Petrusyň ikinji haty

1 2 3

Chapter 1

1 Isa Mesihiň guly, resuly Simun Petrusdan Hudaýymyzyň, halasgär Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziňki bilen bahadaş imana gowşanlara salam!
2 Hudaýy, Rebbimiz Isany tanamakda size merhemet, parahatlyk eçilsin!
3 Onuň Hudaýlyk güýji özümizi şöhrat hem artyklyk bilen çagyran Hudaýy tanamagymyz arkaly ýaşaýşa, takwalyga degişli ähli zady bize bagyş etdi.
4 Şular arkaly bize juda gymmatly, uly wadalar berdi. Şeýle, siziň ýaman höwesler sebäpli dünýäde bolan bozuklykdan gaçyp, şular arkaly Hudaýlyk tebigata şärik bolmagyňyz göz öňünde tutulýar.
5 Şonuň üçin bütin gaýraty sarp edip, imanyňyzda artyklygy, artyklykda bilimi,
6 bilimde nebsiňize buýurmagy, nebsiňize buýurmakda sabry, sabyrda takwalygy,
7 takwalykda dogan söýgüsini, dogan söýgüsinde hem Hudaýyň söýgüsini köpeldiň.
8 Şu zatlar sizde bar bolsa, köpelse, sizi Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem miwesiz goýmaz.
9 Kimde bu zatlar ýok bolsa, ol kördür, uzagy görýän däldir, öňki günälerinden tämizlenendigini unudandyr.
10 Şonuň üçin, eý doganlar, çagyrylmagyňyzy, saýlanmagyňyzy berkitmek üçin, köpräk gaýrat ediň. Şeýle etseňiz, asla büdremersiňiz.
11 Şeýlelik bilen, Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi Patyşalygyna girme size boldan berler.
12 Şonuň üçin bu zatlary bilip, özüňizdäki hakykata nähili berkidilen hem bolsaňyz, men bulary size ýatladyp durmagy asla bes etmerin.
13 Men bu çadyrdan gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak arkaly, sizi oýarmagy dogry bilýärin.
14 Çünki Rebbimiz Isa Mesihiň-de maňa bildirişi ýaly, basym çadyrymyň çözülmelidigini bilýärin.
15 Göçenimden soň-da, hemişe şu zatlary ýada salyp bilmegiňiz üçin şindi gaýrat edýärin.
16 Çünki size Rebbimiz Isa Mesihiň güýjüni, gelenini aýdanymyzda, ýasama ertekilere eýermedik, biz Onuň uly şöhratyny öz gözümiz bilen gördük.
17 Çünki, iň şöhratly Hudaýdan Oňa: «Meniň Söýgüli Oglum Budur, Ondan razydyryn» diýen ses gelende, Ol Ata Hudaýdan hormat, şöhrat aldy.
18 Biz Onuň bilen mukaddes dagdakak, bu sesiň Gökden gelenini eşitdik.
19 Şeýle, pygamberlik sözi biziň üçin has berkedi. Gün agaryp, daň ýyldyzy ýüregiňizde dogýança, garaňky ýerde nur saçýan çyra ýaly bu söze üns berseňiz, ýagşy edersiňiz.
20 Ozaly bilen, Mukaddes Ýazgynyň pygamberlik sözleriniň hiç biriniň öz-özüňden many çykarma däldigini bilmelisiňiz.
21 Çünki welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir. Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler.




Chapter 2

1 Halk arasynda ýalan pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da ýalan mugallymlar bolar. Olar heläkleýji, bozuk taglymatlar girizmek bilen, özlerini satyn alan Baýary-da inkär edip, öz başlaryna tiz bela getirerler.
2 Köp adamlar olaryň azgynçylygyna eýerer, olar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler.
3 Açgözlülikden ýaňa ýalan sözler bilen sizi ezerler. Olar üçin ozaldan bar bolan höküm gijikmez, olaryň heläkçiligi irkilmez.
4 Çünki Hudaý günä eden perişdelere rehim etmän, höküm üçin saklansynlar diýip, olary dowzaha taşlap, tümlük zynjyrlaryna tabşyran bolsa,
5 gadym dünýä rehim etmän, hudaýsyzlar dünýäsiniň başyna tupan turzanda, dogrulyk wagyzçysy Nuhy beýleki ýedi adam bilen saklan bolsa,
6 Sodom we Gomorra şäherlerini kül edip, üstlerinden weýrançylyk hökümini çykarmak bilen, olary hudaýsyz ýaşajaklara nusga eden bolsa,
7 azgynlaryň ahlaksyzlyk içindäki ýaşaýyşyndan jebir çeken, ýöne dogry bolan Luty gutaran bolsa
8 (olaryň arasynda ýaşan bu dogry adam olaryň nähak işlerini görmek, eşitmek bilen, öz dogry janyna günsaýyn jebir ederdi),
9 hudaýhonlary synagdan nähili halas etmelidigini, dogry dälleri, aýratyn-da, ten isleglerine kowalaşyp, häkimiýeti äsgermeýänleri höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny Reb bilýär. Bular ― batyrsyraýanlar, tekepbirler Gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar.
11 Perişdeler güýç we gudratda uly hem bolsalar, bulary garalamak üçin Rebbiň huzuryna höküm getirmeýär.
12 Bular bolsa tutulmak, heläk edilmek üçin doglan pähimsiz ýabany haýwanlar ýaly, bilmeýän zatlaryna dil ýetirip, öz heläkçiliklerinde heläk bolarlar.
13 Eden ýamanlyklarynyň almytyny alarlar. Tegmilt we biabraý bolan bular gündiz aýşy-eşret sürmegi şatlyk saýýandyr, siziň bilen iýip-içýän wagtlary öz hileleri bilen keýp çekýändir.
14 Olaryň zynadan doly, günäden gaýtmaz gözleri bolup, durnuksyz janlary duzaklaýandyrlar; ýürekleri açgözlülige öwrenişen gargyş siňen perzentlerdir.
15 Olar Beor ogly Balamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip, azaşdylar. Balam hem adalatsyzlyk hakyny söýerdi.
16 Ýöne ol öz tagsyrlary üçin käýinç gördi, bir dilsiz-agyzsyz eşek adam sesinde gürläp, pygamberiň däliligini bökdedi.
17 Olar suwsuz çeşme, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; garaňky tümlük olar üçin saklanýar.
18 Çünki hatada gezýänlerden zordan gaçanlary gopbamsy, boş sözler aýdyp, ahlaksyzlyklar bilen beden höweslerinde duzaklaýarlar.
19 Olara azatlygy wada edýärler, özleri bolsa bozuklygyň gullarydyr. Sebäbi adam birinden ýeňilse, oňa gul kimin tabyndyr.
20 Çünki olar Reb hem halasgär Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçansoňlar, ýene-de bulara garyşyp, ýeňlen bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňküden erbetdir.
21 Çünki olar üçin dogrulyk ýoluny bilmezlik, ony bilip-de, özlerine tabşyrylan mukaddes buýrukdan ýüz döndermekden gowy bolardy.
22 Olaryň başyna bu hakyky nakylda aýdylanlar geldi: «It öz gusugyna gaýdyp geldi, ýuwnan doňuz batgada togalanmaga».




Chapter 3

1 Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn.
2 Bularyň ikisinde-de mukaddes pygamberleriň öňden aýdan sözlerini, Reb hem Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmak üçin, sap pikirleriňizi ýatlatma arkaly oýarýaryn.
3 Ozaly bilen, biliň, ahyrky günlerde öz höweslerinde gezýän ýaňsylaýjylar ýaňsyly sözler bilen gelip:
4 «Rebbiň gelmeginiň wadasy hany? Atalar ölenden bäri hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur» diýer.
5 Çünki olar Gögüň Hudaýyň sözi arkaly gadymdan bäri bardygyndan, ýeriň suw arkaly suwdan döräninden bihabarsyran boldular.
6 Ýöne ol wagtky dünýä şol suwda hem gark bolup heläklenipdi.
7 Ýöne welin, häzirki Gök, Ýer Onuň sözi bilen ot üçin goralyp, höküm gününe, hudaýsyz adamlaryň heläk boljak gününe çenli saklanýar.
8 Eý, söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň ýanynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bir gün ýalydyr.
9 Käbirleriniň gijikme hasap edişi ýaly, Reb Öz wadasyny ýerine ýetirmegi gijikdirýän däldir. Ol biziň üçin sabyr edýändir, çünki Ol hiç kim heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýär.
10 Emma Rebbiň güni bir ogry kimin geler. Şonda Gök uly güpürdi bilen geçer, elementler ýanyp dargar, ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar.
11 Bularyň ählisi şeýle dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz.
12 Şol gün zerarly Gök ot alyp dargar, elementler ýanyp erär.
13 Biz Onuň wadasyna görä täze Göge, täze ýere garaşýarys; olarda bolsa dogrulyk höküm sürer.
14 Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygymyz üçin, Hudaýyň ýanynda parahatlykda tegmiltsiz, müýnsüz boljak bolup gaýrat ediň.
15 Söýgüli doganymyz Pawlusyň hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size ýazyşy ýaly, Rebbimiziň sabryny gutulyş pursady saýyň.
16 Ol bu zatlardan gürrüň berende, bütin hatlarynda şeýle ýazýandyr. Olarda ýazylanlaryň käbirlerine düşünmek kyndyr, nadan hem durnuksyz adamlar bolsa beýleki Mukaddes Ýazgylary ýoýuşlary ýaly, bulary-da öz heläkçilikleri üçin ýoýýarlar.
17 Indi, eý, söýgüli doganlar, azgynlaryň hatalaryna çekilip, berkligiňizde gowşamaz ýaly, bu zatlary öňünden biliň, özüňizi goraň.
18 Rebbimiz hem halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde, biliminde ösüň. Şöhrat häzir we mydamalyk Onuňky bolsun! Omyn.