Ýahýa gelen ylham

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22

Chapter 1

1 Bu Hudaýyň, ýakyn wagtda bolmaly zatlary bendelerine görkezmek üçin Isa Mesihe beren ylhamydyr. Hudaý perişdesini iberip, muny guly Ýahýa aýan etdi.
2 Ol hem gören zatlarynyň baryna, Hudaýyň sözüne, Isa Mesihiň şaýatlygyna güwälik edýär.
3 Bu pygamberlik sözlerini okan, onda ýazylanlara gulak asyp, olary berjaý eden bagtyýardyr, çünki garaşylan wagt ýakyndyr!
4 [5-6] Men Ýahýadan Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga salam! Häzir bar Bolan, geçmişde bar Bolan we Geljekden, Onuň tagtynyň öňündäki ýedi ruhdan, ölümden ilkinji direlen, bütin dünýä patyşalarynyň hökümdary, dogruçyl güwä Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun! Şöhrat hem gudrat bizi söýýän, Öz gany bilen günälerimizden azat eden, patyşalyga ýetirip, bizi Atasy Hudaýyň hyzmatynda ruhanylar eden Mesihiňki bolsun! Omyn.
7 Ine, Ol bulutlar bilen gelýär. Her bir göz, Onuň bedenini deşenler hem Ony görer. Ýer ýüzüniň ähli halklary Onuň üçin ýas tutar. Hawa, omyn! Başlangyç we soň Mendirin
8 Häzir bar bolan, geçmişde bar bolan, geljek we her zada güýji ýetýän Reb Hudaý diýýär: «Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin».
9 Isa degişli biri hökmünde muşakgatda, sabyrda, patyşalykda şärikdeşiňiz bolan men, doganyňyz Ýahýa Hudaýyň Sözi, Isanyň güwäligi sebäpli Patmos diýen adadadym.
10 Rebbiň gününde Ruhdakam ýeňsämden surnaýyňky ýaly gaty bir ses eşitdim.
11 Ol ses: «Görýänleriňi kitaba ýaz-da, ýedi ýygnaga, ýagny Efese, Izmire, Bergama, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.12-
13 Men özüm bilen gepleşýäni görjek bolup öwrüldim. Öwrülemde ýedi altyn şemdan, şemdanlaryň ortasynda bolsa egnindäki lybasy aýaklaryna ýetip duran, göwsüne gyzyldan guşak baglan ynsan ogluna meňzeş birini gördüm.
14 Onuň başy, saçy ýüň ýaly ak, gar ýaly çuw akdy. Gözleri ot ýalny ýalydy.
15 Aýaklary kürede gyzardylan parlak mise meňzeýärdi. Sesi uly suwuň şaggyldysy kimindi.
16 Sag elinde ýedi ýyldyz bardy, agzyndan iki ýüzli kesgir gylyç çykyp durdy, ýüzi bar güýji bilen ýaldyrap duran Gün ýalydy.
17 Men Ony gören badyma, öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Ol sag elini depäme goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji hem iň soňky Mendirin.
18 Diri bolan Mendirin. Men ölüdim, ýöne, ine, ebedilik diridirin. Ölümiň hem ölüler diýarynyň açary Mendedir.
19 Munuň üçin, gören zatlaryňy, şu wagt bolýan zatlary, mundan beýläk boljaklary ýaz.
20 Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň, ýedi altyn şemdanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdeleri, ýedi şemdan hem ýedi ýygnakdyr».




Chapter 2

1 Efesdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: ýedi ýyldyzy sag elinde saklap duran, ýedi altyn şemdanyň arasynda gezýän şeýle diýýär:
2 Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Köp zähmetler çekeniňi, sabyrlydygyňy, ýaman adamlara çydap bilmeýäniňi bilýärin. Sen, resul bolmasalar-da, özlerine resul diýýänleri synadyň, olaryň ýalançydygyna göz ýetirdiň.
3 Seniň sabryň bar. Meniň adym ugrunda dert çekdiň, ýadamadyň.
4 Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen başky söýgiňi taşladyň.
5 Şonuň üçin, nirede ýykylanyňy ýada sal-da, toba et, ozalky edýän işleriňi ýerine ýetir. Toba etmeseň, ýanyňa gelip, şemdanyňy duran ýerinden gozgaryn.
6 Ýene-de seniň peýdaňa bolan bir zat bar. Sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň, Men-de olary ýigrenýärin.
7 Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňene Hudaýyň jennetindäki ýaşaýyş agajynyň miwesinden iýme ygtyýaryny bererin». Izmirdäki ýygnaga
8 Izmirdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: Ölen hem Direlen, Birinji hem Iň Soňky şeýle diýýär:
9 Seniň muşakgatlaryňy, garyplygyňy bilýärin. Aslynda, sen baýsyň! Özlerine ýehudy diýýänleriň dil ýetirýäninden hem habarym bar. Olar ýehudy däl-de, şeýtanyň sinagogasydyr.
10 Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, iblis sizi synamak üçin, käbiriňizi tussaga saldyrar, siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölýänçäň, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.
11 Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňen ikinji ölümden zyýan görmez».
12 Bergamadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Iki ýüzli kesgir gylyçly şeýle diýýär:
13 Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň hem tagty şol ýerdedir. Sen Meniň adymy berk saklaýarsyň. Araňyzda şeýtanyň ýaşaýan ýerinde öldürilen sadyk şaýadym Antipas barka-da, sen Maňa bolan imanyňdan dänmändiň.
14 Ýöne sende oňlamaýan birnäçe zadym bar. Ol ýerde Balamyň taglymatyna eýerýänler bar. Buta hödürlenen gurbanlary iýmekleri, zyna etmekleri üçin, Ysraýyl ogullaryna duzak gurmagy Balaka Balam öwretdi.
15 Şonuň ýaly-da araňyzda nikolaçylaryň taglymatyna eýerýänler hem bar.
16 Munuň üçin toba et! Ýogsa tiz ýanyňa gelip, agzymyň gylyjy bilen olara garşy urşaryn.
17 Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňene gizlin mannadan bererin. Ýene-de oňa bir ak daş bererin. Bu daşyň ýüzünde täze at ýazylgydyr. Ony daşy alandan başga hiç kim bilýän däldir».
18 Tiýatiradaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Gözleri oduň ýalny ýaly, aýaklary gyzardylan parlak mise meňzeş Hudaýyň Ogly şeýle diýýär:
19 Men seniň nämeler edeniňi bilýärin. Söýgiňi, imanyňy, hyzmatyňy, sabryňy, soňra edenleriň ozalky edenleriňden köpdügini bilýärin.
20 Emma sende oňlamaýan bir zadym bar. Sen özüni pygamber diýip yglan eden Izebel atly aýala ýol berýärsiň. Bu aýal Meniň bendelerimi taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorluk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlardan iýdirjek bolýar.
21 Men oňa toba etmäge wagt berdim, emma ol zynahorlukdan toba etmek islemeýär.
22 Gör, ine, Men ony muşakgatdan doly düşekde ýatyraryn, onuň bilen zyna edenleri-de, öz eden işlerinden toba etmeseler, uly muşakgatlaryň içine taşlaryn.
23 Onuň oglanlaryny mergi bilen öldürerin. Şonda bütin ýygnaklar ýürekleri hem göwünleri barlaýanyň Mendigimi biler. Men siziň her biriňize eden işleriňiziň hakyny bererin.
24 Emma size, ýagny Tiýatiradaky beýlekilere, bu taglymata bagly dälleriň baryna, olaryň diýşi ýaly, „Şeýtanyň çuňluklaryny" bilmeýänleriň baryna aýdýaryn: siziň üstüňize başga zat ýüklemeýärin.
25 Ýöne Men gelýänçäm, özüňizdäkini saklaň.
26 Özümiň Atamdan ygtyýar alşym ýaly, Men-de ýeňene, buýruklarymy soňuna çenli berjaý edene milletler üstünden ygtyýar bererin.
27 Ol hem olary demir taýak bilen bakar, toýundan ýasalan gaplar kimin derbi-dagyn eder.
28 Men oňa daň ýyldyzyny bererin.
29 Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».




Chapter 3

1 Sardisdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: Hudaýyň ýedi ruhuna, ýedi ýyldyza eýe Bolan şeýle diýýär: Men seniň edenleriňi bilýärin. Saňa diri diýýärler, ýöne sen ölüsiň.
2 Oýan! Galan we öljek zatlary güýçlendir. Çünki Men Hudaýyň öňünde işleriňi bitirmäniňi gördüm.
3 Munuň üçin, alanyňy, eşideniňi ýada sal-da, berjaý et, toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly gelerin, Meniň haýsy sagatda üstüňe geljegimi-de bilmän galarsyň.
4 Emma Sardisde seniň ýanyňda egin-eşiklerini kirletmedik birnäçe adam bar. Olar Meniň bilen bile ak lybaslar geýip gezer, sebäbi muňa laýykdyrlar.
5 Ýeňen ak egin-eşikler geýer. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň hem Onuň perişdeleriniň öňünde adyny ykrar ederin.
6 Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».
7 Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Mukaddes hem çyn bolan, Dawut açarynyň eýesi, açanyny hiç kim ýapyp bilmeýän, ýapanyny hiç kim açyp bilmeýän şeýle diýýär:
8 Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Ine, öňüňde bir açyk gapy goýdum, hiç kim ony ýapmagy başarmaz. Seniň güýjüň az, muňa garamazdan, Meniň sözümi berjaý etdiň, adymy inkär etmediň.
9 Ine, şeýtanyň sinagogasyndan bolanlary, ýehudy bolmasalar-da, ýalan sözläp, özlerine ýehudy diýýänleri gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin. Olar seni söýýändigimi biler.
10 Sözümi berjaý edip, sabyr bilen çydanyň üçin, ýer ýüzünde ýaşaýanlary synama maksady bilen, bütin dünýäniň üstüne injek synag sagadyndan seni goraryn.
11 Men basym gelerin. Täjiňi hiç kime aldyrmajak bolup, baryňy gaýym sakla.
12 Ýeňeni Hudaýymyň ybadathanasyna direg ederin. Ol, artykmaç, ol ýerden daşary çykmaz. Onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny, Hudaýymyň şäheriniň adyny, ýagny Gökden, Hudaýymyň huzuryndan inen täze Iýerusalimiň adyny, Öz täze adymy ýazaryn.
13 Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».
14 Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Omyn, dogruçyl, çyn güwä, Hudaýyň ýaradanlarynyň başy şeýle diýýär:
15 Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Sen ne sowuk, ne-de gyzgynsyň. Käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň!
16 Ne gyzgyn, ne-de sowuk, ýöne ýylylygyň üçin, Men seni agzymdan gusaryn.
17 Sen: „Men baýdyryn, barlydyryn, zada zar däldirin" diýip, biçäre, betbagt, garyp, kör hem ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň.
18 Men saňa baýar ýaly, Menden ot bilen saplanan altyn geýnip, ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly ak egin-eşik, görer ýaly, gözleriňe çalar ýaly göz dermanyny satyn almagy maslahat berýärin.
19 Men söýýänlerimiň hemmesine käýäp, terbiýe berýändirin. Şonuň üçin, yhlasly bol-da toba et.
20 Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin. Men onuň bilen, ol-da Meniň bilen bile naharlanar.
21 Men ýeňip, atam bilen bile Onuň tagtynda oturan bolsam, ýeňene-de Meniň bilen bile Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.
22 Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».




Chapter 4

1 Mundan soň seretdim, ine, Gökde açyk duran bir gapy bardy. Meniň bilen gepleşýänini eşiden sesim, ýagny surnaý sesine meňzeş ozalky ses: «Gel, bu ýere çyk, mundan soň bolmaly zatlary saňa görkezeýin» diýdi.
2 Şol pursat birden Ruhdadym. Ine, Gökde bir tagt bardy, tagtyň üstünde biri otyrdy.
3 Oturanyň görnüşi ýaşma, gyrmyzy hakyk daşyna meňzeýärdi, tagtyň töwereginde zümerret görnüşli älemgoşar bardy.
4 Tagtyň daş-töwereginde ýigrimi dört sany başga tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde başlary altyn täçli, ak lybasly ýigrimi dört ýaşuly otyrdy.
5 Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler hem gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýanyp duran ýedi çyra bardy. Bular Hudaýyň ýedi Ruhudyr.
6 Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, göýä çüýşeden ýasalan bir deňiz bar ýalydy. Ortada, tagtyň dört tarapynda öňi hem arka tarapy gözlerden doly dört sany janly mahluk durdy.
7 Birinji mahluk arslana meňzeýärdi, ikinji mahluk öküze, üçünji mahlugyň ýüzi adam ýüzi ýalydy, dördünji mahluk uçup barýan bürgüde meňzeşdi.
8 Janly dört mahlugyň her biriniň alty ganaty bardy. Töwerek daşlary, ganatlarynyň aşagy-da gözlerden doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, geçmişde bar bolan, häzir bar bolan we geljek, her zada güýji ýetýän Reb Hudaý!» diýýärdiler.9-
10 Janly mahluklar tagtyň üstünde Oturana, ebedilik Ýaşaýana şöhrat, hormat hem şükür edenlerinde, ýigrimi dört ýaşuly-da ebedilik diri bolup, tagt üstünde Oturanyň öňünde ýere ýykylyp, Oňa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňüne zyňyp, şeýle diýýärdiler:
11 «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy».




Chapter 5

1 Tagtyň üstünde Oturanyň sag elinde içi-daşy ýazgyly, ýedi möhür bilen möhürlenen bir kitap gördüm.
2 «Kitaby açmaga, onuň möhürlerini döwmäge kim mynasyp?» diýip, gaty ses bilen gygyrýan bir güýçli perişdäni hem gördüm.
3 Emma kitaby açyp, onuň içine seretmegi başarjak adam ne Gökde, ne ýer ýüzünde, ne-de ýer astynda bardy.
4 Men köp agladym. Çünki kitaby açmaga, onuň içine seretmäge mynasyp hiç kim tapylmady.
5 Şonda ýaşululardan biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda taýpasyndan, Dawudyň kökünden bolan Arslan ýeňdi. Ol kitaby we kitabyň ýedi möhürini açmagy başarar».
6 Men tagtyň ortasynda, janly dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda, damagy çalnana meňzeş bir Guzy gördüm. Guzynyň ýedi şahy hem ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.
7 Guzy geldi-de, tagtyň üstünde Oturanyň sag elinden kitaby aldy.
8 Ol kitaby alanda, janly dört mahluk, ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýere ýykyldylar. Olaryň her biriniň bir arfasy we mukaddesleriň dogalary bolan buhurlardan doly altyn käseleri bardy.
9 Olar bir täze aýdym aýdýardylar: «Sen kitaby almaga, kitabyň möhürlerini açmaga mynasypsyň. Çünki damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen bizi her taýpadan, her dilden, her halk we her milletden Hudaýa satyn aldyň.
10 Bizi Hudaýymyzyň hyzmatynda patyşalyk ýagdaýyna sokup, ruhany etdiň. Biz dünýä üstünden höküm süreris».
11 Onsoň seretdim, tagtyň, janly mahluklaryň hem ýaşulularyň töwereginde bir topar perişdäniň sesini eşitdim. Olaryň sany müňlerçe müňler, on müňlerçe on müňlerdi.
12 Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy güýji, baýlygy, akyldarlygy, gudraty, hormaty, şöhraty we öwgini almaga mynasypdyr» diýýärdiler.
13 Onsoň Gökdäki, ýer ýüzündäki, ýer astyndaky we deňizdäki her mahlugyň, älemdäki bar zadyň: «Öwgi, hormat, şöhrat we gudrat ebedilik tagt üstünde Oturanyňky hem Guzynyňky bolsun!» diýenini eşitdim.
14 Janly dört mahluk «Omyn» diýýär, ýaşulular-da ýere ýykylyp sežde edýärdi.




Chapter 6

1 Onsoň Guzynyň ýedi möhüriň birini açanyny gördüm. Şonda janly dört mahlugyň biriniň gök gürrüldisine meňzeş ses bilen «Gel» diýenini eşitdim.
2 Seretdim, ine, öňümde bir ak at durdy. Atyň üstünde oturanyň ýaýy bardy. Oňa bir täç berildi we ýeňsin diýip, ýeňip çykdy.
3 Guzy ikinji möhüri açanda, ikinji janly mahlugyň «Gel, seret» diýenini eşitdim.
4 Şonda bir başga at, bir çypar at göründi. Onuň üstünde oturana dünýäden parahatçylygy aýyrmaga, adamlara biri-birlerini öldürtmäge rugsat edildi. Oňa bir uly gylyç hem berildi.
5 Guzy üçünji möhüri açanda, üçünji janly mahlugyň «Gel, seret» diýenini eşitdim. Seretdim, öňümde bir gara at durdy. Onuň üstünde oturanyň elinde bir terezi bardy.
6 Janly dört mahlugyň ortasynda göýä bir sesiň: «Bir ölçeg bugdaý bir dinara, üç ölçeg arpa bir dinara, ýöne zeýtun ýagy bilen şeraba zyýan berme!» diýenini eşitdim.
7 Guzy dördünji möhüri açanda, dördünji mahlugyň «Gel, seret» diýenini eşitdim.
8 Seretdim, ine öňümde bir reňki öçük at durdy. Atyň üstünde oturanyň ady ölümdi, ölüler diýary onuň yzyndan gelýärdi. Oňa gylyç bilen, açlyk bilen, mergi bilen, ýer ýüzüniň wagşy haýwanlary bilen ynsanlary öldürmäge ýer ýüzüniň dörtden biri barada ygtyýar berildi.
9 Guzy bäşinji möhüri açanda, gurbanlyk edilýän ýeriň aşagynda Hudaýyň sözi, oňa eden güwälikleri üçin öldürilenleriň janlaryny gördüm.
10 Olar batly ses bilen gygyryp şeýle diýýärdiler: «Eý mukaddes, hakyky Baýar! Sen haçana çenli ýer ýüzünde ýaşaýanlary höküm edip, biziň ganymyzy olardan aljak däl?»
11 Olaryň her birine bir ak don berlip, özleri kimin öldüriljek ýoldaşlarynyň, doganlarynyň sany tamamlanýança, ýene az salym garaşmagy islendi.
12 Guzy altynjy möhüri açanda, ine, Ýeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara tüýden edilen jul kimin garalyp, bütin Aý gan ýaly boldy.
13 Bir injir agajynyň güýçli ýel bilen yralyp, çig injirlerini döküşi ýaly, gögüň ýyldyzlary-da ýer ýüzüne gaçdy.
14 Gök hem düýrlenen kagyz kimin gözden ýitdi. Ähli dag, ada ýerinden gozgandy.
15 Dünýäniň patyşalary, ululary, serkerdeleri, baýlary, güýçlüleri, bütin gul we azat adamlary gowaklarda, daglaryň gaýalarynda gizlendiler.
16 Olar daglara hem gaýalara şeýle diýdiler: «Biziň üstümize ýykylyň! Bizi tagt üstünde Oturanyň ýüzünden, Guzynyň gazabyndan gizläň.
17 Çünki Onuň gazabynyň uly güni geldi, Onuň öňünde kim durup biler?»




Chapter 7

1 Mundan soň, Ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Bular ýer ýüzüne, deňze ýa-da hiç bir agaja öwüsmesin diýip, ýeriň dört ýelini saklap durdylar.
2 Gündogardan ýokary çykyp barýan başga bir perişdäni-de gördüm. Onda diri Hudaýyň möhüri bardy. Ol ýere, deňze zyýan ýetirmäge özlerine rugsat edilen dört perişdä gaty ses bilen gygyryp:
3 «Biz Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak, ýere, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň!» diýdi.
4 Möhürlenenleriň sanyny eşitdim. Ysraýyl ogullarynyň bütin taýpalaryndan ýüz kyrk dört müň adam möhürlenipdi.
5 Ýahuda taýpasyndan on iki müň adam möhürlenipdi, ruben taýpasyndan on iki müň, gad taýpasyndan on iki müň,
6 aşer taýpasyndan on iki müň, naftaly taýpasyndan on iki müň, menaşşe taýpasyndan on iki müň,
7 şimegon taýpasyndan on iki müň, lewi taýpasyndan on iki müň, issahar taýpasyndan on iki müň,
8 zebulun taýpasyndan on iki müň, ýusup taýpasyndan on iki müň, benýamyn taýpasyndan on iki müň adam möhürlenipdi. Ak don geýnen märeke
9 Mundan soň, her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märekesiniň tagtyň hem Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Bular ak don geýnipdi, ellerinde bolsa hurma agajynyň pürleri bardy.
10 Olar batly ses bilen gygyryp şeýle diýýärdiler: «Halas etmek tagt üstünde oturan Hudaýymyza we Guza mahsusdyr!»
11 Hemme perişdeler tagtyň, ýaşulularyň we dört janly mahlugyň daşyny alşyp durdular. Olar tagtyň öňünde ýykylyp, ýüzlerini ýere diräp, Hudaýa sežde edip, şeýle diýýärdiler:
12 «Omyn. Öwgi, şöhrat, akyldarlyk, şükür, hormat, güýç we gudrat ebedilik Hudaýymyzyňky bolsun. Omyn!»
13 Onsoň ýaşululardan biri söze başlap, menden: «Bu ak don geýnenler kim, nireden gelipdirler?» diýip sorady.
14 Men: «Muny sen bilýärsiň, agam!» diýdim. Ol maňa şeýle diýdi: «Bular şol agyr muşakgatdan çykyp gelenler. Bular donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak etdiler.
15 Munuň üçin olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, Onuň ybadathanasynda Oňa gije-gündiz hyzmat edýärler. Tagtda Oturan bolsa Öz çadyryny olaryň üstüne bürär.
16 Olar indi ajykmaz, suwsamaz. Olaryň üstüne ne gün, ne-de başga bir jöwza düşer.
17 Çünki tagtyň ortasyndaky Guzy olary otarar, ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine elter. Hudaý olaryň gözlerinden bütin ýaşlaryny süpürer».




Chapter 8

1 Guzy ýedinji möhüri açanda, Gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy.
2 Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi.
3 Başga bir perişde gelip, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde durdy. Onuň elinde altyn buhurdan bardy. Oňa tagtyň öňündäki altyn gurbanlyk edilýän ýerde ähli mukaddesleriň dogalary bilen hödürlemegi üçin köp buhur berildi.
4 Mukaddesleriň dogalary bilen birlikde buhuryň tüssesi perişdäniň elinden Hudaýyň huzuryna ýokary göterildi.
5 Perişde buhurdany alyp, gurbanlyk edilýän ýeriň odundan doldurdy. Muny ýeriň ýüzüne zyňanda, Gök gürläp, batly sesler çykdy, ýyldyrymlar çakyp, ýer titredi.
6 Onsoň ýedi perişde ellerindäki ýedi surnaýy çalmaga taýýarlandylar.
7 Birinji perişde surnaý çaldy. Gan gatyşyk doly hem ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, bütin ýaşyl ot ýandy.
8 Ikinji perişde surnaý çaldy. Oduň içinde ýanýan uly dag ýaly bir zat deňze zyňyldy. Deňziň üçden biri gana döndi.
9 Deňizde ýaşaýan janly mahluklaryň üçden biri öldi, gämileriň hem üçden biri weýran boldy.
10 Üçünji perişde surnaý çaldy. Gökden çyra ýaly ýanýan bir uly ýyldyz derýalaryň üçden biriniň üstüne, suw bulaklarynyň üstüne gaçdy.
11 Bu ýyldyzyň ady Ýowşandyr. Suwlaryň üçden biri ýowşan ýaly ajady. Ajan suwlardan içen birtopar adam öldi.
12 Dördünji perişde surnaý çaldy. Günüň üçden biri, Aýyň üçden biri, ýyldyzlaryň üçden biri garalsyn we gündiz üçden biri, gije-de, şonuň ýaly, üçden biri ýagty salmasyn diýip uruldylar.
13 Onsoň seretdim, Gögüň ortasynda uçup ýören bir perişdäniň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý, waý, waý!»




Chapter 9

1 Bäşinji perişde surnaý çaldy. Men Gökden ýere gaçan bir ýyldyz gördüm. Ýyldyza düýpsüz dowzah guýusynyň açary berlipdi.
2 Ol düýpsüz guýyny açanda, guýudan ojagyň tüssesi ýaly tüsse çykdy. Guýynyň tüssesinden Gün hem howa garaldy.
3 Tüsseden ýer ýüzüne çekirtge ýagdy. Olara-da ýer ýüzündäki içýanlara berlişi ýaly, gudrat berlipdi.
4 Olara ýer ýüzüniň otuna, hiç bir gök ösümlige, hiç bir agaja däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy.
5 Olara hiç kimi öldürmän, bu adamlary bäş aýlap gynamaga ygtyýar berildi. Gynaýyşlary bir içýanyň adamy çakanda berýän yzasyna meňzeýärdi.
6 Ol günlerde ynsanlar ölümi agtarar, ýöne ony tapyp bilmezler. Ölümi küýsär, ýöne ölüm olardan gaçar.
7 Çekirtgeleriň görnüşi söweşe taýýarlanan atlaryňka meňzeýärdi. Başlarynda altyn täç ýaly başlyklar bardy, ýüzleri adamyň ýüzüne meňzeşdi.
8 Saçlary aýalyň saçy, dişleri-de arslanyňky ýalydy.
9 Olaryň demir sowutlar ýaly, döş sowutlary bardy. Ganatlarynyň sesi söweşe çapýan köp sanly arabaly atlaryň çykarýan sesine meňzeýärdi.
10 Içýanlaryňka meňzeş guýruklary, iňňeleri bardy. Adama bäş aýlap zyýan ýetirýän gudratlary guýruklaryndady.
11 Olaryň üstünden dowzah guýusynyň perişdesi patyşalyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe Apoliondyr.
12 Birinji «Waý» geçdi, ine, mundan soň ýene iki «Waý» gelýär.
13 Altynjy perişde surnaý çaldy. Men Hudaýyň öňündäki altyndan gurbanlyk edilýän ýeriň dört şahyndan bir ses eşitdim.
14 Ses eli surnaýly altynjy perişdä: «Uly Ýewfrat derýasynyň ýanynda daňylgy duran dört perişdäni goýber!» diýdi.
15 Şeýle, şol sagat, şol gün, şol aý we şol ýyl üçin taýýarlanan dört perişde ynsanlaryň üçden birini öldürsin diýip goýberildi.
16 Bularyň atly goşunynyň sany iki ýüz milliondy; sanlaryny eşitdim.
17 Atlary, olaryň üstündäkileri şeýle görnüşde gördüm: atlylaryň ot, gök ýakut hem kükürt reňkli sowutlary bardy. Atlaryň kellesi arslanyň kellesine meňzeýärdi, agyzlaryndan bolsa ot, tüsse, kükürt çykýardy.
18 Ynsanlaryň üçden biri olaryň agzyndan çykýan otdan, tüsseden we kükürtden ― bu üç beladan öldi.
19 Çünki atlaryň gudraty agzynda hem guýrugyndadyr. Sebäbi ýylana meňzeş guýruklarynyň başlary bolup, bular bilen zyýan berýändirler.
20 Galan ynsanlar, ýagny bu belalardan ölmän galanlar jynlara, öz elleri bilen ýasan, görüp, eşidip we ýöräp bilmeýän altyn, kümüş, mis, daş we agaç butlaryna sežde etmekden el çekip toba etmediler.
21 Olar adam öldürmeden, jadygöýlükden we ogrulykdan toba etmediler.




Chapter 10

1 Onsoň men Gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, depesinde älemgoşar bardy, ýüzi Güne, aýaklary bolsa ot sütünine meňzeýärdi.
2 Elinde bir açyk kitapça bardy. Ol sag aýagyny deňziň, sol aýagyny-da ýeriň üstünde jaýlaşdyrdy.
3 Arslanyň arryldysyna meňzeş batly ses bilen gygyrdy. Ol gygyranda, ýedi gök gürrüldisi öz sesleri bilen gürlediler.
4 Ýedi gök gürrüldisiniň ses berip gürlän wagty men ýazjak boldum, ýöne Gökden: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny möhürle, ýazma!» diýen bir ses eşitdim.
5 Deňziň we ýeriň ýüzünde duranyny gören perişdäm sag elini Göge galdyrdy.
6 Ol Gögi we gökdäkileri, Ýeri we ýerdäkileri, deňzi we deňizdäkileri Ýaradanyň, ebedi Diriniň adyndan ant içip, şeýle diýdi: «Indi gijikme bolmaz!
7 Ýöne ýedinji perişdäniň surnaýyny çaljak günlerinde, Hudaý Öz gullary, ýagny pygamberlere buşlaýşy ýaly, Onuň syry tamamlanar».
8 Gökden eşiden sesim ýene-de meniň bilen gepleşip: «Bar, deňziň we ýeriň ýüzünde duran perişdäniň elindäki açyk kitapçany al!» diýdi.
9 Men perişdäniň ýanyna baryp, kitapçany maňa bermegini haýyş etdim. Ol maňa: «Al, iý! Ol içiňi ajadar, ýöne agzyňda bal ýaly süýji bolar» diýdi.
10 Men kitapçany perişdäniň elinden alyp iýdim. Ol agzymda bal ýaly süýjüdi, ýöne ony iýip bolanymda, içim ajady.
11 Onsoň ol maňa: «Sen birtopar halklar, milletler, diller we patyşalar hakda ýene-de welilik etmelisiň» diýdi.




Chapter 11

1 Maňa taýaga meňzeş bir ölçeg agajyny berip, şeýle diýdiler: «Git-de, Hudaýyň ybadathanasyny, gurbanlyk edilýän ýeri ölçe, ol ýerde sežde edýänleri sana.
2 Ýöne ybadathananyň daşky howlusyny taşla, ony ölçeme. Çünki ol ýer mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelejek milletlere berildi.
3 Men iki güwäme güýç bererin, olar jul geýnip, müň iki ýüz altmyş günläp welilik eder».
4 Dünýäniň Rebbiniň öňünde duran iki zeýtun agajy, iki şemdan bulardyr.
5 Biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny iýip soňuna çykar. Olara zelel berjek bolýan adam şeýle öldürilmelidir.
6 Welilik eden günleri ýagyş ýagmaz ýaly, olaryň Gögi baglamaga ygtyýary bolar. Olar suwlary gana öwürmek, näçe isleseler, şonça-da Ýeri her hili bela bilen urmak ygtyýaryna eýedir.
7 Olar güwäliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan janawar olar bilen urşup, olary ýeňip öldürer.
8 Maslyklary Sodom we Müsür diýilýän uly şäherleriň köçelerinde alamat hökmünde ýatar. Ol ýerde olaryň Rebbi haça çüýlenipdi.
9 Bütin halklardan, taýpalardan, dillerden we milletlerden bolan ynsanlar üç gün ýarym olaryň maslyklaryna serederler, ýöne maslyklarynyň jaýlanmagyna rugsat bermezler.
10 Ýer ýüzünde ýaşaýanlar olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biri-birlerine sowgatlar ýollar. Çünki bu iki pygamber ýer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem etdi.
11 Üç gün ýarymdan soň, Hudaýdan gelen ýaşaýyş demi olaryň bedenine girende, olar aýak üstüne galdylar. Olary görenleriň üstüne uly howp abandy.
12 Iki pygamber Gökden: «Ýokary, bu ýere çykyň!» diýen batly sesi eşitdiler, duşmanlarynyň gözüniň alnynda bulutda ýokaryk Göge çykdylar.
13 Şol sagat bir uly ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýykyldy. Ýertitremede ýedi müň adam öldi. Galanlar gaty gorkup, Gökdäki Hudaýy şöhratlandyrdylar.
14 Ikinji «Waý» geçdi. Ine, basym üçünji «Waý» gelýär.
15 Ýedinji perişde surnaý çaldy. Gökden batly sesler çykyp, şeýle diýdi: «Dünýä patyşalygy Rebbimiziňki we Onuň Mesihiniňki boldy. Ol hem ebedilik höküm sürer».
16 Hudaýyň öňünde ýykylyp, öz tagtlarynda oturan ýigrimi dört ýaşuly ýüzlerini ýere berdiler-de, Hudaýa sežde edip diýdiler:
17 Eý, hemme zada güýji ýetýän, häzir bar bolan, geçmişde bar bolan we geljek Reb Hudaý! Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňy ele alyp höküm sürmäge başladyň.
1
8
Milletler gaharlanypdylar. Indi bolsa Seniň gaharyň geldi. Ölüleriň üstünden höküm çykarmak, gullaryň pygamberlere, mukaddeslere, kiçi bolsun, uly bolsun, adyňa hormat goýanlary sylaglamak, ýeri dargadanlary dargatmak wagty geldi».
1
9
Hudaýyň Gökdäki ybadathanasy açylyp, ybadathanadan Onuň äht sandygy göründi. Şol pursat ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidilip, ýer titräp, güýçli doly tupany turdy.




Chapter 12

1 Gökden bir uly alamat göründi. Bu Güni geýnen bir aýaldy. Onuň aýaklarynyň aşagynda Aý, başynda on iki ýyldyzdan ybarat täç bardy.
2 Aýal göwrelidi. Dogurjak bolup, burgusy tutup gygyrýardy.
3 Gökden başga bir alamat göründi. Bu bolsa ýedi başly, on şahly, başlarynda ýedi täji bolan gyzyl reňkli uly aždarhady.
4 Ol Gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen süýräp, ýer ýüzüne zyňdy. Onsoň çaga dogan badyna ony ýuwutmak üçin, çaga dogurjak bolup oturan aýalyň öňünde durdy.
5 Aýal bir ogul ― bütin milletleri demir taýak bilen bakjak bir oglan dogurdy. Onuň çagasyny alyp, Hudaýyň ýanyna, Hudaýyň tagtyna eltdiler.
6 Aýal çöle gaçyp gitdi. Ol ýerde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý tarapyndan onuň üçin taýýarlanan bir ýer bardy.
7 Gökde uruş turdy. Mikaýyl we onuň perişdeleri aždarha bilen uruşdylar. Aždarha-da öz perişdeleri bilen gaýtawul berdi.
8 Ýöne ýeňmäge güýji ýetmän, Gökdäki ýerlerini elden berdiler.
9 Iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan uly aždarha, bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan perişdeleri bilen ýer ýüzüne zyňyldy.
10 Onsoň men Gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Hudaýymyzyň halas edişi, güýji, patyşalygy we Onuň Mesihiniň gudraty indi amala aşdy. Çünki doganlarymyzyň aýyplaýjysy, olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan aşak zyňyldy.
11 Doganlarymyz Guzynyň ganynyň saýasynda, eden güwälikleriniň sözüniň saýasynda ony ýeňdiler, ölüm derejesine çenli jan söýgüsinden el çekdiler.
12 Eý Gök we Gökde ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň! Ýer we deňiz, waý, siziň halyňyza! Çünki iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi».
13 Aždarha özüniň ýer ýüzüne zyňlandygyny görende, ýaňky oglan dogran aýaly kowalamaga başlady.
14 Aýala, ýylanyň öňünden çöle ― üç ýarym ýyl iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi.
15 Ýylan aýaly sile äkitdirjek bolup, agzyndan onuň yzyndan derýa ýaly suw akdyrdy.
16 Emma Ýer agzyny açyp, aždarhanyň agzyndan akdyran derýasyny ýuwdup, aýala kömek etdi.
17 Onsoň aždarha aýala gaharlandy. Aýalyň neslinden galan we Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi.




Chapter 13

1 Onsoň deňiz kenaryndaky çägeleriň üstünde durkam, on şahly we ýedi başly bir wagşy haýwanyň deňizden çykyp gelýänini gördüm. Onuň şahlarynyň depesinde on täji bardy, başlarynda küpürçilikli atlar ýazylgydy.
2 Gören janawarym barsa meňzeýärdi. Aýaklary aýynyň aýaklary ýaly, agzy bolsa arslanyň agzy ýalydy. Aždarha oňa öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýar berdi.
3 Janawaryň başlarynyň birine öldürýän ýara degene meňzeýärdi. Ýöne bu öldürýän ýara bitdi. Bütin dünýä täsin galyp, janawaryň yzyna düşdi.
4 Ynsanlar janawara ygtyýar beren aždarha sežde etdiler. «Janawara meňzeş kim bar? Onuň bilen söweşmegi kim başarjak?» diýip, janawara-da sežde etdiler.
5 Oňa tekepbir sözler hem küpürçilikli sözler sowurýan bir agyz berildi. Şeýle hem öz ygtyýaryny kyrk iki aýlap ulanma rugsady berildi.
6 Ol Hudaýa sögmek, Onuň adyna, mesgenine, Gökde mesgen tutanlara sögmek üçin agzyny açdy.
7 Oňa mukaddesler bilen söweşip, olary ýeňme rugsady berildi. Her taýpanyň, her halkyň, her diliň we her milletiň üstünden höküm sürme ygtyýary berildi.
8 Ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň bary, damagy çalnan Guzynyň ýaşaýyş kitabynda dünýä gurlaly bäri ady ýazylmadyk her ynsan oňa sežde eder.
9 Gulagy bar adam eşitsin!
10 Birini tussaga salan tussaga gider, gylyç bilen öldüren gylyçdan ölmelidir. Mukaddesleriň çydap, iman etmegi şu ýerde gerekdir.
11 Onsoň ýerden çykyp gelýän bir janawar gördüm. Onuň bir guzy kimin iki şahy bardy, ýöne aždarha ýaly ses edýärdi.
12 Ol öňki janawaryň bütin ygtyýaryny onuň adyndan ulanyp, ýer ýüzüni we onda ýaşaýanlary öldürýän ýarasy biten öňki janawara zor bilen sežde etdirýärdi.
13 Ol uly alamatlar görkezip, ynsanlaryň gözleriniň alnynda Gökden Ýere ot hem ýagdyrýardy.
14 Ol öňki janawaryň adyndan döretmegine rugsat edilen alamatlary bilen ýer ýüzünde ýaşaýanlary azdyrdy. Olara gylyç bilen ýaralanyp-da, sag galan janawaryň suratynda bir but ýasamagy buýurdy.
15 Oňa janawaryň buty geplesin, bu buta sežde etmeýänleriň hemmesi öldürilsin diýip, janawaryň butuna ýaşaýyş demini berme güýji bagyş edildi.
16 Ol kiçi hem ulularyň, baý hem garyplaryň, azat hem gullaryň, ähli ynsanlaryň sag eline ýa maňlaýyna tagma basdyrdy.
17 Bu tagma janawaryň ady ýa adynyň sany özünde bolmadyklara hiç bir zat satyn aldyrmaýardy hem-de satdyrmaýardy.
1
8
Bu ýerde akyldarlyk gerek. Aňy bar adam janawara degişli sany hasaplasyn, çünki bu ynsan sanydyr. Onuň sany-da alty ýüz altmyş altydyr.




Chapter 14

1 Onsoň görsem, Guzy Sion dagynyň üstünde durdy. Onuň ýanynda bolsa maňlaýynda Onuň we Atasynyň ady ýazylgy ýüz kyrk dört müň adam bardy.
2 Gökden uly suwuň şaggyldysy ýaly, gaty gök gürrüldisiniň sesi ýaly bir ses eşitdim. Eşiden sesim arfa çalýanlaryň çykarýan sesine meňzeýärdi.
3 Ýaňky ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, janly dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Ýer ýüzünden satyn alnan bu adamlardan başga hiç kim ol aýdymy öwrenip bilmeýärdi.
4 Bular özlerini aýallar bilen hapalamadyklardyr, çünki bular päkdir. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna düşýändir. Gutulanlaryň ilkinji miwesi hökmünde Hudaýa we Guza ynsanlar arasyndan satyn alnanlar bulardyr.
5 Bularyň agyzlaryndan ýalan söz çykan däldir, Hudaýyň tagty öňünde müýnsüzdirler.
6 Onsoň Gögüň ortasynda uçup ýören başga bir perişdäni gördüm. Bu perişde ýer ýüzünde ýaşaýanlara, her millete we taýpa, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýärdi.
7 Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi. Gögi, Ýeri, deňzi we suw bulaklaryny Ýaradana sežde ediň!»
8 Onuň yzyndan gelen ikinji perişde: «Ýykyldy! Öz zyna azgynlygynyň şerabyny ähli milletlere içiren uly Babyl ýykyldy!» diýdi.9-
10 Olaryň yzyndan gelen üçünji bir perişde batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Eger biri janawara we onuň suratyndaky buta sežde etse, maňlaýyna ýa eline onuň tagmasyny kabul etse, Hudaýyň gahar käsesinde hiç bir goşantsyz taýýarlanan Hudaý gazabynyň şerabyndan içer. Ol adam mukaddes perişdeleriň, Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.
11 Olaryň gynalmagynyň tüssesi ebedi tütär. Janawara, onuň butuna sežde edenler bilen onuň adynyň tagmasyny kabul edenleriň gije-gündiz ynjalygy bolmaz.
12 Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa sadyk galanlaryň çydamy şu ýerde gerekdir».
13 Gökden eşiden bir sesim: «Muny ýaz: mundan beýläk, Rebbe degişli bolup ölenler bagtlydyr!» diýýärdi. Ruh: «Hawa, olar işlerinden dynç alar. Çünki edenleriniň hasylyny özleri bilen äkiderler» diýýär.
14 Onsoň seredip, öňümde bir ak bulut gördüm. Buludyň üstünde başy altyn täçli, eli kesgir orakly ynsan ogluna meňzeş biri otyrdy.
15 Ybadathanadan çykan başga perişde buludyň üstünde oturana batly ses bilen şeýle diýdi: «Oragyňy uzat-da, or! Orma sagady geldi. Çünki Ýeriň ekini bişipdir».
16 Buludyň üstünde oturan oragyny ýeriň ýüzüne taşlady we Ýeriň ekini oruldy.
17 Gökdäki ybadathanadan başga bir perişde çykdy. Onuň-da kesgir oragy bardy.
18 Oduň üstünden höküm sürýän başga bir perişde-de gurbanlyk edilýän ýerden çykyp gelip, kesgir orakla batly ses bilen: «Sen-de kesgir oragyňy uzat-da, Ýeriň üzüm şahasyndan salkymlaryny ýygna, çünki üzümleri bişipdir» diýdi.
19 Perişde oragyny ýeriň ýüzüne taşlady-da, Ýeriň üzüm şahasynyň hasylyny ýygnap, Hudaý gazabynyň uly gysajyna zyňdy.
20 Gysaçdaky üzümler şäheriň daşynda sykyldy. Üzüm gysajyndan çykan gan müň alty ýüz ok atym aralykda atlaryň uýanyna ýetdi.




Chapter 15

1 Men Gökde başga bir uly hem geň alamat gördüm: bu soňky ýedi belany getirýän ýedi perişdedi. Hudaýyň gazaby bu belalar bilen soňlanýardy.
2 Ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Janawary, onuň suratyndaky buty, onuň adynyň sanyny ýeňenler Hudaýyň beren arfalaryny ellerine alyp, çüýşeden deňziň üstünde durdular.
3 Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdyp, şeýle diýýärdiler: «Güýji her zada ýetýän Reb Hudaý, Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý, milletler patyşasy, Seniň ýollaryň dogry hem hakdyr!
4 Ýa Reb, Senden gorkman, adyňy Şöhratlandyrmajak kimdir? Çünki mukaddes diňe Sensiň! Bütin milletler gelip, Seniň öňüňde sežde eder. Çünki Seniň adyl işleriň aýan boldy».
5 Mundan soň Gökdäki ybadathananyň, ýagny güwälik çadyrynyň açylanyny gördüm.
6 Ýedi belany getirýän ýedi perişde tämiz, parlak keteni geýnip, gursaklaryna altyn guşak baglap, ybadathanadan çykdylar.
7 Janly dört mahlugyň biri ýedi perişdä ebedilik ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi.
8 Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy gutarýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.




Chapter 16

1 Onsoň ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim.
2 Birinji perişde gidip, käsesini ýer ýüzüne dökdi. Janawaryň tagmasy bolan we onuň suratyndaky buta sežde eden adamlarda erbet hem gaty agyryly ýaralar peýda boldy.
3 Ikinji perişde käsesini deňze dökdi. Deňiz öliniň ganyna meňzeş gana döndi, içindäki bütin jandarlar öldi.
4 Üçünji perişde käsesini derýalara, suw bulaklaryna dökdi. Olar-da gana döndi.
5 Men suwlaryň perişdesiniň şeýle diýenini eşitdim: «Häzir bar bolan hem geçmişde bar bolan mukaddes Hudaý! Sen bu hökümleriňde adylsyň. Çünki Sen şeýle höküm çykardyň.
6 Çünki olar mukaddesleriň hem pygamberleriň ganyny dökdüler. Sen-de olara içmäge gan berdiň. Olaryň almyty budy».
7 Men gurbanlyk edilýän ýerden gelen bir sesiň: «Hawa, her zada güýji ýetýän Reb Hudaý! Seniň hökümleriň dogry hem adyldyr» diýenini eşitdim.
8 Dördünji perişde käsesini Günüň üstüne dökdi. Güne ynsanlary ot bilen ýakyp-gowurma güýji berildi.
9 Ynsanlar güýçli gyzgyn bilen gowruldylar, ýöne toba edip, bu belalara ygtyýary bolan Hudaýy şöhratlandyrmagyň deregine, Onuň adyna sögdüler.
10 Bäşinji perişde käsesini janawaryň tagtynyň üstüne dökdi. Janawaryň patyşalygy garaňkylykda gömüldi. Ynsanlar dertden ýaňa dillerini dişlediler.
11 Eden işlerine toba etmeýişleri ýaly, dert hem ýaralary üçin, Gökdäki Hudaýa sögdüler.
12 Altynjy perişde käsesini uly Ýewfrat derýasyna dökdi. Gündogardan gelen patyşalaryň ýolunyň açylmagy üçin, derýanyň suwy gurady.
13 Onsoň aždarhanyň agzyndan, janawaryň agzyndan we ýalan pygamberiň agzyndan gurbaga meňzeş üç murdar ruhuň çykanyny gördüm.
14 Bular alamatlar döredip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweş üçin, bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýar.
15 «Ine, ogry ýaly gelýärin! Ýalaňaç gezip, uýat ýeri görünmez ýaly, oýa bolup, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!»
16 Patyşalary ýewreýçe Armageddon diýen ýerde üýşürdiler.
17 Ýedinji perişde käsesini howa dökdi. Ybadathanadaky tagtdan çykan batly ses: «Boldy!» diýdi.
18 Şonda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler çykyp, Gök gürledi, güýçli ýertitreme boldy. Ynsanlar ýer ýüzünde bolaly bäri Ýer şeýle gaty titremändi.
19 Uly şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri ýykyldy. Uly Babyl Hudaýyň huzurynda ýatlandy, Hudaýyň otly gazap käsesi oňa berildi.
20 Bütin adalar ýitirim bolup, daglar tapylmaz boldy.
21 Ynsanlaryň üstüne Gökden her damjasynyň agramy bir talanta golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar ol doly belasy sebäpli, Hudaýa sögdüler. Çünki ol bela gaty aýylgançdy.




Chapter 17

1 Ýedi käseli ýedi perişdäniň biri gelip, meniň bilen gepleşip, şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň ýüzünde oturan uly kemçiniň jezasyny görkezeýin.
2 Ýer ýüzüniň patyşalary onuň bilen zyna etdi, ýer ýüzünde ýaşaýanlar onuň zyna şerabyndan serhoş boldy».
3 Onsoň perişde meni Ruhda çöle äkitdi. Men ol ýerde ýedi başly, on şahly, endamy küpür atlaryndan doly gyzyl janawaryň üstünde oturan bir aýaly gördüm.
4 Aýal goňur hem gyrmyzy eşikler geýnip, altyn, gymmatbaha daşlar, dürler bilen bezenipdi. Elinde bolsa ýigrenji zatlardan, zyna çirkinden doly altyn käse bardy.
5 Onuň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä kemçinleriniň we ýigrenjileriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.
6 Onsoň aýalyň mukaddesleriň, Isa güwälik edenleriň ganyndan serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geňirgendim.
7 Perişde maňa şeýle diýdi: «Nämä geňirgendiň? Aýalyň, ony göterýän ýedi başly, on şahly janawaryň syryny men saňa aýdaýyn.
8 Seniň gören janawaryň bir wagtlar bardy, ýöne indi ýok. Ol dowzahdan çykyp, heläk bolmaga gider. Ýer ýüzünde ýaşaýanlar, ýagny dünýä gurlaly bäri atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylmadyklar janawary görende geňirgener, çünki ol bir wagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.
9 Bu ýerde düşünmek üçin akyldarlyk gerek. Ýedi baş aýalyň üstünde oturan ýedi dagydyr. Olar hem patyşalardyr.
10 Bularyň bäşisi ýykyldy, indi biri bar, ol biri entek gelenok. Gelende az wagt galmalydyr.
11 Bir wagtlar bar bolup, indi ýok janawar bolsa sekizinjidir. Ol ýedilerden bolup, indi heläk bolmaga barýar.
12 Seniň gören on şahyň entek patyşalyga ýetmedik on patyşadyr. Olara janawar bilen bile bir sagat patyşalyk etmäge ygtyýar berler.
13 Bularyň maksady bir bolar, güýçlerini hem ygtyýarlaryny janawara bererler.
14 Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy rebleriň Rebbi, patyşalaryň Patyşasydyr. Onuň ýanyndakylar çagyrylan, saýlanan we sadyk galanlardyr».
15 Ýene perişde maňa şeýle diýdi: «Şu gören suwlaryň, ýagny kemçiniň oturan suwlary halklar, märekeler, milletler hem dillerdir.
16 Gören janawaryň we on şah kemçini ýigrenip, daşyny çolardyp, ony ýalaňaçlar. Onuň etini iýip, özüni-de otlar.
17 Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrma islegini olaryň ýüregine guýdy. Şeýdip, Hudaýyň sözleri amala aşýança, özleriniň patyşalyk ygtyýaryny janawara bermekde pikirdeş bolarlar.
1
8
Gören aýalyň dünýä patyşalaryna patyşalyk eden uly şäherdir!»




Chapter 18

1 Mundan soň uly ygtyýarly başga bir perişdäniň Gökden aşak inenini gördüm. Onuň dabarasyndan ýer ýüzi ýagtyldy.
2 Perişde güýçli ses bilen gygyryp şeýle diýdi: «Ýykyldy! Uly Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň jaýy, her hili murdar ruhuň mekany, her pis we ýigrenji guşuň penasy boldy.
3 Çünki hemme milletler onuň azgyn zyna şerabyndan içdi. Dünýäniň patyşalary onuň bilen zyna etdi. Dünýäniň täjirleri onuň güýçli aýşy-eşretinden baýady».
4 Men Gökden başga bir ses eşitdim, ses şeýle diýýärdi: «Eý halkym! Onuň günälerine şärik bolup, onuň belalaryna uçramazlyk üçin, ol ýerden çyk.
5 Çünki onuň günäleri küdelenip göge ýetdi, Hudaý onuň günälerini ýatlady.
6 Ol näme beren bolsa, siz hem şonuň öwezini şeýle beriň. Edenleriniň öwezini iki esse edip beriň. Taýýarlan käsesini oňa iki esse dolduryp beriň.
7 Ol özüni näçe şöhratlandyryp, aýşy-eşret eden bolsa, şonça-da oňa dert, gam-gussa beriň. Çünki ol öz ýüreginden: „Men melike bolup otyryn, men dul däl, asla gam-gussa ýüzüni görmerin!" diýýär.
8 Şonuň üçin, oňa uçrajak belalar: ölüm, gam-gussa, açlyk bir günüň içinde geler, ot ony ýakar. Çünki ony höküm eden Reb Hudaý güýçlüdir.
9 Onuň bilen zyna eden, onuň aýşy-eşretinde ýaşan bu dünýäniň patyşalary ony ýakan oduň tüssesini görenlerinde, oňa aglaşyp, gursaklaryna urarlar.
10 Olar onuň çekýän derdiniň gorkusyndan daşda durup: „Waý, waý! Uly şäher, güýçli şäher Babyl! Seniň hökümiň bir sagadyň içinde geldi!" diýer.
11 Dünýä täjirleri oňa aglap ýas tutar. Çünki indi olaryň mallaryny satyn aljak ýok.12-
13 Altyny, kümşi, gymmatbaha daşlary, dürleri, nepis ketenini, ýüpek, goňur we gyrmyzy matalary, dürli ysly agajy, pil süňkünden ýasalan dürli gaplary, gymmatbaha agaçlardan, mis, demir we mermerden ýasalan dürli harytlary, dalçyn we beýleki tagamlyklary, buhurlary, ysly ýag, ladan, şerap, zeýtun ýagy, kepeksiz un we bugdaýy, sygyrdyr goýunlary, atlary, arabalary, gullary, ýagny ynsanlaryň janyny satyn aljak indi ýok.
14 Olar: „Janyň islän miweleri ýitip gitdi. Bütin bolelinligiň, göz gamaşdyryjylygyň ýom-ýok boldy. Indi asla tapyp bilmersiň" diýer.
15 Ol şäherde bu mallary satyp baýan täjirler onuň çeken derdinden gorkup, daşda durar, aglap, ýas tutup:
16 Waý, waý nepis keteni, goňur we gyrmyzy geýnen, altyn, gymmatbaha daşlar, dürler bilen bezenen beýik şäher!17-
18 Şeýle uly baýlyk bir sagadyň içinde ýogaldy!" diýer. Ähli gämiçi, ähli deňiz ýolagçysy, deňizçiler, deňizden gün görýänleriň bary, ony ýakan oduň tüssesini görenlerinde, daşda durup, „Beýik şähere meňzeş şäher barmydy?" diýip gygyryşdylar.
19 Başlaryndan gum sowrup, aglap ýas tutdular. „Waý, waý! Beýik şäher!" diýip gygyryşdylar we şeýle diýdiler: „Deňizde gämisi bolanyň hemmesi onuň gymmatly mallaryndan baýapdy, ýöne ol bir sagadyň içinde ýogaldy".
20 Eý Gök we mukaddesler, resullar we pygamberler! Onuň ýagdaýyna begeniň. Çünki Hudaý ony höküm edip siziň hakyňyzy aldy».
21 Onsoň bir güýçli perişde degirmeniň daşy ýaly uly daşy galdyryp, deňze zyňdy we şeýle diýdi: «Beýik şäher Babyl, ine, şunuň ýaly güýç bilen zyňlansoň tapylmaz.
22 Arfaçylaryň, bagşylaryň, tüýdükçi we surnaýçylaryň sesi indi senden eşidilmez. Indi senden hiç bir sungatyň sungatçysy tapylmaz. Senden indi hiç bir degirmeniň sesi eşidilmez.
23 Indi sende bir çyranyň-da yşygy ýagty salmaz, indi senden gelinlerdir ýigitleriň sesi eşidilmez! Seniň täjirleriň dünýäniň ulularydy. Bütin milletler seniň jadyň bilen azaşypdy.
24 Pygamberleriň gany, mukaddesleriň, ýer ýüzünde öldürilenleriň ählisiniň gany senden tapylypdy».




Chapter 19

1 Şondan soň Gökden uly bir märekäniň sesine meňzeş batly sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Haleluýa! Halas ediş, şöhrat, güýç Hudaýymyzyňkydyr!
2 Çünki Onuň hökümleri dogry we adyldyr. Ol ýer ýüzüni zynasy bilen azdyran uly kemçini höküm etdi, gullarynyň ganyny ondan aldy».
3 Ikinji gezek şeýle diýdiler: «Haleluýa! Kemçiniň tüssesi ebedilik tütär».
4 Ýigrimi dört ýaşuly we janly dört mahluk ýere ýykylyp, «Omyn! Haleluýa!» diýip, tagt üstünde oturan Hudaýa sežde etdiler.
5 Onsoň tagtdan çykan bir ses şeýle diýdi: «Eý, Hudaýymyzyň ähli bendeleri! Kiçiler we ulular, Ondan gorkýanlar, Oňa alkyş okaň!»
6 Onsoň men bir uly märekäniň sesine, uly suwuň şaggyldysyna, gaty Gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Haleluýa! Çünki her zada güýji ýetýän Reb Hudaýymyz höküm sürýär.
7 Begeneliň, şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Guzynyň toýy başlanýar. Onuň gelni taýýarlandy.
8 Geýsin diýip, oňa parlak, tämiz we nepis keteni berildi». Nepis keteni mukaddesleriň adyl işleridir.
9 Perişde maňa: «Muny ýaz: Guzynyň toý aşyna çagyrylanlar bagtlydyr!» diýdi. Maňa ýene: «Bular çyn sözlerdir, Hudaýyň sözleridir» diýdi.
10 Men oňa sežde etjek bolup aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Beýle zat edäýme! Men seniň we Isa güwälik edýän doganlaryň ýoldaşydyryn, Hudaýa sežde et! Çünki Isa güwälik pygamberlik ruhudyr».
11 Gögüň açylyp, öňümde bir ak atyň duranyny gördüm. Onuň üstünde oturanyň ady Dogruçyl we Çyndyr. Ol adalatly höküm çykaryp söweşýändir.
12 Gözleri oduň ýalny ýalydyr. Başynda birtopar täç bolup, bularyň üstünde ýazylgy adyny Özünden başga hiç kim bilýän däldir.
13 Ol gana batyrylan geýim geýnendir, Oňa «Hudaýyň Sözi» diýen at dakylandyr.
14 Ak, tämiz we nepis keteni geýnen Gökdäki goşunlar ak atlara münüp, Onuň yzyndan gelýärdi.
15 Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir gylyç çykýar. Onuň Özi olary demir taýak bilen bakar, her zada güýji ýetýän Hudaýyň otly gazabynyň şerabyny öndürýän üzüm gysajyny Özi gysar.
16 Onuň geýiminde we budunda «patyşalaryň Patyşasy, rebleriň Rebbi» diýip ýazylan ady bardyr. 17-
18 Onsoň Günde duran bir perişde gördüm. Ol batly ses bilen gygyryp, gögüň ortasynda uçup ýören guşlara şeýle diýdi: «Patyşalaryň, serkerdeleriň, güýçli adamlaryň etini, atlaryň, olaryň üstündäkileriň etini, azatlaryň, gullaryň, kiçileriň, ulularyň hemmesiniň etini iýmek üçin üýşüp, Hudaýyň uly zyýapatyna geliň!»
19 Men janawary, dünýä patyşalaryny we olaryň goşunlaryny gördüm. Olar atyň üstünde Oturan we Onuň goşunlary bilen söweşjek bolup ýygnanyşan ekenler.
20 Janawar hem-de onuň öňünde alamatlar döredip, janawaryň tagmasyny alyp-da, onuň butuna sežde edenleri bu alamatlar bilen aldaýan ýalan pygamber tutuldy. Olaryň ikisi-de kükürt bilen ýanan ot kölüne zyňyldy.
21 Galanlar atyň üstünde Oturanyň agzyndan çykan gylyç bilen öldürildiler. Bütin guşlar, ine, bularyň etinden doýdy.




Chapter 20

1 Onsoň Gökden aşak inen bir perişde gördüm. Onuň elinde dowzahyň açary bilen bir uly zynjyr bardy.
2 Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa şeýtan diýlen ol köne ýylany tutup, müň ýyllygyna baglady.
3 Müň ýyl dolýança, ikilenç milletleri azdyrmasyn diýip, ony dowzaha zyňdy, baglap möhür basdy. Mundan soň ol az wagtlaýyn çözülmelidir.
4 Men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara höküm etme ygtyýary berlipdi. Isa eden güwälikleri sebäpli we Hudaýyň sözi ugrunda başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Bular janawara, onuň butuna sežde etmedik, maňlaýlary we ellerine onuň tagmasyny kabul etmediklerdi. Bular direlip, Mesih bilen bile müň ýyl patyşalyk etdiler.
5 Ilkinji direliş budur. Galan ölüler müň ýyl dolýança direlmedi.
6 Ilkinji direlişde paýy bolan bagtly, mukaddesdir. Ikinji ölümiň olara güýji ýetmez. Olar Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen bile müň ýyl höküm sürer. Şeýtan ot kölüne zyňylýar
7 Müň ýyl dolansoň, şeýtan tussagdan boşadylar.
8 Ol ýer ýüzüniň dört burçundaky milletleri, äjit-mäjidi azdyrjak, olary söweş üçin üýşürjek bolup, tussagdan çykar. Üýşenleriň sany deňiz çägeleri kimindir.
9 Olar ýer ýüzüniň giňişligine çykyp, mukaddesleriň goşun düşelgesini, söýgüli şäheri gurşadylar. Emma Gökden Hudaý tarapyn ot ýagyp, olary ýakyp kül etdi.
10 Olary azdyran iblis bolsa ot, kükürt kölüne zyňyldy. Janawar bilen ýalan pygamber-de şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik gynalar. Ölüleriň üstünden höküm çykarylýar
11 Men bir uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, Gök Onuň öňünden gaçdy, ýöne gidere ýerleri ýokdy.
12 Tagtyň öňünde duran uly, kiçi ölüleri gördüm. Onsoň käbir kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby diýen ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölüleriň üstünden edenlerine görä höküm çykaryldy.
13 Deňiz özündäki ölüleri, ölüm we ölüler diýary-da özlerindäki ölüleri tabşyrdylar. Her birine etmişine görä höküm çykaryldy.
14 Ölüm we ölüler diýary ot kölüne zyňyldy. Ine, ot köli ikinji ölümdir.
15 Atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylmadyklaryň bary ot kölüne zyňyldy.




Chapter 21

1 Mundan soň bir täze Gök bilen bir täze Ýer gördüm. Çünki öňki Gök, öňki Ýer aradan aýrylypdy. Indi deňiz hem ýokdy.
2 Onsoň men öz adamsy üçin taýýarlanan bezegli gelin ýaly, Gökden Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýän mukaddes şäher täze Iýerusalimi gördüm.
3 Gökden bir batly sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň çadyry şindi ynsanlaryň arasynda. Hudaý olar bilen bile ýaşar. Olar Onuň halky bolar, Hudaýyň Özi-de olaryň arasynda bolar.
4 Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy».
5 Tagtyň üstünde Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz! Çünki bu sözler ygtybarly, çyndyr» diýdi.
6 Maňa şeýle diýdi: «Boldy! Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň çeşmesinden mugt suw bererin.
7 Ýeňen, ine, bulary miras alar. Men onuň Hudaýy, ol-da Meniň oglum bolar.
8 Emma gorkagyň, imansyzyň, ýigrenjiniň, ganhoryň, zynagäriň, jadygöýüň, butparazyň, bütin ýalançylaryň soňy kükürt bilen ýanýan ot kölüdir. Ikinji ölüm budur».
9 Soňky ýedi bela bilen doly ýedi käseli ýedi perişdäniň biri gelip, meniň bilen gepleşdi: «Gel, men saňa Guza aýal boljak gelni görkezeýin» diýdi.
10 Perişde meni Ruhda bir uly, belent daga äkitdi. Ol ýerden maňa Hudaýyň şöhraty arkaly parlaýan mukaddes şäher Iýerusalimi Gökden Hudaýyň ýanyndan inip gelýärkä görkezdi.
11 Onuň parlaklygy bir juda gymmat daşyň, kristallaşan ýaşma daşynyň parlaklygy kimindi.
12 Uly hem belent diwarlary bardy, on iki derwezesi, derwezeleri saklaýan on iki perişdesi bardy. Derwezeleriň ýüzünde Ysraýyl ogullarynyň on iki taýpasynyň ady ýazylgydy.
13 Gündogarda üç derweze, demirgazykda üç derweze, günortada üç derweze, günbatarda üç derweze bardy.
14 Şäher diwarynyň on iki binasy bolup, ýüzünde Guzynyň on iki resulynyň ady ýazylgydy.
15 Meniň bilen gepleşen perişdäniň elinde şäheri, şäheriň derwezeleri bilen diwarlaryny ölçär ýaly altyndan ölçeg agajy bardy.
16 Şäher dört burçluk bolup, boýy bilen ini deňdi. Perişde şäheri ölçedi, bir ýany on iki müň ok atym çykdy. Boýy, ini, beýikligi deňdi.
17 Perişde diwarlary-da ölçedi. Onuň ulanýan adam ölçegi boýunça beýikligi ýüz kyrk dört arçyn çykdy.
18 Diwarlar ýaşmadan salnypdy. Şäher bolsa sap çüýşä meňzeş sap altyndandy.19-
20 Şäher diwarlarynyň binalary her hili gymmatbaha daşlar bilen bezelipdi. Birinji bina daşy ýaşma, ikinjisi gök ýakut, üçünjisi hakyk, dördünjisi zümerret, bäşinjisi ak hakyk, altynjysy gyrmyzy hakyk, ýedinjisi sary ýakut, sekizinjisi gök zümerret, dokuzynjysy ýaşyl ýakut, onunjysy sary zümerret, on birinjisi Ýemen daşy, on ikinjisi goňur ýakutdy.
21 On iki derweze on iki dürdendi, ýagny her derweze bir dürden ýasalypdy. Şäheriň köçesi dury çüýşe ýaly sap altyndandy.
22 Bu şäherde ybadathana görmedim. Çünki her zada güýji ýetýän Reb Hudaý we Guzy şäheriň ybadathanasydyr.
23 Şäheriň özüni ýagtylandyrmagy üçin, Günüň ýa-da Aýyň geregi ýok. Çünki Hudaýyň ýalkymy ony ýagtylandyrýar. Guzy hem onuň çyrasydyr.
24 Milletler şäheriň yşygynda gezer. Dünýäniň patyşalary şöhratlaryny bu ýere getirer.
25 Şäheriň derwezeleri günuzyn ýapylmaz. Hawa, ol ýerde gije bolmaz.
26 Milletler şöhrat hem baýlyklary bilen oňa geler.
27 Oňa hiç bir hapa zat, ýigrenji we galp işler edeniň hiç biri girmez, diňe atlary Guzynyň ýaşaýyş kitabynda ýazylanlar girer.




Chapter 22

1 Perişde maňa şäher köçesiniň ortasynda Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykýan bulgur ýaly dury ýaşaýyş suwunyň derýasyny görkezdi.
2 Derýanyň iki tarapynda on iki hili miwe öndürýän, her aý miwesini berýän ýaşaýyş agajy bardy. Agajyň ýapraklary milletlere şypady.
3 Indi hiç zat gargyş astynda galmaz. Hudaýyň we Guzynyň tagty şäherde bolar. Bendeleri Oňa gulluk eder.
4 Onuň ýüzüni görer, maňlaýlarynda Onuň ady bolar.
5 Indi gije bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de Günüň nury gerek bolar. Reb Hudaý olara yşyk bolup, olar ebedilik höküm sürer.
6 Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ynamlydyr, çyndyr! Pygamberleriň ruhlarynyň Hudaýy Reb, şu ýakynda boljak wakalary Öz gullaryna bildirjek bolup, perişdesini ýollady».
7 «Ine, basym gelýärin! Bu kitabyň weli sözlerini berjaý eden bagtlydyr!»
8 Bu zatlary eşiden, gören men, Ýahýa. Bulary eşiden, gören mahalym men bulary özüme görkezen perişdä sežde etjek bolup, onuň aýaklaryna ýykyldym.
9 Emma ol maňa şeýle diýdi: «Beýle iş etme! Men seniň, seniň pygamber doganlaryň bilen bu kitabyň sözlerini berjaý edýänleriň ýoldaşydyryn. Hudaýa sežde et!»
10 Onsoň maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň weli sözlerini möhürleme. Çünki garaşylan wagt ýakyndyr.
11 Erbetlik eden ýene erbetlik etsin, hapa bolan hapalygynda galsyn. Dogry adam ýene dogrulyk etsin. Mukaddes-de mukaddesligine galsyn».
12 Ine, basym gelýärin! Berjek sylaglarym ýanymdadyr. Her kese etmişine görä hak bererin.
13 Alfa we Omega, ilkinji hem ahyrky, başlangyç we soň Mendirin».
14 Ýaşaýyş agajyndan iýmitlenme hakyny almak, derwezelerden geçip, şähere girmek üçin, Onuň tabşyryklaryny berjaý edenler bagtlydyr!
15 Itler, ýagny jadygöýler, zynagärler, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, işlerini ýalan bilen ýöredenleriň bary daşarda galar.
16 «Men ― Isa, imanlylar ýygnaklaryna degişli bolan bu güwäligi size ýetirsin diýip, Öz perişdämi ýolladym. Men Dawudyň kökünden we neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»
17 Ruh we gelin: «Gel!» diýýär. Her eşiden «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn.
18 Bu kitabyň weli sözlerini eşiden kişä duýdurýaryn! Biri bu sözlere bir zat goşsa, Hudaý hem onuň jezasyna bu kitapda agzalan belalary goşar.
19 Eger-de biri bu weli kitabyň sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalan ýaşaýyş agajyndan, mukaddes şäherden oňa ýeten paýy yzyna alar.
20 Bularyň ählisine güwälik edýän: «Hawa, basym gelýärin!» diýýär. Omyn! Gel, ýa Reb Isa!
21 Rebbimiz Isanyň merhemeti ähliňiz bilen bolsun. Omyn!