Nahum - नहूम

1 2 3

Chapter 1

1 Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy. Rebbiň Ninewä garşy gahar-gazaby
2 Reb gabanjaň we öç alýan Hudaýdyr, Ol ar alýandyr we gazapdan doludyr, Duşmanlaryndan öç alýandyr, Ýagylaryna garşy gazaplanýandyr.
3 Reb giň göwünlidir we gudratlydyr, Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz. Rebbiň ýoly tupanlydyr, gaýlydyr, Bulutlar Onuň aýak tozudyr.
4 Ol buýrugy bilen deňizleri guradýar, Bütin derýalary takyradýar, Başan we Karmel daglary solýar, Liwanyň gülleri süllerýär.
5 Rebbiň öňünde daglar titreýär, Baýyrlyklar ereýär, Ýer sarsýar, Dünýä ilaty bilen lerzana gelýär.
6 Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, Öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.
7 Reb gowudyr, Betbagtlyk gününde halkyna penadyr; Ol Öz penasyndakylary goraýandyr.
8 Emma Ol Ninewäni Daşgyn sil bilen ýok eder, Duşmanlaryny garaňkylyga kowalar.
9 Rebbiň garşysyna näme dildüwşük gurasalar-da, Ol hemmesini ýok eder, Muşakgat ikilenç inmez.
10 Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, Arakhorlar kimin serhoşdyrlar; Gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.
11 Rebbe garşy ýamanlyk guraýan, Pisligi maslahat berýän Sizden çykdy, eý, nineweliler!
12 Reb halkyna şeýle diýýär: «Aşurlar köp we güýçli bolsalar-da, Gyrlyp, ýok bolup giderler. Eý, Ýahuda, size ejir çekdirenem bolsam, Mundan artyk ejir çekdirmerin.
13 Sizi Aşuryň boýuntyrygyndan azat ederin, Gandallaryňyzy kesip taşlaryn».
14 Reb siz barada şeýle buýruk berýär: «Adyňyzy dowam etdirer ýaly, Sizden zürýat önmez. Hudaýlaryňyzyň buthanasyndaky oýma, Guýma butlary ýok ederin. Siziň gabryňyzy taýynlaryn, Çünki siz ýigrenjisiňiz».
15 Ine, size hoş habar getirýän, Parahatçylygy jar edýän çapar Daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, Beren wadalaryňy berjaý et, Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, Çünki olar bütinleý ýok edilerler.

 printer   arrowup 




Chapter 2

1 Eý, Ninewe, ýumrujy garşyňa çykdy, Galalaryňy gora, Ýoly garawulla, Biliňi berk guşap, Bar güýjüňi jemle.
2 Duşmanlar Ysraýyly talap, haraba öwrüp, Üzüm şahalary dek sypyran bolsalar-da, Reb Ýakubyň şöhratyny, Ysraýylyň beýikligini öňküsi ýaly dikelder.
3 Duşman söweşijileriň galkany çym gyzyldyr, Esgerleriniň lybasy goýy gyrmyzydyr, Taýýarlyk gününde söweş arabalarynyň tigirleri ot saçýar, Sosna naýzalar howada galgaýarlar.
4 Söweş arabalary köçelerde dälirän dek çapyşýarlar, Meýdançalarda çar tarapa çarp urýarlar, Şamçyraglar kimin şugla saçyp, Ýyldyrym deýin okdurylýarlar.
5 Ninewe şasy saýlama esgerlerini toplaýar, Olar ýolda büdreýärler, Hüjüm edýänler gala tarap okdurylýarlar, Germewler gurulýar.
6 Derýa derwezeleri açylýar, Köşk opurylýar.
7 Aýdylan berjaý boldy, şäher sürgün edildi, Kenizleri gumry deýin nalap, Gursaklaryna urdular.
8 Suwy akyp gidýän howdan ýalydyr Ninewe, «Duruň, duruň!» diýip gygyryşýarlar, Emma yza bakýan ýokdur.
9 Kümşi talaň, Altyny talaň! Tükeniksiz hazyna! Ummasyz baýlyk!
10 Çolardy, harabalyga öwrüldi, weýran boldy! Ýürekler ezilip, dyzlar titreýär, Hemmäniň süňňi sarsyp, Ýüzleri çuw ak bolýar.
11 Arslanlaryň sürenine, Ýaş arslanlaryň ýerine näme boldy? Arslanlaryň barýan, Çaga arslanlaryň gorkusyz gezýän ýerine näme boldy?
12 Arslanlar öz çagalary üçin ýeterlik aw awladylar, Ene arslanlar üçin awuny bogup öldürdiler, Gowaklaryny awdan, Sürenlerini oljadan doldurdylar.
13 Hökmürowan Reb: «Men saňa duşmandyryn» diýýär. «Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn, Ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar, Ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin, Çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla».

 printer   arrowup 




Chapter 3

1 Ganhor şäheriň dat gününe! Kezzaplykdan, oljalardan dolusyň, Tükenmezdir seniň talaňçylygyň!
2 Gamçy sesi, Araba tigirleriniň takyrdysy, Çapýan atlaryňdyr söweş arabalarynyň tapyrdysy!
3 Atly goşun hüjüm edýär, Gylyç ýalpyldap, naýza bark urýar, Üýşmek-üýşmek meýitler, San-sajaksyz läşler, Maslyklara büdreýärler!
4 Bularyň bary zynahorluk edendigiň üçin, Jadygöýlügiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, Jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, Gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.
5 Hökmürowan Reb: «Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär. «Eşigiňi sypyryp, Milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin, Patyşalyklara aýbyňy açaryn.
6 Üstüňe nejislik ýagdyryp, Ile ryswa ederin, Tomaşa öwürerin.
7 Seni görenleriň bary gaçyp, şeýle diýerler: „Ninewe haraba öwrüldi, Kim onuň ýasyny tutar?“ Saňa teselli berjekleri nireden tapaýyn?»
8 Töweregi suw bilen gurşalan, Niliň kenaryndaky deňiz galaly, Suw berkitmeli No-Amondan niräň artyk?
9 Efiopiýa bilen Müsür onuň çäksiz güýjüdi, Put we Liwiýa onuň kömekçileridi.
10 Emma şonda-da No-Amon halky tutulyp sürgün edildi, Çagalary her köçäniň başynda daşa urlup öldürildi, Onuň emeldarlary üçin bije atyldy, Beýik adamlar zynjyrlandy.
11 Sen hem, eý, Ninewe, serhoş bolup, Huşuňdan gidip ýykylarsyň, Duşmanlardan özüňe pena agtararsyň.
12 Ähli galalaryň injir agajynyň ilki ýetişen miwesi kimindir; Silkelenende, iýýäniň agzyna düşýär.
13 Esgerleriňe seret, Olar araňyzda heleý ýalydyrlar! Ýurduňyň derwezeleri Duşmanlaryňa gujak açýar, Derwezäň kiltleri küle öwrüldi.
14 Gabaw döwri üçin suw çek, Galalaryňy berkit, Laýy depeläp, Palçygy eýle, Kerpiç galybyny taýýynla!
15 Şol ýerde ýanyp kül bolarsyň, Sen gylyçdan ölersiň, Seni çekirtgäniň ekini ýalmaýşy dek ýalmar. Çekirtgelerçe köpel, Teneçirlerçe örňe!
16 Söwdagärleriň sanyny köpeltdiň, Olar göklerdäki ýyldyzlardan-da köp, Emma olar çekirtge deý ülkäňi talap, uçup gidýärler.
17 Goragçylaryň teneçirler, Baştutanlaryň çekirtge sürüleri ýaly, Olar Günüň sergin çagynda haýatlarda ornaşyp, Gün dogan badyna gaýyp bolýarlar, Niredediklerini bilýän ýokdur.
18 Eý, Aşur şasy, Baştutanlaryň gözleri ýumlandyr, Tanymal adamlaryň uka gidendir, Halkyň daglara dagady, Olary bir ýere jemläre hiç kim ýok.
19 Derdiňe derman bolmaz, Ýaralaryň gutulmaz, Seniň başyňa gelenini eşiden her kes Begenjinden el çarpar, Çünki seniň dynuwsyz zulmuňdan Heý, gaçyp gutulan boldumy?

 printer   arrowup