Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42

Chapter 1

1 Uz ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy.
2 Onuň ýedi ogly bilen üç gyzy bardy.
3 Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gundogarlylaryň arasynda iň baýydy.
4 Eýýubyň ogullarynyň hersi nobatma-nobat öz öýlerinde meýlis gurardylar we bile iýip-içmek üçin adam ýollap, üç uýasyny-da çagyrdardylar.
5 Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.
6 Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi.
7 Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi.
8 Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi.
9 Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi?
10 Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň.
11 Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?»
12 Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.
13 Bir gün Eýýubyň ogullary bilen gyzlary uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrdylar.
14 Bir çapar Eýýuba şeýle habar getirdi: «Biz öküzler bilen ýer sürüp ýörkäk, eşekler-de olaryň yzynda otlap ýörkäler,
15 sabalylar üstümize çozup, mallary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym».
16 Ol sözüni soňlamanka, ikinji bir çapar gelip: «Gökde ýyldyrym çakyp, goýunlaryňyň we hyzmatkärleriňiň baryny ýakyp, küle öwürdi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.
17 Ol sözüni soňlamanka, üçünji bir çapar gelip: «Babyllar üç topar bolup düýeleriň üstüne çozdular-da, olary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi. 18–19 Ol heniz sözüni tamamlamanka, başga bir çapar: «Seniň ogullaryňdyr gyzlaryň uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrkalar, çöl tarapdan bir güýçli tupan gelip, öýi tutuşlygyna ýumurdy. Öý ýaşlaryň üstüne ýykyldy we olaryň bary öldi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýen habary getirdi.
20 Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.
21 Ol: «Ýalaňaç indim bu dünýä, Ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä, Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi.
22 Eýýup bu agyr muşakgatlyklaryň astynda-da, Hudaýy ýazgaryp, günä etmedi.




Chapter 2

1 Başga bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzuryna gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen Rebbiň huzurynda häzir bolmaga geldi.
2 Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi.
3 Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi.
4 Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Ten deregine ten! Ynsan öz jany üçin bar zadyndan geçer.
5 Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka?»
6 Reb şeýtana: «Bolýar, Eýýup seniň eliňde, ýöne onuň janyny aýa» diýdi.
7 Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi-de, Eýýubyň süýr depesinden dabanyna çenli agyryly çybanlar çykardy.
8 Eýýup gaşanmak üçin bir küýze döwügini aldy-da, külüň üstünde oturdy.
9 Eýýubyň aýaly oňa: «Entegem päkligiňi mäkäm saklap ýörmüsiň? Hudaýy näletle-de, öl» diýdi.
10 Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi. Eýýubyň üç dosty
11 Eýýubyň üç dosty: teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat we nagamly Sopar onuň başyna düşen belalar hakynda eşidip, öz bolýan ýerlerinden ýola düşdüler. Olar Eýýuba duýgudaşlyk bildirip, göwnüne teselli bermäge gitmek üçin duşuşdylar.
12 Olar Eýýuby uzakdan görüp, ony tanamadylar. Onuň dostlary ses edip aglaşdylar, ýakalaryny ýyrtyp, başlaryndan gum sowurdylar.
13 Eýýubyň dostlary ýedi gije-gündizläp onuň bilen bile ýerde oturdylar. Derdi juda çökder bolansoň, hiç kim oňa söz gatmady.




Chapter 3

1 Ahyry Eýýup dil açdy we öz dünýä inen gününi näletledi.
2 Ol şeýle diýdi:
3 «Goý, meniň doglan günüm gurasyn! „Göwrede ogul çaga galdy“ diýlen gijä nälet siňsin!
4 Goý, şol gün garaňkylyga öwrülsin! Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn, Onuň üstüne ýagty düşmesin!
5 Goý, şol güni garaňkylyk, tüm garaňkylyk gurşasyn, Bulutlar örtsün ony, Garaňkylyk ony gorka salsyn!
6 Şol gijäni zulmat gaplasyn, Ol gije ýylyň günlerine girizilmesin.
7 Goý, ol önelgesiz gije bolsun, Onda şatlykly owaz eşidilmesin!
8 Goý, günleri näletleýänler, Liwýatany oýarmagy başarýanlar şol güni näletlesinler!
9 Daň ýyldyzlary şugla saçmasyn şol gün, Yşyga umyt baglasyn, Ýöne yşyk bolmasyn, Daň şapagyna ýüzi düşmesin!
10 Çünki ol enemiň ýatgysyny ýapmady, Hasraty meniň gözlerimden gizlemedi.
11 Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin? Göwreden çykan dessime jan bermändirin?
12 Etege salynmasam boljak eken! Emdirilmänler geçsem boljak eken!
13 Onda men häzir rahatlykda ýatardym, Dynçlykda bolardym.
14 Haraba öwrülen binalary guran Dünýäniň şalary, geňeşçileri bilen,
15 Öýlerini kümüşden dolduran, Altyn toplan han-begler bilen dynçlykda bolardym.
16 Näme üçin öli doglan çaga dek, Ýagta gözi düşmedik çaga dek ýere gömülmändirin men.
17 Ol ýerde pisler pislikden el çekýärler, Ýadawlar-da dynç alýarlar.
18 Ol ýerde ýesirler asudalykdadyr, Olar gözegçileriniň seslerinden dynçdyr.
19 Baý-da, garyp-da bardyr ol ýerde, Gullar-da hojaýynlaryndan azatdyr.
20 Näme üçin jebir-jepa çekýäne nur, Kalby hasratla-da ömür berilýär?
21 Ajaly arzuw edýärler, ajal gelmeýär, Ony gizlenen hazynadan köp agtarýarlar.
22 Gabyr tapanlarynda, şatlanýarlar, Joşup, şowhun edýärler.
23 Näme üçin ýoluny görüp bilmeýäne, Hudaýyň tümlüge gaplanyna ömür berilýär?
24 Çörege derek ahy-zar ýuwudýan, Ahy-nalalarym edil suw kimin dökülýär.
25 Hakykatdanam, gorkym başyma gelýär, Heder edenim-de üstümden inýär.
26 Mende ne rahatlyk bar, Ne-de asudalyk, ne-de dynçlyk bar, Diňe tükeniksiz muşakgat gelýär».




Chapter 4

1 Teýmanly Elipaz söze başlap, şeýle diýdi:
2 «Seniň bilen sözleşmäge synanyşsak, saňa agyr degmezmi? Geplemekden saklanyp bilýän barmy näme?
3 Ine, sen köplere tälim berdiň, Ejizlere medet berdiň.
4 Sözleriň büdreýänlere goldaw boldy, Ikirjiňlenýänleri berkitdiň.
5 Emma indi öz başyňa gelende, ruhdan düşýäň, Bela uçraňda, özüňi ýitirýäň.
6 Ynamyň Hudaýdan gorkmakda, Umydyň päk durmuşda dälmi?
7 Ýadyňa sal, heý, bigünäniň ýogalany barmy? Dogruçyllaryň heläk bolany barmy?
8 Görşüme görä pislik sürümini geçirip, Hasraty ekýänler, Şony-da orýandyrlar.
9 Olar Hudaýyň demi bilen heläk bolýarlar, Onuň gazaby bilen ýok bolýarlar.
10 Arslanyň arryldysy, gazaply şiriň sesi kesilýär, Çaga arslanlaryň dişleri syndyrylýar.
11 Güýçli arslan awsyzlykdan heläk bolýar, Ene arslanyň çagalary pytradylýar.
12 Maňa gizlinlikde bir söz geldi, Gulagyma bir pyşyrdy ildi.
13 Gijeki görnüşlerden dörän pikirler içinde, Ynsanlary agyr uky basýan mahalynda,
14 Meni gorky, titreme gaplady, Bütin bedenim sarsdy.
15 Bir ruh ýüzümi syryp geçip gitdi, Endamymyň tüýleri syh-syh boldy.
16 Ol ümsüm durdy, Ýöne onuň keşbini saýgaryp bilmedim. Gözümiň alnynda bir syrat durdy, Ümsümlikdi, soň bir ses eşitdim:
17 „Heý-de, ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi? Ynsan öz Ýaradyjysyndan päk bolup bilermi?
18 Ol hatda Öz gullaryna ynam etmeýär, Öz perişdelerinden ýalňyşlyk tapýar.
19 Onsoň Ol toýundan ýaradylan ynsana neneň ynam etsin! Olaryň esasy tozdandyr, Olar güýeden tiz gyrylýandyrlar.
20 Ertir bilen agşam aralygynda ýitirim bolýarlar, Hiç kimiň gözüne ilmän ebedi ýok bolýarlar.
21 Olaryň ömür tanaplary kesilip, Dünýäden paýhassyz ötüp gidýärler“».




Chapter 5

1 «Hany, çagyr, jogap beren tapylarmyka? Sen perişdeleriň haýsyna ýüzlenjek?
2 Akmagy gahar-gazap öldürýär, Nadany gabanjaňlyk ýok edýär.
3 Kök urýan akmaklary gördüm, Emma olaryň öýleri duýdansyz näletlendi.
4 Çagalary howpsuzlykdan uzakdyr, Adalatdan mahrum edilýärler olar, Howandarlyk edýän ýokdur olara.
5 Açlar akmaklaryň hasylyny iýýärler, Ony tikenleriň arasyndan ýygyp alýarlar, Açgözler baýlyklaryny ýuwudýarlar.
6 Çünki muşakgatlyk toprakdan çykmaz, Hasrat-da ýerde bitmez.
7 Uçgunyň ýokaryk uçuşy dek, Ynsan hasrat üçin dogulýar.
8 Men bolsam Hudaýa ýüz tutardym, Dawamy Oňa tabşyrardym.
9 Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär, San-sajaksyz gudratlary görkezýär.
10 Ýer ýüzüne ýagyş ýagdyryp, Meýdanlary suwarýan-da Oldur.
11 Ol kemsidilenleri arşa çykarýar, Gussalylar howpdan dynýar.
12 Hilegärleriň niýetlerini bozýar Ol, Guran hilelerini puja çykarýar.
13 Akyllysyraýany öz hilesinde tutýar, Mekirleriň maslahaty ýele sowrulýar.
14 Gündizleri garaňkylyga öwrülip, Gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler.
15 Ol mätäçleri gylyçdan, Güýçlileriň dilinden hem elinden halas edýär.
16 Şeýdip, pukaralarda umyt bolýar, Adalatsyzlyk agzyny ýumýar.
17 Gör, nähili bagtly Hudaýyň terbiýeleýäni! Gudratygüýçliniň temmisini ret etme.
18 Çünki ýaralaýan-da Ol, saraýan-da Ol, Şikes ýetirýän-de Ol, şypa berýän-de Ol.
19 Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, Ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez.
20 Ol seni açlykda ölümden, Uruşda gylyçdan gutarar.
21 Ol seni duzly dilden gorar, Gyrgyn gelende, sen gorkmarsyň.
22 Gyrgynyň, açlygyň üstünden gülersiň, Ýabany haýwanlardan heder etmersiň.
23 Meýdan daşlary bilen dil tapyşarsyň, Ýabany haýwanlar bilen agzybir bolarsyň.
24 Çadyryňyň asudalykdadygyny bilersiň, Süriňe göz aýlaňda, sany tükel bolar.
25 San-sajaksyz nesil görersiň, Zürýatlaryň ýaýladaky otlar kimin bolar.
26 Öz möwsüminde harmana ýygnalýan galla desseleri dek Sen hem gabra gojalyp girersiň.
27 Derňew geçirdik, bu hakykatdyr, Muny diňle-de, özüň üçin belläp al».




Chapter 6

1 Eýýup şeýle jogap berdi:
2 «Wah, derdim ölçelsedi, Betbagtlygym terezide çekilsedi!
3 Deňiz çägelerindenem agyr çykardy, Şonuň üçin men oýlanyşyksyz gepledim.
4 Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde, Ruhum olaryň zäherini içýär, Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.
5 Ýabany eşek otlagdaka aňňyrýarmy? Ýa öküz ahyrynyň başynda molaýarmy?
6 Tagamsyz zat duzsuz iýilýärmi? Ýumurtganyň agynda tagam barmy?
7 Beýle naharlara işdäm ýok, Bular ýüregimi bulaýarlar.
8 Wah, arzuwym hasyl bolup, Hudaý maňa umyt bersedi!
9 Kerem edip, Hudaý janymy alsady, Elini uzadyp, ömür tanapymy kessedi!
10 Bu maňa teselli bolardy, Güýçli dert içinde hem begenerdim, Çünki men Mukaddes Bolanyň sözlerini ret etmedim.
11 Garaşmaga güýjüm barmy nä? Sabyr etmäge soňum barmy nä?
12 Daşdanmy güýjüm? Bürünçdenmi tenim?
13 Alaçsyz galanymda, Özüme ýardam etmäge güýjüm ýetermi?
14 Dostuna mähirlik etmeýän, Gudratygüýçliden gorkmagy ret edýändir.
15 Dostlarym akaba ýap kimin durnuksyzdyr, Akar suwly çeşmeler kimindir.
16 Çeşmeler buzlar erände daşýarlar, Gar suwlaryndan dolýarlar.
17 Jöwzada çeşmeler guraýarlar, Gaýyp bolýarlar yssyda.
18 Kerwenler ýollaryndan sowlup, Suw gözleginde entäp heläk bolýarlar.
19 Suw agtarýarlar Teýmanyň kerwenleri, Şebanyň ýolagçylar umytda bolýarlar.
20 Olar ynam edendikleri üçin utanýarlar, Ol ýere gelip, ruhdan düşýärler.
21 Siz hem meniň üçin şol çeşmeler ýaly bolduňyz, Betbagtlygymy görüp gorkýarsyňyz.
22 Men size: „Maňa zat beriň, Baýlygyňyzdan beriň“ diýdimmi?
23 „Meni duşman elinden halas ediň, Meni garakçylaryň elinden yzyma satyn alyň“ diýdimmi ýa?
24 Maňa öwrediň, onsoň dymaýyn, Ýalňyşymy düşündiriň.
25 Dogry sözler güýçlidir! Ýöne siziň boş sözleriňiz nämäni subut edýär?
26 Sözlerimi düzederin öýdýärsiňizmi? Ejiziň gepini ýele sowurýarsyňyzmy?
27 Hatda ýetim üçin bije atarsyňyz, Dostuňyza baha kesersiňiz.
28 Indi merhemet edip, maňa serediň, Ýüzüňize bakyp, ýalan sözläp bilmen.
29 Gowuja pikirleniň, adalatsyzlyk etmäň, Ýaňadan garaň, men hakdyryn.
30 Agzymdan nähak söz çykýanmydyr? Betbagtlygy gören däldirin öýdýäňizmi?»




Chapter 7

1 «Ynsanlaryň ýerdäki durmuşy juda müşgil dälmi? Güzerany günlükçiniň güzerany ýaly dälmi?
2 Kölegäni küýseýän gul, Muzduna garaşýan günlükçiler kimin,
3 Kysmatyma boş aýlar ýazyldy, Muşakgatly gijeler bellenildi.
4 Düşegime geçip: „Haçan turarkam?!“ diýýän, Emma gije gutarnyksyz gijä öwrülýär, Iki ýana urnup, daňymy atyrýan.
5 Bedenim gurtdur kesmekler bilen örtülendir, Hamym kesmekläp, soňam iriň akýar.
6 Günlerim dokmaçynyň mäkisinden çalt, Olar umytsyzlykda geçip barýar.
7 Unutma, eý, Hudaý, ömrüm bir demdir, Gaýdyp ýagşylyga gözüm düşmez.
8 Gözleriň meni şu pursat görýär, Ýöne mundan beýläk meni görmersiň, Gözleriň meni gözlär, emma meni tapmarsyň.
9 Buludyň selçeňläp, gaýyp bolşy deý, Ölüler dünýäsine gidenler-de yzlaryna dolanmazlar.
10 Öýlerine gaýdyp gelmezler, Öz mekanlary olary tanamaz.
11 Şonuň üçinem ümsüm boljak däl, Janymyň ýangyjyna geplejek, Ajy hasrat bilen şikaýat etjek.
12 Meni göz astynda saklaryň ýaly, Men deňiz ýa deňiz aždarhasymy näme?
13 Düşegim maňa teselli berer, Çarpaýam zeýrenjimi diňdirer diýsem,
14 Meni düýşler bilen gorkuzýaň, Görnüşler bilen ýüregimi ýarýaň.
15 Şu tende ýaşandan, Boglup ölenim gowudyr.
16 Men janymdan doýdum; bu dünýä baky gelen däldirin, Meni öz günüme goý, çünki ömrüm bir demdir. 17–18 Ynsanlary beýgeldip, Olara üns bereriň ýaly, Her säher idäp, Her salym synaryň ýaly, Olar kim bolupdyrlar?
19 Haçana deňeç meni göz astynda saklajak, Tüýküligimi ýuwutmaga-da ýeke goýjak dälmi indi?
20 Günä etsem, Saňa zeleli näme eý, ynsan Gözegçisi? Näme üçin meni Özüňe garşydaş etdiň? Näme üçin men Saňa ýük boldum?
21 Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap, Etmişlerimi ötmeýäň? Çünki indi gabra girerin, Meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň».




Chapter 8

1 Onsoň şuwaly Bildat şeýle diýdi:
2 «Haçana deňeç şeýle gürlejek? Agzyňdan çykýan sözler güýçli şemal deý dereksiz.
3 Heý-de, Hudaý adalaty bozýanmydyr? Gudratygüýçli hakykaty ýoýýanmydyr?
4 Ogullaryň Hudaýa garşy günä eden bolsalar, Hudaý-da olara ýazyklaryna görä jeza berendir.
5 Eger Hudaýy agtarsaň, Gudratygüýçlä ýalbarsaň,
6 Päk we dogruçyl bolsaň, Elbetde, Ol seniň üçin aýaga galar, Sylaglap, hojalygyňy dikelder.
7 Öňüň ujypsyz-da bolsa, Soňuň beýik bolar.
8 Owalky nesillerden sora-da, Olaryň ata-babalarynyň derňewine nazar sal.
9 Çünki biz düýnkilerdiris, Bilýän zadymyz ýokdur, Ýerdäki ömrümiz kölege kimindir.
10 Olar saňa öwretmezlermi, aýtmazlarmy, Ýüreklerindäki sözleri dile getirmezlermi?
11 Batgasyz ýerde gargy bitermi? Suwsuz ýerde gamyş ösermi?
12 Olar entek gökkä, orulmanka, Otlardan öň guraýarlar.
13 Hudaýy unudan her kesiň soňy-da şeýle gutarar, Hudaýsyzyň umydy öler.
14 Bil baglaýany berk däldir, Daýanýany möýüň kerebi kimindir.
15 Öýüne söýenýär, ýöne ol ýykylar, Oňa berk ýapyşýar, ýöne ol çagşar.
16 Hudaýsyzlar güneşde gülleýän ösümlik kimin, Olaryň şahalary tutuş baga ýaýraýar.
17 Kökleri daş üýşmekleriniň daşyna oralyp, Daşlaryň arasynda ýatýandyr.
18 Eger ýerlerinden goparylsa, Ýer inkär edip: „Seni görmedim“ diýer.
19 Şady-horramlygy uzaga çekýän däldir olaryň, Olaryň ýerini başgalar tutarlar.
20 Hudaý akýüreklini terk etmez, Pislik edýäne ýardam bermez.
21 Ol ýene agzyňy gülküden, Lebleriňi şadyýan owazdan doldurar.
22 Duşmanlaryň uýada galar, Pisleriň çadyry weýran bolar».




Chapter 9

1 Eýýup şeýle jogap berdi:
2 «Dogrusy, munuň şeýledigini men bilýän, Ýöne Hudaýyň öňünde ynsan neneň dogry bolup biler?
3 Hudaý bilen jedelleşmek islän, Onuň müňde bir sowalyna-da jogap berip bilmez.
4 Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr, Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?
5 Ol daglary ýerinden süýşürýär, ýöne muny bilmeýärler, Gazabyna daglary ters düňderýär.
6 Ol ýeri sarsdyryp, Onuň sütünlerini titredýär.
7 Ol Güne buýruk berýär – gün dogmaýar, Ýyldyzlary möhürläp, gadagan edýär.
8 Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy, Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär.
9 Uly Ýedigeni, Oriony, Ülkeri we günorta ýyldyzlaryny ýaradan Oldur.
10 Akyla sygmajak beýik işleri, Sansyz täsin işleri edýän-de Oldur.
11 Ine, Hudaý gapdalymdan geçýär, emma Ony görmeýärin, Geçip gidýär, ýöne Oňa gözüm düşmeýär.
12 Ol tutup äkidýär – ony saklap biljek barmy? „Edýäniň näme?“ diýip biljek barmy Oňa?
13 Hudaý gazabyndan dönmez, Rahabyň kömekçileri Onuň aýak astyna düşýär.
14 Onsoň men Oňa nädip jogap berip bileýin, Jedelleşmäge sözleri nireden tapaýyn?
15 Bigünä bolsam-da, Oňa jogap berip bilmerin, Hökümdaryma rehim et diýip ýalbararyn.
16 Çagyranymda, maňa jogap berenem bolsa, Onuň meni diňlejekdigine ynam etmeýän.
17 Ol başyma harasat inderýär, Nähak ýere ýaralarymy artdyrýar Ol.
18 Maňa dem almaga salym bermeýär, Ol kalbymy hasratdan doldurýar.
19 Güýç synalsa, elbetde, Ol güýçli çykar! Sorag adalatlylyk hakda bolsa, kim Hudaýa höküm edip biler?
20 Bigünä bolsam-da, öz dilim maňa höküm eder, Akýürekli bolsam-da, ol meni nähak çykarar.
21 Men akýürekli, ýöne parhy ýok maňa, Men öz durmuşymy ýigrenýärin.
22 Barybir, şonuň üçinem „Ol akýüreklini-de, pisi-de ýok edýär“ diýýän.
23 Betbagtçylyk duýdansyz ölüm getirende, Ol bigünäleriň başyndan inen bela gülýär.
24 Dünýä pisleriň eline berlendir, Dünýä häkimleriniň gözlerini baglaýan Oldur. Eger Ol bolmasa, onda kim?
25 Günlerim çapardan çalasyndyr, Ýagşylyk görmezden çalt geçip barýar.
26 Gyzyl gaýygy deýin, Awuna okdurylýan bürgüt deý gaýyp barýar.
27 „Arzymy unudaýyn, Ýüzümi ýagtyldyp, şat bolaýyn“ diýsem,
28 Ähli muşakgatlyklarymdan eýmenýän, Çünki Seniň meni bigünä saýmajagyňy bilýän.
29 Barybir höküm edilerin, Näme üçin ýöne ýere jan edýän?
30 Gar suwuna ýuwnup, Ellerimi aşgar bilen tämizlesem-de,
31 Sen meni laý çukura taşlarsyň, Hatda öz eşiklerime ýigrenji görnerin.
32 Çünki Oňa jogap bererim ýaly, Kaza bile giderimiz ýaly, Ol ynsan däl ahyryn!
33 Wah, ikimizi-de diňläp, Elini üstümize goýar ýaly, Aramyzda bir araçy bolsady!
34 Hasasyny depämden aýyrsady Hudaý, Üstümden howp abandyrmasady!
35 Şonda men gorkman geplärdim, Bu halda welin, hiç zat edip bilmeýärin».




Chapter 10

1 «Durmuşymy ýigrenýärin, Erkinlik bilen arz ederin, Ajy hasratdan geplärin.
2 Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, Meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.
3 Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek, Pisleriň dildüwşügini goldamak Saňa gowumy?
4 Sende ynsan gözleri barmy? Ynsanyň görşi dek görýäňmi?
5 Günleriň ynsanyň günleri ýaly däldir, Ynsanyň ýyllary ýaly däldir ýyllaryň,
6 Şonda-da etmiş agtarýarsyň, Günä gözleýärsiň menden.
7 Ýazyksyzdygymy, Eliňden hiç kimiň halas etmejekdigini bilýäň.
8 Elleriň maňa biçim berdi, meni ýaratdy, Indi bolsa meni heläk etmekçi bolýaň.
9 Ýadyňa sal! Sen meni toprakdan ýaratdyň, Indi ýene-de topraga öwürjekmi meni?
10 Meni süýt kimin dökmänmidiň? Peýnir kimin gataltmanmydyň?
11 Meni süňkler we siňirler bilen birleşdirdiň, Et hem deri bilen örtdüň.
12 Maňa ýaşaýyş berdiň, merhemet etdiň, Aladaň janymy gorap saklady.
13 Emma bulary ýüregiňde gizlediň, Hyýalyňda şeýle zatlaryň bardygyny bilýärin.
14 Günä etsem, göz astyňda saklaýarsyň, Etmişimi jezasyz goýmaýarsyň.
15 Günäli bolsam, dat günüme! Bigünä bolsam-da, başymy ýerden galdyryp bilemok, Çünki uýada galan men, agyrdyr derdim.
16 Şir kimin topulýaň galdyrsam başym, Gudratlaryňy maňa garşy ulanýarsyň.
17 Täzeden maňa hüjüm edýärsiň, Maňa bolan gahar-gazabyň möwç alýar, Garşyma goşun üstüne goşun getirýäň.
18 Näme üçin meni ýagty ýalança inderdiň? Wah, hiç kim görmänkä ölen bolsadym.
19 Dünýä inmedik ýaly bolup, Göwreden göni gabra gitsem boljak eken.
20 Günlerim gysgadyr, Meni öz günüme goý! 21–22 Garaňky, tüm garaňky dünýä, Zulmatdan, tümlükden doly dünýä Ýagtylygy garaňkylyk ýaly bolan diýara gitmezimden öň, Goý, biraz ynjalyk tapaýyn özüme».




Chapter 11

1 Nagamly Sopar şeýle diýdi:
2 «Köp söze jogap berilmesinmi? Ýaňrany sözleri aklasynmy?
3 Ýaňralygyň beýlekileri dymdyrar öýdýäňmi? Masgaralanyňda, özüňem utandyrylmazmykaň?
4 Çünki sen: „Taglymatym sapdyr, Men Hudaýyň nazarynda päkdirin“ diýýäň.
5 Wah, Hudaý geplesedi, Saňa garşy dil ýarsady.
6 Ol saňa paýhasyň syrlaryny düşündirsedi! Çünki paýhas köptaraplydyr. Sen bilgin, Hudaý etmişleriňiň käsini unutdy.
7 Hudaýyň syrlaryna akyl ýetirip bilermiň? Gudratygüýçliniň aňry çägine ýetip bilermiň?
8 Olar gökdenem beýikdir, sen näme edip bilýäň? Ölüler dünýäsindenem çuňdur, sen näme bilýäň?
9 Olaryň ölçegi älemden uzyn, Deňizden giňdir.
10 Eger Ol gelip, seni zyndana atsa, Höküm etmek üçin çagyrsa, kim Ony saklap biler?
11 Çünki Ol ýalançylary bilýändir, Ol pisligi görübem, oňa üns bermezmi?
12 Gulandan ynsanyň dogulmaýşy ýaly, Akmagyň-da akyly goýalmaz.
13 Ýüregiňi Oňa bagyşlap, Elleriňi Hudaýa tarap uzatsaň,
14 Pis işleriňi bes etseň, Çadyryňda etmişe orun bermeseň,
15 Şonda sen uýatly başyňy galdyrarsyň, Berk durarsyň, gorkmarsyň.
16 Muşakgatyňy unudarsyň, Akyp giden suwlar dek ýatlarsyň ony.
17 Günorta çagyndanam ýagty bolar ömrüň, Säher deý bolar garaňkylygyň.
18 Umytlydygyň üçin arkaýyn bolarsyň, Goralarsyň, howpsuzlykda dynç alarsyň.
19 Ýatanyňda seni gorkuzan bolmaz, Köpler saňa ýaranjaňlyk ederler.
20 Emma pisler umytdan el üzerler, Gaçara ýerleri bolmaz olaryň, Umyt uçgunlary söner».




Chapter 12

1 Eýýup şeýle diýdi:
2 «Siz bar zady bilýänsiňiz, Siz ölende, paýhas-da siz bilen öler!
3 Meniň-de akylym siziňki ýaly, Men-de sizden kem däldirin, Bu zatlary bilmeýän barmy?
4 Öz dostlaryma gülki boldum! Hudaýy çagyrdym, Ol-da maňa jogap berdi, Dogruçyl, päk bolsam-da, men ile gülki!
5 Dertsizler betbagtlaryň üstünden gülýärler, Büdreýänleri itip göýberýärler.
6 Garakçylaryň çadyrlary asuda, Hudaýy gazaplandyrýanlar howpsuz, Olaryň güýji ýeke-täk hudaýydyr.
7 Haýwanlardan sora, olar saňa öwrederler, Gökdäki guşlardan sora, olar saňa aýdyp bererler.
8 Ýerden sora, saňa öwreder ol, Deňziň balyklary saňa aýdyp bererler.
9 Muny Rebbiň eliniň edendigini Bularyň haýsysy bilýän däldir?
10 Her bir jandaryň jany, Bütin adamzadyň demi Onuň elindedir.
11 Agzyň tagamy dadyşy deý, Gulagam sözleri seljermezmi?
12 Paýhas garrylarda, Düşünje uzak ömürdedir.
13 Paýhasam, gudratam Hudaýdadyr, Öwüt-de, danalyk-da Onuňkydyr.
14 Hudaýyň ýykanyny hiç kim dikeldip bilmez, Onuň gabanyny hiç kim boşadyp bilmez.
15 Hudaý suwlary togtatsa, bar zat guraýar, Iberse-de, dünýäni sil alýar.
16 Gudratam, paýhasam Onuňkydyr, Aldan-da, aldanan-da Onuňkydyr.
17 Ol hökümdarlary kemsidip, Kazylary akmaklara öwürýär.
18 Ol şalaryň guşagyny gowşadyp, Billerine ýüp baglaýar.
19 Ruhanylary kemsidip, Güýçlileri agdarýar.
20 Ynamly maslahatçylary dymdyryp, Ýaşululary akylyndan mahrum edýär.
21 Şazadalary ile ryswa edýär Ol, Güýçlileri ýaragsyzlandyrýar.
22 Garaňkylyk jümmüşiniň syrlaryny açýar, Tüm garaňkylygy ýagtylyga öwürýär.
23 Milletleri beýgeldip, yzysüre ýok edýär, Milletleri artdyryp, olary sürgün edýär.
24 Baştutanlary akylyndan azaşdyryp, Ýolsuz çölde ykdyrýan-da Oldur.
25 Olar garaňkyda yşyksyz sermeleşip ýörýärler, Olary serhoş kimin entiredýär».




Chapter 13

1 «Bularyň baryny gözlerim gördi, Gulagym eşidip düşündim.
2 Siziň bilýäniňizi men-de bilýärin, Men sizden kem däldirin.
3 Emma men Gudratygüýçli bilen gepleşip, Dawamy Hudaý bilen etmek isleýän.
4 Siz bolsa ýaramy ýalan sözler bilen bejerýäňiz, Baryňyz dereksiz lukmanlardyrsyňyz.
5 Wah, siz bütinleý dymsadyňyz! Ana, şonda siz paýhasly bolardyňyz!
6 Diňläň meniň delillerimi, Gulak goýuň, meniň çekişmelerime!
7 Hudaýyň adyndan nähak sözleri sözlejekmi? Hileli sözler aýtjakmy Onuň adyna?
8 Sizmi Hudaýyň tarapyny tutjak? Onuň üçin dawa etjek?
9 Hudaý sizi synasa, synagdan geçermikäňiz? Ynsanyň ynsany aldaýşy ýaly, Ony-da aldap bilermikäňiz?
10 Hudaýyň tarapyny gizlin tutsaňyz, Ol sizi hökman jezalandyrar.
11 Onuň şan-şöhraty sizi eýmendirip, Gorkusy üstüňize abanmazmy?
12 Nakyllaryňyz kül deý dereksizdir, Delilleriňiz hiç bir esassyzdyr.
13 Indi siz dymyň-da, maňa geplemäge gezek beriň, Men başa gelenini göreýin.
14 Tenimi dişim bilen tike-tike edip, Janymy öz elimde goýaýyn.
15 Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin.
16 Ine, şu meniň gutulyşym bolar, Çünki hudaýsyzlar Onuň huzuryna baryp bilmez.
17 Sözlerime dykgat bilen gulak goýuň, Aýdýanlarym gulagyňyzda galsyn.
18 Men dawamy taýýarladym, Aklanjagymy bilýärin.
19 Kim meniň bilen jedel etjek? Şondan soň lal-jim bolup ölerdim.
20 Ýa, Hudaý, meniň iki islegimi ýerine ýetiräý, Şonda men Senden gizlenmerin:
21 Menden eliňi çek, Meni Öz howpuňdan azat et.
22 Onsoň meni çagyr, men-de jogap bereýin, Ýa-da men gepläýin, Sen maňa jogap ber.
23 Etmişlerim, günälerim köpmüdir? Maňa ýazygymy, günämi görkez.
24 Näme üçin menden ýüzüňi gizläp, Meni Özüňe duşman saýýarsyň?
25 Ýeliň gaçyran ýapragyny eýmendirjekmi? Gury samany kowalajakmy?
26 Maňa garşy ajy aýyplamalar ýazýarsyň, Ýaşlykdaky etmişlerimi miras berýärsiň.
27 Aýaklaryma künde urýarsyň, Her bir ädimimi garawullap, Aýak yzlaryma çenli barlaýarsyň.
28 Ynsan bir çüýrän zat, Güýe degen eşik kimin dargaýar».




Chapter 14

1 «Aýaldan doglan ynsanyň ömri gysga, Derdi köp bolýandyr.
2 Ol gül kimin açylýar, solýar, Kölege kimin ýitýär, yz galmaýar.
3 Meniň ýala dagam göz dikýäňmi Sen? Höküm etmek üçin meni huzuryňa getirýäňmi?
4 Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim!
5 Ynsanyň güni sanalgydyr, Aýlarynyň sany kesgitlenendir, Olar Seniň bellän çäkleriňden geçip bilmeýärler.
6 Olardan gözüňi aýyr, öz günlerine goý, Iş gününi soňlan işçi dek Dynç alsynlar.
7 Hatda agaja-da umyt bardyr, Ol çapylsa, ýene gögerer, Pudaklary egsilmez.
8 Köki ýerde garrap, Töňňesi toprakda gurap gitse-de,
9 Suw ysyny alan badyna ösüntgi çykaryp, Ýaş agaç kimin şahalaýar.
10 Emma ynsan ölüp, ýok bolýar, Adamzat jan berip, ýitirim bolýar.
11 Köl suwlarynyň guraýşy, Derýanyň gurap, çöle dönüşi kimin,
12 Ynsan hem ýatýar-da, gaýdyp turmaýar, Gökler ýok bolýança, adamlar oýanmazlar, Ukularyndan turuzylmaz.
13 Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň, Gazabyň ýatyşýança, meni ýaşyrsadyň, Maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň!
14 Ynsan öler-de, dirilermi? Men tä azat edilýänçäm, Azaply gullugymyň ähli günlerinde garaşaryn.
15 Sen çagyrarsyň, men-de jogap bererin. Öz eliňiň ýaradanyny küýsärsiň.
16 Şonda Sen ädimlerimi sanarsyň, Ýöne günämi yzarlamagyňy bes edersiň.
17 Ýazygym torba salnyp möhürlener, Etmişimiň üstüni örtersiň.
18 Dag opurylyp, weýran bolýar, Gaýa ýerinden goparylýar;
19 Suwlar daşlaryň ýüzüni ýalmaýar, Siller ýeriň topragyny syryp äkidýär, Sen hem ynsanlaryň umydyny şeýle ýok edýärsiň.
20 Ynsanlardan hemişelik üstün çykýaň, Olar ýok bolýarlar, Ýüzüni üýtgedip, gaýry ýere ýollaýaň.
21 Ogullary hormata eýe bolýarlar, olar mundan habarsyz, Masgaralanýarlar, olar muny bilmeýärler.
22 Olar diňe öz bedenleriniň agyrysyny duýup, Diňe özleri üçin ýas tutýarlar».




Chapter 15

1 Onsoň teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
2 «Akylly adam boş sözler bilen jogap berermi? Özüni gündogar şemalyndan doldurarmy?
3 Ol biderek gep bilen, Dereksiz sözler bilen dawa-jenjel turzarmy?
4 Hudaýdan heder etmegi aradan aýyrýarsyň, Hudaý barada oýlanmaga päsgel berýärsiň.
5 Etmişiň gepiňe täsir edýär, Hilegäriň dilinde gürleýärsiň.
6 Seni ýazgarýan men däl, öz agzyň, Dodaklaryň saňa garşy şaýatlyk edýär.
7 Ilki doglan ynsan senmisiň? Daglardan öň ýaradyldyňmy?
8 Hudaýyň mejlisini diňlediňmi? Ýeke-täk dana adamdyryn öýdýäňmi?
9 Biziň bilmeýän haýsy zadymyzy bilýärsiň? Biziň düşünmeýän haýsy zadymyza düşünýärsiň?
10 Bizde çal saçly-da, gojalar-da bardyr, Olaryň ýaşlary seň kakaňkydan-da uludyr.
11 Hudaýyň saňa berýän tesellileri kemlik edýärmi? Hoşamaý söz ýeterlik dälmi ýa saňa?
12 Ýüregiň nämä möwç alýar? Gözleriňden näme üçin ot syçraýar?
13 Näme üçin Hudaýa gazaplanyp, Agzyňdan beýle sözleri çykarýarsyň?
14 Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Hatyndan doglan dogry bolup bilermi?
15 Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär, Gökler Onuň nazarynda tämiz däldir.
16 Etmişi suw kimin içýän, Ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.
17 Diňle meni, saňa düşündireýin, Görenimi beýan edeýin,
18 Akyldarlaryň aýdanlaryny, Ata-babalarynyň gizlemedik pähimlerini.
19 (Ýurt diňe aralarynda gelmişek bolmadyk Ata-babalara berlendi).
20 Pisler bütin ömrüne ejir çekýändirler, Zalymlara berlen ýyllar sanalgydyr.
21 Elhenç sesler olaryň gulagyndan gitmez, Asudalykdaka olaryň üstüne talaňçy döküler.
22 Garaňkylykdan gutuljagyna ynam ýokdur olarda, Olaryň takdyry gylyçdyr.
23 „Niredekä?“ diýip, bir döwüm nan üçin sergezdanlyk edýärlar, Garaňkylyk gününiň ýakyndygyny bilýärler.
24 Alada we horluk olary gorkuzýar, Söweşe taýynlanan şa kimin olara hüjüm edýär.
25 Çünki pisler Hudaýa garşy el göter, Gudratygüýçlä garşy çykýar.
26 Boýnuýogynlyk edip, galyň, ýumry galkany alyp, Hudaýyň üstüne topulýarlar olar.
27 Ýüzlerinden ýag damyp, Billerini ýag alsa-da,
28 Weýran edilen şäherlerde, Harabaçylyga öwrülen, Oturylmaýan, adamsyz öýlerde ýaşarlar.
29 Hiç haçan baýamazlar, baýlyklary uzaga çekmez, Mal-mülkleri ýer ýüzüne ýaýramaz.
30 Garaňkylykdan gaçyp bilmezler, Pudaklaryny ýalyn ýok eden agaç kimin bolarlar, Hudaýyň demine ýok bolarlar.
31 Boşluga bil baglap, özlerini aldatmasynlar, Çünki boşluk olaryň muzdy bolar.
32 Wagtyndan öň işi gaýdar, Pudaklary gögermez.
33 Gök üzümleri dökülen üzüm agajy, Gülleri dökülen zeýtun agajy ýalydyr olar.
34 Çünki hudaýsyzlaryň jemagaty gysyr galar, Parahorlaryň-da çadyrlaryny ot alar.
35 Olar hasratdan hamyla bolup, pislik dogurýarlar, Içleri hem hileden doludyr».




Chapter 16

1 Eýýup şeýle diýdi:
2 «Men bular ýaly zatlary köp eşitdim. Siziň baryňyz dereksiz teselli berijiler!
3 Boş sözleriňiz haçan gutarjak? Sizi dawalaşmaga mejbur edýän zat näme?
4 Siz meniň ýerime bolan bolsadyňyz, Menem siziň ýaly gepläp bilerdim. Size garşy akgynly sözläp, Başymy ýaýkardym.
5 Sizi öz sözlerim bilen ruhlandyrardym, Köşeşdiriji sözlerim derdiňizi ýeňlederdi.
6 Geplesem-de derdim ýeňlemeýär, Dymanym bilen janym aram tapmaýar.
7 Ýa, Hudaý, Sen meni halys tapdan düşürdiň, Bütin hojalygymy weýran etdiň.
8 Gurpsuzlygym muňa şaýatlyk edýär, Mejalsyzlygym garşyma güwälik edýär.
9 Hudaý maňa ýigrenç bilen seredip, gaharyna meni parçalaýar, Ol maňa dişlerini gyjaýar, Duşmanymyň gözleri içimden geçýär.
10 Adamlar maňa agyzlaryny öweldip, Meni masgaralap, ýaňagyma urýarlar, Garşyma dil birikdirýärler.
11 Hudaý meni näletkerdeleriň, Pisleriň eline berdi.
12 Rahatlykda ýaşaýardym, emma Hudaý meni sarsdyrdy, Boýnumdan tutup, bölek-bölek etdi, Meni Özüne nyşana edindi.
13 Onuň kemançylary daşymy gurşaýar, Rehimsizlik bilen böwrümi deşýär, Ödümi ýere dökýär.
14 Bedenimi dilim-dilim edýär, Urşujy kimin üstüme topulýar.
15 Egnime jul tikindim, Başymy toza sokdum.
16 Aglamakdan ýaňa ýüzüm gyzarýar, Gözümi tüm garaňkylyk örtýär.
17 Ýöne men jenaýat etmedim, Dilegim-de päkdir.
18 Eý, toprak, ganymyň üstüni örtme, Perýadym asla diňmesin.
19 Ine, şu pursat şaýadym gökde, Hemaýatkärim ýokarda.
20 Dostlarym meni masgaralaýarlar, Hudaýa göz-ýaş edýän.
21 Adamzat ogly bilen goňşusynyň arasynda bolşy ýaly, Ynsan bilen Hudaýyň arasynda-da bir töwellaçy bolsady!
22 Barsa-gelmeze giderin Birnäçe ýyldan».




Chapter 17

1 «Ruhum syndy, günlerim tamam, Maňa gabyr garaşýar.
2 Daş-töweregim ýaňsylaýjylardan doly, Gözüm olaryň duşmançylygyny görýär.
3 Özüň maňa kepillik bergin, Senden başga maňa kim kepil boljak?
4 Olaryň aňyny düşünjeden gizlediň, Şonuň üçin olary beýgeltmersiň.
5 Para üçin dostlaryny satýanlaryň Çagalarynyň gözleri kör bolar.
6 Hudaý meni ile gep etdi, Olar ýüzüme tüýkürýärler.
7 Gaýgydan ýaňa gözüm küteldi, On iki synam çöpe döndi.
8 Dogruçyl adam derdime aňk bolýar, Bigünä-de hudaýsyza garşy gazap atyna atlanýar.
9 Dogruçyllar öz ýollaryny tutarlar, Eli tämizleriň güýji artar.
10 Emma hemmäňiz gaýdyp gelseňiz-de, Araňyzdan akylly adam tapmaryn.
11 Günlerim tamam, Niýetlerim, ýürek arzuwlarym-da puja çykdy.
12 Olar gijäni gündiz edýärler, „Ýagtylyk garaňkylyga ýakyn“ diýýärler.
13 Ölüler dünýäsini öýüm dek küýsesem, Düşegimi garaňkylykda ýazsam,
14 Gabyra: „Sen atamsyň“, Gurda: „Sen enemsiň, uýamsyň“ diýen bolsam,
15 Onda umydym hany? Umydymy görjek kim?
16 Umyt meniň bilen ölüler dünýäsine iner öýdýäňmi? Meniň bilen bile göre girermi?»




Chapter 18

1 Onsoň şuwaly Bildat şeýle diýdi:
2 «Ne zaman gutarjak sözüňi? Oňatja pikirlen, onsoň gepleşeris,
3 Biz näme üçin haýwan saýylýarys, Näme üçin akmak görünýäris gözüňe?
4 Gaharyňa öz janyňa zor salýarsyň, Sen diýip dünýä terk edilsinmi? Gaýalar süýşsünmi?
5 Pisleriň yşygy sönýär, Ot ýalynlary parlamaýar.
6 Çadyryndaky nur garaňkylyga öwrülýär, Depelerindäki çyrasy sönýär.
7 Gadamlarynyň bady gowşaýar, Öz işleri ýykýar olary.
8 Öz aýaklary bilen tora düşýärler, Özleri garyma ýykylýarlar.
9 Aýagy gapana düşýär, Olary duzak gapjaýar.
10 Olar üçin ýere syrtmak çekilýär, Ýollaryna duzak gurulýar.
11 Çar tarapdan howp abanýar olara, Howp olaryň söbügine düşýär.
12 Güýç-kuwwat galmaz açlykdan ýaňa, Ýanlaryndan betbagtçylyk aýrylmaz.
13 Derilerini dert iýýär, Ölüm buşlukçysy el-aýaklaryny ýuwudýar.
14 Ynam eden çadyryndan alnyp gidilip, Howplar şasynyň ýanyna getirilýär.
15 Çadyrlarynda hiç zat galmaz, Ýurtlaryna kükürt ýagdyrylar.
16 Kökleri guraýar aşakda, Şahalary solýar ýokarda.
17 Ýer ýüzünde olaryň atlary unudylar, Köçelerde atlary ýatlanmaz.
18 Ýagtylykdan garaňkylyga itilip, Dünýäden kowlarlar.
19 Halkynyň arasynda ne zürýady, ne-de nebereleri bolar, Mesgeninde yzynda galan bolmaz.
20 Öňki nesiller olaryň takdyryna haýran galarlar, Howp gurşaýar soňky nesilleri.
21 Şeýle bolýandyr erbediň kysmaty, Hudaýy tanamaýanyň mesgeni şudur».




Chapter 19

1 Eýýup şeýle diýdi:
2 «Haçana deňeç meni gynap, Sözleriňiz bilen pagyş-para etjek?
3 On mertebe göwnüme degdiňiz, Utanaňyzokmy şeýle ezýet bermäge?
4 Dogrudanam, hata iş eden bolsam, Hatam öz boýnuma.
5 Özüňizi öňümde ýokary tutup, Aýybymy ýüzüme ursaňyz,
6 Şuny bilip goýuň, Hudaý meni nähak saýdy, Ol daşyma Öz toruny çekdi.
7 Hatda: „Bu – zorluk“ diýip perýat edýärin, emma jogap berýän ýok, Medet diläp ýalbarýaryn, emma adalat ýok.
8 Ýoluma germew çekdi, geçip bilemok, Ýodalarymy garaňkyratdy.
9 Meni at-abraýdan düşürip, Başymdan täjimi aldy.
10 Meni çar tarapdan gysyp-gowurdy, sandan galdym, Umydymy agaç deýin köki bilen sogurdy.
11 Ol maňa gazaplanýar, Meni Özüne duşman saýýar.
12 Leşgerleri üstüme hüjüm edýärler, Maňa garşy ýapgyt galdyrýarlar, Çadyrymyň töwereginde düşelge gurýarlar.
13 Garyndaşlarymy menden daşlaşdyrdy, Tanyşlarym maňa ýat boldular.
14 Ýakyn garyndaşlarym meni ret etdiler, Dostlarym meni unutdylar.
15 Saçagymdan duz iýenler hem unutdylar meni, Hatda öz gyrnaklarym-da meni ýat saýýarlar, Olaryň gözüne men bir keseki.
16 Hyzmatkärimi çagyrýan, ýöne jogap ýok, Ýalbar-ýakar etmeli bolýan özüm.
17 Demim aýalymda ýigrenç döredýär, Öz maşgalam meni ýigrenýär.
18 Ýaş çagalar-da meni kemsidýärler, Aýaga galanymda, meni ýaňsylaýarlar.
19 Içgin dostlarym meni ýigrenýärler, Eý görenlerim menden ýüz öwürdiler.
20 Diňe ham bilen süňke öwrüldim, Ölümiň bäri ýanynda durun men.
21 Maňa rehim ediň, eý, dostlarym, rehim ediň, maňa! Çünki Hudaý maňa el urdy.
22 Näme üçin sizem Hudaý ýaly meni yzarlaýarsyňyz, Näme meniň tenimden doýmaýarsyňyzmy?
23 Wah, meniň sözlerim ýazylsady! Wah, olar kitaba ýazylsady!
24 Wah, sözlerim demir galam we gurşun bilen Gaýanyň ýüzüne ebedilik oýulyp ýazylsady!
25 Çünki men Penakärimiň diridigini, Ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.
26 Hamym çüýränden soňam tenimde Hudaýy görerin.
27 Hudaýy keseki gözi bilen däl-de, Öz gözlerim bilen görerin, Ýüregim üzülip barýar.
28 „Biz ony nähili yzarlarys? Belanyň körügi Eýýupdyr“ diýseňiz,
29 Siz gylyçdan heder ediň, Çünki gazap gylyç jezasyny getirýär, Şonda hökümiň bardygyny bilersiňiz».




Chapter 20

1 Onsoň nagamly Sopar şeýle diýdi:
2 «Gulak goý! Pikirlerim jogap bermäge mejbur edýär, Mundan artyk saklanyp bilmerin.
3 Sözleriň bilen meni kemsidýäň, Düşünjäm saňa jogap berdirýär.
4 Owaldan bäri, Ynsanyň dünýä gelşinden bäri bilmeýärmidiň muny?
5 Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, Hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.
6 Hatda olaryň boýy göklere ýetip, Başlary bulutlara degse-de,
7 Pisler öz nejasaty kimin baky ýok bolarlar, Olary tanaýanlar: „Olar nirede?“ diýerler.
8 Düýş kimin uçup giderler, Gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar.
9 Bir gören göz gaýdyp görmez olary, Mekany-da olary ikilenç görmez.
10 Ogullary pukaralaryň öňlerinde özlerini kiçelderler, Elleri bilen olaryň baýlygyny yzyna gaýtararlar.
11 Bedenleri ýaşlyk gujuryndan doly hem bolsa, Olar bilen toprak astynda ýatarlar.
12 Hatda pislik agza datly görnüp, Ony diliniň astynda gizleseler-de,
13 Pisligi saklap, goýbermän, Agyzlarynda saklasalar-da,
14 Iýenleri aşgazanynda turşar, Içlerinde ýylanyň zäherine döner.
15 Baýlygy ýuwdup, ýene gusýarlar ony, Hudaý ony içlerinden çykarýar.
16 Ýylanlaryň zäherini sorarlar, Alahöwreniň dişi olary öldürer.
17 Akar suwlaryň, Baldyr gaýmak akýan dereleriň hözirini görmezler.
18 Gazananlaryny iýmän, yzyna gaýtararlar, Eden söwda-satlygyndan haýyr görmezler.
19 Çünki pukaralary ezip, olardan ýüz öwürdiler, Öz gurmadyk öýlerini eýelediler.
20 Açgözlükden kalplary rahatlyk tapmaz, Arzyly zatlary olary halas etmezler.
21 Iýenlerinden artany bolmady, Munuň üçin rowaçlyklary uzaga çekmez.
22 Bollukda azap çekerler, Depelerinden muşakgat iner.
23 Garynlaryny doýranlarynda, Hudaý lowlaýan gazabyny üstlerine döker, Gazabyny başlaryndan iýmit kimin ýagdyrar.
24 Demir ýaragdan gaçyp gutulsalar, Bürünç ýaý içlerinden parran geçer.
25 Ok içlerinden böwsüp geçer, Ýalpyldaýan ujy böwürlerinden çykar, Üstlerine howp abanar.
26 Tüm garaňkylykda hazynalary ýok bolýar, Üflenmedik ot olary ýuwdar, Çadyrlarynda galanlaryny ýakyp ýok eder.
27 Gökler şaýatlyk eder etmişlerine, Bütin älem-jahan olara garşy çykar.
28 Hudaýyň gazap güni Öýleri emlägi bilen süpürilip äkidiler.
29 Ine, şudur pisleriň Hudaýdan aljak paýy, Hudaýyň olara beren mirasy».




Chapter 21

1 Eýýup şeýle diýdi:
2 «Dykgat bilen gulak goýuň sözüme, Goý, bu siziň maňa berjek teselliňiz bolsun.
3 Gezek beriň, men gepläýin, Sözümi gutaranymdan soň masgaralaň.
4 Ynsana arz-şikaýat edýänmi men? Neneň janym ýanmasyn?
5 Halyma seredip, akylyňyz çaşsyn, Eliňizi agzyňyza tutuň.
6 Derdimi ýada salanymda, galagoplanýaryn, Süňňüme galpyldy aralaşýar.
7 Näme üçin pisler ýaşaýarlar, Gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar?
8 Perzentleri ýanlarynda, Zürýatlary gözleriniň alnynda.
9 Öýlerinde howpsuzlykda, gorkusyz ýaşaýarlar, Hudaý-da olara jeza bermeýär.
10 Öküzleri kemsiz örňeýär, Sygyrlary guzlar, göle düşürmez.
11 Çagalaryny süri kimin ýola salýarlar, Oglanlary tans edişýärler.
12 Deprek, barbat bilen aýdym aýdyşyp, Şatlanýarlar olar tüýdük sesine.
13 Ömürlerini hoşwagtlykda geçirip, Ölüler dünýäsine asudalykda girýärler.
14 Pisler Hudaýa şeýle diýýärler: „Bizi öz günümize goý! Çünki biz Seniň ýoluňy öwrenmek islemeýäris.
15 Gudratygüýçli kim bolupdyr Oňa sežde ederimiz ýaly? Oňa dileg edip, görýän haýrymyz näme?“
16 Rowaçlygy öz ellerinde dälmi näme? Pisleriň nesihaty menden uzakda bolsun!
17 Pisleriň çyrasy näçe gezek öçdi? Başlaryna üznüksiz betbagtçylyk abananyny gördüňmi? Hudaý gazabyna olary görgä duçar edýärmi?
18 Haçan olar ýele sowrulýan saman ýaly, Tüweleý öňündäki saman çöpi ýaly boldular?
19 Siz: „Hudaý atalarynyň jezasyny çagalaryna çekdirýär“ diýýäňiz. Goý, atalaryň muny bileri ýaly, Hudaý olara almytyny bersin.
20 Atalar heläkçiligini öz gözleri bilen görsünler, Olar Gudratygüýçliniň gazabyndan içsinler.
21 Çünki bu dünýäden ötensoňlar, Yzlarynda galan hojalygyndan näme gaýgysy bolsun?
22 Gökdäkilere höküm edýän Hudaýa akyl berip biljek barmydyr?
23 Biri sagatka ölýär, Büs-bütin rahat we gaýgysyz.
24 Eti-gany ýerinde bolup, Süňkleri ýilikden doludyr.
25 Beýleki biri dert çekip, Gowulyga gözi düşmän ölýär.
26 Olar toprak astynda bile ýatýarlar, Üstlerini gurtlar basýar.
27 Bilýän men siziň pikirleriňizi, Garşyma edýän dildüwşükleriňizi.
28 Çünki siz: „Asylzadaň öýi nirede? Pisleriň çadyry nirede?“ diýýäňiz.
29 Ýolagçylardan soramadyňyzmy? Şaýatlyklaryna gulak asmadyňyzmy?
30 Pisler peläket güni aman galýarlar, Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar.
31 Pisleriň hereketlerini kim ýüzlerine basjak? Etmişlerine görä kim olara jeza berjek?
32 Olar gabra getirilende, Mazarlarynyň başynda sakçy goýulýar.
33 Jaýlanan topragy olara ýakymlydyr, Hemmeler olaryň yzyna düşerler, Olaryň öňünden gidenler san-sajaksyzdyr.
34 Siz boş sözleriňiz bilen maňa näme teselli berjek? Bar diýýän zatlaryňyz galpdyr».




Chapter 22

1 Teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
2 «Ynsan Hudaýa ýaramly bolup bilermi? Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi?
3 Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar? Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar?
4 Hudaýyň seni jezalandyrmasy, höküm etmesi Ondan gorkýandygyň üçinmi?
5 Pisligiň ummasyz, Etmişleriň tükeniksiz dälmi?
6 Çünki öz doganyňdan nähak girew aldyň, Eşiklerine çenli sypyryp, olary ýalaňaç goýduň.
7 Ýadawa içmäge suw bermediň, Açdan çöregiňi gysgandyň.
8 Ine, güýçliler ülkä eýe bolýandyr, Hormatlanýan onda ýaşaýandyr.
9 Dul hatynlary yzyna boş goýberdiň, Ýetimleri ezdiň.
10 Munuň üçin daş-töweregiň duzaklar bilen gurşalýar, Duýdansyz gorky seni galagoplyga salýar.
11 Hiç zady görüp bilmeziň ýaly, garaňkylyk seni basýar, Sil gelip, seni gark edýär.
12 Hudaý gökleriň ýokarsynda dälmidir? Ýokardaky ýyldyzlara nazar sal, olar, gör, nähili belentlikde!
13 Şonuň üçin sen: „Hudaý nämäni bilýär? Ol tüm garaňkylyk içinden höküm edip bilýärmi?
14 Bulutlar Oňa tutudyr, Ol görüp bilmez, Ol gök gümmezinde gezýändir“ diýýäň.
15 Pisleriň ýörän Köne ýoluny tutjakmy?
16 Olar wagtyndan öň ýygnaldylar, Düýplerini suw aldy.
17 Olar Hudaýa: „Bizi öz günümize goý! Gudratygüýçli, sen bize näme edip bilersiň?“ diýdiler.
18 Şonda-da Hudaý öýlerini bereket bilen doldurdy, Pisleriň maslahaty menden uzakda bolsun!
19 Dogruçyl adam muny görüp begenýär, Bigünä pisleriň üstünden gülýär.
20 Olar: „Ýagylarymyz ýok edildi, Galan zatlary ýanyp kül boldy“ diýýärler.
21 Hudaý bilen dost bol, rahatlykda bol, Şonda haýyr taparsyň.
22 Gulak goý Onuň agzyndan çykýan öwüt-ündewe, Sözlerini ýüregiňde sakla.
23 Gudratygüýçlä tarap öwrülseň, öňki halyňa gowşarsyň, Etmişi çadyryňdan uzaklaşdyrsaň,
24 Altyny topraga, Opyr tyllasyny jülgedäki daşlaryň arasyna atsaň,
25 Gudratygüýçlini öz altynyň, Gymmat bahaly kümşüň saýsaň,
26 Ine, şonda Gudratygüýçliden göwnühoş bolarsyň, Hudaýa ýüz tutarsyň.
27 Hudaýdan dileg edersiň, Ol hem seni eşider, Sen hudaýýolularyňy berersiň.
28 Ol diýen zadyňy ýerine ýetirer, Ýollaryňa nur çaýylar.
29 Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“ diýýäň, Çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär.
30 Hudaý hatda ýazyklylary-da halas eder, Olar seniň elleriň tämizligi üçin gutularlar».




Chapter 23

1 Eýýup şeýle diýdi:
2 «Bu gün aç-açan arz-şikaýat edýän, Hudaýyň eli ahy-zaryma garamazdan agyr.
3 Wah, Hudaýy nireden tapmalydygyny bir bilsedim! Onuň mesgenine barardym.
4 Arzymy Onuň huzurynda beýan ederdim, Dawalarymy jikme-jik aýan ederdim.
5 Onuň maňa berjek jogabyny bilerdim, Aýtjak zadyna düşünerdim.
6 Ol beýik güýji bilen garşyma çykarmydy? Ýok, Ol maňa gulak asardy.
7 Dogruçyl adam huzurynda Onuň bilen dawalaşyp biler, Men Hökümdarymyň ýanynda hakykat gazanardym.
8 Gündogara gitsem, Hudaý ol ýerde ýok, Günbatara gitsem, Ony tapyp bilmeýärin.
9 Demirgazykda işleýär, Ony gözüm saýgaryp bilenok, Günorta öwrülýär, Ony görüp bilmeýärin.
10 Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, Meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn.
11 Hudaýy ädimme-ädim yzladym, Hudaýyň ýoluny tutup, ondan çykmadym.
12 Beren tabşyryklaryndan dönmedim, Sözlerini kalbymda arzylap sakladym.
13 Hudaý karar çykarýar, kim Oňa garşy çykyp biler? Ol islän zadyny edýär.
14 Ýüregine düwenlerini eder Ol, Olaryň ýene, gör, näçesi Onda bardyr.
15 Şonuň üçin Onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan eýmenýän, Pikir edenimde, Ondan gorkýaryn.
16 Hudaý meniň ýüregimi ejizletdi, Gudratygüýçli meni eýmendirsedi.
17 Garaňkylyk meni ýok etsedi, Ýüzümi zulmat örtsedi».




Chapter 24

1 «Näme üçin Gudratygüýçli höküme wagt bellemeýär? Näme üçin Ony tanaýanlar bu günleri görmeýärler?
2 Adamlar araçäk daşlary süýşürýärler, Sürüleri ogurlaýarlar-da, bakýarlar.
3 Ýetimleriň eşegini ogurlap äkidýärler, Dul hatynyň öküzini girew alýarlar.
4 Mätäçleri ýoldan kowýarlar, Ýurduň garyplary olardan bukulýarlar.
5 Çöldäki gulanlar kimin, Ýoksullaryň hersi bir ýana dagap gidýär, Olar çagalary üçin çölde iýmit gözleýärler.
6 Iýmitlerini kesekileriň ekin meýdanyndan ýygnamaly bolýarlar, Pisleriň üzüm bagyndan galan-gaçanyny ýygýarlar.
7 Gije eşiksiz, ýalaňaç ýatýarlar, Sowukda ýapynmaga ýorganlary ýok.
8 Daglara ýagan çabgadan ezilýärler, Gaýany pena edinip gujaklaýarlar.
9 Süýtden aýrylmadyk ýetim çaga ogurlanýar, Garybyň çagasy girew alynýar.
10 Olar daşarda ýalaňaç enteýärler, Aç garna bugdaý desselerini daşaýarlar.
11 Daşlaryň arasynda ýag üçin zeýtuny ýençýärler, Şerap üçin üzüm sykýarlar, emma özleri teşnedir.
12 Şäherlerden ölüp barýanlaryň iňňildisi eşidilýär, Jany hasratlylar perýat edýärler, Emma şonda-da Hudaý olaryň dileglerine üns bermeýär.
13 Ine, ýagtylyga garşy baş göterýänler bar, Ýagtylygyň ýoluny tanamaz olar, Onuň ýodalaryndan ýöremezler.
14 Garyby, ýoksuly öldürmek üçin, Ganhor alagaraňkylykda oýanýar, Gijesine bolsa ogurlyk edýär.
15 Zyna edýänleriň gözi alagaraňkylykdadyr, Hiç kim görmez öýdýärler, Ýüzlerini büreýärler.
16 Gijesine öý talaýarlar, Gündizine gizlenýärler, Yşygyň nämedigini bilmeýärler.
17 Çünki säher olara tüm garaňkylykdyr, Tüm garaňkylygyň howplaryna öwrenişen olar.
18 Pisler suwuň ýüzündäki köpük kimindir, Olaryň ýer paýy näletlenendir, Hiç kim olaryň üzüm bagyna aýak basmaz.
19 Guraklygyň we yssynyň gar suwlaryny sorup alşy deý, Ölüler dünýäsi-de günäkärleri ýuwudýandyr.
20 Olary ene ýatgysy unudýar, Gurt olary iýip, lezzet alýar, Olar hiç kimiň ýadyna düşmeýärler, Adalatsyzlyk agaç kimin syndyrylýar.
21 Pisler önelgesiz aýala sütem edýärler, Dul hatyna ýagşylyk etmeýärler.
22 Hudaý gudraty bilen güýçlüleri ýere çalýar, Olar beýgelseler-de, ýaşamaga umytlary galmaz.
23 Hudaý olara howpsuzlyk berýär, olar Oňa daýanýarlar, Onuň gözi olaryň ýollaryndadyr.
24 Bir salym göterilip, soňra ýitirim bolýarlar, Başgalar ýaly gurap, ýok bolýarlar, Däne başlary kimin kesilýärlar.
25 Men nähak bolsam, ýalançylygymy kim subut etjek? Kim sözlerimiň dereksizdigini görkezjek?»




Chapter 25

1 Şuwaly Bildat şeýle diýdi:
2 «Hudaý gudratly we haýbatlydyr! Gökde asudalygy berýän Oldur.
3 Goşunyny sanamaga san ýetjekmi? Güni kimiň üstüne dogmaz?
4 Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Aýaldan doglan nädip päk bolup biler?
5 Hatda Hudaýa Aý şugla saçmasa, Ýyldyzlar Oňa öçügsi görünse,
6 Onda ynsan Hudaýyň gözüne gurçukça, Adamzat-da gurtça görner!»




Chapter 26

1 Eýýup şeýle diýdi:
2 «Sen kuwwatsyza nähili ýardam etdiň! Güýçsüze nähili medet berdiň!
3 Akmaga nähili paýhas berdiň, Paýhassyza nähili öwüt berdiň!
4 Bu sözleri saňa öwreden kim? Sen arkaly gepleýän kimiň ruhy?
5 Çuň suwlaryň astyndaky ölüler Öz mekanlarynda titreşýärler.
6 Hudaýyň öňünde ölüler dünýäsi ýalaňaçdyr, Heläkçilik ýeriniň örtügi ýokdur.
7 Hudaý gökleri boşlugyň üstüne ýazýar, Ýeri-de hiç zatdan asýar.
8 Suwlary bulutlaryň içinde saklaýar, Bulutlar olaryň agramyna böwsülmeýär.
9 Tagtynyň ýüzüni büreýär, Üstüni bulut bilen örtýär.
10 Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyna, Suwlaryň ýüzüne serhet çekdi.
11 Gögüň sütünleri sarsýar, Hudaýdan gorkularyna titreşýär.
12 Güýji bilen deňzi togtatdy Ol, Äpet Rahaby ýok etdi paýhasy bilen.
13 Gökler Onuň demi bilen gözel boldy, Aždarhany eli bilen ýok etdi.
14 Ujypsyzja bölegidir bular Onuň ýollarynyň, Ol hakda eşidýänlerimiz, gör, nähili az! Düşünip biljek barmy gudratynyň beýikligine Onuň?»




Chapter 27

1 Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Hakymdan mahrum eden Hudaýyň, Maňa ajy hasrat çekdiren Gudratygüýçliniň adyndan ant içýän,
3 Içimde janym, Burnumda Hudaýyň demi barka,
4 Haky sözlärin diňe, Dilime alman nähak söz.
5 Sizi aklamaryn asla, Tä ölýänçäm, päkligimde galaryn.
6 Dogrulygymy pugta saklaryn, goýbermen, Ömürboýy paş etmez meni wyždanym.
7 Goý, duşmanlarym erbetleriň gününe, Garşydaşlarym pisleriň gününe düşsün!
8 Hudaý hudaýsyzy ýok edip, janyny alansoň, Onda näme umyt bolsun?
9 Üstüne betbagtçylyk abananda, Hudaý onuň perýadyny eşidermi?
10 Gudratygüýçliden hoşal bolarmy ol? Ol her zaman medet dilärmi Hudaýdan?
11 Size Hudaýyň gudratyny, Ýaşyrman aýan ederin Gudratygüýçliniň ýollaryn.
12 Muny öz gözüňiz bilen gördüňiz, Näme üçin beýle boş gürrüň edýäňiz?
13 Şudur Hudaýyň pislere berjek paýy, Gudratygüýçliniň zalymlara berjek mirasy:
14 Näçe köp bolsa-da, ogullary gylyçdan gyrylýarlar, Zürýatlary-da açlykdan.
15 Aman galanlary gyrgyndan ölüp gömlerler, Dul hatynlary ýasyn tutmaz olaryň.
16 Kümşi çäge kimin ýygnap, Geýim baryn toplasalar-da,
17 Dogruçyllar geýer olary, Bigünäler paýlaşarlar ol kümüşleri.
18 Höwürtgeler ýaly, Sakçyň çatmasy ýaly Dikýärler öýlerini.
19 Barly baýlyk bilen uka gidenem bolsa, Gözüni açanda, tapmaz baýlygyn.
20 Olary gorky basýar sil kimin, Gijesine tüweleý uçuryp äkidýär.
21 Sörtük ýeli öz ugruna göterip äkidýär, Olary öz mesgenlerinden süpürip taşlaýar.
22 Gazap bilen üstlerine okdurylýar ýel, Bu gazaply ýelden gaçmaga synanyşýarlar.
23 Ýel olara el çarpyp, Ýerinden sykylyk atýar.»




Chapter 28

1 «Elbetde kümşüň käni, Altynyň eredilýän göweji bardyr.
2 Demir ýerden alynýar, Mis daşdan eredilýär.
3 Ynsan garaňkylygyň soňuna çykýar, Zulmatda mis agtaryp, Tüm garaňkylykda ýeriň aňry çägine ýetýär.
4 Ynsan aýagy degmedik ýerlerde, Ýüplerden aşak sallanyp, Ilatsyz ýerde magdan gazýar.
5 Ýerden çörek önýär, Asty bolsa ot bilen oýuk-oýuk edilýär.
6 Daşlary gök ýakudyň mekany, Topragynda altyn bar.
7 Bu ýodany ýyrtyjy guş bilýän däldir, Oňa algyryň gözi düşmedik asla.
8 Buýsanjaň haýwanlar ol ýere aýak basan däldirler, Arslanyň-da aýagy degen däldir oňa.
9 Magdançylar gaýalary agtaryp, Daglaryň düýbüne çenli gazýarlar.
10 Gaýalaryň içinden tunnel geçirýärler, Gözleri gymmatbaha zatlaryň gözlegindedir.
11 Çeşmeleriň akymyny togtadyp, Gizlin hazynalary ýüze çykarýarlar.
12 Emma paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?
13 Paýhasyň gadyryny bilmeýär ynsan, Tapylgysyzdyr ol bu dünýäde.
14 Çuňluk: „Ol mende ýokdur“ diýýär, Deňiz: „Ol mende däl“ diýýär.
15 Ne sap altyna, ne-de kümşe, Çalşyp bolýar ony.
16 Opyr altyny, gymmatbaha hakyk, Gök ýakut onuň bahasyna ýetmez.
17 Ne altyn, ne-de durun oňa taý geler, Ony sap altyn gaplara çalşyp bolmaz.
18 Merjen bilen dürüň-ä adam agzalmasyn, Paýhasyň bahasy lagyldanam gymmatlydyr.
19 Efiopiýa topragynyň gök ýakudy oňa taý gelmez, Hatda sap altyn bilen hem baha kesip bolmaz.
20 Onda paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?
21 Ähli janly-jandardan gizlenýändir Ol, Gökdäki guşlardan hem ýaşyrylýandyr.
22 Heläkçilik Ýeri we Ölüm: „Diňe paýhasyň myş-myşyny eşitdik“ diýýärler.
23 Paýhasa ýoly Hudaý bilýär, Onuň mekanyny diňe Ol bilýär.
24 Çünki Hudaý ýeriň aňry çägine ser salýar, Gökleriň astyndaky ähli zady görýär.
25 Ýeliň agramyny kesgitläp, Suwlary ölçege görä paýlanda,
26 Ýagyş ýagdyryp, Gök gübürdisine ýol açan wagty,
27 Ol paýhasy görüp, yglan etdi, Ony tassyklady, soňam synady.
28 Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi».




Chapter 29

1 Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Wah, men ýene öňki aýlara dolanyp barsadym! Hudaýyň meni goran günlerindäki ýaly bolsadym!
3 Şol wagtlar Hudaýyň çyrasy depäme nur saçardy, Garaňkylykda Onuň nury bilen ýörärdim.
4 Jahylkam Hudaý maňa ýar bolup, Çadyrymy gorapdy.
5 Şol döwürde Gudratygüýçli meniň bilendi, Çagalarymyňam bary töweregimdedi.
6 Ýollarym süýt bilen ýuwlardy, Gaýadan zeýtun ýagy akardy!
7 Şäher derwezesine baranymda, Meýdançada oturmaga ýerime geçenimde,
8 Ýaşlar meni görüp, ýol bererdiler, Garrylar-da ör turardylar.
9 Han-begler-de gürrüňlerini bes edip, Elleri bilen agyzlaryny tutardylar.
10 Baştutanlardan ses-üýn çykmazdy, Olar meniň öňümde lal-jim bolardylar.
11 Sözümi eşiden meni öwerdi, Gören-de, meni taryplardy.
12 Çünki men haraý islän garyby, Kömege mätäç ýetimi halas ederdim.
13 Ölümiň bäri ýanyndakylaryň alkyşyny alardym, Dul hatynlaryň kalbyna nagmalar bererdim.
14 Dogruçyllygy eşik kimin geýdim, Ol meni örtdi; Adalatym bolsa don we selle kimindi.
15 Körlere gözdüm, Agsaklara-da aýakdym.
16 Garyplara atadym, Ýatlaryň hukuklaryny gorardym.
17 Erbetleriň äňini ýazdyryp, Awuny agyzlaryndan alardym.
18 Men öz ýanymdan şeýle pikir ederdim: „Günlerim çäge kimin köp bolup, Öz öýümde asudalykda ölerin.
19 Köklerim suwlara tarap ýaýrap, Şahalaryma bütin gije çyg düşýär.
20 At-abraýym könelmez, Ýaýym elimde bolar elmydam“.
21 Hemmeler sözlerime sabyrly gulak goýup, Maslahatymy ses-üýnsüz diňlärdiler.
22 Sözümi soňlanymdan soň, meniň bilen dawalaşýan bolmazdy, Sözlerim ýagyş damjalary kimin ýakymlydy olara.
23 Ýagşa garaşyşlary ýaly maňa garaşardylar, Sözlerimi ýaz ýagşy deý içerdiler.
24 Ýylgyryp bakanymda, gözlerine ynanmazdylar, Nurana ýüzümden ruhlanardylar.
25 Olara baş bolup, ýol görkezýän mendim, Leşgerleriň arasyndaky şa kimin, Ýas tutýanlara göwünlik berýän adam ýaly ýaşardym».




Chapter 30

1 «Emma indi ýaşkiçiler, Üstümden gülýärler, Atalaryny sürimi goraýan itleriň ýanynda goýmaga-da laýyk görmezdim.
2 Olardan maňa ne peýda bar? Bileklerinde kuwwat ýok.
3 Olar mätäçlikden, açlykdan ýaňa Gije çölde, harabalykda ýer gemirýärler.
4 Çöldäki ajy otlary ýygýarlar, Iýmitleri sübseligiň köküdir.
5 Olar halk arasyndan kowulýarlar, Halk ogrular ýaly olaryň üstüne gygyryşýar.
6 Jülgedäki gowaklarda, ýerdäki çukurlarda, Gaýalaryň arasynda mesgen tutýarlar.
7 Çalylar arasynda uwlaşyp, Tikenekler astynda biri-birlerine dyknyşýarlar.
8 Akmak, atsyz-sorsuz ynsan ogullary Gamçylanyp, ýurtdan çykaryldy.
9 Indi olaryň ogullary meni nagma bilen ýaňsylaýarlar, Men olar üçin gülki bolup galdym.
10 Meni ýigrenýärler, menden gaça durýarlar, Ýüzüme tüýkürmegi-de hiç zatça görmeýärler.
11 Ýaýymyň kirşini kesip, Hudaýyň maňa ejir çekdirendigi üçin, Olar gözümiň alnynda islänini edýärler.
12 Äjit-mäjitler sagymdan hüjüm edip, Aýaklarymy büdredýärler, Basyp almak üçin, ýollary taýýarlaýarlar.
13 Ýolumy bekläp, Meni ýok etmäge çalyşýarlar, Olary togtadýan ýok.
14 Diwar gädiklerinden geçip, Harabalygyň arasyndan üstüme topulýarlar.
15 Üstüme howp abanýar, Şan-şöhratym ýele sowrulýar, Hoşwagtlygym bulut kimin geçip gitdi.
16 Indi janym takatdan düşdi, Meni muşakgatly günler gurşap aldy.
17 Gijesine süňňüm syzlaýar, Janymy gemirýän agyrylar dynuwsyzdyr.
18 Hudaý gazap bilen ýakamdan tutýar, Ezenegimden ýapyşýar.
19 Hudaý meni laýa batyrdy, Toza, küle döndüm men.
20 Saňa ýalbarýan, maňa jogap bermeýäň, Aýaga galýan, Sen gözüňi diňe maňa dikýäň.
21 Maňa rehimsizlik etdiň, Güýç-gurdatyň bilen meni ezýäň.
22 Meni galdyryp, ýele kowaladýaň, Gaý içinde derbi-dagyn edýäň.
23 Bilýän men, başymdan ölüm inderjegiňi, Ähli diriler üçin taýynlan ýeriňe äkitjekdigiňi.
24 Medet diläp perýat edýäne, Betbagta garşy el galdyrmak bolmaz ahyryn!
25 Gara günliniň halyna aglamadymmy? Ýoksullar üçin ýüregim gyýym-gyýym bolmadymy?
26 Emma ýagşylyga umyt baglamda, ýamanlyk geldi, Ýagtylyga garaşanymda, zulmat geldi.
27 Içim ot alyp, ynjalyk tapmaýar, Muşakgatly günler başyma düşýär.
28 Güneşsiz hamym garalýar, Jemagat arasynda durup, perýat edýärin.
29 Şagallara gardaş, Düýeguşlara ýoldaş boldum.
30 Hamym garalyp soýulýar, Süýeklerim gyzdyrmadan ýanýar.
31 Barbadymyň owazy ýasa, Tüýdügimiň owazy agy sesine döndi».




Chapter 31

1 «Boý gyza gyýa göz bilen bakmajagyma ant içdim.
2 Çünki ýokardaky Hudaýdan paýym nedir, Gökdäki Gudratygüýçliden mirasym nedir diýip pikir etdim.
3 Erbetleriň başyndan betbagtçylyk, Ýamanlyk edýänleriň başyndan bela inmeýärmi?
4 Ol ýöreýän ýollarymy görüp, Her ädimimi yzarlaýar.
5 Men ýalan sözläp, Hilegärlige ýüz uran bolsam,
6 Hudaý adyl höküm etsin, Meniň päkdigimi bilsin.
7 Aýagym ýoldan çykan bolsa, Ýüregim gözüme eýeren bolsa, Ellerime gara ýokduran bolsam,
8 Goý, ekenimi başgalar iýsin, Ekinim köki bilen sogrulsyn.
9 Ýüregimi bir aýala aldyran bolsam, Goňşymyň gapysynda bukuda ýatan bolsam,
10 Goý, aýalym başganyň bugdaýyny üwesin, Goý, oňa başga erkekler ýanaşsyn.
11 Çünki bu azgynlykdyr, Höküm edilmeli jenaýatdyr.
12 Bu heläkçilik ýerine çenli ýakýan ot, Bar ekinimi köki bilen ýakar ol.
13 Gulum ýa-da gyrnagym maňa arz-şikaýat edende, Men olara adalatsyzlyk eden bolsam,
14 Hudaý aýaga galanda, men näme ederin? Ol hasap soranda, Oňa näme jogap bererin?
15 Enemiň göwresinde meni ýaradan, olary-da ýaratmadymy näme? Göwrede bize şekil beren bir Hudaý dälmi näme?
16 Garyplary isläninden mahrum eden bolsam, Dul hatyny umytdan düşüren bolsam,
17 Ýa-da nanymy ýeke iýip, Ýetimler bilen paýlaşmadyk bolsam,
18 (Ýaşlygymdan bäri ýetimlere atalyk edip geldim, Doglanym bäri dul hatynlara ýol görkezip geldim).
19 Eşiksiz heläk bolany, Ýapynjasy bolmadyk mätäji görüp,
20 Olary goýunlarymyň ýüňi bilen ýylatmadyk bolsam, Olar hem bütin ýüregi bilen meni alkyşlamadyk bolsalar,
21 Kömekçilerimiň tarapymy çaljagyna gözüm ýetip, Ýetime el galdyran bolsam,
22 Goý, omzum ýazsyn, Golum omzumdan omrulsyn.
23 Çünki Hudaýdan geljek betbagtçylykdan gorkdum, Beýikliginden ýaňa Onuň huzurynda durup bilmezdim.
24 Altyna bil baglan bolsam, Sap altyna ynam eden bolsam,
25 Ummasyz baýlygyma buýsanyp, Elimiň gazanjyna guwanan bolsam,
26 Parlaýan Güne garap, Asmandaky ajaýyp Aýa bakyp,
27 Köňlümiň meýlini azdyryp, Aýa, güne sežde hökmünde ýüzüme sylan bolsam,
28 Bu hem höküme laýyk etmiş bolardy, Gökdäki Hudaýy inkär etdigim bolardy.
29 Duşmanlarymyň heläkçiligine begenip, Başlaryndan bela inende, heşelle kakan däldirin.
30 (Gargyş bilen olaryň ölümini diläp, Dilim bilen günä etmedim).
31 Çadyrymdakylar: „Eýýubyň beren etinden Garnyny doýurmaýan barmy?“ diýen bolsalar,
32 (Musapyr köçede ýatan däldir, Çünki gapym mydama ýolagçylar üçin açykdy). 33–34 Mähelleden juda gorkup, Olaryň ýigrenjinden heder edip, Dymyp, daşa çykman, Ýürekde etmişlerimi gizläp, Beýlekiler ýaly ýazyklarymy ýaşyran däldirin.
35 Wah, maňa bir gulak asýan bolsady! Wah, Gudratygüýçli Hudaý Sen bir maňa jogap bersediň! Şonda aýdan zatlarymyň hakdygyny subut edip, gol çekerdim! Wah, Aýyplaýjym hökümleri ýazyp, elime bersedi!
36 Şübhesiz ony gerşimde göterip, Başyma täç ederdim.
37 Her ätlän ädimimiň hasabatyny bererdim Oňa, Şazada kimin Onuň huzuryna barardym.
38 Ýerim maňa garşy perýat eden bolsa, Onuň keşleri bile aglaşýan bolsa,
39 Tölegsiz ýeriň hasylyndan iýen bolsam, Ýer eýeleriniň janyna kast eden bolsam,
40 Goý, ol ýerde bugdaý ýerine tiken, Arpa ýerine haşal otlar bitsin!» Eýýubyň sözleri tamam boldy.




Chapter 32

1 Şeýdip, bu üç kişi Eýýup bilen jedelini bes etdi, çünki Eýýup öz gözüne dogruçyl göründi.
2 Onsoň ram urugyndan, büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu muňa gazaplandy. Onuň Eýýuba gaty gahary geldi, sebäbi Eýýup Hudaýy däl-de, özüni aklady.
3 Elihu Eýýubyň üç dostuna-da gaty gaharlandy, çünki olar dogry jogap tapmansoňlar, Eýýuby günäkärläpdiler.
4 Elihu beýlekilerden ýaş bolandygy üçin, Eýýup bilen gepleşmäge öz nobatyna garaşdy.
5 Bu üç adamdan jogap ýokdugyny görende, Elihu gazaplandy.
6 Büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu şeýle jogap berdi: «Men ýaş, siz garry, Şonuň üçin men çekindim, Öz pikirimi aýtmaga gorkdum.
7 Içimi gepledip: „Goý, gojalar geplesinler, Ýaşulular paýhas bersinler“ diýdim.
8 Ýöne ynsana içindäki ruh, Gudratygüýçliniň demi akyl berýär.
9 Paýhas diňe gojalarda däldir, Hakykata düşünýän diňe ýaşulular däldir.
10 Şonuň üçin: „Maňa gulak salyň, Men öz pikirimi beýan etsem“ diýýän.
11 Ine, men sözleriňize garaşdym, Aýtjak zadyňyzy agtarýarkaňyz, Parasatly gepiňize gulak asdym.
12 Sizi dykgat bilen diňledim, Emma hiç biriňiz Eýýubyň nähaklygyny subut etmediňiz, Hiç biriňiz onuň sözlerine jogap bermediňiz.
13 Siz: „Biz paýhas tapdyk, Ony Hudaý nähak çykarsyn, ynsan däl“ diýmäň.
14 Eýýup sözlerini maňa garşy gönükdirmedi, Oňa siziň sözleriňiz bilen jogap bermerin.
15 „Olar gorkup, jogap berip bilmeýärler, Söz tapmaýarlar aýtmaga.
16 Olardan ses-seda çykmaýar, Olar jogapsyz durlar“ diýip, Men garaşaýynmy indi?
17 Men-de öz jogabymy bererin, Öz pikirimi beýan ederin.
18 Çünki men sözden doly, Içimdäki ruh meni gyssaýar.
19 Ine, içim açylmadyk şerap kimin, Täze meşik kimin ýarylyp barýar.
20 Gepläp, içimi sowadaýyn, Dil açyp, saňa jogap bereýin.
21 Adamdan ýüz görmerin, Ýaranjaňlyk etmen hiç kime.
22 Ýaranjaňlyk etmegi başarmaýan men, Ýogsa Ýaradanym meni-de ýok ederdi».




Chapter 33

1 «Indi maňa gulak goý, eý, Eýýup, Diýjek sözlerimi diňle.
2 Ine, agzymy açýan, Sözlerim dilimiň ujunda.
3 Sözlerim päk ýürekden çykýar, Her diýjek sözüm hakykatdyr.
4 Hudaýyň ruhy meni ýaratdy, Gudratygüýçliniň demi maňa ýaşaýyş berýär.
5 Başarsaň, maňa jogap ber, Jedelleşige taýynlan-da, öňümde dik dur!
6 Hudaýyň huzurynda menem edil seniň ýalydyryn, Menem toprakdan ýaradyldym.
7 Menden gorkmak gerek däl, Hüjümim agyr bolmaz.
8 Gepleriňi öz gulagym bilen eşitdim, Sözleriň gulagymda ýaňlanyp dur.
9 Sen: „Men päk, ýazyksyz, Tämiz, mende etmiş ýokdur.
10 Şonda-da Hudaý maňa garşy bahana tapýar, Meni Özüne duşman saýýar,
11 Aýaklaryma künde salýar, Bütin ýollarymy synlaýar“ diýýärsiň.
12 Emma men saňa diýýän: Sen bu babatda nähak, Çünki Hudaý ynsandan beýikdir.
13 „Ynsanyň hiç bir sözüne jogap bermeýär“ diýip, Näme üçin Onuň bilen jedelleşýärsiň?
14 Çünki Hudaý ynsana bir ýola, Düşünmese ikinji ýola-da gepleýär.
15 Düýş, gijeki görnüş arkaly, Ynsanlary agyr uky basanda, Düşeklerinde ýatyrkalar,
16 Ynsanlaryň gulaklaryna gepläp, Olary duýduryşlar bilen gorkuzýar.
17 Ol muny ynsanlary pis işlerden, Tekepbirlikden saklamak üçin,
18 Olaryň janyny gabyrdan, Ömrüni ölümden gutarmak üçin edýär.
19 Düşeginde agyrylar bilen, Süýekleriniň dynuwsyz syzlamasy bilen olary jezalaýar.
20 Şonda näsagyň işdäsi kesilip, Ol lezzetli nahary-da ýigrenýär.
21 Teni gurap, göze ilmeýär, Görünmedik süňkleri indi çykyşyp dur.
22 Bir aýagy gabyrdadyr olaryň, Bärsinden aňyrsy ýakyndyr.
23 Ýöne müňlerden bir perişde araçy bolup, Ynsana dogruçyllygy aýan etmäge gelse,
24 Oňa rehimi inip: „Gabyrdan halas et, Men onuň üçin töleg tapdym“ diýse,
25 Goý, onuň teni çaganyňky kimin täzelensin, Ol ýaşlyk döwrüne dolanyp barsyn.
26 Ynsan Hudaýdan dileg edýär, Hudaý ony kabul edýär, Ol şatlyk bilen Hudaýyň huzuryna gelýär, Hudaý onuň dogruçyllygyny dikeldýär.
27 Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp: „Günä etdim, dogry ýoldan çykdym, Emma Hudaý maňa jeza bermedi.
28 Ol janymy gabyrdan gutardy, Indi durmuşyň hözirini görerin“ diýýär. 29–30 Ynsanyň janyny gabyrdan gutarjak bolup, Olara şatlykly durmuş berjek bolup, Hudaý bu zatlary Öwran-öwran gaýtalaýar.
31 Üns ber, Eýýup, maňa gulak goý, Ümsüm bol, men gepläýin.
32 Eger aýtjak zadyň bolsa aýt, Geple, çünki men seni aklamak isleýän.
33 Ýogsa-da maňa gulak goý, Ümsüm bol, men saňa paýhaslylyk öwredeýin».




Chapter 34

1 Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Eý, akylsumaklar, sözlerime gulak goýuň, Eý, bilimsekler, meni diňläň.
3 Diliň naharyň tagamyny dadyşy ýaly, Gulak hem sözleri barlaýar.
4 Geliň, hakykaty saýlalyň, Ýagşyny birlikde öwreneliň.
5 Çünki Eýýup: „Men bigünä, Hudaý meni hakymdan mahrum etdi.
6 Men hak bolsam-da ýalançy saýylýaryn, Ýazyksyz bolsam-da derdime em ýok“ diýdi.
7 Eýýup ýaly adam barmy? Ol ýaňsylamany suw dek içýär.
8 Ýamanlyk edýänler bilen ülpet bolup, Pisler bilen tirkeşýär.
9 Çünki Eýýup: „Hudaýy hoşnut etmek Ynsana peýda bermez“ diýýär.
10 Muňa görä, eý, bilimsekler, maňa gulak asyň, Heý-de, Hudaý pislik edermi? Gudratygüýçli nähaklyk edermi?
11 Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer, Olara öz pälinden tapdyrar.
12 Dogrusy, Hudaý hiç haçan pislik etmez, Gudratygüýçli adalaty ýoýmaz.
13 Oňa bütin ýer ýüzüniň üstünden hökmürowanlygy beren kim? Bütin dünýäni Onuň ygytyýarynda goýan kim?
14 Hudaý niýet edip, Öz ruhuny, demini yzyna alsa,
15 Bütin adamzat heläk bolar, Ynsanlar ýene topraga öwrülerler.
16 Düşünjäň bolsa, diňle, Sözüme gulak goý.
17 Adalaty ýigrenýän höküm sürüp bilermi? Dogruçyly, gudratly Bolany ýazgarjakmy?
18 Ol patyşa: „Sen deýýus“, Beglere: „Siz pis“ diýýär.
19 Han-beglerden ýüz görmeýär, Baýy garypdan ýokary tutmaýar, Çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr.
20 Olar göz ýumup-açasy salymda ölýärler, Adamlar gije lerzana gelip, dünýäden ötýärler, Güýçliler hem ynsan eli degmezden ýok bolýarlar.
21 Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir, Ol ynsanlaryň her ädimini görýär.
22 Pisler gizlener ýaly, Ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar.
23 Öz huzuryna höküme gelsinler diýip, Ynsanlara gün bellemek gerek däl Hudaýa.
24 Hudaý barlamazdan güýçlüleri gyryp, Ýerlerine başgalary goýýar.
25 Hudaý olaryň etmişlerini bilip, Bir gijede olary agdarýar, olar ezilýärler.
26 Hudaý olary pisligi üçin Hemmäniň gözüniň alnynda jezalandyrýar.
27 Çünki olar Onuň yzyna eýermediler, Onuň ýollaryny äsgermezlik etdiler.
28 Garyplaryň nalasy Hudaýa baryp ýetdi, Ol ezilenleriň nalasyny eşitdi.
29 Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun parhy ýok,
30 Hudaýsyz adam şalyk sürüp, Halka duzak gurmasyn.
31 Hudaýa: „Jezamy çekdim, Indi pis iş etmerin,
32 Görmeýänimi maňa öwret, Etmiş eden bolsam, indi gaýtalaman“ diýeniňiz barmy?
33 Hudaý isleýşiňe görä Saňa adalatlylyk bersinmi? Sen Ony ret etdiň. Sen karara gelmelisiň, men däl, Şonuň üçin bilýäniňi aýt.
34 Düşünjesi bolanlar, Meni diňleýän akyldarlar:
35 „Eýýup bilmezden gürleýär, Onuň sözleri manysyz“ diýerler.
36 Pisler ýaly jogap gaýtarýandygy üçin, Eýýup ahyra çenli synagda bolsun!
37 Çünki ol günäsine günä goşýar, Aramyzda kinaýaly el çarpyp, Hudaýa garşy gepini köpeldýär».




Chapter 35

1 Elihu şeýle diýdi:
2 «Seniň: „Hudaýyň öňünde hakdyryn“ diýmäň Dogry däl Eýýup!
3 Sen Hudaýa: „Günämiň Saňa näme dahyly bar? Günäsizlikden näme peýda gördüm?“ diýýärsiň.
4 Men seni we dostlaryňy Jogapsyz galdyrmaryn.
5 Göklere seredip gör, Bulutlara göz gezdir, olar senden belent.
6 Günä eden bolsaň, Hudaýa näme zyýany bar? Ýazygyň köpelse, Hudaýa zeleli näme?
7 Dogrulygyň Hudaýa ne peýdasy bar, Onuň saňa mätäçligi näme?
8 Pisligiň özüň ýaly adamlara täsiri ýetýär, Dogruçyllygyň beýleki ynsanlar üçindir.
9 Ynsanlar agyr sütem astynda perýat edýärler, Güýçlüleriň elinden gutulmak üçin ýardam soraýarlar.
10 Ýöne hiç kim: „Gijesine aýdymlar berýän Ýaradanym nirede?
11 Ol bize ýer ýüzündäki haýwanlardan köp öwredýär, Bizi gökdäki guşlardan akylly edýär“ diýmeýär.
12 Ýamanlyk edýänleriň tekepbirligi zerarly, Olar nalyş edende, Hudaý jogap bermeýär.
13 Elbetde, Hudaý boş nalyşy diňlemeýär, Gudratygüýçli oňa ähmiýet bermeýär.
14 Hudaýy görmeýärin diýseň-de, Dawaň Onuň öňündedir, Oňa garaş.
15 Indi Hudaý gaharyna jeza bermeýär, Günä gaty üns bermeýär diýip,
16 Eýýup biderek sözläp, Hiç zat bilmezden gepini köpeldýär».




Chapter 36

1 Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Biraz sabyr et, men saňa düşündireýin, Hudaý üçin aýtmaly sözüm bar.
3 Bilimimi dürli çeşmelerden toplap, Ýaradanymyň adyldygyny subut ederin.
4 Dogrudanam, sözlerim ýalan däl, Garşyňda duran bilimde kämildir.
5 Elbetde, Hudaý gudratly, Hiç kimi kemsitmeýär Ol, Ol paýhasda gudratlydyr.
6 Pisleri diri goýmaz Ol, Ezilenlere adalatlylyk berýär.
7 Dogrulardan gözüni aýyrmaz, Olary şalar bilen tagtda oturdyp, Ebedilik mertebelerini beýgeldýär.
8 Dogruçyllar zynjyr bilen baglanyp, Azap duzagyna düşürilen bolsalar,
9 Hudaý gödek işlerini, ýazyklaryny Olara aýan etmegi üçindir.
10 Öwüt-ündewini diňledip, Pislikden dönmekligi buýurýar.
11 Olar Hudaýa gulak salyp, Oňa hyzmat etseler, Günlerini hoşwagtlykda, Ýyllaryny şady-horramlykda geçirerler.
12 Gulak asmasalar, gylyçdan heläk bolarlar, Dünýäden pähim-paýhassyz ötüp giderler.
13 Hudaýsyzlar gahar-gazaby içinde saklaýarlar, Hudaý olary jezalandyrsa-da, Ondan ýardam dilemeýärler.
14 Ýaşlykda ölüp gidýärler, Ömürleri azgynlykda gutarýar.
15 Hudaý ezilenleri azaplaryndan gutarýar, Muşakgatlylara Özüni eşitdirýär.
16 Ol seni hem dertden azat edip, Çäksiz giňişlige çykardy, Saçagyňy näzi-nygmatlardan doldurdy.
17 Indi sen pislere hak bolan jezany çekýäň, Hökümden we adalatdan gutulyp bilmersiň.
18 Sak bol, baýlyk bilen aldanaýma, Para gyzygyp, ýoldan çykaýma.
19 Baýlygyň, egsilmez güýç-gaýratyň, Seni dertden gutaryp bilermi?
20 Halklaryň ýer ýüzünden Ýok ediljek gijesini arzuw etme.
21 Seresap bol! Pislikden ýüz öwür, Seni günäden saklamak üçin muşakgatlyk iberildi.
22 Hudaýyň gudraty beýikdir, Onuň ýaly tälim berýän barmydyr?
23 Hudaýa näme etmelidigini öwreden kim? Kim Oňa: „Edeniň telek“ diýip bilýär?
24 Hudaýyň işlerini öwmegi unutma, Ynsanlar bu hakda aýdym aýtdylar.
25 Bütin ynsanlar Hudaýyň işlerini gördi, Her kes oňa uzakdan seredýär.
26 Hudaý, hakykatdanam, beýikdir, Onuň beýikligine doly düşünip bilmeýäris, Onuň ömür ýyllary akyla sygmaz.
27 Hudaý suw damjalaryny göge ýygnap, Ýagyş damjalaryna öwürýär.
28 Bulutlardan ýagyş ýagýar, Ynsanlaryň üstünden bol ýagmyr ýagdyrýar.
29 Bulutlaryň ýaýradylyşyna, Asmanyň gübürdisine düşünip bilýän barmy?
30 Hudaý gökde ýyldyrym çakdyrýar, Deňizleriň düýbüne çenli örtýär.
31 Hudaý halky şeýle dolandyrýar, Olary bolelin iýmit bilen üpjün edýär.
32 Ýyldyrymy Öz elinde saklap, Öz bellän ýerinde çakmagy buýurýar.
33 Gök gümmürdisi apy-tupanyň ýetip gelýändigini duýdurýar, Hatda mal-gara apy-tupanyň ýetip gelýänini bildirýär».




Chapter 37

1 «Gümmürdä ýüregim galpyldap, Agzymdan çykyp gelýär.
2 Diňläň Onuň gümmürdeýän sesini, Agzyndan çykýan owazy eşidiň.
3 Ýyldyrymy gögüň astyndaky ähli ýere, Ýer ýüzüniň dört künjegine iberýär.
4 Onsoň Onuň güňleç sesi eşidilýär, Ol gök kimin gümmürdeýär, Öz bar sesine seslenýär.
5 Hudaýyň sesi täsin gürrüldi berýär, Biziň akyl ýetirerimizden has beýik işleri edýär.
6 Çünki Ol gara „ýag“ diýip, Ýagşa-da „güýçli ýag“ diýip buýruk berýär.
7 Munuň üçin ähli ynsanlaryň işi togtadylýar, Olar Onuň beýik işlerini şonda bilerler.
8 Haýwanlar öz hinlerine girýärler, Öz sürenlerinde galýarlar.
9 Harasat öz mekanyndan çykýar, Sowuk güýçli ýelden gelýär.
10 Hudaýyň demine buz emele gelip, Suw giňişlikleri doňýar.
11 Hudaý bulutlary ygaldan dolduryp, Olaryň arasyndan ýyldyrymy ýere pytradýär.
12 Onuň buýrugyna görä, Bütin ýer ýüzüne aýlanýarlar, Hudaýyň buýruklaryna boýun bolýarlar.
13 Ýa ynsanlary jezalandyrmak üçin, Ýa-da ýer ýüzüni suwaryp, Öz söýgüsini görkezmek üçin, Ol ýagyş ýagdyrýar.
14 Eýýup, diňle muny, Togta-da, Hudaýyň beýik işleri hakynda pikirlen.
15 Hudaýyň bulutlary nähili dolandyrýanyny, Nädip ýyldyrym çakdyrýanyny bilýäňmi?
16 Bulutlaryň deňagramlylygyny, Kämil Bilimliniň täsin işlerini bilýäňmi?
17 Ýer ýüzüne günorta ýeli öwüsýän möwsümde, Eşikleri yssydan endamyna ýapyşýan sen,
18 Guýma bürünç aýna dek berk bolan asmany Hudaý bilen bile guýup bilermiň?
19 Hudaýa näme diýmelidigini bize öwret, Sözümizi beýan edip bilmeýäris, çünki biz garaňkylykda.
20 Gürleşmek isleýänimi Hudaýa aýtmalymy? Ýuwudylmak isleýän barmy?
21 Şemal geçip, bulutlar syrylanda, Gökde parlaýan nura hiç kim seredip bilmez.
22 Hudaý demirgazykdan altyn şöhle saçyp gelýär, Ol gudratly şöwkete bürenendir.
23 Gudratygüýçli elýetmez, gudratda beýikdir, Ol adyldyr, dogruçyllykda beýikdir, Ol hiç zulum etmeýär.
24 Şonuň üçinem ynsanlar Ondan gorkýarlar, Hudaý olaryň paýhasyna üns bermeýär».




Chapter 38

1 Onsoň Reb harasadyň içinden Eýýuba şeýle jogap berdi:
2 «Nadan sözleriň bilen Nesihatymy garalar ýaly kim bolupsyň?
3 Erkek kimin biliňi berk guşa, Seni sorag etjek, Maňa jogap ber!
4 Men ýeriň düýbüni tutanymda, sen niredediň? Bilýän bolsaň, aýt hany!
5 Ýeriň ölçegini kesgitlän kim? Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Onuň üstünden ýüp çeken kim?
6 Ýer sütünlerini saklaýan diregler nämä berkidilen? Onuň burç daşyny kim goýdy?
7 Şonda daň ýyldyzlary aýdym aýdyşdylar, Ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar.
8 Deňiz ýeri böwsüp çykanda, Onuň öňüne böwet basan kim?
9 Deňzi bulutlar bilen örtüp, Ony tüm garaňkylyga gaplan Mendirin.
10 Deňze gözenekdir gapy goýup, Oňa çäk çeken-de Mendirin.
11 Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, Güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim. 12–13 Şöhlesini ýer ýüzüniň dört künjegine ýaýradar ýaly, Pisleri gizlenen ýerinden silterläp çykarar ýaly, Ömrüňde ir sähere buýruk berdiňmi? Daň şapagyna ýerini görkezdiňmi?
14 Ýer ýüzi möhür basylan toýun, Lybas kimin göze görünýär.
15 Pisler nurdan mahrum edilýär, Ýokary galdyrylan gol döwülýär.
16 Deňziň gözbaşlaryna baryp gördüňmi? Çuňluklaryň düýplerine gezelenç etdiňmi?
17 Saňa ölüler dünýäsiniň gapylary görkezildimi? Tüm garaňkylygyň derwezelerini gördüňmi?
18 Dünýä giňişligine ser saldyňmy? Aýt, onda şularyň baryny bilýän bolsaň.
19 Ýagtylygyň mesgenine gidýän ýol nirede? Garaňkylygyň mekany nirede?
20 Olary ýerli-ýerine äkidip bilermiň? Olaryň mesgenlerine gidýän ýodalary bilýäňmi?
21 Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Sen näme şol döwürde doguldyňmy?! Şonça ýyllar ýaşadyňmy?
22 Garyň ammarlaryna girip gördüňmi? Doly ammarlaryna ser saldyňmy?
23 Olary betbagtly günler üçin, Gowga we söweş günleri üçin saklaýaryn.
24 Ýyldyrymyň nireden gelýänini, Gündogar ýeliniň nireden başlaýanyny bilýäňmi? 25–27 Ynsanyň aýak basmadyk ýerine, Ýaşalmaýan çöle ýagyş ýagsyn, Haraba öwrülen çöl suwdan ganyp, Ol ýerde ot bitsin diýip, Ýagyş akymlary üçin ýaby, Ýyldyrymlara ýol açan kim?
28 Ýagşyň atasy barmy? Çyg damjalaryny ýaradan kim?
29 Buz kimiň ýatgysyndan çykdy? Göklerden düşen gyrawy kim dogurdy?
30 Suwlar gaty daşa dönýär, Deňziň ýüzi doňýar.
31 Ülker ýyldyzlarynyň zynjyrlaryny baglap bilermiň? Orionyň baglaryny çözüp bilermiň?
32 Ýyldyzlar toplumyny öz möwsümlerinde çykaryp bilermiň? Uly, Kiçi Ýedigene ýol görkezip bilermiň?
33 Gögüň kanunlaryny bilýäňmi sen? Ýerde olaryň hökümini ýöredip bilermiň?
34 Başyňa bol ýagyş ýagsyn diýip, Bulutlara buýruk berip bilermiň?
35 Saňa: „Biz seniň hyzmatyňda“ diýer ýaly, Ýyldyrym çakdyryp bilermiň?
36 Leglege paýhas beren kim? Horaza düşünje beren kim?
37 Kimiň bulutlary sanamaga paýhasy ýeter? Gögüň tulumlaryny kim agdaryp biler?
38 Şonda toprak gatap, Kesekler biri-birlerine ýapyşýarlar. 39–40 Şirler sürenlerine sümen pursaty, Ýa-da sümme tokaýda bukuda ýatyrka, Şir üçin aw awlap bilermiň? Çaga arslanlaryň garnyny doýrup bilermiň?
41 Garga balalary Hudaýa nalyş edip, Açlykdan entänlerinde, Olary olja bilen üpjün edýän kim?»




Chapter 39

1 «Dag geçileriniň haçan guzlaýanyny bilýäňmi? Keýikleri guzlaýan wagty synlaýaňmy sen? 2–3 Olar bükülip, burgusy tutup, çagalanda, Olaryň näwagt aýlarynyň dolup, Guzlamaly pursatyny bilýäňmi?
4 Balalary çölde ösüp, güýç alýar, Çykyp gidip, yzlaryna dolanmazlar.
5 Gulany boşadyp goýberen kim? Ýabany eşegi duşagyndan boşadan kim?
6 Olara çölleri öý, Şor ýerleri mesgen edip berdim.
7 Ol şäheriň galmagalyna gülýär, Mal sürýäniň gykylygyny eşitmeýär.
8 Öri üçin depelerde enteýär, Gök otluk agtarýar.
9 Ýabany öküz saňa hyzmat etmäge razy bolarmyka? Gijäni seniň ahyryňyň başynda geçirermikä?
10 Ýer sürdürmek üçin ýabany öküze boýuntyryk salyp bilermiň? Ýa-da ol seniň yzyňdan ýerlere mala basarmyka?
11 Onuň beýik güýjüne bil baglap bilermikäň? Agyr işiňi oňa tabşyryp bilermikäň?
12 Ýabany öküziň hasylyňy ýygnap, Harmanyňa üýşürjekdigine ynamyň barmy?
13 Leglegiňki kimin ganat-peri bolmasa-da, Düýeguş begençli ganat kakýar.
14 Düýeguş ýerde ýumurtgalaýar, Olary gumda ýyladýar.
15 Ýumurtgalaryň aýak astynda ýenjiljegini, Ýabany haýwanlaryň olary basgylajakdygyny unudýar.
16 Balalaryny edil kesekiniňki kimin zabun tutýar, Zähmetiniň biderek boljagyndan heder etmeýär.
17 Çünki Hudaý ony paýhasdan mahrum edendir, Oňa aň bermändir.
18 Emma düýeguş ganat ýaýyp ylganda, Atyň we çapyksuwarynyň üstünden gülýär.
19 Bedewe güýç-kuwwat berýän senmi? Onuň boýnuna ýaly bitirýän senmi?
20 Senmi ony çekirtge kimin bökdürýän? Kişňände, aýylgançdyr onuň sesi.
21 Gazaply ýer peşäp, güýjüne buýsanýandyr, Duşmanyň üstüne okdurylýar.
22 Gorka gülüp, hiç zatdan heder etmeýär, Gylyçdan hem gaçmaýar.
23 Sagdak, ýalpyldawuk naýza we hanjar oňa degip, Zarňyldap, yzyna atylýar.
24 Buýsançdan möwç alyp, esli aralyga çapýar, Ümsüm durmaz ol surnaý sesine.
25 Surnaý sesi ýaňlananda, ol kişňeýär, Söweş ysyny, serkerdeleriň goh-galmagalyny, Söweş gykylyklaryny uzakdan duýýar.
26 Gyrgy seniň paýhasyň bilen gökde gaýyp, Ganatlaryny ýaýyp, günorta tarap uçýarmy?
27 Bürgüt seniň buýrugyň bilen göge galyp, Belentlikde höwürtge ýasanýarmy?
28 Ol uçut gaýalarda ýaşap, Olary özüne gala edinýär.
29 Awuny şol ýerden gözleýär, Gözleri awuny uzakdan görýär.
30 Balalary gandan iýmitlenýärler, Nirede läş bolsa, olar şol ýerdedir».
31 Reb Eýýuba şeýle diýdi:
32 «Gudratygüýçli bilen jedelleşen Oňa düzediş berermi? Hudaý bilen dawalaşýan jogap bersin».
33 Eýýup Rebbe şeýle jogap berdi:
34 «Wah, men bir sanda ýok adam, Saňa näme jogap bereýin? Agzyma bek bolaryn indi.
35 Köp gezek gepledim, ýöne mende jogap ýok, Mundan artyk geplemen indi».




Chapter 40

1 Reb harasadyň içinden şeýle jogap berdi:
2 «Erkek kimin biliňi berk guşa, Seni sorag etjek, Maňa jogap ber.
3 Meni adalatsyzlykda aýyplajakmy sen? Özüňi aklamak üçin Meni höküm etjekmi indi?
4 Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy? Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?
5 Özüňi şan-şöhrat we belent mertebe bilen beze, Şöhrat we hormat donuny geý.
6 Möwç alýan gazabyňy dök, Tekepbirlere bakyp, olary boýun egdir.
7 Tekepbirlere garap, olary dyza çöker, Pisleri duran ýerlerinde mynjyrat.
8 Hemmesini bile topraga göm, Olary gabyrda bagla.
9 Şonda sag eliňiň seni halas edip biljegini Men-de boýun alaryn.
10 Ine, Bähemosa seret, Seni ýaradyşym kimin, ony-da Men ýaratdym, Ol öküz kimin ot iýýär.
11 Gör, onuň bilinde nähili güýç bar, Garnyndaky muskullary nähili güýçli!
12 Guýrugyny kedr agajy kimin sallaýar, Budunyň siňirleri örüm-örümdir.
13 Süňkleri bürünç turbalar kimin, Gapyrgalary demir gözenekleri kimindir.
14 Bähemos Hudaýyň beýik işleriniň arasynda iň ajaýybydyr, Diňe Ýaradany oňa gylyç bilen golaýlaşyp biler.
15 Baýyrlar onuň otlagydyr, Ol ýerde haýwanlar ýaýnaşýarlar.
16 Ol gyrymsy agaçlar astynda, Gamyşlyk bilen örtülen batgalykda ýatýar.
17 Gyrymsy agaçlar üstüne kölege salýar, Deräniň söwütleri ony gurşaýar.
18 Derýa joşsa-da, ol eýmenmez, Iordan daşyp, agzyna-burnuna gelse-de, ol arkaýyn.
19 Kim ony garbak bilen tutup biljek? Kim çeňňek bilen onuň burnuny deşip biljek?
20 Liwýatany çeňňek bilen tutup bilermiň? Ýa-da onuň diline syrtmak salyp bilermiň?
21 Burnundan ýüp geçirip bilermiň? Ýa-da äňinden çeňňegi ötürip bilermiň?
22 Ol saňa ýalbaryp-ýakararmyka? Şirin sözleri bilen seni yrarmyka?
23 Özüni ebedilik guluň ederiň ýaly, Seň bilen äht baglaşarmyka?
24 Guş bilen oýnaýşyň ýaly onuň bilenem oýnarmykaň? Ýa-da ony kenizleriňe göz-gulak bolup bilermiň?
25 Täjirler ony alyp-satyp bilermikäler? Söwdagärler ony öz aralarynda paýlaşyp bilermikäler?
26 Derisini naýza bilen, Kellesini balykçylaryň gadalgasy bilen deşim-deşim edip bilermiň?
27 Oňa eliňi degrip gör, ol saňa göz görkezmezmikä, Sen ony ikiläp gaýtalamarsyň».




Chapter 41

1 «Ony tutmak umydy netijesizdir, Garasyny göreniň gorkudan ýüregi ýarylar.
2 Ony oýaryp biljek ýürekli adam ýokdur, Kim Meniň öňümde durup biljek?
3 Kim Menden hasabat bermegimi soraýar? Gögüň astyndaky bar zat Meniňkidir.
4 Liwýatanyň beden agzalary, Beýik güýji we gözel syraty barada dymmaryn.
5 Kim onuň sowudyny çykaryp biler? Kim oňa ýarag bilen golaýlaşyp biler?
6 Kim onuň agzyny açmaga ýürek eder? Agzyndaky dişleri gorkunçdyr.
7 Arkasy ykjam möhür bilen mäkämlenen, Hatar-hatar galkanlar bilen örtülen.
8 Olar biri-birlerine şeýle ýakyn welin, Hatda aralaryndan howa geçmeýär.
9 Birek-bireklerine ýapyşdyrylgydyr olar, Mäkäm seplenendirler, olary aýryp bolmaz.
10 Asgyranda ot saçýar, Gözleri daň şapagy kimin ýanyp dur.
11 Agzyndan ýalyn çykýar, Ot uçgunlary syçraýar.
12 Burnunyň deşiklerinden gaýnaýan gazan, Ýanýan gamyş kimin tüsse çykýar.
13 Demi kömürleri köredýär, Agzyndan alaw çykýar.
14 Güýç onuň boýnundadyr, Gorky onuň huzurynda tans edýär.
15 Etiniň gatlary biri-birine ýapyşyp, Endamynda berkän, ol gymyldamaýar.
16 Ýüregi daş kimin gaty, Degirmen daşy kimin gatydyr.
17 Ol ýerinden galanda, güýçliler lerzana gelýär, Gorkudan ýaňa titräp, özlerini ýitirýärler.
18 Oňa gylyç kär etmez, Naýza, hanjar we ok ötmez.
19 Ol demri saman, Bürünji çüýrük agaç saýýar.
20 Atylan okdan gaçmaz, Sapan daşlary oňa saman ownugy kimindir.
21 Serdesseleri saman saýýar, Özüne tarap zyňylan naýzalara gülýär.
22 Garnynyň asty gyýçak küýze döwükleri kimindir, Palçygyň üstüne süýnüp, mala basylan ýaly yz galdyrýar.
23 Çuňlugyň suwlaryny gazan kimin gaýnadýar, Deňzi melhem gaýnadylýan gaba dönderýär,
24 Yzynda parlak yz galdyrýar, Deňiz agaran saça meňzedilýär.
25 Bütin älemde onuň deňi-taýy ýokdur, Bu mahluk gorky-ürkini bilýän däldir.
26 Ol ähli jandarlaryň içinde iň tekepbiridir, Ýyrtyjy haýwanlaryň iň boýnyýogynydyr».




Chapter 42

1 Onsoň Eýýup Rebbe şeýle jogap berdi:
2 «Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, Göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň.
3 Nesihatyňy garalajak barmy? Şonuň üçinem men düşünmedik, Asla akyl ýetirip bilmedik zatlarym barada gepledim.
4 Indi maňa gulak assana, men geplejek, Senden soraýyn, maňa jogap bersene.
5 Sen hakda gulagym bilen eşidipdim, Indi Seni öz gözlerim bilen gördüm.
6 Munuň üçin özümi ýigrenip, Başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».
7 Reb Eýýup bilen gürrüňini tamamlandan soň, teýmanly Elipaza ýüzlenip, şeýle diýdi: «Meniň saňa we seniň beýleki iki dostuňa garşy gazabym lowlaýar, çünki siz gulum Eýýup ýaly Men barada hakykaty sözlemediňiz.
8 Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz».
9 Şeýdip, teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat hem-de nagamly Sopar Eýýubyň ýanyna gidip, Rebbiň tabşyryşy ýaly hem etdiler. Reb Eýýubyň dilegini kabul etdi.
10 Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň, Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi. Reb oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi.
11 Onsoň ähli doganlarydyr uýalary we öňki tanyşlary Eýýuby görmäge gelip, öýünde bile çörek iýdiler. Onuň başyna Rebbiň getiren belalary üçin duýgudaşlyk bildirip, oňa teselli berdiler. Olaryň hersi Eýýuba bir bölek kümüş bilen altyn ýüzük berdiler.
12 Reb Eýýubyň soňky durmuşyny öňki durmuşyndan-da has bereketli etdi. Onuň on dört müň goýun-geçisi, alty müň düýesi, müň jübüt öküzi we müň urkaçy eşegi bardy.
13 Şeýle hem ýedi ogly, üç gyzy bardy.
14 Birinji gyzynyň ady Ýemima, ikinjisiniň ady Kesiýa, üçünjisiniň ady Kerenhappukdy.
15 Dünýäniň hiç bir künjeginde Eýýubyň gyzlary ýaly görmegeý gyzlar ýokdy. Kakalary erkek doganlary bilen birlikde olara-da miras berdi.
16 Mundan soň Eýýup ýüz kyrk ýyl ýaşap, çagalaryny, dört arka çenli agtyk-çowluk gördi.
17 Şeýdip, Eýýup gojalyp, durmuşdan razy bolup dünýäden ötdi.