Ýermeýanyň agysy

1 2 3 4 5

Chapter 1

1 Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi! ב
2 Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular. ג
3 Ýahuda köp hasrat we agyr zähmet çekdi, indi bolsa ýesir edip äkidildi. Ol milletler arasynda ýaşaýar. Ol hiç bir dynçlyk tapman, betbagtlyga uçranynda, kowguçylarynyň eline düşdi. ד
4 Siýona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar. ה
5 Ýagylary hökümdar bolýar, duşmanlary rowaçlanýar. Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb bu hasraty çekdirdi Siýona. Duşmanynyň öňüne salnyp, çagalary sürgün edildi onuň. ו
6 Siýon gyzynyň ähli şan-şöhraty gaçdy. Ýolbaşçylary öri tapmaýan keýik kimindi, kowguçylardan gaçmaga mejallary ýokdy. ז
7 Hasratly hem sergezdanlyk gününde Iýerusalim öňki günlerdäki eýe bolan baýlygyny ýatlaýar. Halky duşmanyň eline düşende, hiç kim oňa kömek etmedi. Ol ýer bilen ýegsan bolanda, duşmany üstünden güldi. ח
8 Iýerusalim agyr günä etdi, şeýdip, ol gülki boldy. Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp, indi ony ýigrenýärler. Munuň üçin onuň özi ah çekip, hemmelerden ýüzüni gizleýär. ט
9 Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!». י
10 Duşman onuň iň gymmatly zatlaryna el urdy, milletlere ybadathana girmegi gadagan etseň-de, Iýerusalim olaryň girýändiklerini gördi. כ
11 Bir döwüm çörek gözläp, bütin halky ah çekýär; täzeden güýje girmek üçin, hazynalaryny iýmite berýär. «Ýa Reb, ine, halyma seret, men nähili dereksiz boldum. ל
12 Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa. מ
13 Ýokardan ot iberip, süňklerimi köýdürdi; aýagyma duzak gurup, meni arkan agdardy; meni weýran edip, bütin gün tapdan düşürdi. נ
14 Günälerim boýuntyrygyma baglandy, Rebbiň Öz eli bilen işilip, meniň boýnumdan asyldy, Ol güýjümi tüketdi; Taňry meni garşy durup bilmedik duşmanlarymyň eline berdi. ס
15 Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi. ע
16 Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy». פ
17 Siýon elini uzadýar, emma oňa teselli berýän ýok. Ýakuba duşman boluň diýip, Reb emr etdi goňşy halklara. Iýerusalim olaryň arasynda murdar zada öwrüldi. צ
18 Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim. ק
19 Oýnaşlarymy çagyrdym, emma olar meni aldawa saldylar. Ruhanylarym we ýaşulularym täzeden güýje girmek üçin özlerine iýmit gözleýärkäler, şäherde heläk boldular. ר
20 Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär. ש
21 Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar. ת
22 Ähli pislikleri Saňa aýan bolsun; tutuş ýazyklarym sebäpli maňa näme eden bolsaň, olara hem şony etgin. Ahy-nalam köpdür, ýüregim tapdan düşendir.




Chapter 2

1 Wah, Taňry gazap atyna atlanyp-ha, Siýon gyzyny gara buluda gaplady-la! Ol Ysraýylyň gözelligini gökden ýere taşlady. Ol gahary gelen güni Öz aýagynyň kürsisini terk etdi. ב
2 Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi hiç rehimdarlyk etmedi. Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy gahar-gazaby ýatmady. Patyşalygyny hem hökümdarlaryny masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi. ג
3 Çogýan gahary bilen Ysraýylyň ähli güýjüni ýok etdi. Duşman çozanda sag elini yza çekdi. Daş-töweregini oda berip, alawly ot kimin Ýakubyň ýurduny ýakdy. ד
4 Duşman kimin ýaýyny çekdi, elini galdyrdy ýagy kimin. Göz-guwanjymyzyň baryny öldürdi; Siýon gyzynyň çadyrynyň üstüne gazabyny ot kimin pürkdi. ה
5 Taňry duşman ýaly bolup, Ysraýyly ýumurdy. Ähli köşklerini ýykyp, galalaryny weýran etdi. Ýahuda gyzynyň ýasdyr ahy-nalasyny has-da köpeltdi. ו
6 Ybadathanasyny çatma deý ýykdy, halkyň ybadat öýüni wes-weýran etdi. Reb Siýonda baýramlardyr Sabat gününi unutdyrdy. Gahar-gazaba münüp, patyşany we ruhanyny ret etdi. ז
7 Taňry gurbanlyk sypasyny taşlady, mukaddes öýüni terk etdi. Köşkleriniň diwarlaryny duşmanyň eline berdi. Rebbiň öýündäki duşmanyň gykylygy baýramçylyk gündäki owaza meňzedi. ח
8 Reb Siýon gyzynyň diwaryny weýran etmegi ýüregine düwdi. Ölçeg ýüpüni gerip, ýykmakdan el çekmedi. Daşky, içki diwar doldy ýas bile, ikisi-de ýegsan boldy ýer bile. ט
9 Onuň derwezeleri ýere çökdi; Reb kiltlerini döwüp ýok etdirdi. Patyşasy we ýolbaşçylary ýat milletleriň arasynda galdy. Indi halka öwüt-nesihat berilmeýär, pygamberlerine Rebden görnüş gelmeýär. י
10 Siýon gyzynyň ýaşululary ýerde çök düşüp otyrlar ümsüm. Jul geýindiler, başlaryndan sowurdylar gum. Başlaryny aşak egdiler, Iýerusalimiň ýaş gyzlary hem. כ
11 Gözlerim ýaş dökmekden küteldi, içim ýanýar. Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly gara bagrym gan bolýar, çünki şäheriň köçelerinde çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar. ל
12 Şäher köçelerinde ýaralanan dek huşuny ýitirýärler. «Hany çörek we şerap?» diýip, ejelerine perýat edýärler. Olaryň gujagynda jan berýärkä: מ
13 Men saňa näme diýeýin? Eý, Iýerusalim gyzy, seni nämä meňzedeýin? Eý, Siýon boý gyzy, teselli berer ýaly, seni nämä deňeşdireýin? Seniň heläkçiligiň deňiz deý ägirt, kim şypa berer saňa? נ
14 Sen hakda pygamberleriň galp, manysyz görnüşler gördüler. Ýermeýanyň agysy 2–3
3 Öňki kaddyňa dikeltmek üçin etmişiňi ýüzüňe basmadylar. Gaýtam, seni ýoldan çykarýan ýalan görnüşler gördüler. ס
15 Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar. פ
16 Ähli duşmanlaryň seni ýaňsylaýarlar, sykylyk atyp, dişlerini gyjaýarlar. Olar: «Biz ony ýuwutdyk! Ine, şudy biziň garaşýan günümiz. Ahyry muny-da gördük!» diýip gygyryşýarlar. ע
17 Reb Öz niýetini amala aşyrdy, owaldan belleýşi ýaly, Öz sözlerini berjaý etdi. Seni rehimsizlik bilen heläk etdi, şat etdi halyňa duşmanyňy, ýagylaryňa kuwwat berdi. צ
18 Halk Rebbe ýürekden perýat edýär. Gije-gündiz gözýaşyň sil bolup aksyn, Gözleriňiň ýaşy kepemesin, eý, Siýon gyzynyň diwary! ק
19 Tur! Gijeki nobat başynda perýat et! Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök! Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa. ר
20 Seret, ýa Reb, halkyňyň halyna bak! Kimi beýle güne salanyňy gör! Aýallar öz dogran eziz çagalaryny iýsinlermi? Ruhany we pygamber mukaddes öýüňde öldürilsinmi? ש
21 Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr, gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler. Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň, rehimsizlik bilen baryny gyrdyň. ת
22 Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň, baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň. Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady, olaryň arasyndan diri galany bolmady, söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.




Chapter 3

1 Hudaýyň gazap taýagyndan hasrat çeken adam men. א
2 Ol meni idip, yşyksyz tüm garaňkylyga getirdi. א
3 Ol bütin gün gaýta-gaýta garşyma elini galdyrdy. ב
4 Etimi, hamymy çüýretdi, süňklerimi döwüp taşlady. ב
5 Üstüme çozup, daşymy gabady, başyma hasrat hem dert saldy. ב
6 Bireýýäm ölenler kimin meni garaňkylykda ýaşatdy. ג
7 Gaçmaz ýaly daşyma diwar aýlady, boýnuma agyr zynjyrlar saldy. ג
8 Perýat edip, kömege çagyranymda, Ol dilegime gulak salmady. ג
9 Ýonma daşlar bilen ýolumy ýapdy, ýodalarymy egreltdi. ד
10 Hudaý meni peýleýän aýydyr, bukuda ýatan arslandyr. ד
11 Ýolumdan azaşdyryp parçalady, halys sandan çykardy. ד
12 Ol ýaýyny çekdi, meni okuna nyşan edindi. ה
13 Sagdagyndaky oklary atyp, bagrymy deşdi. ה
14 Men ähli halkyma gülki boldum, günuzyn olaryň aýdymy boldum. ה
15 Ol meni hasratdan doýrup, ýowşanyň ajy suwuny içirdi. ו
16 Çagyl bilen dişlerimi owratdy, kül içinde depip, dyza çökdürdi. ו
17 Meniň janym rahatlygy unutdy, şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy. ו
18 Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm, Rebbe bolan ähli umydym öçdi». ז
19 Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam, ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr! ז
20 Janym muny dyngysyz ýatlaýar, şonuň üçin ýüregim paralanýar. ז
21 Emma şuny ýatda saklaýan, şonda ýene-de umyt döreýär: ח
22 Rebbiň wepaly söýgüsi tükenmezdir, çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr. ח
23 Her säher bular täzelenýär, Seniň wepadarlygyň beýikdir! ח
24 Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr. Şoňa görä Oňa intizardyryn». ט
25 Reb Özüne bil baglaýanlara, Özüni ýürekden agtarýanlara gowudyr. ט
26 Rebbiň halas edişine ümsüm garaşmak gowudyr. ט
27 Adama boýuntyrygy ýaşlykdan götermek gowudyr. י
28 Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn, çünki boýuntyrygy dakan Rebdir. י
29 Ýere ýüzin ýykylsyn, belki, umyt bardyr. י
30 Özüni urana ýaňagyny tutsun, masgaralanmakdan doly bolsun. כ
31 Çünki Taňry hiç wagt ömürlik terk etmez. כ
32 Ol birine hasrat çekdirse-de, bol merhemetine görä rehim-de eder. כ
33 Hasrat berip, gaýga batyrsa-da, bulary Ol ýürekden etmez. ל
34 Ýurduň ähli ýesirleri aýak astynda depelenende, ל
35 Beýik Hudaýyň huzurynda ynsan hukuklary kemsidilende, ל
36 dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty, Taňry olary görýän dälmidir? מ
37 Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi? מ
38 Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy? מ
39 Öz günäleri üçin jezasyn alsa, diri galan adam näme üçin zeýrensin? נ
40 Geliň, ýollarymyzy synap göreliň, täzeden Rebbe gaýdyp baralyň. נ
41 Geliň, gökdäki Hudaýa elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň. נ
42 Biz günä edip baş galdyrdyk, Sen bizi bagyşlamadyň. ס
43 Kowaladyň bizi gazap bilen, rehimsizlik bilen öldürdiň. ס
44 Özüňi buluda bürediň, dilegler eşidilmesin diýip. ס
45 Bizi milletler arasynda syr-süplüge, zir-zibile öwürdiň. פ
46 Ähli duşmanlarymyz bizi ýaňsyladylar. פ
47 Üstümize howp we hile, harabaçylyk we weýrançylyk abandy. פ
48 Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa gözýaşlarym sil bolup akýar. ע
49 –50 Reb gökden aşak nazar salýança, gözýaşlarym hiç tükenmez, asla kepemez. ע
51 Şäherimdäki gyzlaryň halyna ýüregim gyýym-gyýymdyr. צ
52 Maňa nähak duşman bolanlar meni guş kimin awlap tutdular. צ
53 Diriligime çukura taşlap, üstümden daş okladylar. צ
54 Suwlar depämden aşdy, «Men heläk boldum» diýdim. ק
55 Çukuryň düýbünden Seni çagyrdym, ýa Reb. ק
56 «Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý» diýen sözlerimi eşitdiň. ק
57 Seni çagyranymda, ýanyma gelip: «Gorkma!» diýdiň. ר
58 Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň, ömrümi halas eden Sensiň. ר
59 Ýa Reb, maňa edilen adalatsyzlygy gördüň, meniň hakymy alyp ber. ר
60 Menden nähili öç alyşlaryny gördüň, garşyma guran dildüwşüklerini bildiň. ש
61 Ýa Reb, olaryň masgaralaýşyny eşitdiň, garşyma guran dildüwşüklerini gördüň. ש
62 Duşmanlarymyň bütin gün meniň garşyma edýän hyşy-wyşylaryny we hüňürdilerini eşitdiň. ש
63 Ertirden agşama çenli men olaryň ýaňsy aýdymy boldum. ת
64 Olaryň elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekdir, ýa Reb! ת
65 Ýüreklerine howsala sal. Goý, näletiň olaryň üstünden insin! ת
66 Gazap bilen kowalap, gökleriň astyndan olary ýok et, ýa Reb!




Chapter 4

1 Wah, altyn nähili garaldy-la! Sap altyn nähili üýtgedi-le! Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr her köçäniň başynda. ב
2 Siýonyň jandan eziz çagalary sap altyndan-da gymmatlydy! Wah, indi küýzegäriň eliniň işi gury bir toýna deň bolup galdy! ג
3 Hatda şagallar-da emjek berip, öz balalaryny emdirýändir, emma eziz halkym çöl düýeguşy kimin çagalaryna rehimsiz boldy. ד
4 Süýt emýän çaganyň dili teşnelikden damagyna ýapyşýar. Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar, emma hiç kim hiç zat bermeýär. ה
5 Näzi-nygmatlar iýip ýaşanlar köçelerde açlyk çekýärler. Gyrmyzy don geýip ulalanlar iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler. ו
6 Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr. ז
7 Onuň ýolbaşçylary gardan arassa, süýtden akdylar. Bedenleri merjenden gyzyl, daş sypatlary ýakut kimindi. ח
8 Indi ýüzleri kömürden gara, köçelerde tanalmaýarlar. Derileri süňklerine ýapyşyp, gury agaja döndüler. ט
9 Açlykdan öleniňden gylyçdan öleniň gowudyr. Ýeriň hasylyndan mahrum bolup, olaryň ömür tanaplary gyryldy. י
10 Ýuka ýürek aýallar çagalaryny öz elleri bilen özleri bişirdi. Eziz halkymyň heläkçilik gününde çagalary olara iýmit boldy. כ
11 Reb gahar-gazabyny pürkdi, lowlaýan gaharyny saçdy. Siýona garşy tutaşdyran ody onuň düýplerini-de ýandyrdy. ל
12 Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hiçisi Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar. מ
13 Bularyň bary pygamberleriniň günäsi, ruhanylarynyň etmişi üçin boldy. Çünki olar şäheriň ortasynda dogruçyllaryň ganyny dökdüler. נ
14 Kör kimin köçelerde entediler, gan bilen haram boldular. Muňa görä geýimlerine el degrip bilen bolmady. ס
15 Halk olara: «Ýok boluň, eý, haramlar! Gaçyň! Aýrylyň! Ellemäň!» diýdi. Şeýdip, olar kowlup, sergezdan boldular. Milletler arasynda olara şeýle diýildi: «Bu ýerde mundan artyk galmasynlar!». פ
16 Rebbiň Özi olary dargatdy, Reb indi olara nazar salmaz. Ruhanylaryna hormat goýulmaz, ýaşulularyna rehim edilmez. ע
17 Kömege biderek garaşmakdan gözlerimiz küteldi. Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk, halas etmeýän millete garaşan ekenik. צ
18 Yzymyzy yzarladylar, köçelerimizde gezip bilmedik; ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy, çünki soňumyz ýetip gelipdi. ק
19 Bizi kowalaýanlar gökdäki bürgütlerden ýyndamdy. Olar daglarda bizi yzarladylar, çölde bizi peýläp ýatdylar. ר
20 Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip saýlany olaryň çukuryna gaçdy. Biz ol hakda: «Onuň saýasynda milletler arasynda ýaşarys» diýipdik. ש
21 Eý, Uz ýurdunda ýaşaýan Edom gyzy, şatlan, begen! Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter, serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda. ת
22 Eý, Siýon gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy, Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez, emma seniň etmişiňiň jezasyn berip, günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.




Chapter 5

1 Ýa Reb, biziň başymyza gelenini ýatla. Seret-de, biziň masgaraçylygymyzy gör!
2 Mirasymyz kesekilere, öýlerimiz gelmişeklere galdy.
3 Biz atasyz ýetim galdyk, ejelerimiz bolsa dul galdy.
4 Suwumyzy pul töläp içdik, odunymyzy-da satyn aldyk.
5 Bizi boýuntyryk dakyp kowaladylar, tapdan düşdük, dynçlyk bermeýärler.
6 Doýa-garna çörek iýmek üçin Müsüre we Aşura elimizi serdik.
7 Ata-babalarymyz günä etdiler; indi olar ýok, emma olaryň jezasyny biz çekýäris.
8 Üstümizden gullar höküm sürýär, olaryň elinden bizi halas edýän ýok.
9 Çöldäki garakçynyň gylyjy zerarly nanymyzy janymyzdan geçip gazanýas.
10 Ýakyp barýan açlygyň derdinden derimiz ýanýan köz kimin gyzardy.
11 Ýahudanyň şäherlerinde gyzlaryň, Siýonda gelinleriň namysyna degildi.
12 Ýolbaşçylaryny ellerinden asdylar, baştutanlaryna hormat goýmadylar.
13 Ýigitler degirmen daşyny aýlaýarlar, olar odun ýüküň astynda ýegşerýärler.
14 Garrylar şäher derwezesinde oturmaýarlar, ýaş ýigitler saz gurallaryny çalmaýarlar.
15 Ýüreklerimiziň şatlygy kesildi, tanslarymyz indi ýasa öwrüldi.
16 Başymyzdan täç gaçdy. Waý halymyza! Çünki günä etdik.
17 Munuň üçin ýüregimiz agyrdy, gözlerimiz küteldi.
18 Çünki Siýon dagy weýran bolup, şagallar sümsünişip ýör üstünde.
19 Ýöne Sen, ýa Reb, ebedi höküm sürersiň, Seniň tagtyň nesilden-nesle dowam eder.
20 Ne üçin Sen bizi ebedilik unudýarsyň? Ne üçin bizi uzak wagtlap terk edýärsiň?
21 –22 Bize çäksiz gaharlanyp, bütinleý ret etmedik bolsaň, bizi Özüňe öwür, ýa Reb, biz öwrüleris, bize öňki günlerimizi gaýtaryp ber!