Filipililere haty

1 2 3 4

Chapter 1

1 Mesih Isanyň guly men Pawlus we Timoteosdan Filipidäki gözegçiler hem hyzmatçylar bilen bilelikde Mesih Isada bolan ähli mukaddeslere salam!
2 Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!
3 Men sizi her gezek ýatlanymda, Hudaýyma şükür edip,
4 ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda eden hyzmatdaşlygyňyz sebäpli,
5 hemişe, her dogamda baryňyz üçin şatlyk bilen dileg edýärin.
6 Sizde oňat işe başlan Hudaýyň Mesih Isanyň gününe çenli muny bitirjekdigine ynamym bar.
7 Siziň baryňyz hakda şeýle oýlanmagym hakdyr, çünki siz meniň ýüregimdesiňiz. Zynjyrlar bilen bagly bolsam-da, Hoş Habary gorap, tassyklasam-da, siziň baryňyz Hudaýyň merhemetine meniň bilen paýdaşsyňyz.
8 Mesih Isanyň söýgüsi bilen hemmäňizi nähili küýseýänligime Hudaý güwämdir.
9 Siz Hudaýyň şöhraty hem öwgüsi üçin, Isa Mesihden gelen dogrulygyň miwesinden dolup,
10 Mesih Isanyň gününe çenli sap, müýnsüz bolar ýaly,
11 iň ýokary zatlara göz ýetirmegiňiz üçin, söýgiňiz bilim hem düşünjede barha artsyn diýip doga edýärin.
12 Eý doganlar, meniň başdan geçirenlerimiň Hoş Habaryň ýaýramagyna ýarandygyny bilmegiňizi isleýärin.
13 Çünki kaýsaryň tutuş köşgüni saklaýan esgerlere we beýlekilere meniň Mesih ugrunda zynjyrlar bilen baglydygym şonuň netijesinde mälim boldy.
14 Doganlaryň aglabasy meniň zynjyrlar bilen baglydygym üçin Rebbe ynanyp, Hudaýyň sözüni gorkusyz sözlemekde öňküsinden hem köp batyrlyk görkezýärler.
15 Käbirleri bahyllyk hem jedel bilen, käbirleri ýagşy niýet bilen Mesihi wagyz edýär.
16 Olar meniň Hoş Habaryň goragçysy edip oturdylandygymy bilip, muny söýgi bilen edýär.
17 Emma beýlekiler ýürek saplygy bilen däl-de, bendiligimde maňa muşakgat ýetirjek bolup, Mesihi igenjeňlik bilen wagyz edýär.
18 Edilende näme? Isle bahana bilen, isle hakykat bilen, garaz, her ýol bilen Mesih wagyz edilýär. Men muňa şatlanýaryn we şatlanaryn.
19 Çünki munuň siziň dogalaryňyz arkaly hem-de Isa Mesihiň Ruhunyň kömegi arkaly meniň gutulmagyma sebäp boljagyny bilýärin.
20 Men hiç bir zatda utanjym bolman ýaşasam hem, ölsem hem, hemişekisi ýaly, Mesihiň häzir hem bedenimde öwgi bilen beýgeldilmegi üçin, doly gaýrat etmäge uly umyt bilen garaşýaryn.
21 Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesih, ölüm hem gazançdyr.
22 Bedende ýaşajak bolsam, bu maňa hasylly zähmet çekmäge pursat bolar. Şeýlelikde, haýsysyny saýlajagymy bilmeýärin.
23 Her iki tarapa-da çekilýärin. Men aýrylmagy, Mesih bilen bolmagy arzuw edýärin, bu has gowudyr.
24 Ýöne meniň bedende galmagym siziň üçin has gerekli.
25 Men galjagymy açyk bilýärin.
26 Ýene ýanyňyzda bolmagym bilen, men sebäpli Mesih Isada bolan magtanjyňyz artar ýaly, imanda ilerlemegiňiz, şatlanmagyňyz üçin, baryňyz bilen galaryn.
27 Diňe gezişiňiz Mesihiň Hoş Habaryna mynasyp bolsun. Şeýlelikde, gelip, sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, hal-ýagdaýyňyzy eşitsem-de, siziň bir ruhda berk duranyňyzy, Hoş Habara bolan iman üçin bir jan bolup göreşýäniňizi, özüňize garşy çykýanlardan hiç zatda gorkmaýanyňyzy bileýin.
28 Bu bolsa olara heläk boljaklaryny, size-de gutuljagyňyzy görkezýän belgidir. Bular hem Hudaý tarapyndyr.
29 Çünki Mesihiň hatyrasyna Oňa diňe iman getirmek däl, eýsem, Onuň ugrunda görgi görmek hem size berlendir.
30 Siziň alyp barýan göreşiňiz menden gören we häzir hem alyp barýanymy eşiden göreşiňizdir.




Chapter 2

1 Şeýlelik bilen, Mesihde bolmakda teselli, söýgüden dogan göwünlik, Ruha şäriklik bar bolsa, ýürekden bir duýgy we rehimdarlyk bar bolsa,
2 onda bir pikir hem söýgüde, ruhda hem maksatda birleşip, begenjimi dolduryň.
3 Hiç bir zady igenjeňlik, şöhratparazlyk bilen etmän, eýsem, kiçigöwünlilik bilen beýlekileri özüňizden üstün saýyp ediň.
4 Her kim diňe öz peýdasyny däl-de, beýlekileriň hem peýdasyny gözlesin.
5 Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun.
6 Ol Hudaýyň häsiýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän,
7 gaýtam, gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi.
8 Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi.
9 Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi.
10 Ol muny Gökdäkileriň, Ýerdäkileriň we Ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin,
11 her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip etdi.
12 Eý, söýgüli doganlar, şonuň üçin, mydama söze gulak asyşyňyz ýaly, diňe meniň barlygymda däl, has-da beter şu wagt ýoklugymda gorky hem titreme bilen öz gutulyşyňyzy amala aşyryň.
13 Çünki Öz halaýşyna görä, sizde hem islemegi, hem-de emele getirmegi hasyl edýän Hudaýdyr.
14 Dünýäde yşyk kimin ýalpyldaýan egri hem azgyn nesliňiziň ortasynda aýypsyz, sap, Hudaýyň müýnsüz çagalary bolmak üçin,
15 ähli zady hüňürdisiz, jedelsiz ediň.
16 Men biderek ýere ýortmanlygym, biderek ýere zähmet çekmänligim üçin, Mesihiň gününde magtanar ýaly, ýaşaýyş sözüni gaýym tutuň.
17 Siziň imanyňyzyň gurbany we gullugy üstüne ganym Hudaýa hödürlenen şerap ýaly dökülse-de, men şatlanaryn, hemmäňiziň şatlygyňyza şärik bolaryn.
18 Şeýlelikde, siz hem şatlanyň, şatlygyma şärik boluň.
19 Men siziň hal-ýagdaýyňyzdan habarly bolup, göwnümi ynjaldaýyn diýip, size basym Timoteosy ýollamagy Reb Isada umyt edýärin.
20 Çünki siziň ýagdaýyňyz barada onuň ýaly oýlanyp, ýürekden aladalanjak başga adamym ýok.
21 Sebäbi hemmeler Isa Mesihiňkini däl-de, öz peýdasyny gözleýär.
22 Timoteosyň bolsa, atasynyň ýanynda işleýän oglan ýaly meniň bilen birlikde Hoş Habaryň ýaýramagyna hyzmat etmek bilen, öz gadyr-gymmatyny subut edenini siz bilýänsiňiz.
23 Men ýagdaýymyň nähili boljagyny bilen badyma, ony ýollaryn diýip umyt edýärin.
24 Özümiň hem basym barjagyma Rebde ynamym bar.
25 Emma siz tarapdan iberilen, mätäçligimde maňa gulluk eden doganym, işdeşim hem söweşdeş ýoldaşym Epafroditi size ýollamagy zerur bildim.
26 Çünki ol hemmäňizi küýsäp, özüniň hassadygyny eşideniňiz üçin gaty gussa çekýärdi.
27 Dogrudan-da, ol ölüm ýassygynda ýatdy, ýöne Hudaý oňa, diňe oňa däl, eýsem, gaýgy üstüne gaýgy çekmez ýaly, maňa-da rehim etdi.
28 Şeýlelikde, siz ony gaýtadan görüp begenersiňiz, onsoň meniň hem gaýgylarym ýeňlär diýip, ony howlukmaç ýollaýaryn.
29 Bütin şatlyk bilen ony Rebde garşylaň, onuň ýaly adamlary hormatlaň.
30 Çünki ol siziň maňa bolan gullugyňyzyň ýetmezini doldurjak bolup, janyny howp astyna sokup, Mesihiň işi ugrunda tas ölüpdi.




Chapter 3

1 Eý doganlar, mahlasy, Rebde şatlanyň. Size bir zady gaýtalap ýazyp oturmagyň maňa zähmeti ýok, ýöne bu siziň howpsuz bolmagyňyz üçindir.
2 Ýamanlyk edýän adamlardan, ol itlerden ägä boluň. Ýalan sünnetden ägä boluň.
3 Çünki çyn sünnetliler, Hudaýa Ruhda gulluk edýän, Mesih Isa bilen magtanýan, bedene ynam etmeýän bizdiris.
4 Aslyýetinde, meniň bedene-de ynam etmäge tutarygym bar. Başga biri tene ynam etmegi pikir edýän bolsa, meniň onuňkydan hem köp tutarygym bar.
5 Men dogulmagymyň sekizinji gününde sünnetlendim. Ysraýyl urugyndan, Benýamyn taýpasyndan, ýewreýlerden bir ýewreý bolup, Mukaddes Kanun boýunça fariseýdirin.
6 Yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim, Kanundaky dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.
7 Maňa gazanç bolan her zady Mesihiň hatyrasyna zyýan saýdym.
8 Hawa, ugrunda bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn, Mesihi gazanjak bolup, syr-süplük saýýaryn.
9 Muny Mukaddes Kanundan gelen öz dogrulygyma däl, eýsem, Mesihe bolan iman arkaly berlen, iman saýasynda Hudaýdan gelen dogrulyga eýe bolup, Mesihde boljak bolup edýärin.
10 Ölüminde Oňa meňzäp, Ony tanamak, direlişiniň güýjüni, görgülerine şärikligiň nähilidigini bilmek,
11 garaz, ölümden direlişe ýetmek isleýärin. Pellehana tarap ylgalyň.
12 Men häzirden bulara ýetenimi ýa kämilleşenimi aýtmaýaryn, ýöne Mesihiň meni gazanmakdaky maksadyny gazanjak bolup jan çekýärin.
13 Doganlar, men özümi muny gazanan hasap etmeýärin.
14 Emma bir zady edýärin: yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp, Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap bolan çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin, pellehana tarap ylgaýaryn.
15 Şeýlelik bilen biz, kämiller, barymyz şu pikirde bolalyň. Siz bir zatda başga hili pikirde bolsaňyz, onda Hudaý muny-da size açyk görkezer.
16 Ýöne nämä ýeten bolsak, şol düzgüne laýyk gezip, şol pikirde bolalyň.
17 Doganlar, menden görelde almakda birleşiň. Bizden alan göreldäňize görä gezýänlere serediň.
18 Çünki size ençeme gezek aýdyşym ýaly, häzir-de aglap aýdýaryn, köp adamlar Mesihiň haçyna duşman bolup gezýär.
19 Olaryň soňy heläkçilikdir. Taňrysy garynlarydyr. Olar öz aýyplary bilen magtanyp, diňe bu dünýäniň pikirini edýär.
20 Biziň watanymyz Gökdedir. Şol ýerden hem Halasgäre, Reb Isa Mesihe garaşýandyrys.
21 Ol her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji bilen biziň ujypsyz bedenimizi üýtgedip, Öz şöhratly bedenine meňzeder.




Chapter 4

1 Munuň üçin, eý, meniň küýseýän söýgüli doganlarym, guwanjym we başymyň täji, Rebde berk duruň, eý söýgüliler.
2 Men Ewodiýa we Sintihä ýalbarýaryn, Rebde pikirdeş bolsunlar.
3 Hawa, eý, çyn işdeşim, senden-de bu aýallara garaşyk etmegi haýyş edýärin, çünki bular meniň bilen, Klement we atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylan beýleki işdeşlerim bilen Hoş Habary ýaýratmak ugrunda göreşdiler.
4 Rebde hemişe şatlanyň, ýene-de aýdýaryn: şatlanyň.
5 Siziň ýumşaklygyňyz bütin ynsanlara belli bolsun. Rebbiň gelmeli wagty golaýdyr.
6 Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň.
7 Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar.
8 Mahlasy, eý doganlar, dogry, hormatly, adalatly, tämiz, ýakymly, taryplanýan näme bar bolsa, artyk we öwgä mynasyp bir zat bar bolsa, siz şol hakda oýlanyň.
9 Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy ediň, onsoň parahatlyk beren Hudaý siziň bilen bolar.
10 Ahyrsoňy, men hakdaky aladaňyzy täzeleýändigiňiz üçin, Rebde gaty şatlanýaryn. Aslyýetinde, aladalanýardyňyz, ýöne pursat ýokdy.
11 Bulary ýetmezçiligimiň barlygy zerarly diýmeýärin, çünki her hili ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrendim.
12 Mätäçlik çekmegi-de, bolelin ýaşamagy-da bilýärin. Her hili ýagdaýda hem doklugyň, hem açlygyň, hem bolelin ýaşamagyň hem-de mätäçlikde bolmagyň syryny öwrendim.
13 Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn.
14 Ýöne siz meniň muşakgatlaryma şärik bolup gowy etdiňiz.
15 Hoş Habaryň ýaňy ýaýramaga başlan wagtlarynda, men Makedoniýadan ýola düşenimde, özüňizden başga hiç bir ýygnagyň alyş-beriş işinde maňa goşulmandygyny, eý filipililer, siz-de bilýänsiňiz.
16 Men Selanikdekäm hem siz bir-iki gezek hajatlarym üçin maňa kömegiňizi ýetirdiňiz.
17 Men sylag ugrunda däl, diňe siziň hasabyňyza köpeljek miweleri gözleýärin.
18 Ähli zadym bar, artygy bilen bar. Sizden gelen sowgatlary Epafroditden alanym üçin, kem zadym galmady. Bular: hoşboý ys, Hudaýyň halajak gurbanlary.
19 Meniň Hudaýym ähli hajatyňyzy Mesih Isadaky şöhratly baýlygy bilen doldurar.
20 Atamyz Hudaýa ebedilik şöhrat! Omyn.
21 Bütin mukaddeslere Mesih Isada salam aýdyň. Meniň ýanymdaky doganlar size salam aýdýar.
22 Bütin mukaddesler, ylaýta-da, kaýsaryň içersi salam aýdýar.
23 Reb Mesihiň merhemeti siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn.