täze ýüp bilen daňsalar, men güýçden gaçaryn, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.
12 Delila täze ýüp alyp, ony daňdy-da, oňa: «Şimşon! Seniň üstüňe piliştliler gelýärler» diýdi. Şol wagt piliştlilerden birnäçe adam şol otagda bukulyp otyrdylar. Şimşon ony-da ot degen ýüplügiň ýolnuşy ýaly edip, üzüp taşlady.
13 Delila Şimşona ýene: «Sen meni samsyk hasap edýärsiň, ýalan sözleýärsiň. Aýtsana, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. Ol: «Meniň saçymyň ýedi örümini gaty örersiň-de, ony dokma dokalýan gurala berk çekdirip daňarsyň. Şonda men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.
14 Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Ol uklanda, onuň saçynyň ýedi örümini aldy-da, olary pugta örüp, dokma dokalýan guralda çekdirip berkitdi hem-de oňa: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýdi. Ol ukudan oýandy-da, dokma dokalýan guraly ondaky mata bilen bilelikde goparyp taşlady. Onuň güýjüniň nämededigi ýene bilinmän galdy.
15 Delila oňa: «Seniň ýüregiň meniň bilen däl eken. Nädip sen maňa: „Men seni söýýärin“ diýip bilýärsiň? Üç gezek sen meni samsyk hasap etdiň, güýjüňiň nämededigini maňa aýtmadyň» diýdi.
16 Delila her gün sorap, Şimşonyň ýüregine düşdi. Ol ony halys irizip, janyndan bizar etdi.
17 Şimşon ahyrsoňunda oňa öz ýüregini açdy: «Men entek ejemiň göwresindekäm Hudaýa nazyr bolandygym üçin, meniň kelläme heniz päki degen däldir. Eger meniň saçym syrylsa, güýjüm menden gider; meniň güýjüm gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.
18 Şeýdip, ol ähli syryny Delila açdy. Şundan soň, Delila: «Indi geliberiň, ol maňa öz ýüregini açdy» diýip aýtmaga piliştli hanlara habarçy iberdi. Piliştli hanlar elleri kümüş pully geldiler.
19 Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Onuň saçynyň ýedi örümini syrdyrmak üçin adam çagyrdy-da, oňa syrmagy buýurdy. Şimşon ejizlenip başlady, onuň güýji gaçdy.
20 Delila: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýende, ol oýanyp, öňki gezekdäki ýaly öz-özüni boşatmakçy boldy. Emma ol Rebbiň indi özünden ýüz öwrendigini bilmeýärdi.
21 Piliştliler ony tutup, gözlerini oýdular. Gaza getirip, iki sany bürünç zynjyr bilen gandalladylar. Oňa zyndanda degirmen üwetdiler.
22 Şol aralykda onuň kellesiniň syrylan ýerlerine saç çykyp başlady.
23 Pilişt hanlary özleriniň hudaýy Dagona juda köp gurbanlyklar berip, şady-horramlyk etmek üçin ýygnandylar. Olar: «Duşmanymyz Şimşony hudaýymyz biziň elimize berdi» diýişdiler.
24 Halk Şimşony görende: «Köpümizi öldürip, ýerlerimizi tozduran duşmanymyzy hudaýymyz biziň elimize berdi» diýşip, öz hudaýlaryny alkyşlamaga başladylar.
25 Mes bolan jemagat: «Şimşony getiriň, goý, ol biziň göwnümizi açsyn» diýip gygyryşdy. Şimşony zyndandan getirip, onuň üstünden gülüp başladylar, masgaraladylar, soňra ony sütünleriň aralygynda duruzdylar.
26 Şimşon elinden tutup, özüni idip ýören ýigdekçä: «Meni şu jaýy saklaýan sütünleriň ýanyna elt, şolara söýeneýin» diýdi. Ýigdekçe şeýle hem etdi.
27 Jaýyň içi aýal-erkeklerden doludy; pilişt hanlary hem şol ýerdedi. Jaýyň üstünde-de üç müňe golaý aýal-erkek bardy. Olaryň bary Şimşona tomaşa edýärdiler.
28 Şimşon Rebbi çagyrdy-da: «Eý, Hökmürowan Reb, meni ýadyňa sal. Eý, Hudaý! Maňa ýene bir gezejik kuwwat ber, iki gözüm üçin, piliştliler bilen bir gezekde hasaplaşaýyn» diýdi.
29 Şimşon jaýy saklaýan sütünleriň birine sag elini, beýlekisine çep elini diräp, olary ýerinden süýşürdi.
30 Şimşon: «Goý, piliştliler bilen bile öleýin» diýip, bar güýji bilen sütünleri itende, jaý hanlaryň, jaýdaky ähli adamlaryň üstüne ýykyldy; Şimşonyň özi ölen wagty öldürenleri onuň bütin ömründe öldürenlerinden has köp boldy.
31 Onuň doganlary, kakasynyň tutuş maşgalasy gelip, Şimşonyň jesedini äkitdiler we ony getirip, Zora bilen Eştawolyň aralygynda, kakasy Manowanyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Ol ysraýyllara ýigrimi ýyllap serdar boldy.




Chapter 17

1 Efraýym daglygynda Mika diýen bir adam bardy.
2 Ol öz ejesine: «Sen bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ogurlatdyň, ony alana meniň ýanymda gargyş etdiň, seniň şol kümüşleriň mende, olary men aldym. Emma men olary häzir saňa gaýtaryp berýän» diýdi. Ejesi: «Reb seni ýalkasyn, oglum!» diýdi.
3 Ol bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ejesine gaýtaryp berdi. Ejesi oňa: «Oglum, men seniň üçin bu kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatmakçy bolup, öz elim bilen Rebbe niýetledim, olary saňa berýärin» diýdi.
4 Ogly olary ejesine gaýtaryp berende, ejesi iki ýüz sany kümüş teňňäni aldy-da, kümüş ussasyna berip, şol kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatdyrdy; olar Mikanyň öýünde durdy.
5 Mika tarapyndan salnan bir sany ybadat edilýän öý bardy. Ol efot we butlar ýasady hem-de öz ogullarynyň birini ruhany edip belledi.
6 Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Her kim öz islänini edýärdi.
7 Ýahudanyň Beýtullaham galasynda ýaşaýan bir lewileriň ýigidi bardy.
8 Ol ýaşamaga amatly bir ýer tapmak üçin Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan çykyp gitdi. Ol Efraýym daglygynda ýaşaýan Mikanyň öýüne geldi.
9 Mika ondan: «Nireden gelýärsiň?» diýip soranda, ol: «Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan gelýärin, özüm hem lewilerdendirin; ýaşar ýaly ýer gözleýärin» diýdi.
10 Mika oňa: «Meniň öýümde galyber. Meniň geňeşçim hem ruhanym bolarsyň. Men seniň garnyňy doýraýyn, ýylda bir laý geýim-gejim hem-de on sany kümüş teňňe bereýin» diýdi.
11 Lewi ýigit Mikanyň öýünde galmaklyga razylyk berdi. Mika oňa öz ogly ýaly seretdi.
12 Mika lewi ýigidini ruhanyçylyga belledi, şeýdip, bu ýaş ýigit Mikanyň öýünde ýaşaberdi.
13 Mika: «Indi Rebbiň maňa ýagşylyk etjekdigini bilýärin, sebäbi lewi ýigidi meniň ruhanym boldy» diýdi.




Chapter 18

1 Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Danlar özlerine ýaşar ýaly ýer gözleýärdiler, sebäbi şol wagta çenli ysraýyllaryň tireleriniň arasynda olaryň mülk paýy heniz paýlanmandy.
2 Danlar öz urugyndan, Sora hem Eştawol galalaryndan bäş sany daýaw erkek adamy ýer gözlemek hem-de maglumat toplamak üçin gizlinlikde ugratdylar. Olara: «Baryň, assyrynlyk bilen ýer gözläň» diýdiler. Olar Efraýym daglygyna, Mikanyň öýüne gelip ýetdiler we gijäni şol ýerde geçirdiler.
3 Mikanyň öýünde bolanda, olar lewi ýigidini onuň sesinden tanadylar-da, içerik girdiler we ondan: «Seni bu ýere kim getirdi? Bu ýerde sen näme işleýärsiň? Näme sebäpden sen bu ýerde?» diýip soradylar.
4 Bu ýigit olara Mikanyň özüne edenlerini aýtdy. «Men hakyna işe durdum, men onuň ruhanysy» diýdi.
5 Olar ruhana: «Sen Hudaýdan sorap, bize bilip ber, biz özümiziň ýolumyzyň şowly boljagyna-bolmajagyna göz ýetireli» diýdiler.
6 Ruhany olara: «Arkaýyn gidiberiň, siziň ýoluňyz Rebbiň nazarynda» diýdi.
7 Bu bäş adam ol ýerden gaýdyp, Laýyşa geldi. Onuň ilatynyň sidonlylar ýaly parahat we asuda ýaşaýandygyny, olary sidonlaryň dolandyrýandygyny gördüler. Olaryň hemme zady bardy. Olar asuda we aladasyz ýaşaýardylar. Olar sidonlardan uzakda ýaşaýardylar we hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar.
8 Soňra olar Sora hem-de Eştawola öz tiredeşleriniň ýanyna gaýdyp geldiler; tiredeşleri olardan: «Gurtmy, tilki?» diýip soradylar.
9 Olar: «Biz bir ýer gördük, topragy juda gowy. Siz näme beýle pikire batdyňyz, ikirjiňlenmäň-de, baryp, ol ýeri eýeläň.
10 Siz ol ýerde hiç bir aladasy bolmadyk halky görersiňiz. Olaryň ýeri-de örän giň. Hudaý olary siziň eliňize berendir. Ol ýerde asyl ýetmezçilik edýän zat ýok» diýdiler.
11 Danlardan bolan alty ýüz sany erkek adam ýaraglaryny dakynyp, Soradan we Eştawoldan çykyp ugradylar.
12 Olar baryp, Ýahudadaky Kyrýategarymda düşelge gurdular. Şoňa görä ol ýer henize çenli Mahanadan diýlip atlandyrylýar, bu Kyrýategarymyň günbatarydyr.
13 Olar bu ýerden efraýymlaryň ýaşaýan daglygyna tarap gitdiler we Mikanyň öýüniň ýanyna geldiler.
14 Laýyşy gözden geçirmäge öň gelip giden bäş adam öz doganlaryna: «Şu öýleriň birinde efot, oýma hem guýma but we başga butlar bar, siz şony bilýärsiňizmi? Indi näme etmelidigiňizi özüňiz biliň» diýdiler.
15 Bular ol ýere bardylar. Mikanyň topar bolup duran öýleriniň birinde bolýan lewi ýigidiniňkä girdiler, onuň bilen salamlaşdylar.
16 Ýaraglaryny dakynan alty ýüz sany dan adamlary derwezäniň agzynda durdular.
17 Ýer görmäge öňki gelen bäş adam öýe girip, efoty, oýma hem guýma buty we başga butlary aldylar. Ruhany derwezäniň agzynda ýaraglaryny dakynan alty ýüz adamyň ýanynda durdy.
18 Mikanyň öýüne girip, efoty, oýma hem guýma buty we başga butlary alanlarynda, ruhany olara: «Näme edýärsiňiz?» diýdi.
19 Olar ruhana: «Sem bol! Ýör biziň bilen git, bize ýaşululyk hem ruhanylyk edersiň. Diňe bir adama ruhanylyk etmek gowumy ýa-da Ysraýylyň tutuş bir tiresi bilen urugyna?» diýdiler.
20 Ruhany begenip, efoty, oýma hem guýma buty we başga butlary alyp, ýaňky gelen adamlar bilen gitdi.
21 Olar çagalary, mallary, ähli goşlary öňden goýberip, ýola düşdüler.
22 Olar Mikanyň öýünden uzaklaşyp başlanda, Mika danlar bilen söweşmäge goňşularyny çagyrdy. Olar danlaryň yzyndan kowaladylar,
23 olaryň yzyndan gygyrdylar. Danlar Mika tarap öwrülip: «Saňa näme gerek? Ýa urşasyň gelýärmi?» diýdiler.
24 Mika olara: «Siz meniň ýasadan hudaýlarym bilen ruhanymy alyp gitdiňiz. Hany indi maňa näme galdy? Ýene-de: „Näme gerek?“ diýip soraýarsyňyz» diýdi.
25 Danlar oňa: «Sem bol, ýogsam, biziň gaharymyzy getirersiň, onsoň özüňiň-de, tutuş maşgalaňyň-da janyny jähenneme ibereris» diýdiler.
26 Danlar öz ýollary bilen gidiberdiler, Mika bolsa olaryň özünden güýçlüdiklerini görüp, yzyna dolandy we öýüne gaýdyp geldi.
27 Danlar Mikanyň ýasan sežde edilýän zatlaryny hem-de onuň öýünde ýaşan ruhanyny alyp, Laýyşa tarap gitdiler. Ol ýere baryp parahat we aladasyz ýaşaýan halky gylyçdan geçirip, galany otladylar.
28 Ol ýerdäkilere kömek eden tapylmady, sebäbi olar Sidondan uzakdady, hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar. Ol gala Beýtrehobyň golaýynda ýerleşýärdi, danlar galany täzeden gurdular-da, ol ýerde ýaşap başladylar.
29 Olar Ýakubyň ogly Danyň hatyrasyna ol gala Dan diýen at berdiler; galanyň öňki ady Laýyşdy.
30 Danlar sežde edilýän buty oturtdylar. Musanyň agtygy Gerşomyň ogly bolan Ýonatanyň özi we onuň ogullary tä ýurt ýesirlige alynýança danlara ruhanylyk etdiler.
31 Hudaýyň öýüniň Şiloda bolan wagtynyň bütin dowamynda, Mika tarapyndan ýasalan sežde edilýän but şol ýerde saklandy.




Chapter 19

1 Ysraýylyň patyşasyz zamanynda, Efraýym daglygynda bir lewi ýaşaýardy. Ol Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir aýaly getirip, onuň bilen ýaşap başlady.
2 Ol aýal öýkeleşip, lewiniň ýanyndan öz atasy öýüne, Beýtullaham galasyna gitdi; ol atasy öýünde dört aýlap boldy.
3 Soňra adamsy aýaly bilen ýaraşyp, ony getirmek üçin yzyndan ugrady. Onuň ýanynda bir hyzmatkäri bilen iki sany eşegi bardy. Aýaly adamsyny atasy öýüne saldy. Gaýynatasy ony güler ýüz bilen garşylap, öz öýünde saklady.
4 Gaýynatasy giýewsini öýünde galmaklyga yrdy. Olar bu ýerde iýip-içip, üç gün ýatdylar.
5 Dördünji gün olar ir oýandylar, ol adam turup gitmekçi boldy. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Bir döwüm çörek iýiň, ýürekse ediniň, soň hemmäňiz bile gidersiňiz» diýdi.
6 Olar oturyp, bile iýip-içdiler. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Ýene bir gün gal, keýpiňi sazla» diýdi.
7 Ol adam ýene turup gitmekçi boldy, emma gaýynatasy ony galmaklyga yrdy. Ol ýene bir gije ýatdy.
8 Bäşinji gün, irden ol turup gitmekçi boldy. Aýalyň kakasy oňa: «Bir zatlar garbanyň, öýleden soň gidersiňiz» diýdi. Olar bile iýip-içdiler.
9 Ol adamyň özi, aýaly we hyzmatkäri gitmekçi bolup, ýerlerinden turanda, aýalyň kakasy giýewsine: «Seret, gün ýaşyp, agşama golaýlap barýar. Bu gije-de bu ýerde ýatyň, dem-dynjyňyzy alyp, öýüňize ertir ir bilen turup gidersiňiz» diýdi.
10 Emma ol adam ýatmaga razy bolman, turup gidiberdi. Ol Ýabusa, ýagny häzirki Iýerusalime tarap gitdi. Onuň ýanynda ýükli eşekleri, hyzmatkäri bardy.
11 Olar Ýabusa golaýlaşanlarynda, gün ýaşyp barýardy. Hyzmatkär öz hojaýynyna: «Ýör, Ýabusa baraly-da, gijäni şol ýerde geçireli» diýdi.
12 Hojaýyny oňa: «Ýok, biz Ysraýyla degişli bolmadyk bir kesekileriň galasyna barmarys, Gibga gideris.
13 Gibga ýa-da Rama ýetjek bolaly, gijäni şolaryň birinde geçireris» diýdi.
14 Şeýdip, olar ýollaryny dowam etdirdiler. Olar benýaminleriň Gibga galasyna ýetenlerinde, Gün batypdy.
15 Olar gije Gibgada ýatmak üçin şol tarapa öwrüldiler. Baryp, galanyň merkezi köçesinde düşlediler; hiç kim olary öýüne çagyrmady.
16 Bir goja özüniň ekin meýdanyndan öýüne gaýdyp gelýärdi. Ol bu ýere efraýymlaryň ýaşaýan daglygyndan gelipdi, Gibgada ýaşaýardy. Bu ýeriň ilaty bolsa benýaminlerdi.
17 Goja ýolagçylary görüp, olardan: «Nireden gelip, nirä barýarsyňyz?» diýip sorady.
18 Ol adam: «Biz Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan gelýäris, indi hem Efraýym daglygyna tarap, öýüme barýaryn. Bizi hiç kim öýüne çagyrmady.
19 Eşeklerimiz üçin ot-iýmimiz, özüm, aýalym we hyzmatkärim üçin çörek hem şerap bar, hiç hili ýetmezçiligimiz ýok» diýdi.
20 Goja oňa: «Arkaýyn bol, ýetmeýän zadyňy bereýin, ýöne köçede ýatma» diýdi.
21 Goja olary öz öýüne alyp bardy, eşeklerine iým berdi, olar aýaklaryny ýuwdular, iýip-içdiler.
22 Olar ýaňy bir ýazylyp-ýaýnanlarynda, galanyň azgyn adamlary jaýyň daşyny gabadylar. Gapyny ýumruklap, öýüň hojaýynyna: «Öýüňe gelen erkegi daşaryk çykar, biz ony zorlajak» diýip gygyrdylar.
23 Öýüň hojaýyny daşaryk çykdy-da: «Ýok, doganlar, beýle azgynçylyk etmäň, ol meniň myhmanym, siz beýle aýyp iş etmäň.
24 Içerde meniň el degmedik gyzym we ol adamyň aýaly bar. Olary daşary çykaraýyn, olara islän işiňizi ediň, ýöne bu adama degmäň» diýdi.
25 Emma olar garryny diňlemediler. Şonda ýaňky gelen adam öz aýalyny zor bilen çykaryp, olaryň eline berdi. Adamlar uzak gije ol aýaly zorlap, namysyna degdiler. Daňdan olar ony goýberdiler.
26 Daň agaranda, aýal adamsynyň myhman bolan öýüniň gapysyna gelip ýykyldy we jahan doly ýagtylýança, şol ýerde ýatdy.
27 Ol aýalyň hojaýyny ýoluny dowam etdirmek üçin irden gapyny açyp, daşaryk çykanda, öz aýalynyň ellerini gapynyň bosagasynyň üstünde goýup ýatandygyny gördi.
28 Ol aýalyna: «Tur, gideli» diýdi, emma aýaldan jogap bolmady, sebäbi ol eýýäm ölüpdi. Ol aýalyny eşegine ýükläp, öz öýüne alyp gitdi.
29 Öýüne gelip, eline pyçak aldy-da, aýalynyň on iki synasyny kesişdirip, on iki bölegi Ysraýylyň on iki tiresine paýlady.
30 Ol çaparlar ýollap, olara muny görenlere şuny aýtmagy tabşyrdy: «Ysraýyllaryň Müsürden gelen gününden bäri, munuň ýaly zat görlüp-eşidilmändi. Indi oýlanyp görüň, maslahatlaşyp, biziň näme etmelidigimizi aýdyň».




Chapter 20

1 Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar.
2 Ysraýyllaryň ähli tireleriniň ýolbaşçylary Hudaýyň adamlarynyň ýygnagyna üýşdüler. Gylyçlaryny ýalaňaçlan dört ýüz müň sany esger hem şol ýerdedi.
3 (Benýaminler ysraýyllaryň Mispada üýşendiklerini eşitdiler). Ysraýyllar: «Nädip beýle masgaraçylyk bolup bildi?» diýip soradylar.
4 Lewi adam öldürilen aýalyň adamsy şeýle jogap berdi: «Men öz aýalym bilen benýaminleriň Gibga galasyna baryp, gije şol ýerde ýatdyk.
5 Gibganyň adamlary gije biziň ýatan jaýymyzyň daşyny gabadylar. Meni öldürjek boldular, meniň aýalymy masgaralap, tä ölinçä zorladylar, ol öldi.
6 Men aýalymy ol ýerden getirip, kesişdirdim-de, Ysraýylyň ähli ýerine iberdim, çünki Ysraýylda kada-kanuna laýyk gelmeýän, masgaraçylykly iş etdiler.
7 Ine, siz ysraýyllar, hemmäňiz şu bolan işe serediň hem-de şu ýerde netije çykaryň» diýdi.
8 Tutuş halk bir adam ýaly bolup turdy-da, şeýle diýdi: «Biziň hiç haýsymyz öz çadyrlarymyza gitmeris, öz öýümize dolanmarys.
9 Indi biz Gibgany, gör, näderis: bije atyp, onuň üstüne kimiň gitmelidigini saýlarys.
10 Ysraýyllaryň erkek adamlarynyň ondan birisi goşun üçin iýer-içer ýaly zatlar getirer, galanlarynyň hemmesi benýaminleriň Gibgada masgaraçylykly iş edendikleri üçin, olary jezalandyrmaga gider».
11 Ysraýyllar bir adam ýaly bolup, agzybirlik bilen Gibga galasynyň üstüne gitmek üçin ýygnandylar.
12 Ysraýyllaryň ähli tiresi benýaminlere wekil iberip: «Sizde nähili beýle nejis iş edilipdir.
13 Siz Gibgadaky şol azgyn adamlary biziň elimize tabşyryň, biz olary öldürip, erbetlikleri köki-damary bilen Ysraýyldan goparyp taşlarys» diýdiler. Emma benýaminler öz doganlary bolan ysraýyllary diňlemediler.
14 Benýaminler ysraýyllaryň garşysyna uruşmak üçin, benýaminlere degişli galalardan gelip, Gibga galasyna ýygnandylar.
15 Şol gün benýaminleriň galalaryndan ýygnanyp, naýzalaryny ýalaňaçlan esgerleriniň sany ýigrimi alty müň adam boldy. Ondan başga-da, Gibga galasyndan ýygnanan esgerleriň sany ýedi ýüz adamdan ybarat boldy.
16 Şol adamlaryň içindäki ýedi ýüz sany saýlama esger çepbekeýdi, olaryň sapan bilen atýan daşy saçyň taryna degmän geçmezdi.
17 Diňe benýaminler däl, eýsem, ysraýyllar-da gylyçlaryny ýalaňaçlapdylar, olaryň sany dört ýüz müň adamdan ybaratdy, hemmesi-de uruşmaga ukyplydy.
18 Ysraýyllar Beýtele bardylar-da: «Haýsymyz urşa ilki başlarys?» diýip, Hudaýdan soradylar. Reb: «Ýahuda öňürti başlar» diýdi.
19 Ysraýyllar ertesi irden Gibganyň ýanynda düşelge gurup ýerleşdiler.
20 Ysraýyllar benýaminleriň garşysyna çykdylar-da, Gibganyň golaýynda söweşmäge taýýarlanyp, nyzama durdular.
21 Benýaminler Gibgadan çykdylar, şol gün ýigrimi iki müň ysraýyly ýere ýazdylar. 22–23 Ysraýyllar Rebbiň huzuryna gelip, tä agşama çenli aglap ýas tutdylar we Ondan: «Biz öz doganymyz bolan benýaminler bilen ýene-de söweşe girelimi?» diýip soradylar. Reb: «Olaryň garşysyna çykyň» diýdi. Ysraýyllar dogumlanyp, şol öňküsi gün baryp duran ýerlerinde ýene-de söweşmäge nyzama durdular.
24 Ysraýyllar ikinji gün diýlende benýaminleriň üstüne bardylar.
25 Benýaminler şol güni Gibgadan ysraýyllaryň garşysyna çykdylar we olar bu gezek on sekiz müň iň güýçli edermen ysraýyl urşujylaryny gylyçdan geçirdiler.
26 Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler. 27–28 Hudaýyň Äht sandygy şonda şol ýerdedi we oňa Harunyň ogly Elgazaryň ogly Pinehas ýolbaşçylyk edýärdi. Ysraýyllar Rebden: «Doganymyz bolan benýaminleriň garşysyna söweşmäge gidelimi ýa-da ýok?» diýip soradylar. Reb: «Gidiň, ertir Men olary siziň eliňize bererin» diýdi.
29 Ysraýyllar Gibganyň töwereginde bukuda adam goýdular.
30 Üçünji gün diýlende ysraýyllar benýaminleriň üstüne bardylar we söweşmek üçin Gibganyň ýanynda öňküleri ýaly nyzama durdular.
31 Benýaminler ysraýyllaryň garşysyna hüjüm edip, galadan daşlaşdylar-da, Beýtele tarap gidýän ýolda hem-de Gibga tarap ekin meýdanynyň üsti bilen geçýän ýoluň üstünde ysraýyllary ýene-de öňküsi ýaly öldürdiler. Ysraýyllardan otuza golaý adam öldürildi.
32 Benýaminler: «Biz olary öňki ýeňşimiz ýaly ýene ýeňeris» diýdiler. Ysraýyllar bolsa: «Olardan gaçaly-da, olaryň ünsüni ýollara tarap sowup, olary galadan daşlaşdyralyň» diýdiler. Şeýle hem etdiler.
33 Ähli ysraýyllar ýerlerinden turdular-da, Bagal-tamarada nyzama durdular. Ysraýyllaryň bukuda goýan adamlary Gibganyň günbatar tarapyndan bukudan çykdylar.
34 Gibganyň ýanyna Ysraýylyň ähli ýerinden saýlanyp alnanlaryň on müňüsi geldi we gazaply söweş başlandy, ýöne benýaminler entek özlerine betbagtlyk garaşýandygyny bilmeýärdiler.
35 Reb benýaminleri ysraýyllaryň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Şol gün ysraýyllar gylyçlaryny ýalaňaçlan ýigrimi bäş müň bir ýüz benýamini öldürdiler.
36 Benýaminler özleriniň ýeňilýändiklerine düşündiler. Ysraýyllar öz orunlaryny benýaminlere berdiler, sebäbi olar Gibganyň golaýynda bukuda oturanlara bil baglapdylar.
37 Bukudakylar Gibga tarap topuldylar-da, tutuş galadakylary gylyçdan geçirdiler.
38 Galadan ýokaryk galýan tüsse bukudakylaryň çozmagy üçin duýduryş bolsun diýip, ysraýyllar özara aýdyşdylar.
39 Şeýlelikde, ysraýyllar söweş meýdanyndan yza çekilende, benýaminler ysraýyllaryň otuza golaý adamyny boýun egdirdiler. Olar: «Ine, ysraýyllar ýene-de öňküsi ýaly biziň öňümizde ýykylyp ýatyrlar» diýdiler welin, edil şol wagt
40 galanyň depesinde tüsse sütün görnüşinde ýokary galyp başlady. Benýaminler yzyna seredenlerinde, tutuş galanyň depesinden tüssäniň göge göterilýändigini gördüler.
41 Ysraýyllar yzlaryna dolandylar, benýaminler özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryny görüp, yzlaryna gaýtmaga gorkdular.
42 Olar ýola düşüp, çöle tarap ysraýyllardan gaçyp başladylar. Emma ysraýyllar olaryň yzlaryndan galman ýetip, olary öldürdiler, galadan çykanlaryny bolsa şol ýerde gyrdylar.
43 Ysraýyllar benýaminleriň daşyny gabadylar-da, olaryň yzyndan kowup, Gibganyň gündogar tarapyna ýetende, olaryň ählisini boýun egdirip gyrdylar.
44 Benýaminleriň on sekiz müň sany güýçli urşujylaryny öldürdiler.
45 Galanlary çöle, Rimmon gaýasyna tarap gaçdylar, ýollarda ysraýyllar olaryň ýene bäş müňüsini öldürdiler we Gidoma çenli yzyndan kowaladylar-da, olaryň ýene iki müňüni öldürdiler.
46 Benýaminlerden şol gün jemi ýigrimi bäş müň adam öldi, olaryň hemmesi-de güýçli edermen adamlardy.
47 Galan alty ýüz sany benýamin çöle tarap Rimmon gaýasyna gaçdy we olar dört aýlap şol gaýada galdylar.
48 Ysraýyllar ýene-de yzyna benýaminleriň üstüne gitdiler-de, galadaky ähli ilaty, mallary, çem gelen zatlary gylyçdan geçirdiler. Soňra şol ýerdäki galan ähli galalary otlap ýok etdiler.




Chapter 21

1 Ysraýyllar: «Hiç birimiz benýaminlere gyz bermeris» diýip, Mispada ant içdiler.
2 Ysraýyllar Beýtele gelip, Hudaýyň huzurynda agşama çenli gaty ses edip, zar-zar aglaşdylar.
3 Olar: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Ysraýyla näme boldy? Ysraýyldan indi bir tire ýok bolup ýitip gitmelimi?» diýdiler.
4 Ertesi güni ilat irden turup, ol ýerde mal öldürdiler, gurbanlyk sypasyny ýasap, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.
5 Ysraýyllar: «Rebbiň huzurynda bolup geçen ýygnanyşyga ysraýyl tirelerinden kim gelmedikä?» diýişdiler. Bu ýygnanyşyga gelmedikleriň öldüriljekdigi barada ant içilip kasam edildi.
6 Ysraýyllaryň benýaminlere, ýagny, öz doganlaryna nebisleri agyryp: «Indi ysraýyllaryň bir tiresi kesilip taşlandy.
7 Biz olara gyz bermezlige Rebbiň huzurynda ant içdik. Indi olaryň diri galanlarynyň aýal meselesini nähili çözmeli bolarkak?
8 Mispadaky Rebbiň huzurynda bolan ýygnanyşyga Ysraýyl neslinden gelmedik barmy?» diýişdiler. Ýygnanyşyga Gilgatdaky Ýabeşden adam gelmändir.
9 Görseler, ol ýerde Gilgatdaky Ýabeşden bir adam hem ýok eken.
10 Edermen ýigitleriň on iki müňüsini jemagat ol ýere iberip, olara: «Baryň, Ýabeşiň ilatyny, aýallaryny we çagalaryny gylyçlap öldüriň.
11 Öýlenenleriniň hem-de durmuşa çykanlarynyň ählisini bütinleý ýok ediň, diňe gyzlara degmäň» diýip buýurdylar. Olar aýdylşy ýaly-da etdiler.
12 Ýabeşiň ilatyndan dört ýüz sany boý gyzy özleri bilen alyp, Kengan ýurdundaky Şilo galasyndaky düşelgä getirdiler.
13 Halk Rimmon gaýasyndaky benýaminler bilen gepleşik geçirmek üçin, ol ýere adam iberdi, olar bilen ylalaşyk yglan edildi.
14 Şonda benýaminler Ysraýyla dolanyp geldiler we ysraýyllar diri galdyrylan Ýabeşiň gyzlaryny olara aýallyga berdiler; ýöne olaryň hemmesine gyz ýetmedi.
15 Ysraýyl halky benýamin tiresine gynandy, sebäbi Reb Ysraýyl tireleriniň bitewiligini bozdy.
16 Ýaşulular: «Benýaminleriň aýallarynyň ýok edilendigine görä, bu galanlaryna aýal alyp bermeklik meselesini nätsekkäk?» diýişdiler.
17 Olar: «Ysraýyllaryň bu tiresi ýitip gitmez ýaly, benýaminleriň diri galanlarynyň özleriniň mülki bolsun,
18 ýöne biz olara gyz berip bilmeris, çünki: „Kim benýaminlä gyz berse, oňa nälet bolsun“ diýip ant içipdik» diýdiler.
19 Onsoň olar: «Ine, Beýteliň demirgazygynda, Şekeme gidýän ýoluň gündogarynda we Liwanyň günortasynda ýerleşýän Şiloda her ýyl Rebbe bagyşlanan baýramçylyk bolýar» diýişdiler.
20 Olar benýaminlere görkezme berip şeýle diýdiler: «Baryň-da, üzümçiligiň içinde oturyň.
21 Şilonyň gyzlary üýşüp tans eden wagtlarynda, üzümçilikden çykyň-da, Şilo gyzlaryndan heriňiz birini tutup, olara öýleniň we benýaminlere degişli ýere äkidiň.
22 Gyzlaryň kakalary ýa-da doganlary biziň ýanymyza arz edip gelseler, biz olara: „Şolar üçin biz sizden ötünç soraýarys, olaryň beýtmeginiň sebäbi biziň söweşip, ýesir getiren gyzlarymyz olaryň hemmesine ýetmedi, siziň özüňiz hem olara gyzlaryňyzy bermediňiz“ diýip aýdarys» diýdiler.
23 Benýaminler aýdylşy ýaly hem etdiler; üýşüp tans edip ýören gyzlardan hersi birini ogurlap, öz mülklerine getirdiler we galalar gurup, ýaşap başladylar.
24 Edil şol wagty ysraýyllar ol ýerden gaýdyp, hersi öýli-öýüne, öz tiresine we mülklerine dolanyp bardy.
25 Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy; her kim öz göwnüne gelenini ederdi.