Ýowel

1 2 3

Chapter 1

1 Petuwalyň ogly Ýowele Rebbiň şu sözi geldi: Leşgeriň hüjüm etmegi
2 Eý ýaşulular, diňläň siz muny, siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty: siziň günleriňizde, ýa atalar döwründe heý-de bolupmydy şular ýaly zat?
3 Siz muny ýetiriň çagalaryňyza, olar hem aýtsyn öz çagalaryna, olaryň çagalary-da indiki nesle.
4 Ýumurtgadan çykan çekirtgeden artan hasyly ganat baglamadyk çekirtge iýdi. Ondan artany ganat baglan çekirtge iýdi, ganat baglan çekirtgeden artan hasyly gemriji çekirtge sürüsi iýdi.
5 Eý, serhoşlar, aýňalyň-da, aglaň siz, täze şerap üçin nalaň, ony içýänler, çünki täze şerap agzyňyzdan kesildi.
6 Sebäbi meniň topragyma ummasyz hem-de güýçli çozdy bir leşger; arslanyňky ýaly onuň dişleri, ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri.
7 Ol weýran etdi üzüm şahalarymy, çapym-çapym etdi injir baglarymy, şahalarynyň gabygyny sypyryp, ýere taşlady, üzüm şahalary-da agaryp galdy.
8 Söýgüli adaglysyny ýitirip, jul geýnen gyz kimin ah çekip, nala!
9 Rebbiň öýünden kesildi indi galla hem-de içgi sadakalary. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar tutýarlar ýasy.
10 Meýdanlar boşady, toprak aglaýar, çünki weýran boldy onuň gallasy. Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.
11 Arpa-bugdaý üçin gamlanyň siz, daýhanlar, üzüm bagbanlary, ses edip aglaň, çünki weýran boldy meýdan gallasy.
12 Gurap galdy üzüm agajy, Solup galdy injir agajy. Nar, alma, hurma – meýdandaky baglaryň gurady bary. Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.
13 Ruhanylar, jul guşanyp, tutuň siz ýasy. Perýat ediň, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.
14 Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de dady-perýat ediň siz Rebbe.
15 Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.
16 Eýsem gözümiziň alnynda iýjegimiz, Hudaýymyzyň öýünden-de şatlykdyr bagtyýarlyk kesilmeýärmi?
17 Tohumlar çüýredi kesek astynda, ammarlar hem gugaryp galdy. Galla ammarlary çagşap dagady. Çünki galla ekinleri hasyl bermedi.
18 Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar! sygyr sürüleri yranyp barýar, çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar; goýun sürüleri-de ysgyndan düşen.
19 Ýa Reb, Saňa dady-perýat edýärin, çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy, meýdan agaçlarynyň baryny ýalyn köýdürdi.
20 Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary, çünki gurap galdy suw akarlary, ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.




Chapter 2

1–2 Siýonda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köpsanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.
3 Onuň öňünden ot ýalmap-ýuwudýar, yzyndan-da ýalyn köýdüryär. Öň ýanynda toprak Erem bagy deý, yz ýanynda – tozap ýatan beýewan. Ondan hiç zat gutulyp-da bilmeýär.
4 Olaryň sypaty atlaryňky deý, bedewler deý hüjüm edýärler.
5 Olar söweşe taýýar güýçli leşger dek, şöweş arabalarynyň takyrdaýşy dek, samany ýandyrýan ýalnyň şatyrdaýşy dek, dag depelerinden böküp aşýarlar.
6 Halklar dowla düşýär olaň öňünde, ýüzleri-de gorkudan ak tama dönýär.
7 Olar söweşiji deý hüjüm edýärler, esgerler deý dyrmaşýarlar diwara. Hersi barýar öňe öz ugry bilen, sowulmaýar olar öz ýodasyndan.
8 Iteklemeýärler birek-biregni, ýöreýär öz ýodasyndan her biri. Ähli böwetleri böwsüp geçýärler, olaryň badyny saklap bolmaýar.
9 Olar şähere tarap okdurylýarlar, ylgaýarlar diwarlaryň ýüzünden, dyrmaşyp, jaýlara aralaşýarlar, ogry kimin penjirelerden girýärler.
10 Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.
11 Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köpsanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?
12 Reb heniz hem aýdýar: agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.
13 Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň. Merhemetli hem rehimli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, jeza bermekden el çekmäge taýyndyr Ol.
14 Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän, eder rehimi, Özünden soň goýar berekedini, hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän galladyr içgi sadakalaryny?
15 Siýonda çalyň surnaýy, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy, Agyz beklemäge belläň siz wagty,
16 Halky ýygnap, jemagaty tämizläň, ýaşululary hem çagalary, hatda emýän bäbekleri çagyryň. Goý, öýlenýän ýigit öz otagyndan, gelin-de öz tutusyndan çyksynlar.
17 Rebbe girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. Nämä gerek: „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, aýdylmagy arasynda milletleň». Reb Öz halkyny ýalkajak
18 Reb şonda gabandy Öz topragyny hem-de Öz halkyna indi rehimi.
19 Reb jogap berip, diýdi halkyna: Ynha Men size iberýän – Gallany, şeraby, zeýtun ýagyny, Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara.
20 Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!
21 Eý toprak, gorkmagyn, şatlan hem begen. Sebäbi Reb etdi beýik işleri!
22 Gorkmaň siz, eý, çöl haýwanlary, sebäbi ýaşyldyr çöl ýaýlalary. Baglar getirýär öz miwesini, zeýtun hem-de üzüm berýär bol hasylyny.
23 Eý, Siýon perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.
24 Harmanlar dolar galladan, çelekler hem dolup-daşarlar täze şerap bilen zeýtun ýagyndan.
25 Men üstüňize iberen ägirt leşgerimiň: ganat baglamadyk, ganat baglan, ýumurtgadan çykan we gemriji çekirtge sürüsiniň hasyly iýip gutaran ýyllarynyň Öwezini dolaryn.
26 Siziň iýjegiňiz bolelin bolar, gerk-gäbe doýarsyňyz olardan; siziň üçin ajaýyp işleri eden Hudaýyňyz Rebbiň adyna aýdarsyňyz siz alkyşlar. Meniň halkym gaydyp utandyrylmaz.
27 Siz Meniň Ysraýylyň arasyndadygymy, Beýik Hudaýyňyzyň Mendigimi, özgäniň-de ýokdugyny bilersiňiz. Meniň halkym gaydyp utandyrylmaz.
28 Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.
29 Şol günlerde Men Ruhumy suw deý dökerin, hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne.
30 Men asmanda we ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.
31 Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.
32 Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan gutular, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Siýon dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar.




Chapter 3

1 Ynha şonda, Ýahuda bilen Iýerusalimiň öňki abadançylygyny dikelden günlerimde,
2 Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,
3 Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar.
4 Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.
5 Çünki siz Meniň altyn-kümşümi, saýlama hazynamy buthanalaryňyza äkitdiňiz.
6 Siz Ýahuda we Iýerusalim halklaryny öz çäklerinden uzaklaşdyryp, olary grek halkyna satdyňyz.
7 Indi bolsa olary şol ýerden aýaga galdyryp, edenleriňizi öz başyňyza salýan Mendirin.
8 Men siziň oguldyr gyzlaryňyzy Ýahuda halkyna sataryn, ol hem siziň çagalaryňyzy uzakdaky sabalylara satarlar, çünki muny Reb aýtdy.
9 Muny halklar arasynda jar ediň: söweş üçin taýýarlyk görüň, batyrlary aýaga galdyryň, goý, esgerleriň bary jemlensin.
10 Azallaryňyzdan gylyçlar, oraklaryňyzdan naýzalar ýasaň; ejiz «men güýçli» diýsin.
11 Töwerekdäki halklaryň bary, howlugyň, üýşüp ýygnanyň; ýa Reb, aşak indir Öz batyrlaryňy.
12 Goý, milletler galkynsyn, Ýehoşapat jülgesine insin, çünki çar tarapdan gelen milletlere höküm çykarmak üçin, Men şol ýerde oturjak.
13 Oraklaryňyzy işlediň, çünki hasyl ýetişdi; üzüm sokulary doly, Çelekler dolup daşýança basgylaň. Çünki hetden aşdy pislikleri milletleň.
14 Höküm jülgesinde Birgiden mähelle, ägirt mähelle! Çünki Rebbiň güni höküm jülgesine golaýdyr.
15 Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini saçmaýar.
16 Reb gümmürdeýär Siýondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär, ýöne Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.
17 Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň mukaddes dagym Siýonda mesgen tutandygymy bilersiňiz. Iýerusalim hem mukaddes bolar, kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.
18 Şol gün şeýle bolar: Daglardan täze şerap damar, Baýyrlardan süýt akar, Ýahuda jarlarynyň ählisi Suwdan dolar. Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp, Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.
19 Weýran bolar Müsür, Döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem. Boýadylar topraklaryny bigünä gana.
20 Ýöne baky mesgen bolar Ýahuda, Iýerusalim-de bolar nesilden-nesle.
21 Men alaryn ganlarynyň hununy, hem-de aklamaryn günäni, çünki Reb Siýonda mesgen tutýandyr.