Chapter 1

1 Bu Iýerusalimde patyşalyk eden Dawudyň ogly Wagyzçynyň sözleridir.
2 Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.
3 Ynsan Günüň astynda çekýän zähmetinden näme peýda tapýar?
4 Bir nesil gidip, bir nesil gelýär; emma bu dünýä ebedilik galýar.
5 Gün dogýar, ýaşýar; öz dogjak ýerine tarap howlugýar.
6 Ýel günorta tarap öwüsýär, soňra demirgazyga öwrülýär. Ol töwerege aýlanyp-aýlanyp, ýene öz aýlawyna dolanýar.
7 Ähli derýalar deňze akýar, emma deňiz dolmaýar. Derýalar täzeden akmak üçin öz akýan ýerine dolanýarlar.
8 Bar zat irizýär. Muny söz bilen beýan edip bolmaz. Göz görmekden doýmaýar, gulak-da eşitmekden.
9 Näme bolan bolsa, ýene şol bolar, näme edilen bolsa, ýene şol ediler. Günüň astynda täze zat ýok.
10 «Seret, ine, şu täze» diýip boljak zat barmy? Ol owaldan bardy, bizden öňem bolupdyr.
11 Öňki bolup geçeni hiç kim ýatlamaz; indiki geljekler-de, häzirki hem soňky boljak zatlary ýatlamaz.
12 Men, Wagyzçy, Iýerusalimde Ysraýylyň patyşasydym.
13 Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşydyr.
14 Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.
15 «Egrini göneldip bolmaz; ýok zady-da sanap bolmaz».
16 Öz-özüme şeýle diýdim: «Ine, men beýik bolup, paýhasda özümden öň Iýerusalimde hökmürowanlyk edenleriň hemmesinden ozdum. Ýüregim paýhas bilen bilime baýdy».
17 Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim.
18 «Paýhas näçe köp bolsa, gussa-da şonça köpdür. Bilimini artdyrýanlar, derdini-de artdyrýandyrlar».




Chapter 2

1 Öz-özüme şeýle diýdim: «Gel, seni lezzet bilen synaýyn, lezzet al». Emma bu-da biderek boldy.
2 Gülki barada: «Akmaklyk», lezzet barada: «Näme peýda getirýär?» diýdim.
3 Bedenime şerap bilen lezzet bermegi, akmaklyga urmagy ýüregime düwdüm, ýüregim maňa entegem paýhas bilen ýol görkezýärdi. Men muny öz gysga ömürleriniň dowamynda gögüň astynda ederleri ýaly, ynsanlar üçin nämäniň ýagşydygyny bilmek üçin etdim.
4 Beýik işler etdim; jaýlar gurdum, üzüm agaçlaryny ekdim.
5 Özüme bakjalar we seýil baglaryny edindim; olarda her hili miweli agaçlary ekdim.
6 Ösüp oturan baglary suwarmak üçin, howuzlar edindim.
7 Gullardyr gyrnaklar satyn aldym; öz öýümde doglan gullarym bardy, süri-süri mal-garam bardy. Olar menden öň Iýerusalimde bolanlaryňkydan köpdi.
8 Özüm üçin altyn, kümüş we patyşalaryň, welaýatlaryň hazynalaryny topladym. Erkekdir aýal aýdymçylary hakyna tutdum. Islendik erkegiň göwnüne ýaramly gözel gyrnak aýallar edindim.
9 Şeýdip, men beýgelip, özümden öň Iýerusalimde bolanlaryň ählisinden ozdum. Paýhasym şonda-da meniň bilendi.
10 Gözlerimiň islän zadyny gaýgyrmadym; ýüregimi hiç bir lezzetden mahrum etmedim; kalbym eden her işimden lezzet aldy. Bu çeken ähli zähmetimiň muzdudy.
11 Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy. Akylly-da, akylsyz-da unudylar
12 Soňra men ünsümi akyldarlyga, telbelige we akmaklyga tarap gönükdirdim. Patyşanyň ýerine geljek adam eýýäm edilen işlerden başga näme edip biler?
13 Ýagtylygyň garaňkylykdan bähbitli bolşy kimin, akyldarlygyň hem akmaklykdan bähbitlidigini bildim.
14 «Akyllynyň gözleri başyndadyr; akylsyz bolsa garaňkylykda gezýändir. Emma hemmesiniň takdyrynyň bir ekenligini bildim».
15 Onsoň men öz-özüme: «Akylsyzyň başyna gelen meniň-de başyma geler. Onda akylly bolmagymyň peýdasy näme?» Öz-özüme: «Bu-da biderek» diýdim.
16 Çünki akylly-da akylsyz kimin unudylar, geljekde hemmeler unudylar. Näme üçin akylly akylsyz kimin ölýär?
17 Şonuň üçin durmuşy ýigrendim, çünki Günüň astynda edilýän işler maňa hasrat getirdi. Bary biderek, salgyma çapmak.
18 Men Günüň astynda çeken ähli zähmetimi ýigrendim, çünki men bar gazanjymy özümden soň geljege goýup gitmeli.
19 Onuň akylly ýa-da akylsyz boljakdygyny kim bilýär? Muňa garamazdan, olar Günüň astynda paýhas bilen çeken bütin zähmetime eýelik ederler. Bu-da biderek.
20 Şeýdip, men Günüň astynda çeken bütin zähmetimden umydymy üzdüm.
21 Çünki adam paýhas, bilim we ussatlyk bilen zähmet çekýär, ýöne ol baryny hiç bir zähmet çekmedik başga adama galdyrmaly bolýar. Bu-da biderek, uly adalatsyzlyk!
22 Ynsanlar Günüň astynda çeken ähli zähmetinden, özüne zor salmakdan näme peýda tapýar?
23 Olaryň bütin ömri dertden, zähmeti gussadan doly; ýüregi gijesine-de rahatlanmaýar. Bu-da biderek!
24 Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok. Emma munuň-da Hudaýdandygyna göz ýetirdim.
25 Çünki kim Onsuz iýip, lezzet alyp bilýär?
26 Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.




Chapter 3

1 Her zadyň öz möwrüti bar, gögüň astynda her zadyň öz wagty bar:
2 Dogulmagyň öz wagty bar, ölmegiň öz wagty; ekmegiň öz wagty bar, ormagyň öz wagty.
3 Öldürmegiň öz wagty bar, şypa bermegiň öz wagty; ýumurmagyň öz wagty bar, dikeltmegiň öz wagty.
4 Aglamagyň öz wagty bar, gülmegiň öz wagty; ýas tutmagyň öz wagty bar, tans etmegiň öz wagty.
5 Daşlary pytratmagyň öz wagty bar, daş üýşürmegiň öz wagty; gujak açmagyň öz wagty bar, ondan saklanmagyň öz wagty.
6 Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty, saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty.
7 Ýyrtmagyň öz wagty bar, tikmegiň öz wagty; dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty.
8 Söýmegiň öz wagty bar, ýigrenmegiň öz wagty; urşuň öz wagty bar, parahatçylygyň öz wagty. Ynsanyň paýy
9 Işleýäne çekýän zähmetinden näme peýda bar?
10 Ynsanlara işli bolarlary ýaly Hudaýyň beren işini gördüm.
11 Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler.
12 Ynsan üçin şatlanmakdan we ömürboýy ýagşylyk etmekden gowy zadyň ýokdugyny bilýärin.
13 Her kesiň iýip-içip, öz bar zähmetinden lezzet almagy Hudaýyň beren sylagydyr.
14 Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi.
15 Häzir näme bar bolsa, ol öň hem bolandyr; geljekde boljak häzir hem bardyr. Hudaý öteni ýene gaýtarýar.
16 Men ýene Günüň astynda kazylykda adalatyň deregine-de, dogrulygyň deregine-de pisligiň bardygyny gördüm.
17 Içimden: «Hudaý dogry adama hem erbet adama hem höküm eder; çünki Hudaýyň Özi her mesele, her iş üçin wagt belledi» diýdim.
18 Ynsanlar barada içimden: «Özleriniň haýwanlar ýalydyklaryny görsünler diýip, Hudaý ynsanlary synaýar» diýdim.
19 Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek.
20 Ählisi bir ýere gidýär; ählisi toprakdandyr, ählisi-de ýene topraga dolanýar.
21 Ynsanlaryň ruhy ýokaryk galýarmy, haýwanlaryň ruhy aşak ýere inýärmi, kim bilýär?
22 Şeýdip, men ynsana öz eden işinden lezzet almakdan başga ýagşy zadyň ýokdugyny gördüm, çünki bu onuň muzdudyr. Dünýäden ötenden soň, näme boljagyny görkezmek üçin hiç kim ynsany yzyna getirip bilmez.




Chapter 4

1 Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy. 2–3 Bir eýýäm ölüp gidenleri dirilerden bagtly saýdym. Emma entek dogulmadyk, Günüň astynda edilýän pis işleri görmedik, bularyň ikisinden-de bagtlydyr.
4 Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
5 «Akylsyz goluny gowşuryp oturyp, özüni heläk edýär».
6 Emma bir owuç asudalyk iki owuç zähmetden we salgyma çapmakdan gowudyr.
7 Men Günüň astynda ýene-de bir bidereklik gördüm:
8 Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.
9 Iki adam bir adamdan ýagşydyr, çünki zähmetleri üçin ýagşy muzd alýarlar.
10 Eger biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Emma ýykylanda ýeke bolanyň halyna waý! Ýykylsa ony galdyrjak ýokdur.
11 Iki kişi bile ýatsa, ýylnarlar; emma ýeke kişi nähili ýylnyp biler?
12 Biriniň ýeke kişiden üstün çykmagy ähtimal, ýöne iki kişi oňa garşylyk görkezer. Üç tar ýüp aňsatlyk bilen üzülmez.
13 Maslahata gulak goýmaýan garry, akylsyz patyşadan garyp, akylly ýigit ýagşydyr.
14 Hakykatdan-da, öz ýurdunda garyp doglan hem bolsa, bendilikden boşan patyşa bolup biler.
15 Men Günüň astynda gezip ýören ähli ynsanlaryň, patyşanyň ornuny eýelän bu ýigidiň yzyna eýerýändigini gördüm.
16 Onuň baştutanlyk edýän ähli halky san-sajaksyzdy. Emma soň gelenler ondan razy bolmazlar. Elbet-de, bu-da biderek, salgyma çapmak.
17 Hudaýyň öýüne giden mahalyň hereketleriňe esewan et; Hudaýy diňlemek üçin huzuryna gelmek, akylsyzlar tarapyndan hödürlenen gurbanlykdan oňatdyr; çünki olar ýamanlyk edýänlerini bilýän däldirler.




Chapter 5

1 Hiç haçan alňasaklyk bilen gepleme, Hudaýyň huzurynda ýürek sözüni aýtmaga howlukma; çünki Hudaý gökdedir, sen ýerdesiň. Şonuň üçin az sözle.
2 Düýşüň gaýgy-aladanyň köpdügi üçin gelşi ýaly, samsyk gep-de, köp sözlülikden gelýändir.
3 Hudaýa aýdylan hudaýýolyňy gijikdirme. Çünki Hudaý akylzyslardan hoşal däldir; wadaňy berjaý et.
4 Wada bermezlik wada berip, ony berjaý etmezlikden ýagşydyr.
5 Diliň saňa günä etdirmesin; Hudaýyň ilçisiniň öňünde: «Wadam säwlik» diýme. Näme üçin Hudaý seniň sözüňe gaharlanyp, elleriňiň işini ýok etsin?
6 Köp hyýallylyk we boş sözler biderekdir; sen Hudaýdan gork. Baýlygy söýýän, baýlykdan doýmaz
7 Eger ýurtda garyplaryň ezilişini, adalatyň we dogrulygyň bozulyşyny görseň, muňa haýran galma; çünki her ýokary wezipeliniň üstünden özünden ýokary baştutan goýulýar we olaryň üstünde özlerinden ýokary bolanlar bar.
8 Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar.
9 Puly söýýän, puldan doýmaz, baýlygy söýýän-de, gazançdan. Bu-da biderek.
10 Harytlar köpelende, ony iýýänler-de köpelýändir; gözleri bilen görmekden başga eýesine ondan näme haýyr bar?
11 Az iýse-de, köp iýse-de, zähmetkeşiň ukusy süýjüdir. Emma baýyň baýlygy ony ukudan saklar.
12 Günüň astynda bir erbet dert gördüm: toplanan baýlyk eýesine zelel getirdi.
13 Baýlyk betbagtçylyk bilen ýok bolup gitdi. Çagalary bolsa-da, olara bermäge hiç zat galmaz.
14 Enesinden nähili doglan bolsa, bu dünýäden şeýle-de gider. Zähmetinden hiç bir zady elinde göterip, özi bilen äkidip bilmez.
15 Bu-da bir erbet dertdir: nähili gelen bolsa, şeýle-de gider. Boş ýere çeken zähmetiniň oňa näme haýry bar?
16 Ömürboýy çöregini garaňkylyk, gaýgy-gussalyk, hassalyk we gazap içinde iýýändir.
17 Ine, meniň görenim şudur: ynsana iýip-içip, Hudaýyň özüne beren gysga ömrüniň içinde Günüň astynda çekýän bütin zähmetinden lezzet almak ýaramlydyr; çünki bu onuň takdyrydyr.
18 Şeýle hem Hudaý bir adama baýlyk, mal-mülk berip, oňa bulardan lezzet almaga, takdyryna kaýyl bolup, öz zähmetinden lezzet almaga kuwwat beren bolsa, bu Hudaýyň peşgeşidir.
19 Ynsan ömrüniň günlerini köp ýatlamaz, çünki Hudaý onuň kalbyny şatlyk bilen eýeleýär.




Chapter 6

1 Günüň astynda gören bir erbet zadym bar, bu ynsana agram salýar.
2 Hudaý adama baýlyk, mal-mülk we abraý berýär, ähli islän zadyndan kemlik edýäni ýok, ýöne oňa bulardan lezzet almaga mümkinçilik bermeýär, ony bir keseki iýýär. Bu biderek, erbet dertdir.
3 Eger bir adam ýüz çaganyň atasy bolup, köp ýyl ýaşasa, ömri uzak bolup, ýöne durmuşyň näzi-nygmatlaryndan lezzet almasa, hormat bilen jaýlanylmasa, meniň üçin öli doglan çaga ondan gowudyr.
4 Çünki öli çaga biderek dogulýar, garaňkylyk içinde ýitip gidýär, ady garaňkylyga örtülýär.
5 Şeýle hem ol ne Güni gördi, ne-de bir zat bildi. Emma bu çaganyň rahatlygy ol adamyňkydan artykdyr.
6 Ol adam iki müň ýyl ýaşasa-da, abadanlykdan lezzet alsa-da, ahyrynda beýlekiler ýaly ol hem ötüp gitmeýärmi?
7 Ynsanyň bar zähmeti agzy üçindir, ýöne şonda-da ol hiç kanagatlanmaz.
8 Akyllynyň akylsyzdan näme artygy bar? Garyp ynsanlaryň öňünde nähili gezmelidigini bilse-de, munuň oňa näme haýry bar?
9 Baryňa kanagat etmek kalbyň arzuw etmesinden ýagşydyr. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
10 Näme bar bolsa, oňa eýýäm at goýlandyr; ynsanyň nämedigi bellidir. Ol özünden güýçli bilen dawalaşyp bilmez.
11 Köp söz biderekligi artdyrýar; munuň ynsana näme peýdasy bar?
12 Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň ynsana Günüň astynda näme boljakdygyny kim aýdyp biler?




Chapter 7

1 Ýagşy at hoşboý ysly ýagdan, ölüm güni dogluş gününden gowudyr.
2 Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar.
3 Gussa gülküden ýagşydyr, çünki ýüzüň gamgyn bolmagyndan ýürek gowulanýandyr.
4 Akyllynyň ýüregi ýas öýündedir; akylsyzyň ýüregi bolsa hezillik öýündedir.
5 Biakylyň aýdymyndan akyllynyň käýinji ýagşydyr.
6 Dogrudan-da akylsyzyň gülküsi gazanyň astynda ýanýan ýandagyň şatyrdysy ýalydyr. Bu-da biderek.
7 Haram gazanç akyllyny aklyndan azaşdyrýar, para ýüregi azdyrýar.
8 «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýlendir; sabyrly tekepbirden gowudyr.
9 Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar.
10 «Näme üçin geçen günler bu günden gowudy?» diýip sorama, çünki bu sowaly paýhas bilen soramaýarsyň.
11 Danalyk miras kimin gowudyr; dünýäde ýaşaýanlar üçin haýyrlydyr.
12 Danalygyň saýasy puluň saýasy kimindir. Bilimiň bähbidi budur: danalyk oňa eýe bolanlara ýaşaýyş berýär.
13 Hudaýyň işine seret; Onuň egreldenini kim dograldyp bilýär?
14 Ýagşy günde şat bol, gara günde muny ýatla: ynsan özünden soň näme boljagyny bilmesin diýip, Hudaý ýagşylygy-da, betbagtlygy-da ýaratdy. Netijesiz durmuş
15 Netijesiz ömrümde bar zady gördüm: dogry adam dogrulygynda ýok bolýar, pis adam pisliginde ömrüni uzaldýar.
16 Öte dogry bolma, öte akyldarlyk etme. Näme üçin özüňi heläk etjek?
17 Gaty erbet bolma, akmagam bolma. Näme üçin öz wagtyňdan öň ölmeli?
18 Bu duýduryşlaryň birine ýapyşyp, beýlekisinden el çekmezligiň gowudyr, çünki Hudaýdan gorkýan adam bulary tutar.
19 Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir.
20 Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.
21 Adamlaryň diýýän her sözüne üns berme, ýogsam hyzmatkäriň saňa edýän gargyşyny eşidersiň.
22 Seniň hem başgalara telim gezek gargandygyňy kalbyň bilýändir.
23 Bularyň baryny paýhas bilen synadym; «Dana bolaryn» diýdim. Emma ol menden uzakdy.
24 Uzak, gaty çuň bolan zady kim tapyp biler?
25 Men akyldarlygy, soraglarymyň jogabyny bilmäge, agtaryp tapmaga, pisligiň akmaklykdygyny, akmaklygyň telbelikdigini bilmäge ýüregimi gönükdirdim.
26 Duzak kimin, ýüregi gapandyr tor kimin, elleri zynjyr kimin bolan aýaly ölümden ajy gördüm. Hudaýy hoşal edýän adam ol aýaldan gaçyp gutulýar, ýöne günäkär onuň eline düşýär.
27 Ine, Wagyzçy diýýär: «Soraglarymyň jogabyny tapmak üçin bir-birden sanap çykdym;
28 ýüregim öwran-öwran agtardy, ýöne men tapmadym. Müň kişiniň arasyndan bir dogry adamy tapdym, ýöne olaryň ählisiniň arasyndan bir dogry aýaly-da tapmadym.
29 Ine, men muny bildim: Hudaý ynsany dogry edip ýaratdy, ýöne olar köp toslamalar oýlap tapdylar».




Chapter 8

1 Dana taý geljek barmy? Zatlaryň manysyny kim bilýär? Paýhas ynsanyň ýüzüni nurlandyrýar, oňa mähir berýär. Patyşa gulak asmaň
2 Hudaýyň adyndan ant içendigiň üçin, patyşanyň tabşyryklaryny sakla.
3 Patyşanyň huzuryndan çykmaga howlukma, ýaman işiň tarapdary bolma, çünki patyşa islan zadyny edýändir.
4 Patyşanyň sözi güýçlidir. Kim oňa, «Näme edýärsiň?» diýip biler?
5 Tabşyrygy berjaý edýäne zelel ýetmez; dana adamyň ýüregi haçan näme etmelidigini bilýändir.
6 Ynsanyň derdi gaty agyr bolsa-da, her bir işiň öz möwrüti bardyr.
7 Ol hakykatdan näme boljakdygyny bilýän däldir; kim oňa näme boljakdygyny aýdyp biler?
8 Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez. Pisler we dogrular
9 Men bularyň hemmesini gördüm, Günüň astynda edilýän ähli işe üns berdim; bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmesi onuň zyýanynadyr.
10 Soňra men pisleriň jaýlananyny gördüm: olar mukaddes ýere gelip-giderdiler, eden pislikleri üçin şäherde taryplanardylar. Bu-da biderek.
11 Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr.
12 Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.
13 Emma pis adam gowulyk görmez, kölegäniň uzalyşy ýaly onuň ömri uzalmaz, çünki ol Hudaýyň huzurynda gorkýan däldir.
14 Ýer ýüzünde edilýän bir bidereklik bar: pisleriň işine mynasyp bolaýjak zat dogry adamlaryň başyna gelýär; dogry adamlaryň işine mynasyp bolaýjak zat pisleriň başyna gelýär. Men bu-da bidereklik diýýärin.
15 Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.
16 Men paýhasy bilmegi, ynsanyň gözleriniň gije-gündiz uky görmän, ýer ýüzünde edýän işini öwrenmegi niýetime düwdüm.
17 Şeýdip, Hudaýyň ähli işlerini gördüm. Günüň astynda edilýän işlere düşünip bolmaýar. Ynsan ony agtarjak bolup, näçe synanyşsa-da, tapmaz, hatda dana adam muny bilýändigini aýtsa-da, tapyp bilmez.




Chapter 9

1 Bularyň hemmesini ýüregimde saklap, şeýle netijä geldim: dogrular, dana adamlar we olaryň işleri Hudaýyň elinde. Söýginiň garaşýandygyny ýa-da ýigrenjiň garaşýandygyny ynsan bilýän däldir.
2 Hemmäniň takdyry birdir: dogruçylyň-da, pisiň-de, ýagşynyň-da, ýamanyň-da, tämiziň-de, haramyň-da, gurbanlyk berýäniň-de, gurbanlyk bermeýäniň-de takdyry birdir. Ýagşy adama näme bolsa günäkäre-de şol bolar; ant içýäne näme bolsa, ant içmekden gorkýana-da şeýle bolar.
3 Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar.
4 Ähli ýaşaýanlaryň arasyndaky her kes üçin umyt bar; çünki diri it öli ýolbarsdan ýagşydyr.
5 Ýaşaýanlar öljekdigini bilýändirler, ýöne ölüler hiç zat bilýän däldir. Olar üçin mundan beýläk peşgeş bolmaz, hatda olary ýatlamazlar hem.
6 Olaryň söýgisi, ýigrenji we gabanjaňlygy eýýäm ýok bolandyr. Ölüler Günüň astynda bolup geçýän ähli zatlara goşulyp bilmezler.
7 Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.
8 Eşigiň mydama ak bolsun; başyňyň hoşboý ysly ýagy kemlik etmesin.
9 Günüň astynda özüňe berlen boş ömrüň bütin dowamynda söýýän aýalyň bilen durmuşdan lezzet al, çünki durmuşdan, Günüň astynda çekýän zähmetiňden galan paýyň budur.
10 Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.
11 Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlileriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr.
12 Ynsan haçan hasrat geljekdigini bilýän däldir. Zalym tora düşen balyklar kimin, duzaga düşen guşlar kimin ynsanlar hem üstüne betbagtlyk duýdansyz inende, tora düşýärler. Danalyk güýçden gowudyr
13 Günüň astynda men bu danalygy gördüm, meniňçe ol juda wajyp.
14 Az ilatly bir kiçi şäher bardy. Bir güýçli patyşa oňa hüjüm edip, ony gabady; garşysyna äpet gabaw desgalaryny gurdular.
15 Bu şäherde bir dana garyp tapyldy, ol şäheri paýhasy bilen halas etdi. Emma hiç kim bu garyby ýatlamady.
16 Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär.
17 Akyllynyň imi-salalykda aýdan sözleri, akylsyzlaryň arasyndaky hökümdaryň gykylygyndan gowudyr.
18 Akyldarlyk uruş ýaraglaryndan gowudyr, ýöne bir günäkär köp ýagşylyklary ýok edýändir.




Chapter 10

1 Öli siňekleriň atyrçynyň ýagyny porsadyp zaýalaýşy ýaly, azajyk akmaklyk-da akyldarlygy we hormaty haraplaýandyr.
2 Akyllynyň ýüregi dogrulyga tarap, akylsyzyň ýüregi bolsa egrilige tarap.
3 Akylsyz ýolda ýörände-de, düşünjesi kemlik edýändir, ol akmakdygyny hemmelere äşgär edýändir.
4 Hökümdaryň saňa gahary gelse-de, ýeriňi taşlap gitme, çünki mylaýymlyk uly ýazyklaryň üstüni örtýändir.
5 Günüň astynda ýene-de bir ýamanlyk gördüm. Bu hökümdar tarapyndan goýberilýän säwlikdir:
6 Akmak ýokary ýerlerde goýulýar, baý pes ýerde oturýar.
7 Men at münýän gullary, gullar ýaly pyýada ýöreýän hökümdarlary gördüm.
8 Çukura ony gazýanyň özi gaçýandyr; diwary deşýäni ýylan çakýandyr.
9 Daş kesýäne daşlardan şikes ýeter; odun aýyrýan özüne howp salar.
10 Eger palta kütek bolsa, ýüzi ýiteldilmese, oňa köpräk güýç sarp etmeli bolýandyr. Danalyk bolsa üstünlige eltýändir.
11 Eger ýylan owsunmazdan öň çaksa, owsunçynyň peýdasy ýokdur.
12 Akyllynyň sözleri oňa hormat getirer, akylsyzyň sözleri bolsa ony heläk eder.
13 Dilindäki sözleri akmaklyk bilen başlanyp, ýaman telbelik bilen gutarýar.
14 Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler?
15 Akylsyzyň zähmeti ony ýadadýandyr, hatda ol şähere gidýän ýoly-da bilýän däldir.
16 Eý, juwan patyşaly, hökümdarlary ertirine meýlis gurýan ýurt, dat günüňe!
17 Şasy asylzada, hökümdarlary serhoşluk üçin däl-de, güýçlenmek üçin öz wagtynda meýlis gurýan ýurt bagtlydyr!
18 Ýaltalyk zerarly üçek çökýändir, işsiz eller zerarly öýe suw geçýändir.
19 Meýlis keýpi-sapa üçin edilýändir, şerap durmuşa şatlyk berýändir, pul her mätäçligiň öwezini dolýandyr.
20 Hatda içiňden-de patyşa gargama, öz ýatýan otagyňda baýa gargama, çünki gökdäki guş habar äkider, ganatly guş sözüňi ýetirer.




Chapter 11

1 Nany suwa at, birnäçe günden ýene ony taparsyň.
2 Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.
3 Gara bulut ýagyş ýagdyrýandyr. Günorta ýa demirgazyga tarap ýykylan agaç ýykylan ýerinde galar.
4 Ýele seredýän ekin ekmez; bulutlara bakýan orak ormaz.
5 Ýeliň ýoluny we hamyla enäniň göwresindäki çaga nädip jan girýänini bilmeýşiň ýaly, sen hemme zady ýaradan Hudaýyň işlerini-de bilýän dälsiň.
6 Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň. Juwanlara maslahat
7 Yşyk gözeldir. Güni görmek gözlere hoş ýakýandyr.
8 Uzak ýyllap ýaşaýanlar hem her bir ýaşan güne şatlansynlar, ýöne köp garaňky günleriň boljakdygyny-da unutmasynlar. Bar bolýan zat biderekdir.
9 Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa höküm eder.
10 Gaýgyny ýüregiňden çykar, azaby bedeniňden daşlaşdyr, çünki ýaşlyk-da, juwanlyk-da gysga wagtlykdyr.




Chapter 12

1 Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.
2 Seniň üçin Gün, yşyk, Aý, ýyldyzlar garalmanka, ýagyşdan soň bulutlar yzyna gaýtmanka, Ony ýatla.
3 Şol gün öýi goraýanlar titreşerler, güýçli adamlar eglerler, el degirmeni bilen däne üweýänler işini togtadarlar, sebäbi olaryň sany azdyr, penjireden seredýänleriň gözleri garaňkyraýar.
4 Köçä açylan gapylar ýapylar, degirmeniň sesi kesiler; adamlar guş sesine oýanarlar, gyzlaryň nagmasy kesiler.
5 Beýiklikden gorkarlar, ýollar gorkuly bolar; badam agajy güllär, çekirtge özüni zor bilen çeker, höwes ýiter, çünki ynsan öz ebedi öýüne gider, ýas tutýanlar köçelerde aýlanyşarlar.
6 Kümüş zynjyr gyrylmanka, altyn käse döwülmänkä, bulak başyndaky küýze owranmanka, guýynyň başyndaky çarh döwülmänkä,
7 ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla.
8 Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär. Soňky söz
9 Wagyzçy dana bolmakdan başga-da halka bilim hem öwretdi. Ol gözleg geçirip, öwrenip, köp pähimleri ýerli-ýerinde goýdy.
10 Wagyzçy ýakymly sözleri tapmaga çalyşdy. Onuň ýazanlary dogry we hak sözlerdi.
11 Dananyň sözleri çişler kimindir; toplanan pähimli sözler berk kakylan çüýler ýalydyr. Pähimli sözler bir çopan tarapyndan berlendir.
12 Bulardan başga-da, eý, oglum, sak bol. Köp kitap ýazmagyň soňy ýokdur, köp okamak beden üçin argynlykdyr.
13 Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;
14 her bir işi, gizlin bolan her işi–isle ýagşy bolsun, isle ýaman–Hudaý höküm eder.