Işaýa

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66


Chapter 1

1 Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri. Ýahuda halkynyň pisligi
2 Eý, gök, eşit, eý, ýer, gulak goý! Reb aýdýar: «Men çagalary ekledim, ulaltdym, emma olar garşyma baş göterdiler.
3 Öküz öz eýesini tanaýar, eşek-de eýesiniň ahyryny, emma Ysraýyl Meni tanamaýar, halkym Maňa düşünmeýär».
4 Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.
5 Näme üçin ýene-de jeza gözleýärsiňiz? Näme üçin başbozarlygyňyzy bes etmeýärsiňiz? Başyňyz bütinleý ýaralanan, ýüregiňiz durşuna solup-saralan.
6 Depäňizden dabanyňyza çenli sagat ýeriňiz ýok, gan öýmelerdir, ýaralar, gany akyp duran ýaralar. Olar arassalanmadyk, saralmadyk, ýag bilen ýumşadylmadyk.
7 Ýurduňyz harabalyk, şäherleriňiz oda ýanan; kesekiler gözüňiziň alnynda ýurduňyzy ýalmaýarlar, ony haraba öwürýärler.
8 Siýon gyzy üzümlikdäki çadyr kimin, hyýar atyzyndaky çatma kimin, daşy gabalan şäher kimin bolup galar.
9 Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik.
10 Eý, Sodom baştutanlary, Rebbiň sözüni eşidiň! Eý, Gomora halky, Hudaýyň kanunyna gulak goý!
11 Reb şeýle diýýär: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn.
12 Huzuryma şeýle gelip, howlymy depeläp—ýörmegiňizi kim sizden talap etdi?
13 Sadaka bermek biderekdir, ýakymly ysly tütetgiňiz Maňa nejislikdir. Täze Aý baýramynda, Sabat gününde pislik edýärkäňiz guraýan mejlisiňize, ýygnanyşygyňyza çydap bilmeýärin.
14 Ýürekden ýigrenýärin Täze Aý we beýleki baýramlaryňyzy. Bular Maňa ýük boldular, ýadadym Men olary götermekden.
15 Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.
16 Ýuwnuň, tämizleniň, pis işleriňizi terk ediň gözümiň alnyndan, ýamanlyk etmegi bes ediň.
17 Ýagşylyk etmegi öwreniň, adalaty agtaryň, ezýet çekýäni halas ediň, ýetimi goraň, dul hatyna arka duruň».
18 Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.
19 Eger sözlerimi göwünjeňlik bilen diňleseňiz, ýurduň näzi-nygmatyny iýersiňiz.
20 Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr. Hudaý Iýerusalimi höküm edýär
21 Sadyk şäher nähili zynahor boldy! Ol öň adalatdan doludy, dogrulyk mesgen tutupdy onda, indi bolsa ganhorlar!
22 Kümşüň galynda öwrüldi, şerabyňa suw gatyldy.
23 Hökümdarlaryň pitneçä öwrüldiler, ogrulara şärikdir olar, ählisi para ýatdy, peşgeşleriň yzynda hallan atýarlar. Ýetimiň—hukugyny goramaýarlar, dul hatynyň dawasyna garamaýarlar.
24 Şonuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär: «Ýagylarymyň üstünden gazabymy dökerin, duşmanlarymdan öç alaryn!
25 Elimi saňa garşy uzadaryn, murdarlygyňyzdan aşgar bilen tämizlärin seni, ähli ýanyklaryňy aýraryn.
26 Kazylaryňy ozalky halyna, maslahatçylaryňy öňki halyna dikelderin. Şondan soň saňa: „Dogrulyk şäheri, sadyk şäher" diýler».
27 Siýon adalatlylyk bilen halas ediler, toba edenler dogrulyk bilen.
28 Pitneçiler we günäkärler birlikde gyrlarlar, Rebbi terk edýänler-de ýok bolarlar.
29 Höwes eden keramatly agaçlaryňyz üçin utanarsyňyz, saýlan baglaryňyz üçin ýüzüňiz gyzarar.
30 Siz ýapragy guran çynar agajy kimin bolarsyňyz, suwsuz galan baga meňzärsiňiz.
31 Güýçlüler çöpe dönerler, işleri uçguna meňzär, işleri-de, özleri-de oda ýanarlar, ol ody söndüren bolmaz.




Chapter 2

1 Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.
2 Ahyrky günlerde Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.
3 Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna — Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siýondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
4 Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp milletleriň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.
5 Eý, Ýakubyň nesilleri, geliň, Rebbiň nurunda ýöräliň!
6 Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly münejjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.
7 Olaryň ýurdy altyn-kümüşden doly, hazynalary tükeniksizdir, ýurt atlardan doly, söweş arabalary san-sajaksyzdyr.
8 Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.
9 Muňa görä ynsan kiçeldiler, her kes peseldiler, olary bagyşlama!
10 Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň.
11 Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.
12 Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder,
13 Liwanyň ähli beýik we belent başly kedr agaçlaryna, Başanyň bar dublaryna garşydyr,
14 Ähli belent daglara, beýik depelere garşydyr.
15 Her bir beýik diňe, her bir berk gala garşydyr.
16 Tarşiş gämileriniň baryny, owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder.
17 Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün—diňe Reb beýgeldiler.
18 Butlar bütinleý ýok ediler.
19 Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.
20 Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn, kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.
21 Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler.
22 Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar?




Chapter 3

1 Ine, Hökmürowan Taňry Reb Iýerusalimden, Ýahudadan ýardamy we azygy, nany we suwy keser.
2 Söweşijilerdir esgerleri, kazylardyr pygamberleri, palmanlardyr ýaşululary,
3 ellibaşylary, atly-abraýly adamlary, maslahatçylardyr mekir gözbagçylary, ökde jadygöýleri aradan aýrar.
4 Ýetginjekleri olara baştutan ederin, göwnüne gelenini edýänler olara hökmürowanlyk ederler.
5 Ynsan ynsana, goňşy goňşusyna sütem eder, ýaşlar ýaşululary, garamaýak adamlar abraýly adamlary sylamazlar.
6 Garyndaş garyndaşyna ýapyşyp, öz urugyndan bolana şeýle diýer: «Egniňde eşigiň bar, sen bize baştutan bol! Bu harabalyklar seniň gol astyňda bolsun».
7 Şol gün ol adam gygyryp, şeýle diýer: «Men ýaraňyzy sarap bilmen; öýümde ne çörek bar, ne-de geýim, meni halka—baştutan etmäň».
8 Iýerusalimiň büdrändigi, Ýahudanyň ýykylýandygy üçin, Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän sözleriniň we edýän işleriniň Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.
9 Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär, günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler, olary ýaşyrmaýarlar, olaryň dat gününe! Betbagtçylygy satyn aldylar olar.
10 Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler.
11 Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.
12 Çagalary halkyma sütem edýärler, aýallary üstlerinden höküm sürýärler. Eý, halkym, baştutanlaryňyz sizi azaşdyrýarlar, ýörejek ýodalaryňyzy bulaşdyrýarlar.
13 Reb dawa tutmaga ýerinden galýar, halklara kazylyk etmek üçin aýaga galýar.
14 Reb halkynyň ýaşululary, hökümdarlary bilen höküme girişýär: «Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz, öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.
15 Halkymy ezip, garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?» Muny Taňry Hökmürowan Reb aýdýandyr.
16 Reb şeýle diýýär: «Siýon gyzlary tekepbirdirler, tumşuklaryny göge tutup ýöreýärler, näzirgeşip seredýärler, näz-kereşme bilen ädim ädip, aýak halkalaryny şyňňyrdadýarlar.
17 Şonuň üçin Taňry Siýon gyzlarynyň kellesini kel eder, Reb maňlaýlaryny takrydar.
18 Şol gün Taňry owadan aýak-halkalaryny, alyn bezeglerini, gymmatbaha monjuklaryny,
19 gulakhalkalaryny, bileziklerini we ýaglyklaryny, börüklerini, topuk-halkalaryny, guşaklaryny, atyr çüýşejiklerini we doga-tumarlaryny,
20 ýüzüklerini we burun-halkalaryny,
21 toý lybaslaryny, kürtelerini, çabytlaryny we el-gapjyklaryny,
22 ýüz aýnalaryny, ýüpek lybaslaryny, börüklerini we bürençeklerini aýrar.
23 Atyryň deregine porsy ys, bil guşagyň deregine ýüp, buýra zülpleriň deregine kellik, bezemen lybasyň deregine jul, gözelligiň deregine utanç bolar.
24 Erkekleriň gylyçdan gyrlarlar, edermen urşujylaryň söweşde ölerler.
25 Siýonyň derwezeleri ah çekip, ýas tutar, şäher çolaryp, gury ýerde oturar».




Chapter 4

1 Şol gün ýedi aýal bir erkege ýapyşyp, şeýle diýer: «Öz çöregimizi iýip, öz eşiklerimizi geýeris, Seniň adyňy alsak bolýar, bizi utançdan gutar».
2 Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.
3 Siýonda galanlara — Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, «Mukaddes» diýiler.
4 Taňry Siýon gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär.
5 Soňra Reb Siýon dagynyň her ýanyny, ol ýerde toplananlaryň üstüni gündizine bulut we tüsse bilen, gijesine parlak ot ýalny bilen örter. Bütin şöhratyň üsti örtgüli bolar.
6 Bu örtük gündiz yssyda kölege bolar, gaýda, ýagyşda pena we gaçybatalga bolar.




Chapter 5

1 Söýgülime üzümçilik hakdaky söýgi nagmamy aýdaýyn: mes toprakly depede söýgülimiň üzümçiligi bar.
2 Ony agdaryp, daşlardan arassalady, saýlama üzümler ekdi. Ortasynda gözegçilik diňini dikdi, üzüm sykmak üçin çukur gazdy. Üzüm hasylyna garaşdy, emma ol ýabany üzüm berdi.
3 Indi, eý, Iýerusalim ilaty, Ýahuda halky! Men bilen üzümçiligimiň arasynda kazylyk ediň.
4 Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men? Edilmän galdyrylan iş barmy? Hasylyna garaşanymda, näme üçin ýabany üzüm berdi?
5 Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýatyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar.
6 Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.
7 Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi. Adalatsyzlyk edýänleriň dat gününe!
8 Öý üstüne öý, ýer üstüne ýer edinýänleriň dat gününe! Özüňizden başga ýer goýmaýarsyňyz, ýurtda diňe siz ýaşamalymy näme?
9 Hökmürowan Rebbiň şeýle diýenini eşitdim: «Beýik hem gözel jaýlar haraba öwrüler, içinde hiç kim galmaz.
10 Üzümçiligiň on bölegi bir meşik şerap berer, iki halta tohum diňe iki çelek hasyl berer».
11 Ir turup, içgi ugrunda ylgaýanlaryň, giç agşama çenli şerap içip, möwç alýanlaryň dat gününe!
12 Meýlislerinde barbatdyr arfa, deprekdir tüýdük çalnyp, şerap içilýär, ýöne Rebbiň işlerine üns bermeýärler, Onuň eliniň işlerini görmeýärler.
13 Munuň üçin halkym nadanlykdan sürgün ediler, at-abraýly adamlary açlykdan öler, köpleri bolsa teşnelikden gyrlar.
14 Şonuň üçin doýmagy bilmeýän ölüler dünýäsi agzyny giňden açdy; Iýerusalimiň at-abraýlylary, köplügi, şowhunçylary, şady-horramlary bu dünýä girerler,
15 Ynsan peseldiler, her kes kiçeldiler, tekebirli bakyşlar peseldiler.
16 Emma Hökmürowan Reb adalatlylykda beýgeldiler, Mukaddes Hudaý dogrulykda Öz mukaddesligini görkezer.
17 Goýunlar öz örülerindäki ýaly otlarlar, owlak-guzular harabalyklaryň arasynda otlarlar.
18 Etmişi ýalançylyk ýüpleri bilen, günäni araba tanaplary bilen süýreýänleriň dat gününe!
19 Olar: «Goý, Hudaý howluksyn, işini tiz etsin, biz-de göreli; Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni tiz amala aşsyn, biz hem ony bileli».
20 Ýamana ýagşy, ýagşa ýaman diýýänleriň, zulmaty nur, nury zulmat saýýanlaryň, aja süýji, süýjä ajy diýýänleriň dat gününe!
21 Özlerini paýhasly, düşünjeli saýýanlaryň dat gününe!
22 Şerap içmekde batyrlaryň, içgi garmakda güýçlüleriň,
23 para üçin günäkäri aklaýanlaryň, dogryny hakyndan mahrum edýänleriň dat gününe! Keseki çozuşy öňden aýdylýar
24 Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.
25 Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.
26 Ol uzakdaky milletlere nyşan iberer, olary ýeriň aňry ujundan sykylyk bilen çagyrar, Ine, olar dazlap, tizden ýetip gelerler.
27 Içinde ýadawy, büdreýäni bolmaz, hiç kim irkilmez ýa-da uklamaz, billeriniň guşagy gowşamaz, çaryklarynyň bagy üzülmez.
28 Oklary ýitidir, ýaýlary-da dartylandyr, atlarynyň toýnaklary çakmakdaşa meňzeýär, arabalarynyň tigirleri tüweleýe.
29 Arryldylary arslanyňky deý, ýaş şirler kimin arlaýarlar; arlap, awuny tutýarlar, ony alyp gidýärler, halas etjek ýok.
30 Şol gün olar awunyň üstünde deňiz güwwüldisi kimin arlarlar, kim ýurda nazar salsa, ine, garaňkylyk hem hasrat; nur gara bulutlar bilen örtüler.




Chapter 6

1 Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy.
2 Onuň ýokarsynda seraflar durdy; hersiniň alty ganaty bardy. Olar ganatlarynyň ikisi bilen ýüzlerini, beýleki ikisi bilen aýaklaryny büreýärdiler, galan ikisi bilen-de uçýardylar.
3 Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».
4 Olaryň sesine gapynyň söýeleri sarsdy, Hudaýyň öýi tüsseden doldy.
5 Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy murdar adamdyryn we agzy murdar adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany—Hökmürowan Rebbi gördi».
6 Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy.
7 Seraf közi agzyma degrip, şeýle diýdi: «Ine, bu köz dodaklaryňa degdi. Indi ýazyklaryň aýryldy, günäleriňden saplandyň».
8 Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.
9 Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka: „Eşitmesine eşidýärsiňiz, ýöne düşünmeýärsiňiz, görmesine görýärsiňiz, ýöne bilmeýärsiňiz" diý.
10 Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».
11 Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,
12 Reb hemmeleri uzaklara kowup, ýurduň içinde terk edilen ýerler köpelýänçä,
13 halkyň ondan biri galsa-da, ýurt ýene-de ýakylar. Mukaddes nesil ýurtda kesilen agajyň töňňesi kimin bolar. Ýurtda kesilen agajyň töňňesi kimin bolar».




Chapter 7

1 Resin Aramyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy.
2 Dawudyň nesli Aramyň Efraýym bilen birleşenini eşidende, Ahazyň ýüregi ýele titreýän jeňňel agaçlary ýaly titredi.
3 Onsoň Reb Işaýa ogluň Şeýarýaşup bilen ýokarky howza akýan ýabyň aýagyndaky kir ýuwulýan meýdanyň ýolunda Ahazy garşylamaga gidip, oňa:
4 «Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Aram şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme.
5 Aramlylar we efraýymlylar öz patyşasy Remalýanyň ogly bilen saňa garşy dildüwşük gurady.
6 Ol: „Geliň, Ýahudanyň üstüne çozalyň, ony gorkuzyp, basyp alalyň we Tabeýeliň ogluny patyşa edeliň" diýersiň» diýdi.
7 Emma Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu amala aşmaz, berjaý bolmaz ol.
8 Aram Damaskyň paýtagtydyr, Resin Damaskyň baştutanydyr. Halk bolmakdan galar Efraýym, altmyş bäş ýylyň içinde synyp.
9 Samarýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samarýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla».
10 Reb ýene-de Ahaza:
11 «Hudaýyň Rebden alamat sora; goý, ol ölüler dünýäsinden çuň, gök kimin beýik bolsun» diýdi.
12 Emma Ahaz: «Sorajak däl, Rebbi synajak däl» diýdi.
13 Onsoň Işaýa şeýle diýdi: «Gulak goýuň, eý, Dawudyň nesilleri! Ynsanlary irizeniňiz size azlyk edip, indi Hudaýymy hem irizjekmisiňiz?
14 Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, bir gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.
15 Ol ýagşyny ýamandan saýgaryp bilýänçä, diňe gaýmak bilen bal iýer.
16 Ýöne oglanyň ýagşyny ýamandan saýgarmagy öwrenmezinden öň, seni gorka salan iki patyşanyň ýurdy terk ediler.
17 Reb seniň, halkyňyň we ata-babalaryň nesilleriniň başlaryna Efraýymyň Ýahudadan bölünip aýrylan gününden bäri görülmedik günleri getirer; Aşur patyşasyny getirer».
18 Şol gün Reb Müsür derýalarynyň aýakuçlaryndaky siňeklere, Aşur ýurdundaky arylara sygyrar.
19 Olar hem gelip, ýapaşak derelerde, gaýalaryň jaýryklarynda, ähli tikenekli gyrymsy agaçlarda we örülerde ornaşarlar.
20 Şol gün Reb Perat derýasynyň aňyrsyndan kireýine alnan päki bilen, ýagny Aşur patyşasy bilen saçyňyzy, aýaklaryňyzyň tüýlerini we sakgalyňyzy syrar.
21 Şol gün bir adam bir gulajyn bilen iki goýun saklar.
22 Ol sagyp alan bol süýdünden gaýmak iýer; ýurtda galan her kes gaýmak hem bal iýer.
23 Şol gün bahasy müň kümüş teňňä barabar bolan müň düýp üzümli tutuş ýer çalylyk we tikenlik ýerlere öwrüler.
24 Tutuş ýurt çalylyga we tikenlige öwrüler; adamlar ol ýere okdur ýaýlary bilen gider.
25 Çalylardan we tikenlerden gorkyňyza öňki kätmenlenen depelere gidip bilmersiňiz; ol ýerler mal goýberilýän, goýunlaryň basgylaýan ýeri bolar.




Chapter 8

1 Reb maňa: «Bir uly tagta al-da, aýdyň görünýän harplar bilen onuň ýüzüne „Maher-şalal-haşbaz" diýip ýaz.
2 Men Uryýa ruhany bilen Ýaberekýanyň ogly Zakarýany Özüme ynamly şaýatlar hökmünde çagyraryn» diýdi.
3 Men pygamber aýala ýanaşdym. Ol göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Reb maňa: «Adyna Maherşalal- haşbaz dak.
4 Çaga „kaka", „eje" diýmegi öwrenmezden öň, Damaskyň we Samarýanyň baýlygyny Aşur patyşasy olja alar» diýdi.
5 Reb ýene sözüni dowam edip:
6 «Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy.
7 Şonuň üçin Reb Perat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar.
8 Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel».
9 Eý, milletler, gidiň, urşuň ýöne siz gyrylarsyňyz! Gulak goýuň, eý, uzakdaky ähli ýurtlar! Billeriňizi guşaň, ýöne gorkuň! Billeriňizi guşaň, ýöne siz gyrylarsyňyz!
10 Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.
11 Rebbiň güýçli eli üstümdekä, Ol maňa bu halkyň ýolundan ýöremezligi duýduryp, şeýle diýdi:
12 «Bu halkyň dildüwşük diýýän her zadyna dildüwşük diýmäň, olaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, heder etmäň.
13 Hökmürowan Rebbi, diňe Ony mukaddes saýyň; Ondan gorkuň, Ondan heder ediň!
14 Ol mukaddes öý bolar, emma Ol Ysraýylyň iki patyşalygyna büdreme daşy, ýykýan gaýa, Iýerusalimiň ilatyna duzak we tor bolar.
15 Olaryň köpüsi büdräp, ýykylar, ýumrular, duzaga düşürilip, tutular».
16 Şägirtlerimiň arasynda şaýatlygy bagla, kanuny möhürle.
17 Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.
18 Ine, men we Rebbiň maňa beren çagalary, Siýon dagynda mesgen tutýan Hökmürowan Rebbiň Ysraýyldaky alamatlary we nyşanydyr.
19 –20 Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?». Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!
21 –22 Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.




Chapter 9

1 Muňa garamazdan, azap içindäkiler tükeniksiz tümlükde bolmaz. Geçmişde Ol Zebulun we Naftaly ýurduny peseltdi, emma geljekde Deňiz ýakasyndaky ýoly, Iordanyň aňyrsyny we milletleriň Jelilesini şöhratlandyrar.
2 Uly nur gördi, tümlükde barýan halk; tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy.
3 Milleti köpeltdiň Sen, artdyrdyň olaryň şatlygyn, hasylda şatlanyşlary deý, seniň öňüňde guwanýarlar, olja paýlaşýan deý galkynyşýarlar.
4 Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek.
5 Söweşdäki esgerleriň ädikleri, ähli gana bulaşan eşikleri, oda taşlanyp ýakylar.
6 Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.
7 Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.
8 Taňry Ýakubyň nesline garşy söz iberdi, ol Ysraýylda berjaý boldy.
9 Bütin halk, Efraýymyň, Samarýanyň ilatlary muny bilerler. Olar tekepbirlik, ýürek buýsanjy bilen şeýle diýýärler:
10 «Kerpiçler ýykyldy, ýöne ýonulan daşlardan gurarys biz, kerkaw agaçlary kesilip taşlandy, ýöne kedr agaçlaryny ekeris biz».
11 Muňa görä Reb Resiniň ýagylaryna onuň garşysyna çykmaga güýç berdi, duşmanlaryny aýaga galdyrdy olaryň,
12 gündogardan aramlylary, piliştlileri gunbatardan. Olar Ysraýyly ýuwdarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.
13 Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbi agtarmady.
14 Şonuň üçin Ysraýyldan başy-da, guýrugy-da, palma şahasyny-da, gamşy-da bir günde kesip taşlar Reb.
15 Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr, ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr.
16 Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar, olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar.
17 Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez atasyzyna, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.
18 Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar.
19 Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez.
20 Halk onda-munda tapanyny iýer, ýöne şonda-da doýmaz, aç bolar, her kes öz garyndaşynyň etini iýýär.
21 Efraýymy bilen Manaşe biri-birini ýuwudarlar, bilelikde Ýahuda hüjüm edýärler, sönmändi Rebbiň gazaby barybir, entek hem jeza bermäge taýyn eli.




Chapter 10

1 Adalatsyz parzlary çykarýanlaryň, dat gününe zorluk permanyny ýazýanlaryň!
2 Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz, ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz, dul hatynlary awlaýarsyňyz, ýetimler oljaňyz bolýar.
3 Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, Nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?
4 Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr. Henizem Onuň eli. Hudaýyň Aşur baradaky hökümi
5 Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!
6 Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.
7 Emma Aşur patyşasy beýle niýet edenok, beýle pikir etmeýär ol; ýüreginde köp milletleri gyrmak, köki-damary bilen ýok etmek küýündedir onuň.
8 Ol şeýle diýýär: «Leşgerbaşylarymyň ählisi patyşa dälmi näme?
9 Kalno şäheri Karkemiş kimin dälmi? Arpat kimin dälmi Hamat? Samarýa Damask kimin dälmi?
10 Iýerusalim bilen Samarýanyňkydan-da beýik oýma butlary bolan butparaz patyşalyklary ele salşym ýaly,
11 Samarýa we onuň butlaryna edişim ýaly, Iýerusalime we onuň butlaryna-da şeýle ederin».
12 Reb Siýon dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».
13 Çünki Aşur patyşasy şeýle diýýär: «Muny öz elimiň güýji bilen, Öz paýhasym bilen gazandym, Men paýhaslydyryn. Milletleriň serhetlerini aýyrdym, olaryň hazynalaryny taladym, tagtyndan agdardym güýçli şalary.
14 Milletleriň baýlygyny tapdy elim, höwürtge tapan ýaly; terk edilen ýumurtgalaryň ýygnalyşy kimin, bütin dünýäni ýygnadym. Ganat kakyp, agzyny açyp, ses çykaran bolmady».
15 Palta özüni işledýäniň ýanynda öwünermi? Byçgy özüni ulanýandan beýgeldermi özüni? Özüni göterýäni göterermi taýak? Özüni galdyrýany galdyrarmy hasa?
16 Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.
17 Ysraýylyň Nury ot, onuň Mukaddesi ýalyn bolar, ýalyn onuň tikenleridir çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar.
18 Gözel tokaýlarydyr, mes toprakly ýerlerini bütinleý ýok eder Reb, heläk bolar agyr derde ýolugan adam deý.
19 Tokaýlarynda galan agaçlar şeýle az welin, çaga-da sanap, ýazyp biler olary.
20 Şol gün Ysraýylyň aman galanlary we Ýakubyň nesilleriniň halas bolanlary mundan beýläk özlerine jeza berýäne däl-de, eýsem tüýs ýürekden Ysraýylyň Mukaddesine bil baglarlar.
21 Aman galanlar, Ýakubyň aman galanlary gudratly Hudaýa dolanarlar.
22 Halkyň Ysraýyl deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe onuň aman galanlary Hudaýa dolanarlar. Karar edilen heläkçilik dogrulyk bilen amala aşyrylar.
23 Taňry Hökmürowan Reb höküm edişi ýaly, bütin ýer ýüzünde heläkçiligi amala aşyrar.
24 Şonuň üçin Taňry Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Siýonda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň.
25 Ine, biraz wagtdan gaharym ýatyşar, gazabym aşurlylary heläk etmäge gönüger.
26 Orep gaýasynda midýanlary weýran edişi kimin, Hökmürowan Reb olara garşy gamçy galdyrar. Hasasyny Müsürde ýokary galdyryşy kimin deňziň üstüne uzadar.
27 Şol gün aşurlylaryň ýüki siziň gerşiňizden, boýuntyrygy siziň boýnuňyzdan aýrylar; semizligiňizden ýaňa boýuntyryk döwler».
28 Aýat şäherine gelýärler olar, Migrondan geçýärler, Mikmaşda ýüklerini goýýarlar.
29 Geçelgeden geçýärler olar, Gebada bir gije düşleýärler, Rama şäheri lerzana gelýär, Şawulyň Gibga şäheriniň ilaty gaçýar.
30 Bar sesiňe gygyr, eý, Gallym gyzy! Gulak goý, eý, Laýşa! Eý, görgüli Anatot!
31 Madmena gaçyp gidýär, Gebimiň ilaty pena agtarýar.
32 Bu gün duşmanlar Nobda galarlar, Siýon gyzynyň dagyna, Iýerusalimiň depesine ýumruk çenär.
33 Ine, Hökmürowan Taňry Reb gudratly güýji bilen keser şahalary, Iň beýik agaçlar çapylar, belentlikleri ýere ýazylar.
34 Tokaýyň gür ýerlerini palta bilen çapar, Liwan Gudratly Bolanyň öňünde ýykylar.




Chapter 11

1 Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.
2 Rebbiň Ruhy: danalyk hem paýhas, maslahat hem güýç-gudrat, Rebbi bilmek hem Ondan gorkmak ruhy Onuň üstünde bolar.
3 Ol Rebden gorkmakdan lezzet alar, görşüne görä höküm etmez Ol, eşidişine görä karar çykarmaz.
4 Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.
5 Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline.
6 Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar, bir ýerde ýatar gaplaň we owlak, göle, arslan we bir ýaşar mal biledir, olary bir ýaş bala bakar.
7 Sygyr aýy bilen bile otlar, balalary-da bile ýatar olaryň, arslan öküz dek saman iýer.
8 Emýän çaga gara ýylanyň hininiň agzynda oýnar, süýtden aýrylan çaga elini kepjebaşyň hinine sokar.
9 Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.
10 Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.
11 Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Elamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.
12 Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar.
13 Efraýymyň gabanjaňlygy aýrylar, Ýahudanyň duşmanlary ýok ediler, Efraýym Ýahuda görüpçilik etmez, Ýahuda Efraýyma duşmançylyk etmez.
14 Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara.
15 Müsür deňziniň aýlagyny bütinleý guradar Reb, güýçli ýeli bilen elini Perat derýasyna galgadar, ýedi çeşmä böler ony, çarykly geçerler adamlar ondan.
16 Ysraýyllaryň Müsürden çykan güni Ysraýyla edişi ýaly, Rebbiň Aşurda aman galan halky üçin uly ýol açylar.




Chapter 12

1 Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.
2 Elbetde, Hudaý Halasgärimdir meniň, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».
3 Şatlyk bilen guýulardan suw çekişiňiz deý, şatlyk bilen-de halas edilersiňiz.
4 Şeýle diýersiňiz şol gün: «Rebbe şükür ediň, Onuň adyny tutuň; milletleriň arasynda Onuň işlerini aýan ediň, Adynyň beýikdigini jar ediň.
5 Rebbe öwgüler aýdyň, Ol beýik işler etdi; ýer ýüzi bilsin muny!
6 Eý, Siýon halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»




Chapter 13

1 Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa görnüş üsti bilen gelen pygamberligi:
2 Ýalaňaç dagyň üstünde baýdak dikiň, söweşijilere gygyryň sesiňiz ýetdiginden, begleriň derwezelerinden girer ýaly, olara el bulaň.
3 Özüme bagyş edilenlere buýruk berdim, urşujylarymy, şanyma guwanýanlarymy gazabymy dökdürtmek üçin çagyrdym.
4 Daglardaky gykylyga gulak goýuň, bu köp halklaryň sesine meňzeýär! Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň, patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň! Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.
5 Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb.
6 Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr! Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.
7 Munuň üçin eller gowşar, her ynsanyň ýüregi ýarylar.
8 Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.
9 Ine, Rebbiň güni, ýowuz gün gelýär, ýer ýüzüni haraba öwürmek üçin, ondaky günäkärleri ýok etmek üçin, gazap bilen, gahar ody bilen gelýär.
10 Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz.
11 Men dünýäni ýamanlygy üçin, etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri; tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn, zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.
12 Ynsanlary sap altyndan, adamlary Ofir gyzylyndan-da has gymmatly ederin.
13 Şonuň üçin gökleri titrederin, Rebbiň gahar ody lowlaýan güni, Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýer ýüzi lerzana geler.
14 Kowalanýan jeren kimin, çopansyz goýunlar kimin, her kes öz halkyna, her kişi öz ýurduna gaçar.
15 Tutulanlar naýzadan geçiriler, ele düşen gylyçdan ötüriler.
16 Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar.
17 Ine, Men kümşe gyzmaýaryn, altyny söýmeýärin, midiýalary olara garşy öjükdirýärin.
18 Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary, bäbeklere rehim etmezler, gözleri çagalary gaýgyrmaz.
19 Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.
20 Ol ýer ilatsyz galar, müdimilik ýaşaýyş bolmaz onda, araplar çadyrlaryny dikmezler, çopanlar sürülerini bakmazlar.
21 Wagşy haýwanlar ýatar ol ýerde, baýguşdan dolar öýleri, düýeguşlar mesgen tutar, geçiler bökjeklärler ol ýerde.
22 Saraýlarynda syrtlanlar, köşklerinde şagallar uwlaşar; Babylyň soňy ýakyndyr, onuň günleri uzak bolmaz.




Chapter 14

1 Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.
2 Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gulgyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.
3 Reb sizi yzaňyzdan, gaýgyňyzdan we çeken agyr işiňizden azat edende,
4 Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz: «Ine, zulumkeşiň soňy geldi! Onuň tekepbirligi tamam boldy!
5 Reb pisleriň taýagyny, hökümdarlaryň hasasyny döwdi.
6 Ol halklara gazaply, üznüksiz zarbalar urdy, milletleri gazap bilen, dynuwsyz zulum bilen dolandyrdy.
7 Bütin dünýä dynçlykda, rahatlykda; olar aýdyma başlaýarlar.
8 Serwiler we Liwanyň kedr agaçlary üstünden şatlanyp, şeýle diýýärler: „Aýak astyna düşeliň bäri, hiç kim bizi çapmaga gelmeýär"».
9 Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi garşylamaga howlugýar; ol seniň üçin ölüleri, ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar; milletleriň ähli şalaryny tagtlaryndan turuzýar.
10 Olaryň hemmesi saňa: «Sen-de biz ýaly ejizlediň, bize meňzediň!» diýerler.
11 Şan-şöhratyň, arfalaryň sesi ölüler dünýäsine inderildi; astyňa gurtlar düşeldi, üstüň gurçuklara büreldi.
12 Eý, parlak ýyldyz, daň ogly, gökden nähili gaçdyň! Eý, milletleri ýeňen sen, indi özüň ýere ýykyldyň!
13 Sen ýüregiňde diýdiň: «Göklere çykaryn, tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn. Jemagatyň toplanan dagynda, Zafon dagynda oturaryn.
14 Bulutlaryň depesine çykaryn, Allatagala ýaly ederin özümi».
15 Emma sen ölüler dünýäsine, gabryň düýbüne inderilersiň.
16 Görenler çiňerlip serederler saňa, sen hakda oýlanyp, şeýle diýerler: «Ýeri sarsdyran, patyşalyklary titreden,
17 dünýäni çöle dönderen, şäherleri ýer bilen ýegsan eden, ýesirleri öýlerine goýbermedik şumy?»
18 Milletleriň patyşalarynyň ählisi, Hersi öz gabrynda, şöhrat içinde ýatyr.
19 Emma terk edilen çaga kimin gabryňdan daşary atyldyň; gylyçdan geçirilen, gabryň daşly düýbüne atylan jesetler bilen örtülýärsiň. Aýak astynda depelenen maslyk deý,
20 beýleki şalar ýaly jaýlanmarsyň; çünki sen öz ýurduňy weýran etdiň, öz halkyňy gyrdyň. Pislik edýänleriň nesli asla ýatlanmasyn!
21 Atalarynyň etmişleri zerarly, ogullaryny öldürmäge taýynlaň, olar galyp, dünýäni eýelemesinler, ýer ýüzüni şäherlerden doldurmasynlar.
22 Hökmürowan Reb yglan edýär: «Men olara garşy galaryn, Babylyň adyny, aman galanlaryny, ogullaryny we nesillerini ýok ederin. Muny Reb diýýär».
23 Hökmürowan Reb: «Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» diýýär.
24 Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär: «Nähili niýet eden bolsam, şeýle-de bolar, näme karara gelen bolsam, şol-da amala aşar.
25 Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn, daglarymda olary aýak astyna alaryn; olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar, ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler».
26 Bütin dünýä hakda edilen karar budur, ähli milletlere tarap uzan el budur.
27 Hökmürowan Reb karar etdi, kim Oňa päsgel berip biler? Ol elini uzatdy, kim ony yzyna öwrüp biler? Piliştlilere garşy pygamberlik
28 Ahaz patyşanyň ölen ýyly şu pygamberlik geldi:
29 «Özüňizi uran taýak döwüldi diýip şatlanmaň, eý, piliştliler! Ýylan tohumyndan kepjebaş dörär, onuň miwesi-de uçýan mähnet ýylan bolar.
30 Garyplaryň garyby doýar, mätäçler howpsuzlykda ýatarlar, emma seniň köküňi açlykdan ýaňa gyraryn, aman galanlaryňyz-da ölersiňiz.
31 Perýat et, eý, derweze! Nala çek, eý, şäher! Eý, piliştliler, gorkudan eräň! Demirgazykdan tüsse çykýar, goşun hatar-hatar bolup gelýär».
32 Milletiň çaparlaryna näme jogap berler? Reb Siýony bina etdi, Halkynyň mätäçleri onda pena taparlar.




Chapter 15

1 Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!
2 Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Medeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.
3 Köçelerinde jul geýinýärler, üçeklerde, meýdançalarda her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar.
4 Heşbon bilen Elale nalyş edýär, sesleri Ýahaza çenli eşidilýär. Şonuň üçin Mowabyň esgerleri aglaşýar, gorkudan ýürekleri galdyraýar.
5 Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda.
6 Nimrim suwlary gurady; otlar soldy, täze ot gögermedi, gök öwüsýän zat galmady asla.
7 Munuň üçin gazanan baýlyklaryny, bar toplan zatlaryny söwüt jülgesine äkiderler.
8 Agy bilen doldy tutuş Mowap ýurdy; olaryň perýady Eglaýyma, nalyşy Beýerelime ýetýär.
9 Dibonyň suwlary gandan doly, emma Men mundanam beterini getirerin Dimonyň başyna, Mowapdan gaçanlaryň, ýurduň aman galanlarynyň üstüne şir getirerin.




Chapter 16

1 Sähra ýoly bilen Seladan Siýon gyzynyň dagyna, ýurduň hökümdarlaryna guzulary ýollaň.
2 Arnon geçelgesinde Mowabyň aýallary höwürtgesinden kowlan öýsüz-öwzarsyz guşlara meňzeýär.
3 «Maslahat ber, adalaty berjaý et. Günortan çagy gije kimin üstümize saýa sal. Kowulanlary gizle, gaçgaklary ele berme.
4 Mowapdan kowlanlar mesgen tutsun araňyzda; weýran edýänlerden olara pena boluň». Sütemkär ýok bolup, weýrançylyk soňlanar, talaňçylar ýitirim bolarlar.
5 Tagt merhemet bilen berkidiler, sadyklyk bilen şalyk sürer Dawudyň nesillerinden biri, adalaty agtarýan hökümdar dogrulygy ýöreder.
6 Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.
7 Şonuň üçin Mowap perýat etsin, her kes Mowap üçin nala çeksin, Kirharesetiň kişmişli kökeleri üçin ýas tutuň, gam çekiň.
8 Heşbonyň ekin meýdanlary, Sibmanyň üzümçilikleri gurady; başga milletleriň baştutanlary saýlama üzümçilikleri basgyladylar; üzümçilikler Ýazere ýetip, çöle çenli ýaýyldy; şahalary ýaýrap, deňizden-de aşdy.
9 Şonuň üçin Ýazer agysy bilen Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men; gözýaşym bilen suwararyn sizi, eý, Heşbon we Elgala! Çünki tomus miweleriň, hasyl ýygnalýan döwründäki şagalaň şowhunyňyz kesildi.
10 Şatlyk hem begenç aýryldy hasylly baglardan; üzümçiliklerde ne aýdym aýdylýar, ne-de heşelle kakylýar; üzüm sykýançy üzüm sykmaýar, kesdim olaryň şagalaň şowhunyny.
11 Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirheres üçin barbat dek nala çekýär.
12 Mowaplylar sežde edýän ýerlerine çykyp, özlerini tapdan düşürýärler; öz mukaddes ýerlerine dileg etmäge gidýärler, ýöne bu hiç peýda bermez.
13 Bu Rebbiň Mowap hakynda geçmişde aýdan sözüdi.
14 Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar».




Chapter 17

1 Damask baradaky pygamberlik: Ine, Damask indi şäher saýylmaz, ol harabaçylyga öwrüler.
2 Aroger şäherleri terk ediler, sürüleriň ýatýan ýerine öwrüler, olary ürküzen bolmaz.
3 Efraýymda gala galmaz, Damaskda şa bolmaz, Aramyň aman galanlary Ysraýyl ogullarynyň şöhraty deý bolar, muny Hökmürowan Reb diýýär.
4 Şol gün Ýakubyň şöhraty öçer, semiz göwresi horlanar.
5 Orakçylaryň däne hasylyny ýygnaýşy deý, däne başlaryny alşy deý elleriniň, Rapalar jülgesine däne başlarynyň toplanyşy deý, Bolar Ysraýyl hem.
6 Zeýtun agajynyň miwesi kakylyp alnandan soň, depesinde iki-üç zeýtunyň galyşy deý, şahalarynyň uçlarynda dört-bäşisiniň galyşy deý, diňe birazy aman galdyrylar. Muny Ysraýylyň Hudaýy Reb diýýär.
7 Şol gün halk nazaryny Ýaradana diker, gözleri Ysraýylyň Mukaddesini görer.
8 Özleriniň guran gurbanlyk sypalaryna bakmazlar, elleri bilen ýasan Aşera butlaryna, tütetgi sypalaryna seretmezler.
9 Şol gün olaryň berk galalary ysraýyllardan gaçan hiwileriň, amorlaryň terk eden şäherleri kimin çöle döner.
10 Sen öz Halasgär Hudaýyňy unutdyň, Penakäriň bolan Gaýany ýatlamadyň. Şoňa görä ýakymly ösümlikler ekseň-de, Bigäne nahallary oturtsaň-da,
11 olary eken günüň ösdürseň-de, oturdylanlary ertesi gülletseň-de, hassalyk we emsiz dert gününde hasylyň ýele sowrular.
12 Betbagtçlyk! Köp milletleriň güwwüldisi! Deňziň güwwüldisi deý güwleýär olar! Ah! Halklaryň güwwüldisi! Güýçli tolkunlar deý güwwüldeşýärler!
13 Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar, emma Ol olara käýär, ýeliň öňündäki daglaryň tozy deý, uzaklara gaçarlar olar, tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar.
14 Agşamara, ine, howp! Säherden öň ol ýok bolýar. Bizi tozdurýanlaryň paýy, bizi talaýanlaryň kysmaty şudur.




Chapter 18

1 Efiopiýa derýalarynyň aňyrsynda ganatlaryny pasyrdadýan ýurduň dat gününe!
2 Ol Nil derýasynyň üsti bilen gamyş gämilerinde ilçilerini ýollaýar. Eý, ýyndam çaparlar, ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millete, her ýana gorky saçan halka, haýbatly hem basybalyjy millete gidiň!
3 Eý, bütin dünýäniň ilaty, ýer ýüzünde ýaşaýanlar! Daglaryň çür başynda baýdak dikilende serediň! Surnaý çalnanda diňläň!
4 Reb maňa şeýle diýdi: «Günüň howurly yssysy dek, hasyl wagtyndaky çygly bulut dek, mesgenimden ümsüm serederin».
5 Hasyl ýygymyndan öň, gülleme gutaranda, gül üzüm bolup ýetişende, ol bag gaýçysy bilen pudaklary keser, ýaýraýan şahalary kesip taşlar.
6 Hemmesi daglardaky ýyrtyjy guşlara, ýerdäki wagşy haýwanlara galdyrylar. Olar tomsuna ýyrtyjy guşlara, gyşyna wagşy haýwanlara şam bolarlar.
7 Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Siýon dagyna sowgatlar getirer.




Chapter 19

1 Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyndam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.
2 Müsürlileri-müsürlilere garşy öjükdirerin, dogan doganyň garşysyna, goňşy-goňşusynyň garşysyna, şäher şäheriň garşysyna, patyşalyk patyşalygyň garşysyna urşar.
3 Müsürlileriň zähresini ýararyn, niýetlerini puja çykararyn, butlaryndan, öli ruhlaryndan, jadygöýlerden, ruh çagyrýanlardan maslahat sorarlar.
4 Müsürlileri zalym hojaýynyň eline bererin, rehimsiz patyşa höküm sürer üstlerinden, muny Hökmürowan Taňry Reb diýýär.
5 Nilde suw galmaz, derýa çekiler, gurar.
6 Onuň ýaplary porsar, takrar, gurar Müsür çeşmeleri, gamyşlar, gargylar çüýrär.
7 Niliň töweregindäki, ýakasyndaky çaýyrlar, onuň boýundaky bar ekinler gurap, sowrulyp, ýok bolup giderler.
8 Balykçylar ýas tutarlar, Nile çeňňek taşlaýanlar aglaşarlar, suwa tor atýanlaryň susty basylar.
9 Zygyrdan mata dokaýanlar lapykeç bolarlar, ak biz dokaýanlar umytdan düşerler.
10 Onuň dokmaçylary howsala düşerler, ähli hakyna tutulanlar gam çekerler.
11 Zogan şäheriniň hökümdarlary akmakdyr! Fyrownyň paýhasly maslahatçylary pähimsiz maslahat berýärler, siz fyrowna nädip: «Men akyldarlaryň ogludyryn, gadymy patyşalaryň neslidirin» diýip bilýärsiňiz?
12 Hany, nirede seniň akyldarlaryň? Goý, saňa aýtsynlar olar, Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy näme niýetländigini aýan etsinler.
13 Zoganyň hökümdarlary akmaklyk etdiler! Nopyň baştutanlary aldandylar, tire baştutanlary Müsüri azaşdyrdylar.
14 Reb akly çaşyrýan ruhlary iberdi, serhoşuň öz gusugynyň üstünde yranyşy deý, olar müsürlileri bar işinde azaşdyrdylar.
15 Müsüriň hiç kime dady ýetmez, ne baş, ne guýruk, ne palma şahasy, ne-de gamyş oňa ýardam eder.
16 Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrmasyndan gorkudan ýaňa titreşerler.
17 Ýahuda ýurdy müsürlilere howp salar. Ýanynda Ýahudanyň ady agzalan her kes Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy taýynlaýan kararyndan gorkar.
18 Şol gün Müsürde bäş şäher kengan dilinde gepläp, Hökmürowan Rebden ant içerler. Olaryň biri Heläkçilik Şäheri diýip atlandyrylar.
19 Şol gün Müsüriň ortarasynda Rebbe gurbanlyk sypasy, serhedinde bolsa bir sütün dikiler.
20 Bu Müsür topragynda Hökmürowan Rebbe alamat we şaýat bolar. Olar zulumdarlary zerarly Rebbe perýat edenlerinde, Reb müsürlilere bir halasgär hem goragçy ýollap, olary halas eder.
21 Reb Özüni müsürlilere tanadar. Şol gün müsürliler Rebbi tanarlar. Olar gurbanlyklarydyr galla sadakalary bilen Rebbe ybadat ederler; olar Rebbe wada berip, ony berjaý ederler.
22 Reb Müsüri jezalandyrar, ýene-de Özi olara şypa berer. Müsürliler Rebbe dolanarlar, Reb-de olaryň ýalbarmalaryny diňläp, olara şypa berer.
23 Şol gün Müsürden Aşura uly ýol bolar. Aşurlylar Müsüre gelerler, müsürliler-de Aşura giderler. Müsürliler aşurlar bilen bile ybadat ederler.
24 Şol gün Ysraýyl Müsür bilen Aşuryň ýanynda üçünji ýurt bolar. Olaryň üsti bilen dünýä ýalkanar.
25 Hökmürowan Reb: «Halkym Müsür, Öz elimiň işi bolan Aşur we mirasym Ysraýyl ýalkansyn!» diýip, olara ak pata berer.




Chapter 20

1 Aşur patyşasy Sargon baş serkerdesini Aşdoda ýollap, oňa garşy söweşip, Aşdody ele saldy.
2 Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, biliňdäki july çöz, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, ýalaňaç, aýakýalaň gezdi.
3 Reb şeýle diýdi: «Edil gulum Işaýanyň Müsüre we Efiopiýa alamat hem nyşan hökmünde üç ýyllap ýalaňaç, aýakýalaň gezişi kimin,
4 Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.
5 Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar.
6 Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?"».




Chapter 21

1 Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik: Tüweleýleriň günortadan gelşi deý, basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.
2 Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Midiýa! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.
3 Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.
4 Ýüregim bikarardyr, saňňyldaýan gorkudan ýaňa; küýsän alagaraňkylygym wehime salgar.
5 Iýýärler, içýärler, halylar düşäp, saçak ýazyp. Eý, serkerdeler, turuň-da, galkanlary ýaglaň!
6 Reb maňa şeýle diýdi: «Git-de bir gözegçi goý, goý, ol habar bersin görenini.
7 Ol söweş arabalaryny, jübüt-jübüt atlylary, eşeklileri, düýelileri görende, dykgat bersin, üns bersin».
8 Gözegçi gygyrdy: «Ýa Reb, garawul diňidir gündizlerine ornum, nobatçylyk çekýän bütin gijeläp.
9 Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy"» diýip jogap berdi ol.
10 Eý, harmanda döwlen, ýele sowrulan halkym! Hökmürowan Rebden, Ysraýylyň Hudaýyndan eşidenlerimdir, size aýan edýänim.
11 Duma baradaky pygamberlik. Segirden çagyrýar biri meni: «Eý, gözegçi, daň atara näçe wagt bar? Näçe wagt bar daňyň ýagtylmagyna?»
12 «Daň atyp barýar, ýöne entek gije. Ýene sorajak bolsaňyz soraň, soňra öwrülip geliň» diýýär gözegçi.
13 Arabystan hakyndaky pygamberlik. Eý, dedanlylaryň kerwenleri! Gijäni Arabystan jeňňelinde geçirersiňiz.
14 Eý, Tema ýurdunyň halky, suwsana suw, bosgunlara çörek ber.
15 Olar gylyçdan gaçdylar, syrylan gylyçdan, çekilen ýaýdan, agyr söweşden gaçdylar.
16 Reb maňa şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly bir ýylyň dowamynda Kedaryň şan-şöhraty söner.
17 Kedar ogullarynyň edermen urşujylardan galan kemançylary az bolar». Muny Ysraýyl Hudaýy Reb diýdi.




Chapter 22

1 Görnüş jülgesi barada pygamberlik. Baryňyz üçeklere çykar ýaly, size näme boldy?
2 Eý, şowhun-şagalaňly, goh-galmagally, şadyýan şäher! Öldürilenleriň gylyçdan ölmedi, söweşde-de ölmedi.
3 Ähli baştutanlaryň bilelikde gaçdylar; ýaýlaryny ulanmadylar, ýesir düşdüler, uzaklara gaçdylar, ýöne tapylanlaryň bary ele düşdi.
4 Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.
5 Görnüş jülgesinde Taňry Hökmürowan Rebbiň howsalaly, tabyn edýän, aljyraňňy güni bolar. Diwarlar ýykylar bu gün, daglara perýat ediler.
6 Eýlam söweş arabalary, atlylary bilen sagdagyny galgadýar, Kir goşuny galkanlaryny somlaýar.
7 Söweş arabalaryndan hyryn-dykyndyr gözel jülgeleriň, atlylar derwezelerde nyzama durdular.
8 Ýahudanyň örtgüsi aýryldy. Şol gün jeňňeliň gorhanasyna seretdiň.
9 Dawut şäherindäki köp jaýryklary gördüňiz, aşaky howza suw topladyňyz.
10 Iýerusalimiň öýlerini sanadyňyz, diwary berkitmek üçin öýleri ýykdyňyz.
11 Köne howzuň suwlary üçin, iki diwaryň arasyndan suw howdanyny gazdyňyz. Ýöne ony Ýaradana seretmediňiz, owaldan Taýynlany görmediňiz.
12 Şol gün Taňry Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.
13 Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýip-içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.
14 Hökmürowan Reb gulagyma: «Elbetde, ölýänçäňiz bu günäňizden saplanmarsyňyz» diýdi. Muny Taňry Hökmürowan Reb diýýär.
15 Taňry Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Git-de, patyşanyň emeldary, köşk häkimi Şebnanyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý:
16 „Bu ýerde näme işiň bar? Özüňe gabyr gazar ýaly kimiň bar? Özüňe belentde gabyr gazýarsyň, gaýada özüňe dynç ýer edinýärsiň.
17 Eý, güýçli kişi, Reb seni güýç bilen togalar. Ol seni ykjam tutup,
18 aýlap-aýlap, top kimin bir giň ýurda taşlar. Sen ol ýerde ölersiň. Ajaýyp söweş arabalaryň ol ýerde galar. Öz jenabyňyň öýüni biabraý eden sensiň.
19 Seni ornuňdan kowaryn, wezipäňden boşadylarsyň.
20 Şol gün Men gulum Hilkiýa ogly Elýakymy çagyraryn.
21 Seniň donuňy oňa geýdirip, guşagyňy onuň biline guşaryn. Häkimýetiňi oňa bererin; ol Iýerusalimiň ilatyna we Ýahuda halkyna ata bolar.
22 Dawudyň öýüniň açaryny onuň gerşinden asaryn. Onuň açanyny hiç kim ýapyp bilmez, ýapanyny hiç kim açyp bilmez.
23 Ony ýere gazyk kimin gaýym kakaryn, ol öz nesillerine hormat tagty bolar.
24 Çadyryň gazyga baglanyşy ýaly, onuň urugynyň çagalarynyň, agtyklarynyň abraýy-da oňa baglydyr"».
25 Hökmürowan Reb: «Şol gün ýere gaýym kakylan gazyk ýerinden sogrular; ol çapylyp ýykylar; oňa baglanan çadyr-da ýok bolar» diýýär. Muny Reb aýdýandyr.




Chapter 23

1 Sor hakyndaky pygamberlik. Eý, Tarşiş gämileri, Sor weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.
2 Eý, ada ilaty, deňizden geçýänleriň üsti bilen baýan Sidon täjirleri, dymyň!
3 Bol suwlar ýakasynda Şihoryň gallasy, Niliň hasyly girdejiňdi. Milletleriň täjiridi ol.
4 Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala, deňiz şeýle diýýär: «Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym, ne ýaş ýigitleri kemala getirdim, ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim».
5 Soruň halyna gynanar Müsür, ol barada eşidende.
6 Tarşişe geçiň, eý, adalylar, perýat ediň!
7 Asly owaldan bäri bolan, uzak ülkeleri ýurt edinen şagalaňly şäheriňiz şumy?
8 Täçleri berýän Sora garşy beýle karar çykaran kim? Soruň täjirleri şazadalardy, täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy.
9 Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, Dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.
10 Eý, Tarşiş gyzy, ýurduňdan Nil kimin geç; indi bökdenç bolmaz.
11 Reb deňiz üstüne elini uzadyp, patyşalyklary titretdi; ýok etmegi buýurdy ol Kengan galalaryny.
12 Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».
13 Babyllaryň ýurduna sered-ä, bu halk indi ýok! Wagşy haýwanlaryň eline berdi Aşurlylar ony. Olar gabaw diňlerini dikdiler, galalaryny ýykyp, haraba öwürdiler ony.
14 Perýat ediň, eý, Tarşiş gämileri! Galaňyz weýran boldy.
15 Şol günden başlap, Sor ýetmiş ýyl — bir patyşanyň ömrüçe unudylar. Ýetmiş ýyl soň Soruň başyna bir kemçin hakdaky aýdymda aýdylanlar geler:
16 Eý, unudylan kemçin, şähere aýlan barbat al-da! Barbat çal-da, köp aýdymlar aýt, seni ýatlarlar belki-de.
17 Ýetmiş ýyldan soň, Reb Sory idär. Sor söwdasyna dolanyp, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar bilen zyna eder.
18 Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.




Chapter 24

1 Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.
2 Halkyň-da, ruhanyň-da, guluň-da, hojaýynyň-da, gyrnagyň-da, bikäniň-de, satyn alýanyň-da, satýanyň-da, bergidaryň-da, algydaryň-da, karzdaryň-da, karz bereniň-de takdyry birdir.
3 Ýer ýüzi bütinleý weýran edilip talanar, muny Reb aýdýandyr.
4 Ýer ýüzi solýar, guraýar heläk bolup, ýitip gider dünýä; dünýäniň halklarynyň güýçlüleri heläk bolarlar.
5 Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.
6 Muňa görä dünýä lagnat ýagýar, ilaty ýazyklarynyň jezasyny çekýär, şonuň üçin ýer ýüzüniň ilaty ýanyp, gaty az adam galýar.
7 Täze şerap gutarýar, solýar üzüm agajy, ah çekýär şadyýanlar.
8 Depreklerem şat owazyny kesdi, şadyýan sesler eşidilmedi, barbat sem boldy.
9 Indi aýdym aýdyp, şerap içmezler, agyzlara ajy deger içgi.
10 Weýran bolan şäher harabalykdyr, hiç kim girmez ýaly, ähli öý ýapyldy.
11 Köçelerde şerap üçin nalaşýarlar, şatlykdan nam-nyşan galmady, begenç dünýäni terk etdi.
12 Şäher harabalyk, bölek-bölekdir derwezeler.
13 Zeýtun agajy kakylanda, hasyl ýygylandan soň, artyp galan üzümler bilen näme edilýän bolsa, dünýädäki milletler bilen-de şeýle bolar.
14 Olar seslerini gataldyp, begenjine heşelle kakarlar, Rebbiň beýikligi üçin günbatardan gygyryşarlar.
15 Şonuň üçin gündogarda Rebbi öwüň, Ysraýylyň Hudaýy Rebbiň adyny söhratlandyryň deňiz adalarynda.
16 Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Gara maňlaý, gara maňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.
17 Eý, ýer ýüzüniň ilaty, gorky, çukur we duzak başyňyzda!
18 Gorky sesinden gaçan çukura gapgarlar, çukurdan çykan duzaga düşer, gögüň penjireleri açylar, ýeriň binalary titrär.
19 Jaýryk-jaýryk bolar ýer ýüzi, bölek-bölek bolar ol, ýer ýüzi güýçli sarsar.
20 Serhoş kimin yraň atar ol, sakçy jaýy kimin çaýkanar, ýazyklary oňa agyr ýük bolar, ýykylar-da, soň galmaz ol.
21 Şol gün Reb gökde gök goşunlaryny, ýerde dünýäniň şalaryny jezalandyrar.
22 Ýerzemine tussag kimin toplanarlar, zyndana gabalarlar, birnäçe günden soň jezalandyrylarlar.
23 Aýyň ýüzi gyzarar, gün utanar; Hökmürowan Reb Siýon dagynda, Iýerusalimde höküm sürer, Ýaşulularynyň öňünde Öz şöhratyny görkezer.




Chapter 25

1 Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym! Seni arşa çykararyn, alkyşa beslärin adyňy, çünki Sen ajaýyp işler etdiň, owaldan karar etdiň, kämil sadyklyk bilen.
2 Sen şäheri daş üýşmegine, diwarly şäheri harabalyga öwürdiň; kesekileriň köşkleri bolan şäherleri ýok etdiň, ol bina edilmez asla.
3 Şonuň üçin güýçli halklar şöhratlandyrar Seni; ýowuz milletleriň şäherleri Senden gorkarlar.
4 Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin,
5 gurak ýerdäki yssy kimindir, kesekileriň galmagalyny ýatyrarsyň; bulut kölegesi bilen yssyny basyşyň kimin, ýowuzlaryň aýdymy-da ýatyryldy.
6 Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.
7 Bütin halklary örten örtügi, ähli milletleriň üstündäki ýapynjany bu dagdan ýok eder.
8 Ölümi ebedilik ýuwdar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol, muny Reb aýdýandyr.
9 Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»
10 Rebbiň eli bu dagda bolar, Dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.
11 Ýüzüjiniň ýüzjek bolup, ellerini galgadyşy kimin, olar-da onuň içinde ellerini galgadarlar; emma Hudaý elleriniň ussatlygyna garamazdan, olaryň tekepbirlerini peselder.
12 Ýer bilen ýegsan ediler, diwarlaryndaky berkitmeler.




Chapter 26

1 Şol gün Ýahuda ýurdunda şu aýdym ýaňlanar: «Bizde güýçli şäher bar, Hudaýyň halas edişi diwarlardyr seňňerler ýalydyr.
2 Derwezeleri açyň, sadyk, dogry millet içeri girsin.
3 Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar.
4 Rebbe ebedilik bil bagla, çünki Reb Hudaý ebedi Gaýadyr.
5 Tekepbirleri kiçeldýär, beýik şäheri ýykyp, ýer bilen ýegsan edýär ony.
6 Ol şäher ejizleriň aýaklary, mätäçleriň dabanlary bilen basgylanar».
7 Dogrularyň ýoly düzdür. Eý, Adyl Bolan, dogrularyň ýodasyny tekizleýärsiň.
8 Ýa Reb, Hökümleriňiň ýodasynda, biz Saňa intizar, Seniň adyň we ýatlanmagyň ýüregimiziň islegidir.
9 Gije kalbym Seni küýseýär, janym Seni çynlakaý yzlaýar, hökümleriň ýer ýüzündekä, dünýäniň bütin ilaty dogrulygy öwrener.
10 Pisler merhemet gazansalar-da, dogrulygy öwrenmezler, adalatsyzlyk ederler, dogrularyň ýurdunda. Rebbiň şan-şöhratyny görmezler.
11 Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot goý, olary ýuwutsyn.
12 Ýa Reb, rahatlyk berjek Sensiň, ähli eden işlerimizi berjaý eden Sensiň.
13 Ýa Reb, Hudaýymyz, Senden başga hökümdarlar bize agalyk etdiler, emma biz diňe Seniň adyňa hormat goýýarys.
14 Ol hökümdarlar öldi, olar indi ýok, Sen olary jezalandyryp, heläk etdiň, olary hiç kim ýatlamaz asla.
15 Ýa Reb, Sen milleti köpeltdiň! Milleti köpeldip, Özüňe şöhrat gazandyň; ýurduň ähli çäklerini giňeltdiň.
16 Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.
17 Dogurmak pursaty ýakynlaşanda, burgudan ejir çekip, gygyrýan aýal nähili bolsa, biz-de, ýa Reb, Seniň Öňüňde şeýle bolduk.
18 Biz göwreli bolduk, ejir çekdik, emma ýelden başga zat dogurmadyk, ýer ýüzüne ýeňiş getirmedik, dünýäniň ilaty ýykylmady.
19 Emma ölüleriň ýaşar, jesetler direler. Eý, toprak astynda ýatanlar, oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň! Çygyň ertiriň çygy kimindir, ýer ölüleri ýaşaýşa ýetirer.
20 Geliň, eý, halkym, otaglaryňyza giriň-de, içinden ýapyň gapylary! Gazap geçýänçä, az salym gizleniň.
21 Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.




Chapter 27

1 Şol gün Reb gazaply, haýbatly, gudratly gylyç bilen gaçýan, towlanýan ýylan Liwýatany — deňiz aždarhasyny jezalandyrar.
2 Şol gün «Ajaýyp üzümçilik barada aýdym aýdyň.
3 Men—Reb onuň sakçysydyryn, ony her pursat suwarýaryn, hiç kim zyýan ýetirmesin diýip, gije-gündiz goraýaryn.
4 Men gazaply däl, çalylar, tikenler garşyma çyksa, olar bilen söweşip, baryny oda ýakaryn.
5 Ýa-da ol pena yzlap, Maňa ýapyşsyn, Meniň bilen ýaraşyk etsin, ýaraşyk etsin Meniň bilen.
6 Geljekde Ýakup kök urar, Ysraýyl gunçalap güllär, ýer ýüzüni miweden doldurar.
7 Reb ysraýyllary jezalandyranlaryň jezalandyryşy kimin jezalandyrdymy? ýa-da ysraýyllary öldürenleriň öldürişi kimin öldürdimi?
8 Reb Ysraýyla höküm etdi, kowup, sürgün etdi; olary gazaply demi bilen kowup çykardy, gündogardan öwüsýän ýel dek.
9 Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, Günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.
10 Diwarly şäher terk edilýär, çöl kimin terk edilen, taşlanan ýurtdyr bu; göleler ol ýerde otlap, agaçlaryň şahalaryny iýýärler; ol ýerde ýatýarlar.
11 Pudaklary gurap döwüler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».
12 Şol gün Reb Perat derýasyndan Müsür derýasyna çenli sizi harman döwegi deý ýenjer, ysraýyllary ýeke-ýekeden toplar.
13 Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.




Chapter 28

1 Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan täjiniň dat gününe! Onuň şöhratly gözelligi solup barýan güller kimindir, hasylly deräniň başyndaky şäheriň dat gününe! Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar.
2 Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar.
3 Efraýymyň serhoşlarynyň buýsanjy bolan täji aýak astynda depelener.
4 Hasylly deräniň başynda ýerleşen, şöhratly gözelligi solup barýan gül, tomusdan öň ýetişen injir dek bolar; ony gören, tiz ýolup iýer.
5 Şol gün halkynyň aman galanlaryna şöhrat täji, gözellik jygasy bolar Hökmürowan Reb.
6 Höküm kürsüsinde oturýana adalatlyk ruhy, derwezede duşmana zarba urýana medet bolar.
7 Ruhanydyr pygamberler-de şerapdan ýaňa yraň atýarlar, içgi zerarly entrekleýärler; şerap içip ýoldan çykýarlar, şerapdan başlary aýlanýar, içgi zerarly entrekleýärler, nähak görnüşler görýärler, höküm edenlerinde büdreýärler.
8 Ähli saçaklary gusukdan doly, arassa ýer ýokdur asla.
9 «Olar bilimi kime öwredýärler? Habary kime düşündirýärler? Süýtden kesilenleremi? Emjekden aýrylanlaramy?
10 Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde».
11 Indi bu halka keseki agzy bilen geplär Reb düşnüksiz dilde sözlär.
12 Olara: «Bu dynçlyk ýeridir, argynlara dynç beriň, bu dynçlyk ýeridir» diýdi; emma diňlemek islemediler.
13 Şonuň üçin olar gidip, arkan ýykylyp, ýaralanarlary ýaly, duzaga düşüp, tutularlary ýaly, Rebbiň sözi olar üçin: «Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde» bolar.
14 Munuň üçin eý, masgaralaýjylar, Iýerusalimdäki bu halka hökümdarlyk edýän siz, Rebbiň sözüni eşidiň!
15 Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.
16 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Siýonda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.
17 Adalaty ölçeg ýüpi, dogrulygy terezi ederin; doly ýagyp ýalançylyk penasyny süpürip äkider, suwlar basar gaçybatalgany.
18 Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar, Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar; uly betbagtçylyk gelende, ýer bilen ýegsan bolarsyňyz.
19 Betbagtçylyk her geçende, sizi süpürip äkider, ol her säher, gije-gündizine geçer». Habara düşüneniňizde, sizi gorky gaplar.
20 Üstünde uzalardan gysga bolar düşek, örtünmäge insiz bolar ýorgan.
21 Öz işini, täsin işini, amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin, Perazim dagyndaky ýaly aýaga galar Reb, Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner.
22 Indi masgaralamaňyzy bes ediň, ýogsam zynjyrlaryňyz agralar, bütin ýurduň weýran ediljekdigi baradaky permany Taňry Hökmürowan Rebden eşitdim.
23 Gulak goýuň, sesimi eşidiň, üns beriň, sözümi diňläň.
24 Sürümçiler ekin ekmek üçin dynuwsyz ýer sürýärlermi? Ýeri keşläp, malalap gezýärlermi?
25 Ýeri tekizlänlerinden soň, künji, zire sepmeýärlermi? Bugdaýy hatarlaýyn, arpany öz ýerinde, ýazlyk bugdaýy-da öz ýerinde ekmeýärlermi?
26 Hudaýy olara görkezme berer, öwreder.
27 Künji döwek bilen döwülmez, tigir ýöredilmez ziräniň üstünden, künji tokmak bilen, zire-de taýak bilen döwülýär.
28 Bugdaý çörek üçin üwelýär, emma ol ebedilik döwülmez, üstünden arabadyr atlar aýlansa-da, bugdaý üwelmez.
29 Bu-da Hökmürowan Rebdendir, Onuň maslahaty ajaýyp, paýhasy beýikdir.




Chapter 29

1 Dawudyň mesgen tutan şäheri Ariýeliň dat gününe! Ýylyň ýylyna baýramlaryňyz dowam edibersin.
2 Ariýele azap çekdirerin, ýas tutar, perýat eder ol, Meniň üçin gurbanlyk ojagy kimin bolar.
3 Daş-töweregiňde düşelge guraryn, töweregiňe diňler gurup, seni gabaryn, garşyňa berkitmeler dikerin.
4 Sen peseldilip, ýeriň astyndan geplärsiň, sözleriň toprak içinden geler; sesiň jynyň sesi dek ýerden çykar, topragyň teýinden pyşyrdap eşidiler sözleriň.
5 Duşmanlaryňyň köpüsi toz dek bolar, zalymlaryň sowrulan saman deýindir. Birdenkä, duýdansyz,
6 Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.
7 Ariýele garşy söweşýän ähli milletler, onuň we galalarynyň garşysyna söweşýänler, ony gysýanlar düýş kimin, gijeki görnüş kimin bolarlar.
8 Düýşünde nahar iýen aç kişi, oýanansoňam aç bolýandyr, düýşünde suw içen teşne, oýanansoňam teşnedir. Siýon dagyna garşy söweşýän ähli milletler topary-da şu ahwala düşer.
9 Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entrekläň, ýöne içgiden däl.
10 Reb sizi agyr uka batyrdy, pygamberler gözleriňizi ýumdurdy, görgürler başlaryňyzy örtdi.
11 Ähli görnüş siziň üçin möhürli kitabyň sözleri kimindir. Ony okap bilýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris, ol möhürlenen» diýerler.
12 Okap bilmeýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris» diýerler.
13 Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.
14 Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat ustüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, paýhaslylary paýhasdan aýrylar».
15 Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler.
16 Siz bar zady tersine öwürýärsiňiz, küýzegär toýun bilen deň hasaplanarmy? Ýasalan zat özüni ýasana: «Ol meni ýasamady» diýermi? Şekillendirilen zat şekillendirene: «Onuň düşünjesi ýok diýermi?»
17 Liwan az salymyň içinde hasylly meýdana öwrülmezmi, mes toprakly ýer tokaý kimin görünmezmi?
18 Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşiderler, tümlük, garaňkylyk içinde körleriň gözleri açylar.
19 Pukaralar ýene Rebde şatlyk taparlar, mätäçler Ysraýylyň Mukaddesinde galkynarlar.
20 Zalymlar ýok bolarlar, masgaralaýjylaryň soňuna çykylar, ýamanlyk etmäge garaşýanlar ýok ediler.
21 Olar ynsana töhmet atýarlar, kaza duzak gurýarlar, şäher derwezesinde. Haklyny adalatdan nähak mahrum edýärler.
22 Munuň üçin Ybraýymy halas eden Reb Ýakubyň nesilleri hakda şeýle diýýär: «Ýakup indi utanmaz, Onuň ýüzi gyzarmaz indi.
23 Öz elim bilen ýaradan çagalarymy öz aralarynda görenlerinde, adymy mukaddes saýarlar; Ýakubyň Mukaddesini mukaddes saýarlar, Ysraýyl Hudaýyndan gorkarlar.
24 Ýolundan azaşanlar düşünerler, arz-şikaýat edýänler tälim alarlar».




Chapter 30

1 Reb şeýle diýýär: «Pitneçi halkyň dat gününe! Olar Meniňkini däl-de, öz niýetlerini berjaý edýärler; Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp, günä üstüne günä goşýarlar.
2 Fyrownyň penasynda penalamak üçin, Müsüriň kölegesinde gonalga gözlemek üçin, Menden geňeşsiz Müsüre gidýärler.
3 Fyrownyň goragy olara utanç, ryswalyk bolar Müsüriň kölegesini penalamak.
4 Baştutanlary Soganda bolup, ilçileri Hanase ýetenem bolsalar,
5 özlerine peýdasy bolmadyk halk zerarly utanja galar olar. Ne ýardam berýär bu halk, ne-de peýda berýär, eýsem olary utanja we gyjalata goýýar».
6 Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler.
7 Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr. Munuň üçin Men ony: «Ümsüm oturýan Rahap» diýip atlandyrdym.
8 Indi git-de, muny bir daş sütünine ýaz, düýrlenen kagyza geçir. Bu geljekki günler üçin ebedi şaýat bolsun!
9 Bu pitneçi halk, hilegär ogullar, Rebbiň görkezmesine gulak goýmaýan ogullardyr.
10 Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň.
11 Ýoldan sowluň, ýodadan aýrylyň, bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň» diýýärler.
12 Munuň üçin Ysraýyl Mukaddesi şeýle diýýär: «Bu sözi ret edip, zulum hem hilegärlige bil baglap, olara daýanýandygyňyz üçin,
13 bu etmiş belent diwarda peýda bolup opurylyp gelýän jaýryk kimin bolar; diwaryň ýykylyşy duýdansyz bolup geçer.
14 Döwülişi küýzegäriň küýzesiniň döwülişi kimindir; ol şeýle bir pytrar welin, döwükleriň arasynda ojakdan ot almaga, guýudan suw almaga ýarajak bölek tapylmaz».
15 Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz.
16 Siz: «Ýok, biz atly gaçarys» diýdiňiz. Şonuň üçin gaçarsyňyz! Siz: «Ýüwrük atlara müneris» diýdiňiz. Şonuň üçin kowguçylar ýüwrük bolar.
17 Bir kişiniň haýbatyndan müň kişi gaçar, bäş kişiniň haýbatyndan siz gaçarsyňyz, aman galanlaryňyz dagyň depesindäki baýdak syrygy, depedäki baýdak kimin bolarsyňyz.
18 Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!
19 Eý, Siýonyň—Iýerusalimiň halky, aglamarsyňyz indi siz! Perýat edeniňizde, size merhemet eder Ol, ony eşideninde, size jogap berer.
20 Reb size azap çöregini, külpet suwuny berse-de, Mugallymyňyz indi gizlenmez, gözüňiz bilen Ony görersiňiz.
21 Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.
22 Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi murdar saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.
23 Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer, ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar. Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar.
24 Ýer bejerýän öküzler bilen eşekler kürek we ýabak bilen sowrulan saýlama iým iýer.
25 Uly gyrgynçylyk gününde, diňler ýykylanda, her beýik dagda, her belent baýyrda akar suwly çeşmeler bolar.
26 Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap, Öz ýetiren şikesine şypa beren güni, Aýyň nury, Günüň nury dek, Günüň nury ýedi günüň nury dek, ýedi esse artyk bolar.
27 Ine, Rebbiň Özi uzakdan gelýär, lowlaýan gazap bilen gara buludyň içindedir Ol; dodaklary gahardan doly, dili ýalmaýan ot kimindir.
28 Onuň demi joşup, kekirdege ýetýän çeşme kimindir, milletleri heläkçilik eleginden geçirer, halklaryň agzynda ýoldan azaşdyrýan agyzzyryk bolar.
29 Mukaddes baýram bellenýän gijesindäki dek aýdym aýdarsyňyz; Rebbiň dagyna, Ysraýylyň Gaýasyna tüýdük çalyp çykýan dek, ýüregiňiz şatlanar.
30 Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.
31 Rebbiň sesinden Aşur wehim eder, Ol hasasy bilen Aşury urar.
32 Rebbiň olaryň üstünden inderýän jeza hasasynyň her zarbasy depreklerdir arfalar bilen amala aşyrylar; Reb gazaply söweşler bilen garşysyna çykar onuň.
33 Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.




Chapter 31

1 Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlidikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.
2 Emma Reb danadyr, Ol betbagtçylyk getirer, sözüni yzyna almaz, ýamanlyk edýänlere garşy aýaga galar, pislere kömek edýänlere garşy çykar.
3 Müsürliler Hudaý däl, ynsandyr, ruh däldir, tendir atlary; Reb elini uzadanda, kömekçi-de, kömek alan-da ýykylar, ählisi birlikde heläk bolar.
4 Çünki Reb maňa şeýle diýdi: «Arslan, awunyň başynda arlaýan ýaş arslan, bir topar çopan bolup, daşyna geçseler-de, olaryň sesinden gorkmaz, galmagallaryndan ürkmez, Hökmürowan Reb-de, Siýon dagynda, onuň depesinde uruşmak üçin aşak iner şeýdip.
5 Guşlaryň ganat gerip, öz çagalaryny goraýşy dek, Hökmürowan Reb-de Iýerusalimi gorar; Ol ony gorar, halas eder, rehim eder, azat eder».
6 Eý, Ysraýyl halky, garşysyna uly pitne turuzan Rebbe tarap öwrüliň!
7 Şol gün her kes, günä üçin öz eli bilen ýasan altyndyr kümüş butlaryny ret eder.
8 «Onsoň aşurlylar ynsanyňky bolmadyk gylyçdan ýykylarlar, adamzadyňky bolmadyk gylyçdan ölerler, olar gylyçdan gaçarlar, ýaş ýigitleri-de gul ediler.
9 Gorkudan ýaňa ýykylar olaryň gaýasy, serkerdeleri baýdagy görüp titreşerler». Ody Siýonda, ojagy Iýerusalimde bolan Reb diýýär muny.




Chapter 32

1 Ine, patyşa dogrulyk bilen şalyk eder, hökümdarlar adalatlyk bilen höküm sürerler.
2 Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.
3 Görýänleriň gözleri ýumulmaz, eşidýänler-de gulak goýarlar.
4 Akylsyzyň akyly goýalar, sakaw açyk-aýdyň geplär.
5 Mundan beýläk akmaga asylzada, ýaramaza hormat goýulmaz.
6 Akmak biedeplik bilen gepleýär, onuň niýeti pislik etmekdir, işi ýamanlyk etmek, Rebbe dil ýetirmek, açlary aç, suwsuzlary suwsuz goýmakdyr.
7 Hilegäriň ýaragy ýamandyr, pukara dogry sözleýän hem bolsa, olar ýalan sözleri bilen ony heläk etjek bolup, niýetlerini ýamana dikýändirler.
8 Emma asylzada asylly niýet edýär, asylly işlerinde berk durýar ol. Özüne buýsanýan aýala duýduryş
9 Eý, özlerine buýsanýan aýallar, turuň, sesimi eşidiň! Eý, özlerine daýanýan aýallar, sözüme gulak goýuň!
10 Eý, özlerine buýsanýan aýallar, bir ýyldan soňra titreşersiňiz, çünki üzüm hasyl bermez, miwe ýygymy bolmaz.
11 Eý, özlerine daýanýan aýallar titreşiň, eý, özlerine buýsanýan aýallar sandyraşyň, Eşikleriňizi çykaryp atyp, biliňize jul baglaň!
12 Ajaýyp ekin meýdanlary üçin, hasylly üzüm bagy üçin, döşüňize urup aglaşyň!
13 Halkymyň tikendir çaly biten topragy üçin, şadyýan şäherdäki şatlykdan doly öýler üçin aglaşyň!
14 Köşk terk ediler, şowhunly şäher boş galar; galadyr gözegçi minarasy harabalyga, ýabany eşekleriň giň ýerine, sürüleriň örüsine öwrüler.
15 Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.
16 Onsoň çölde adalat mesgen tutar, dogrulyk hasylly meýdanda ýaşar.
17 Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr.
18 Halkym öýlerinde rahatlykda, howpsuz ýerlerde, asuda mesgende ýaşarlar.
19 Jeňňel bütinleý ýok bolsa-da, ýer bilen ýegsan edilenem bolsa şäher,
20 her çeşmäniň boýunda ekin ekýän, öküzi, eşegi boş iberýän siz bagtly bolarsyňyz!




Chapter 33

1 Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.
2 Ýa Reb, bize merhemet et! Biz Saňa umyt baglaýarys. Säherlerine güýç ber, hasratly pursatlarda bizi halas et!
3 Gudratly sesiňden halklar gaçýarlar, şan-şöhratyňdan milletler dagaşýarlar.
4 Oljaňyz çekirtgeleriň ýygnaýşy kimin ýygnalýar, olar çekirtgeleriň topulyşy deý oljanyň üstüne topulýarlar.
5 Beýikdir ýokarda oturan Reb, adalatdan, dogrulykdan doldurýar Ol Siýony.
6 Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr, bol danalyk hem bilim bolar; Ol yzygiderli halas eder. Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.
7 Ine, batyrlary köçelerde perýat edýärler, zar-zar aglaşýarlar parahatçylyk ilçileri.
8 Şaýollar çolarýar, ýolagçylar ol ýoldan geçmez. Şertnama bozulýar, antlaryny ret edýärler, ynsanlary äsgermeýärler.
9 Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär, Liwan utançdan saralyp-solýar, Şaron Araba çöli kimindir; Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär.
10 Reb: «Indi aýaga galaryn, indi beýgelerin, belende göterilerin.
11 Siz samandan hamyla bolup, sypal dogurýarsyňyz; demiňiz sizi ýalmaýan otdur.
12 Halklar ýanyp, kül bolarlar, kesilip, oda ýakylan tikenler dek bolarlar».
13 Eý, uzakdakylar, edenlerimi eşidiň, eý, ýakyndakylar, gudratymy biliň!
14 Siýondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?».
15 Dogruçyl ýaşap, dogry sözleýänler sütem bilen gazanylan gazanjy ýigrenýänler, elini para almakdan saklaýanlar, gan döküşiklige gulak gabartmaýanlar, ýamanlyga gözlerini ýumýanlar
16 belentliklerde ýaşarlar. Gaýalardaky galalar penalary bolar, çörekleri berler, teşne galdyrylmazlar. Ajaýyp patyşanyň ýurdy
17 Gözüňiz patyşany gözelliginde görer, uzaklara uzaýan ýurdy görer.
18 Pikiriňde öňki howply günler barada oýlanarsyň: «Salgyt toplan nirede? Paç ýygnan nirede? Diňleri sanan nirede?»
19 Mundan beýläk wyjyrdaşýan, ýat dilde gepleýän tekepbir halky görmersiňiz.
20 Baýramlar geçirilýän Siýon şäherine seret! Gözleriňiz asuda mekan, sarsmaz çadyr bolan Iýerusalimi görer, onuň gazyklary sogrulmaz asla, ýüpleriniň hiç biri üzülmez.
21 Giň derýalardyr çeşmeleriň bolan ýerinde, şöhratly Reb biz bilen bolar, olardan ne kürekli gämiler, ne-de uly gämiler geçer.
22 Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.
23 Gämileriňiň ýüpleri çözüldi, bogaldagy gaýym saklap bilmeýär, ýelkeni açyp bilmedi. Şonda köp oljalar paýlaşylar; hatda agsaklar-da, olja talaň salar.
24 Siýon ilatynyň hijisi: «Men syrkaw» diýmez; ol ýerde ýaşaýan halkyň etmişleri ötüler.




Chapter 34

1 Eý, milletler, golaýrak geliň-de, eşidiň! Eý, halklar, diňläň! Ýer ýüzi we ondaky her kes, dünýädäkiler, onda döränleriň bary eşitsin!
2 Reb milletlere gaharlanýar, goşunlaryna garşy gazaby tutaşýar, olary bütinleý ýok eder, ölüme berer.
3 Ölüleri daşary taşlanar, maslyklarynyň ysy ýaýrar, daglardan olaryň gany akar.
4 Gögüň ähli goşunlary çüýrär, asman kagyz kimin düýrlener; ähli asman jisimleri üzüm agajynyň ýapragy dek, injir agajynyň ýapragy dek solarlar.
5 Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner.
6 Rebbiň gylyjy gana bulanandyr, guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr, ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir; Rebbiň Bozrada gurbanlygy bar, Edomda uly gyrgyn bolar.
7 Ýabany gäwmişler, öküzçelerdir, güýçli öküzler ýere serler. Ýurtlary gana eziler, topraklary ýaga.
8 Rebbiň öç güni, Siýonyň ynjamasyndan ar alyş ýyly bolar.
9 Edomyň çeşmeleri ergin şepbige topragy kükürde, ýurdy ýanyp duran şepbige öwrüler.
10 Gije-gündiz sönmez ol, tüssesi baky tütär, nesilden-nesle çolarar ýatar, asyrlar boýy içinden hiç kim geçmez.
11 Gotanlar bilen kirpiler Edomy eýelärler, baýguşlardyr gargalar mesgen tutarlar onda, Reb onuň üstüne aljyraňňylyk ýüpüni, weýrançylyk ýüpüni ölçemek üçin çeker.
12 Asylzadalary patyşalyk ýok diýerler, ähli hökümdarlary ýok bolup giderler,
13 Köşklerinde tikenler, galalarynda çitçitidir bürmekler gögerer, şagallaryň mekanyna, düýeguşlaryň mesgenine öwrüler.
14 Wagşy haýwanlar syrtlanlara duşarlar, dag goçlary höwürlerini çagyrarlar, gijeki jandarlar-da ol ýerde ornaşyp, dynç almaga ýer taparlar.
15 Ol ýerde baýguşlar höwürtgeläp, ýumurtgalar we çagalar, olary öz saýasyna üýşürerler, çaýkeller-de jübüt-jübütden toplanar.
16 Rebbiň kitabyndan okap agtaryň: bulardan hijisi-de kem bolmaz, hiç biri öz jübütini ýitirmez. Muny Reb buýurdy, Onuň Ruhy olary üýşürdi.
17 Olar üçin bije atdy, Öz eli bilen ýurdy ölçäp paýlady, Olar ony baky eýelärler, ol ýerde ýaşarlar nesiller boýy.




Chapter 35

1 Çöl-beýewan we gury ýer şatlanar, çöl guwanyp, nerkes kimin güllär.
2 Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler.
3 Ejiz gollara gujur beriň, kuwwat beriň ejiz dyzlara.
4 Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.
5 Şonda körleriň gözleri, kerleriň gulaklary açylar;
6 Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar;
7 Gyzgyn gum howdana, teşne toprak suw bulaklaryna öwrüler; şagallaryň mesgen tutan meýdanyna gamyş, gargy gamyş biter.
8 Ol ýerde şaýol bolar, oňa Mukaddes Ýol diýler; Murdar adam ondan geçmez, ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar, hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz.
9 Arslan bolmaz ol ýerde, ýyrtyjy haýwan ol ýola çykmaz, olar onda tapylmaz, bu ýoldan diňe halas edilenler ýörärler.
10 Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siýona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.




Chapter 36

1 Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy.
2 Aşur patyşasy baş wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Ol gelip, Çyrpyjy meýdanynyň ýolundaky ýokarky howdanyň ýanyndaky ýabyň ýanynda durdy.
3 Köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa — patyşanyň sene ýazyjysy, olaryň ýanyna bardylar.
4 Baş wezir olara Hizkiýa şeýle diýiň diýdi: «Beýik Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Sen nämä bil baglaýarsyň?
5 Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň?
6 Seret, ynha, sen döwük gamyş kysmy Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy fyrown hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin şeýledir.
7 Eger sen maňa: 'Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys' diýseň, onda Hizkiýa Hudaýyň sežde edilýän ýerlerini, gurbanlyk sypalaryny ýok etmedimi näme? Ol Ýahuda we Iýerusalime: 'Siz diňe şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň' diýmedimi näme?
8 Indi gel-de, meniň jenabym Aşur patyşasy bilen bäsleş. Eger-de men size iki müň sany at bersem, siz olara münmäge şonça adam tapyp bilersiňizmi?
9 Onsoň siz nädip jenabymyň iň pes derejeli serkerdäni ýeňip biljek? Siz söweş arabalary we atlylary bar diýip, Müsüre bil baglaýarsyňyzmy?
10 Munuň üstesine-de, siz meni bu ýurdy weýran etmäge Rebden rugsatsyz gelendir öýdýärsiňizmi? Reb maňa şu ýurduň üstüne çoz-da, ony derbi-dagyn et diýdi"».
11 Onsoň Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde — arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudylaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar».
12 Emma baş wezir olara şeýle jogap berdi: «Jenabym meni bu sözleri diňe jenabyňyza we size aýtmak üçin ýolladymy näme? Diwaryň üstünde oturan adamlara aýtmak üçin hem ýollamadymy eýsem? Olar hem siziň ýaly öz tezeklerini iýip, öz peşewlerini içerler».
13 Onsoň baş wezir dik durup, bar sesi bilen gygyryp, ýahudy dilinde gepledi. Ol: «Beýik patyşa bolan Aşur patyşasynyň sözlerini diňläň.
14 Patyşa şeýle diýýär: „Hizkiýa özüňizi aldatmaň, ol sizi halas edip bilmez".
15 Hizkiýa: „Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez" diýip, size Rebbe bil baglatmasyn.
16 Hizkiýa gulak asmaň! Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer.
17 Soňra men gelip, sizi bugdaýy, şeraby, çöregi, üzüm agaçlary bolan öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda alyp bararyn".
18 Hizkiýanyň: „Reb bizi halas eder" diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň. Haýsy milletleriň hudaýlary öz ýurduny Aşur patyşasynyň elinden halas edipdir?
19 Hamadyň, Arpadyň hudaýlary nirede? Separwaýymyň hudaýlary nirede? Samarýanyň hudaýlary olary meniň elimden halas etdilermi?
20 Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?»
21 Emma halkdan ses çykmady, oňa jogap gaýtaran bolmady, çünki Hizkiýa patyşa: «Oňa jogap gaýtarmaň» diýip tabşyrypdy.
22 Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa — patyşanyň sene ýazyjysy dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler.




Chapter 37

1 Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşiden-de, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi.
2 Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we eginleri jully ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi.
3 Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr.
4 Diri Hudaýy masgaralamak üçin jenaby Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň bar sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et"». 5–6 Hizkiýanyň hyzmatkärleri Işaýa pygamberiň ýanyna gelenlerinde, Işaýa pygamber olara şeýle diýdi: «Jenabyňyza şeýle diýiň: Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma.
7 Men onuň içine bir ruh ibererin, welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin"».
8 Baş wezir Aşur patyşasynyň Lakyşdan gaýdandygyny eşidip, yzyna dolandy. Ol patyşanyň Libna galasyna garşy urşup ýörendigini gördi.
9 Patyşa Efiopiýa patyşasy Tirhaka hakda «Seret, ol seniň bilen uruşmaga çykypdyr» diýen sözi eşidende, ol Hizkiýanyň ýanyna ýene-de çaparlar ýollady.
10 Aşur patyşasy şeýle diýdi: «Ýahuda patyşasy Hizkiýa şeýle diýiň: „Iýerusalim Aşur patyşasynyň eline berilmezligine" bil baglaýan Hudaýyň seni aldamasyn.
11 Aşur patyşasynyň ähli ýurtlary bütinleý ýok edip, halklaryň başyna nä günleri getirendigini eşidensiň. Indi siz halas edilermikäňiz?
12 Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden milletlerini — Gozany, Harany, Resepi we Telasarda bolan Eden halkyny öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi?
13 Hamat, Arpat we Separwaýym galalarynyň şalary, Henanyň we Iwanyň şalary nirede?»
14 Hizkiýa haty çaparlaryň elinden alyp okady. Onsoň ol Rebbiň öýüne baryp, haty Rebbiň öňünde açyp goýdy.
15 Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi:
16 «Eý, keruplaryň üstünde oturan Hökmürowan Reb, Ysraýyl Hudaýy! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.
17 Ýa Reb, gulak as-da, eşit, ýa Reb, gözleriňi aç-da gör. Sanheribiň diri Hudaýy masgaralap iberen sözlerini eşit.
18 Ýa Reb, hakykatdanam, Aşur patyşalary ähli milletleri we olaryň ýurtlaryny weýran etdiler.
19 Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy.
20 Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler». Işaýa Aşur patyşasy barada pygamberlik edýär
21 Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber şeýle sözler bilen Hizkiýanyň ýanyna adam iberdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasy Sanherip barada dileg edendigiň üçin,
22 Rebbiň ol barada aýdan sözleri şudur: Siýon boý gyzy ýigrenç bilen seni kemsidýär, Iýerusalim gyzy seniň üstüňden gülýär".
23 Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!
24 Hyzmatkärleriň üsti bilen Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: „Birtopar arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň çola ýerine, gür jeňňeline girdim.
25 Guýy gazyp, bigäneleriň suwuny içdim. Müsüriň ähli derýalaryny, öz dabanym bilen guratdym".
26 „Eşitmediňmi näme sen ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwüp ýördüm, indi şu gün ony amala aşyrýaryn, sen galalary weýran edersiň, harabaçylyga öwrersiň.
27 Bu galalaryň ilaty ejizdi, aljyrap howsala düşdüler. Olar meýdan ösümlikleriniň, mylaýym gök otlaryň tamyň üstündäki otlaryň, ýetişmänkä, gün urup ýok bolşy dek boldular.
28 Emma seniň oturyp-turşuňy, girip-çykyşyňy, Maňa garşy dyzaýşyňy bilýärin.
29 Meniň garşyma dyzanlygyň, gopbamsylygyň gulagyma gelip ýetendigi üçin, burunlygymy burnuňa, agyzzyrygymy-da agzyňa dakyp, seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn Men"».
30 Işaýa Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.
31 Ýahuda nesillerinden gutulup aman galanlar ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler.
32 Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Siýon dagyndan çykyp gelerler. Bu Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar"».
33 Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we şäheriň diwaryna ýaplap gum depesini dikeltmez.
34 Ol gelen ýoly bilen yzyna gaýdar, ýöne bu şähere girmez. Muny Reb aýdýandyr.
35 Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».
36 Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan olaryň maslyklaryny gördüler.
37 Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öýüne gitdi. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy.
38 Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Şareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.




Chapter 38

1 Şol döwürlerde Hizkiýa keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň"» diýdi.
2 Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg edip:
3 «Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.
4 Şondan soň Işaýa pygambere Rebbiň şu sözi geldi:
5 «Git-de, Hizkiýa şeýle diý: „Ataň Dawudyň Hudaýy Reb: Seniň dilegiňi eşitdim, gözýaşlaryňy gördüm. Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn.
6 Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi goraryn diýýär diý"».
7 Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur:
8 «Ine, Men Ahazyň bellän gün sagadynyň üstüne düşen kölegäni on ädim yza süýşürerin». Şeýdip, gün düşmeli ýerinden on ädim yza çekildi.
9 Ýahuda patyşasy Hizkiýa keselinden gutulandan soň şulary ýazdy:
10 «Ömrümiň iň ýagşy çagynda, Men gitmeli; ölüler dünýäsiniň derwezelerinden girip, galan ýyllarymdan mahrum edildim» diýdim.
11 «Diriler ýurdunda Rebbi görmerin. Bu dünýäde ýaşaýanlar kimin ynsana gözüm düşmez mundan artyk» diýdim.
12 Öýüm çopanyň çadyry kimin sogrulyp, elimden alyndy. Ömrümi dokmaçy kimin kesdim, Reb meni erişden kesdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.
13 Ertire çenli sabyrsyzlyk bilen garaşdym; ol arslan kimin bar süňklerimi döwdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.
14 Garlawaç, durna kimin gygyrdym, gumry kimin iňledim, gözlerim göge bakmakdan ýadady. Ýa Reb, men zulum içinde, dadyma ýetiş!
15 Näme diýeýin? Meniň bilen gepleşen, muny eden Rebdir, kalbymyň hasratlydygy zerarly ömürboýy pespäl gezerin.
16 Ýa Reb, ynsanlary ýaşadýan Sensiň, meni-de Sen ýaşadýarsyň, meni sagalt, meni ýaşat!
17 Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.
18 Ölüler dünýäsi Saňa şükürler aýtmaz, ölüm Saňa öwgüler aýtmaz, Seniň wepalylygyňa umyt baglap bilmezler gabra inýänler.
19 Bu gün meniň edişim ýaly, diriler, diňe diriler Saňa şükür edýärler, atalar perzentlerine Seniň wepalylygyňy bildirýärler.
20 Reb meni halas eder, bütin ömrümiz boýy Rebbiň öýünde kirişli saz gurallary bilen nagmalar aýdarys.
21 Işaýa pygamber Hizkiýanyň hyzmatkärlerine: «Ýenjilen injir getiriň-de, ony patyşanyň çybanynyň üstüne ýapyň. Şondan soň ol sagalar» diýipdi.
22 Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorapdy.




Chapter 39

1 Şol döwürde Babyl patyşasy Baladanyň ogly Merodak-Baladan Hizkiýa patyşanyň keselländigini we sagalandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady.
2 Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini şatlyk bilen kabul etdi; olara hazynasynda bolan kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmat-baha ýaglaryny, gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlaryň baryny görkezdi. Onuň köşgünde we bütin patyşalygynda olara görkezilmedik zat galmady.
3 Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurt Babyldan geldiler» diýip jogap berdi.
4 Işaýa: «Olar seniň köşgüňde nämeler gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümdäki zatlaryň ählisini gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik zadym galmady» diýip jogap berdi.
5 Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Hökmürowan Rebbiň sözüni eşit:
6 „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we ata-babalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz.
7 Seniň öz bagryňdan önen ogullaryň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar"».
8 Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Hizkiýa: «Meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolar» diýip pikir edýärdi.




Chapter 40

1 Hudaýyňyz: «Teselli beriň, halkyma teselli beriň» diýýär.
2 Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.
3 Bir ses gygyrýar: «Sährada Rebbe ýol taýynlaň, çölde Hudaýymyz üçin şaýol açyň.
4 Ähli dereler beýgeldiler, ähli daglar we depeler peseldiler, bitekiz ýerler tekizlener, beýikli-pesli ýerler düzlüge öwrüler.
5 Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».
6 «Jar et!» diýýär bir ses. Men: «Nämäni jar etmeli?» diýdim. Ähli ynsanlar otluk kimindir, olaryň gözelligi meýdan güli kimindir.
7 Reb demini üflände, ot guraýar, gül solýar. Hakykatdan hem, halk otlukdur.
8 Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar.
9 Eý, Siýon, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.
10 Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky Öňündedir.
11 Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.
12 Suwlary goşawujy bilen, gökleri garşy bilen ölçän kim? Ýeriň tozuny ölçege salan, Baýyrlary terezide, daglary gapanda çeken kim?
13 Rebbiň ruhuna kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi?
14 Akyl üçin Ol kimden maslahat sorady? Adalat ýoluny Oňa öwreden kim? Oňa bilim berip, paýhas ýoluny görkezen kim?
15 Ine, milletler ýagyş damjasy kimin, terezilerdäki toz kimin saýylýar, Ol adalary toz deýin äkidýär.
16 Liwan jeňňeliniň oduny ýeterlik bolmaz, mallary ýakma gurbanlyga azlyk edýär.
17 Ähli milletler Onuň öňünde hiç zatdyr, olary hiç zat hasaplap, boşlukdan-da pes saýýar.
18 Onda, Hudaýy kime meňzedýärsiňiz? Haýsy meňzetmäni ulanýarsyňyz Onuň üçin?
19 Butumy? Ony bir hünärment guýýar, zergär ony altyna gaplaýar, onuň üçin kümüş zynjyr ýasaýar.
20 Beýle gurbanlyga gurby çatmaýan kişi, bir çüýremez agajy saýlaýar. Mäkäm oturdylan but ýasatjak bolup, ökde ussanyň gözlegine çykýar.
21 Bilmeýärmisiňiz? Eşitmediňizmi? Size başdan aýdylmadymy? Dünýä ýaradylany bäri düşünmediňizmi?
22 Zemin gümmezinde oturýan Oldur, ýerde ýaşaýanlar çekirtgeler kimindir, gökleri perde kimin gerip, ýaşamak üçin çadyr kimin ýazýan Oldur.
23 Şazadalary hiç edýän, dünýäniň hökümdarlaryny puja çykarýan Oldur.
24 Olar ekilip, sepilip, baldaklary ýere zordan kök uran dessine, Reb demini üfleýär, olar guraýarlar, harasat olary saman dek sowurýar.
25 «Meni kime meňzedersiňiz? Kim Maňa taý geler?» Muny Mukaddes Bolan diýýär.
26 Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.
27 Näme üçin, eý, Ýakup, eý, Ysraýyl: «Ýolum Rebbe aýan däldir, Hudaý hakyma dykgat bermedi» diýýärsiňiz?
28 Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb—ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.
29 Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar,
30 Hatda ýaşlar-da ysgyndan gaçyp, ýadaýarlar, ýaş ýigitler-de büdräp, ýykylýarlar.
31 Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.




Chapter 41

1 «Eý, adalar, Meniň huzurymda dymyň, halklar täzeden güýç toplasynlar, olar ýakyna gelip, geplesinler; höküm üçin bile toplanalyň.
2 Gündogardan dogry adamy aýaga galdyran kim? Ony hyzmatyna çagyran kim? Milletleri onuň eline berýär, patyşalary aýak astynda ezýär, olary gylyjy bilen tozana, sowrulan samana öwürýär ýaýy bilen.
3 Kowalaýar olary, sag-aman geçýär aýak basmadyk ýodasyndan.
4 Başdan nesilleri çagyryp, bulary eden, tamamlan kim? Men—Reb ilkinjidirin, ahyrda-da Men bolaryn.
5 Adalar muny görüp, gorkýarlar, ýeriň aňry uçlary titreşýärler, olar ýakynlaşyp gelýärler.
6 Hersi beýlekisine kömek edýär, biri-birine: „Batyr bol!" diýýär.
7 Hünärment zergäri, çekiç bilen tekizleýän sandala urýany ruhlandyrýar. Kebşirleýiş hakda: „Bu gowy boldy" diýýär; gozganmaz ýaly çüý bilen berkidýär.
8 Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri,
9 ýeriň aňry ujundan topladym, uzak ýerlerden çagyryp: „Siz Meniň bendämsiňiz, Men sizi saýladym, terk etmedim" diýdim.
10 Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin size.
11 Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi utandyrylar, ile ryswa ediler. Hiç zat dek ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.
12 Duşmanlaryňyzy tapyp bilmersiňiz agtararsyňyz-da, hiç zatça bolman ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.
13 Hudaýyňyz Men—Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin" diýýän Mendirin.
14 Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin» diýýär Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz.
15 «Ine, Men sizi ýiti, täze, dişli döwek guraly etdim; siz daglary döwersiňiz, owradarsyňyz, baýyrlary saman kimin edersiňiz.
16 Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.
17 Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar, ýöne suw ýok; teşnelikden kepeýär agyzlary, Men—Reb olara jogap bererin, Ysraýylyň Hudaýy Men olary terk etmerin.
18 Men açyk depelerden derýalar, dereleriň ortasyndan bulaklar akdyraryn; çöli köle, gury ýeri suwly çeşmelere öwrerin.
19 Çölde kedr, akasiýa, mirt, zeýtun agaçlaryny oturdaryn, serwini, çynary, arçany sährada bile dikerin.
20 Onsoň hemmeler muny Rebbiň eliniň edendigini, Ysraýylyň Mukaddesiniň ýaradandygyny görerler, bilerler, akyl ýetirerler, düşünerler». Reb butlara garşy
21 Reb: «Dawaňyzy aýdyň» diýýär, Ýakubyň Patyşasy: «Subutnamaňyzy getiriň» diýýär.
22 «Butlaryňyzy getiriň, goý, olar näme boljagyny aýtsynlar, oýlanyp, soňuny bilerimiz ýaly geçmişde bolanlary aýan etsinler, ýa-da boljak zatlary bize habar bersinler.
23 Siziň hudaýlardygyňyzy bilerimiz ýaly, bize mundan soň boljak zatlary bildiriň; gorkup, heder ederimiz ýaly, ýa ýagşylyk, ýa-da ýamanlyk ediň.
24 Emma siz hiç zatsyňyz, işleriňiz-de biderek; sizi saýlan ýigrenjidir.
25 Men demirgazykdan birini öjükdirdim, ol gelýär, gündogardan adymy tutup çagyrýan biri. Ol küýzegäriň toýny depeleýşi kimin hökümdarlary palçyk kimin depelär.
26 Biz biler ýaly, kim muny başlangyçdan yglan etdi? „Ol mamla" diýerimiz ýaly, kim öňünden habar berdi? Hiç kim habar bermedi, hiç kim jar etmedi, hiç kim sözleriňizi eşitmedi.
27 Ilki Siýona: „Ine, olar!" diýip aýan etdim, Iýerusalime habarçy ýolladym.
28 Seretdim, ýöne hiç kim ýok, aralarynda maslahatçy ýok, soragyma jogap berjek ýok.
29 Ine, olaryň hemmesi galp, işleri hiç zatdyr, butlary boş ýeldir».




Chapter 42

1 Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.
2 Ol gygyrmaz, sesini gataltmaz, ony köçelerde eşitdirmez.
3 Ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez, sadyklyk bilen adalat getirer.
4 Ejizlemez, ruhdan düşmez ol, ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä, adalar onuň tälimine umyt baglarlar.
5 Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:
6 «Men — Reb seni dogrulyk bilen çagyrdym, eliňden tutup, seni goraryn,
7 Kör gözleri açmak, tussaglary tussaglykdan, zulmatda oturanlary zyndandan azat etmek üçin seni halka äht, milletlere nur ederin.
8 Men Rebdirin, bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese, öwgülerimi butlara bermerin.
9 Ine, öňki zatlar amala aşdy, Men täze zatlary yglan edýärin; ýüze çykmazdan öň olary size aýan edýärin».
10 Eý, deňiz syýahatçylary, deňziň içindäkiler, adalar we onda ýaşaýanlar, Rebbe täze aýdym aýdyň, ýeriň aňry ujundan öwgüler aýdyň!
11 Çöl we onuň şäherleri, kedarlylaryň ýaşaýan obalary sesini gataltsyn! Selanyň ilaty şatlykdan aýdym aýtsyn, daglaryň başyndan gygyryşsynlar!
12 Olar Rebbi şöhratlandyryp, adalarda Oňa öwgüler aýtsynlar.
13 Reb pälwan dek öňe gidýär, urşujy kimin gazabyny artdyrýar, gygyryp, söweş nagrasyny çekýär, duşmanlaryndan üstündigini görkezýär.
14 Men uzak wagtlap dymdym, ümsüm bolup, Özümi sakladym; indi dogurýan aýal dek çygyraryn, sojap dem alaryn.
15 Daglary, baýyrlary weýran ederin, ähli ösümliklerini guradaryn, derýalary adalara öwrerin, howdanlary guradaryn.
16 Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.
17 Oýma butlara bil baglap, guýma butlara: «Hudaýlarymyz sizsiňiz» diýýänler yzlaryna uly utanç bilen dönderiler.
18 Eý, kerler eşidiň! Eý, körler, serediň, görüň!
19 Bendämden başga kim kör? Kim ýollan habarçym dek ker? Kim Maňa bagyş edilen dek kör? Ýa Rebbiň bendesi kimin kör?
20 Ol köp zatlary görýär, emma üns bermeýär, gulaklary açyk, ýöne eşitmeýär.
21 Öz dogrulygy zerarly kanunyny beýgeltmek, şöhratlandyrmak Rebbe ýarady.
22 Emma bu dagan, talanan halkdyr. Ählisi gowaklarda duzaga düşen, Tussaghanalarda gizlenen; olar olja boldular, halas edýän ýok. Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.
23 Araňyzda muňa gulak goýjak, geljekde ünsli diňlejek barmy?
24 Ýakuby talaňçylara, Ysraýyly garakçylara beren kim? Bu garşysyna günä eden Rebbimiz dälmidi? Olar Onuň ýolundan ýöremek islemediler, Onuň kanunyna gulak asmadylar.
25 Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler.




Chapter 43

1 Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.
2 Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.
3 Men seniň Hudaýyň Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň. Men saňa töleg hökmünde Müsüri, seniň ýeriňe Efiopiýany, Sabany berdim.
4 Nazarymda eziz, gadyrly bolup, seni söýýändigim üçin, seniň öweziňe adamlar, halklar bererin janyňyň deregine.
5 Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.
6 Demirgazyga: „Olary ber", günorta: „Olary saklama" diýerin; ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň çetlerinden,
7 Maňa degişli bolan her kesi, Öz şöhratym üçin ýaradanymy, şekil berip döredenimi getir.
8 Gözli körleri, gulakly kerleri öňe çykar.
9 Ähli milletler bir ýere ýygnansyn, halklar toplansyn, olaryň arasynda kim muny yglan etdi? Haýsysy bolup geçenleri öňden bildirdi? Güwälerini getirip, özlerini aklasynlar, başgalar eşidip: „Bu dogry" diýsinler».
10 Reb şeýle diýýär: «Siz Meniň şaýadymsyňyz, Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şolduguma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz.
11 Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur».
12 Reb diýýär: «Men yglan etdim, halas etdim, aýan etdim, araňyzda başga hudaý ýok; siz Meniň şaýatlarym.
13 Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»
14 Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Siziň hatyraňyza Babyla leşger ýollap, ähli babyllary gaçgaklar hökmünde buýsanýan gämilerinde getirerin.
15 Siziň Mukaddesiňiz, Ysraýyly Ýaradan, Patyşaňyz Reb Mendirin». 16–17 Deňizden ýol, çuň suwlardan ýoda açýar Reb, uruş arabalary, atlary, goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol; olar ýykylyp, galyp bilmeýärler, öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler. Bulary edýän Reb şeýle diýýär:
18 «Ýatlamaň öten zatlary, köne zatlara üns bermäň.
19 Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.
20 Ýabany haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar Meni hormatlarlar. Men Öz saýlan halkymy gandyrmak üçin çölde suwlar, sährada derýalar bilen üpjün etdim.
21 Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky.
22 Emma sen, eý, Ýakup, çagyrmadyň Meni, eý, Ysraýyl, Menden irdiň sen!
23 Goýunlaryňyzy getirmediňiz Maňa ýakma gurbanlyk üçin, gurbanlyklaryňyz bilen Meni sylamadyňyz. Sadakalary size agyr ýük etmedim, ýakymly ysly tütetgi bilen irizmedim.
24 Hoşboý ysly gamyş satyn almadyňyz Maňa, gurbanlyklaryňyzyň ýagyndan doýurmadyňyz, günäleriňiz bilen Maňa ýük bolduňyz gaýtam, etmişleriňiz bilen Meni irizdiňiz.
25 Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.
26 Maňa ýatlat! Gel, bilelikde dawalaşalyň, aklanar ýaly delilleriňi aýt.
27 Ilkinji ataňyz günä etdi, töwellaçylaryňyz garşyma çykdylar.
28 Munuň üçin biabraý etdim ybadathananyň ruhanylaryny, Ýakuby doly weýrançylyga, Ysraýyly ryswalyga höküm etdim».




Chapter 44

1 «Emma indi, eý, bendäm Ýakup, saýlan Ysraýylym, gulak goý!
2 Seni ýaradan, ýatgyda size şekil beren Men Reb gepleýärin. Gorkma eý, bendäm Ýakup, ýagny saýlanym Ýeşurun!
3 Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.
4 Olar gök ýaýladaky otlar kimin, akar suwlar ýakasyndaky söwütler kimin boý alarlar.
5 Biri: „Men Rebbiňki" diýer, beýlekisi öz adyna Ýakup dakar, ýene biri: „Rebbiňki" diýip ýazar eline, özüni Ysraýyl diýip atlandyrar».
6 Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.
7 Maňa meňzeýän barmy? Ol aýan etsin, gadymy halky berkarar edelim bäri bolup geçenleri aýdyp bersin ol; geljek zatlary yglan etsin, indi boljak zatlary habar bersin.
8 Gorkmaň, eýmenmäň, Saňa owaldan aýtmadymmy, bildirmedimmi näme? Siz Meniň şaýatlarym! Hudaý barmy Menden başga? Başga Gaýa ýokdur, hiç birini bilmeýärin». Butlara sežde edilýär
9 But ýasaýanlaryň bary biderekdir, olara ýaraýan zatlar peýdasyzdyr, olaryň şaýatlary ne görýär, ne-de zat bilýär. Utanja galdyrylar olar.
10 Derde ýarawsyz hudaýy, ýa guýma buty kim ýasaýar?
11 Ine, onuň ähli ýoldaşlary utandyrylar, hünärmentleriň özleri adamlardyr. Ählisi ýygnanyşyp, ählisi bile dursunlar; dowla düşer olar, utanja galar.
12 Demirçi guralyny alyp, onuň bilen közde işleýär; ol buta çekiç bilen şekil berýär, güýçli goly bilen onuň üstünde işleýär. Ol ajygyp, güýçden gaçýar; suwsuzlykdan mejalsyz bolýar.
13 Agaç ussasy ýüp bilen ölçeýär, galam bilen bellik edýär, törpi bilen şekil berýär, sirkul bilen belleýär. Buthanada goýmak üçin buty adam şekilli ýasaýar, ynsan gözelligine görä ýasaýar.
14 Ol kedr agaçlaryny kesýär, serwi we dub agaçlaryny alýar. Tokaýyň agaçlaryndan birini saýlaýar, dagdan agajyny oturdýar, ýagyş ony ösdürýär.
15 Agaç ynsana odun bolýar, ol getiren oduny bilen hem ýylynýar, oduny ýakyp, çörek bişirýär. Şeýle hem özüne bir taňry ýasap, ybadat edýär oňa, but ýasap, sežde edýär oňa.
16 Odunlaryň ýarysyny ýakyp, oduň üstünde kebap bişirýär, ondan iýip doýýar. Ol ýylynyp, şeýle diýýär: «Ine, ýylyndym, alawyň howruny duýdum!».
17 Galanyndan bolsa bir taňry ýasaýar, özüne but ýasap, sežde edýär oňa, ybadat edýär, dileg edip, şeýle diýýär: «Meni halas et, meniň taňrymsyň sen!».
18 Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler, çünki görmesinler diýip gözleri, düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy.
19 Hiç kim oýlanyp görmeýär, «Odunyň ýarysyny ýakdym, közüne çörek bişirdim, etden kebap edip iýdim, indi galanyndan ýigrenji zat ýasaýynmy? Bir bölek agaja sežde edeýinmi?» diýer ýaly akyl-paýhas ýok.
20 Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.
21 «Bulary ýatla, eý, Ýakup, eý, Ysraýyl, sen meniň bendämsiň; siz meniň bendämsiňiz, Men ýaratdym sizi, eý, Ysraýyl, Men seni unutmaryn.
22 Ýazyklaryňyzy bulut kimin, günäleriňizi duman kimin aýraryn. Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».
23 Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.
24 Size ýatgyda şekil beren Penakäriňiz Reb şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan, gökleri ýeke Özi ýaýradan, ýalňyz Özi ýeri ýazan,
25 galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan, palçylary akmak edýän, akyldarlara zarba berip, bilýänlerini samsyklyga öwürýän,
26 bendesiniň sözüni tassyklaýan, ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan, Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!", Yahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar, harabalaryňy dikelderin!" diýýän,
27 çuňluga: „Gura, derýalaryňy guradaryn" diýýän,
28 Kureşe: „Meniň çopanymdyr, bar maksatlarymy ol amala aşyrar", Iýerusalime: „Täzeden gurlar", ybadathana: „Düýbüň tutular"» diýýän Reb Mendirin.




Chapter 45

1 Reb mesh edenine5, sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär: «Öňüňde milletleri baş egdirerin, patyşalary güýjünden mahrum ederin, gapylary açaryn öňüňde, derwezeler ýapylmaz.
2 Men öňüňden gidip, daglary tekizlärin, bürünç gapylary kül ederin, demir kiltlerini döwerin.
3 Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilmegiň üçin, garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin.
4 Sen meni tanamasaň-da, bendäm Ýakubyň, saýlanym Ysraýylyň hatyrasyna adyňy tutup çagyryp, hormat goýdum saňa.
5 Men Rebdirin, başgasy ýokdur, Menden başga Hudaý ýokdur. Meni tanamasaň-da, saňa Men güýç bererin.
6 Gündogardan günbatara deňeç Menden başganyň ýokdugyny bilsinler diýip, Men güýç bererin saňa.
7 Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; Bularyň hemmesini edýän Men — Rebdir.
8 Eý, gökler, ýokardan ýagdyryň, bulutlar dogrulyk ýagdyrsyn; ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin, onuň bilen birlikde dogrulyk bitsin; Bulary Men — Reb ýaratdym».
9 Ýaradany bilen dawalaşýanyň dat gününe! Ýeriň küýze döwükleriniň arasyndaky bir küýze döwügi! Toýun özüni şekillendirýäne: «Näme ýasaýarsyň?» «Ýasan zadyň tutawajy ýok» diýermi ýa?
10 Atasyna: «Näme üçin dünýä inderdiň meni?» Enesine: «Näme üçin dogurdyň meni?» diýýäniň dat gününe!
11 Ysraýylyň Mukaddesi, ony ýaradan Reb şeýle diýýär: «Ogullarymyň geljegi hakda Meni sorag edýäňizmi? Elimiň işi hakda buýruk berýäňizmi Maňa?
12 Men ýeri döretdim, onda ynsanlary ýaratdym; ellerim gökleri gerdi, gögüň goşunlaryna buýruk berdim.
13 Kureşi dogrulyk bilen oýardym, bütin ýollaryny dogrularyn; Meniň şäherimi ol diker, ýesirlerimi tölegsiz, peşgeşsiz azat eder ol». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
14 Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Olar seniň yzyňa eýererler, gandallary ýanyňa gelip, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur"».
15 Hakykatdan-da, Özüni gizleýän Hudaý Sensiň, eý, Ysraýyl Hudaýy, eý, Halasgär!
16 Ähli but ýasaýanlar utandyrylar, ryswa ediler; ählisi bile ryswa bolar olaryň.
17 Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.
18 Gökleri ýaradan, Ol Hudaý, dünýäni ýaradan, oňa şekil beren, ony berkiden, boş bolmasyn, adamly bolsun diýen Reb şeýle diýýär: «Men Rebdirin, Menden başga hiç kim ýokdur».
19 Men gizlinlikde, tümlük mekanynda geplemedim, Ýakubyň nesline: «Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim. Men — Rebbiň sözleýäni hakykatdyr, dogrulykdyr beýan edýäni. Butlar Babyly halas edip bilmeýär
20 Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.
21 Bildiriň, dawaňyzy aýdyň, goý, hemmesi üýşüp maslahatlaşsynlar! Muny owaldan aýdan kim? Geçmişde aýan eden kim? Men — Reb dälmidir? Menden başga hudaý ýokdur, Men adyl Hudaý we Halasgärdirin, Menden başga hiç kim ýokdur.
22 Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.
23 Öz barlygymdan ant içdim, agzymdan çykan söz dogrudyr, ol boş däldir: «Her bir dyz öňümde epiler, her bir dil Menden ant içer».
24 Olar: «Dogrulyk hem kuwwat ýalňyz Rebdedir» diýerler. Oňa gazap bildirenleriň ählisi huzuryna gelip, utanarlar.
25 Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar.




Chapter 46

1 Bel hudaýy dyza çökýär, Nebo hudaýy egilýär, heýkelleri öküzlere ýüklenýär; daşaýan zatlaryňyz agyr ýük deý, ýadaw haýwanlara ýüklenilýär.
2 Hudaýlar egilýärler, dyza çökýärler, heýkellerini halas edip bilmän, özleri sürgün edilýärler.
3 Eý, Ýakubyň nesli, Ysraýyl nesliniň aman galanlary! Göwrede galanyňyz bäri etdim aladaňyzy, doglanyňyz bäri elimde göterdim.
4 Garranyňyzda-da, Men Şolduryn, saçyňyz agaranda hem sizi götererin, sizi Men ýaratdym, Özüm götererin, Men göterip, sizi halas ederin.
5 Meni kime meňzedýärsiňiz? Kim bilen deňeşdirýärsiňiz? Kime deňeýärsiňiz, Maňa meňzeýän barmy?
6 Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.
7 Ony gerişlerine alyp göterýärler, ýerinde goýýarlar, ol şol ýerde durýar, ýerinden gozganyp bilmeýär. Jogap bermeýär oňa perýat edenlerinde, hiç bir beladan gutarmaýar.
8 Eý, günäkärler, unutmaň muny, mert boluň, çykarmaň ýatdan.
9 Gadymda bolan-geçen zatlary ýatlaň, Men Hudaýdyryn, Menden başga Hudaý ýokdur, Men Hudaýdyryn, Maňa meňzeýän ýokdur.
10 Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin. Men: «Berjaý bolar maksatlarym, bar isleglerimi amal ederin» diýýärin.
11 Gündogardan bir ýyrtyjy guşy, maksadymy berjaý etjek birini uzak ýurtdan çagyrdym. Bulary aýdan Mendirin, ýerine-de ýetirerin; Men niýet etdim, amala aşyraryn ony.
12 Eý, gutulyşdan uzak bolan dikdüşdiler, gulak goýuň Maňa!
13 Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siýony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.




Chapter 47

1 «Eý, boýy ýeten Babyl gyzy, aşak düş-de, toza çök! Eý, kesetler gyzy, ýerde otur, tagtyň ýokdur! Näzik, mylaýym, diýilmez indi saňa.
2 Degirmen daşlaryny al-da, un üwe, aýyr ýapynjaňy, lybasyňy çykar, derýalardan geç, baldyrlaryňy ýalaňaçla-da.
3 Ýalaňaçlygyň aýan bolar, aýbyň açylar. Öç alaryn Men, hiç kimi aýamaryn».
4 Penakärimiz Ysraýylyň Mukaddesidir, Hökmürowan Rebdir ady.
5 «Eý, Keset gyzy, ümsüm otur, tümlüge git! Saňa „patyşalyklaryň melikesi" diýilmez indi.
6 Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.
7 Sen: „Men ebedi melike bolaryn" diýdiň, bulara üns bermediň, näme boljagyny oýlanmadyň»
8 Eý eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi!
9 Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.
10 Öz pisligiňe bil bagladyň; sen: «Meni hiç kim görmeýär» diýdiň. Paýhasyň we bilimiň seni azaşdyrdy, içiňden: «Diňe men, menden başga ýok» diýdiň.
11 Munuň üçin başyňa bela geler, jadygöýlik bilen halas edip bilmersiň; başyňa betbagtçylyk iner, öňüni alyp bilmersiň sen onuň; duýdansyz üstüňe geler oslamaýan weýrançylygyň.
12 Ýaşlygyňdan bäri ugrunda jan çeken jadygöýleriňdir gözbagçylaryň bilen gal, belki olardan peýda görersiň, belki olar bilen gorkuzarsyň!
13 Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa ýadadyň, müneçjimler, ýyldyzçylar, täze aýyň başynda näme boljagyny aýdýanlar ör tursunlar-da, başyňa geljek zatlardan seni gutarsynlar indi.
14 Ine, olar sypal kimindirler, ot olary ýandyrýar; janlaryny ýalnyň güýjünden halas edip bilmeýärler. Bu ot ne çoýunara köz, ne-de alaw bolar başynda oturara.
15 Ine, bile zähmet çekişenler, ýaşlygyňdan seniň bilen iş salşanlar nähili bolup çykýarlar; öz ýoluna rowanadyr olaryň hersi, halas eden bolmaz seni.




Chapter 48

1 Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.
2 Özlerini mukaddes şäherden diýip, Ysraýyl Hudaýyna daýanýarlar olar; Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
3 «Geçmişdäkileri owaldan Men beýan etdim, Meniň agzymdan çykdy, Men olary bildirdim; duýdansyz şeýle etdim, olar berjaý boldy.
4 Siziň kesirdigiňizi Men bilýändirin. Ýeňse damaryňyz demirdendir, maňlaýyňyz misdendir.
5 Bulary size owaldan beýan etdim. „Bulary eden meniň butum, oýma, guýma heýkellerim bulary buýruk berdi" diýmeziňiz ýaly, berjaý bolmankalar, olary size aýan etdim.
6 Indi eşidenleriňiziň ählisini görüň; olary yglan etjek dälmisiňiz? Indiden beýläk size täze zatlary, siziň bilmeýän, gizlin zatlaryňyzy aýdaryn.
7 Bular ýaňy ýaradyldy, geçmişde däl, şu güne deňeç bilmediňiz bulary, „Bulary eýýäm bilýärdik" diýerdiňiz ýogsa.
8 Ne eşitdiňiz siz, ne-de bildiňiz, owaldan gulagyňyz açylmandy. Men siziň dönüklik etjekdigiňizi bildim, doglanyňyzdan bäri size topalaňçy diýildi.
9 Öz adymyň hatyrasyna gaharymy ýatyrýaryn, gaharymy saklaýaryn Öz hormatymyň hatyrasyna, ýok ederdim sizi ýogsam.
10 Ine, seni sapladym, ýöne kümüş dek däl, azap küresinde synadym seni.
11 Öz hatyrama, Öz mertebäme muny edýärin, näme üçin Meniň adym harlansyn? Başga bermerin şöhratym.
12 Eý, Ýakup, Eý, çagyranym Ysraýyl, Meni diňle! Men Şolduryn, ilkinji-de, soňky-da Mendirin.
13 Ýeriň binýadyny goýan Meniň elimdir, Meniň sag elimdir gökleri ýaýradan; bary birlikde öňümde durýarlar, olary çagyranymda».
14 Hemmäňiz toplanyň, diňläň! Butlaryň haýsysy bulary öňden aýan etdi? Reb ony söýýär; maksadyny amala aşyrar Ol Babylda. Onuň goly kesetlere garşy bolar.
15 «Men, hawa, Men gepledim, Ony Men çagyrdym, Men getirdim, ol öz ýolunda üstünlik gazanar.
16 Maňa ýakynlaşyň-da, muny eşidiň! Owaldan ýaşyryn geplän däldirin Men, şondan bäri Men şol ýerde». Indi Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi.
17 Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.
18 Käşgä tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadançylygyňyz derýa deý, deňiz tolkunlary deý bolardy dogrulygyňyz.
19 Perzentleriňiz çäge deý, çäge ownuklary deý bolardy nesilleriňiz; atlary huzurymdan aýrylmaz, ýok edilmez».
20 Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň, muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň, aňry çetine ýetsin zeminiň; «Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.
21 Çölleriň içi bilen äkidilende-de, suwsamandy olar, olar üçin gaýadan suw akdyrdy; Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy ondan.
22 Reb: «Pislere rahatlyk ýokdur» diýýär.




Chapter 49

1 Eý, adalar, meni diňläň! Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň! Ýatgydakam Reb meni çagyrdy, enemiň göwresindekäm adymy agzady.
2 Dilimi kesgir gylyç kimin etdi, meni eliniň kölegesinde gizledi; ýiti ok edip, Öz sagdagynda ýaşyrdy meni.
3 Ol maňa: «Sen Meniň bendämsiň, eý, Ysraýyl, Men sende şöhratlanaryn» diýdi.
4 Onsoň men: «Biderek zähmet çekdim, biderek, biýhuda sarp etdim güýjümi; ýöne hakym Reb bilendir, sylagym Hudaý bilendir».
5 Ýakup neslini Özüne gaýtarmagym üçin, Ysraýyly Onuň öňüne toplamagym üçin, Ýatgydakam maňa şekil berip, bendesine öwürdi Reb meni. Men Rebbiň nazarynda hormat gazandym, Hudaýym meniň güýç-gudratym boldy.
6 Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, Ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, Seni milletlere nur ederin, Seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.
7 Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr». Reb halkyny yzyna getirer
8 Reb şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin, kömek ederin halas etjek günümde; seni goraryn, halka äht hökmünde bererin seni sen ýurdy täzeden dikeldersiň, çolaryp galan mülki paýlarsyň.
9 Ýesirlere: „Çykyň", garaňkydakylara: „Görnüň" diýersiň. Olar ýol boýlarynda otlarlar, takyr depelerde öri taparlar.
10 Ajykmazlar, suwsamazlar, jöwza hem gün olary ýakmaz, çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer, olary suw çeşmelerine getirer.
11 Ähli daglarymy ýola öwrerin, şaýollarym belende galdyrlar.
12 Ine, olar uzaklardan, käsi demirgazykdan, käsi günbatardan, hatda Sinim ýurdundan gelerler.
13 Şatlykdan gygyryň, eý, gökler! Eý, zemin, begen! Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar! Reb Öz halkyna teselli berdi, ejir çekýänlere rehim eder.
14 Emma Siýon: „Reb terk etdi meni, Taňrym meni unutdy" diýdi.
15 Emdirýän ene balasyny unudyp bilermi? Özünden önen çaga rehim etmezmi? Hatda öz balasyny unutsa-da ene, Men seni unutmaryn.
16 Ine, Men adyňy ellerimiň aýasyna ýazdym, diwarlaryň göz öňümdedir elmydam.
17 Ogullaryň howlugyşyp gelerler, seni weýran edenler çykyp giderler.
18 Gözleriňi daş-töwerege aýla-da, seret, olaryň hemmesi toplanyp, ýanyňa gelýärler». Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, olaryň bary seniň üçin bezeg bolar, gelin dek olary dakynarsyň.
19 Ýeriň weýran edilip, çolaran bolsa-da, haraba dönen bolsa-da ýurduň, indi ýurt halkyňa darlyk eder, seni ýuwdup-ýalmanlar senden uzaklaşarlar.
20 Agyr ýitgi astynda doglan çagalaryň ýene saňa şeýle diýerler: „Bu ýer bize darlyk edýär, mesgen tutara bize ýer ber".
21 Şonda sen içiňden diýersiň: „Bulary maňa kim dogrup berdi? Çagasyzdym, önelgesizdim, sürgün edilip kowlupdym; eýsem bulary kim ulaltdy? Ýeke-ýalňyz galypdym, bular nireden gelip çykdylar?"».
22 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, milletlere elim bilen yşarat ederin, halklara baýdagymy galdyraryn; olar ogullaryňy gujaklarynda getirerler, gyzlaryňy gerişlerinde götererler.
23 Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».
24 Güýçlüniň elinden oljasyny alyp bolarmy? Zalymyň elinden ýesirler gutulyp bilermi?
25 Emma Reb şeýle diýýär: «Hatda güýçlüleriň ýesirleri ellerinden alnar, zalymlaryň alan oljasy halas ediler; Men saňa garşy durana garşy durup, çagalaryňy halas ederin.
26 Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratlysydygymy bilerler».




Chapter 50

1 Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebapli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.
2 Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýar, teşnelikden ölýärler.
3 Göklere gara geýdirýärin, july olaryň örtgüsi edýärin».
4 Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.
5 Hökmürowan Reb gulagymy açdy, men garşy çykmadym, yza çekilmedim.
6 Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.
7 Hökmürowan Rebbiň maňa ýardam berendigi üçin, men utanja galmadym, ýüzümi çakmakdaşy deý etdim, men utandyrylmajagymy bilýärin.
8 Meni aklajak ýakynymdadyr, meniň bilen dawalaşjak kim? Geliň, ýüzleşeliň. Günäkärleýjim kim meniň? Goý, ýanyma gelsin!
9 Maňa ýardam edýän Hökmürowan Rebdir, Kim meni günäli çykarjak? Olaryň ählisi geýim deý köneler, olara güýe deger.
10 Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.
11 Emma ot ýakyp, alawly oklar guşanan siziň hemmäňiz öz oduňyzyň yşygynda, ýakan alawly oklaryňyzyň arasynda geziň! Meniň elimden başyňyza geljek şudur: siz azap içinde ýatarsyňyz.




Chapter 51

1 Reb şeýle diýýär: «Eý, dogrulygy yzarlaýanlar, eý, Rebbi agtarýanlar, Maňa gulak goýuň! Kesilip alnan gaýaňyza, gazylyp çykarylan çukuryňyza serediň.
2 Ataňyz Ybraýyma, özüňizi dogran Sara nazar aýlaň; Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi, emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».
3 Reb Siýona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.
4 «Meni diňle, eý, halkym, Maňa gulak goý, eý, milletim! Menden bir kanun çykar; adalatym halklara nur bolar.
5 Azat etmek üçin tiz çykaryn, Men halas etmäge ýola düşdüm, gollarym halklara höküm eder, adalar Maňa intizardyrlar, gudratyma umyt baglaýarlar.
6 Gözleriňizi göklere dikiň, aşaga, ýere serediň; gökler tüsse kimin ýitip gider, ýer ýüzi eşik kimin tozar; onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler, emma Men baky halas ederin, azat ederin Men olary.
7 Dogrulygy bilýän, kanunymy ýüreginde saklaýan siz, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.
8 Güýe olary eşik kimin iýer, olary ýüň kimin iýer güýe; emma baky azat ederin Men olary, asyrlar boýy halas ederin».
9 Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?
10 Deňzi, uly çuňlugyň suwlaryny guradan, halas edilenler geçsin diýip, deňziň çuň ýerlerini ýola öwren Sen dälmidiň?
11 Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siýona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.
12 «Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?
13 Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?
14 Ýesirler basym azat ediler, ölmez, gabra inmez olar, çörekleri kemlik etmez.
15 Tolkunlary uwlasyn diýip, deňzi çaýkaýan Hudaýyňyz Reb Mendirin». Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
16 «Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siýona: „Sen Meniň halkymsyň" diýdim».
17 Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, Serhoşluk käsesini başyňa çekdiň.
18 Öz dogran ähli ogullarynyň içinde Iýerusalime ýol görkezýäni ýok; ekläp-saklan ähli ogullarynyň arasynda elinden tutup, oňa goldaw berýäni ýok.
19 Başyňa bu iki bela geldi, kim saňa duýgudaşlyk bildirer? Harabaçylyk, weýrançylyk, açlyk, gylyç. Saňa nädip göwünlik bereýin?
20 Ogullaryň tapdan düşüp, her köçäniň başynda ýatyrlar, tora düşen dag keýigi ýaly bolup; Rebbiň gazabyndan, Hudaýyň käýinjinden püre-pür olar.
21 Munuň üçin, eý, azap çeken, çakyrsyz serhoş bolan halk, muny eşit!
22 Taňry Rebbiňiz, Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär: «Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym, Meniň gazap käsämden mundan beýläk içmersiň.
23 Bu käsäni sütemkärleriňiň eline bererin, Olar saňa: „Üstüňden geçerimiz ýaly, ýerde ýüzin ýat" diýdi. Senem olar geçer ýaly ýer kimin, ýol kimin etdiň arkaňy».




Chapter 52

1 Oýan, eý, Siýon, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, murdar adamlar içeri girmezler asla.
2 Üstüňdäki tozany kak-da, gal, eý, Iýerusalim, tagtda otur. Boýnuňdaky zynjyry üz, eý, Siýon, ýesir gyz!
3 Reb şeýle diýýär: «Siz mugt satyldyňyz, yzyňyza pul tölenmän alnarsyňyz».
4 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Halkym mesgen tutjak bolup, owal Müsüre gidipdi; soňra aşurlar olara nähak sütem etdiler».
5 Reb: «Indi bu ýerde nämäm bar?» diýýär. «Halkym biderek ýere äkidildi, hökümdarlary perýat edýärler. Adym uzakly gün harlanýar» diýýär Reb.
6 «Munuň üçin halkym Meniň adymy biler; şonuň üçin gepleýäniň Mendigimi şol gün bilerler. Ine, bu Mendiri».
7 Dagdan aşyp, parahatlygy yglan edýän habarçynyň gelşi ne gözeldir! Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip, Siýona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip, hoş habar getirýär.
8 Diňläň! Garawullaryň seslerini gataldýar, birlikde şatlykdan aýdym aýdýarlar; Rebbiň Siýona gaýdyp gelşini öz gözleri bilen görerler olar.
9 Eý, Iýerusalimiň harabalary, şatlyk bilen aýdyma gygyryň! Reb Öz halkyna teselli berdi, Iýerusalimi azat etdi.
10 Bütin milletleriň gözleriniň alnynda Reb mukaddes bilegini çermedi; ýeriň aňry ujy Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.
11 Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!
12 Emma siz gyssagly çykmarsyňyz, gaçyp gitmersiňiz; çünki Reb siziň öňüňizden gider, Ysraýylyň Hudaýy yzyňyzda gorag bolar. Rebbiň gulunyň ejir çekmesi we beýgeldilişi
13 Ine, gulum rowaçlanar, ol beýgeldiler, ýokary galdyrylar, gaty belende çykarylar.
14 Köpler oňa haýran galdy. Onuň keşbi ähli ynsanyňkydan betnyşandy, syraty ynsan oglunyňka meňzemeýärdi.
15 Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.




Chapter 53

1 Biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?
2 Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek, gury ýerdäki kök deý ösdi; biziň oňa serederimiz ýaly, onda ne şekil, ne syrat bardy, arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy.
3 Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz.
4 Ol biziň hassalygymyzy öz üstüne aldy, biziň dertlerimizi çekdi; biz bolsa ol Hudaý tarapyndan jezalandyrylyp, urlup ejir çekendir diýip pikir etdik.
5 Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk.
6 Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.
7 Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol.
8 Ol sütem, adalatsyzlyk bilen äkidildi. Onuň nesilleri hakda kim aýdyp biljek? Diriler diýaryndan mahrum edildi ol, halkymyň ýazygy üçin zarba oňa degdi.
9 Onuň gabry pisler bilen boldy. Ol baý adamyň ýanynda jaýlandy, ol hiç hili sütem etmändi, agzyndan ýalan sözler çykmandy.
10 Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.
11 Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.
12 Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.




Chapter 54

1 Reb: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk, önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» diýýär.
2 Çadyryňyň ýerini giňelt, mesgeniňiň perdelerini ger, gaýgyrma; tanaplaryňy uzalt, gazyklaryňy berkit.
3 Sen saga-sola ýaýylarsyň, nesilleriň milletleri eýeläp, çola şäherlerde ornaşarlar.
4 Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.
5 Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.
6 Reb seni terk edilen, kalby gussaly aýal dek, ret edilen ýaş gelin dek çagyrdy. Muny Hudaý diýýär.
7 «Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn.
8 Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.
9 Bu Meniň üçin Nuhuň döwri kimindir, Nuhuň tupany ýer ýüzünde indi gaýtalanmaz diýip ant içişim ýaly, saňa-da gaharlanmaryn indi, hiç haçan käýemerin diýip ant içdim.
10 Daglar ýerinden gozgansa-da, depeler sarssa-da, sadyk söýgim senden aýrylmaz, sarsmaz parahatçylyk ähtim. Saňa rehim eden Reb diýýär muny.
11 «Eý, harasata düşüp, teselli tapmadyk muşakgatly şäher! Daşlaryňy gymmatbaha daşlardan goýup, gök ýakutlar bilen düýbüň tutaryn.
12 Küňreleriňi lagyldan, derwezeleriňi jöwherden, gymmatbaha daşlardan ederin diwarlaryňy.
13 Ähli çagalaryň Rebden tälim alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar.
14 Dogrulykda berkarar edilersiň, sütemden uzakda bolarsyň, gorkmarsyň; howp-hatardan daş bolarsyň, golaýlaşmaz saňa.
15 Saňa hüjüm etse biri, Menden däldir; kim saňa hüjüm etse, saňa boýun eger.
16 Ine, kömür közüni üfleýän, öz maksady üçin ýarag ýasaýan demirçini Men ýaratdym. Ýok etsin diýip, heläk edijini ýaradan-da Mendirin.
17 Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn» diýýär Reb.




Chapter 55

1 Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!
2 Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näzi-nygmatlardan lezzet alar.
3 Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.
4 Ine, Men ony halklara şaýat, baştutan hem baş serkerde etdim.
5 Ine, siz tanamaýan milletleriňizi çagyrýarsyňyz, sizi tanamadyk milletler-de, size gelerler. Bu Ysraýylyň Mukaddesi, Hudaýyňyz Reb zerarlydyr, Ol sizi şöhratlandyrdy.
6 Rebbi tapylýarka, agtaryň, ýakyndaka, çagyryň.
7 Pisler öz ýollaryndan, Erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.
8 «Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl, siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl» diýýär Reb.
9 Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa, Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan, Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir.
10 Ýagşyň, garyň göklerden inip, ýeri suwaryp, ony önümli, hasylly edip, ekene tohum, çörek iýýäne çörek berýänçä, yzyna dolanmaýşy dek,
11 Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar.
12 Siz şatlyk bilen çykarsyňyz, parahatlyk bilen getirilersiňiz, daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar, bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar.
13 Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçiti ýerine nar biter; bu Rebbe şöhrat getirer, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.




Chapter 56

1 Reb şeýle diýýär: «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň, ine, Men tiz azat etmäge gelerin, halas edişim görünmäge golaýdyr.
2 Muny edýän ynsan, ony berk saklaýan nähili bagtly! Ol Sabat gününi tutýar, ony harlamaýar, elini ýaman işden saklaýar».
3 Rebbe birigen keseki: «Reb meni Öz halkyndan aýrar» diýmesin, Agta: «Ine, men bir gury agaçdyryn» diýmesin.
4 Reb şeýle diýýär: «Sabat günlerimi saklaýan, Maňa ýaraýan zatlary saýlaýan, ähtimi berk saklaýan agtalara
5 öýümde, diwarlarymyň içinde ogullardyr gyzlardan-da gowy hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.
6 Rebbe hyzmat etmek üçin, Rebbiň adyny söýmek üçin, Onuň bendesi bolmak üçin Rebbe birigen kesekileri, Sabat günümi harlaman saklaýanlary, ähtimi berk saklaýanlary,
7 mukaddes dagyma getirerin, dilegler öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli halklar üçin dilegler öýi diýip atlandyrylar».
8 Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men öýüme eýýäm toplananlardan beýlekilerini-de toplaryn».
9 Eý, ähli wagşy haýwanlar, eý, bütin jeňňel haýwanlary, geliň, iýmäge geliň!
10 Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.
11 Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar.
12 Olar: «Geliň, şerap getireliň! Bol içgi içeliň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.




Chapter 57

1 Dogry adamlar ölüp gidýärler, hiç kim muňa üns bermeýär. Takwa adamlar ýogalýarlar, muňa hiç kim düşünýmeýär, dogrylar betbagtçylykdan gutarylýar.
2 Olar rahatlyga gowuşýarlar; öz ýerlerinde dynç alýarlar, dogrulykda gezýänler.
3 Emma siz, eý, jadygöýiň çagalary, zynagäriň, kemçiniň zürýatlary, golaýrak geliň!
4 Kimiň üstünden gülýärsiňiz? Kime garşy agyz açyp, diliňizi çykarýarsyňyz? Siz ýazykly çagalar dälmisiňiz? Ýalançy nesiller dälmisiňiz?
5 Dub agaçlarynyň arasynda, her gür agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?
6 Derýanyň ýylçyr daşlarynyň arasyndadyr paýyňyz, nesibäňiz şolardyr siziň; olara sadaka hökmünde şerap dökýärsiňiz, galla sadakasyny hödürlediňiz, bulardan soň sizi jezasyz galdyrarynmy?
7 Beýik, uly dagyň üstünde ýerleşdirdiňiz düşegiňizi, gurbanlyk hödür etmäge çykdyňyz ol ýere.
8 Gapylaryňyzyň, söýeleriňiziň arka tarapynda butparazçylykly heýkeller goýduňyz. Meni terk edip, ýalaňaçlanyp, düşegiňize geçdiňiz. Ony giňeltdiňiz; äht edişdiňiz olar bilen, olaryň düşegini söýdüňiz, olaryň ýalaňaç bedenine seretdiňiz.
9 Hoşboý ysly ýag bilen Molek hudaýyň ýanyna gitdiňiz, atyrlaryňyzy köpeltdiňiz; uzak ýerlere ýolladyňyz ilçileriňizi, hatda ölüler dünýäsine inderdiňiz.
10 Uzak ýollar sizi ýadatdy, Emma: «Bu biderek» diýmediňiz siz. Güýjüňizi gaýtadan dikeltdiňiz, şoňa görä siz tapdan düşmediňiz.
11 Meni aldap, ýatlamazyňyz ýaly, ýüregiňizde Maňa ýer bermeziňiz ýaly, kimden eýmendiňiz, kimden gorkduňyz? Uzak wagtlap dymandygym sebäpli Menden gorkmaýarsyňyzmy siz?
12 Dogrulygyňyzy, işleriňizi aýan ederin, nepi degmez bularyň size.
13 Perýat edeniňizde, toplan butlaryňyz sizi halas etsin, olary ýel süpürip äkider, şemal uçuryp äkider olary. Ýöne Meni pena tutunýan ýurdy mülk ediner, Meniň mukaddes dagymy miras alar. Pesgöwünlilere teselli
14 Ol diýer: «Topragy tekizläp, ýol taýynlaň, halkymyň ýolundaky päsgelçilikleri aýryň».
15 Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.
16 Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.
17 Nähak gazanç etmişleri üçin gaharlanyp, olary jezalandyrdym, gaharlandym, ýüz öwürdim; emma olar öz islän ýollaryndan gitdiler.
18 Olaryň ýollaryny gördüm, ýöne şonda-da olara şypa bererin, olara we ýas tutýanlara ýol görkezip, teselli bererin.
19 Dillerinde öwgini Men ýaratdym, Uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».
20 «Emma pisler tolkun atýan deňiz ýalydyr, olar asuda bolup bilmeýärler, tolkunlary laý we hapa çykarýar.
21 Pisler üçin rahatlyk ýokdur» diýýär Hudaýym Reb.




Chapter 58

1 Gaty gygyr, çekinme! Sesiňi surnaý kimin gatalt! Halkyma ýazyklaryny, Ýakubyň nesline günälerini yglan et.
2 Olar her gün Meni agtarýarlar, lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden, dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini terk etmedik millet kimin Menden adyl höküm soraýarlar, Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler.
3 Olar: «Biz agyz bekledik, näme üçin görmeýärsiň? Özümizi kiçeltdik, näme üçin üns bermeýärsiň?» diýýärler. Ine, siz agyz beklän günüňiz öz isläniňizi edýärsiňiz, işçileriňizi agyr işledýärsiňiz.
4 Ine, siz dawa, jenjel bilen, rehimsiz ýumruklama bilen agyz bekleýärsiňiz. Bu günki agyz bekleýşiňiz bilen ýokarda sesiňizi eşitdirmersiňiz.
5 Meniň saýlan agyz beklemäm, ynsanyň özüni kiçeltmeli güni şeýle bolarmy? Gamyş kimin başyňyzy egip, juluň, külüň üstünde ýatmak üçinmi? Siz muňa agyz bekleme, Rebbe ýaramly gün diýýärsiňizmi?
6 Meniň saýlaýan agyz beklemäm adalatsyzlyk zynjyrlaryny gyrmak, boýuntyryk ýüplerini çözmek, ezilenleri azat etmek, her bir boýuntyrygy syndyrmak üçin dälmi?
7 Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi?
8 Şonda nuruňyz daň kimin ýalpyldar, basym şypa taparsyňyz, dogrulygyňyz öňüňizden gider, Rebbiň şöhraty yzda goragyňyz bolar.
9 Onsoň dileg edersiňiz, Reb jogap berer; perýat edersiňiz, Ol: «Men bu ýerde» diýer. Araňyzdan boýuntyrygy, barmak çommaltmagy, ýaman gepleri aýyrsaňyz,
10 açlaryň hatyrasyna janyňyzy pida etseňiz, ejirlileri zerur zatlary bilen doýursaňyz, garaňkylykda nuruňyz ýalpyldap, tümlügiň günorta çagy dek bolar.
11 Reb hemişe size ýol görkezer, gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar, süýegiňize kuwwat berer. Siz suwarylan bag kimin, suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz.
12 Köne harabalaryňyz täzeden dikeldiler, köp asyrlardan galan harabalaryň düýbüni gaýtadan tutarsyňyz; olar size: «Jaýryklary bejerýän, ýaşamak üçin köçeleri düzedýän» diýerler.
13 Sabat gününi bozmakdan, mukaddes günümde isläniňizi etmekden saklansaňyz, Sabat gününi ýakymly, Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz, özüňize ýaraýany etmän, isläniňizi etmän, boş sözleri sözlemän, ol güni hormatlasaňyz,
14 şonda siz Rebden hoşal bolarsyňyz, Men sizi dünýäniň belentliklerine çykararyn; Ataňyz Ýakubyň mirasyny size bererin. Muny Reb aýdýandyr.




Chapter 59

1 Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly, eşitmez ýaly gulagy-da agyr däldir.
2 Ýazyklaryňyz Hudaýyňyz bilen araňyza aýralyk saldy, sesiňizi eşitmez ýaly, günäleriňiz Onuň ýüzüni sizden gizledi.
3 Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen murdarlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.
4 Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.
5 Kepjebaşyň ýumurtgalaryny basyrýarlar, möý kerebini dokaýarlar; olaryň ýumurtgalaryny iýen ölýär, alahöwren çykýar döwlen ýumurtgadan.
6 Kerebinden eginbaş bolmaz olaryň, gazananlary bezenenlerine ýetmeýär, işleri erbet işdir, ellerinde zorluk işi.
7 Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.
8 Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýärler, adalat ýokdur ýodalarynda, özlerine egri ýollar etdiler, ol ýollardan ýöreýänler parahatlygy bilýän däldirler.
9 Muňa görä adalat bizden uzakda, gutulyş bizden daşda; biz nura garaşýarys, ýöne, diňe garaňkylyk; ýagtylyga garaşýarys, ýöne tümlükden barýarys.
10 Körler kimin diwary sermeleýäris, sermeleşip gezýäris gözsüz kimin, günorta çagy alagaraňkyda mysaly büdreýäris, güýçlüleriň arasynda öli ýalydyrys.
11 Ählimiz aýy deý arlaýarys, gögerçin deý iňňildeýäris. Adalata garaşýarys, ýöne ol ýok; halas edilmäge garaşýarys, ýöne ol bizden uzakda.
12 Öňüňde ýazyklarymyz köpdür, günälerimiz özümize garşy şaýatlyk edýär, ýazyklarymyz ýanymyzdadyr, etmişlerimizi biz bilýäris.
13 Ýazykly bolduk, Rebbi ret etdik, Hudaýymyzdan ýüz öwürdik, sütemiň, pitnäniň gürrüňini etdik, kalbymyzdaky ýalan sözlerimizi sözledik.
14 Adalat yza çekilýär, dogrulyk uzakda; şäher meýdançasynda büdreýär hakykat, dogrulyk aramyza girip bilmeýär.
15 Hakykat ýok, ýamanlykdan gaça durýan talanýar, Reb muny gördi, adalatyň ýokdugyna gynandy.
16 Reb hiç kimiň ýokdugyny gördi, araçynyň ýokdugyna geň galdy; Öz goly ýeňiş getirdi Oňa, Öz dogrulygy goldady Ony.
17 Ol dogrulygy sowut kimin geýindi, halas ediş tuwalgasyny başyna geýdi; öç alyş lybasyna bürendi, gazap donuny geýdi.
18 Ol her kese işlerine görä jeza berer, ýagylaryna gazap, duşmanlaryna jeza garaşýar, adalara jeza berer.
19 Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.
20 «Siýona, Ýakup neslinden bolup, ýazyklaryndan dönenlere Penakär geler» diýýär Reb.
21 «Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: Üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.




Chapter 60

1 Tur, parla, nuruň geldi, üstüňde Rebbiň şöhraty dogdy.
2 Ine, ýer ýüzüni garaňkylyk, halklary tüm garaňkylyk bürär; seniň üstüňde bolsa Reb peýda bolar, üstüňde bolar Onuň şöhraty.
3 Milletler yşygyňa gelerler, şalar daňyňyň ýagtysyna.
4 Töwerege ser sal, galdyr başyňy, ählisi üýşüşip, saňa gelýärler. Ogullaryň uzakdan gelerler, gujakda göteriler gyzjagazlaryň.
5 Şonda olary görüp, ýüzüň ýagtylar, şatlykdan tirpildär ýüregiň, çünki baýlyk deňiz üsti bilen saňa getiriler, milletleriň baýlygy saňa geler.
6 Sen düýe sürülerinden, Midýan, Eýpa köşeklerinden dolarsyň; bütin Şeba halky geler. Olar altyndyr ýakymly ysly tütetgi getirip, Rebbe alkyş aýdarlar.
7 Kedaryň ähli sürüleri ýanyňa toplanar, Nebaýotuň goçlary saňa hyzmat ederler, olar gurbanlyk sypamda gurbanlyk hökmünde kabul ediler, şöhratly öýümi şöhratlandyraryn Men.
8 Kimdir bu bulut kimin süýşýänler, höwürtgelerine gögerçin dek uçýanlar?
9 Adalar Maňa umyt baglaýarlar elbetde; Hudaýyň Rebbiň, Ysraýylyň Mukaddesiniň adynyň hatyrasyna Tarşiş gämileri öňürti gelýärler, ogullaryň kümüşdir altynyny özleri bilen getirýärler. Reb seni şöhratlandyrdy.
10 Kesekiler diwarlaryňy dikerler, olaryň şalary saňa hyzmat ederler; gazabymda seni jezalandyrdym, ýöne mährimde rehim etdim saňa.
11 Derwezeleriň açyk bolar mydam, milletleriň öz patyşalarynyň baştutanlygynda baýlyklaryny saňa getirerleri ýaly, gije-gündiz ýapylmaz.
12 Saňa hyzmat etmedik millet we patyşalyk ýok bolar; şol milletler bütinleý weýran ediler.
13 Mukaddes öýümi bezemek üçin Liwanyň baýlygy geler saňa, Aýak basýan ýerimi şöhratlandyrmak üçin serwi, çynar we arça agaçlary saňa getiriler.
14 Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraylyň Mukaddesiniň Siýony diýer olar.
15 Terk edilip, ýigrenilip, üstüňden hiç kim geçmedi. Indi bolsa Men seni baky beýik, nesilden-nesle şatlyk ederin.
16 Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratlysydygymy bilersiň.
17 Bürünç ýerine altyn, demir ýerine kümüş bererin Men; agaç ýerine bürünç, demir bererin daş ýerine. Parahatçylygy baştutanyň, dogrulygy gözegçiň edip bellärin.
18 Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.
19 Mundan beýläk gündüzine Gün yşygyň bolmaz, gijesine Aý saňa yşyk bermez; çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, şöhratyň öz Hudaýyň bolar.
20 Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar.
21 Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.
22 Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men—Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin.




Chapter 61

1 Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Pukaralara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni mesh etdi; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.
2 Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge,
3 Siýonda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.
4 Olar gadymy harabalary täzeden gurarlar, öňki weýran bolan ýerleri dikelderler, nesilden-nesle weýran bolan şäherleri, harabalyklary abatlarlar.
5 Kesekiler gelip, sürüleriňizi bakarlar, ýat halklar daýhanyňyz, bagbanyňyz bolar.
6 Size bolsa Rebbiň ruhanylary, Hudaýymyzyň hyzmatkärleri diýerler; siz milletleriň baýlygyndan lezzet alarsyňyz, olaryň şöhratyna şärik bolarsyňyz.
7 Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar.
8 «Men—Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn.
9 Olaryň nesilleri milletleriň arasynda, zürýatlary halklaryň arasynda tanalar, görenleriň ählisi olaryň Rebbiň ýalkan halkydygyny bilerler».
10 Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol maňa gutulyşa beslensin, giýewiň täç geýişi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.
11 Topragyň ösümliklerini çykaryşy dek, bagyň içindäki ekilenleri gögerdişi dek, Hökmürowan Reb-de dogrulyk bilen alkyşy bütin milletleriň öňünde ösdürer.




Chapter 62

1 Siýonyň dogrulygy nur kimin, halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança, Siýonyň hatyrasyna, Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.
2 Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň.
3 Rebbiň elinde gözellik täji, Hudaýyňyň elinde şalyk jygasy bolarsyň.
4 Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.
5 Ýigidiň gyza öýlenişi dek, ogullaryň-da saňa eýe çykarlar, giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek, Hudaý-da seniň üçin şatlanar.
6 Eý, Iýerusalim, diwarlaryňda gözegçiler goýdum, gije-gündiz asla dymmaz olar. Eý, Rebbe ýatladýanlar, özünize dynç bermäň,
7 Iýerusalimi berkidip, ony ýer ýüzüniň şöhraty edýänçä, oňa ynjalyk bermäň.
8 Reb Öz sag elinden, güýçli golundan ant içdi: «Indi gallaňy duşmanlaryňa iýmit hökmünde bermerin, öz zähmetiň siňen şerabyňy kesekiler içmezler.
9 Hasylyny ýyganlar iýip, Rebbe alkyş aýdarlar, ony toplanlar, mukaddes howlularymda içerler».
10 Geçiň, geçiň derwezelerden! Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň, halklar üçin baýdak dikiň!
11 Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi: «Siýon gyzyna şeýle diý: „Ine, Halasgäriň gelýär; Onuň sylagy ýanyndadyr"».
12 Olara «Mukaddes halk, Rebbiň azat edenleri» diýler, saňa bolsa «Hudaýyň agtarany, terk edilmedik şäher» diýler.




Chapter 63

1 — Edomdan, Bozradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? — Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!
2 — Näme üçin lybasyň gyrmyzy, eşigiň sokuda üzüm sykýanyňky kimin?
3 — Üzümi sokuda ýeke sykdym, ýanymda halklardan hiç kim ýokdy; gaharlykam sykdym üzümi, gazaplykam aýak astyna aldym; onuň gany eşiklerime syçrady, bar lybasymy hapalady.
4 Öç alyş güni ýüregimdedi, halas etjek ýylym gelipdi.
5 Men seretdim, kömekçi ýokdy; hiç kimiň Meni goldamaýandygyna haýran galdym. Onsoň Öz golum Maňa ýeňiş getirdi, Öz gazabym Meni goldady.
6 Gaharyma halklary aýak astyna aldym, gazabyma olary serhoş etdim, ganlaryny ýere dökdüm.
7 Rebbiň eden ähli işlerine görä Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny, rehimlerine görä, Ysraýyl nesline görkezen beýik merhemetini, uly ýagşylygyny agzaýyn.
8 Ol: «Elbetde, olar Meniň halkym, Meni aldamajak ogullardyr» diýdi. Şeýdip, olaryň Halasgäri boldy.
9 Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgisi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.
10 Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjytdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.
11 Hudaýyň halky geçmişi, Rebbiň guly Musany ýatlady. Sürüsiniň çopanlary bilen bile olary deňizden geçiren nirede? Öz Mukaddes Ruhuny içlerine salan nirede?
12 Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede?
13 Halkyny deňiz düýbünden geçiren kim? Atyň büdremän çölden geçişi dek olar-da büdremediler.
14 Derä inýän mal sürüsi dek, Rebbiň Ruhy olara rahatlyk berdi. Özüňe şöhratly at edinmek üçin halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň.
15 Göklerden seret, Öz mukaddes, şöhratly mesgeniňden bize nazar sal. Yhlasyň, gudratyň nirede Seniň? Merhemetiň, rehimiň nirede? Olary bizden sakladyň.
16 Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».
17 Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň, Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň? Öz bendeleriň hatyrasyna, Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan.
18 Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi, emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony.
19 Owaldan bäri üstlerinden Sen höküm sürmedik, Seniň adyň dakylmadyk halka meňzedik biz.




Chapter 64

1 Gökleri ýaryp, aşak insediň, Sen! Öňüňde titreşsedi daglar!
2 Alawyň çalyny ýandyryşy dek, suwy gaýnadyşy dek oduň adyňy duşmanlaryňa tanatdyrýaň, milletler öňüňde lerzana gelerler.
3 Garaşylmaýan gorkunç işleri edeniňde, ýer ýüzüne indiň, öňüňde daglar titreşdi.
4 Özüne umyt baglaýanlar üçin şeýle işleri eden Hudaýy owaldan bäri ne gulak eşidipdi, ne-de göz görüpdi.
5 Dogry işleri şatlanyp edýänleri, Seni ýatlaýanlary garşylaýarsyň ýollaryňda. Ýöne günä batdyk biz, Sen gaharlandyň, biz halas edilerismi?
6 Murdar adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz murdar esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.
7 Seniň adyňy tutýan, Saňa daýanjak bolup, oýanýan ýok; Sen ýüzüňi gizlediň bizden, bizi ýazyklarymyzyň ygtyýaryna berdiň.
8 Şonda-da Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz.
9 Gaty gaharlanma, hemişelik ýatlama ýazygy, ýa Reb, ählimiz Seniň halkyňdyrys, muny nazara al!
10 Mukaddes şäherleriň çöl boldy, Siýon düzlüge, Iýerusalim haraba öwrüldi.
11 Atalarymyzyň Saňa öwgi aýdan ýeri bolan mukaddes hem gözel öýümiz oda ýandy, ähli eziz zatlarymyz haraba öwrüldi.
12 Şulara garamazdan, ýa Reb, saklanjakmy Sen? Dymyp, şeýle gazaply ezýet berjekmi bize?




Chapter 65

1 Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim, agtarmaýanlar tapdylar Meni. Adymy tutmaýan millete: «Ine, Men! Ine, Men!» diýdim.
2 Men öz isleglerine eýerip, ýaman ýoldan ýöreýän pitneçi halka, günuzyn ellerimi uzadyp otyryn.
3 Ol halk baglarda gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakyp kerpiç sypada, gözümiň alnynda yzly-yzyna gaharymy getirýär.
4 Olar gabyrlaryň arasynda oturyp, gizlin ýerlerde gijäni ötürýärler; doňuz etini iýýärler, haram et gaýnadýarlar gazanlarynda.
5 Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma, men senden mukaddesdirin» diýýärler. Olar burnuma tüssedir, günuzyn ýanýan otdurlar.
6 Şeýle ýazylandyr, ine: «Men dymmaryn, bererin almytlaryny; hawa, almytlaryny gursaklaryna bererin.
7 Siziň ýazyklaryňyzyň, daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp, depelerde Meni äsgermezlik eden atalaryňyzyň ýazyklarynyň almytyny bererin. Öňki eden işlerini ölçäp, olary başlaryna getirerin» diýýär Reb.
8 Reb şeýle diýýär: «Üzüm henizde şirelikä, kimdir biri: „Ony zaýalama, bereket şondadyr" diýýär. Men-de bendelerimiň hatyrasyna şeýle ederin, olaryň hemmesini heläklemerin.
9 Ýakupdan nesilleri çykararyn, Ýahudadan daglarymy miras aljagy; Meniň saýlanym ony miras alar, bendelerim ol ýerde ýaşarlar.
10 Meni agtaran halkym üçin Şaron sürülere öri, Akor jülgesi sygyrlara ýatak bolar».
11 «Emma siz Rebbi terk edýänler, mukaddes dagymy unudýanlar, täleý buty üçin saçak ýazýanlar, kysmat buty üçin garyşyk şerap guýýanlar,
12 Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».
13 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;
14 Bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar, ýöne siz ýürek derdinden perýat edersiňiz, hasratly ruh bilen perýat edersiňiz.
15 Adyňyzy Öz saýlanlaryma gargyş üçin galdyrarsyňyz. Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip, başga at berer Öz bendelerine.
16 Ýurtda özüne ak pata beren, hakykat Hudaýynyň adyndan pata berer; ýurtda ant içen, hakykat Hudaýyndan ant içer. Öňki hasratlar unudylyp, gözlerimden gizlener». Täze gök, täze dünýä
17 «Ine, Men täze gök, täze dünýä ýaratmakçy, öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez.
18 Ýaratjak zatlaryma şatlanyp, baky begeniň; Ine, Men Iýerusalimi şatlyk üçin, halkyny-da begenç üçin ýaratjak.
19 Iýerusalim üçin şatlanaryn, halkym üçin begenerin. Indi ne agy sesi ne-de ahy-nala eşidiler ol ýerde.
20 Onda birnäçe gün ýaşap ölen bäbekler, ýa-da uzak ömür sürmedik gojalar bolmaz; ýüz ýaşynda ölen ýaş saýylar, näletlenen saýylar ýüz ýaşa ýetmedik.
21 Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler.
22 Başga biri ýaşamaz olaryň guranynda, başga biri iýmez olaryň ekenin. Çünki halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar. Saýlanlarym öz elleriniň işlerinden lezzet alar.
23 Olar biderek zähmet çekmezler, çaga dogurmazlar betbagtlyk üçin, olaryň özleri-de, nesilleri-de Rebbiň ýalkan zürýatlary bolar.
24 Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin.
25 Böri bilen guzy bile otlar, öküz deý saman iýer şir, ýylan gum iýer. Meniň tutuş mukaddes dagymda hiç kime zelel ýetirmezler olar, hiç kimi heläk etmezler» diýýär Reb.




Chapter 66

1 Reb şeýle diýýär: «Gök Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!
2 Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn. Muny Reb diýýär.
3 Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän, adam öldüren bilen deňdir, guzy gurban eden, itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beren bilen, doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tüteden buta sežde eden ýalydyr.
4 Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem, gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin; çünki Men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi, geplänimde, diňlemediler; Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler, Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».
5 Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!" diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».
6 Şäherden galmagally sesli, ybadathanadan bir ses eşidilýär! Duşmanlarynyň jezasyny berýän Rebbiň sesidir bu!
7 «Burgusyz dogurdy, bir ogul dogurdy azap çekmän.
8 Şeýle zady eşiden barmy? Gören barmy şeýle zady? Ýurt bir günde doglarmy? Bir demde dünýä inermi millet? Emma Siýon burgusy tutan dessine ogullaryny dogurdy.
9 Men dogurma pursatyna ýetibem, dogurtmaýynmy?» diýýär Reb. Hudaýyň: «Dogurmaga güýç berýän Men ýatgyny ýaparynmy?» diýýär.
10 Iýerusalim bilen bile şatlanyň, onuň üçin begeniň, eý, ony söýýänler, eý, Iýerusalim üçin ýas tutýanlar, onuň bilen bile şatlanyň.
11 Onuň göwsünden emip, doýarsyňyz, teselli taparsyňyz; ganyp-ganyp içip, doly göwsünden lezzet alarsyňyz.
12 Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.
13 Enäniň çagasyna teselli berşi dek, Menem size teselli bererin. Siz Iýerusalimde teselli taparsyňyz».
14 Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.
15 Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.
16 Reb bütin adamzada otdur gylyjy bilen höküm eder, Rebbiň öldürenleri köp bolar.
17 Baglara girmek üçin özlerini mukaddes edip, tämizlenenler, doňuz etini, nejis zatlary, syçan etini iýýänleriň ortasynda duranyň yzyna eýerýänler bilelikde ýok bolarlar. Muny Reb diýýär.
18 Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler.
19 Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşişe, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler.
20 Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma—Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.
21 Olaryň arasyndan birnäçesini ruhany we lewi edip saýlaryn».
22 «Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar.
23 Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler» diýýär Reb.
24 Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.